Halkara täjirçilik arbitražy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Halkara täjirçilik arbitražy hakynda 

 

Şu Kanun halkara täjirçilik arbitražynyň döredilmegi we işlemegi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunyň ulanylýan çygry

1. Arbitražyň ýeri Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bolsa, şu Kanun halkara täjirçilik arbitražy üçin ulanylýar. Şu Kanunyň 8-nji,     9-njy, 25-nji, 26-njy, 27-nji, 46-njy we 47-nji maddalarynda göz öňünde tutulan düzgünler haçanda arbitražyň ýeri Türkmenistanyň çäklerinden daşynda bolýan halatlarynda hem ulanylýar.

2. Halkara täjirçilik arbitražyna taraplaryň ylalaşmagy boýunça şu aşakdakylar berlip bilner:

eger taraplaryň bolmanda biriniň täjirçilik kärhanasy Türkmenistanyň çäklerinden daşynda bolsa, daşary söwda we  halkara ykdysady gatnaşyklarynyň beýleki görnüşleri amala aşyrylanda ýüze çykýan şertnamalaýyn we beýleki raýat-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde döredilen daşary ýurt maýa goýumly kärhanalaryň we halkara birleşikleriniň we guramalarynyň öz aralaryndaky jedeller, olaryň gatnaşyjylarynyň arasyndaky jedeller, şonuň ýaly-da olaryň Türkmenistanyň beýleki hukuk subýektleri bilen jedeller.

3. Şu maddanyň ikinji böleginiň maksatlary üçin:

1) eger tarapyň birden köp täjirçilik kärhanasy bolsa,  arbitraž ylalaşygyna has köp gatnaşygy bolan kärhana täjirçilik kärhanasy diýlip hasap edilýär;

2) eger tarapyň täjirçilik kärhanasy bolmasa, onuň adaty bolýan ýeri nazara alynýar.

 

4. Şu Kanun Türkmenistanyň haýsydyr bir beýleki kanunynyň hereket ediş çygryna täsir etmeýär, eger-de şol Kanun boýunça belli bir jedeller arbitraža berlip bilinmeýän  ýa-da  diňe şu Kanunda göz önünde tutulan düzgünlerden başga düzgünlere laýyklykda arbitraža berlip bilinjek bolsa.

5. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

2-nji madda. Düşünjeleri kesgitlemek we Kanunyň

     aýry-aýry düzgünlerini düşündirmegiň

     kadalary

1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) "halkara täjirçilik arbitražy" – anyk jedeliň seredilmegi üçin  ýörite döredilen arbitraž  ýa-da hemişelik hereket edýän arbitraž ýa-da jedele ýekelikde seredýän arbitr;

2) "arbitr" – arbitražda jedeli çözmek üçin şu Kanuna laýyklykda jedeliň taraplary tarapyndan saýlanan ýa-da  taraplar tarapyndan ylalaşylan tertipde bellenen kämillik ukyby bolan fiziki şahs;

3) "arbitraž kazyýeti" (bitarap kazyýet) – ýeke-tak arbitr ýa-da arbitrleriň kollegiýasy;

4) "kazyýet" – Türkmenistanyň ýa-da başga döwletiň kazyýet ulgamynyň degişli kazyýeti;

5) "jemgyýetçilik tertibi" – Türkmenistanyň hukuk tertibiniň esaslary.

2. 38-nji maddadan başga, haçanda şu Kanunyň haýsydyr bir düzgüni taraplara belli bir mesele boýunça çözgütler kabul etmek mümkinçiligini berende, taraplar şeýle çözgüdi kabul etmegi üçünji tarapa, şol sanda arbitraž edarasyna tabşyryp bilerler.

3. Eger şu Kanunyň haýsydyr bir düzgüninde taraplaryň ylalaşyga gelendigine ýa-da ylalaşyga gelip biljekdigine salgylanma bolsa ýa-da islendik başga görnüşde taraplaryň ylalaşygyna salgylanma bolsa, şeýle ylalaşyk şu ylalaşykda görkezilen islendik arbitraž kadalaryny öz içine alýar.

4. 35-nji maddanyň 1-nji bendini we 42-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendini aýryp, haçanda şu Kanunyň haýsydyr bir düzgüninde hak islegine salgylanma bolsa, ol garşylyklaýyn hak islegine hem ulanylýar, haçanda onda garşylyga bolan salgylanma bolsa, ol garşylyklaýyn hak islegine bolan garşylyk üçin hem ulanylýar.

 

3-nji madda. Ýazmaça habarlary almak

1. Eger taraplar başga zat hakda  ylalaşmadyk bolsalar:

1) islendik ýazmaça habar, eger ol adresata elin ýa-da onuň täjirçilik kärhanasyna, onuň hemişelik ýerleşýän (ýaşaýan) ýerine ýa-da poçta salgysyna eltilse, alnan diýlip hasap edilýär. Haçanda şeýle maglumatlar göwnejaý toplamak arkaly bellenilip bilinmese, ýazmaça habar, eger ol täjirçilik kärhanasynyň soňky mälim bolan ýerleşýän ýerine, adaty bolýan ýerine ýa-da poçta salgysyna buýurmaly hat bilen ýa-da bu habary eltmek synanyşygynyň hasaba alynmagyny nazarda tutýan islendik başga ýagdaýda iberilse, alnan diýlip hasap edilýär;

2) habar onuň eltilen gününde alnan diýlip hasap edilýär.

2. Şu maddanyň düzgünleri kazyýetlerde önümçiligiň barşyndaky habarlar  babatda ulanylmaýar.

 

4-nji madda. Garşylyga bolan hukukdan ýüz döndermek

Şu Kanunyň haýsydyr bir düzgüninden taraplaryň dänip  biljekdigini ýa-da arbitraž ylalaşygynda göz öňünde tutulan haýsydyr bir bildirilen talabyň berjaý edilmändigini bilýän tarap, şeýle-de bolsa arbitraž seljerişine gatnaşmagyny dowam edýän bolsa, şeýle berjaý etmezlik babatda esaslandyrylmadyk gijikdirmesiz garşylygy bildirmezden, eger bu maksatlar üçin möhlet göz öňünde tutulan bolsa, onda bu möhletiň geçmegi bilen ol garşy bolmak üçin öz hukugyndan ýüz dönderen diýlip hasap edilýär.

 

5-nji madda. Kazyýetiň gatyşmagynyň çäkleri

Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän meseleler boýunça, şu Kanunda onuň göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, hiç bir kazyýetiň gatyşmagyna ýol berilmeli däldir.

 

6-njy madda. Arbitraž babatda ýardam etmegiň we

     gözegçilik etmegiň wezipelerini ýerine

      ýetirýän edaralar

1. Şu Kanunyň 11-nji maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde, 13-nji maddasynyň üçünji böleginde, 14-nji maddasynyň birinji böleginde we 16-njy maddasynyň üçünji böleginde görkezilen wezipeler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Şu Kanunyň 45-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen wezipeler Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan, 46-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen wezipeler – welaýat kazyýetleri, Aşgabat şäherinde bolsa Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýär.

 

II BAP. ARBITRAŽ YLALAŞYGY

 

7-nji madda. Arbitraž ylalaşygynyň kesgitlemesi we görnüşi

1. "Arbitraž ylalaşygy" – munuň özi onuň şertnamalaýyn häsiýete eýedigine ýa-da däldigine garamazdan haýsydyr bir anyk hukuk gatnaşygy bilen baglanyşykly olaryň arasynda ýüze çykan ýa-da ýüze çykyp biljek ähli ýa-da belli bir jedelleri arbitraža bermek hakynda taraplaryň ylalaşygydyr. Arbitraž ylalaşygy şertnamada arbitraž belligi görnüşinde ýa-da aýratyn ylalaşyk görnüşinde baglaşylyp bilner.

2. Arbitraž ylalaşygy ýazmaça görnüşinde baglaşylýar. Ylalaşyk, eger ol taraplar tarapyndan gol çekilen resminamada bar bolsa ýa-da şeýle ylalaşygyň bellenilmegini üpjün edýän teletaýp, telegraf boýunça hatlar, habar bermeler alyşmak bilen ýa-da aragatnaşygyň beýleki telekommunikasiýa serişdelerini peýdalanmak  bilen ýa-da hak isleg arzasyny alyşmak ýa-da hak islegini yzyna almak arkaly bellige alyp boljak şeýle ylalaşygyň bardygyny taraplaryň biri tassyklasa, beýlekisi bolsa muňa garşy bolmasa, ol ýazmaça görnüşde baglaşylan diýlip hasap edilýär. Şertnamada arbitraž belligini özünde saklaýan resminama salgylanma bolanda we bu salgylanma arbitraž belligini şertnamanyň bir bölegi edýän ýagdaýynda şertnamany ýazmaça görnüşde baglaşmak şerti bilen, bu arbitraž ylalaşygy bolýar.

 

8-nji madda. Arbitraž ylalaşygy we kazyýete jedeliň

     düýp manysy boýunça hak islegini bildirmek

1. Arbitraž ylalaşygynyň mazmuny bolup durýan mesele boýunça hak islegi berlen kazyýet, eger taraplaryň biri bu hakda jedeliň düýp manysy boýunça özüniň ilkinji arzasyny bereninden  gijä galman bu hakda haýyş etse, eger bu ylalaşygyň hakyky däl, güýjüni ýitiren ýa-da ýerine ýetirilip bilinmejek diýen netijä gelmese, taraplary arbitraža ibermelidir.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hak isleg bildirilen halatynda kazyýete degişliligi hakyndaky jedeliň kazyýetde çözülmegine garaşylýança, arbitraž seljermesi başlanylyp ýa-da dowam etdirilip we arbitraž çözgüdi çykarylyp bilner.

 

9-njy madda. Arbitraž ylalaşygy we kazyýetiň üpjünçilik

      çäreleri

Arbitraž seljerişine çenli ýa-da onuň wagtynda hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmek hakynda haýyş bilen tarapyň kazyýete ýüz tutmagy we kazyýet tarapyndan şeýle çäreleri görmek hakynda kesgitnamanyň çykarylmagy arbitraž ylalaşygyny ýatyrmaýar.

 

III BAP. ARBITRAŽ KAZYÝETINIŇ DÜZÜMI

 

10-njy madda. Arbitrleriň sany

1. Taraplar arbitrleriň sanyny öz garamagyna görä kesgitläp bilerler, ol täk bolmalydyr.

2. Eger taraplar bu sany kesgitlemeseler, onda bellenen tertipde üç arbitr bellenilýär.

 

11-nji madda. Arbitrleri bellemek

1. Eger taraplar başga zat hakda ylalaşmasalar, hiç bir adam özüniň raýatlygy sebäpli arbitr hökmünde çykyş etmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez.

2. Taraplar şu maddanyň dördünji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilende arbitri ýa-da arbitrleri bellemek  tertibini öz garamagyna görä ylalaşyp bilerler.

3. Şeýle ylalaşyk bolmasa:

1) arbitrleriň üçüsi bolan arbitražda her bir tarap bir arbitri belleýär we şeýle ýagdaýda bellenilen iki arbitr üçünji arbitri belleýär. Eger tarap beýleki tarapdan bu hakda haýyşy alanyndan soň otuz günüň dowamynda arbitri bellemese ýa-da eger iki arbitr özleriniň bellenilen pursadyndan başlap otuz günüň dowamynda üçünji arbitri saýlamak hakynda ylalaşmasalar, islendik tarapyň haýyşy boýunça arbitr şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara tarapyndan bellenilýär;

2) ýeke-täk arbitrli arbitražda, eger taraplar arbitražy geçirmek hakynda taraplardan biri tarapyndan ýüz tutulandan soň otuz günüň dowamynda arbitri saýlamak hakynda ylalaşmasalar, onda arbitr şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara tarapyndan bellenilip bilner.

 

4. Eger taraplar tarapyndan ylalaşylan bellemek tertibinde:

1) taraplardan biri şeýle tertibi berjaý etmese; ýa-da

2) taraplar ýa-da iki arbitr şeýle tertibe laýyklykda ylalaşyk gazanyp bilmeseler; ýa-da

3) üçünji tarap, şol sanda arbitraž edarasy şeýle tertibe laýyklykda öz üstüne ýüklenen haýsydyr bir wezipäni ýerine ýetirmese,

eger diňe bellemek tertibi hakyndaky ylalaşyk bellemegi üpjün etmegiň başga usullaryny nazara almasa, islendik tarap zerur çäreleri görmek hakyndaky towakganama bilen şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara ýüz tutmaga haklydyr.

5. Şu maddanyň üçünji ýa-da dördünji böleklerine laýyklykda islendik mesele boýunça kabul edilýän çözgüt şikaýat edilmäge degişli däldir.

6. Arbitr bellenilende şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda arbitriň hünärine bildirilýän islendik talaplary we garaşsyz hem-de tarapgöýsüz arbitriň bellenilmegini üpjün edip biljek pikirleri nazara alýar. Ýeke-täk ýa-da üçünji arbitr bellenilen halatynda taraplaryň degişli döwletleriniň raýaty bolup durmaýan adamyň arbitr edilip bellenilmegine bolan islegi hem nazara alynýar.

 

12-nji madda. Arbitre ynanmazlyk bildirmek üçin esaslar

1. Arbitr hökmünde haýsydyr bir adamyň bellenilmek mümkinçiligi bilen baglanyşykly oňa ýüz tutulan halatynda bu adam özüniň tarapgöýsüzligi ýa-da garaşsyzlygy babatda esaslandyrylan şübheleri döredip biljek islendik ýagdaýlar hakynda habar bermelidir. Arbitr özüniň bellenilen pursadyndan başlap we bütin arbitraž seljerişiniň dowamynda, eger ol olara öň bu ýagdaýlar hakynda habar bermedik bolsa, taraplara islendik şeýle ýagdaýlar hakynda gaýragoýmazdan habar bermelidir.

2. Arbitre, diňe eger onuň tarapgöýsüzligi ýa-da garaşsyzlygy babatda esaslandyrylan şübheleri döredýän ýagdaýlar bar bolan halatynda ýa-da eger ol taraplaryň ylalaşygy bilen şertlendirilen hünär derejesine eýe bolmasa, ynanmazlyk bildirilip bilner. Tarap öz bellän ýa-da ol bellenilende özüniň gatnaşan arbitrine diňe ol bellenilenden soň özüne mälim bolan sebäpler boýunça arbitre   ynanmazlyk bildirip biler.

 

 

 

13-nji madda. Arbitre ynanmazlyk bildirmek tertibi

1. Taraplar şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilende arbitre ynanmazlyk bildirmek tertibi hakynda öz garamagyna görä ylalaşyp bilerler.

2. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda arbitre ynanmazlyk bildirmegi meýil edýän tarap arbitraž kazyýetiniň döredilendigi hakynda ýa-da şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen islendik ýagdaýlar hakynda özüne mälim bolandan soň on bäş günüň dowamynda ynanmazlyk bildirmegiň delillerini arbitraž kazyýetine ýazmaça görnüşde habar bermelidir. Eger ynanmazlyk bildirilen arbitriň özi bellenilmekden ýüz döndermese ýa-da beýleki tarap ynanmazlyk bildirmek bilen ylalaşmasa, ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele arbitraž kazyýeti tarapyndan çözülýär.

3. Eger taraplar tarapyndan ylalaşylan islendik tertip ýa-da şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan tertip ulanylanda ynanmazlyk bildirmek hakyndaky arza kanagatlandyrylmasa, ynanmazlyk bildirýän tarap ynanmazlyk bildirmegi ret etme hakyndaky çözgut barada habarnamany alanyndan soň otuz günüň dowamynda şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan edara ynanmazlyk bildirmek boýunça şikaýat edilmäge degişli bolmadyk çözgüdi kabul etmegi haýyş edip biler. Ynanmazlyk bildirilen arbitri  goşup çözgüdiň kabul edilmegine çenli arbitraž kazyýeti arbitraž seljerişini dowam etdirmäge we arbitraž çözgüdini çykarmaga haklydyr.

 

14-nji madda. Borçlary ýerine ýetirmezlik ýa-da

       hereketiň mümkin bolmazlygy

1. Haçanda arbitr ýuridik taýdan ýa-da hakykat ýüzünde öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmejek ýagdaýynda bolan halatynda ýa-da başga sebäpler boýunça aklap bolmajak gijikdirme bilen olary amala aşyrmasa, eger arbitr öz-özüne ynanmazlyk bildirse ýa-da taraplar ygtyýarlylygyny (mandaty) bes etmek hakynda ylalaşsalar, onuň ygtyýarlyklary bes edilýär. Haçanda şeýle esaslardan haýsydyr biri babatda düşünişmezlikleriň saklanyp galýan beýleki halatlarynda islendik tarap arbitriň ygtyýarlyklarynyň hereketini bes etmek babatda çözgut kabul etmek hakynda towakganama bilen şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara ýüz tutup biler. Çykarylan çözgut şikaýat edilmäge degişli däldir.

2. Şu madda ýa-da şu Kanunyň 13-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda arbitriň öz-özüne ynanmazlyk bildirmegi ýa-da onuň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegine taraplaryň ylalaşmagy şu maddada ýa-da şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen esaslardan islendiginiň ykrar edilmegini aňlatmaýar.

 

15-nji madda. Arbitri çalyşmak

Şu Kanunyň 13-nji ýa-da 14-nji maddalarynyň esasynda arbitriň ygtyýarlyklary bes edilende ýa-da şoňa görä onuň islendik başga sebäp boýunça öz-özüne ynanmazlyk bildirmegine görä ýa-da taraplaryň ylalaşmagy boýunça onuň ygtyýarlyklarynyň ýatyrylmagyna görä, şeýle hem onuň ygtyýarlyklarynyň bes edilmeginiň islendik başga halatynda täze arbitr çalşylýan arbitri bellemek üçin ulanylýan kadalara laýyklykda bellenilýär.

 

IV BAP. ARBITRAŽ KAZYÝETINIŇ YGTYÝARLYLYGY

 

16-njy madda. Öz ygtyýarlylygy hakyndaky kararyň

        çykarylmagyna arbitraž kazyýetiniň

        hukugy

1. Arbitraž kazyýetiniň özi öz ygtyýarlylygy hakynda, şol sanda arbitraž ylalaşygynyň bolmagy ýa-da hakykylygy babatda islendik garşylyklar boýunça karar çykarmaga haklydyr. Bu maksatlar üçin şertnamanyň bölegi bolup durýan arbitraž belligi şertnamanyň beýleki şertlerine bagly bolup durmaýan ylalaşyk ýaly düşündirilmelidir. Şertnamanyň hakyky däldigi hakynda arbitraž kazyýeti tarapyndan  çözgüdiň çykarylmagy arbitraž belliginiň hakyky däldigine eltmeýär.

2. Arbitraž kazyýetinde ygtyýarlylygyň ýoklugy hakyndaky arza hak islegi boýunça garşylyklaryň berleninden gijä galman berlip bilner. Tarapyň arbitri bellemegi ýa-da onuň arbitriň bellenilmegine gatnaşmagy tarapy şeýle arzany bermek hukugyndan mahrum etmeýär. Arbitraž kazyýetiniň öz ygtyýarlylygynyň çäklerini ýokarlandyrýandygy hakyndaky arza, tarapyň pikirine görä, bu çäklerden çykýan mesele arbitraž seljerişiniň barşynda goýulan badyna berilmelidir. Arbitraž kazyýeti şu halatlaryň islendiginde, eger ol gijikdirmegi esasly diýip hasap etse, giç berlen arzany kabul edip biler.

3. Arbitraž kazyýeti şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen arza boýunça ýa-da deslapky häsiýetli mesele boýunça ýa-da jedeliň düýp manysy boýunça çözgütde karar çykarmaga haklydyr. Eger arbitraž kazyýeti deslapky häsiýetli mesele boýunça özüniň ygtyýarlylyga eýelik edýändigini karar etse, islendik tarap bu karar hakda habar alanyndan soň otuz günüň dowamynda şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara ýüz tutup biler. Çykarylan çözgüt şikaýat edilmäge degişli däldir. Arbitraž kazyýeti çözgüt çykarylýança arbitraž seljerişini dowam etdirmäge we arbitraž çözgüdini çykarmaga haklydyr.

 

V BAP. ÜPJÜNÇILIK ÇÄRELERI WE DESLAPKY

KARARLAR

 

§1. Üpjünçilik çäreleri

 

17-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň üpjünçilik çärelerini

       görmek boýunça ygtyýarlyklary

1. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, arbitraž kazyýeti islendik tarapyň haýyşy boýunça özüniň zerur hasap edýän jedeliniň  mazmuny babatda şeýle üpjünçilik çäreleriniň haýsydyr bir tarap tarapyndan görülmegi hakynda tabşyryklar bermäge haklydyr.

2. Üpjünçilik çäresi onuň arbitraž çözgüdi görnüşinde ýa-da haýsydyr bir başga görnüşde (ýazmaça görkezme) çykarylandygyna garamazdan islendik wagtlaýyn çäredir – jedeli gutarnykly düzgünleşdirjek çözgüt çykarylmazdan öň gelýän islendik pursatda şol çäre arkaly arbitraž kazyýeti ol ýa-da beýleki tarapa şu aşakdakylar hakynda  tabşyryklar berýär:

1) jedel çözülýänça bar bolan düzgüni goldamak ýa-da dikeltmek;

2) tarapa ýa-da arbitražyň özüne  zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen çäreleri görmek ýa-da şeýle zyýany ýetirip biljek çäreleri görmekden saklanmak;

3) indiki arbitraž çözgüdini ýerine ýetirip boljak, aktiwleri saklamak üçin serişdeleri ygtyýaryna bermek;

4) işe dahylly bolup biljek we jedeli çözmek üçin düýpli ähmiýeti boljak subutnamalary saklamak.

 

18-nji madda. Üpjünçilik çäreleriniň görülmegi üçin şertler

1. Şu Kanunyň 17-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerine laýyklykda üpjünçilik çäresini soraýan tarap şu aşakdakylar babatda arbitraž kazyýetini ynandyrýar, ýagny:

1) ýitgileriň öwezini dolmak arkaly göwnejaý ýagdaýda aradan aýrylyp bilinmejek zyýanyň ýetirilip bilinjekdigini, eger şeýle çäräni görmek hakyndaky karar çykarylmasa we şeýle zyýanyň möçberi şeýle çäräniň haýsy tarap babatda görülýän bolsa, şol tarapa ýetirilip bilinjek zyýanyň möçberinden ep-esli ýokary bolsa, eger bu çäre bellenilse; we

2) soraýan tarapyň talabyň düýp mazmuny babatda oňyn netije almagyna mümkinçiliginiň barlygyny. Şeýle mümkinçilik babatda islendik kesgitleme islendik indiki kesgitnamalar çykarylanda arbitraž kazyýetiniň garaýyş erkinligine täsir etmeýär.

2. Şu Kanunyň 17-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda üpjün edijilik çärelerini görmek hakyndaky haýyş üçin ulanarlykly şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan talaplar diňe arbitraž kazyýetiniň muny ýerlikli hasap eden çäginde ulanylýar.

 

§2. Deslapky kararlar

 

19-njy madda. Üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary

        çykarmak hakynda towakganama we ony

        çykarmak üçin şertler

1. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, tarap islendik beýleki tarapa habar bermezden, arbitraž kazyýetine soralýan üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary çykarmak hakyndaky towakganama bilen bilelikde, soralýan üpjün edijilik çäresiniň maksatlaryna haýsydyr bir tarapyň zyýan ýetirmezligini bellemek hakyndaky haýyşy berip biler.

2. Eger arbitraž kazyýeti haýsy tarap babatda çäre görülýän bolsa, şol tarap üçin üpjün edijilik çäresini görmek hakyndaky haýyşa degişli maglumatyň deslapky açylmagy şeýle çäräniň maksatlaryna zyýan ýetirip biler diýip tapsa, ol üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary çykaryp biler.

3. Şu Kanunyň 18-nji maddasynda kesgitlenilen şertler üpjün edijilik çäreleri barada islendik deslapky karar babatda ulanylýar, şunda şu Kanunyň 18-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda baha berilmeli zyýan üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň çykarylmagynyň ýa-da çykarylmazlygynyň netijesinde ýetirilip bilinjek zyýandyr.

 

20-nji madda. Üpjün edijilik çäreleri barada deslapky

       kararyň aýratyn düzgüni

1. Arbitraž kazyýeti üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary  çykaranyndan soň, haýal etmän üpjünçilik çäresini görmek hakyndaky haýyş barada, üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary çykarmak boýunça towakganama hakynda, şeýle-de beýleki ähli habar alyşmalar, şol sanda ýokarda sanalyp geçilene degişli islendik tarap bilen arbitraž kazyýetiniň arasyndaky dilden habarlar barada taraplar arbitraž kazyýeti tarapyndan habarly edilýär.

2. Şol bir wagtda arbitraž kazyýeti üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň kabul edilýän islendik tarapyna arbitraž kazyýetiniň kesgitleýän möhletlerinde olar babatda öz garaýşyny beýan etmek mümkinçiligini berýär.

3. Arbitraž kazyýeti üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň çykarylmagyna garşy taraplaryň islendik garşylygy boýunça haýal etmän çözgüt kabul edýär.

4. Üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň hereket ediş möhleti arbitraž kazyýeti tarapyndan onuň çykarylan gününden ýigrimi gün geçenden soň tamamlanýar. Şol bir wagtda arbitraž kazyýeti ol babatda üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň kabul edilýän tarapyna habar berlenden we oňa öz garaýşyny beýan etmek mümkinçiligi berlenden soň üpjün edijilik çäresini ulanýan ýa-da üýtgedýän  üpjün edijilik çäreleri barada karary çykaryp biler.

5. Üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karar taraplar üçin hökmany güýje eýedir, ýöne ol kazyýet tertibinde ýerine ýetirilmäge degişli däldir. Şeýle üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karar arbitraž çözgüdi däldir.

 

§3. Üpjünçilik çäreleri we deslapky kararlar babatda

ulanylýan düzgünler

 

21-nji madda. Üpjünçilik çärelerini we üpjün edijilik

       çäreleri barada deslapky karary üýtgetmek,

      togtatmak, ýatyrmak

Arbitraž kazyýeti taraplaryň biriniň arzasy boýunça bellenilen üpjünçilik çäresini ýa-da çykarylan üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary, ýa-da aýratyn ýagdaýlarda taraplar deslapdan habarly edilenden soň öz başlangyjy boýunça olary üýtgedip, togtadyp ýa-da ýatyryp biler.

 

22-nji madda. Üpjünçiligi bermek

1. Arbitraž kazyýeti üpjünçilik çäresini soraýan tarapdan, bu çäre bilen baglanyşykly degişli üpjünçiligiň berilmegini talap edip biler.

2. Arbitraž kazyýeti üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň çykarylmagy hakynda towakga edýän tarapdan, eger diňe arbitraž kazyýeti muny ýerliksiz ýa-da artykmaç hasap etmese, bu karar bilen baglanyşykly üpjünçiligi bermegi talap edýär.

 

23-nji madda. Maglumaty açmak

1. Arbitraž kazyýeti islendik tarapdan üpjünçilik çäresi boýunça soralan ýa-da bellenilen ýagdaýlaryň esasynda ýüze çykan islendik düýpli üýtgeme hakynda maglumatyň haýal etmän açylmagyny talap edip biler.

2. Üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň çykarylmagy hakynda towakga edýän tarap deslapky karary çykarmaga ýa-da ony güýjünde galdyrmaga gatnaşygy bolup biljek ähli ýagdaýlar hakyndaky maglumaty arbitraž kazyýetine açýar we bu borçnama deslapky kararyň soralýan tarapyna tä öz garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berilýänça hökmany saklanyp galýar. Soňra şu maddanyň birinji böleginiň düzgüni ulanylýar.

 

24-nji madda. Harajatlar we ýitgiler

Eger arbitraž kazyýeti soňra bu ýagdaýlarda şu çäräniň  bellenilmeli däldigini ýa-da bu kararyň çykarylmaly däldigini kesgitlese, üpjünçilik çäresini soraýan ýa-da üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň çykarylmagy hakynda towakga edýän tarap bu çäre ýa-da bu karar bilen islendik tarapa ýetirilen islendik harajatlar ýa-da ýitgiler üçin jogapkärçilik çekýär.

Arbitraž kazyýeti seljerişiň islendik pursadynda şeýle harajatlaryň we ýitgileriň öweziniň dolunmagyny berip biler.

 

§4. Üpjünçilik çärelerini ykrar etmek we ýerine ýetirmek

 

25-nji madda. Üpjünçilik çärelerini ykrar etmek we

       ýerine ýetirmek

1. Arbitraž kazyýeti tarapyndan çykarylan üpjünçilik çäresi hökmany güýje eýe diýlip ykrar edilýär we eger arbitraž kazyýeti tarapyndan başga zat göz öňünde tutulmasa, onuň çykarylan ýurduna garamazdan şu Kanunyň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler berjaý edilende ygtyýarly kazyýete ýüz tutulmagy bilen ýerine ýetirilýär.

2. Üpjünçilik çäresiniň ykrar edilmegini we ýerine ýetirilmegini soraýan ýa-da towakganamasy kanagatlandyrylan tarap bu üpjünçilik çäresiniň islendik ýatyrylmagy, togtadylmagy ýa-da üýtgedilmegi hakynda haýal etmän kazyýete habar berýär.

3. Ykrar edilmegini we ýerine ýetirilmegini soraýan döwletiň kazyýeti, eger ol muny göwnejaý hasap etse, eger arbitraž kazyýeti üpjünçiligi bermek babatda kesgitnama çykarmadyk bolsa ýa-da şeýle çözgüt üçünji taraplaryň hukuklaryny goramak üçin zerur bolan halatynda soraýan tarapdan göwnejaý üpjünçiligi bermek hakynda tabşyryk berip biler.

 

26-njy madda. Üpjünçilik çärelerini ykrar etmekden ýa-da

        ýerine ýetirmekden ýüz döndermek üçin

        esaslar

1. Üpjünçilik çärelerini ykrar etmekden ýa-da ýerine ýetirmekden diňe şu aşakdakylar bolanda ýüz dönderilip bilner:

1) çäre haýsy tarapyň garşysyna gönükdirilen bolsa, şol tarapyň haýyşy boýunça, eger kazyýet şulary anyklasa, ýagny:

- şeýle ýüz döndermek şu Kanunyň 47-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň ikinji, üçünji, dördünji ýa-da bäşinji tesimlerinde beýan edilen esaslar bilen delillendirilse; ýa-da

- arbitraž kazyýeti tarapyndan çykarylan üpjünçilik çäresi bilen baglanyşykly üpjünçiligi bermek babatda arbitraž kazyýetiniň çözgüdi ýerine ýetirilmedik bolsa; ýa-da

- üpjünçilik çäresi arbitraž kazyýeti tarapyndan ýatyrylsa ýa-da togtadylsa ýa-da eger muňa arbitražyň geçirilýän döwletiniň kazyýeti tarapyndan ýa-da bu üpjünçilik çäresiniň bellenilen kanunçylygyna laýyklykda degişli ygtyýarlyklar bar bolsa; ýa-da

2) eger kazyýet şulary anyklasa, ýagny:

- üpjünçilik çäresi kazyýete berlen ygtyýarlyklar bilen bir ýere sygyşmasa, eger diňe kazyýet bu üpjünçilik çäresiniň kesgitnamasyny onuň düýp manysyny üýtgetmezden bu üpjünçilik çäresiniň ýerine ýetirilmegi maksady üçin onuň öz ygtyýarlyklaryna we tertibine ony laýyk getirmek üçin zerur bolan derejede bu üpjünçilik çäresiniň kesgitnamasyny üýtgetmek hakynda çözgüt kabul etmese; ýa-da

- şu Kanunyň 47-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendiniň ikinji ýa-da üçünji tesimlerinde beýan edilen esaslar üpjünçilik çäresiniň ykrar edilmegine we ýerine ýetirilmegine degişlidir.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen esaslaryň islendigi boýunça kazyýet tarapyndan çykarylan kesgitnama diňe üpjünçilik çäresini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakynda towakganamanyň maksatlary üçin güýje eýedir. Üpjünçilik çäresiniň ykrar edilmegini ýa-da ýerine ýetirilmegini soraýan kazyýet bu kesgitnamany çykaranynda üpjünçilik çäresiniň düýp mazmunyna garamaýar.

 

§5. Kazyýet tarapyndan bellenilýän üpjünçilik çäreleri

 

27-nji madda. Kazyýet tarapyndan bellenilýän üpjünçilik

                         çäreleri

Kazyýet seljeriş ýeriniň şol döwletde bolýandygyna hem-de kazyýet önümçiligi bilen baglanyşykly özüniň eýelik edýän ygtyýarlyklaryna garamazdan arbitraž seljerişi bilen baglanyşykly üpjünçilik çärelerini çykarmagyň ygtyýarlyklaryna eýedir. Kazyýet şeýle ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kazyýet önümçiliginiň kadalaryna laýyklykda halkara arbitražynyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen amala  aşyrýar.

 

VI BAP. ARBITRAŽ SELJERIŞINI ALYP BARMAK

 

28-nji madda. Taraplara deň gatnaşyk

Taraplara deň gatnaşyk bolmalydyr we her bir tarapa öz  garaýşyny beýan etmek we subutnamalary bermek üçin ähli mümkinçilikler berilmelidir.

 

29-njy madda. Tertip kadalaryny kesgitlemek

1. Şu Kanunyň talaplary berjaý edilen mahalynda taraplar arbitraž kazyýeti tarapyndan seljerişi alyp barmagyň tertibi hakynda öz garamagyna görä ylalaşyp bilerler.

2. Şeýle ylalaşyk bolmadyk halatynda arbitraž kazyýeti şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmek bilen özüniň göwnejaý hasap edýän ýagdaýynda arbitraž seljerişini alyp baryp biler. Arbitraž kazyýetine berlen ygtyýarlyklar islendik subutnamanyň ýol bererliligine, degişliligine, düýp manylylygyna we ähmiýetliligine bolan ygtyýarlyklary öz içine alýar.

 

30-njy madda. Arbitražyň ýeri

1. Taraplar öz garamagyna görä arbitražyň ýeri hakynda ylalaşyp bilerler. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda arbitražyň ýeri taraplar üçin amatly ýagdaýlary goşup, işiň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň düzgünlerine garamazdan, eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, arbitraž kazyýeti öz agzalarynyň arasynda maslahatlary geçirmek, şaýatlary, bilermenleri ýa-da taraplary diňlemek üçin, ýa-da harytlary, başga emlägi ýa-da resminamalary gözden geçirmek üçin özüniň göwnejaý hasap eden islendik ýerinde ýygnanyşyp biler.

 

31-nji madda. Arbitraž seljerişiniň başlanmagy

Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, anyk jedel babatda arbitraž seljermesi haçanda bu jedeli arbitraža bermek hakyndaky haýyşyň jogap beriji tarapyndan alnan gününde başlanýar.

 

32-nji madda. Arbitraž seljerişiniň dili

1. Taraplar arbitraž seljerişinde peýdalanyljak dil ýa-da diller hakynda öz garamagyna görä ylalaşyp bilerler. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda arbitraž kazyýeti seljerişde ulanylmaly dili ýa-da dilleri kesgitleýär. Şeýle ylalaşyk ýa-da kesgitleme, eger olarda başga zat agzalmasa, tarapyň islendik ýazmaça arzasyna, işiň islendik diňlenilmegine we arbitraž kazyýetiniň islendik arbitraž çözgüdine,  kararyna ýa-da başga habaryna degişlidir.

2. Arbitraž kazyýeti islendik resminamalaýyn subutnamalarynyň taraplaryň ylalaşan ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenen diline ýa-da dillerine terjimesiniň bolmalydygyna ygtyýar edip biler.

 

33-nji madda. Hak isleg arzasy we hak isleg boýunça

       garşylyklar

1. Taraplar tarapyndan ylalaşylan ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenen möhletiň dowamynda hak isleýji özüniň hak isleg talabyny tassyklaýan ýagdaýlar hakynda, çözülmäge degişli meseleler hakynda we öz hak isleg talaplarynyň mazmuny hakynda mälim etmelidir, jogap beriji bolsa, eger taraplar şeýle arzalaryň zerur maglumatlary babatda başga zat hakynda ylalaşmasalar, şu talaplar  boýunça öz garşylyklaryny mälim etmelidir. Taraplar öz arzalary bilen bilelikde özleriniň işe degişli diýip hasap edýän ähli resminamalaryny berip bilerler ýa-da mundan beýläk öz berjek resminamalaryna ýa-da beýleki subutnamalaryna salgylanma edip bilerler.

2. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, arbitraž seljerişiniň barşynda islendik tarap, eger diňe arbitraž kazyýeti ýol berlen gijikdirmäni hasaba almak bilen şeýle üýtgetmäniň ýa-da goşmaçanyň çözülmegini maksada laýyk däl diýip ykrar etmese, öz hak isleg talaplaryny ýa-da hak isleg boýunça garşylyklaryny üýtgedip ýa-da üstüni ýetirip biler.

 

34-nji madda. Resminamalar boýunça diňlenişik we seljeriş

1. Taraplaryň islendik başga ylalaşygy berjaý edilen mahalynda arbitraž kazyýeti subutnamalary bermek üçin ýa-da dilden çykyp geplemeler üçin, işiň dilden diňlenilmeginiň geçirilmelidigi, ýa-da seljerişiň diňe resminamalaryň we beýleki materiallaryň esasynda amala aşyrylmalydygy hakynda çözgüt kabul edýär. Ýöne, haçanda taraplar dilden diňlenişigiň geçirilmezligini ylalaşan halatyndan başga, arbitraž kazyýeti, eger bu hakda taraplaryň biri haýyş etse, seljerişiň degişli tapgyrynda şeýle diňlenişigi geçirmelidir.

2. Taraplara  harytlary, başga emlägi ýa-da resminamalary gözden geçirmek maksady bilen geçirilýän islendik diňlenişik hakynda we arbitraž kazyýetiniň islendik mejlisi hakynda ýeterlik öňünden habarnama iberilmelidir.

3. Taraplaryň biri tarapyndan arbitraž kazyýetine berilýän ähli arzalar, resminamalar ýa-da başga maglumat beýleki tarapa berilmelidir. Taraplara arbitraž kazyýeti çözgüt çykaranda esaslanyp bilinjek bilermenleriň islendik netijenamalary ýa-da subut edijilik häsiýetli beýleki resminamalar hem berilmelidir.

 

35-nji madda. Resminamalaryň berilmezligi ýa-da

       tarapyň gelmezligi

Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, haçanda esasly sebäbini görkezmezden:

1) hak isleýji şu Kanunyň 33-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda öz hak isleg arzasyny bermese, arbitraž kazyýeti seljerişi bes edýär;

2) jogap beriji şu Kanunyň 33-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda hak isleg boýunça öz garşylyklaryny bermese, arbitraž kazyýeti şeýle berilmezlige öz-özünden hak isleýjiniň tassyknamalaryny ykrar etmek ýaly garaman seljerişi dowam etdirýär;

3) taraplardan biri diňlenişige barmasa ýa-da resminamalaýyn subutnamalary bermese, arbitraž kazyýeti seljerişi dowam etdirip we özünde bar bolan subutnamalaryň esasynda çözgüt çykaryp biler.

 

 

36-njy madda. Arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenen

        bilermen

1. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, arbitraž kazyýeti:

1) arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenilýän anyk meseleler boýunça özüne netijenamanyň berilmegi üçin bir ýa-da birnäçe bilermeni belläp biler;

2) işe degişli islendik maglumatyň bilermene berilmegini ýa-da işe degişli islendik resminamalaryň, harytlaryň ýa-da başga emlägiň gözden geçirilmegi üçin berilmegini ýa-da gözden geçirmek mümkinçiliginiň berilmegini tarapdan talap edip biler.

2. Taraplaryň başga zat hakynda ylalaşygy bolmadyk mahalynda bilermen, eger bu hakda tarap haýyş etse ýa-da arbitraž kazyýeti muny zerur diýip hasap etse, öz ýazmaça ýa-da dilden netijenamasyny bereninden soň diňlenişige gatnaşmalydyr, onda taraplara oňa sowallar bermek we jedelli meseleler boýunça bilermenleri şaýat hökmünde görkezme bermek üçin hödürlemek mümkinçiligi berilýär.

 

37-nji madda. Subutnamalary almakda kazyýetiň

       ýardam etmegi

Arbitraž kazyýeti ýa-da arbitraž kazyýetiniň razylygy bilen tarap subutnamalaryň alynmagyna ýardam etmek hakyndaky haýyş bilen şol döwletiň ygtyýarly kazyýetine ýüz tutup biler. Kazyýet subutnamalary, şol sanda kazyýet tabşyryklaryny bermek arkaly üpjün etmäge degişli kadalardan ugur alyp, bu haýyşy öz ygtyýarynyň çäklerinde ýerine ýetirer.

 

VII BAP. ARBITRAŽ ÇÖZGÜDINI ÇYKARMAK WE

IŞI SELJERMEGI BES ETMEK

 

38-nji madda. Jedeliň düýp manysy üçin ulanylýan

       hukuk kadalary

1. Arbitraž kazyýeti taraplaryň jedeliň düýp manysy üçin ulanmaga saýlap alan şol hukuk kadalaryna laýyklykda jedeli çözýär. Eger başga zat hakynda görkezme bolmasa, ol kollizion kadalaryna degişli diýlip däl-de, haýsydyr bir döwletiň islendik hukugyna ýa-da hukuk ulgamyna bolan görkezme bu döwletiň gös-göni maddy hukugyna salgylanýan ýaly düşündirilmelidir.  

2. Taraplaryň haýsydyr bir görkezmeleri bolmadyk mahalynda arbitraž kazyýeti özüniň ulanarlykly diýip hasap edýän kollizion kadalaryna laýyklykda kesgitlenilen hukugy ulanýar.

3. Ähli halatlarda arbitraž kazyýeti şertnamanyň şertlerine laýyklykda we bu geleşik üçin ulanylýan söwda adatlaryny hasaba almak bilen çözgüt kabul edýär.

 

39-njy madda. Arbitrler kollegiýasy tarapyndan

        çözgüdiň çykarylmagy

Birden köp bolan arbitr tarapyndan amala aşyrylýan arbitraž seljerişinde arbitraž kazyýetiniň islendik çözgüdi, eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, arbitrleriň köplügi bilen çykarylmalydyr. Ýöne tertibiň meseleleri, eger arbitr taraplar tarapyndan ýa-da ähli beýleki arbitrler tarapyndan muňa ygtyýarly edilse, arbitraž kazyýetiniň başlygy bolup durýan arbitr tarapyndan çözülip bilner.

 

40-njy madda. Barlyşyk ylalaşygy

1. Eger arbitraž seljerişiniň barşynda taraplar barlyşyk ylalaşygyny baglaşsalar, arbitraž kazyýeti seljerişi bes edýär we taraplaryň razylaşan şertlerinde gazanylan barlyşyk ylalaşygyny arbitraž çözgüdi görnüşinde belleýär.

2. Taraplaryň ylalaşan şertlerinde arbitraž çözgüdi şu Kanunyň   41-nji maddasyna laýyklykda çykarylmalydyr we onuň arbitraž çözgüdi bolup durýandygyna bolan görkezmäni özünde saklamalydyr. Bu arbitraž çözgüdi jedeliň düýp manysy boýunça islendik başga arbitraž çözgüdiniňki ýaly güýje eýedir we ýerine ýetirilmäge degişlidir.

 

41-nji madda. Arbitraž çözgüdiniň görnüşi we mazmuny

1. Arbitraž çözgüdi  ýazmaça görnüşde çykarylmalydyr we oňa arbitr ýa-da arbitrler kollegiýasy tarapyndan gol çekilmelidir. Birden köp arbitr tarapyndan geçirilýän arbitraž seljerişinde, beýleki arbitrleriň gollarynyň bolmazlygynyň sebäpleri görkezilen mahalynda arbitrleriň köplüginiň gollarynyň bolmagy ýeterlikdir.

2. Arbitraž çözgüdinde onuň esaslanan delilleri görkezilmelidir, haçanda taraplar delilleriň getirilmeli däldigi barada ylalaşsalar ýa-da arbitraž çözgüdiniň şu Kanunyň 40-njy maddasyna laýyklykda taraplaryň ylalaşan şertlerinde çözgüt bolup durýandygynyň halatlary muňa degişli däldir.

3. Arbitraž çözgüdinde şu Kanunyň 30-njy maddasynyň birinji böleginde kesgitlenilişine laýyklykda onuň kabul edilen senesi we arbitražyň ýeri görkezilmelidir. Arbitraž çözgüdi şu ýerde çykarylan diýlip hasap edilýär.

4. Arbitraž çözgüdi çykarylandan soň her bir tarapa şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda arbitr (arbitrler) tarapyndan gol çekilen onuň nusgalygy berilmelidir.

 

42-nji madda. Arbitraž seljerişini bes etmek

1. Arbitraž seljerişi arbitraž kazyýetiniň şu maddanyň ikinji bölegine laýyklykda çykarylan gutarnykly arbitraž çözgüdi ýa-da karary bilen bes edilýär.

2. Arbitraž kazyýeti şu aşakdaky halatlarda arbitraž seljerişini bes etmek hakynda karar çykarýar, haçanda:

1) eger jogap beriji işi seljermegi bes etmegiň garşysyna  garşylygy öňe sürmese we arbitraž kazyýeti jedeli gutarnykly düzgünleşdirmekde jogap berijiniň bähbidini kanuny diýip ykrar etmese, hak isleýji öz hak isleg arzasyny yzyna alsa;

2) taraplar işiň seljerişini bes etmek hakynda ylalaşanlarynda;

3) arbitraž kazyýeti işiň seljerişiniň dowam etdirilmegini haýsydyr bir sebäpler boýunça gerekmejek ýa-da mümkin däl diýip tapsa.

3. Arbitriň ýa-da arbitraž kazyýetiniň düzüminiň ygtyýarlyklary arbitraž seljerişini bes etmek bilen bir wagtda, ýöne şu Kanunyň 44-nji maddasynyň we 45-nji maddasynyň dördünji böleginiň düzgünlerine zyýan ýetirmezden bes edilýär.

 

43-nji madda. Çykdajylar boýunça çözgüt

1. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, arbitraž kazyýeti taraplaryň çeken we jedeli maksadalaýyk çözmek üçin zerur bolan çykdajylaryny goşup, taraplaryň haýsy paýynda arbitraž seljerişi bilen baglanyşykly çykdajylary çekmelidigini arbitraž çözgüdinde kesgitleýär. Şunda arbitraž kazyýeti anyk işiň ýagdaýlaryny, hususan-da seljerişiň netijesini nazara alyp, ynsaplylyk garaýyşyndan goldanýar.

2. Eger arbitraž seljerişi bilen baglanyşykly çykdajylar kesgitlenen bolsa, arbitraž kazyýeti taraplaryň şeýle çykdajylary nähili möçberlerde çekmelidiklerini hem kesgitleýär. Haçanda çykdajylary kesgitlemek bolup geçmese ýa-da diňe arbitraž seljerişi bes edilenden soňra mümkin bolsa, olar boýunça çözgüt aýratyn arbitraž çözgüdinde kabul edilýär.

 

44-nji madda. Arbitraž çözgüdini düzetmek we düşündirmek.

       Goşmaça arbitraž çözgüdi

1. Eger taraplar tarapyndan başga möhlet ylalaşylmasa, arbitraž çözgüdi alnandan soň otuz günüň dowamynda:

1) taraplaryň islendigi bu hakda beýleki tarapa habar berip, arbitraž çözgüdinde hasaplamalarda ýol berlen ýalňyşlygy, islendik ýalňyşlygy ýa-da säwligi ýa-da şu zeýilli häsiýetli beýleki ýalňyşlyklary düzetmegi arbitraž kazyýetine haýyş edip biler;

2) taraplaryň arasynda degişli ylalaşyk bolan mahalynda taraplaryň islendigi bu hakda beýleki tarapa habar berip, arbitraž çözgüdiniň haýsydyr bir anyk bendine ýa-da bölegine düşündiriş bermegi arbitraž kazyýetine haýyş edip biler.

Arbitraž kazyýeti, eger ol haýyşy esasly diýip hasap etse, ony alanyndan soň otuz günüň dowamynda degişli düzedişleri girizmelidir ýa-da düşündiriş bermelidir.

Şeýle düşündiriş arbitraž çözgüdiniň düzüm bölegine öwrülýär.

2. Arbitraž kazyýeti arbitraž çözgüdiniň kabul edilen gününden başlap otuz günüň dowamynda şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen islendik ýalňyşlyklary öz başlangyjy boýunça düzedip biler we taraplara şeýle düzedişler hakynda habarnama iberýär.

3. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, taraplaryň islendigi bu hakda beýleki tarapa habar berip, arbitraž çözgüdi alnandan soň otuz günüň dowamynda arbitraž seljerişiniň barşynda bildirilen, ýöne arbitraž çözgüdinde görkezilmedik talaplar babatda goşmaça çözgüt çykarmagy arbitraž kazyýetinden haýyş edip biler. Arbitraž kazyýeti, eger ol haýyşy esasly diýip hasap etse, altmyş günüň  dowamynda goşmaça çözgüt çykarmalydyr.

4. Arbitraž kazyýeti zerur halatynda şu maddanyň birinji bölegine ýa-da üçünji bölegine laýyklykda ýalňyşlyklary düzetmeli, düşündiriş bermeli ýa-da goşmaça çözgüt çykarmaly möhletini uzaldyp biler.

5. Şu Kanunyň 41-nji maddasynyň düzgünleri arbitraž çözgüdini düzetmek ýa-da düşündirmek babatda ýa-da goşmaça çözgüt babatda ulanylmalydyr.

 

VIII BAP. ARBITRAŽ ÇÖZGÜDINE ŞIKAÝAT ETMEK

 

45-nji madda. Arbitraž çözgüdine şikaýat etmegiň aýratyn

       serişdesi hökmünde ýatyrmak hakynda

       towakganama

1. Kazyýetde arbitraž çözgüdine şikaýat etmek, diňe şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerine laýyklykda ýatyrmak hakyndaky towakganamany Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine bermek arkaly geçirilip bilner.

2. Arbitraž çözgüdi Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan şu halatlarda ýatyrylyp bilner, eger:

1) bu towakganamany bildirýän tarap şu aşakdakylara subutnama berse, ýagny:

- taraplaryň biri şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen arbitraž ylalaşygynda haýsydyr bir derejede kämillik ukyby bolmasa; ýa-da taraplaryň bu ylalaşygy tabyn eden kanuny boýunça hakyky däl bolsa, şeýle görkezme bolmadyk halatynda bolsa – Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça; ýa-da

- ol arbitri bellemek hakynda ýa-da arbitraž seljerişi hakynda göwnejaý ýagdaýda habarly edilmedik bolsa ýa-da başga sebäpler boýunça öz delillerini berip bilmedik bolsa; ýa-da

- arbitražda çözmek üçin göz öňünde tutulmadyk ýa-da arbitraža ýüz tutmagyň şertlerine laýyk gelmeýän ýa-da arbitraž ylalaşygyny ulanmagyň çygyrlarynyň çäklerinden çykýan degişli düzgünleri özünde saklaýan meselelere dahylly jedel boýunça arbitraž çözgüdi çykarylan bolsa. Arbitražda garalmaga degişli meseleler boýunça düzgünlerden saýlanan, arbitražda garalmaga degişli bolmadyk meseleler boýunça düzgünleri özünde saklaýan arbitraž çözgüdiniň diňe şol bölegi ýatyrylyp bilner; ýa-da

- arbitraž kazyýetiniň düzümi ýa-da arbitraž tertibi taraplaryň ylalaşygyna laýyk gelmese, haçanda şeýle ylalaşyk şu Kanunyň islendik düzgünine ters gelmese, ondan taraplar dänip bilmeseler ýa-da şeýle ylalaşygyň ýoklugy şu Kanuna laýyk gelmese; ýa-da

2) kazyýet şulary kesgitlese, ýagny:

- jedeliň mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça arbitraž seljerişine degişli bolmasa; ýa-da

- arbitraž çözgüdi Türkmenistanyň jemgyýetçilik tertibine ters gelse.

3. Arbitražyň çözgüdini ýatyrmak hakyndaky towakganama, haçanda bu towakganamany bildirýän tarap arbitraž çözgüdini alan senesinden üç aý geçenden soň, eger haýyş şu Kanunyň 44-nji maddasyna laýyklykda berlen halatynda bolsa – bu haýyş boýunça arbitraž kazyýeti tarapyndan çözgüdiň çykarylan gününden bildirilip bilinmez.

4. Arbitraž çözgüdini ýatyrmak hakynda towakganama gelip gowşan halatynda kazyýet, eger muny göwnejaý hasap etse we taraplaryň biri bu hakda haýyş etse, arbitraž kazyýetiniň pikirine görä arbitraž çözgüdini ýatyrmak üçin esaslary aradan aýryp biljek      arbitraž seljerişini täzeden başlamaga ýa-da başga hereketleri amala aşyrmaga mümkinçilik bermek üçin, öz bellän möhletine çenli arbitraž çözgüdini ýatyrmak hakyndaky mesele boýunça önümçiligi togtatmaga haklydyr.

 

IX BAP. ARBITRAŽ ÇÖZGÜTLERINI YKRAR ETMEK WE ÝERINE ÝETIRMEK

     

46-njy madda. Arbitraž çözgüdini ykrar etmek we

        ýerine ýetirmek

1. Arbitraž çözgüdi onuň haýsy ýurtda çykarylandygyna garamazdan Türkmenistanyň kazyýetine ýazmaça towakganama berlende şu maddanyň ikinji böleginde we şu Kanunyň 47-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplary hasaba almak bilen, şeýle-de Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygyna hem-de onuň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär we ýerine ýetirilýär.

2. Arbitraž çözgüdine esaslanýan ýa-da onuň ýerine ýetirilmegi hakynda towakga edýän tarap arbitraž çözgüdiniň asyl nusgasyny ýa-da onuň tassyklanan nusgasyny, şeýle hem şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen arbitraž ylalaşygynyň asyl nusgasyny ýa-da onuň tassyklanan nusgasyny bermelidir. Eger arbitraž çözgüdi ýa-da ylalaşygy daşary ýurt dilinde beýan edilse, tarap bu resminamalaryň Türkmenistanyň döwlet diline tassyklanan terjimesini bermelidir.

 

47-nji madda. Arbitraž çözgüdini ykrar etmekden we

       ýerine ýetirmekden ýüz döndermek üçin

       esaslar

1. Arbitraž çözgüdiniň haýsy ýurtda çykarylandygyna garamazdan ony ykrar etmekden we ýerine ýetirmekden ýüz dönderilip bilner, haçanda:

1) garşysyna ulanylýan tarapyň haýyşy boýunça, eger bu tarap onuň ykrar edilmegini ýa-da ýerine ýetirilmegini soraýan ygtyýarly kazyýete şu aşakdakylaryň subutnamasyny berse, ýagny:

– şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen arbitraž ylalaşygynda taraplaryň biriniň haýsydyr bir derejede kämillik ukyby bolmasa; ýa-da bu ylalaşyk taraplaryň bu ylalaşygy tabyn eden kanuny boýunça hakyky däl bolsa, şeýle görkezme bolmadyk mahalynda bolsa, çözgüdiň çykarylan ýurdunyň kanunçylygy boýunça; ýa-da

– garşysyna çözgüt çykarylan tarap arbitr bellemek hakynda ýa-da arbitraž seljerişi hakynda göwnejaý ýagdaýda habarly edilmese ýa-da başga sebäpler boýunça öz düşündirişlerini berip bilmese; ýa-da

– arbitražda çözmek üçin göz öňünde tutulmadyk ýa-da arbitraža ýüz tutmagyň şertlerine laýyk gelmeýän ýa-da arbitraž ylalaşygyny ulanmagyň çygyrlarynyň çäklerinden çykýan degişli düzgünleri özünde saklaýan meselelere dahylly jedel boýunça arbitraž çözgüdi çykarylan bolsa. Arbitražda garalmaga degişli bolmadyk meseleleriň düzgünlerinden saýlanan arbitražda garalmaga degişli meseleler boýunça düzgünleri özünde saklaýan arbitraž çözgüdiniň şol bölegi ykrar edilip we ýerine ýetirilip bilner; ýa-da

– arbitraž kazyýetiniň düzümi ýa-da arbitraž tertibi taraplaryň ylalaşygyna laýyk gelmeseler ýa-da ol bolmadyk mahalynda arbitražyň bolan ýurdunyň kanunçylygyna laýyk gelmeseler; ýa-da

– arbitraž çözgüdi heniz taraplar üçin hökmany bolmasa ýa-da ýatyrylsa ýa-da onuň ýerine ýetirilmegi onuň çykarylan kanunçylygyna laýyklykda ýurduň kazyýeti tarapyndan  togtadylsa; ýa-da

2) eger kazyýet:

– jedeliň mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça arbitraž seljerişine degişli däl; ýa-da

–  bu arbitraž çözgüdiniň ykrar edilmegi we ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň jemgyýetçilik tertibine ters gelýär diýip tapsa.

2. Arbitraž çözgüdiniň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň özbaşdaklyk immunitetiniň ýörelgesini bozýan halatynda hem, eger Türkmenistan şeýle immunitetden aýdyň görnüşde ýüz döndermedik bolsa, ony ýerine ýetirmekden ýüz dönderilip bilner.

3. Eger şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň altynjy tesiminde görkezilen kazyýetde arbitraž çözgüdini ýatyrmak ýa-da ýerine ýetirilmegini togtatmak hakynda towakganama bildirilse, ykrar edilmegini ýa-da ýerine ýetirilmegini soralýan kazyýet, eger muny göwnejaý hasap etse, öz çözgüdiniň çykarylmagyny gaýra goýup biler we arbitraž çözgüdiniň ykrar edilmegi ýa-da ýerine ýetirilmegi hakynda soraýan tarapyň towakganamasy boýunça beýleki tarapy göwnejaý üpjünçiligi bermäge borçly edip biler.

 

48-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje girýän gününe çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny şu Kanuna laýyk getirmeli;

2) şu Kanunyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmeli we kabul etmeli.

3. Şu Kanunyň hereketi ol güýje gireninden soň halkara täjirçilik arbitražynyň çykaran çözgütlerine degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň     Gurbanguly

     Prezidenti Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ 101-V.