Bedenterbiýe we sport hakynda

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

Bedenterbiýe we sport hakynda

 

Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

1. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) bedenterbiýe – medeniýetiň düzüm bölegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň çygry;

2) bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri – bedenterbiýe we sport serişdelerinden peýdalanmak bilen geçirilýän we adamyň zähmet (okuw) işine harçlan güýçlerini dikeltmäge, işjeň ýagdaýda dynç alşyny guramaga we önümçilik hem-de daşky gurşaw şertlerinde bedeniň amatsyz faktorlaryň täsirine bolan durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler;

3) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport ýa-da sport çäresiniň guramaçysy – başlangyjy boýunça bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport ýa-da sport çäresi geçirilýän we (ýa-da)  şeýle çärä taýýarlanmagyň we geçirmegiň guramaçylyk, maliýe we beýleki üpjünçiligini amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

4) bedenterbiýe we sport guramalary – işiniň esasy görnüşi hökmünde bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar;

5) beden taýdan dikeltmek – adamyň saglygynyň bozulmagy bilen dörän ýaşaýşyň çäklendirmelerini düzetmäge ýa-da mümkin boldugyça doly öwezini dolmaga gönükdirilen, uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň we uýgunlaşdyryjy sportuň serişdelerinden we usullaryndan peýdalanmak bilen, adamyň bedeniniň bozulan ýa-da wagtlaýyn ýitirilen wezipelerini we maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň jemgyýetçilik we hünär işine başarnyklaryny dikeltmek işi;

6) beden taýýarlygy – adamyň durmuş taýdan demografik häsiýetnamalaryny we işiniň görnüşlerini hasaba almak bilen, beden sypatlaryny, başarnyklaryny, hereket başarnyklaryny we endiklerini ösdürmäge gönükdirilen iş;

7) beden terbiýesi – sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasynda şahsyýeti terbiýelemäge, adamyň hereket başarnyklaryny we endiklerini, beden ukyplaryny we sypatlaryny ösdürmäge, beden taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen we sagdyn adamy kemala getirmek maksady bilen, adamyň bedenterbiýe we sport babatda bilimleri almagyna gönükdirilen iş;

8) Beden terbiýesiniň döwlet toplumy – türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün  edýän, ýaşyna we jynsyna baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň beden taýýarlygyna bolan talaplaryň we beden taýýarlygynyň ölçegleriniň jemi;

9) dürli derejeli halkara sport ýaryşlary we çäreleri – Olimpiýa oýunlary, Paralimpiýa oýunlary, Surdlimpiýa oýunlary, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlary, talyplaryň arasynda geçirilýän Uniwersiadalar, Aziýa oýunlary, dünýä çempionatlary we kuboklary, Aziýa çempionatlary we kuboklary we beýleki halkara sport ýaryşlary;

10) köpçülikleýin sport – ilatyň bedenterbiýe bilen guramaçylykly meşgullanmagyna, şeýle hem köpçülikleýin sport çärelerine we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine gatnaşmagyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;

11) köpçülikleýin sport çäreleri – ilatyň arasynda ýaryşyjylyk häsiýetinde gurnalan, adamyň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyna, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna bolan islegi emele getirmäge, beden we ruhy ösüşine, saglygynyň berkidilmegine we keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreler;

12) mekdep sporty – umumybilim edaralarynda okuwçylaryň beden terbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;

13) professional sport – sportuň sport-täjirçilik işi bolup durýan bölegi, sportuň dürli görnüşleri boýunça şowhunly sport-tomaşa çärelerini guramak we geçirmek arkaly gazanylýan ykdysady netijeliligini hem-de olara taýýarlyk görýän we gatnaşýan türgenleriň, toparlaryň sport ýaryşynyň ýa-da çäräniň guramaçylaryndan peşgeş pul hakyny almaklaryny göz öňünde tutýan sport;

14) professional sport kluby – sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa bilen agzalyk ýa-da şertnamalaýyn gatnaşyklara giren, sport ýaryşlaryna gatnaşýan we bu işden girdeji alýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen we hereket edýän ýuridik şahs;

15) sagdyn durmuş ýörelgesi – adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak üçin öňüni alyş çärelerini geçirmäge gönükdirilen durmuş ýörelgesi.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryna irki çagalyk döwründen sagdynlyk endiklerini we ukyplaryny terbiýelemek, ýaşamak üçin howpsuz we amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy degişlidir;

16) sport – bedenterbiýäniň bir bölegi, sportda netijeleri gazanmak maksady bilen, adamyň ýaryşlara we ýaryşyjylyk işine taýýarlygynyň ýörite tejribe görnüşinde emele gelen sportuň görnüşlerinde adamlaryň gazananlaryny ýüze çykarmagyň we deň şertlerde deňeşdirmegiň aýratyn çygry;

17) sport çäreleri – sport ýaryşlary, şeýle hem türgenleşik çäreleri we türgenleri sport ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça beýleki çäreler;

18) sport desgalary ‒ bedenterbiýe-sagaldyş, sport we köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek üçin niýetlenen we giňişlik-çäk serhetleri bolan, ýörite döredilen we enjamlaşdyrylan binalar, jaýlar, desgalar;

19) sport emini – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesini alan, sportuň görnüşiniň düzgünlerini, şol sanda professional sportuň düzgünlerini we ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga sport ýaryşynyň guramaçysy tarapyndan ygtyýarlandyrylan fiziki şahs;

20) sport ätiýaçlygy – sportuň saýlanyp alnan görnüşi (görnüşleri) boýunça sport taýýarlygyny geçýän we sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna goşulmaga dalaş edýän fiziki şahslar;

21) sport kluby – okuw-tälimçilik, ýaryşyjylyk, bedenterbiýe-sagaldyş, terbiýeçilik we beýleki sport işlerini  amala aşyrýan ýuridik şahs;

22) sport lotereýasy – petekleri satmak arkaly guralýan utuşly oýun;

23) sport ugry – tapawutlandyryjy alamatlary bolan we sport ýaryşlarynyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini (maksatnamalaryny) öz içine alýan sportuň görnüşiniň bir bölegi;

24) sportuň görnüşi – meşgullanylýan ýeri, ulanylýan sport öwselesi (gorag serişdelerini hasaba almazdan) we enjamy, sport ýaryşynyň kadalary onuň tapawutlandyryjy alamatlary bolan sportuň düzüm bölegi;

25) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar – agzalyk esasynda döredilen, sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini umumydöwlet derejesinde ösdürmek, umumydöwlet we halkara derejesinde sport çärelerini geçirmek we sportuň görnüşleri boýunça türgenleri – Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny taýýarlamak öz maksady bolup durýan hem-de döwlet akkreditasiýasy bolan jemgyýetçilik guramalary;

26) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary – halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek we olara Türkmenistanyň adyndan gatnaşmak üçin, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde döredilýän türgenleriň, tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň toparlary;

27) Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawy – Türkmenistanyň çäginde sportuň ösdürilýän (kämilleşdirilýän) görnüşleri we sport ugurlary hakynda kagyz we elektron göterijilerde bellenilen maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamy;

28) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri ‒ harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy we ýörite döwlet edaralarynyň işgärleriniň öz harby we gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly ýörite hereketler we tärler, şeýle hem raýatlary harby gulluga meýletin taýýarlamak boýunça sport görnüşleri;

29) sportuň milli görnüşleri – beden işjeňligini guramagyň aýratyn kadalary we usullary bolan özboluşly beden maşklary we halk oýunlary hökmünde ýaryşyjylyk işi görnüşinde türkmen jemgyýetinde taryhy geçmişden emele gelen sportuň görnüşleri;

30) sport ýaryşy – sport bilen meşgullanmaga bolan islegi artdyrmak, bäsleşigiň ýeňijilerini we iň gowy gatnaşyjylaryny ýüze çykarmak, şeýle hem olary sylaglamak we höweslendirmek maksady bilen, onuň guramaçysy tarapyndan tassyklanan düzgünnamanyň (dessuryň) esasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň ýa-da türgenler toparlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşik;

31) talyp sporty – başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda talyplaryň beden terbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;

32) tälimçi – bedenterbiýe we sport babatda taýýarlygyň ugurlary (kärleri) boýunça degişli orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan ýa-da bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tälimçilik işi, şol sanda professional sport bilen meşgullanmaga ygtyýar berlen we okuw-türgenleşik çäreleriniň türgenler bilen geçirilmegini amala aşyrýan we sport netijelerini gazanmak üçin olaryň ýaryşyjylyk işine ýolbaşçylyk edýän fiziki şahs;

33) totalizator – ýöriteleşdirilen enjamyň kömegi bilen sport oýunlarynda we çärelerinde guralýan goýumly oýun;

34) türgen – sportuň saýlap alnan görnüşi (görnüşleri), şol sanda professional sport bilen yzygiderli meşgullanýan we sport ýaryşlarynda çykyş edýän fiziki şahs;

35) Türkmenistanyň çäginde geçirilýän dürli derejeli sport ýaryşlary we çäreleri – Türkmenistanyň çempionatlary, birinjilikler, kuboklar ugrunda ýaryşlar, spartakiadalar we uniwersiadalar;

36) Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy – türgenleriň ussatlyk derejesini ýa-da tälimçileriň we sport eminleriniň hünär derejesini kesgitleýän, türgenleriň razrýadlarynyň we sport eminleriniň hünär derejeleriniň, tälimçileriň we türgenleriň sport atlarynyň ulgamy;

37) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy – her ýylda geçirilýän umumydöwlet we halkara derejeli sport ýaryşlarynyň, şeýle hem olara taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň sanawy;

38) uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe we uýgunlaşdyryjy sport – maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň beden taýdan dikeldilmegine we kadaly durmuş gurşawyna uýgunlaşdyrylmagyna, olaryň durmuşy doly derejede duýmaga päsgel berýän psihologik päsgelçilikleri ýeňip geçmeklerine, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine öz şahsy goşantlarynyň zerurdygyna akyl ýetirmeklerine gönükdirilen bedenterbiýe-sagaldyş we sport häsiýetli çäreleriň toplumy;

39) ýokary derejeli türgen – sport adyna eýe bolan we ýokary sport netijelerini gazanmak maksady bilen, sport ýaryşlarynda çykyş edýän türgen;

40) ýokary üstünlikler sporty – ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde geçirilýän resmi sport ýaryşlarynda türgenler tarapyndan ýokary sport netijelerini gazanmaga gönükdirilen sportuň bir bölegi.

2. Beýleki adalgalar şu Kanunyň aýry-aýry maddalarynda kesgitlenilýär.


2-nji madda. Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de bedenterbiýe we sport babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.


3-nji madda. Şu Kanunyň maksady we wezipeleri

 

1. Şu Kanunyň maksady türkmen jemgyýetinde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekde, şeýle hem olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmek bolup durýar.

2. Şular şu Kanunyň wezipeleridir:

1) Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklyga deň elýeterlilik hukuklaryny üpjün etmek we goramak;

2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty, raýatlaryň beden terbiýesini ösdürmek, Türkmenistanyň milli sport toparlarynyň sportuň görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin sport ätiýaçlygyny taýýarlamak üçin hukuk kepilliklerini we zerur şertleri döretmek;

3) bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek we bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek.


4-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlary şu hukuklara eýedirler:

1) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmek;

3) bedenterbiýe we sport guramalaryna we aýry-aýry şahslara hyzmatlary etmek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanmak, bedenterbiýe-sport we ugurdaş harytlary öndürmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, mahabat işinde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet we hususy sport desgalaryndan peýdalanmak;

5) bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşiklerine girmek.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy döwlet tarapyndan ony durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny alyp barmak arkaly üpjün edilýär.

3. Türkmenistanyň çägindäki daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryndan peýdalanýarlar, halkara sport ýaryşlarynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde türgen hökmünde çykyş etmek hukugy muňa degişli däldir.

 

5-nji madda. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektleri

 

Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine şular degişlidir:

1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle-de bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

2) bedenterbiýe we sport guramalary;

3) Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň guramalary;

4) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar;

5) bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan bilim we saglygy goraýyş guramalary, ylmy guramalar;

6) özlerine sport desgalary degişli bolan fiziki we ýuridik şahslar;

7) bedenterbiýe bilen meşgullanýan fiziki şahslar, türgenler, adamlaryň toparlary (sport toparlary), sport eminleri, tälimçiler, şeýle-de bedenterbiýe we sport babatda beýleki hünärmenler;

8) professional sport bilen meşgullanýan türgenler, tälimçiler, eminler, sport agentleri we beýleki hünärmenler;

9) professional sport klublary we ligalary;

10) bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki fiziki we ýuridik şahslar.

 

6-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyna gönükdirilendir.

2. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty şu ýörelgelere esaslanýar:

1) Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň kepillikleri we olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgul bolmaklaryna umumy elýeterlilik;

2) Türkmenistanyň dürli ýaşdaky raýatlar toparynyň ýaşaýşyň ähli döwürlerinde beden terbiýesine bolan gatnaşygynyň üznüksizligi we dowamlylygy;

3) ilatyň durmuş goraglylygyna mätäç bolan gatlaklarynyň arasynda, şol sanda köp çagaly we döwletiň goldawyna mätäç maşgalalaryň çagalarynyň, ýetim çagalaryň we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşini goldamagyň ileri tutulmagy;

4) okuw-türgenleşik, bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri geçirilende howpsuzlyk üpjünçiligini guramak;

5) Türkmenistanyň bütin çäginde bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň bitewüligi;

6) bedenterbiýe we sport subýektleriniň özara gatnaşygy;

7) bedenterbiýe we sport babatda döwlet we jemgyýetçilik düzgünleşdirmesiniň utgaşdyrylmagy;

8) bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegi.

3. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:

1) Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin deň şertleri döretmek;

2) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň tomaşaçylarynyň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek;

3) ýurduň ilatyny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek;

4) türgenlerde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan beýleki fiziki şahslarda watançylygyň we milli aňyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek;

5) ösüp gelýän nesli beden taýdan terbiýelemek, mekdep we talyp sportunyň ösüşine ýardam etmek;

6) sport ätiýaçlygynyň, ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek;

7) ýurduň türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny, sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň kemala getirilmegini üpjün etmek, olaryň maddy-enjamlaýyn, lukmançylyk, ylmy-usulyýet taýdan we beýleki üpjünçiligi;

8) Türkmenistanda olimpiýa hereketini goldamak;

9) sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek;

10) Türkmenistanda ykrar edilen sportuň görnüşlerini, şol sanda sportuň milli görnüşlerini ösdürmek;

11) bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylmagy;

12) bedenterbiýe we sport guramalarynyň, bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki fiziki we ýuridik şahslaryň döredilmegi we işlemegi üçin guramaçylyk, ykdysady, maliýe we maddy şertleri kesgitlemek;

13) türgenleriň,  bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan beýleki fiziki şahslaryň saglyk ýagdaýyna lukmançylyk gözegçiligini üpjün etmek;

14) bedenterbiýe we sport hünärmenlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak;

15) bedenterbiýe we sport babatda ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary geçirmek;

16) bedenterbiýe we sport babatda işi maliýeleşdirmek üçin fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdeleriniň çekilmegine şertleri döretmek;

17) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.


7-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak

 

1. Döwlet bedenterbiýe we sport babatda işi goldaýar we şulary üpjün edýär:

1) Türkmenistanyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak çäreleriniň maliýeleşdirilmegini;

2) bedenterbiýe we sport guramalary we sport senagatynyň kärhanalary tarapyndan öz işlerinde maliýe, maddy-enjamlaýyn we maglumat serişdeleriniň, şeýle hem ylmy-barlag we tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagy üçin şertleriň döredilmegini;

3) döwlet eýeçiliginde durýan sport desgalarynyň gurulmagyny, durkunyň täzelenilmegini, saklanylmagyny we peýdalanylmagyny;

4) bilim edaralarynda beden terbiýesini ýola goýmak we sporty ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýän maddy-enjamlaýyn we maliýe binýadynyň döredilmegini;

5) bedenterbiýe we sport guramalarynyň ulgamyny giňeltmek üçin şertleriň döredilmegini;

6) ilatyň dürli derejeleri we toparlary üçin olaryň ýaşaýan ýerinde bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guralmagyny;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, sport önümleriniň sertifikatlaşdyrylmagyny;

8) ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sportuň ynsanperwer taglymynyň we gymmatlyklarynyň wagyz edilmegini;

9) halkara sport aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda we amala aşyrylmagynda bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine ýardam edilmegini.

2. Türkmenistanyň türgenleri tarapyndan ýokary sport netijeleriniň gazanylmagy üçin, döwlet şu aşakdakylar arkaly sportuň ösüşini goldaýar:

1) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işi amala aşyrýan bedenterbiýe we sport guramalarynyň sanyny artdyrmak we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak;

2) binýadynda sportuň degişli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygy amala aşyrylýan, täze we bar bolan ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynyň, şeýle hem bedenterbiýe we sport hünärmenlerini hünär taýdan taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, okuw binalarynyň hem-de bedenterbiýe we sport hünärmenlerini taýýarlamagy amala aşyrýan orta hünär, ýokary hünär bilim edaralarynyň, sport desgalarynyň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna maýa goýumlaryny çekmek;

3) ýokary üstünlikler sportuny ösdürmegiň we sport ätiýaçlygyny taýýarlamagyň meseleleri boýunça ylmy barlaglar üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek;

4) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak we olaryň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary boýunça bedenterbiýe we sport guramalarynyň işini höweslendirmek;

5) bedenterbiýe we sport babatda hemaýatkärligi we haýyr-sahawatlylygy höweslendirmek;

6) ýokary sport netijelerini we üstünliklerini gazanan türgenler üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýörite pul töleglerini bellemek.

3. Bedenterbiýe we sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.


8-nji madda. Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary

 

1. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň goldanylmagyny we ösdürilmegini, döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini, bedenterbiýe we sport babatda wajyp meseleleriň çözülmegini üpjün etmek maksady bilen, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary işlenilip taýýarlanylýar. Görkezilen maksatnamalar azyndan dört ýyl üçin kabul edilýär.

2. Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.


II BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT BABATDA

DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI


9-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

 Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary amala aşyrýarlar.


10-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) halkara derejeli sport çäreleriniň gatnaşyjylarynyň we tomaşaçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmegiň tertibini we şertlerini tassyklaýar;

4) bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5) Beden terbiýesiniň döwlet toplumyny tassyklaýar;

6) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini amala aşyrýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy

 

Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy:

1) döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

3) bedenterbiýäniň we sportuň meseleleri boýunça döwletiň geljek üçin uzak möhletli we gysga möhletli durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamalaryna degişli, şeýle hem degişli ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyna teklipleri işläp taýýarlaýar;

4) bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

5) bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy we saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde okaýanlar üçin ýerine ýetirilmegi hökmany bolan beden taýýarlygynyň ölçeg talaplaryny işläp taýýarlaýar, tassyklaýar we olary bilim edaralarynyň okuw işine ornaşdyrýar;

6) kärhanalarda, guramalarda, okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport guramalarynyň döredilmegine ýardam edýär;

7) bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň işini utgaşdyrýar;

8) bedenterbiýe we sport guramasy tarapyndan bellenilen tertipde hasaba alnan türgenleriň Türkmenistan boýunça hasabyny ýöredýär;

9) sportuň görnüşleri boýunça daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we beýleki sport çärelerine gatnaşýan toparlaryň sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýüzlenmeleri esasynda döwlet tarapyndan bölünip berilýän maliýe serişdelerini rejeli we maksadalaýyk ulanyşlaryna gözegçiligi amala aşyrýar;

10) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň çäklerinde sport ýaryşlaryny guraýar we geçirýär;

11) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň çäklerinde sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine ýollaýar;

12) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine taýýarlamak boýunça çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine hem-de olara gatnaşylmagynyň üpjün edilmegine gatnaşýar;

13) degişli halkara sport guramalary tarapyndan bellenilen talaplary hasaba almak bilen, Türkmenistanyň çäginde dürli derejeli halkara sport ýaryşlarynyň we çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşýar;

14) maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň arasynda sport ýaryşlaryny guraýar we geçirýär, şeýle hem bu ýaryşlara, şol sanda dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine hem-de Türkmenistanyň çäginde geçirilýän dürli derejeli sport ýaryşlaryna, çärelerine olaryň taýýarlygyny we gatnaşmaklaryny üpjün edýär;

15) maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň sport guramalarynyň bedenterbiýe we sport babatda işlerine ýardam berýär, utgaşdyrýar we döwlet tarapyndan olara bölünip berilýän serişdeleriň rejeli we maksadalaýyk ulanylyşyna gözegçiligi  amala aşyrýar;

16) bedenterbiýäniň we sportuň serişdelerinden peýdalanmak bilen, ilatyň we ýaşlaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň, neşekeşligiň, çilimkeşligiň, arakhorlugyň we zyýanly endiklere baglylygyň beýleki görnüşleriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

17) sportuň milli görnüşleriniň ösüşini goldamak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

18) bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň taýýarlygyny üpjün edýän hünär bilimiň taýýarlygynyň ugurlary (hünärleri) boýunça döwlet bilim standartlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

19) bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar, şeýle hem türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň we bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň hünär synagyny geçirýär. Hünär synagynyň esasynda degişlilikde sport atlaryny, razrýadlaryny we hünär derejelerini berýär;

20) bedenterbiýe we sport babatda ylmy barlaglaryň guralmagyna we geçirilmegine  gatnaşýar;

21) sport ätiýaçlygyny seçip almagyň we taýýarlamagyň ýeke-täk ulgamynyň döredilmegini guraýar;

22) sport enjamlaryna bildirilýän tehniki talaplary işläp taýýarlaýar;

23) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ylmy-usulyýet, lukmançylyk üpjünçiligini we sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegini, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça toplumlaýyn ylmy toparlaryň döredilmegini we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

24) Beden terbiýesiniň döwlet toplumyny işläp taýýarlaýar;

25) bedenterbiýäniň we sportuň ylmy-usulyýet, hukuk, maglumat ulgamynyň kemala getirilmegini amala aşyrýar;

26) ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz-nesihat edilmegini üpjün edýär;

27) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini üpjün edýär;

28) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

29) sport çärelerini geçirmegiň talaplaryny we şertlerini hem-de olary geçirmek üçin maliýe we maddy çykdajylaryň ölçeglerini işläp taýýarlaýar;

30) sport desgalaryndan peýdalanmagyň düzgünlerini we olary ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

31) Türkmenistanyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we sport ugurlaryny ykrar etmegiň tertibini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

32) Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyny işläp taýýarlaýar, tassyklaýar we ýöredýär;

33) bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny taýýarlamaga we baglaşmaga, görkezilen şertnamalardan we halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryndan gelip çykýan döwlet borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gatnaşýar;

34) bellenilen tertipde we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde halkara sport guramalarynda döwletiň bähbitlerine wekilçilik edýär;

35) bedenterbiýe we sport babatda maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň ýeke-täk sanly ulgamyny döredýär;

36) bedenterbiýe we sport boýunça ylmy, okuw we ylmy-köpçülikleýin edebiýatyň neşir edilmegini guraýar;

37) täze sport desgalarynyň gurluşygy we hereket edýän sport desgalarynyň durkunyň täzelenilmegi boýunça işleri guraýar;

38) ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynyň ähli görnüşleri üçin sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

39) ýurduň ilatynyň beden taýýarlygynyň umumydöwlet gözegçiligini guraýar;

40) türgenleri, tälimçileri, sport eminlerini we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri sport ýaryşlaryna gatnaşmaga höweslendirýär;

41) professional sport klublary tarapyndan geçirilýän sport ýaryşlaryny utgaşdyrýar;

42) türgeniň hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamany hem-de beýleki resminamalary bellenen tertipde resmileşdirýär we berýär;

43) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde sportuň görnüşleri boýunça halkara federasiýalary tarapyndan bellenilen düzgünlere we tertiplere laýyklykda, türgenleriň, tälimçileriň we eminleriň düzgün-nyzam (sport) jogapkärçiligi baradaky meselelere seredýär;

44) bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi üçin goşmaça maliýe serişdelerini çekmek maksady bilen, dürli görnüşli lotoreýalary, totalizatorlary guraýar we geçirýär;

45pudaklaýyn elektron maglumat ulgamyny döredýär;

46) elektron resminama dolanyşygynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär we kämilleşdirýär;

47) bedenterbiýe we sport ulgamynda sanly hyzmatlary amala aşyrýar hem-de olaryň ösdürilmegi üçin şertleri döredýär;

48) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.


12-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde:

1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;

2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;

3) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň pudaklaýyn maksatnamalaryny tassyklaýarlar;

4) ykdysadyýetiň degişli pudaklarynyň kärhanalarynda, edaralarynda we okuw mekdeplerinde bedenterbiýäniň we sportuň guramalaryny döretmek bilen birlikde, bedenterbiýäniň we sportuň pudaklaýyn infrastrukturasynyň döredilmegini üpjün edýärler;

5) ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda bedenterbiýe we sport babatda guramaçylyk, işgär, maliýe, maddy-enjamlaýyn we durmuş meseleleriniň çözülmegini üpjün edýärler;

6) öz eýeçiligine degişli bolan sport desgalarynyň gurulmagyny, abatlanylmagyny, durkunyň täzelenilmegini we rejeli peýdalanylmagyny amala aşyrýarlar;

7) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň çäklerinde sport ýaryşlaryny guraýarlar we geçirýärler;

8) ykdysadyýetiň degişli pudagynda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini guraýarlar we geçirýärler;

9) sportuň milli görnüşlerini goşmak bilen, sportuň görnüşleri boýunça pudaklaýyn ýygyndy toparlaryň düzümini emele getirýärler we taýýarlygyny üpjün edýärler;

10) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy we sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň döredilmegi, taýýarlanylmagy we dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine gatnaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar;

11) ykdysadyýetiň degişli pudagynyň işgärleriniň beden taýýarlygyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

12) bedenterbiýäni we sporty ykdysadyýetiň degişli pudagynyň işgärleriniň zähmet we dynç alyş düzgünine ornaşdyrýarlar;

13) köp çagaly we döwletiň goldawyna mätäç maşgalalaryň çagalarynyň, ýetim çagalaryň we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen muzdsuz meşgul bolmaklary üçin şertleri döredýärler;

14) bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ykdysadyýetiň degişli pudagynyň işgärleriniň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylmagyny üpjün edýärler;

15) sport çäreleriniň lukmançylyk üpjünçiligini, şeýle hem bedenterbiýe we sport bilen meşgul bolýan adamlara lukmançylyk gözegçiligini guraýarlar;

16) pudaklaýyn sport çäreleri hem-de bedenterbiýe we sport boýunça guramaçylykly türgenleşik işleri geçirilende jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün edýärler;

17) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;

18) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.


13-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz garamagyndaky çäklerde:

1) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň sebit maksatnamalaryny tassyklaýarlar;

2) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet we sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

3) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini guraýarlar we geçirýärler;

4) sportuň görnüşleri boýunça sebitiň ýygyndy toparlarynyň düzümini döredýärler we taýýarlygyny üpjün edýärler;

5) sportuň milli görnüşlerini ösdürýärler;

6) maýyplygy bolan adamlaryň, saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň bedenterbiýesini we sportuny, uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäni we uýgunlaşdyryjy sporty ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler;

7) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde bedenterbiýe we sport guramalaryny döredýärler, üýtgedip guraýarlar we ýatyrýarlar;

8) sebitiň çäginde bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;

9) ilatyň fiziki taýýarlygynyň her ýylky gözegçiligini guraýarlar we geçirýärler;

10) öz eýeçiligine degişli sport desgalarynyň gurulmagyny, abatlanylmagyny, durkunyň täzelenilmegini we rejeli peýdalanylmagyny amala aşyrýarlar;

11) çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň beden terbiýesini guraýarlar;

12) bedenterbiýäni we sporty raýatlaryň okuw, zähmet hem-de dynç alyş düzgünine ornaşdyrýarlar;

13) bedenterbiýe we sport guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini we ösdürilmegini goldaýarlar, şol sanda maliýe kömegini berýärler;

14) raýatlaryň ýaşaýan ýerleri boýunça bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin şertleri döredýärler;

15) köp çagaly we döwletiň goldawyna mätäç maşgalalaryň çagalarynyň, ýetim çagalaryň we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk ýagdaýy çäkli adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen muzdsuz meşgullanmaklary üçin şertleri döredýärler;

16) ilatyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylmagyny amala aşyrýarlar;

17) sport ätiýaçlygynyň, ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;

18) sebitiň sport desgalary bilen üpjünçiligini ýeterlik derejede saklaýarlar;

19) sport çäreleriniň lukmançylyk üpjünçiligini, şeýle hem bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlara edilýän lukmançylyk gözegçiligini guraýarlar;

20) sport çäreleri hem-de bedenterbiýe we sport boýunça guramaçylykly türgenleşik işleri geçirilende, jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün edýärler;

21) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.


14-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Öz garamagyndaky çäklerde bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilmegini guramak üçin şertleri üpjün etmek boýunça ýerli ähmiýetli meseleleri çözmek maksady bilen, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

1) ýerli şertleri we mümkinçilikleri göz öňünde tutmak bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň esasy wezipelerini we ugurlaryny kesgitlemek, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň ýerli maksatnamalaryny kabul etmek we durmuşa geçirmek;

2) ilatyň dürli toparlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi boýunça aň-bilim işini amala aşyrmak;

3) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilmegini guramaga gatnaşmak;

4) raýatlaryň iş ýerleri we ýaşaýan ýerleri boýunça bedenterbiýe-sagaldyş we köpçülikleýin sport işini guramak;

5) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň senenama meýilnamalaryny tassyklamak;

6) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini lukmançylyk taýdan üpjün etmegiň guralmagyna ýardam etmek;

7) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleri geçirilende jemgyýetçilik tertibiniň we raýatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam etmek;

8) sportuň görnüşleri boýunça ýygyndy toparlary döretmek;

9) öz garamagyndaky çäklerde geçirilýän sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň we sportuň görnüşleri boýunça degişli sebitiň ýygyndy toparlarynyň sport ýaryşlarynyň we okuw-türgenleşik çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmak;

10) öz eýeçiliginde durýan sport desgalaryna eýelik etmek, peýdalanmak, ygtyýar etmek we dolandyrmak, görkezilen desgalaryň elektrik, ýylylyk we suw üpjünçiligini guramak;

11) sport desgalaryny gurmak, abatlamak, durkuny täzelemek we rejeli peýdalanmak üçin şertleri döretmek, görkezilen desgalara ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak;

12) maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;

13) bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda bedenterbiýäni we sporty ilatyň dürli toparlarynyň okuw, iş we dynç alyş düzgünine ornaşdyrmak;

14) öz garamagyndaky çäklerde bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet we sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;

15) ilatyň beden taýýarlygynyň her ýylky gözegçiligini geçirmek;

16) öz işini olaryň garamagyndaky çäklerde amala aşyrýan bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine ýardam etmek;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.


III BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT GURAMALARY

 

15-nji madda. Bedenterbiýe we sport guramalarynyň görnüşleri

 

1. Türkmenistanda bedenterbiýe we sport guramalary aşakdaky görnüşlere bölünýärler:

1) ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary;

2) sport klublary;

3) bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary (merkezleri), sport toplumlary (merkezleri);

4) sport-sagaldyş merkezleri;

5) şu Kanunyň düzgünlerine laýyk gelýän, bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan guramalaryň beýleki görnüşleri.

2. Bedenterbiýe we sport guramalarynyň eýeçiliginiň görnüşi we işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

3. Bedenterbiýe we sport guramalary Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalary telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.

 

16-njy madda. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary

 

1. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary sport ätiýaçlygyny we  (ýa-da) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işi amala aşyrmak üçin niýetlenilýärler.

2. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralaryna şular degişlidir:

1) sport mekdepleri (çagalar-ýetginjekler, tehniki, ýöriteleşdirilen we beýlekiler);

2) ýokary sport ussatlyk mekdepleri;

3) olimpiýa taýýarlyk merkezleri.

3. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan ýöriteleşdirilen okuw-sport edarasy hakynda Birkysmy düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylýan tertipnamalaryň esasynda hereket edýärler.


17-nji madda. Sport klublary

 

1. Sport klublary aşakdaky ýaly bolup bilerler:

1) sportuň aýry-aýry görnüşlerini kämilleşdirýän;

2) toplumlaýyn (şol bir wagtda sportuň birnäçe görnüşlerini kämilleşdirýän);

3) höwesjeň;

4) professional;

5) mekdep;

6) talyplar;

7) şu Kanunyň düzgünlerine laýyk gelýän beýleki görnüşler.

2. Sport klublary öz guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan sport kluby hakynda Birkysmy düzgünnama laýyklykda döredilýärler we öz işini amala aşyrýarlar.

3. Esaslandyryjylary hökmünde ýuridik, şeýle hem fiziki şahslar bolup bilýän sport klublary önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş we bilim edaralary, kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşikleri, dini guramalar we beýleki guramalar tarapyndan, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça döredilip bilner.

4. Sport klublary Türkmenistanda ykrar edilen sportuň dürli görnüşleri boýunça höwesjeň we professional toparlary bellenilen tertipde döredip bilerler.

5. Sport klublary öz işlerini öz serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrýarlar.

 

18-nji madda. Bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary (merkezleri), sport toplumlary (merkezleri)

 

1. Degişli pudagyň işgärleri we degişli sebitiň ilaty bilen bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport işini geçirmek maksady bilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda hereket edýän bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny (merkezlerini), sport toplumlaryny (merkezlerini) döredýärler.

2. Bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryna (merkezlerine), sport toplumlaryna (merkezlerine) eýeçiliginde, hojalygy ýörediş ýa-da dessin dolandyryş hukugynda sport desgalary bolan we bu desgalary fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslara bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini geçirmek üçin ulanmaga berýän ýa-da olaryň binýadynda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny edýän guramalar degişlidir.


19-njy madda. Sport-sagaldyş merkezleri

 

1. Sport-sagaldyş  merkezi bedenterbiýe-sagaldyş işiniň, şeýle hem sport ätiýaçlygyny we (ýa-da) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň okuw-türgenleşik işiniň üznüksizligini üpjün etmek üçin bedenterbiýe we sport guramasy ýa-da bedenterbiýe we sport guramasynyň düzüm bölegi hökmünde döredilýär.

2. Sport-sagaldyş merkezini döretmegiň, onuň işini amala aşyrmagyň tertibi, düzümi, bedenterbiýe-sagaldyş we okuw-türgenleşik işini guramagyň hem-de geçirmegiň tertibi, bedenterbiýe we sport hünärmenlerini we tälimçileri çekmegiň tertibi we şertleri hem-de olaryň işiniň beýleki aýratynlyklary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan sport-sagaldyş merkezi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.


IV BAP. PROFESSIONAL SPORTUŇ DÜZGÜNLEŞDIRILMEGINIŇ AÝRATYNLYKLARY


20-nji madda. Professional sportuň subýektleri

 

1. Professional sportuň esasy subýektlerine sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli federasiýalary, professional sport klublary, professional sport ligalary, sport agentleri, şeýle hem  professional sport ýaryşlaryna gatnaşýan sport eminleri, türgenler we tälimçiler degişlidirler.

2. Türkmenistanda professional sportuň subýektleriniň işi professional sportuň, ýokary üstünlikler sportunyň, çagalar-ýetginjekler sportunyň ösdürilmegine, şeýle hem sport ätiýaçlygynyň taýýarlanylmagyna gönükdirilýär we türgenleri milli ýygyndy toparlaryň düzüminde halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlamaga ýardam edýär.

3. Türgenleriň we tälimçileriň professional sportdaky işi Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygy, şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de halkara sport guramalarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, professional sport ligalarynyň namalary we professional sport ýaryşlary hakyndaky düzgünnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

 

21-nji madda. Professional sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak

 

Döwlet professional sport babatda işi goldamagy şular arkaly amala aşyrýar:

1) professional sport babatda türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň we beýleki hünärmenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem zähmet işini goldamak;

2) professional sport bilen meşgullanýan türgenleriň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny goldamak;

3) professional sport babatda işi amala aşyrýan türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň we beýleki hünärmenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini halkara derejesinde goramak.

 

22-nji madda. Türgeniň professional sport klubundan beýleki bir professional sport klubuna geçmegi (transferi)

 

1. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgen şu ýagdaýlarda professional sport klubundan beýleki bir professional sport klubuna geçmek (transfer), şol sanda wagtlaýyn geçmek hukugyna eýedir:

1) professional sport babatda zähmet şertnamasynyň möhleti gutaranda;

2) professional sport babatda zähmet şertnamasy taraplaryň ylalaşmagy boýunça ýa-da taraplaryň biriniň başlangyjy boýunça möhletinden öň ýatyrylanda;

3) professional sport babatda işi amala aşyrýan türgen bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşmak isleýän professional sport klubunyň we türgen bilen baglaşylan zähmet şertnamasy bolan professional sport klubunyň hem-de türgeniň arasynda özara ylalaşyga gelinse;

4) professional sport babatda işi amala aşyrýan türgen professional sport babatda türgen bilen baglaşylan zähmet şertnamasy bolan professional sport klubunyň we türgeniň onuň adyndan wagtlaýyn çykyş etjek professional sport klubunyň razylyk bermegi bilen, professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamasyny ýatyrmazdan, beýleki bir sport klubunyň adyndan wagtlaýyn çykyş etse.

2. Professional sport babatda zähmet şertnamasy ýatyrylan halatynda, türgen beýleki bir professional sport klubuna geçmek hukugyna eýedir.

Türgen bilen professional sport babatda zähmet şertnamasy ýatyrylan professional sport kluby türgeniň geçen beýleki professional sport klubundan haýsydyr bir öwez puluny almak hukugyna eýe däldir.

3. Türgen beýleki bir professional sport klubuna geçende, şol sanda wagtlaýyn geçende, professional sport klublary bilen türgeniň arasynda professional sport babatda işi amala aşyrmagyň şertleri we tertibi hakynda şertnama düzülýär, ol beýleki professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň hereket edýän döwründe türgeniň professional sport klubuna geçmegi üçin öwez puly hakyndaky şerti özünde saklap biler.

4. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga şertler göz öňünde tutulmadyk bolsa, türgeniň professional sport klubuna geçmeginiň şertleri we tertibi hakyndaky şertnama, sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa tarapyndan bellige alynýar we professional sport klubunyň degişli buýrugynda görkezilen seneden baglaşylan hasap edilýär.

5. Türgeniň beýleki professional sport klubuna geçendigi üçin öwez pulunyň möçberi, şeýle hem geçmegi resmileşdirmegiň tertibine degişli bolan beýleki meseleler taraplaryň ylalaşygy bilen düzgünleşdirilýär.


23-nji madda. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeni, tälimçini ýa-da beýleki hünärmenleri sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna çekmek

 

1. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgen, tälimçi ýa-da beýleki hünärmenler sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzümine çekilip bilnerler.

2. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgen, tälimçi ýa-da beýleki hünärmenler sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde çykyş etmekden esassyz ýüz dönderseler, onda bu meselä bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan seredilýär we degişli çözgüt kabul edýär.

3. Professional sport kluby professional sport babatda zähmet şertnamasynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeni, tälimçini ýa-da beýleki hünärmenleri sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin goýbermäge borçludyr.


24-nji madda. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeniň, tälimçiniň ýa-da beýleki hünärmenleriň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary

 

1. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeniň, tälimçiniň ýa-da beýleki hünärmenleriň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti we sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýalar tarapyndan bellenilýän umumy tertipde amala aşyrylýar.

2. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeniň, tälimçiniň ýa-da beýleki hünärmenleriň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ygtyýaryna berilmegi üçin professional sport klublaryna öwez puly tölenilmeýär.

3. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgene, tälimçä we emine bildirilýän hünär talaplary şu Kanundan gelip çykýan sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.


25-nji madda. Professional sporty maliýeleşdirmek

 

1. Şular Türkmenistanda professional sporty maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir:

1) professional sport klublaryny esaslandyryjylaryň serişdeleri;

2) professional sport klublarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň sport çärelerine petekleri satmakdan, mahabata we sport ýaryşlarynyň teleýaýlymlarda alnyp görkezilmegine bolan hukuklardan, sport çärelerini geçirmekden, sport lotereýalaryndan, totalizatorlardan, şeýle hem telekeçilik işiniň beýleki görnüşlerinden alýan girdejileri;

3) professional sport klubunyň türgeniň beýleki bir professional sport klubuna geçmegi (transferi) netijesinde alýan serişdeleri;

4) professional sport gaznalarynyň serişdeleri;

5) edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň we olaryň birleşikleriniň, şol sanda bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleriniň serişdeleri;

6) guramalaryň we raýatlaryň haýyr-sahawatlary;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

2. Professional sport klublarynyň buhgalterlik hasabaty, maliýe hasabatynyň düzülmegi we berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Professional sport klublaryna salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

V BAP. TÜRKMENISTANDA OLIMPIÝA HEREKETI


26-njy madda. Türkmenistanda olimpiýa hereketi

 

1. Türkmenistanda olimpiýa hereketi halkara olimpiýa hereketiniň düzüm bölegidir.

Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň maksatlary halkara olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini ýurtda wagyz etmekden we ornaşdyrmakdan, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, Halkara olimpiýa komitetiniň we halkara olimpiýa hereketiniň beýleki halkara sport guramalarynyň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde Türkmenistana wekilçilik etmekden ybaratdyr.

2. Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň guramalaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti;

2) Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti;

3) Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar.


27-nji madda. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti

 

1. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti jemgyýetçilik birleşigi bolup, ol Türkmenistanda olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýär, Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilip, öz işinde Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyndan we onuň beýleki çözgütlerinden goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.

2. Döwlet Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetine öz tertipnamalaýyn maksatlaryny durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

3. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti:

1) halkara olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz edýär;

2) Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyna laýyklykda, Türkmenistana wekilçilik edýär;

3) Halkara olimpiýa komitetinde Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär;

4) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen özara gatnaşykda Türkmenistanda ýokary üstünlikler sportuny we köpçülikleýin sporty ösdürmegiň döwlet syýasatyny ýöredýär;

5) Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň türgenlerini taýýarlamagyň zerur derejesini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň işlenilip taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna gatnaşýar;

6) sportda dopinge garşy göreşe we onuň ulanylmagynyň öňüniň alynmagyna ýardam edýär;

7) sportda kemsidilmegiň we zorlugyň islendik görnüşleriniň ýüze çykmalaryna garşy hereket edýär;

8) Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin türgenleri seçip almagyň Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan bellenilen ölçegleri hakynda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalara habar berýär;

9) olimpiýa hereketiniň meselelerini düzgünleşdirýän halkara sport guramalarynyň resminamalaryndaky ähli üýtgetmeler we goşmaçalar barada bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalara habar berýär;

10) Türkmenistanyň olimpiýa wekiliýetiniň düzümini tassyklaýar we ony Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin iberýär hem-de wekiliýete ýolbaşçylyk edýär;

11) Türkmenistanyň olimpiýa wekiliýetiniň agzalarynyň resmi sport lybasyny tassyklaýar;

12) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýär;

13) Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi we Milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasy, Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetleri we halkara olimpiýa hereketiniň beýleki subýektleri bilen hemişelik gatnaşygy amala aşyrýar;

14) ýörite gaznalary döredýär;

15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

4. Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti olimpiýa nyşanyny, şygaryny, baýdagyny we senasyny, Türkmenistanyň çäginde «Olimpiýa oýunlary», «Olimpiada oýunlary» diýen atlardan peýdalanmak üçin Halkara olimpiýa komitetine degişli hukuklary goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň olimpiýa nyşanyna, olimpiýa şygaryna, baýdagyna we beýleki milli olimpiýa nyşanyna bolan aýratyn hukuklara eýelik edýär.

5. Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň çykyşlary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda amala aşyrylýar.

6. Ýokary üstünlikler sportuny we köpçülikleýin sporty ösdürmek, şeýle hem Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň türgenlerini taýýarlamagyň zerur derejesini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti tarapyndan öz ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmek bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde özara hereketde amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti öz öňünde durýan tertipnamalaýyn wezipeleriniň hem-de bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň maliýeleşdirilmegini öz çeşmeleriniň, hemaýatkärlik kömeginiň, fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin haýyr-sahawatlarynyň hasabyna amala aşyrýar.

8. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti Türkmenistanyň kanunçylygyna, Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyna we öz tertipnamasyna laýyklykda, işiň beýleki görnüşlerini amala aşyrýar.


28-nji madda. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti

 

1. Daýanç-hereket ediş synasy bozulan we görşi bozulan maýyplygy bolan adamlaryň bedenterbiýesiniň we sportunyň ösdürilmegine ýardam etmek üçin, Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň çäklerinde Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän milli paralimpiýa hereketi amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti jemgyýetçilik birleşigi bolup, ol Türkmenistanda paralimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýär, Halkara paralimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilip, öz işinde Halkara paralimpiýa komitetiniň Tertipnamasyndan we beýleki çözgütlerinden goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ygtyýarly döwlet edarasy, saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde maýyplygy bolan adamlaryň beden terbiýesi we sporty babatda döwlet syýasatynyň ýöredilmegine gatnaşýar.

4. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti Halkara paralimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Paralimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna wekilçilik edýär.

5. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti öz öňünde durýan tertipnamalaýyn wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň maliýeleşdirilmegini öz çeşmeleriniň, hemaýatkärlik kömeginiň, fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin haýyr-sahawatlarynyň hasabyna amala aşyrýar.


29-njy madda. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar

 

1. Eşidişiniň bozulmalary we akyl taýdan bozulmalary bolan maýyplygy bolan adamlaryň bedenterbiýesiniň we sportunyň ösdürilmegine ýardam etmek üçin, Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň çäklerinde  milli surdlimpiýa hereketi we ýörite olimpiýa hereketi amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar jemgyýetçilik birleşikleri bolup, olar degişli halkara sport guramalary tarapyndan ykrar edilip, öz işinde görkezilen halkara sport guramalarynyň tertipnamalaryndan we beýleki çözgütlerinden goldanýarlar, öz işlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.

3. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ygtyýarly döwlet edarasy, saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde maýyplygy bolan adamlaryň beden terbiýesi we sporty babatda döwlet syýasatynyň ýöredilmegine gatnaşýarlar.

4. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar Halkara surdlimpiýa komitetiniň we Halkara ýörite olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Surdlimpiýa oýunlarynda, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlarynda, şeýle hem beýleki halkara sport çärelerinde sportuň görnüşleri boýunça degişlilikde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna wekilçilik edýärler.

5. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar öz öňünde durýan tertipnamalaýyn wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň maliýeleşdirilmegini öz çeşmeleriniň, hemaýatkärlik kömeginiň, fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin haýyr-sahawatlarynyň hasabyna amala aşyrýar.


VI BAP. SPORTUŇ GÖRNÜŞLERI BOÝUNÇA MILLI FEDERASIÝALAR

 

30-njy madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hereket etmeginiň hukuk esaslary

 

1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar Türkmenistanyň adyndan Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň olimpiýa geňeşi tarapyndan ykrar edilen degişli halkara sport guramalarynyň agzalary bolmalydyrlar, şeýle hem Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilmelidirler.

2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar öz işlerini aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrýarlar:

1) sportuň degişli görnüşlerini ösdürmek we ýaýbaňlandyrmak;

2) sport ätiýaçlygyny, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak;

3) sportuň degişli görnüşleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek;

4) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar bilen bilelikde bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatynyň geçirilmegine gatnaşmak;

5) Türkmenistanyň çäginde sportuň degişli görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlaryny geçirmek;

6) halkara sport federasiýalarynda, beýleki halkara sport guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, şeýle hem halkara sport guramalary tarapyndan geçirilýän sport çärelerinde Türkmenistana wekilçilik etmek;

7) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny döretmek boýunça, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň bellenilen kadalary ýerine ýetirmeýän we (ýa-da) öz borçlaryny yzygiderli berjaý etmeýän agzalaryny toparyň düzüminden çykarmak hakynda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna teklipler girizmek;

8) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny halkara sport çärelerine taýýarlamak we olara gatnaşdyrmak;

9) weteran türgenleri sportuň degişli görnüşleri boýunça umumydöwlet we halkara sport çärelerine taýýarlamak we olara gatnaşdyrmak;

10) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna maglumat bermek;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda, beýleki işleri amala aşyrmak.


31-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hukuklary we borçlary

 

1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şulara haklydyrlar:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Halkara olimpiýa komitetiniň, degişli halkara sport guramalarynyň namalaryny göz öňünde tutmak bilen, öz namalaryny (dessurlaryny, düzgünlerini, gollanmalaryny we beýleki resminamalaryny) işläp taýýarlamaga we kabul etmäge;

2) Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasyna goşmak maksady bilen, sportuň degişli görnüşleri boýunça talaplary we ölçegleri we sport eminlerine degişli hünär derejelerini bermek üçin hünär talaplaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlamaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, halkara sport guramalaryna girmäge we olar bilen aragatnaşyk saklamaga;

4) tälimçileriň hünär işini amala aşyrmaklary we hünär ussatlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmaklary üçin, düzümine sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar girýän halkara sport guramalarynyň namalaryny göz öňünde tutmak bilen, şertleri döretmäge;

5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde türgenleriň bedenterbiýe we sport guramasynyň birinden beýlekisine geçmeginiň guralmagyna gatnaşmaga;

6) sportuň degişli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryny, birinjiliklerini, kubok ýaryşlaryny guramaga we geçirmäge;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda, beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şulara borçludyrlar:

1) sportuň degişli görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilen çäreleri geçirmäge;

2) sportda dopinge garşy göreşmäge we onuň ulanylmagynyň öňüniň alynmagyna ýardam etmäge;

3) sportda kemsidilmegiň we zorlugyň islendik görnüşleriniň ýüze çykmagyna garşy hereket etmäge;

4) türgenleriň, tälimçileriň maddy-enjamlaýyn, lukmançylyk, ylmy-usulyýet we (ýa-da) beýleki üpjünçiligine gatnaşmaga;

5) sportuň degişli görnüşleriniň infrastrukturasynyň we maddy-enjamlaýyn binýadynyň ösdürilmegine gatnaşmaga;

6) sportuň degişli görnüşlerini ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn maksatnamalary we sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini taýýarlamagyň aýratyn meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga;

7) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan geçirilýän ýaryşlar hakynda düzgünnamalary işläp taýýarlamaga we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmaga;

8) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna sportuň degişli görnüşleriniň ösdürilişi barada maglumat bermäge;

9) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;

10) sportuň görnüşleri boýunça sport eminlerini taýýarlamagy amala aşyrmaga;

11) tälimçileriň gaýtadan taýýarlanylmagyny, tälimçileriň, sport eminleriniň hem-de bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň hünär synagyny amala aşyrmaga;

12) sport atlaryny, razrýadlary we hünär derejelerini bermek üçin resminamalary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna hödürlemäge;

13) türgenleriň hasaba alynmagyny geçirmäge;

14) türgenleriň, hünär synagyndan geçen sport eminleriniň, tälimçileriň sanawyny ýöretmäge;

15) toparlarynyň ýaryşlarda netijeli çykyşlaryna jogapkärçilik çekmäge we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet    edarasyna maglumat bermäge;

16) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda, beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.


VII BAP. BILIM, SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMLARYNDA, ÝERINE ÝETIRIJI HÄKIMIÝETIŇ BEÝLEKI EDARALARYNDA, RAÝATLARYŇ IŞLEÝÄN ÝERI WE ÝAŞAÝAN ÝERI BOÝUNÇA BEDENTERBIÝE WE SPORT. UÝGUNLAŞDYRYJY BEDENTERBIÝE WE UÝGUNLAŞDYRYJY SPORT

 

32-nji madda. Bilim ulgamynda bedenterbiýe we sport

 

1. Bilim edaralarynda beden terbiýesi döwlet bilim standartlaryna we beden taýýarlygynyň kadalaryna laýyklykda, okuw we okuwdan daşary wagtda amala aşyrylýar.

2. Bilim ulgamynda beden terbiýesini guramak şulary öz içine alýar:

1) esasy bilim maksatnamalarynyň çäklerinde bedenterbiýäniň we sportuň hökmany sapaklarynyň, şeýle hem goşmaça umumybilim maksatnamalarynyň çäklerinde bedenterbiýäniň we sportuň goşmaça (fakultatiw) sapaklarynyň geçirilmegini;

2) terbiýelenýänleriň, okuwçylaryň we talyplaryň bedenterbiýe-sagaldyş we sport taýýarlygy boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek üçin şertleriň döredilmegini, şol sanda sport öwselesi we enjamy bilen üpjün edilmegini;

3) aýratyn başarnyklaryny we saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, terbiýelenýänlerde, okuwçylarda we talyplarda bedenterbiýe endikleriniň kemala getirilmegini, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin şertleriň döredilmegini;

4) beden terbiýesiniň guralyşyna lukmançylyk gözegçiliginiň geçirilmegini;

5) çagalaryň saglygyna we beden taýýarlygyna ata-eneleriň (olaryň ornuny tutýan adamlaryň) jogapkärçilikli çemeleşmeginiň kemala getirilmegini;

6) okuwçylaryň we talyplaryň beden taýýarlygynyň we beden ösüşiniň her ýylky gözegçiliginiň geçirilmegini;

7) okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine ýardam edilmegini;

8) mekdep sportunyň we talyp sportunyň ösüşine we ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam edilmegini;

9) okuwçylaryň we talyplaryň halkara sport çärelerine, şol sanda Bütindünýä uniwersiadalaryna we resmi halkara sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylmagyny.

3. Okuwçylary we talyplary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, başlangyç, esasy orta, umumy orta bilimiň, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän bilim edaralary tarapyndan we (ýa-da) bu edaralarda okaýanlar tarapyndan mekdep sportuny, talyp sportuny ösdürmek we ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, ýuridik şahslar bolup durmaýan mekdep sport klublary we talyp sport klublary döredilip bilner. Şeýle sport klublarynyň işi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar we degişli bilim edaralarynyň tertipnamalarynda göz öňünde tutulýar.


33-nji madda. Saglygy goraýyş ulgamynda bedenterbiýe we sport

 

Saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) bedenterbiýeden keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň serişdesi hökmünde peýdalanýar;

2) bedenterbiýe we sport bilen, şol sanda sport-sagaldyş syýahatçylygy bilen meşgullanýan adamlara lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrýar, sport ätiýaçlygynyň we sportuň görnüşleri boýunça dürli derejedäki ýygyndy toparlary sport ýaryşlaryna taýýarlamagyň lukmançylyk taýdan üpjün edilmegine gatnaşýar;

3) keselleriň öňüni almakda we bejermekde bedenterbiýäniň esasy düzüm böleklerinden netijeli peýdalanmagyň meseleleri boýunça, şeýle hem sport lukmançylygy, lukmançylyk gözegçiligi we bejeriş bedenterbiýesi babatda saglygy goraýşyň hünärmenleriniň taýýarlygyny we olaryň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar we amala aşyrýar;

4) bedenterbiýäniň we sportuň serişdelerinden peýdalanmak bilen, sagaldyş we saglygy dikeldiş merkezlerini we nokatlaryny, anyklaýyş-maslahat beriş nokatlaryny we iş otaglaryny, raýatlar bilen bedenterbiýe-sagaldyş işini alyp barmagy üpjün edýän lukmançylyk-bedenterbiýe dispanserlerini döredýär, şeýle merkezleri, nokatlary, iş otaglaryny we dispanserleri ýörite abzal we lukmançylyk enjamy bilen üpjün edýär;

5) ýurduň ilatynyň saglygyny pugtalandyrmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçilikleriniň maksatlaýyn wagyz-nesihatyny amala aşyrýar.


34-nji madda. Sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşlerini ösdürmek. Raýatlary harby gulluga taýýarlamak

 

1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylary hem-de Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan harby we gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly ýörite hereketler (şol sanda tärler) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleriniň esasy bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylarynyň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň beden taýdan taýýarlygy harby gullugyň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryndaky gullugyň aýratynlyklary we söweşjeň hem-de dessin-gulluk wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly dürli şertlere Türkmenistanyň harby gullukçylarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bedeniniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän taýýarlygyň esasy mazmuny bolup durýar.

3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylarynyň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň beden taýýarlygy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan tassyklanylýan beden  taýýarlygy boýunça maksatnamalaryň esasynda harby gullukçylar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan harby we gulluk borçlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmek maksady bilen amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda, harby edaralarynda we hukuk goraýjy edaralarynda harby gullukçylary we işgärleri sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, şeýle hem raýatlary harby gulluga taýýarlamak maksady bilen, sportuň degişli harby-amaly, gulluk-amaly, tehniki we beýleki görnüşlerini ösdürmegi, türgenleri taýýarlamagy amala aşyrýan, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça ýygyndy toparlary döredýän sport klublary, bedenterbiýäniň we sportuň beýleki guramalary döredilip we hereket edip bilerler.

5. Şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen döwlet edaralary şulary amala aşyrýarlar:

1) okuw-türgenleşik işini;

2) Türkmenistanyň ähli derejelerdäki harby gullukçylarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň sport bilen meşgullanmaklary üçin şertleri döretmegi;

3) harby-amaly, gulluk-amaly, şeýle hem sportuň dag-halas ediş, guwwas, kürekli we beýleki görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna, şol sanda Bütindünýä goşun oýunlaryna, Dostlukly goşunlaryň spartakiadasyna, dünýä çempionatlaryna we okuw-türgenleşik çäreleriniň guralmagyny göz öňünde tutýan polisiýa işgärleriniň, ýangyn söndürijileriň, halas edijileriň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin türgenleri taýýarlamagy;

4) dowamly bedene agram salmalardan, kesellerden we şikeslerden soň  türgenlere lukmançylyk hyzmatyny, dikeldiş çärelerini;

5) türgenleri iýmit, ýaşaýyş ýerleri we ýol harajatlary, şeýle hem sport esbaplary, sport öwselesi we enjamy bilen üpjün etmegi;

6) tälimçileriň we sportuň harby-amaly, gulluk-amaly görnüşleri babatda beýleki hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmegi. 

6. Sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşlerine ýolbaşçylygy amala aşyrýan Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary:

1) sport çärelerine gatnaşmak üçin sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça ýygyndy toparlary döredýärler;

2) harby gullukçylaryň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň beden taýýarlygynyň yzygiderli barlagyny geçirýärler;

3) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça umumydöwlet sport çäreleriniň geçirilmegini we halkara sport çärelerine gatnaşmagy guraýarlar;

4) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça sport klassifikasiýasyny işläp taýýarlaýarlar we öz wagtynda oňa üýtgetmeleri girizýärler;

5) türgenlere sport razrýadlaryny berýärler, sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça tälimçilere, usulyýetçilere, sport eminlerine, türgenlere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hünär talaplaryny kesgitleýärler.

7. Harby gullukçylaryň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilýän sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan tassyklanylýar.

 

35-nji madda. Iş ýerlerinde bedenterbiýe we sport


1. Guramalar, edaralar we kärhanalar işgärleriniň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine aşakdakylar arkaly ýardam edýärler:

1) öz işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň arasynda bedenterbiýe-sagaldyş we köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek;

2) sport desgalaryny gurmak we saklamak;

3) işgärleriň sport klublaryna birleşmegine we sportuň görnüşleri boýunça seksiýalaryň döredilmegine ýardam etmek;

4) işgärleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýän, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki işleri amala aşyrmak.

2. Guramalar, edaralar we kärhanalar iş gününiň rejesinde önümçilik maşklarynyň geçirilmegini üpjün edýärler.


36-njy madda. Raýatlaryň ýaşaýan ýerlerinde we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýe we sport

 

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bedenterbiýe we sport guramalary bilen bilelikde, raýatlaryň ýaşaýan we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin şertleri döredýärler.

2. Raýatlaryň ýaşaýan we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek şulary öz içine alýar:

1) raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin infrastrukturany döretmek;

2) sportuň görnüşleri boýunça sport klublarynyň we seksiýalarynyň işini guramak;

3) bedenterbiýe-sagaldyş we köpçülikleýin sport çärelerini guramak we geçirmek;

4) ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin, sport desgalarynyň we zerur bolan jaýlaryň berilmeginde bedenterbiýe we sport guramalaryna ýardam etmek;

5) sport desgalarynyň göwnejaý tehniki ýagdaýyny üpjün etmek.

3. Şypahanalar, pansionatlar, dynç alyş öýleri, syýahatçylyk merkezleri we çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde özbaşdak, toparlaýyn we maşgala bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmek üçin şertleri döredýärler.


37-nji madda. Uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe we uýgunlaşdyryjy sport, maýyplygy bolan adamlary beden taýdan dikeltmek we durmuş taýdan uýgunlaşdyrmak

 

1. Uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň we uýgunlaşdyryjy sportuň usullaryndan peýdalanmak bilen, maýyplygy bolan adamlary beden taýdan dikeltmek we durmuş taýdan uýgunlaşdyrmak degişli bedenterbiýe we sport guramalarynda amala aşyrylýar.

2. Bedenterbiýe we sport guramalarynda maýyplygy bolan adamlar üçin okuw-türgenleşik işi we sport taýýarlygynyň tapgyrlarynyň mazmuny sportuň paralimpiýa, surdlimpiýa, ýörite olimpiýa görnüşleri boýunça degişli jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan sportuň görnüşleri boýunça işlenilip taýýarlanylýan hem-de bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan maksatnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

3. Maýyplygy bolan adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny guramak,  hünärmenleri taýýarlamak, usulyýet, lukmançylyk üpjünçiligi we maýyplygy bolan adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna lukmançylyk gözegçiligi bilim, saglygy goraýyş, ilaty durmuş taýdan goramak, bedenterbiýe we sport edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary maýyplygy bolan adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin, sport desgalaryna elýeterliligi, ýörite sport öwselesiniň berilmegini üpjün edýärler.

Sanalyp geçilen hyzmatlar maýyplyk derejesine baglylykda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bedenterbiýe we sport guramalary bilen bilelikde, maýyplygy bolan adamlaryň gatnaşmaklarynda welaýat, etrap, şäher derejesinde sport çäreleriniň geçirilmegini, şeýle hem olaryň umumydöwlet derejesindäki sport ýaryşlaryna taýýarlanmaklaryny we gatnaşmaklaryny guraýarlar.

6. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bedenterbiýe we sport guramalary bilen bilelikde, maýyplygy bolan adamlaryň arasynda umumydöwlet derejesinde ýaryşlaryň geçirilmegini, maýyplygy bolan adamlaryň sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlarynyň halkara sport ýaryşlaryna, şol sanda Paralimpiýa, Surdlimpiýa oýunlaryna we Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyny we olara gatnaşmaklaryny guraýar.


38-nji madda. Düzediş edaralarynda bedenterbiýe we sport

 

1. Düzediş edaralarynda iş kesilenleriň beden terbiýesi amala aşyrylýar.

2. Düzediş edaralarynyň ýolbaşçylary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin şertleri üpjün edýär we sportuň görnüşleri boýunça düzgünlere laýyklykda, sport çärelerini guraýar.

Düzediş edaralarynyň gün tertibinde beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi, şol sanda irki maşklar we günde bir sagatdan az bolmadyk möçberde sport bilen meşgullanmak göz öňünde tutulýar.

3. Iş kesilenler bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin öz serişdeleriniň hasabyna sport geýimini, aýakgabyny edinmek hukugyna eýedirler.


VIII BAP. SPORTUŇ MILLI GÖRNÜŞLERI

 

39-njy madda. Sportuň milli görnüşlerini ösdürmek

 

1. Sportuň milli görnüşleri sportuň aýrylmaz bölegi bolup durýar, olaryň ykrar edilmegi şu Kanunda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

2. Milli federasiýalar, höwesjeň we professional sport klublary, sportuň milli görnüşleri boýunça seksiýalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýärler we hereket edýärler.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen sportuň milli görnüşleri boýunça guramalar çempionatlary, spartakiadalary, birinjilikleri, kubok ýaryşlaryny we beýleki sport ýaryşlaryny, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde sportuň milli görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk boýunça okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýärler.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary degişli infrastrukturany döretmek arkaly, sportuň milli görnüşleriniň ösdürilmegini üpjün edýärler.

5. Sportuň milli görnüşleri boýunça çäreleri guramak, hünärmenleri taýýarlamak, usulyýet, lukmançylyk üpjünçiligi, sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegi, sport atlaryny, razrýadlaryny we hünär derejelerini bermek şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

6. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy sportuň milli görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde, ýurtda halkara we umumydöwlet ýaryşlarynyň geçirilmegini, sportuň milli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara ýaryşlaryna taýýarlygyny we gatnaşmaklaryny guraýar.


40-njy madda. Sportuň milli görnüşlerini döwlet tarapyndan goldamak

 

1. Döwlet sportuň milli görnüşlerini şular arkaly goldaýar:

1) sportuň milli görnüşleri babatda işi amala aşyrýan türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň we beýleki hünärmenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak,

2) sportuň milli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny goldamak;

3) sportuň milli görnüşleri babatda işi amala aşyrýan türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň we beýleki hünärmenleriň halkara derejesinde hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak.

2. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde, bilim edaralarynda sportuň milli görnüşleriniň ösdürilmegini üpjün edýär.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary degişli infrastrukturany döretmek arkaly, sportuň milli görnüşleriniň ösdürilmegini üpjün edýärler.

 

IX BAP. ÝOKARY ÜSTÜNLIKLER SPORTY


41-nji madda. Ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek

 

1. Döwlet şular arkaly ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek üçin şertleri döredýär:

1) sport ätiýaçlygynyň, ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyny maliýeleşdirmek;

2) halkara sport guramalary bilen halkara aragatnaşyklaryny ýola goýmak;

3) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny döretmek we olaryň taýýarlygyny üpjün etmek;

4) Türkmenistanyň çäginde halkara sport çärelerini guramak;

5) Türkmenistanyň türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny üpjün etmek.

6) beýleki şertleri döretmek.

2. Ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek maksady bilen, türgenleri we tälimçileri maddy taýdan höweslendirmek böleginde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan aşakdakylar bellenilýär:

1) dürli derejeli halkara sport ýaryşlarynda we çärelerinde medallara eýe bolan türgenlere baýraklaryň möçberi;

2) bu türgenleriň taýýarlygyny üpjün eden tälimçilere höweslendirmeleriň möçberi;

3) bedenterbiýe we sport babatda atly haklaryň mukdary, möçberi, olary bellemegiň we tölemegiň tertibi;

4) olimpiýa çempionlaryna döwlet haklarynyň möçberi,, olary bellemegiň we tölemegiň tertibi.


42-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary

 

1. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary esasy we ätiýaçlyk düzümlerden ybaratdyr.

2. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi, şol sanda sport esbaby bilen, ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologik, lukmançylyk üpjünçiligi, sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän we olara gatnaşylýan döwürde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ylmy-usulyýet we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanda surdlimpiýa we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar we sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän we olara gatnaşylýan döwürde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary muzdsuz  lukmançylyk we bejeriş hyzmaty bilen üpjün edilýär.


43-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny döretmek

 

1. Sportuň degişli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna dalaşgär türgenleriň sanawlary her ýyl sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan düzülýär hem-de bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna dalaşgär türgenleriň sanawlaryny düzmegiň umumy ýörelgeleri we ölçegleri, bu sanawlary tassyklamagyň tertibi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

3. Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek we gatnaşmak üçin, sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna dalaşgär türgenleriň degişli sanawyna goşulan adamlaryň hataryndan sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan döredilýär.


44-nji madda. Sportda doping serişdeleriniň we doping usullarynyň ulanylmagynyň öňüni almak

 

Sportda doping serişdeleriniň we doping usullarynyň ulanylmagynyň öňüni almak «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.


X BAP. BEDENTERBIÝÄNIŇ WE SPORTUŇ

KADALAŞDYRYJY ESASLARY


45-nji madda. Sportuň täze görnüşlerini we täze sport ugurlaryny ykrar etmek. Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawy

 

1. Türkmenistanyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we täze sport ugurlaryny ykrar etmek bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan tertibe laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň çäginde sportuň ykrar edilen täze görnüşleri we täze sport ugurlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyna girizilýär.

2. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň çempionatlaryny, birinjiliklerini, kubok ýaryşlaryny we beýleki sport çärelerini geçirmek Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyna goşulan sportuň görnüşleri we sport ugurlary boýunça amala aşyrylýar.


46-njy madda. Sport atlary we sport razrýadlary

 

1. «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, sport babatda bitirilen hyzmatlar üçin şu hormatly atlar dakylýar:

«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady»;

«Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi».

2. Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan aşakdaky sport atlary dakylýar.

1) «Türkmenistanyň halkara derejeli sport ussady»;

2) «Türkmenistanyň sport ussady»;

3) «Bedenterbiýäniň we sportuň göreldesi».

3. Türkmenistanda aşakdaky sport razrýadlary berilýär:

1) «Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär»;

2) I sport razrýady;

3) II sport razrýady;

4) III sport razrýady;

5) I ýetginjekler sport razrýady;

6) II ýetginjekler sport razrýady;

7) III ýetginjekler sport razrýady.

4. Sport atlaryny we sport razrýadlaryny dakmak we bermek üçin ýerine ýetirilmegi zerur bolan ölçegler we talaplar bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan, Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy bilen bellenilýär.

5. Sport atlaryny we sport razrýadlaryny dakmagyň we bermegiň (mahrum etmegiň, dikeltmegiň) tertibi we şertleri, sport ady, döşe dakylýan nyşanlar we hünär dereje depderçeleri hakyndaky şahadatnamalary hasaba almagyň we bermegiň tertibi, şeýle hem sport ady we hünär dereje depderçesi hakynda şahadatnamanyň görnüşleri, döşe dakylýan nyşanlaryň beýany we şekili bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy bilen bellenilýär.


47-nji madda. Sport eminleriniň hünär derejeleri

 

1. Türkmenistanda sport eminlerine şu aşakdaky hünär derejeleri berilýär:

1) milli derejeli sport emini;

2) birinji derejeli sport emini;

3) ikinji derejeli sport emini;

4) üçünji derejeli sport emini;

5) sport boýunça emin.

2. Sport eminlerine hünär derejesini bermegiň tertibi we bu derejeleri bermek üçin dalaşgärlere bolan hünär talaplarynyň mazmuny, şeýle hem sport eminleriniň hukuklary we borçlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan sport eminleri hakynda Düzgünnama bilen bellenilýär.


48-nji madda. Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnama

 

1. Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnama bedenterbiýe we sport guramasyna we türgeniň sport hünärine degişliligini tassyklaýan ýeke-täk nusgaly resminamadyr.

2. Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnamada aşakdakylar görkezilýär:

1) familiýasy, ady, atasynyň ady;

2) jynsy;

3) doglan senesi;

4) bedenterbiýe we sport guramasyna degişliligi;

5) sportuň we sport ugurlarynyň saýlanyp alnan görnüşleri;

6) sport razrýadlarynyň we sport atlarynyň berilmegi we dakylmagy hakynda maglumatlar;

7) sport razrýadlaryny bermek üçin zerur bolan ölçegleriň we talaplaryň ýerine ýetirilişiniň tassyklanandygy hakynda maglumatlar;

8) türgeniň lukmançylyk gözden geçirilişinden geçendigi hakynda bellik;

9) sport ýaryşlarynda gazanylan netijeler;

10) sport ýaryşlaryndan mahrum edilmek hakynda maglumatlar;

11) döwlet sylaglary hakynda we höweslendirmegiň beýleki görnüşleri hakynda maglumatlar;

12) tälimçiniň familiýasy, ady, atasynyň ady;

13) türgeniň sport taýýarlygyny geçen guramalary hakynda we şeýle taýýarlygyň dowamlylygy hakynda maglumatlar;

14) sportuň saýlanyp alnan görnüşleriniň aýratynlygy bilen baglanyşykly beýleki maglumatlar.

3. Bedenterbiýe we sport guramasy tarapyndan türgeni hasaba almagyň, türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnamany bermegiň, çalyşmagyň, türgeniň hasaba alnandygy hakynda maglumatlary bermegiň hem-de bedenterbiýe we sport guramasy tarapyndan bellenilen tertipde hasaba alnan türgenleriň Türkmenistan boýunça hasabyny ýöretmegiň tertibi, şeýle hem türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnamanyň görnüşi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.


49-njy madda. Türgenleriň hukuklary we borçlary

 

1. Türgenler şu hukuklara eýedirler:

1) sportuň görnüşini (görnüşlerini) saýlamak;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sportuň saýlanyp alnan görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşmak;

3) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleri geçirilende özleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine;

4) Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy tarapyndan bellenilen ölçegler we talaplar ýerine ýetirilende, sport atlaryny we sport razrýadlaryny almak;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zähmet we (ýa-da) raýat-hukuk şertnamalaryny, şol sanda transfer şertnamalaryny (kontraktlaryny) baglaşmak;

6) halkara sport guramalarynda öz hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynda sportuň saýlanyp alnan görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýardamyndan peýdalanmak;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, maddy-enjamlaýyn, lukmançylyk, ylmy-usulyýet we (ýa-da) beýleki üpjünçiliklerden peýdalanmak;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki hukuklary amala aşyrmak.

2. Türgenler şulara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň Döwlet senasyny ýatdan bilmäge;

2) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň howpsuzlyk kadalarynyň talaplaryny berjaý etmäge;

3) dopingi ulanmazlyga, hökmany doping gözegçiligini geçmegiň bellenilen tertibini berjaý etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, sport ýaryşlaryna gatnaşmaga;

5) sport düzgünini berjaý etmäge;

6) sport ussatlygyny saklamaga we (ýa-da) kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri görmäge;

7) sportuň görnüşi boýunça sport ýaryşlarynyň düzgünlerini, olaryň gatnaşýan sport ýaryşlaryny geçirmek hakynda düzgünnamalary (dessurlary) berjaý etmäge;

8) bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.


50-nji madda. Tälimçileriň hukuklary we borçlary

 

1. Tälimçiler şu hukuklara eýedirler:

1) öz hünär işiniň amala aşyrylmagy üçin iş hakyny we (ýa-da) höweslendirmeleri (girdejini) almak;

2) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleri geçirilende özleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilmek;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hünärini ýokarlandyrmak;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zähmet we (ýa-da) raýat-hukuk şertnamalaryny, şol sanda transfer şertnamalaryny (kontraktlary) baglaşmak;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki hukuklary amala aşyrmak.

2. Tälimçiler şulara borçludyrlar:

1) türgeniň (türgenler toparynyň) sport taýýarlygy üçin zerur bolan okuw-türgenleşik we beýleki çäreleri geçirmäge;

2) türgeniň (türgenler toparlarynyň) hukuklaryny berjaý edip we kanuny bähbitlerini üpjün edip, türgeniň (türgenler toparynyň) türgenleşik we (ýa-da) ýaryşyjylyk işine ýolbaşçylygy amala aşyrmaga;

3) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak işlerini howpsuz geçirmegiň talaplaryny berjaý etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerine gatnaşmaga;

5) sportuň görnüşi boýunça sport ýaryşlarynyň düzgünlerini, olaryň gatnaşýan sport ýaryşlaryny geçirmegiň düzgünnamalaryny (dessurlaryny) berjaý etmäge;

6) bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.


51-nji madda. Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy

 

1. Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy Türkmenistanyň çäginde geçirilýän umumydöwlet derejeli ýaryşlaryň we halkara ýaryşlarynyň sanawyny, şeýle hem senenama ýylynyň dowamynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara sport ýaryşlaryna taýýarlygy we olara gatnaşmagy boýunça geçirilýän çäreleriň sanawyny kesgitleýän kadalaşdyryjy resminamadyr.

Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Paralimpiýa komitetiniň we Türkmenistanda surdlimpiýa we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalaryň tekliplerini göz öňünde tutmak bilen, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp tassyklanylýar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bedenterbiýe-sport çäreleriniň ýerli ýeke-täk senenama meýilnamalaryny Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna laýyklykda işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar.

3. Bellenilen kadalary ýerine ýetiren we seçip almagyň degişli tapgyrlaryndan geçen türgenler çäk, pudak, gaýry degişliligine garamazdan, ähli derejedäki sport çäreleriniň senenama meýilnamalaryna goşulan ýaryşlara gatnaşmakda deň hukuklara eýedirler.


52-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň döwlet akkreditasiýasy

1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň döwlet akkreditasiýasy Türkmenistanda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ygtyýarlyklarynyň bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ykrar edilmeginiň we degişli halkara sport guramalarynda Türkmenistana wekilçilik etmegiň amaly bolup durýar.

Türkmenistanyň çäginde diňe bir jemgyýetçilik birleşigi sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça milli federasiýa hökmünde akkreditirlenip bilner.

2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň döwlet akkreditasiýasyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti bilen ylalaşylyp, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Döwlet akkreditasiýasy dört ýyl möhlet üçin amala aşyrylýar.


53-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça düzgünler

 

1. Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça düzgünler sportuň degişli görnüşleri boýunça halkara guramalary tarapyndan tassyklanylan düzgünleri göz öňünde tutmak bilen, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar hem-de bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça düzgünler Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň hukuk goraýjy we ýörite döwlet edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

54-nji madda. Sport ýaryşlaryny geçirmegiň düzgünleri

 

1. Umumydöwlet sport ýaryşlary Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna laýyklykda, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen ylalaşylan, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça geçirilýär.

2. Türkmenistanyň çäginde halkara sport ýaryşlary halkara sport guramalarynyň we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça geçirilýär. Bu ýaryşlar Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna girizilýär.

3. Sebit sport ýaryşlary bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň çözgüdi boýunça we sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýalar bilen ylalaşylyp, köpçülikleýin sport çäreleriniň sebit senenama meýilnamalaryna laýyklykda geçirilýär.

4. Halkara sport ýaryşlary halkara sport guramalary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan we tassyklanylýan sport ýaryşlary hakyndaky düzgünnamalara (dessurlara) laýyklykda geçirilýär.

5. Umumydöwlet sport ýaryşlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan we tassyklanylýan sport ýaryşlary hakyndaky düzgünnamalara (dessurlara) laýyklykda geçirilýär.

6. Sebit sport ýaryşlarynyň düzgünnamalary (dessurlary) sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýalar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan tassyklanylýar.

7. Sport çärelerini, şol sanda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmegiň tertibi, sport çäreleriniň görnüşleriniň sanawy we olaryň klassifikasiýasy bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

8. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar, sport toparlarynyň tälimçileri, sport çäreleriniň guramaçylary Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny ulanmagyň tertibiniň berjaý edilmegini üpjün etmäge, şeýle hem türgenleriň Türkmenistanyň Döwlet senasyny ýatdan bilmeklerine borçludyrlar.


55-nji madda. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylanda, sport ýaryşlary we köpçülikleýin sport çäreleri geçirilende howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, fiziki şahslaryň saglygyny goramak

 

1. Bedenterbiýe we sport hünärmenleri bedenterbiýe we sport çäreleri geçirilende bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan we tassyklanylýan howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün edýärler.

2. Öz ygtyýarlarynda sport desgalary bolan edaralaryň ýolbaşçylary tehniki howpsuzlyk düzgünlerine, sanitariýa we arassaçylyk kadalaryna laýyklykda, bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilýän ýerlerini sport öwselesi we enjamlary bilen üpjün edýärler we fiziki şahslaryň saglygyna ýetirilen zyýan üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

3. Bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini geçirmek üçin niýetlenilen sport desgalary tehniki şertlere, sanitariýa we arassaçylyk kadalaryna, sport desgalaryny ulanmagyň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerine laýyk gelmelidir we maýyplygy bolan adamlar üçin elýeter bolmalydyr.

4. Bedenterbiýe we sport hünärmenleri bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň saglygyna ýetirilen zyýan üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

5. Gurnalan görnüşde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylýan mahalynda türgeniň, tälimçiniň ýa-da sport emininiň saglygyna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik Türkmenistanyň kanunçylygynyň we türgen, tälimçi ýa-da sport emini tarapyndan bedenterbiýe we sport guramasy bilen baglaşylan şertnamanyň şertleriniň esasynda bellenilýär.

6. Fiziki şahslaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini kynlaşdyrýan, sport desgalaryny ulanmagyň we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplarynyň bozulandygy ýüze çykarylan halatynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özbaşdak ýa-da içeri işler edaralarynyň başlangyjy boýunça howpsuzlyk düzgünleriniň ýüze çykarylan bozulmalarynyň düzedilmegine çenli bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilmegini gadagan edýärler.


56-njy madda. Halkara (olimpiýa) derejeli sport ýaryşlary we köpçülikleýin sport çäreleri geçirilende gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek

 

1. Halkara (olimpiýa) derejeli sport ýaryşlaryna we köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Halkara (olimpiýa) derejeli sport ýaryşlarynyň we köpçülikleýin sport çäreleriniň gatnaşyjylarynyň we tomaşaçylarynyň howpsuzlygyny we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegini üpjün etmegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.


57-nji madda. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy

 

1. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy güýji, çydamlylygy, çalasynlygy we emelliligi görkezýän we fiziki şahslaryň ýaşyna we jynsyna baglylykda derejelerden ybarat bolan beden maşklarynyň görnüşlerini öz içine alýar.

2. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy talaplary we ölçegleri ýerine ýetirmegiň esasynda adamyň beden taýýarlygynyň derejesine umumy baha bermegi göz öňünde tutýar.

3. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplaryny we ölçeglerini ýerine ýetirmäge bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga garşy gelmeleri bolmadyk fiziki şahslar gatnaşýarlar.


58-nji madda. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplary we ölçegleri

 

1. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplary we ölçegleri bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamada bellenilýär.

Bilim edaralarynyň okuwçylary we talyplary üçin Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplary we ölçegleri «Bedenterbiýe» dersi boýunça tassyklanylan bilim standartlaryna laýyklykda, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde tassyklanylýar.

2. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplaryny we ölçeglerini ýerine ýetirmek boýunça işe ýolbaşçylyk etmek we gözegçilik etmek bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy tarapyndan göz öňünde tutulan talaplary we ölçegleri ýerine ýetiren adamlara bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde we şertlerde döşe dakylýan nyşan berilýär.


XI BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT ULGAMYNYŇ HÜNÄRMENLER BILEN, YLMY, LUKMANÇYLYK WE DURMUŞ TAÝDAN ÜPJÜNÇILIGI


59-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamak

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar.

3. Döwlet bedenterbiýe we sport babatda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagy sport desgalarynyň we enjamlarynyň toplumynyň bolmagyny göz öňünde tutýar.


60-njy madda. Bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak

 

1. Bedenterbiýe we sport hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň wezipelerine bildirilýän hünär talaplary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Bedenterbiýe we sport hünärmenlerine bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde we şertlerde Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, hünär derejeleri berlip bilner.


61-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda mugallymçylyk hünär işi we tälimçilik işi hem-de bejeriş bedenterbiýe we sport lukmançylygy babatda hünär işi

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda mugallymçylyk hünär işine we bejeriş bedenterbiýe we sport lukmançylygy babatda hünär işine bedenterbiýe we sport babatda taýýarlygyň degişli ugurlary (kärleri) boýunça orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan adamlar goýberilýär.

2. Bedenterbiýe we sport guramalarynda tälimçilik işini bedenterbiýe we sport babatda taýýarlygyň degişli ugurlary (kärleri) boýunça orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde şeýle işe goýberilen adamlar amala aşyryp bilerler.

3. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde bedenterbiýe we sport hünärmenlerini taýýarlamakda zerurlygy kesgitleýär.


62-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ylmy iş

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde bedenterbiýe we sport babatda ylmy-tehniki syýasaty döredýär we ýöredýär, bedenterbiýe we sport babatda ileri tutulýan ylmy ugurlary kesgitleýär.

2. Bedenterbiýe we sport babatda düýpli, gözleg, tejribe-konstruktorçylyk, tehnologik, amaly we beýleki ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilen we öz işini döwlet buýurmalarynyň we beýleki sport guramalarynyň ýüz tutmalary esasynda alyp barýan bedenterbiýe we sport babatda ylmy merkezler, ylmy-barlag institutlary, barlaghanalar, bilim edaralary amala aşyrýarlar.


63-nji madda. Bedenterbiýäniň we sportuň lukmançylyk üpjünçiligi

 

1. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň lukmançylyk üpjünçiligi şulary öz içine alýar:

1) olaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi;

2) bedene düşýän agramyň olaryň saglyk ýagdaýyna laýyk gelmegine baha bermegi;

3) keselleriň, şikesleriň öňüniň alynmagyny we bejerilmegini, lukmançylyk taýdan dikeltmekligi we derman serişdeleri bilen üpjün edilmegini;

4) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylanda ulanylýan serişdeler we usullar arkaly saglygyň dikeldilmegini.

2. Bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guramaçylarynyň kadalaşdyryjy resminamalardaky degişli möhletlerde lukmançylyk barlagyny geçmedik adamlary we lukmançylyk barlagynyň netijeleri boýunça bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerine gatnaşmaga rugsady bolmadyk adamlary olara gatnaşmak üçin goýbermäge haky ýokdur.

3. Bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guramaçylary olara gatnaşyjylary lukmançylyk kömegi bilen üpjün edýärler.

4. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlar hökmany başlangyç, döwürleýin we ahyrky lukmançylyk gözegçiliginden, şeýle hem ýaryşlara başlamazdan ozal lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler.

Ýaryşlara gatnaşmak hukugyna diňe hökmany lukmançylyk barlagyny geçen we sportuň görnüşi boýunça degişli taýýarlygy bolan türgenler eýedirler.

5. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eger bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerine gatnaşyjylar lukmançylyk kömegi bilen üpjün edilmese, olaryň geçirilmegini bes etmek, şeýle hem hökmany lukmançylyk gözegçiligini geçmedik adamlary okuw-türgenleşik işlerine we ýaryşlaryna goýbermezlik we olardan çetleşdirmek hukugyna eýedirler.


64-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet durmuş kepillikleri

 

1. Döwlet ýokary üstünlikler sportunda ýokary başarnyklary görkezen raýatlara aşakdakylar arkaly ýardam edýär:

1) dürli derejeli halkara sport ýaryşlarynda we çärelerinde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde çykyş etmek mümkinçiliklerini bermek;

2) dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine gatnaşmaga hukuk gazanan türgenlere degişli möhletde ýörite döwlet haklaryny we olimpiýa haklaryny bellemek;

3) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalaryna aýlyk pul haklaryny tölemek;

4) dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine gatnaşmagyň jemleri boýunça pul höweslendirmelerini we beýleki maddy görnüşdäki sylaglary gowşurmak;

5) halkara sport ýaryşlaryna gös-göni taýýarlyk görmek we olara gatnaşmak bilen baglanyşykly beýleki tölegler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen pul höweslendirmeleriniň, maddy görnüşdäki sylaglaryň we beýleki tölegleriň möçberleri we olary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Köp çagaly we döwletiň goldawyna mätäç maşgaladan bolan çagalara, ýetim çagalara we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalara we maýyplygy bolan adamlara döwlet muzdsuz bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny edýär we bedenterbiýe we sport guramalarynda olaryň saglyklarynyň dikeldilýän döwründäki, sport-sagaldyş meşgullanmalaryndaky we sport taýýarlygyndaky harajatlary doly öz üstüne alýar.

4. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanda surdlimpiýa we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän  guramalar, bedenterbiýe we sport guramalary öz býujetleriniň we býujetden daşary serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna Olimpiýa oýunlarynyň, Paralimpiýa oýunlarynyň, Surdlimpiýa oýunlarynyň, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlarynyň, Aziýa oýunlarynyň, dünýä we Aziýa çempionatlarynyň ýeňijilerine we baýrak eýelerine, şeýle hem ýokary sport atlary bolan türgenlere we hünärmenlere, sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna girýän türgenlere we olaryň tälimçilerine aýlyk pul höweslendirmelerini töläp bilerler.


65-nji madda. Türgenleriň, tälimçileriň we sport eminleriniň ätiýaçlandyrmasy

 

1. Türgenler, tälimçiler we sport eminleri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýa-da bedenterbiýe we sport guramalarynda olara taýýarlyk görülýän mahalynda betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyrylmaga degişlidirler.

2. Türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň ätiýaçlandyrmasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.


66-njy madda. Bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek

 

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy, kärdeşler arkalaşyklary, ýaşlar we zenanlar guramalary, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini giňden wagyz edýärler, sagdyn durmuş ýörelgesini döretmek, saklamak we pugtalandyrmak, ilatyň işjeň ýagdaýda uzak ýaşlylygyny we işe ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, bedenterbiýäniň we sportuň serişdelerinden iş ýüzünde peýdalanmakda ilatyň bilimleriniň derejesini ýokarlandyrýarlar.

2. Teleradioýaýradyş ýaýlymlary boýunça sport ýaryşlaryny we beýleki sport çärelerini ýaýlyma bermek, sport ýaryşlaryny we beýleki sport çärelerini wideo ýazga we surata almak, olaryň şekil ýazgysyny we ses ýazgysyny geçirmek, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sport çärelerini guramak hukugyna eýelik edijiler bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

3. Sport çäreleriniň geçirilýän wagtynda, şeýle hem olaryň ýaýlyma berilýän wagtynda harytlaryň, önümleriň we hyzmatlaryň mahabatyny ýerleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

XII BAP. BEDENTERBIÝÄNIŇ WE SPORTUŇ

MALIÝE WE MADDY-ENJAMLAÝYN ÜPJÜNÇILIGI


67-nji madda. Bedenterbiýäni we sporty maliýeleşdirmek

 

Bedenterbiýäni we sporty maliýeleşdirmek aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) bedenterbiýe we sport guramalarynyň ygtyýarynda durýan kärhanalarda taýýarlanylan sport önümleriniň ýerlenilmeginden, neşirýat işinden alnan serişdeleriň;

3) bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan edilýän tölegli hyzmatlardan, ýaryşlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginden alnan serişdeleriň;

4) bedenterbiýe we sport guramalarynyň giriş we agzalyk gatançlarynyň ýygnanylmagynyň;

5) bedenterbiýe we sport guramalarynyň öz toplamalarynyň;

6) hemaýatkärlik ýa-da beýleki kömegiň;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň.


68-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda hemaýatkärlik we haýyr-sahawatlylyk

 

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalardan beýleki ýuridik we fiziki şahslar bedenterbiýe we sport guramalarynyň hemaýatkärleri bolup bilerler.

Hemaýatkärler bilen bedenterbiýe we sport guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklar şertnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

Bedenterbiýe we sport guramalaryna haýyr-sahawatlylyk kömegi hem edilip bilner.


69-njy madda. Sport desgalary

 

1. Sport desgalary döwlet we hususy eýeçilikde durup bilerler.

2. Ilatly ýeriň çäklerinde deň ähmiýetli ýa-da has ösen infrastrukturaly sport desgasyny döretmezden, döwlet eýeçiliginde durýan sport desgasynyň ýatyrylmagyna ýa-da gaýtadan üýtgedilip guralmagyna ýol berilmeýär.

3. Ilatly ýerleriň sport desgalary bilen üpjünçiliginiň ýeterlik derejesi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan şähergurluşyk resminamasynyň esasynda bellenilýär.

4. Sport desgalarynyň klassifikasiýasy we olaryň ulanylyşyna bildirilýän talaplar bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.


70-nji madda. Sport desgalarynyň sanawy

 

1. Sport desgalarynyň sany, niýetlenilişi we ýagdaýy hakyndaky maglumatlary ulgamlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän sport desgalarynyň sanawy düzülýär.

2. Sport desgalarynyň sanawynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň esasy binýatlary bolup durýan sport desgalarynyň hasaby aýratyn ýöredilýär.

3. Sport desgalarynyň sanawyna girizilýän maglumatlaryň düzümi, sport desgalarynyň sanawyny düzmegiň we ýöretmegiň tertibi, şeýle hem onda bar bolan maglumatlary bermegiň tertibi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Sport desgalarynyň sanawyny düzmek we alyp barmak bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.


71-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda maýa goýum syýasaty

 

1. Döwlet Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamalaryna we kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek üçin maýa goýumlaryna döwlet serişdeleriniň maksatlaýyn bölünip berilmegini üpjün edýär.

2. Döwlet bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin býujetden daşary maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kärhanalara we guramalara artykmaçlyklary we ýeňillikleri göz öňünde tutup biler.


XIII BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT BABATDA

HALKARA HYZMATDAŞLYGY


72-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport guramalary daşary ýurt döwletleriniň sport guramalary bilen özara gatnaşyklarynda halkara sport guramalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilen dessurlardan we talaplardan goldanýarlar.


73-nji madda. Halkara sport guramalary bilen özara gatnaşyk

 

1. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, sportuň halkara guramalarynyň şahamçalary we wekillikleri döredilip bilner.

2. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport guramalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz işini amala aşyrmaga daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary çekmek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinden, halkara guramalaryndan, daşary ýurt guramalaryndan, daşary ýurt raýatlaryndan we raýatlygy bolmadyk adamlardan alnan pul serişdelerine we gaýry emläge ygtyýar etmek hukugyna eýedirler.

3. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar halkara sport guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, şeýle hem halkara sport guramalary tarapyndan geçirilýän sport we beýleki çärelerde Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyna eýedirler.


XIV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER


74-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.


75-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 58-nji madda);

2) 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen «Professional sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 99-njy madda);

3) 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 79-njy madda);

4) 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 54-nji madda);

5) 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 38-nji madda);

6) 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 72-nji madda).



Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.

№ 260-VI.