Kazyýet hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Kazyýet hakynda

(rejelenen görnüşi)

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 28.02.2015 ý. № 188-V 26.03.2016 ý. № 376-V, 12.09.2016 ý. № 434-V, 20.03.2017 ý. № 525-V, 09.06.2018 ý. № 36-VI we 02.03.2019 ý. № 126-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanda kazyýet häkimiýetini amala aşyrýan kazyýetleriň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, kazylary bellemegiň we boşatmagyň tertibini, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

 

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir hem-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry düzümleriň döredilmegine ýol berilmeýär.

2. Kazyýet häkimiýeti özbaşdakdyr we kanun çykaryjy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetlerden garaşsyz hereket edýär.

3. Kazyýet häkimiýeti raýat, arbitraž, administratiw we jenaýat kazyýet önümçiligi arkaly amala aşyrylýar.

4. Öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda kazylaryň talaplary we buýruklary ähli döwlet edaralary, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar, beýleki ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmanydyr. Kazylaryň talaplarynyň we buýruklarynyň ýerine ýetirilmezligi kanunda bellenen jogapkärçilige eltýär.

5. Kazynyň talaby boýunça adyl kazyýetligi amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlar, resminamalar we olaryň göçürilen nusgalary muzdsuz berilýär.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň kazyýet hakynda kanunçylygy

 

Türkmenistanyň kazyýet hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanda kazyýet önümçiliginiň we kazylaryň hukuk ýagdaýynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kanunlardan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Kazyýetleriň wezipeleri

 

1. Kazyýet adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goraýar.

2. Kazyýetiň ähli işi kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, namysynyň we mertebesiniň goralmagyna, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.

 

4-nji madda. Kazylaryň garaşsyzlygy

 

1. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we özleriniň içki ynam-ygtykadyndan gollanýarlar.

Adyl kazyýetlik amala aşyrylanda kazylar hiç kime hasabat beriji däldirler.

2. Kazy sereden ýa-da önümçiliginde bar bolan iş boýunça hiç kime düşündiriş bermäge borçly däldir.

Kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmek üçin maslahat otagynyň gizlinligi islendik ýagdaýlarda saklanmalydyr.

3. Kazyýete ýa-da kaza hormat goýmazlyga, şeýle hem olaryň işine gatyşmaga ýol berilmeýär we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige getirýär.

4. Kazylaryň garaşsyzlygy we eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär.

 

5-nji madda. Hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňündе deňligi

 

1. Türkmenistanda adyl kazyýetlik taraplaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň deňligi we bäsleşigi esasynda, şeýle hem haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulmadyk beýleki ýagdaýlara garamazdan hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi esasynda amala aşyrylýar.

2. Taraplaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň kazyýetleriniň çözgütlerine, hökümlerine we beýleki kararlaryna şikaýat etmäge hukugy bardyr.

 

6-njy madda. Raýatlaryň kazyýet tertibinde goranmaga bolan hukugy

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we wezipeli adamlaryň bikanun hereketleri zerarly özleriniň namysyna we mertebesine, janyna we saglygyna, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan şahsy we syýasy hukuklaryna we azatlyklaryna her bir hyýanat edilmeginden kazyýet tertibinde goranmaga haky bardyr .

2. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede kazyýet tertibinde  goranmak hukugyna eýedirler.

 

7-nji madda. Adyl kazyýetligiň kanuna takyk laýyklykda amala aşyrylmagy

 

Türkmenistanda adyl kazyýetlik Türkmenistanyň kanunçylygyna takyk laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň kazyýetleri kanunda bellenen halatlarda beýleki döwletleriň kanunlaryny hem ulanyp bilerler.

 

8-nji madda. Işlere kollegial we ýekelikde seredilmegi

 

Kanunda işlere kazynyň ýekelikde seretmegine rugsat berilýän mahalyndan başga halatlarda, işlere ähli kazyýetler tarapyndan we ähli basgançakdaky kazyýetlerde kollegial seredilýär.

 

9-njy madda. Kazyýet önümçiliginiň alnyp barylýan dili

 

1. Kazyýet önümçiligi we iş dolandyryşy Türkmenistanyň ähli kazyýetlerinde döwlet dilinde alnyp barylýar.

2. Kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän işe gatnaşyjylara öz ene dilinde ýa-da islendik saýlan dilinde kazyýetiň mejlislerinde çykyş  etmäge we haýyş bildirmäge, düşündiriş bermäge, şeýle-de şikaýat etmäge, kazyýet resminamalaryny almaga hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmaga bolan hukugy üpjün edilýär.

 

10-njy madda. Kazyýetleriň işindäki aýanlyk

 

1. Ähli kazyýetlerde işler açyk seljerilýär.

2. Işleriň kazyýetiň ýapyk mejlisinde seljerilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär. Kazyýetiň kabul eden çözgüdi ähli halatlarda aç-açanlykda yglan edilýär.

 

11-nji madda. Bigünälik prezumpsiýasy

 

Her bir adam onuň jenaýatly etmişi etmekde günälidigi bellenen tertipde subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança bigünä hasap edilýär.

 

12-nji madda. Kazyýetde goralmaga we ýuridik kömegi almaga bolan hukugyň üpjün edilmegi

 

1. Güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň, iş kesileniň we aklananyň özüni goramaga hukugy bardyr.

2. Kazyýetler tarapyndan işlerе seredilýän mahalynda raýatlara we guramalara ýuridik kömegi adwokatlar, şeýle hem beýleki şahslar berýärler.

3. Ýuridik kömegi bermegiň tertibi, kazyýet önümçiligine gatnaşýan wekilleriň we adwokatlaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

 

13-nji madda. Kazyýetde işlere seredilende prokuroryň gatnaşmagy

 

Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar kazyýetlerde işleriň seredilmegine kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýarlar.

 

II bölüm. KAZYÝET ULGAMY

 

I BAP. TÜRKMENISTANYŇ KAZYÝETLERI

 

14-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleri

 

Türkmenistanda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri, şeýle hem etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri hereket edýärler.

 

15-nji madda. Kazyýetleriň döredilmegi we ýatyrylmagy

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek arkaly ýatyrylyp bilner.

2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri, şeýle hem etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär we ýatyrylýar.

3. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet oturdaşlarynyň sany Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

II BAP. ETRAP KAZYÝETLERI WE ETRAP HUKUKLY

ŞÄHER KAZYÝETLERI

 

16-njy madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň döredilmegi

 

Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti etrapda, etrap hukukly şäherde döredilýär, şeýle hem etrap we şäher üçin bir etrap, şäher kazyýeti we etrabara kazyýeti döredilip bilner.

 

17-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň düzümi

 

1. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti kazyýetiň başlygyndan, kazylardan we kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr.

2. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň düzümine şol kazyýetleriň başlygynyň orunbasarynyň wezipeleri girizilip bilner.

 

18-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň ygtyýarlyklary

 

1. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti birinji basgançakly kazyýetdir. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti, kanun tarapyndan beýleki kazyýetleriň ygtyýarlygyna degişli edilen işlerden beýleki ähli raýat, jenaýat işlerine seredýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylary, şeýle hem administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere seredýärler.

3. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti kazyýet iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar,  şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

19-njy madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy

 

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:

1) kazyýet mejlislerinde başlyklyk edýär, kazyýet mejlislerinde kazylary başlyklyk edijiler hökmünde belleýär, kazylaryň arasynda beýleki borçlary paýlaýar;

2) kazyýet oturdaşlary bilen işi guraýar;

3) şahsy kabul edişligi alyp barýar, raýatlary kabul etmek hem-de tekliplere, arzalara we şikaýatlara seretmek boýunça kazyýetiň işini guraýar;

4) kazyýetiň iş tejribesiniň öwrenilmegine we umumylaşdyrylmagyna we kazyýet statistikasynyň ýöredilmegine ýolbaşçylyk edýär;

5) döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we wezipeli adamlara, şeýle hem kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylaryna kanun bozulmalarynyň, hukuk bozulmalarynyň edilmegine elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagy hakynda teklipnamalary girizýär;

6) administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň işini guraýar;

7) kazyýetiň diwanynyň işini guraýar;

8) kazyýet işgärleriniň hünärlerini, şeýle hem kazyýet oturdaşlarynyň hukuk bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;

19-njy maddanyň birinji böleginiň 9-njy bendi Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 376-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Eger etrap kazyýetine we etrap hukukly şäher kazyýetine bir kazy bellenen bolsa, ol etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

 

20-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary

 

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:

1) kazyýet mejlislerine başlyklyk edýär;

2) başlygyň tabşyrmagy boýunça kazyýet oturdaşlary bilen işi guraýar;

3) raýatlaryň şahsy kabul edişligini alyp barýar;

4) administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň işine kömek berýär;

5) borçlaryň paýlanylyşyna laýyklykda kazyýetiň işiniň belli bir bölegine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

20-nji maddanyň birinji böleginiň 6-njy bendi Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 376-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

2. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary kazyýetiň başlygynyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär we onuň ýok mahalynda ýa-da öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, başlygyň borçlaryny ýerine ýetirýär.

 

21-nji madda. Etrap kazyýetlerinde we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde kazyýetiň başlygynyň we orunbasarynyň ýa-da kazynyň wezipeleriniň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi

 

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy we orunbasary bolmadyk halatynda, başlygyň borçlaryny ýerine ýetirmek bu kazyýetiň kazylarynyň biriniň üstüne wagtlaýyn ýüklenilýär.

2. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysy wagtlaýyn bolmadyk halatynda, onuň borçlaryny ýerine ýetirmek şol kazyýetiň 25 ýaşyny dolduran administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenip bilner.

3. Aşaky kazyýetleriň işiniň talaba laýyk guralyşyny üpjün etmek maksady bilen, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher kazyýetinde kazy bolmadyk halatlarynda, şol kazyýetleriň işlerine we materiallaryna seretmegi beýleki adybir kazyýetiň kazysynyň üstüne wagtlaýyn ýüklemäge haklydyr.

4. Köp düzümli etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy bolmadyk halatlarynda başlygyň borçlaryny onuň orunbasarlary ýerine ýetirýärler, orunbasarlary bolmadyk halatlarynda bolsa, borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek degişlilikde welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň buýruklary bilen etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

 

22-nji madda. Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi

 

1. Etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher kazyýetinde kazyýet  oturdaşlarynyň geňeşi döredilýär.

2. Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşiniň işiniň guralyş tertibi we wezipeleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanýan Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

III BAP. WELAÝAT KAZYÝETI WE WELAÝAT

HUKUKLY ŞÄHER KAZYÝETI

 

23-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň düzümi

 

Welaýat kazyýeti we welaýat hukukly şäher kazyýeti başlykdan, başlygyň orunbasarlaryndan, kazylardan we kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde işlere kazynyň ýekelikde seretmäge rugsat berilýän mahalyndan başga halatlarda, şu aşakdaky düzümde hereket edýärler:

1) kazyýetiň Prezidiumy;

2) raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

3) arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy(Aşgabat şäher kazyýetinden başgasy);

4) administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

5) jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy.

 

24-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň ygtyýarlyklary

 

Welaýat kazyýeti we welaýat hukukly şäher kazyýeti:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde, şeýle hem täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;

2) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet işine gözegçiligi amala aşyrýar, kazyýet iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet statistikasyny seljerýär;

3) kazylyga dalaşgärleri seçip almaga we olary taýýarlamaga, öz kazyýetiniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga gatnaşýar;

4) raýatlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işi, şeýle hem kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

5) kazyýet statistikasyny ýöredýär, etrap kazyýetlerinde we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde ony ýöretmek boýunça işi guraýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

25-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy

 

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy başlykdan, başlygyň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän sandaky kazylardan ybarat düzümde döredilýär. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumynda kazyýet işleri seljerilende welaýat prokurorywe welaýat hukukly şäher prokurory Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde gatnaşýar.

 

26-njy madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň ygtyýarlyklary

 

Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;

2) kazyýetiň başlygynyň teklipnamasy boýunça kazylaryň hataryndan raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň, arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň, administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň düzümlerini tassyklaýar;

3) kazyýet iş tejribesini öwrenmegiň we umumylaşdyrmagyň hem-de kazyýet statistikasynyň seljermesiniň materiallaryna seredýär;

4) kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň kollegiýalaryň işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär;

5) etrap kazyýetlerine we etrap hukukly şäher kazyýetlerine Türkmenistanyň kanunçylygyny dogry ulanmakda kömek berýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

27-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň iş tertibi

 

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlisleri zerurlygyna görä, ýöne azyndan aýda bir gezek geçirilýär.

2. Prezidiumyň kararlary Prezidiumyň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly kabul edilýär we olara başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär.

 

28-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary

 

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň, arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň, administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň düzümleri degişli kazyýetiň kazylarynyň hataryndan welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanylýar. Kazyýet kollegiýalaryna kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk edýärler.

2. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygy zerur bolan halatlarda bir kollegiýanyň kazylaryny beýleki kollegiýanyň düzüminde işlere seretmek üçin çekmäge haklydyr.

 

29-njy madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişlilikde, birinji basgançakly kazyýet hökmünde we nägilelik tertibinde işlere seredýärler, şol kazyýetleriň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy işlere birinji basgançakly kazyýet hökmünde, administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy öz ygtyýarlygynyň çäklerinde nägilelik tertibinde işlere seredýärler.

2. Kazyýet kollegiýalary kazyýet iş tejribesini öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny seljerýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

30-njy madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygy

 

Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:

1) kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýär;

2) Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde işlere ýekelikde seredýär;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütlere, hökümlere, kesgitnamalara we kararlara netijenama girizýär, şeýle hem, gözegçilik önümçiligini gozgamak hakyndaky karary tassyklaýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde raýat işleri boýunça çözgütleriň we kesgitnamalaryň ýerine ýetirilmegini togtadýar;

5) kazyýet kollegiýalarynyň we kazyýetiň diwanynyň işiniň guralyşyna ýolbaşçylyk edýär;

6) kazyýetiň Prezidiumyny çagyrýar we onuň mejlislerinde başlyklyk edýär;

7) başlygyň orunbasarlarynyň arasynda wezipe borçlaryny paýlaýar;

8) kazylaryň we kazyýetiň diwanynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;

9) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny ýöretmek we seljermek boýunça işi guraýar;

10) kärhananyň, edaranyň, guramanyň wezipeli adamlaryna kanun bozulmalarynyň, hukuk bozulmalaryna elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagy hakynda teklipnamalary girizýär;

11) kazyýetiň işgärleri tarapyndan ahlak kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;

12) şahsy kabul edişligi amala aşyrýar we kazyýetiň raýatlary kabul etmek we tekliplere, arzalara we şikaýatlara seretmek boýunça işini guraýar;

13) kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guraýar;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

31-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasarlary – kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary

 

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasarlary kazyýetiň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarydyr we şol bir wagtyň özünde kazydyrlar we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen bir hatarda:

1) kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde işlere  seretmek üçin kazylaryň düzümlerini döredýärler;

2) özleriniň ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da onuň üçin kazylary belleýärler;

3) Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde bir özleri işlere seredýärler;

4) degişli kazyýet kollegiýalarynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;

5) borçlaryň bölünmegine laýyklykda kazyýetiň diwanynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;

6) kazyýetiň Prezidiumyna kazyýet kollegiýalarynyň işi hakyndaky hasabatlary berýärler;

7) raýatlaryň şahsy kabul edişligini amala aşyrýarlar;

8) etrap kazyýetlerinden we etrap hukukly şäher kazyýetlerinden kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin kazyýet işlerini talap etmäge haklydyrlar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Kazyýetiň başlygy bolmadyk halatynda onuň hukuklaryny we borçlaryny onuň tabşyrmagy boýunça kazyýetiň başlygynyň orunbasarlarynyň biri amala aşyrýar, orunbasarlary bolmadyk halatynda bolsa, borçlaryny ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň buýrugy bilen welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

 

IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ ARBITRAŽ KAZYÝETI

 

32-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti

 

1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti kanuna laýyklykda olaryň seretmegine degişli edilen, ykdysady-hukuk gatnaşyklaryndan ýa-da beýleki kanunlarda onuň ygtyýarlygyna degişli edilen dolandyryşyň çygryndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet edarasy bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlere birinji basgançakly kazyýet hökmünde seredýär.

 

33-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň düzümi

 

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygyndan we kazylardan ybaratdyr.

 

34-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti:

1) ykdysady-hukuk gatnaşyklarynda ýa-da dolandyryşyň we başga kanunlarda onuň ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki işleriň çygryndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere seredýär we olar boýunça çözgüt kabul edýär;

2) ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň batyp galmagy (bankrot bolmagy) hakyndaky işlere seredýär;

3) telekeçiligiň we gaýry ykdysady işiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulanylyş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar;

4) telekeçiligiň we gaýry ykdysady işiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär;

5) raýatlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işi, şeýle hem kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

6) arbitraž işleri boýunça kazyýet statistikasyny ýöredýär we seljerýär;

7) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözýär;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

35-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy

 

1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:

1) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň işini guraýar;

2) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanyna ýolbaşçylyk edýär, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanynyň işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

3) kazylaryň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;

4) arbitraž iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça, arbitraž işleriniň statistikasyny ýöretmek we seljermek boýunça işi guraýar;

5) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine döwlet, jemgyýetçilik we beýleki edaralar bilen gatnaşyklarynda wekilçilik edýär;

6) kazyýet ýerine ýetirijisiniň işini guraýar;

7) şu Kanun tarapyndan özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň iş meseleleri boýunça buýruklar çykarýar we görkezmeler berýär.

 

V BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETI

 

36-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti ýokary kazyýet edarasydyr.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde raýat, arbitraž, administratiw we jenaýat işlerine seredilmegine kazyýet gözegçiligini we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

37-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň düzümi

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Başlykdan, Başlygyň orunbasarlaryndan, kazylardan, kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr we kanunda işlere kazynyň ýekelikde seretmegine rugsat berilýän mahalyndan beýleki halatlarda, şu aşakdaky düzümde hereket edýär:

1) Ýokary kazyýetiň Giňişleýin mejlisi;

2) Ýokary kazyýetiň Prezidiumy;

3) raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

4) arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

5) administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

6) jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy.

 

38-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde, şeýle hem täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde nägilelik we gözegçilik tertibinde arbitraž işlerine seredýär;

3) kazyýet we arbitraž iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet statistikasyny ýöretmek we kazyýet çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça işi guraýar, statistika maglumatlaryny seljerýär we umumylaşdyrýar, kazyýetlere kazyýet işlerine seredilende ýüze çykýan Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri berýär;

4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň kazyýetler tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözýär;

6) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna girizmek üçin kazyýetleriň guralyşynyň meseleleri boýunça teklipleri işläp düzýär;

7) kazylyga dalaşgärleri seçip almagy we taýýarlamagy, kazyýetleriň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrýar;

8) kazyýetleriň maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi we olaryň işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi boýunça işi guraýar;

9) raýatlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işe gözegçilik edýär;

10) kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar;

11) kazyýetleriň işini guramaçylyk taýdan üpjün edýär;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

39-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryndan ybarat düzümde hereket edýär.

2. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň mejlislerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýar.

3. Giňişleýin mejlisiň kazyýet işlerine seretmek bilen baglanyşygy bolmadyk mejlislerine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň çagyrmagy boýunça aşaky kazyýetleriň kazylary, ministrlikleriň we beýleki döwlet edaralarynyň, ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşyp biler.

 

40-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça, onuň düzüminiň azyndan üçden iki böleginiň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde işlere seredýär;

2) kazyýet iş tejribesini umumylaşdyrmagyň materiallaryna we kazyýet statistikasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklipnamalaryna, kazylaryň maslahatlarynyň tekliplerine seredýär we kazyýetlere Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri berýär, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak boýunça kazyýet iş tejribesi hakyndaky habarlaryny diňleýär;

3) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan kazyýet kollegiýalarynyň düzümini we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kätibini tassyklaýar;

4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ýanyndaky ylmy-maslahat  geňeşiniň düzümini tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyny, onuň başlygyny we başlygynyň orunbasaryny saýlaýar;

6) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň işi hakyndaky habarlary diňleýär;

7) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň öz işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär;

8) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi hakyndaky teklipnamalaryna seredýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

41-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan kazyýet işleriniň çözülmegi bilen baglanyşykly bolmadyk meselelere seredilmegi

 

1.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan şu Kanuna laýyklykda Giňişleýin mejlisiň garamagyna girizilen kazyýet işleriniň çözülmegi bilen baglanyşykly bolmadyk meseleler degişlilikde olaryň maglumatlary ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen adamlaryň maglumatlary boýunça diňlenilýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Giňişleýin mejlisiň garamagyna girizilen meseleler boýunça Türkmenistanyň Baş prokurory netijenama berýär. Bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň mejlisine çagyrylan adamlar hem gatnaşyp biler.

2. Giňişleýin mejlis ugrukdyryjy düşündirişleri özünde jemleýän Kararyň taslamasyny taýýarlamak üçin zerur bolan halatlarda Giňişleýin mejlisiň agzalarynyň we çagyrylan adamlaryň hataryndan redaksion kollegiýany döredýär.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Ginişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleri kazyýetler, şeýle-de düşündiriş berlen kanuny ulanýan beýleki edaralar we wezipeli adamlar üçin hökmanydyr.

 

42-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň işleýiş tertibi

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi zerurlygyna görä, ýöne alty aýda bir gezekden az bolmadyk ýygylykda çagyrylýar. Giňişleýin mejlisiň agzalaryna, Türkmenistanyň Baş prokuroryna mejlise azyndan on bäş gün galanda onuň çagyrylýan wagty we garamagyna girizilýän meseleler hakynda habar berilýär.

2. Giňişleýin mejlisiň kararlarynyň taslamalary we kazyýet işleri boýunça garşylyknamalaryň ýa-da netijenamalaryň göçürilen nusgalary Giňişleýin mejlisiň agzalaryna, Türkmenistanyň Baş prokuroryna mejlise azyndan on gün galanda iberilýär.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kararlary Giňişleýin mejlisiň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly kabul edilýär.

4. Giňişleýin mejlisiň kararlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we Giňişleýin mejlisiň kätibi tarapyndan gol çekilýär.

5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kätibi Giňişleýin mejlisiň mejlislerini taýýarlamak boýunça işi ýerine ýetirýär, teswirnamanyň ýöredilmegini üpjün edýär we Giňişleýin mejlis tarapyndan kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan hereketleri amala aşyrýar.

 

43-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyndan, Başlygyň orunbasarlaryndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen sandaky kazylardan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlislerinde kazyýet işlerine seredilende Türkmenistanyň Baş prokurory ýa-da onuň orunbasary Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýarlar.

3. Prezidiumyň kararlary Prezidiumyň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär we başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär.

 

44-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hökümlerine, çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna berlen nägilelik şikaýatlaryna we teklipnamalara seredýär;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça jenaýat, administratiw, raýat we arbitraž işlerine seredýär;

3) kazyýet iş tejribesini öwrenmegiň we umumylaşdyrmagyň, kazyýet statistikasyny seljermegiň materiallaryna seredýär;

4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň we diwanynyň işiniň guramaçylyk meselelerine seredýär;

5) kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjünçiliginiň meselelerine seredýär;

6) aşaky kazyýetlere Türkmenistanyň kanunçylygyny dogry ulanmaklarynda kömek bermek hakyndaky meselelere seredýär we olary çözýär;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

45-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat, arbitraž, administratiw wejenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýalary tassyklanylýar. Kazyýet kollegiýalaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýärler.

3. Kazyýet kollegiýalary kazyýet iş tejribesini öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny seljerýärler hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy zerur bolan halatlarda bir kazyýet kollegiýasynyň kazylaryny beýleki bir kazyýet kollegiýanyň düzüminde işlere seretmek üçin çekmäge haklydyr.

 

46-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy:

1) degişlilikde birinji basgançakly kazyýet hökmünde raýat we jenaýat işlerine seredýärler;

2) degişlilikde nägilelik, hususy şikaýatlar, teklipnamalar we garşylyknamalar boýunça raýat, arbitraž we jenaýat işlerine nägilelik tertibinde seredýärler;

3) gözegçilik tertibinde garşylyknamalar boýunça raýat, arbitraž, administratiw we jenaýat işlerine seredýärler;

4) täze ýüze çykan ýagdaýlara görä, birinji basgançak boýunça öz çykaran çözgütlerine, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň çözgütlerine, şeýle hem birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini üýtgeden ýa-da täze çözgüt çykaran welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakdaky raýat işleri baradaky kesgitnamalaryna täzeden seretmek hakyndaky işe gatnaşan adamlaryň arzalaryna seredýärler;

5) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri tarapyndan çykarylan, degişlilikde, kararlar, hökümler, çözgütler ýa-da kesgitnamalar barada täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça prokuroryň netijenamalary esasynda jenaýat, raýat, arbitraž we administratiw işlerine seredýärler;

6) kazyýetleriň Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda beýleki döwletleriň kazyýetleriniň aýry-aýry iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmak hakyndaky tabşyryklaryny ýerine ýetirenlerinde beýleki döwletleriň iş ýörediş kanunçylygynyň ulanylmak mümkinçiligi hakyndaky meseläni çözýärler;

7) kanunda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.

 

47-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we aşaky kazyýetleriň işini guraýar we oňa ýolbaşçylyk edýär;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we kanunda bellenilen tertipde kazyýet işleri boýunça kararlara garşylyknamalar getirýär;

3) Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda bellenen tertipde işlere seredýär ýa-da işleriň seredilmegine gatnaşýar;

4) kanunda bellenen halatlarda we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütleriň, hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyr;

5) Türkmenistanyň Prezidentine kazyýetleriň işini guramagyň meseleleri boýunça teklipleri girizýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada teklipnama girizýär;

7) kazylyga dalaşgärleri seçip almagy we taýýarlamagy, kazyýetleriň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar;

8) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny seljermek boýunça işi guraýar;

9) döwlet edaralaryna, guramalara, kärhanalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we wezipeli adamlara kanun bozulmalarynа, hukuk bozulmalarynа ýol berýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnama girizýär, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça işi guraýar we Giňişleýin mejlisiň garamagyna materiallary girizýär;

10) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisini çagyrýar we Giňişleýin mejlisiň garamagyna onuň çözmegini talap edýän meseleleri girizýär, Giňişleýin mejlisiň mejlislerinde başlyklyk edýär;

11) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyny çagyrýar we Prezidiumyň garamagyna onuň çözmegini talap edýän meseleleri girizýär, Prezidiumyň mejlislerinde başlyklyk edýär;

12) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde islendik meselä garalanda başlyklyk edip biler;

13) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kanunçylyk başlangyjyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisine kanunlaryň taslamalaryny berýär;

14) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi hakynda teklipnamalary girizýär, teklipnama Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan ret edilen halatynda bolsa, Türkmenistanyň Mejlisine teklipnamalary girizýär;

15) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň arasynda borçlary bölýär;

16) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň, kazyýet ýerine ýetirijileriniň we diwanynyň işiniň guralyşyna ýolbaşçylyk edýär;

17) aşaky kazyýetleriň iş ýüklerini kadalaşdyrmak arkaly işleriň öz wagtynda we kanunalaýyk seredilmegini üpjün etmek maksady bilen, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň üstüne adybir kazyýetlerde işlere we materiýallara seretmek borjuny ýüklemäge haklydyr;

18) şahsy kabul edişligi amala aşyrýar we kazyýetiň raýatlary kabul etmek hem-de olaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna garamak boýunça işini guraýar;

19) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

48-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary – kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary kazydyrlar we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:

1) Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda bellenen tertipde işlere seredýärler ýa-da işleriň seredilmegine gatnaşýarlar, şeýle hem özleriniň ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryny şonuň üçin belleýärler;

2) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler;

3) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we kanunda bellenilen tertipde kazyýet işleri boýunça kararlara garşylyknamalar getirýär;

4) kanunda bellenen halatlarda we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütleriň, hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyrlar;

5) ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde işlere seretmek üçin kazyýetiň düzümlerini döredýärler;

6) özlerine berkidilen kazyýet kollegiýalarynyň işine ýolbaşçylyk edýärler;

7) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine özleriniň ýolbaşçylyk edýän kollegiýalarynyň işi hakynda hasabatlary berýärler;

8) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin kazyýet işlerini talap edip almaga haklydyrlar;

9) borçlaryň paýlanylyşyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň diwanynyň düzüm birlikleriniň işine ýolbaşçylyk edýärler;

10) kazyýetleriň işini guramak boýunça işe gözegçilik edýärler;

11) degişli kazyýet kollegiýasynyň kazylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýarlar;

12) raýatlaryň şahsy kabul edişligini amala aşyrýarlar;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy bolmadyk halatynda, Başlygyň ygtyýarlyklaryny onuň tabşyrmagy boýunça Başlygyň orunbasarlarynyň biri ýerine ýetirýär.

 

49-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň döwürleýin neşiri

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti döwürleýinligi ýylda iki sanyndan az bolmadyk ýuridik žurnaly neşir edýär, onda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň resmi materiallary, şeýle hem ylmy, çekişmeli, meşhur we beýleki materiallar çap edilýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň žurnaly hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

 

III bölüm. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

50-nji madda. Kazylar we kazyýet oturdaşlary

 

1. Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, welaýat kazyýetlerine we welaýat hukukly şäher kazyýetlerine, şeýle hem etrap kazyýetlerine we etrap hukukly şäher kazyýetlerine degişlilikde bellenen ýa-da saýlanan Türkmenistanyň raýatlary kazylar we kazyýet oturdaşlary bolup bilerler.

2. Kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetlik amala aşyrylanda kazynyň ähli hukuklaryndan peýdalanýarlar.

3. Kanunda kesgitlenen tertipde wezipä bellenen Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy bolup biler.

 

II BAP. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ

GARAŞSYZLYGYNYŇ ESASY KEPILLIKLERI

 

51-nji madda. Kazynyň garaşsyzlygynyň üpjün edilmegi

 

Kazynyň garaşsyzlygy şular bilen üpjün edilýär:

1) onuň ýokary hukuk ýagdaýyna laýyk gelýän maddy we durmuş üpjünçiligi bilen;

2) adyl kazyýetligi amala aşyrmagyň kanun tarapyndan göz öňünde tutulan düzgüni bilen;

3) kim-de bolsa biriniň adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça işe gatyşmagyny jenaýat we administratiw jogapkärçiligine çekmek astynda gadagan etmek bilen;

4) ygtyýarlyklarynyň togtadylmagynyň we bes edilmeginiň bellenen tertibi bilen;

5) eldegrilmesizligi bilen;

6) maşgala agzalarynyň we emläginiň döwletiň aýratyn goraglylygynda durmagy bilen.

 

52-nji madda. Kazyýete hormat goýulmazlygy üçin jogapkärçilik

 

Işe gatnaşýan adamlar ýa-da kazyýet mejlisine gatnaşýan raýatlar tarapyndan kazyýete hormat goýulmazlygy, şonuň ýaly-da kim-de bolsa biriniň kazyýete göz-görtele äsgermezçilikli garaýandygyna şaýatlyk edýän hereketleri etmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

53-nji madda. Kazynyň işine gatyşylmagyna ýol berilmezligi

 

1. Kazynyň adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça işine her hili gatyşylma Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda yzarlanylýar.

2. Kazy seredilen ýa-da önümçilikdäki işleriň düýp mazmuny boýunça haýsy-da bolsa düşündirişleri bermäge, şeýle hem kim-de bolsa birine, iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda tanyşmagy üçin bermäge borçly däldir.

 

54-nji madda. Kazynyň bellenmegi we onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ähli kazyýetleriň kazylary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Kazylaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti – bäş ýyl. Eger kazynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti onuň kazyýet işine seredýän döwründe tamamlanýan bolsa, onuň ygtyýarlyklary işiň seljerilmegi tamamlanýança saklanyp galýar.

 

55-nji madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy

 

Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslaryň biri bar bolan mahalynda Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi bilen togtadylýar:

1) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bilen kazynyň nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilmegi;

2) kazy babatda jenaýat işiniň gozgalmagy ýa-da onuň başga jenaýat işi boýunça aýyplanýan hökmünde çekilmegi;

3) kazynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna ýa-da beýleki saýlawly edaralaryň agzalygyna dalaşgär hökmünde saýlawyň öň ýanyndaky çärelere gatnaşmagy.

 

56-njy madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi

 

Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslar boýunça bes edilýär:

1) ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy;

2) saglyk ýagdaýy ýa-da başga esasly sebäpler boýunça ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga ukypsyzlygy;

3) başga işe geçmegi ýa-da başga sebäpler boýunça öz ygtyýarlyklaryny bes etmegi hakynda ýazmaça arza bermegi;

4) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;

5) kazynyň wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan iş bilen meşgullanmagy;

6) ol barada kazyýetiň aýyplaw höküminiň ýa-da oňa lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäreleriniň ulanylmagy hakynda kazyýet kararynyň kanuny güýje girmegi;

7) kazyýetiň onuň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da ony kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

8) kazynyň aradan çykmagy ýa-da kazyýetiň ony ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi.

 

57-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşynyň eldegrilmesizligi

 

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmazdan kazy babatda jenaýat işi gozgalyp bilinmez, şeýle-de tussag edilip bilinmez. Kazynyň eldegrilmesizligi onuň şahsyýetine, eýeçiligine, ýaşaýan we işleýän jaýyna, gulluk we şahsy ulaglaryna we beýleki emlägine hem degişlidir.

Kazyýet oturdaşy babatda görkezilen kepillikleriň ol kazyýetde oturdaşyň borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda güýji bardyr.

2. Kazynyň, şeýle hem kazyýetde oturdaşyň borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda kazyýet oturdaşynyň tutup saklanylmagyna, mejbury getirilmegine ýa-da olar babatynda administratiw temmi beriş çäreleriniň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Kazy ýa-da kazyýet oturdaşy babatda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan gozgalyp bilner. Şonuň bilen bir wagtda kazynyň ýa-da kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy hakyndaky mesele çözülýär.

4. Kazy babatda jenaýat işleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, kazyýet oturdaşy babatda bolsa welaýat kazyýetiniň ýa-da welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet seljermesine degişlidir.

 

58-nji madda. Kazyýet oturdaşynyň zähmet hukuklarynyň kepillikleri

 

Kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyk döwründe iş berijiniň başlangyjy boýunça onuň işden çykarylmagyna umumy düzgüniň berjaý edilmeginden başga-da, degişlilikde diňe kazyýet oturdaşyny saýlan zähmetkeşler toparynyň ýa-da ony bellän edaranyň razylygy bilen ýol berilýär.

 

III BAP. KAZYLARY BELLEMEGIŇ TERTIBI,

KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ SAÝLAWLARY

WE OLARYŇ BELLENILMEGI

 

59-njy madda. Kazylyga dalaşgärlere we kazyýet oturdaşlaryna bildirilýän talaplar

 

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylygyna 25 ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimi, ýuridik hünäri boýunça azyndan iki ýyl iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.

2. Ýokarky kazyýetleriň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylygyna 30 ýaşy dolan, kazy hökmünde azyndan iki ýyl iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.

3. Kazyýet oturdaşlygyna 25 ýaşy dolan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp ýa-da bellenip bilner.

 

60-njy madda. Kazylyga dalaşgärler

 

1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylygyna dalaşgärleri seçip almak degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamalary boýunça Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ilkinji gezek kazylyga dalaşgär hökmünde hödürlenýän adamlar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan kesgitlenýän halatlarda we tertipde hünär taýýarlygyny geçýärler.

 

61-nji madda. Kazylary bellemegiň tertibi

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary we kazylary, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy we kazylary, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary, olaryň orunbasarlary we şol kazyýetleriň kazylary Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

3. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanandan soň, şu Kanunyň 73-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar bolmadyk mahalynda we Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary tarapyndan geçirilýän hünär synagynyň netijelerine laýyklykda ol kazylyga bellenmäge täzeden hödürlenýär.

 

62-nji madda. Kazyýet oturdaşlaryny saýlamagyň we bellemegiň tertibi. Kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti

 

1. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary raýatlaryň işleýän ýa-da ýaşaýan ýerlerinde ýygnaklarda açyk ses bermek arkaly saýlanýarlar. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlaryny geçirmegi etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimleri guraýarlar.

2. Işleýän we ýaşaýan ýeri boýunça raýatlaryň köplüginiň gatnaşan mahalynda ýygnak hukuk güýjünde hasaplanýar.

3. Ýygnaga gatnaşan raýatlaryň ýarysyndan köpüsiniň sesini alan adamlar etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlygyna saýlanan hasaplanýar.

4. Ýygnakda ýygnagyň prezidiumy saýlanylýar we prezidiumyň bütin düzümi tarapyndan gol çekilýän teswirnama ýöredilýär. Ýygnagyň teswirnamasy degişli etrabyň we etrap hukukly şäheriň häkimligine iberilýär.

5. Häkimlikler ýygnaklaryň teswirnamalary esasynda kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlarynyň netijelerini takyklaýarlar, olaryň sanawyny tassyklaýarlar, soňra sanawy degişli etrabyň we etrap hukukly şäher kazyýetine iberýärler.

6. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň häkimleri tarapyndan bellenýärler. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiň kazyýet oturdaşlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýär.

7. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşlygyna dalaşgärleri hödürlemek zähmetkeşler toparlary ýa-da raýatlaryň ýaşaýan ýerlerindäki ýygnaklary tarapyndan amala aşyrylýar.

8. Kazyýet oturdaşlaryny hödürlemek boýunça guramaçylyk çäreleri degişlilikde häkimlikler we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

9. Kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti – bäş ýyl. Eger bu möhlet kazyýet işine seredilýän döwürde tamamlansa, olaryň ygtyýarlyklary iş seljerilip gutarylýança saklanyp galýar.

10. Kazyýet oturdaşlary ýylda iki hepdeden köp bolmadyk nobatlylyk tertibinde kazyýetde borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrylýar, bu möhletiň olaryň gatnaşmagynda başlanan kazyýet işine seredilip gutarylmagynyň zerurlygy bilen uzaldylan halatlary muňa girmeýär.

 

IV BAP. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

63-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň hukuklary

 

1. Kazy we kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetligi amala aşyrmak üçin zerur bolan häkimiýet ygtyýarlyklaryna eýelik edýärler. Bu ygtyýarlyklar Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenýär.

2. Kazylaryň şu aşakdaky hukuklary bardyr:

1) wezipeli adamlardan we raýatlardan kazyýetiň kanun tarapyndan üstlerine ýüklenen borçlary bilen baglanyşykly kararlaryny ýerine ýetirmeklerini talap etmäge;

2) kärhananyň, edaranyň, guramanyň wezipeli adamlaryna kanunyň bozulmalaryna, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnamalar girizmäge;

3) eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalardan, guramalardan we edaralardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden maglumat soramaga.

3. Kärhanalar, guramalar, edaralar we wezipeli adamlar kazynyň kazyýet işini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly talaplaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge, olaryň teklipnamalaryna we talapnamalaryna öz wagtynda jogap bermäge borçludyrlar.

4. Kazy kazylaryň maslahatyna, şeýle hem gös-göni Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleriň berilmegi barada resmi talap girizip biler.

 

64-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň borçlary

 

1. Kazy we kazyýet oturdaşlary degişlilikde raýat, arbitraž, jenaýat işleri we administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere seredilen mahalynda kanunlaryň talaplaryny takyk ýerine ýetirmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň namysynyň we mertebesiniň, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny, ýokary medeniýetliligi we kazyýet işiniň terbiýeleýjilik täsirini üpjün etmäge, adalatly we ynsanperwer bolmaga borçludyrlar.

2. Kazy öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetiren mahalynda, şeýle hem gullukdan daşarky gatnaşyklarynda kazyýet häkimiýetiniň abraýyny, kazynyň mertebesini ýa-da onuň obýektiwligine, adalatlylygyna we tarapgöý dälligine şübhe döredip biljek ähli zatlardan gaça durmalydyr.

3. Kazy kazyýet oturdaşlaryny seredilmäge degişli işler bilen, Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň ulanylyş tejribesi bilen deslapdan tanyşdyrmaga, olara öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaklarynda başga kömegi bermäge borçludyr.

4. Kazylaryň we kazyýet oturdaşlarynyň kazylaryň maslahatynyň syryny we ýapyk kazyýet mejlisleri geçirilende alnan maglumatlary ýaýratmaga haklary ýokdur.

5. Kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça wezipelerini ýerine ýetirmek üçin kazyýete öz wagtynda gelmäge borçludyrlar. Kazyýete çagyrmak kazyýet oturdaşynyň işleýän ýa-da okaýan edarasynyň, guramasynyň, kärhanasynyň administrasiýasy üçin hökmanydyr.

 

641-nji madda. Kazylaryň etikasynyň kodeksi

 

1. Kazylaryň etikasynyň kodeksi kazylaryň maslahatynyň namasy bolup, ol jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar. Kazylaryň etikasynyň kodeksi adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça her bir kazy üçin hünär işini amala aşyranda özüni alyp barşynyň hökmany kadalaryny belleýär.

2. Kazylaryň etikasynyň kodeksi Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda tassyklanylýar.

 

V BAP. TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ

MASLAHATY. KAZYLARYŇ KWALIFIKASION

KOLLEGIÝASY

 

65-nji madda. Türkmenistanyň кazylarynyň maslahaty

 

1. Türkmenistanda her ýyl Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň maslahaty çagyrylýar.

2. Türkmenistanyň kazyýetleriniň кazylarynyň maslahaty welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň teklibi ýa-da öz başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan çagyrylýar.

3. Türkmenistanyň кazylarynyň maslahaty, düzgün boýunça, her ýylyň birinji çärýeginde çagyrylýar.

4. Zerurlyk bolan mahalynda nobatdan daşary maslahat çagyrylyp bilner. Şeýle maslahat Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlangyjy boýunça ýa-da degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetinde, welaýat kazyýetlerinde we welaýat hukukly şäher kazyýetlerinde işleýän ähli kazylaryň düzüminiň azyndan üçden biriniň başlangyjy boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan çagyrylýar.

5. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynyň çagyrylýan senesi we onuň gün tertibi maslahata azyndan bir aý galandayglan edilýär.

6. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahaty:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň kazyýet iş tejribesinde ýüze çykýan meselelerini ara alyp maslahatlaşýar;

2) kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmäge ýardam edýär;

3) kazylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen baglanyşykly meselelere garaýar we onuň kanuny çözgüdiniň tapylmagy barada çäre görýär;

31) Kazylaryň etikasynyň kodeksini tassyklaýar;

4) zerurlyk bolan halatlarynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan kazyýet iş tejribesiniň we kanunçylygyň kadalarynyň ulanylmagynyň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleriň berilmegi hakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine teklipler bilen ýüz tutýar;

5) ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

7. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary gatnaşýarlar. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň her birinden bu kazyýetleriň Prezidiumlary tarapyndan üç kazy saýlanýar, olaryň etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinden ýedi kazy şol kazyýetleriň kazylarynyň umumy ýygnaklarynda saýlanýarlar.

8. Kazylaryň maslahaty saýlanan kazylaryň azyndan üçden ikisi gatnaşan mahalynda ol ygtyýarly hasaplanylýar.

9. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahaty iş prezidiumyny saýlaýar we onuň san düzümini kesgitleýär.

10. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynyň prezidiumy maslahatyň başlygyny we maslahatyň teswirnamasyny ýöredýän kätibi saýlaýar.

11. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda seredilýän ähli meseleler onuň işine gatnaşýan kazylaryň sesleriniň köplügi bilen çözülýär.

12. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynyň işiniň maddy-tehniki üpjünçiligi welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

13. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynyň kabul eden çözgütleriniň durmuşa geçirilmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde maslahaty çagyrýan edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

14. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň maslahatlary Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri tarapyndan çagyrylýar. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň maslahatlary şu maddanyň altynjy böleginiň 1-nji, 2-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

66-njy madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary

 

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary kazyýet edaralaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek we kazylaryň garaşsyzlygynyň kepilliklerini güýçlendirmek maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary döredilýär.

 

67-nji madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalaryny saýlamagyň tertibi

 

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly bäş ýyl möhlete saýlanylýar.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan saýlanylýar.

3. Welaýat kazyýetlerinde we welaýat hukukly şäher kazyýetlerinde Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň hataryndan şol kazyýetleriň kazylarynyň maslahatlary tarapyndan saýlanylýar.

4. Kazyýetleriň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasynyň başlygy, onuň orunbasary degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi we kazylaryň maslahaty tarapyndan açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar.

5. Kazyýetleriň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalary bäş adamdan az bolmadyk düzümde saýlanylýar. Şol kollegiýanyň anyk sandaky düzümi ol saýlanan mahaly kesgitlenilýär.

6. Kazyýetleriň başlyklary we olaryň orunbasarlary etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklaryny we orunbasarlaryny hasaba almazdan, kwalifikasion kollegiýalaryň düzümine girmeýärler.

 

68-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary:

1) kazylyga, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga ilkinji gezek hödürlenýän her bir dalaşgäriň kazyýet işine taýýardygyna baha berýärler we kazylyga dalaşgärler üçin hünär dereje synagyny geçirýärler;

2)kazylyga, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga ýa-da ýokarky kazyýetleriň kazylygyna dalaşgäri hödürlemegiň mümkinçiligi hakynda netijenama berýärler;

3) kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň hünär dereje synagyny geçirýärler;

4) kazyny, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyny yzyna çagyrmak, şeýle-de ygtyýarlyklaryny togtatmak hakyndaky mesele boýunça netijenama berýärler;

5) kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meselä seredýärler.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy, şeýle-de  kazylaryň şikaýatlaryna we aşaky kwalifikasion kollegiýalaryň kazynyň yzyna çagyrylmagy we düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meseleleri boýunça çözgüdine, düzgün-nyzam işini gozgan adamlaryň teklipnamalaryna seredýär.

3. Kwalifikasion kollegiýanyň kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň yzyna çagyrylmagy we düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütlerinden başga çözgütleri şikaýat edilmäge degişli däldir, emma Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň delillendirilen teklipnamasy boýunça bir hepde möhletde  gaýtadan seredilip bilner.

 

69-njy madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalarynyň işiniň guralyşy

 

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny amala aşyran mahalynda düzüminde kollegiýanyň agzalarynyň ýarysyndan az bolmadyk sany bolan halatynda hereket edýär.

2. Kwalifikasion kollegiýanyň düzümine girýän kazylar kollegiýanyň işleýän wagtynyň dowamynda zähmet hakynyň saklanyp galmagy bilen öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýarlar.

3. Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy mejlisiň geçýän wagtyny we ýerini hem-de kollegiýanyň seretmegine hödürlenýän meseleleri kesgitleýär. Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy mejlisiň geçirilmegi we onda seredilmäge degişli meseleler hakynda Kwalifikasion kollegiýanyň agzalaryna, kazylyga dalaşgärlere ýa-da dalaşgärlige seredilmäge degişli bolan kazylara, şeýle hem düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmäge degişli bolan kaza, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza we beýleki gyzyklanýan adamlara habar berýär.

4. Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisini taýýarlamak (zerur materiallary talap edip almak, söhbetdeşlik geçirmek we ş.m.) Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Kwalifikasion kollegiýanyň beýleki agzalary tarapyndan üpjün edilýär.

5. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň mejlisi kollegiýa degişli teklipnama gowşan gününden soň bir aý möhletde, kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky mesele boýunça bolsa, gulluk barlagynyň wagty ýa-da kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň esasly sebäpli, emma etmişiň bolan gününden soň bir ýyldan geçmeýän, işde bolmadyk wagty hasaba alynmazdan, etmişiň ýüze çykarylan gününden soň bir aýdan gijä galman geçirilmelidir.

6. Başlyklyk ediji mejlisi açýar we Kwalifikasion kollegiýanyň düzümini yglan edýär. Kwalifikasion kollegiýanyň aýratyn agzalaryna ýa-da onuň bütin düzümine ynanmazlyk bildirilip bilner. Ynanmazlyk bildirmek baradaky mesele kollegiýanyň düzümi tarapyndan seredilmäge degişlidir.

7. Kazynyň kollegiýanyň mejlisine sebäpsiz gelmedik mahalynda mejlis onuň ýoklugynda geçirilip bilner.

8. Teklipnama girizen kazyýetleriň ýolbaşçylary we beýleki adamlar Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisine gatnaşyp bilerler.

9. Kollegiýanyň mejlisine girizilen meselelere seretmek başlyklyk edijiniň ýa-da kollegiýanyň berlen resminamalaryň we materiallaryň deslapky öwrenilmegini geçiren agzalarynyň biriniň beýany bilen başlanýar. Soňra kollegiýanyň mejlisine çagyrylan adamlar diňlenýär, zerur resminamalara we materiallara seredilýär. Kollegiýanyň mejlisiniň barşynda kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň goşmaça düşündirişleri bermäge haky bardyr. Kollegiýanyň mejlisinde onuň agzalarynyň biri tarapyndan teswirnama ýöredilýär, oňa başlyklyk ediji we kollegiýanyň şol teswirnamany düzen agzasy tarapyndan gol çekilýär.

10. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi sesleriň köplügi bilen kabul edilýär. Ses bermek özi hakynda meselä seredilýän adamyň we beýleki çagyrylan adamlaryň ýoklugynda geçirilýär. Kollegiýanyň azlykda galan agzasy iş boýunça kabul edilen çözgüt bilen razylaşmadyk mahalynda kollegiýanyň çözgüdine gol çekýär we özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan edýär. Aýratyn pikir işe goşulýar. Netijenama we çözgüt degişli delilleri getirmek bilen ýazmaça görnüşde beýan edilýär we oňa başlyklyk ediji, kollegiýanyň agzalary tarapyndan gol çekilýär hem-de yglan edilýär.

11. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdinde şular görkezilmelidir: kollegiýanyň ady, onuň düzümi, işiň seredilýän wagty we ýeri, kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi, teklipnama bilen ýüz tutan adamyň wezipesi we familiýasy, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, işiň ýagdaýlary, kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň, teklipnama bilen ýüz tutan adamyň ýa-da onuň wekiliniň düşündirişi, kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň şahsyýetini häsiýetlendirýän maglumatlar, kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky işler boýunça kabul edilen çözgüdiň delili, düzgün-nyzam temmisiniň bellenilmeginiň ýa-da düzgün-nyzam işiniň bes edilmeginiň esaslary, şeýle hem çözgüde şikaýat etmegiň tertibi.

12. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdiniň göçürilen nusgasy ýa-da netijenamasy üç gün möhletde kaza, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza hem-de Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasyna teklipnama bilen ýüz tutan jogapkär wezipeli adama iberilýär.

13. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň netijenamalarynyň ýa-da çözgütleriniň göçürilen nusgasy kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň şahsy işine goşulýar.

14. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň işiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň üstüne ýüklenilýär.

 

70-nji madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalarynyň hasabatlylygy

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy öz işi barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary bolsa, degişlilikde olary saýlan maslahatlara azyndan iki ýarym ýylda bir gezek, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlananda hasabat berýärler.

 

71-nji madda. Kazylaryň hünär dereje synagy

 

1. Kazylaryň hünär dereje synagy kazylaryň hil düzümini gowulandyrmak, olaryň hünär derejesiniň ösüşine baha bermek we höweslendirmek, kanunylygyň pugtalandyrylmagyna, jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagynyň, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.

2. Kazylaryň hünär dereje synagy Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary tarapyndan geçirilýär.

3. Hünär dereje synagy şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy (Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan başga), Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy we kazysy, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary babatda – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça;

2) welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazysy, şeýle hem etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysy, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy babatda – welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň degişli kwalifikasion kollegiýalary tarapyndan welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň teklipnamasy boýunça.

4. Hünär dereje synagy dalaşgäriň kazyýet işine taýýarlygyny barlamak maksady bilen dilden soraglara jogaplary, amaly işleriň çözgüdini, söhbetdeşligi öz içine alýar.

5. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň hünär bilimleriniň, iş döwrüniň we tejribesiniň derejesine görä, şu aşakdaky çözgütleriň birini kabul edýär:

1) kaza, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza hünär derejesini bermek hakynda;

2) kaza has ýokary hünär derejesini bermek hakynda;

3) kazyny, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyny oňa öň berlen  hünär derejesinde galdyrmak ýa-da peseltmek hakynda.

6. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň kazyny höweslendirmek hakynda teklipnamalary, hünär derejesini ýokarlandyrmak we kazynyň öz borçlaryny amala aşyranda goýberen kemçiliklerini aradan aýyrmak zerurlygy hakynda teklipleri girizmäge haky bardyr.

7. Hünär dereje synagyny tabşyrmadyk dalaşgär azyndan 6 aýdan soň ikinji gezek synagdan geçip biler.

 

72-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň hünär derejeleri

 

1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylary üçin şu aşakdaky alty hünär derejeleri bellenilýär:

1) ýokary hünär derejesi;

2) birinji hünär derejesi;

3) ikinji hünär derejesi;

4) üçünji hünär derejesi;

5) dördünji hünär derejesi;

6) bäşinji hünär derejesi.

2. Hünär derejeleri şu aşakdakylara berilýär:

1) ýokary hünär derejesi, birinji hünär derejesi we ikinji hünär derejesi – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysyna;

2) birinji hünär derejesi, ikinji hünär derejesi we üçünji hünär derejesi – Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysyna;

3) birinji hünär derejesi, ikinji hünär derejesi, üçünji hünär derejesi we dördünji hünär derejesi – welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazysyna;

4) ikinji hünär derejesi, üçünji hünär derejesi, dördünji hünär derejesi we bäşinji hünär derejesi – etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysyna;

5) dördünji hünär derejesi we bäşinji hünär derejesi – etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysyna.

3. Kazylara hünär derejesini bermek we peseltmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Ilkinji gezek bellenilýän kazylara, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylara bäşinji hünär derejesi olar şol wezipä bellenilende berilýär.

5. Her bir hünär derejesinde bolmagyň möhletleri:

1) bäşinji hünär derejesinde – 3 ýyl;

2) dördünji hünär derejesinde – 5 ýyl;

3) üçünji hünär derejesinde – 5 ýyl;

4) ikinji hünär derejesinde – 5 ýyl.

6. Birinji we ýokary hünär derejesinde bolmagyň möhleti bellenilmeýär.

7. Eýeleýän wezipesi boýunça göz öňünde tutulan derejesine garamazdan, şeýle hem yzygiderliligi berjaý etmezlik bilen ýokary hünärli kazylara iş tejribesini hasaba almak bilen hünär derejesiniň berilmegine rugsat berilýär.

8. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň hünär derejesinden mahrum edilmegi, kanunylygyň bozulmagy ýa-da öz ýokary adyna sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi edendigi üçin, şeýle hem kazyýetiň olar babatda çykaran we kanuny güýje giren aýyplaw hökümi esasynda bolup biler.

9. Hünär derejelerinden mahrum etmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

10. Kazylara kazy bolup işlän döwründe berlen hünär derejesi olar kazyýet edaralarynda işlän halatynda saklanyp galýar.

11. Kazynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary wezipesine saýlanylmagy ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen başga wezipä bellenilmegi bilen baglanyşykly degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyran döwri, onuň şondan soň kazyýet edaralarynda işlän halatynda umumy iş döwrüne we nobatdaky hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne goşulýar.

12. Kazylara we kazynyň hünär derejesi bolan beýleki kazyýet işgärlerine hünär derejesi üçin wezipe aýlyk haklaryna goşmaça tölegler bellenilýär.

 

VI BAP. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ YGTYÝARLYKLARYNDAN MAHRUM EDILMEGI WE MÖHLETINDEN ÖŇ BOŞADYLMAGY. KAZYLARYŇ DÜZGÜN-NYZAM JOGAPKÄRÇILIGI

 

73-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi we möhletinden öň boşadylmagy

 

1. Kazylar we kazyýet oturdaşlary kanunylygyň bozulmagy ýa-da öz ýokary adyna sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi edendigi üçin, şeýle hem kazyýetiň olar babatda çykaran we kanuny güýje giren aýyplaw hökümi esasynda möhletinden öň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilip bilner.

2. Kazy we kazyýet oturdaşlary işi dowam etmäge päsgel berýän saglyk ýagdaýy boýunça, başga işe geçmegi bilen baglanyşykly ýa-da öz islegi boýunça öz wezipelerini ýerine ýetirmekden möhletinden öň boşadylyp bilner.

3. Kazynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň netijenamasyny hasaba almak bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan eýeleýän wezipesinden boşadylýar.

4. Türkmenistanyň ähli kazylarynyň möhletinden öň boşadylmagy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi we möhletinden öň boşadylmagy kazyýet oturdaşynyň saýlanan ýeri boýunça raýatlaryň ýygnaklary tarapyndan, ýokarky kazyýetleriň kazyýet oturdaşlary bolsa, degişlilikde olary wezipä bellän häkimler we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

 

74-nji madda. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiliginiň esaslary

 

Kazy, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy şu esaslar boýunça düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilip bilner:

1) kazyýet işlerine seredende ünssüzligi we seresapsyzlygy sebäpli kanunylygy düýpli bozanda;

2) zähmet düzgün-nyzam kadalaryny gödek bozanda;

21) Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň kadalaryny gödek bozanda;

3) öz ýokary adyna sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi eden halatynda.

 

75-nji madda. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi

 

1. Şu aşakdakylara düzgün-nyzam önümçiligini gozgamak hukugy degişlidir:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyna – kazyýetleriň ähli kazylary (Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan başga) babatynda;

2) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygyna – bu kazyýetiň kazylary babatynda;

3) welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklaryna – bu kazyýetleriň kazylary, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylary babatynda.

2. Düzgün-nyzam önümçiligini gozgan ýokarda görkezilen wezipeli adamlar kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esaslaryna degişli maglumatlary öňünden barlaýarlar we ondan ýazmaça düşündirişi talap edip alýarlar, şondan soň düzgün-nyzam işini gozgamak hakynda karar çykarylýar. Bu kararda düzgün-nyzam önümçiliginiň gozgalmagynyň deslapky barlagda bellenen esaslary görkezilmelidir.

3. Etmişiň ýüze çykarylan gününden soň bir aýdan gijä goýulman kaza düzgün-nyzam temmisi berlip bilner, gulluk barlagynyň ýa-da kazynyň esasly sebäpli işden galan wagty muňa girmeýär, emma ol etmiş edilen gününden soň bir ýyldan geçmeli däldir.

4. Düzgün-nyzam önümçiliginiň materiallary Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasyna iberilmezinden öň olar bilen özi babatda iş gozgalan kazy, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy tanyşdyrylmalydyr. Şunda kazy, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy goşmaça düşündiriş bermäge ýa-da goşmaça barlagyň geçirilmegi hakynda haýyşnama bildirmäge haklydyr.

5. Düzgün-nyzam işini gozgamak hakyndaky karar zerur materiallary bilen Kazylaryň degişli kwalifikasion kollegiýasynyň garamagyna iberilýär.

6. Düzgün-nyzam önümçiligini gozgamak hakyndaky karar Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy tarapyndan işe seredilip başlanmazyndan öň ony gozgan adam tarapyndan yzyna alnyp bilner.

7. Zerurlyk bolanda işe seredilip başlanmazyndan öň kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esaslarynyň goşmaça barlagy geçirilýär, ony Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň başlygy kollegiýanyň agzalarynyň birine tabşyrýar. Şonuň bilen birlikde zerur bolan halatlarda kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň, sereden mahalynda kanunyň bozulmagyna ýol beren kazyýet işleri bilen bir hatarda goşmaça resminamalar we materiallar talap edilip alynýar.

8. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdakylaryň düzgün-nyzam etmişleri hakyndaky işlere seredýär:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygynyň we kazylarynyň;

2) welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, başlyklarynyň orunbasarlarynyň.

9. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalary welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, başlyklarynyň orunbasarlarynyň, kazylarynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylarynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meselelere seredýärler.

10. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdakylar hakynda çözgüt çykaryp biler:

1) düzgün-nyzam temmisini bermek;

2) düzgün-nyzam önümçiligini bes etmek;

3) düzgün-nyzam önümçiliginiň materiallaryny kazyny, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyny yzyna çagyrmak hakyndaky meseläni gozgamaga ýa-da olar babatda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan adamlara ibermek.

11. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdaky düzgün-nyzam temmilerini berip biler:

1) duýduryş;

2) käýinç;

3) berk käýinç.

12. Temmi berlen mahalynda düzgün bozmanyň häsiýeti we onuň netijeleri, etmişiň agyrlygy, kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň şahsyýeti, olaryň günäkärliginiň derejesi nazara alynmalydyr.

13. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdaky halatlarda düzgün-nyzam işini bes edýär:

1) kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esassyzlygy;

2) şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň möhletleriniň geçirilmegi;

3) eger düzgün-nyzam işine diňe mejlisde seretmek bilen çäklenmegi mümkin diýip tapan halatlarynda düzgün-nyzam temmisiniň maksadalaýyk däldigi.

14. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kwalifikasion kollegiýalarynyň çözgütleriniň üstünden Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyna düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilen adam we düzgün-nyzam önümçiligini gozgan adam kabul edilen çözgüde bir hepdäniň dowamynda şikaýat edip biler. Çözgüde gaýtadan seretmek hakyndaky şikaýat Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy tarapyndan gowşan gününden bir aý möhletde seredilýär. Kollegiýanyň mejlisine şikaýaty beren adam gatnaşyp biler.

15. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgütlerine gaýtadan seretmek hakynda teklipnama girizmäge haklydyr.

16. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň  kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdakylara haklydyr:

1) çözgüdi üýtgetmän, şikaýaty ýa-da teklipnamany kanagatlandyrman goýmaga;

2) çözgüdi ýatyrmaga we düzgün-nyzam işini täzeden seredilmegi üçin ibermäge;

3) çözgüdi ýatyrmaga we kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi hakyndaky meseläni öz önümçiligine almaga;

4) çözgüdi ýatyrmaga we düzgün-nyzam işi boýunça önümçiligi bes etmäge;

5) çözgüdi üýtgetmäge we kaza, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza has ýeňil düzgün-nyzam temmisini bermäge.

17. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasynyň düzgün-nyzam temmisini bermek hakyndaky çözgüdi, şeýle hem şikaýat boýunça çözgüde gaýtadan seretmek hakyndaky çözgüdi şikaýat edilmäge degişli däldir.

18. Eger kazy, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy düzgün-nyzam temmisiniň berlen gününden soň bir ýylyň dowamynda täze düzgün-nyzam temmisine sezewar bolmasa, ol düzgün-nyzam temmisine sezewar bolan diýlip hasaplanmaýar.

19. Kazylaryň düzgün-nyzam temmisini beren Kwalifikasion kollegiýasy temmi berlen günden azyndan dört aý geçenden soň kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň özüni birkemsiz alyp baran we öz üstüne ýüklenen borçlaryny päk ýüregi bilen ýerine ýetiren mahalynda düzgün-nyzam önümçiligini gozgan adamyň teklipnamasy boýunça, şonuň ýaly-da öz başlangyjy bilen ony möhletinden öň aýryp biler.

 

76-njy madda. Kazyny, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyny we kazyýet oturdaşlaryny yzyna çagyrmagyň we möhletinden öň boşatmagyň tertibi

 

1. Kazyny, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyny we kazyýet oturdaşlaryny yzyna çagyrmak hakyndaky meseläni gozgamak hukugy şu aşakdakylara degişlidir:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy babatda – Türkmenistanyň Prezidentine;

2) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary, kazylary we kazyýet oturdaşlary, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy hem-de welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary, başlyklarynyň orunbasarlary babatda, şu Kanunyň 73-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyna;

3) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary babatynda, şu Kanunyň 73-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygyna;

4) welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň hem-de etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary we kazyýet oturdaşlary, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylary babatynda, şu Kanunyň 73-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklaryna;

5) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary babatynda, şu Kanunyň 73-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklaryna;

6) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň saýlanan kazyýet oturdaşlary babatynda, kazyýet oturdaşynyň ýokary ady bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi edendigi üçin – saýlawçylaryň ýygnaklaryna.

2. Yzyna çagyrmak hakyndaky meseläni gozgan adamlar bu meseläni goýmak üçin esas bolup hyzmat eden materiallaryň jikme-jik barlagyny guraýarlar, kaza, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza yzyna çagyrmagyň delilleri hakyndaky meseläni gozgamak barada habar berýärler, şeýle hem ýazmaça düşündirişi talap edip alýarlar.

3. Kazyny, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyny yzyna çagyrmak hakyndaky meseläni gozgamak üçin esas bolup hyzmat eden materiallar şu aşakdakylar babatynda netijenama bermek üçin iberilýär:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyna – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy (Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan başga), Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy we kazysy, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary we başlyklarynyň orunbasarlary;

2) welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyna – welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar.

4. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazysyny, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysyny, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşlaryny yzyna çagyrmak hakyndaky teklipnamalar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlaryny yzyna çagyrmak hakyndaky teklipnamalar olary welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň oturdaşlygyna bellän edaranyň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlaryny yzyna çagyrmak hakyndaky teklipnamalar – kazyýet oturdaşynyň degişli kazyýetleriň başlyklary tarapyndan saýlanan ýeri boýunça raýatlaryň ýygnaklarynyň garamagyna girizilýär.

5. Teklipnama Kazylaryň degişli kwalifikasion kollegiýasynyň bu teklipnamanyň ýanyna goşulýan netijenamasyny göz öňünde tutmak bilen girizilýär.

6. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet oturdaşlaryny yzyna çagyrmak hakyndaky teklipnamasyna zähmetkeşler toparynyň ýygnagy ýa-da etrabyň we etrap hukukly şäheriň häkimligi, şeýle hem geňeşligi tarapyndan çagyrylýan raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça ýygnagy tarapyndan seredilýär. Çözgüt açyk ses bermek arkaly sesleriň köplügi bilen kabul edilýär. Ýygnak özi babatda yzyna çagyrmak hakyndaky mesele çözülýän kazyýet oturdaşynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

7. Kazyýet oturdaşy ýygnaga sebäpsiz gelmedik mahalynda yzyna çagyrmak hakyndaky mesele onuň ýoklugynda seredilip bilner.

8. Ýygnagyň teswirnamasy ýygnagyň çözgüdini etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygyna habar berýän häkimlige ýa-da geňeşlige berilýär.

9. Möhletinden öň boşatmak hakyndaky teklipnamalar şu aşakdakylar babatda girizilýär:

1) Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylary (Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan başga) we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşlary babatda – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan;

2) welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary babatda – bu kazyýetleriň başlyklary tarapyndan.

 

VII BAP. KAZYLARYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ MADDY ÜPJÜNÇILIGI WE DURMUŞ GORAGLYLYGY. KAZYLARWE KAZYÝET IŞGÄRLERI BARADA HÖWESLENDIRIŞ ÇÄRELERI

 

77-nji madda. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň, kazyýet işgärleriniň maddy üpjünçiligi we durmuş goraglylygy

 

1. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň zähmet haky hünär derejesini göz öňünde tutmak bilen bellenilýär. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň hünär derejesi üçin wezipe aýlyk hakyna goşmaça tölegleriniň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

2. Kazyýet işgärleri iş saparlaryna iberilende myhmanhanalarda ýerleri we ulagyň ähli görnüşlerinde ýol resminamalaryny nobatsyz almaga (bronirlemäge) bolan hukukdan peýdalanýarlar.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç kazylara abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda bermäge, kazy wezipesine bellenilenden soň alty aýdan gijä galman ony aýratyn öý ýa-da jaý görnüşindäki abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

4. Kazylar hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerini almaga ilkinji nobatda hukugy bardyr.

5. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kazylara durmuş taýdan goraglylygyň şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki kepillikleri bellenilip bilner.

 

78-nji madda. Kazynyň, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň utgaşdyryp işlemegi

 

Kazylar mugallymçylyk we ylmy-barlag işinden özge hak tölenýän haýsydyr bir başga iş bilen meşgullanyp bilmezler.

 

79-njy madda. Kazyýet oturdaşlarynyň kazyýetde öz borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda zähmet haklarynyň saklanyp galmagy

 

1. Kazyýet oturdaşlary kazyýetde öz borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda olaryň hemişelik iş ýeri boýunça ortaça zähmet haky saklanyp galýar.

2. Kazyýet oturdaşlarynyň öz borçlaryny ýerine ýetiren mahalyndaky beýleki tölegler we ýeňillikler babatynda olaryň esasy işini ýerine ýetirýän wagtyna deňleşdirilýär.

 

791-nji madda. Kazylar we kazyýet işgärleri barada höweslendiriş çäreler

 

1. Kazylara we kazyýet işgärlerine adyl kazyýetligi amala aşyrýandygy we gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirýändigi, hünär derejesini we işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda üstünliklere eýe bolýandygy, köp ýyllaryň dowamynda döwlet gullugyny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin şu aşakdaky höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner:

1) minnetdarlyk yglan etmek;

2) sowgat bilen sylaglamak;

3) hünär derejesini möhletinden öň bermek ýa-da nobatdakysyndan bir dereje ýokary hünär derejesini bermek;

4) «Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglamak.

2. «Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Aýratyn tapawutlanan kazylar we kazyýet işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmaga hödürlenip bilner.

4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz önünde tutulan sylaglary  kazyýet edaralarynyň işgärleri bolup durmaýan, kazyýetleriň işiniň kämilleşdirilmeginde we kanunylygyň pugtalandyrylmagynda uly   goşant goşan beýleki adamlar babatda hem ulanyp biler.

 

IV bölüm.ADMINISTRATIW WE ÝERINE ÝETIRIŞ

ÖNÜMÇILIGI BOÝUNÇA KAZYLAR

 

80-nji madda. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar

 

Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň ýanynda bolýarlar.

 

81-nji madda. Administratiwwe ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza bildirilýän talaplar

 

23 ýaşyny dolduran, ýokary ýuridik bilimi bolan we hünär dereje synagyny tabşyran Türkmenistanyň raýaty administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga bellenip bilner.

 

82-nji madda. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga dalaşgärler

 

1. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga dalaşgärleri seçip almagy welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýar.

2. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga dalaşgärler hökmünde ilkinji gezek teklip edilýän adamlar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan kesgitlenen tertipde tälim alşyny geçýärler.

 

83-nji madda. Administratiwwe ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryň bellenmegi

 

Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bäş ýyl möhlete bellenilýär.

 

84-nji madda. Administratiwwe ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň ygtyýarlyklary

 

Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere seredýär, kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine gözegçilik edýär, kazyýetiň we beýleki edaralaryň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere seredýär.

 

85-nji madda. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryň hukuklary

 

1. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetiren mahalynda etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň hukuklaryndan peýdalanýarlar.

2. Döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we wezipeli adamlar administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryň talaplaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

3. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryň şu Kanunyň 65-nji maddasynyň ýedinji bölegine laýyklykda saýlanan halatynda, kazylaryň maslahatynyň işine gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

86-njy madda. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryň borçlary

 

Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar kanunlaryň talaplaryny takyk berjaý etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň, olaryň namysynyň we mertebesiniň, jemgyýetiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge, ýokary medeniýetli bolmaga we öz işiniň terbiýeleýjilik täsirini üpjün etmäge, adalatly we ynsanperwer bolmaga, hünär bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmaga borçludyrlar.

 

87-nji madda. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryň eldegrilmesizligi

 

1. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar babatynda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan gozgalyp bilner.

2. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar babatdaky jenaýat işleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet degişliligindedir.

 

88-nji madda. Administratiwwe ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi we möhletinden öň boşadylmagy

 

1. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar kanunylygy bozandygy ýa-da öz wezipe ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi edendigi üçin, şeýle hem kazyýetiň olar babatda kanuny güýje giren aýyplaw höküminiň esasynda öz ygtyýarlyklaryndan möhletinden öň mahrum edilip bilner.

2. Administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar işini dowam etmäge päsgel berýän saglyk ýagdaýy, başga işe geçmegi ýa-da öz islegi boýunça işden çykmagy bilen baglanyşykly öz borçlaryny ýerine ýetirmekden möhletinden öň boşadylyp bilner.

 

V bölüm. KAZYÝETLERIŇ IŞINIŇ ÜPJÜN EDILMEGI WE

KAZYÝET ÇÖZGÜTLERINIŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI

 

89-njy madda. Kazyýet işgärleri

 

1. Kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegini we adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna oňyn şertleriň döredilmegini we kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän müdirlikleriň we bölümleriň başlyklary, maslahatçylary, kazyýet ýerine ýetirijileri, hünärmenleri we kazylaryň kömekçileri kazyýet işgärleridir.

2. Kazyýet işgärleriniň zähmet hukuk gatnaşyklary şu Kanun we Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär

 

90-njy madda. Kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi we kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi

 

1. Kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi we adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna oňyn şertleriň döredilmegi diýip kazylaryň adyl kazyýetligi amala aşyrmaklary bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kodifikasiýasyny ýöredýän, olaryň kazyýet iş tejribesinde ulanylyşyny umumylaşdyrýan, işler boýunça arza-şikaýatlaryň kanuny çözgüdini tapmaklaryna ýardam berýän, şeýle-de maliýe, maddy-tehniki we olaryň hakyky garaşsyzlygyny üpjün edýän başga häsiýetli çärelere düşünilýär.

2. Kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegini Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, düzüminde bölümler döredilýän Kazyýetleriň işini guramak boýunça müdirligi amala aşyrýar.

3. Kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi diýlip kazyýet kararlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda beýleki edaralaryň kararlary hem-de gaýry resminamalary esasynda açylýan ýerine ýetiriş önümçilikleriniň ýerine ýetirilmegine düşünilýär.

4. Kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, düzüminde bölümler döredilýän Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirligi amala aşyrýar.

5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işiniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegini onuň diwany amala aşyrýar.

 

91-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýetleriň işini guramak boýunça müdirliginiň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylaryň işini guramak boýunça müdirligi:

1) kazyýetleriň işiniň guralyşyny öwrenýär, olary kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär;

2) kazyýetleriň işgärlere mätäçligini kesgitleýär, kazynyň wezipesine dalaşgärleri seçip almak we taýýarlamak boýunça işi üpjün edýär; kazylaryň we kazyýetleriň beýleki işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen meşgullanýar hem-de bu mesele boýunça bilim edaralary bilen özara gatnaşyk edýär;

3) kazylaryň, kazyýetleriň diwanlarynyň beýleki işgärleriniň statistik we işgär hasabyny ýöredýär;

4) kazylar we kazyýetleriň diwanlarynyň beýleki işgärleri üçin ylmy taýdan esaslandyrylan iş kadalaryny işläp düzýär;

5) kazyýet statistikasyny ýöredýär, kazyýetleriň iş dolandyryşyny we arhiwiniň işini guraýar we şol işleri seljerýär;

6) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanlarynyň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

7) kazyýetleri maddy-tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň işlemegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça işi guraýar;

8) kazyýet önümçiligini we iş dolandyryşy alyp barmak, şeýle hem kazyýet işiniň maglumat-hukuk taýdan üpjün edilmegi üçin zerur bolan tehnologiýalary we programma serişdelerini işläp düzmegi we ornaşdyrmagy guraýar;

9) kanunçylygy ulgamlaşdyrmak boýunça işi amala aşyrýar we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň maglumatlar bankyny ýöredýär, kazyýetleri Türkmenistanyň täze kanunçylyk namalarynyň ýazgylary bilen üpjün edýär;

10) kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmäge, olary maddy we tehniki taýdan üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar;

11) kazyýetleriň işiniň üpjün edilmegi boýunça beýleki çäreleri amala aşyrýar.

 

92-nji madda. Kazyýetiň diwany

 

1. Kazyýetiň diwany adyl kazyýetligi berjaý etmek boýunça iş üçin zerur şertleri döredýär, kazylar bilen bilelikde kazyýet iş tejribesini umumylaşdyrýar, kazyýetleriň kadaly işlemegine ýardam edýän beýleki işi amala aşyrýar. Kazyýetiň diwany degişli kazyýetiň başlygyna tabynlykda durýar.

2. Türkmenistanyň kazyýetleriniň işgär wezipe sany Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

3. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň diwanynyň, şol sanda bölümleriniň düzümi we işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy bilen ylalaşylyp, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan tassyklanylýar.

4. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanynyň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, şol sanda bölümleriniň düzümi we işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanýar.

5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň diwanynyň düzüminde kazyýetiň işini üpjün etmek üçin zerur bolan müdirlikler, bölümler we beýleki düzüm birlikleri döredilýär.

6. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň diwanynyň, şol sanda müdirlikleriniň hem-de bölümleriniň düzümi we işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanýar.

 

93-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň maglumatlar merkezi

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň maglumatlar merkezi kazyýet iş tejribesiniň meselelerini halk köpçüligine ýetirmek hem-de onuň terbiýeçilik täsirini güýçlendirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny düşündirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işjeň gatnaşyklary saklamak maksady bilen:

1) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak işini has-da kämilleşdirmek, jenaýatyň we beýleki hukukbozulmalaryň edilmegine sebäp bolan ýagdaýlary seljermek, halk köpçüliginiň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak we adamlaryň kanuna ygrarlylygyny terbiýelemek işiniň hukuk esasy bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hem-de şolaryň ulanylyşy bilen baglanyşykly kazyýet iş tejribesiniň maglumatlar binýadyny döredýär;

2) maglumatlary seljermek arkaly jemgyýetde hukuk medeniýetiniň ösdürilmegine gönükdirilen işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin degişli materiallary taýýarlaýar we olar boýunça çykyşlary guraýar;

3) maglumatlar merkezinde toplanan maglumatlaryň kazyýet işgärleriniň öz iş tejribesinde ulanmaklary maksady bilen elýeterliligini üpjün etmek üçin çäreleri görýär;

4) kazyýet işgärleriniň ilat arasynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde edýän çykyşlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen çykyş etmegiň usullaryny we düzgünlerini işläp taýýarlaýar;

5) kazyýet işine degişli geçirilýän maslahatlara gatnaşýar we olaryň netijeleri boýunça maglumatlary düzýär we kazylar bilen geçirilýän okuw maslahatlarynda olaryň ulanylmagyny üpjün edýär;

6) Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan neşir edilýän ýuridik žurnalyna materiallary taýýarlamak üçin maglumatlar çeşmesini döredýär.

 

94-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileri

 

1. Raýat, arbitraž işleri boýunça çözgütleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň, administratiw işleri boýunça kararlaryň we jenaýat işleri boýunça hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň emläkden töleg tutup almak baradaky böleginde, şeýle hem beýleki çözgütleriň we kararlaryň ýerine ýetirilmegi kanunda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet ýerine ýetirijileri tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Kazyýet ýerine ýetirijileri kazyýetleriň düzüminde durýarlar we şu aşakdakylar tarapyndan kazyýet ýerine ýetirijileri wezipä bellenýärler:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet ýerine ýetirijilerini – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan;

2) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet ýerine ýetirijilerini – şol kazyýetleriň başlyklarynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ylalaşylyp welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan.

3. Iki we şondan köp kazyýet ýerine ýetirijileri bolan kazyýetlerde, olaryň biri uly kazyýet ýerine ýetirijisi edilip bellenilýär.

4. Ýerine ýetiriş önümçiligini alyp barmagyň tertibi we kazyýet ýerine ýetirijileriň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitllenýär.

 

95-nji madda. Kazynyň kömekçisi

 

1. Kazynyň kömekçisi kazyýetlerde işleriň öz wagtynda we kanunda bellenilen tertipde seredilmegini guramaçylyk taýdan üpjün edýän wezipeli adamdyr.

2. Kazynyň kömekçisi:

1) işleri kazyýet seljerişine taýýarlaýar, kazynyň tabşyrygy esasynda taraplar bilen gürrüňdeşlik geçirýär we olaryň iş boýunça ýaraşmaga bolan meýillerini anyklaýar, talap etmäge degişli materiallary we çagyrmaly goşmaça şaýatlary aýdyňlaşdyrýar hem-de zerur hasap edilende materiallary talap etmek we şaýatlary çagyrmak barada çäre görýär, kazynyň tabşyrygy boýunça jebir çekeniň şikaýaty boýunça gozgalýan jenaýat işleri boýunça jebir çekeni we aýyplanýany çagyrýar, olaryň ýaraşmaga bolan meýillerini anyklaýar. Jenaýat işi önümçilikden ýatyrylan halatynda ol barasynda çykarylan kesgitnamanyň göçürilen nusgasyny prokurora iberýär, işi önümçilikden ýatyrylana we jebir çekene gowşurýar;

2) administratiw işleri boýunça toplanan materiallaryň dolulygyna we seretmek mümkinçiligine garaýar, gelen netijesi barada kazyny habarly edýär;

3) işleriň kazyýet seljerişine bellenilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk işini ýerine ýetirýär;

4) işler boýunça kazyýete gelip gowşan arzalar we haýyşlar boýunça teklipleri taýýarlaýar we olary kazyýetde başlyklyk edijä berýär;

5) kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär we ol barada kaza maglumat berýär;

6) serenjam hem-de kazyýet mejlislerinde kazyýet mejlisiniň kätibi hökmünde gatnaşýar;

7) kazyýet kararlarynyň üstünden getirilen nägilelik şikaýaty, teklipnamany, hususy şikaýaty we hususy teklipnamany ýokary kazyýet basgançagynda nägilelik tertibinde seretmäge ibermek üçin taýýarlaýar;

8) raýat, arbitraž, administratiw we jenaýat işleri boýunça kazyýet iş tejribesiniň umumylaşdyrylmagyna gatnaşýar;

9) şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki işleri ýerine ýetirýär.

3. Kazynyň kömekçisi wezipesine ýörite orta ýa-da ýokary ýuridik bilimi bolan adam bellenip bilner.

 

96-njy madda. Türkmenistanyň kazyýet işgärleriniň hünär derejeleri

 

1. Kazyýetleriň işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýän ýokary ýa-da ýörite orta ýuridik bilimi bolan kazyýet işgärlerine Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hünär derejesi berilýär.

2. Kazyýet işgärlerine hünär derejesini bermegiň tertibi we onuň üçin goşmaça tölegleriň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

97-nji madda. Kazyýet mejlislerine kätibiň gatnaşmagy

 

1. Serenjam hem-de kazyýet mejlislerinde işlere kazyýet mejlisiniň kätibiniň gatnaşmagynda seredilýär.

2. Işlere gatnaşýan kazyýet mejlisiniň kätibiniň hukuklary we borçlary, şeýle hem işleriň seljerilmegine gatnaşmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

 

VI bölüm. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

98-nji madda. Kazynyň kasamy

 

1. Ilkinji gezek bellenen kazylar, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar öz bellenen gününden bir aýdan soňa goýulman şu aşakdaky mazmunly kasam edýärler:

«Men (familiýasy, ady, atasynyň ady), kazynyň wezipesine girişmek bilen, öz borçlarymy päk ýürekli we dogruçyl ýerine ýetirmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga, diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna tabyn bolup, adyl kazyýetligi amala aşyrmaga, kazylyk borjumyň we wyždanymyň maňa emr edişi ýaly tarapgöýsüz we adalatly bolmaga dabaraly kasam edýärin».

2. Kazynyň kasamy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde dabaraly ýagdaýda kabul edilýär.

 

99-njy madda. Kazyýetlerdäki döwlet häkimiýetiniň nyşanlary

 

1. Kazyýetiň binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy oturdylýar, kazyýetiň mejlisler otagynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet tugrasy we Döwlet baýdagy ýerleşdirilýär.

2. Kazylar özlerine berlen hünär derejesine laýyklykda tapawutlandyryş nyşanlary dakylan lybaslary bellenilen tertipde geýýärler.

 

100-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşynyň şahadatnamalary

 

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryna we kazyýet oturdaşlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanan nusgada şahadatnamalar berilýär.

 

101-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň möhürleri

 

Türkmenistanyň kazyýetleriniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we Türkmenistanyň döwlet dilinde öz ady görkezilen möhürleri bardyr.

 

102-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje girýänçä Türkmenistanyň Ministrler Kabineti degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmeli we kabul etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

     Prezidenti                                                             Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 134-V.