Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda (2005)

TÜRKMENISTANYŇ

KONSTITUSION KANUNY

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna

üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň 26.12.2006 ý. № TKK-11  Konstitusion kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Türkmenistanda kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmagy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň konstitusion topary tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna – Baş Kanunyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça taýýarlanylan we Türkmenistanyň Mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenen teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 48-nji maddasyna laýyklykda:

1. Türkmenistanyň konstitusion toparynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky tekliplerini makullamaly.

2. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, ony şu rejelenen görnüşde kabul etmeli (goşulýar).

3. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny 2006-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan  güýje girizmeli.

 

Türkmenistanyň Halk

Maslahatynyň Başlygy,

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti                 Türkmenbaşy

 

 

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 25-nji oktýabry

№ TKK-8  

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy  2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda  kabul edilen № TKK-13 «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna  üýtgetmeler we goşmaçalar

girizmek  hakynda»  Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda rejelenen görnüşinde beýan edilen

(Konstitusiýanyň mazmunyny  2008-nji  ýyldaky Kanunlaryň

  toplumynda seret)