Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda (1999)

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we

goşmaçalar girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.¸ № 4¸ 60- madda)

 

Garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň yolbaşçylygynda türkmen halky jemgyýetiň we döwletiň ykdysady¸sosial¸medeni we syýasy durmuşynda ägirt özgerişleri amala aşyrdy. Türkmen halkynyň milli döwletiniň binýady berk tutuldy. Halkymyzyň durmuş obrazyna¸ däp-dessurlaryna kybap gelýän we dünýä siwilizasiýasynyň gazananlaryny özleşdiren häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň özboluşly ulgamy kemala geldi. Özygtyýarly we bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň işjeň we täsirli subýektine öwrüldi. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak işi yzygiderli çuňlaşýar we giňeýär¸ syýasy gurluşygyň praktikasynda halk demokratiýasynyň mirasa alnan özboluşly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Täze müňýyllygyň bosagasynda türkmen halkynyň Serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwleti dolandyrmak¸ jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek¸ milli medeniýetini ösdürmek¸ Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek¸ ýurtda kanunylygy we berk hukuk tertibini üpjün etmek babatynda işläp düzen we ýadawsyz durmuşa geçirýän ynsanperwer içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurtda bolup geçen we ählumumy ykrar edilen düýpli özgerişlikleri nazara alyp hem-de XXI asyry türkmen halkynyň «altyn asyryna» öwürmek ugrundaky ählihalk hereketine amatly syýasy- hukuk şertlerini döretmek we döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmagy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak maksady bilen¸ Türkmenistanyň Ýokary Soweti tarapyndan 1992 ýylyň 18- maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 1992 ý.¸ № 5¸ 30 madda; 1995 ý.¸ № 4¸ 53- madda ) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1.20- maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«20-madda. Adam Türkmenistanda azat ömür sürmäge¸ ýaşamaga doly haklydyr. Hiç bir adam ýaşaýşa bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez.Döwlet her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan hukugyny kanun esasynda goraýar.

Türkmenistanda ölüm jezasy Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan doly ýatyrylýar we ömürlik gadagan edilýär».

2.46-maddada «Ýokary hojalyk sudy» diýen sözleri aýyrmaly.

3.48 maddany şu görnüşde beýn etmeli:

«48- madda. Halk maslahatynyň düzümine şu aşakdakylar girýär:

Prezident;

Mejlisiň deputatlary;

her etrapda we etraba deňleşdirilen şäherde halk tarapyndan saýlanylan halk wekili;

Ýokary suduň başlygy¸ Baş prokuror¸ Ministrler Kabinetiniň agzalary¸ welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri¸ welaýatlaryň we etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň¸ şeýle hem şäherçeleriň arçynlary».

4.50-maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«50 –madda. Halk maslahatynyň ygtyýaryna aşakdaky meseleler degişlidir:

1) Konstitusiýany kabul etmek hem üýtgetmek;

2) saýlawlar we sala salyşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw komissiýasyny döretmek;

3) ählihalk sala salyşyklaryny geçirmek;

4) saýlawlara gözegçiligi we olary synlamagy guramak;

5) ýurdy ykdysady¸ durmuş¸ syýasy taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda teklipnamalary işläp taýýarlamak;

6) döwlet serhedini we dolandyryş çäklerini üýtgetmek;

7) döwletara birleşikler we gaýry birleşmeler hakynda şertnamalary tassyklamak we ýatyrmak;

8) uruş we ýaraşyk ýagdaýyny yglan etmek;

9) Konstitusiýada we kanunlarda öz garamagyna degişli edilen beýleki meseleler».

5. 55- maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«55- madda. Türkmenistanyň raýaty bolan¸ ýaşy kyrkdan pes bolmadyk we ýetmişden uly bolmadyk¸ Türkmenistanda ýaşaýan her bir türkmen adamy Prezident saýlanyp bilner».

6. 57- maddanyň 10- punktuny şu görnüşde beýan etmeli:

« 10) Mejlis bilen ylalaşyp¸ Ýokary suduň başlygyny¸ Baş prokurory¸ Içeri işler ministrini¸ Ýustisiýa ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar»;

7. 66- maddanyň ikinji bölegini aşakdaky ýaly beýan etmeli:

Mejlis şu aşakdaky meseleler boýunça kanunçykaryjylyk wezipelerini hiç kime berip bilmez:

1) jenaýat we dolandyryş kanunçykaryjylyk meselesini;

2) sud işini ýöretmek meselesini.

8.67 – maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«67- madda. Mejlisiň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:

1)kanunlary kabul etmek¸ üýtgetmek¸ düşündirmek hem olaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek.

Kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek ýörite Düzgünnama esasynda Ministrler Kabinetiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Mejlis bilen Ministrler Kabinetiniň arasynda ýüze çykýan näsazlyklar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çözülýär;

2) Prezidentiň¸ Mejlisiň deputatlatynyň¸ halk wekilleriniň saýlawlaryny bellemek;

3) Ministrler Kabinetiniň iş maksatnamasyny makullamak;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary suduň başlygy¸ Baş prokuror¸ Içeri işler ministri¸ Ýustisiýa ministri wezipelerine bellemek¸ şeýle hem olary wezipesinden boşatmak baradaky meselelere garamak;

5) Türkmenistanyň býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak.

6) döwlet sylaglaryny döretmek¸Prezidenti döwlet sylaglary bilen sylaglamak¸ oňa hormatly atlary¸ harby atlary we tapawutlandyryş atlary dakmak;

7) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy namalarynyň Konstitusiýa laýyk gelýändigini-gelmeýändigini kesgitlemek;

8) Konstitusiýada we kanunlarda Mejlisiň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleler».

9.68 – maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«68 – madda. Kanun çykarmak başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine¸ Mejlisiň deputatlaryna¸ Ministrler Kabinetine¸ Ýokary suduna degişlidir».

10.72 – maddada. «gizlin» diýen sözi «açyk» diýen söz bilen çalşyrmaly.

11. 76 – maddanyň birinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly:

«Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine merkezi ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary bolup durýan beýleki adamlar goşulyp bilner».

12.90 – maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«90 – madda. Türkmenistanyň raýaty bolan¸ saýlawlar gününe çenli 25 ýaşan we azyndan 10 ýyl Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adam Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna¸ halk wekilligine saýlanyp bilner. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna¸ halk wekilligine we geňeşleriň agzalygyna dalaş edýänlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenilýär».

13.100 – maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«Sud häkimiýeti Türkmenistanyň Ýokary sudy we kanunda göz öňünde tutulan beýleki sudlar tarapyndan amala aşyrylýar».

14.112 – maddany aýyrmaly.

15. 113¸ 114¸ 115¸ 116- maddalary degişlilikde 112¸ 113¸ 114¸ 115- maddalar diýip hasap etmeli.

 

Türkmenistanyň                                                    Saparmyrat

Prezidenti                                                               Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1999-njy ýylyň 29-njy dekabry

№ TKK – I