Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

hakynda

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny döretmegiň hukuk we ykdysady esaslaryny, onuň işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini belleýär we döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

düşünjesi

1. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (mundan beýläk – Söwda-senagat edarasy) ýuridik şahs bolup, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalary, guramalary we ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçileri meýletin esasda birleşdirýän, olaryň bähbitlerini goldamagy we goramagy maksat edinýän täjirçilik däl jemgyýetçilik guramasydyr.

2. Söwda-senagat edarasy tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgullanyp biler. Telekeçilik işinden alnan girdejiler Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň arasynda paýlanylyp bilinmez.

3. Söwda-senagat edarasy öz borçnamalary boýunça özüne degişli emlägi bilen jogap berýär.

4. Söwda-senagat edarasy öz agzalarynyň we döreden kärhanalarynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, şeýle hem olar Söwda-senagat edarasynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler.

5. «Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy» diýen ady, Söwda-senagat edarasy tarapyndan döredilen kärhanalardan hem-de guramalardan başga, kärhanalaryň we guramalaryň ulanmaga haky ýokdur hem-de şol söz düzümlerini öz içine alýan ady bolanlar döwlet belligine alynmaga degişli däldir.

6. Söwda-senagat edarasy özüniň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirende Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we kanunlarynyň çäklerinde hereket edýär.

 

2-nji madda. Söwda-senagat edarasy hakyndaky kanunçylyk

1. Söwda-senagat edarasy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň maksatlary we wezipeleri

1. Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de berkidilmegine, onuň dünýä hojalyk ulgamyna birikmeginiň has-da çuňlaşdyrylmagyna, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine, telekeçilik işiniň ähli görnüşleri üçin amatly şertleriň döredilmegine, döwlet edaralary bilen bilelikde hereket etmegiň guralmagyna, Türkmenistanyň telekeçileriniň daşary ýurt döwletleriniň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady, maýa goýum we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy şu wezipeleri ýerine ýetirýär:

1) hojalyk işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça Söwda-senagat edarasynyň agzalaryna, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda kömek edýär, wekilçilik edýär we bähbitlerini goraýar;

2) aýry-aýry pudaklaryň, sebitleriň we kärhanalaryň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutup, telekeçilik işiniň ösmegine ýardam edýär;

3) Söwda-senagat edarasynyň agzalaryna we onuň hyzmatdaşlaryna geçirilýän sergilere, ýarmarkalara, biznes-forumlara we maslahatlara gatnaşmaga ýardam berýär;

4) Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň arasynda ykjam hyzmatdaşlygy, olaryň döwlet we onuň edaralary bilen arkalaşykly işini guraýar;

5) Türkmenistanda telekeçi hünärmenleri taýýarlamak we bilim bermek ulgamynyň ösmegine ýardam berýär, telekeçilik işi üçin, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda hünär okuwyny we hünärmenleriň tälim almagyny we okuwlaryň beýleki görnüşlerini guraýar, bu ugurda döwlet we döwletara maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

6) telekeçilere, olaryň birleşiklerine, birleşmelerine, assosiasiýalaryna maglumat hyzmatlaryny edýär, telekeçilige maglumat hyzmatynyň infrastrukturasynyň guralmagyna ýardam berýär, žurnallary, býulletenleri, maglumat-mahabat maglumatnamalary we beýleki metbugat önümini çap edýär;

7) harytlaryň we hyzmatlaryň eksportynyň ösmegine ýardam edýär, Türkmenistanyň kärhanalaryna, guramalaryna we telekeçilerine daşarky bazarda amallary geçirmekde hem-de söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini özleşdirmekde amaly kömegi berýär;

8) özüniň hukuklarynyň çäginde ynsapsyz bäsdeşlige we işjeňlige esaslanmaýan hyzmatdaşlyga ýol bermezlik we olaryň öňüni almak üçin çäreleri görýär;

9) Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň, telekeçileriň hem-de eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalaryň arasynda ýüze çykýan kazyýete çenli jedelleriň düzgünleşdirilmegine ýardam edýär;

10) daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda täjirçilik işini amala aşyrmagy üçin zerur bolan hyzmatlaryň berilmegini üpjün  edýär;

11) Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň tabşyrygy boýunça olaryň Türkmenistanda bellige alynmagy üçin olara degişli resminamalary taýýarlamaga ýardam edýär;

12) harytlaryň hili, mukdary we toplanyşy bilen bagly, şeýle hem önümiň we emlägiň bahasyny kesgitlemek boýunça bilermen seljermelerini geçirýär;

13) harytlaryň we hyzmatlaryň gelip çykyşy barada şahadatnamalary, Türkmenistanda ýerleşýän ýuridik şahslaryň gollaryny tassyklaýar, harytlaryň we hyzmatlaryň eksporty bilen bagly bolan başga resminamalary resmileşdirýär, Türkmenistanyň daşary söwda geleşikleriniň we halkara şertnamalarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde baglaşan şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň şertlerine laýyklykda fors-mažor ýagdaýlaryna güwä geçýär;

14) maliýe we ykdysady ýagdaýlary telekeçilik we daşary ykdysady işde hyzmatdaş hökmünde ygtybarlylygyna güwä geçýän Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň sanawyny ýöredýär;

15) halkara we milli sergilerini, ýarmarkalaryny, maslahatlary we biznes-forumlaryny guraýar, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň harytlarynyň sergilerini taýýarlamagy we geçirmegi üpjün edýär;

16) daşary ýurt döwletleriniň söwda edaralary bilen aragatnaşyklaryny ýola goýýar we ösdürýär, olar bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar baglaşýar, ykdysady we söwda wekiliýetlerini guraýar;

17) işewür toparlaryň wekillerine hyzmatdaşlary saýlamakda we  gatnaşyklary ýola goýmakda ýardam berýär, şeýle hem Türkmenistanyň başga ýurtlara gidýän telekeçileri üçin şunuň ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär;

18) Söwda-senagat edarasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyk gelýän beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

4-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň döwlet bilen

özara gatnaşygy

1. Döwlet Söwda-senagat edarasynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, onuň işine goldaw berýär, oňa salgytlar babatda we beýleki ýeňillikleriň hem-de artykmaçlyklaryň berilmegini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirýär.

2. Şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda döwletiň Söwda-senagat edarasynyň işine gatyşmagyna we Söwda-senagat edarasynyň döwletiň işine gatyşmagyna, döwlet edaralarynyň wezipeleriniň Söwda-senagat edarasynyň üstüne ýüklenilmegine ýol berilmeýär.

3. Söwda-senagat edarasy döwlet edaralary bilen ylalaşyklary baglaşmak arkaly hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket edip hem-de döwlet edaralary bilen şertnamalar boýunça olar üçin belli bir işi ýerine ýetirip biler.

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda Söwda-senagat edarasynyň bähbitlerine dahylly meseleler Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagy ýa-da onuň bilen ylalaşylmagy boýunça döwlet edaralary tarapyndan çözülýär.

5. Söwda-senagat edarasynyň diwanynyň işgärlerine Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şeýle hem ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy degişlidir.

 

II BAP. SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ

DÖREDILMEGI WE ONUŇ IŞINIŇ BES EDILMEGI

 

5-nji madda. Söwda-senagat edarasyny döretmegiň we

işiniň ýörelgeleri

Söwda-senagat edarasy esaslandyryjylaryň meýletin birleşmegi, onuň agzalarynyň deňhukuklylygy, garaşsyzlygy, hünär kämilligi, şahsy, köpçülikleýin, jemgyýetçilik we döwlet bähbitleriniň utgaşmagy, hojalyk özbaşdaklygy, durmuş adalatlylygy we kanunylyk ýörelgeleri esasynda döredilýär we hereket edýär.

 

6-njy madda. Söwda-senagat edarasyny döretmegiň tertibi

1. Söwda-senagat edarasy on bäşden az bolmadyk esaslandyryjylaryň  başlangyjy boýunça döredilýär.

2. Söwda-senagat edarasynyň esaslandyryjylary eýeçiligiň görnüşlerine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslar we ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçiler bolup bilerler.

3. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň esaslandyryjylary esaslandyryjy gurultaýy (konferensiýany) çagyrýarlar, onda Tertipnama kabul edilýär we onuň ýolbaşçy düzümleri döredilýär.

4. Söwda-senagat edarasynyň esaslandyryjylary we agzalary deň hukuklardan peýdalanýarlar we birmeňzeş borçlary çekýärler.

 

7-nji madda. Söwda-senagat edarasynda agzalyk

1. Hojalyk işlerini amala aşyrýan ýa-da Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ykdysady, ylmy-tehniki we söwda aragatnaşyklaryny amala aşyrmaga gatnaşýan, eýeçiligiň görnüşlerine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslar, ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçiler Söwda-senagat edarasynyň agzalary bolup durýarlar.

2. Pudaklaýyn ýa-da sebitleýin alamatlary boýunça telekeçileri birikdirýän assosiasiýalar we birleşmeler hem Söwda-senagat edarasynyň agzalary bolup bilerler.

3. Söwda-senagat edarasy şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen şahslary bellige alýar we olar sanawa girizilen gününden Söwda-senagat edarasynyň agzalary bolýarlar.

4. Söwda-senagat edarasynyň agzalary üçin giriş we her ýylky gatançlarynyň möçberleri Söwda-senagat edarasynyň Müdiriýeti tarapyndan onuň Tertipnamasyna laýyklykda bellenilýär.

5. Söwda-senagat edarasyndan çykan halatynda, onuň agzalary tarapyndan tölenen gatançlar yzyna gaýtarylmaýar we onuň emläginiň bölegi babatynda talaplar kabul edilmeýär.

 

8-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasy

1. Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasynda şular göz öňünde tutulmalydyr:

1) Söwda-senagat edarasynyň ady, maksatlary we wezipeleri;

2) Söwda-senagat edarasynyň agzalygyna kabul etmegiň we ondan çykmagyň şertleri we tertibi;

3) Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň hukuklary we borçlary;

4) Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçy düzümleriniň dörediliş tertibi we olaryň ygtyýarlyklary, olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri we olar tarapyndan çözgütleri kabul etmegiň tertibi;

5) Söwda-senagat edarasynyň emlägini emele getirmegiň çeşmeleri;

6) Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi;

7) Söwda-senagat edarasynyň işini bes etmegiň tertibi.

2. Tertipnamada Söwda-senagat edarasynyň işine degişli başga  düzgünler hem göz öňünde tutulup bilner.

 

9-njy madda. Söwda-senagat edarasyny döwlet tarapyndan

bellige almak

1. Söwda-senagat edarasyny döwlet tarapyndan bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Söwda-senagat edarasyny bellige almak üçin Tertipnamanyň kabul edilen gününden bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň Adalat ministrligine esaslandyryjylaryň arzasy, onuň Tertipnamasyny tassyklamak hakyndaky esaslandyryjy gurultaýyň (konferensiýanyň) teswirnamasy berilýär.

3. Söwda-senagat edarasyny bellige almak hakyndaky çözgüt arza berlen gününden bir aýdan giç bolmadyk möhletde kabul edilmelidir.

4. Söwda-senagat edarasy Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen gününden ýuridik şahsyň hukuk ýagdaýyna eýe bolýar.

5. Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasyna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar Söwda-senagat edarasy bellige alnanda göz öňünde tutulan tertipde we şol möhletlerde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

6. Söwda-senagat edarasyny, onuň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary döwlet tarapyndan bellige almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberlerde ýygymlar alynýar.

7. Söwda-senagat edarasyny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz döndermek kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

 

10-njy madda. Söwda-senagat edarasynyň işiniň bes edilmegi

1. Söwda-senagat edarasynyň işini bes etmek üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak arkaly geçirilip bilner.

2. Söwda-senagat edarasyny üýtgedip guramak we ýatyrmak gurultaýyň (konferensiýanyň) ýa-da umumy ýygnagyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar. Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde hem ýatyrylyp bilner.

3. Ýatyrylan Söwda-senagat edarasynyň emlägi karz berijileriň talaplary kanagatlandyrylandan soňra, onuň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara gönükdirilýär ýa-da hukuk oruntutarynyň eýeçiligine geçirilýär.

 

III BAP. SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ EÝEÇILIGI, HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

11-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň eýeçiligi

1. Söwda-senagat edarasynyň eýeçiliginde gozgalýan we gozgalmaýan emlägi, paýnamalar, beýleki gymmatly kagyzlar we Tertipnamada bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan başga emlägi bolup biler.

2. Söwda-senagat edarasy tarapyndan döredilen kärhanalar, özlerine berkidilen emläge öz esaslandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan maksatlara hem-de wezipelere laýyklykda eýelik etmäge, peýdalanmaga we ygtyýar etmäge hukuklydyrlar.

3. Giriş we agzalyk gatançlary, telekeçilik işinden alynýan girdejiler we kanunda gadagan edilmedik beýleki gelip gowuşmalar Söwda-senagat edarasynyň serişdelerini döretmegiň çeşmeleri bolup durýar.

Söwda-senagat edarasynyň serişdeleri onuň işini üpjün etmek we gaznalary döretmek üçin ulanylýar.

4. Söwda-senagat edarasynyň eýeçiligi kanun tarapyndan goralýar.

 

12-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň hukuklary

1. Söwda-senagat edarasy öz Tertipnamasynda kesgitlenilen maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuklara eýedir.

Söwda-senagat edarasynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) döwlet edaralarynda öz agzalaryna wekilçilik etmäge we olaryň kanuny bähbitlerini goramaga;

2) Türkmenistanda, şeýle hem onuň çäginden daşarda gozgalýan we gozgalmaýan emlägi edinmäge, aýrybaşgalamaga, kärendesine almaga we kärendesine bermäge;

3) Türkmenistanda we daşary ýurt döwletlerinde kärhanalary we edaralary döretmäge, şeýle hem gatyşyk söwda-senagat edaralaryny, bilelikdäki kärhanalary, söwda öýlerini esaslandyrmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ykdysady jedelleri çözmek üçin Halkara täjirçilik arbitražyny döretmäge;

5) Söwda-senagat edarasynyň şahamçalaryny we wekilliklerini, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda açmaga;

6) gazetleri, žurnallary we beýleki neşir önümlerini çap etmäge;

7) Söwda-senagat edarasy Tertipnamasyna laýyklykda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna garşy  gelmeýän başga ygtyýarlyklary amala aşyrmaga.

2. Özüniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasy tarapyndan berlen ýuridik resminamalar Türkmenistanyň ähli çäginde ykrar edilýär.

 

13-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň borçlary

Söwda-senagat edarasy şulara borçludyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyny, şeýle hem özüniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan düzgünleri berjaý etmäge;

2) hemişelik hereket edýän ýolbaşçy düzüminiň hakyky ýerleşýän ýerini, onuň adyny we Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary hakyndaky maglumatlary Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň mukdarynda görkezmek bilen, öz işi hakynda maglumaty Türkmenistanyň Adalat ministrligine bellenilen möhletlerde bermäge;

3) Türkmenistanyň Adalat ministrligine Tertipnamasyndaky üýtgetmeler we goşmaçalar hakynda maglumaty bermäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde buhgalterçilik hasaba alnyşy ýöretmäge, statistik hasabatlylygy bermäge, salgyt geçirmelerini amala aşyrmaga we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin pensiýa gatançlaryny tölemäge.

 

IV BAP. SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ DÜZÜMI

 

14-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçy düzümleri

1. Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçy düzümleri şular bolup durýar:

1) Söwda-senagat edarasynyň gurultaýy;

2) Söwda-senagat edarasynyň Müdiriýeti;

3) Söwda-senagat edarasynyň başlygy.

2. Söwda-senagat edarasynyň ýokary ýolbaşçy düzümi gurultaý bolup durýar.

3. Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçy düzümleriniň işi onuň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

15-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň derňew topary

Söwda-senagat edarasynyň gurultaýy Söwda-senagat edarasynyň maliýe-hojalyk işini derňemek üçin 5 ýyl möhlet bilen Söwda-senagat edarasynyň Müdiriýetiniň düzümine girmeýän adamlardan derňew toparyny saýlaýar.

 

V BAP. HALKARA TÄJIRÇILIK ARBITRAŽY

 

16-njy madda. Söwda-senagat edarasynyň ýanyndaky

halkara täjirçilik arbitražy

1. Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitražy döredilýär we ol taraplaryň ylalaşmagy boýunça taraplaryň bolmanda biriniň täjirçilik kärhanasy Türkmenistanyň çäginden daşarda bolsa, daşary söwda we halkara ykdysady aragatnaşyklaryň beýleki görnüşleri amala aşyrylanda ýüze çykýan şertnamalaýyn we beýleki raýat-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde döredilen daşary ýurt maýa goýumly kärhanalaryň hem-de halkara birleşikleriniň we guramalarynyň öz aralaryndaky jedellere, olaryň gatnaşyjylarynyň arasyndaky jedellere, şonuň ýaly-da olaryň Türkmenistanyň beýleki hukuk subýektleri bilen jedellerine seredýär.

2. Söwda-senagat edarasynyň ýanynda döredilen Halkara täjirçilik arbitražynyň işi «Halkara täjirçilik arbitražy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

17-nji madda. Halkara täjirçilik arbitražynyň işine ýardam etmek

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Söwda-senagat edarasy Halkara täjirçilik arbitražynyň Dessuryny we Düzgünnamasyny, arbitraž ýygymlaryny hasaplamagyň tertibini, arbitrleriň hak-heşdegini we arbitražyň beýleki çykdajylaryny tassyklaýar hem-de onuň işine beýleki ýardamlary berýär.

 

VI BAP. SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ

HALKARA ARAGATNAŞYKLARY WE HALKARA

GURAMALARYNA GATNAŞMAGY

 

18-nji madda. Söwda-senagat edarasynyň halkara aragatnaşyklary we   

 halkara guramalaryna gatnaşmagy

1. Söwda-senagat edarasy özüniň Tertipnamasyna laýyklykda göni halkara aragatnaşyklaryny saklap,  degişli ylalaşyklary baglaşyp biler.

2. Söwda-senagat edarasy öz agzalarynyň bähbitlerine degişli halkara guramalarynda wekilçilik edýär.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

19-njy madda. Jedelleriň çözülmegi

Söwda-senagat edarasynyň guralmagy we işi boýunça jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

20-nji madda. Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň

kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik

Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

21-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

2. Şu Kanunyň V baby 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

3. Şu Kanun güýje gireninden soň Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasy şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

4. Şu Kanunyň V baby güýje girýänçä Söwda-senagat edarasynyň ýanyndaky Halkara täjirçilik arbitražy hakynda Dessury we Düzgünnamany tassyklamaly.

5. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda kabul edilen «Söwda-senagat palatasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 95-nji madda);

1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 24-nji madda), «Söwda-senagat palatasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek bölegini;

2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň 3-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 48-nji madda).

 

Türkmenistanyň                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                         Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 28-nji fewraly.

№ 183-V.