Atçylyk we atly sport hakynda


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Atçylyk we atly sport hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 142-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.06.2016 ý. № 419-V, 05.01.2018 ý. № 685-V,

02.03.2019 ý. № 131-VI we 08.06.2019 ý. № 159-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun atçylygy,atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hematlary ösdürip ýetişdirilen, köpeldilen we ulanylan mahalynda  ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) atlaryň ahalteke tohumy – türkmen halk seçgisi arkaly köp asyrlaryň dowamynda döredilen arassa ganly tohumlyk atlar;

2) atçylyk – atlary köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we olary atly sportuň dürli görnüşlerinde ulanmak bilen meşgullanýan maldarçylyk pudagynyň düzüm bölegi;

3) atçylyk pudagy – ippologiýany (atçylyk barada ylmy), tohumçylyk we weterinariýa işini, atçylygyň obýektlerini gurmagy öz içine alýan atçylyk babatda işi amala aşyrmak we dolandyrmak;

4) Döwlet tohumçylyk kitaby – atlaryň şejere ugurlary boýunça gelip çykyşyny we tohumynyň arassa ganlylygyny tassyklaýan maglumatlary  özünde jemleýän resminama;

5) atçylyk işi – atçylyk pudagyndaýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ähli görnüşleriniň jemi;

6) tohum atçylygy – gelip çykyşy Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilen ýazgy bilen tassyk edilýän, atlaryň dürli tohumlaryny köpeltmek bilen bagly iş;

7) tohum at –Döwlet tohumçylyk kitabynda bellige alnan, belli bir tohumdan bolan at;

8) athana –atlary saklamak, köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilen jaý;  

9) at eýesi – ata eýeçilik hukugy bar bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

10) atlary synamak üçin geçirilýän çapyşyklar – atlary seçgi-tohumçylyk işinde peýdalanmak üçin olaryň çydamlylygyny ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän ýaryşlar;

11) eminler topary – atlary synamak üçin geçirilýän çapyşyklary, atly sport ýaryşlaryny we atlaryň arasynda gözellik bäsleşiklerini geçirmegiň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin çäreleriň guramaçysy tarapyndan ygtyýarlandyrylan iş topary;

12) bedew-atynyň pasporty – Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän bir ýarym ýaşly taýlara we beýleki saklanylýan bedew-atlaryna berilýän, olaryň aslyny tassyk edýän resminama;

13) aty çiplemek – atlary elektron taýdan belgilemek usuly;

14) seýis – atlaryň saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan, şeýle hem çapylýan atlary seýislemek bilen meşgullanýan jogapkär şahs;

15) atşynas – atlary saklaýan, köpeldýän we atçylyk bilen meşgullanýan şahs;

16) atbakar – atlary sanitariýanyň kadalarynyň talaplaryna laýyklykda saklamak bilen meşgullanýan we seýsiň ýolbaşçylygynda çapylýan atlaryň türgenleşik işlerine gatnaşýan şahs;

17) çapyksuwar – at münmek sungatynyň eýesi bolan şahs;

18) atly sport boýunçatälimçi – atly sport babatda orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan, ýa-da bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan tälimçilik işi bilen meşgullanmaga ygtyýara rugsat alan hem-de türgen-çapyksuwarlar we sport atlary bilen okuw-türgenleşik çärelerini geçirmegi, sport netijelerini gazanmak üçin türgenleriň ýaryşmak işlerine ýolbaşçylygy amala aşyrýan hünärmen;

19) totalizator – ýöriteleşdirilen enjamyň kömegi bilen at çapyşyklarynda gurnalýan goýumly oýun;

20) atly sport – sportuň düzüm bölegi, sportuň atlaryň gatnaşdyrylýan görnüşlerinde adamlaryň gazananlaryny ýüze çykarmagyň we deň şertlerde deňeşdirmegiň aýratyn çygry;

21) atçylyk sport toplumy – arassa ganly ahalteke we beýleki tohum atlaryň arasynda atlary synamak üçin geçirilýän çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny, gözellik bäsleşiklerini geçirmek üçin ýörite sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan desga;

22) atly sport ýaryşlary – sport ýaryşlarynyň guramaçylary tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda türgen-çapyksuwarlaryň arasynda geçirilýän, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar;

23) türgen-çapyksuwar – dürli atly sport ýaryşlarynda at üstünde çykyş edýän türgen;

24) atyňgenotipi – atyň bedeninde nesil esasy bolup durýan,  ähli genleriň jemi;

25)atyň fenotipi – atyň töwerekdäki daşky gurşawyň faktorlarynyň täsiri astynda genotip esasynda dörän, atyň tohumynyň ähli alamatlarynyň we häsiýetleriň jemi;

26) atlaryňahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeş – atçylyk babatda alymlardan, tälimçilerden we hünärmenlerden düzülentopar;

27) taýyň şahadatnamasy – taý doglan badyna bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada berilýän, onuň asly baradaky we beýleki şahsy maglumatlaryny öz içine alýan resminama.

 

2-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryndan, şu Kanundan hem-de atçylyk we atly sport babatdaky Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

 

3-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary

 

Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary atçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohumlarynyň tohum özenini gorap saklamak, atlaryň tohumyny köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen atçylygy ösdürmek, Türkmenistanda atly sporty ösdürmek we ýaýratmak, şeýle hem atly sportda ýokary netijeleri gazanmak bolup durýar.

 

4-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

 

Atçylyk we atly sporthakynda Türkmenistanyňkanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) döwlet syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda atçylyk we atly sport babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek;

2) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryna laýyklykda atlary ösdürip ýetişdirmek, saklamak we zooweterinariýa kadalaryny berjaý etmek;

3) atlary genotipi we fenotipi boýunça seçip almak bilen baglanşykly atçylyk işini guramak;

4) atçylyk babatda ylmy-barlag işlerini, immuno-genetiki barlaglaryň esasynda amala aşyrmak we ösdürmek;

5) atlaryň tohumlarynyň tohum özenini döretmek maksady bilen atlaryň baş sanyny artdyrmagyň meýilnamasyny meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek;

6) möwsümleýin at çapyşyklarynyň geçirilmegini guramak;

7) okuw-türgenleşik we sport çäreleri geçirilen mahalynda adamlaryň we atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;

8) atlaryň genetiki alamatlarynyň, biologik we fiziologik aýratynlyklarynyň hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin olary seçip almagyň barlaghana barlagyny geçirmek;

9) atly sportda we atlary synamak üçin geçirilýän çapyşyklarda doping serişdeleriniň we (ýa-da) ulanylmagy gadagan edilen usullaryň ulanylmagynyň öňüni almak;

10) atlary uýgunlaşdyrmak we şejere ugurlary boýunça ylmy esasda köpeltmek boýunça işleri amala aşyrmak;

11) atçylyk babatda ekologik we sanitariýa talaplary berjaý etmek;

12) atçylyk babatda atçylyk pudagyndaky işgärleriň we hünärmenleriň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek;

13) atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň we bu çygyrda bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini üpjün etmek;

14) atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;

15) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmek.

 

II BAP. ATÇYLYK WE ATLY SPORT BABATDA

DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

5-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

1. Atçylyk babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, atçylyk babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Atly sport babatda döwlet düzgünleşdirmesi, şu Kanunda we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezlen edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) atçylyk we atly sport babatda döwlet syýasatynyň baş ýörelgesiniň (strategiýasynyň) esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) atçylyk we atly sport babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;  

3) ygtyýarlandyrylan edaranyň işini utgaşdyrýar we ol baradaky düzgünnamany tassyklaýar;

4) atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5-nji, 6-njy, 7-nji we 8-nji bentleri - Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 159-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

9) atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

10) şu Kanuna we atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary

 

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) atçylyk babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) atçylyk babatda döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew-atynyň pasportynyň nusgalaryny tassyklaýar;

4) atçylyk babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

5) atlaryň baş sanynyň ýitgileri sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň Tertibini we atlaryň baş sanyny artdyrmagyň meýilnamasyny tassyklaýar;

6) atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeşi döredýär we onuň düzümini tassyklaýar;

7) atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeş barada Düzgünnamany tassyklaýar;

8) tohum atlaryň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

9) at eýesine bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada taýyň şahadatnamasyny we bedew-atynyň pasportyny berýär;

10) Döwlet tohumçylyk kitabyny işläp taýýarlaýar we onuň maglumatlaryny atşynaslara ýetirýär;

11) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

12) sport atlaryny köpeltmegi, ösdürip ýetişdirmegi amala aşyrýar we bu ugurda tohumçylyk işini alyp barýar;

13) atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar;

14) atşynaslaryň we at eýeleriniň hukuklaryny kesgitleýär;

15) atçylyk babatda tohumçylyk işiniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär;

16) atçylyk babatda işiň maliýe üpjünçiligini kämilleşdirmek we salgyt ýeňilliklerini bellemek boýunça teklipleri degişli ygtyýarlandyrylan edara berýär;

17) innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda atçylyk babatda tohumçylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýar;

18) döwlet ýa-da hususy eýeçilikde atlary bar bolan ýuridik we fiziki şahslaryň işini utgaşdyrýar we gözegçilik edýär;

19) olaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan atçylyk pudagynyň subýektleriniň maglumat üpjünçiligini guraýar;

20) atlaryň baş sanynyň ösüşiniň dinamikasyny we hasaba alnyşyny alyp barýar, atçylyk hojalyklary boýunça höwür atlary, tohum baýtallary saýlamagy we paýlamagy geçirýär hem-de olaryň maksatly ulanylmagyny üpjün edýär;

21) taý doglan badyna merkezleşdirilen çipleşdirmegi amala aşyrýar we taýyň şahadatnamasyny berýär;

22) atçylyk babatda çap neşirlerini taýýarlaýar, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri hem-de ýarmarkalary guraýar we geçirýär;

23) Türkmenistanda we daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän atly sport ýaryşlaryna, at çapyşyklaryna, atlaryň sergilerine, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine we atlary satmak boýunça söwdalara gatnaşýar;

24) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde totalizatory guraýar we geçirýär;

25) atçylyk babatda hünär bilimi ulgamyny guramagy, kämilleşdirmegi we ösdürmegi amala aşyrýar;

26) atçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün edýär;

27) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

28) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda atçylyk babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Atçylyk we atly sportbabatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) özüniň garamagyndaky çäkde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýarlar we atçylyk pudagynyňwe atly sportuň ösdürilmegine ýardam edýärler;

2) atşynaslara, at eýelerine hojalyk we zootehniki çäreleriniň amala aşyrylmagynda ýardam edýärler;

3) atlaryň we atçylyk obýektleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

4) ekologik kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

5) atçylyk obýektlerini gurmagyň taslamalaryny düzmäge gatnaşýarlar;

6) atçylyk pudagynyň subýektlerine ýer böleklerini bölüp bermek meselesini çözmeklige gatnaşýarlar, hojalyk galyndylarynyň ýerlenilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde atçylyk işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýärler;

8) ýer, suw, tebigaty goraýyş, weterinariýa, sanitariýa-epidemiologik we beýleki gatnaşyklar babatda işi utgaşdyrýarlar;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda atçylyk babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz garamagyndaky çäklerde atçylygy alyp barmak üçin niýetlenilen ýer bölegini bölüp bermek baradaky meselelere Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda seredýärler.

 

III BAP. ATÇYLYK BABATDA EÝEÇILIK HUKUGY.

ATÇYLYK IŞI

 

9-njy madda. Atçylyk babatda eýeçilik hukugy

 

1. Atçylyk döwlet we hususy eýeçilik hukugyna esaslanýar.

2. Bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew-atynyň pasportynyň berilmegi onuň at eýesine degişlidigine esas bolup durýar.

 

10-njy madda. Atçylygyň obýektleri

 

1. Atçylygy alyp barmak üçin zerur bolan desgalar we serişdeler, atçylygyň obýektleri bolup durýarlar.

2. Atçylyk obýektlerine athanalar, karantin atýataklar, weterinar nokatlary, ot-iým ammarlary, atlary türgenleşdirmek we gezdirmek üçin meýdançalar, öri meýdanlary, ot-iýmleri öndürmek üçin ýerler, suwa ýakylýan desgalar (guýular, howuzlar, sardoblar, tebigy suw çeşmelerinden sowgutlar), atçylyk sport toplumlarynyň desgalary degişlidir.

 

11-nji madda. Atçylyk işiniň subýektleri

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar atçylyk işiniň subýektleri bolup durýarlar.

2. Atçylyk işiniň subýektleri Türkmenistanyň raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bolup bilerler.

3. Atçylyk işiniň subýektleri Türkmenistanda atlary satyn almak ýa-da kärendesine almak arkaly atçylyk we atly sporty bilen meşgullanyp bilerler.

 

12-nji madda. Atçylyk işiniň görnüşleri

 

Atçylyk işiniň görnüşlerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) atlary ösdürip ýetişdirmek, saklamak we olara ideg etmek;

2) atlar üçin ot-iým öndürmek;

3) atlary öri meýdanlarda bakmak;

4) atlary köpeltmek, daşamak, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak;

5) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi;

6) atçylyk babatda weterinariýa işi;

7) atlary synamak üçin çapuwlaryny we atly sport ýaryşlaryny, atlaryň arasynda gözellik bäsleşiklerini guramak;

8) atly syýahatçylygy guramak;

9) atlaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek;

10) eminler toparynyň işi;

11) tohum atlaryň aprobasiýasyny geçirmek;  

12) atçylyk babatda geçirilýän ylmy-barlag işi.

 

13-nji madda. Atçylyk babatda weterinariýa işi

 

Atçylyk babatda weterinariýa we zootehniki talaplaryň ýerine ýetirilmegi «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi

 

Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi – tohum atlaryň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamaga we gowulandyrmaga gönükdirilen zootehniki, seçgi hem-de guramaçylyk-hojalyk çäreleriniň toplumydyr.

 

15-nji madda. Atçylyk babatda tohumçylyk işini goramak

 

1. Atçylyk babatda tohumçylyk işi arassa ganly atlaryň genofonduny gorap saklamak, tohumçylyk işiniň täze ugurlaryny kesgitlemek arkaly amala aşyrylýar.

2. Arassa ganly atlaryň genofonduny gorap saklamak maksady bilen, tohumçylyk işinde eýeçiligiň islendik görnüşinde bar bolan, Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen höwür atlar we tohum baýtallar peýdalanylyp bilner.

3. Atçylyk babatda tohumçylyk işi «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Atçylyk işiniň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak

 

Atçylyk işiniň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmak ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Atçylyk işi babatda sertifikatlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak

 

Atçylyk işi babatda sertifikatlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Atçylyk babatda standartlaşdyrma

 

Atçylyk babatda standartlaşdyrma «Standartlaşdyrmak hakynda» we «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň atçylyk işine gatnaşmagy

 

Jemgyýetçilik birleşikleri atçylykişine Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda gatnaşýarlar.

 

20-nji madda. Atçylyk babatda telekeçilik işi

 

Atçylyk babatda telekeçilik işi, peýda almaga gönükdirilen çäreleriň we hojalyk işleriniň toplumyny öz içine alýar hem-de şu aşakdaky esasy ugurlardan ybaratdyr:

1) tohum atlaryň auksion we söwdanyň beýleki görnüşlerini geçirmek arkaly satylmagy;

2) atlaryň arasynda tohum atlaryň gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy;

3) atlary synamak üçin geçirilýän çapyşyklaryň guralmagy;

4) tohum atlaryň bellenilen tertipde tölegli esasda höwre goýulmagynyň guralmagy;

5) tölegli atly tomaşalarynyň we at çapyşyklarynyň guralmagy;

6) atly gezelençleriň we atly syýahatçylygyň guralmagy;

7) ippoterapiýaly okuwlaryň guralmagy;

8) atlaryň kärendesine berilmegi.

 

21-nji madda. Atşynaslaryň we at eýeleriniň hukuklary we borçlary

 

1. Atşynaslar we at eýeleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) ýuridik we fiziki şahsyň adyndan hereket etmäge;

2) atçylyk babatda işiň görnüşini (telekeçilik ýa-da telekeçilik däl) kesgitlemäge;

3) atlary satyn almaga, satmaga we maksatlaýyn peýdalanmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda atçylyk we atly sport babatda jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge;

5) atçylyk we atly sport babatda özüniň kanuny bähbitlerini goramaga;

6) olara, atlaryna, emlägine we beýleki maddy gymmatlyklaryna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy hukugyna;

7) atlary we atçylyk işini mahabatlandyrmaga;

8) atçylyk barada zerur maglumatlary almaga we toplamaga;

9) atçylyk we atly sport boýunça ýörite bilim almaga, özüniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge we hünär derejesini ýokarlandyrmaga;

10) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmaga;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda atlaryň söwdasyny guramaga;

12) özleriniň tohum atlaryny atlaryň gözellik bäsleşiklerine we atly sport ýaryşlaryna gatnaşmaga çykarmaga;

13) atçylyk pudagyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamaga we ygtyýarlandyrylan edara bermäge;

14) atçylygy we atly sporty ösdürmegiň maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;

15) atçylyk we atly sport babatda ygtyýarlandyrylan edaralaryň we degişli hünärmenleriň usuly maslahatlaryny peýdalanmaga;

16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklara eýedirler.

2. Atşynaslar we at eýeleri şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) Döwlet tohumçylyk kitabynda bellige alnan taýyň, doglan mahalynda dakylan adyny üýtgetmezlige;  

2) atçylyk obýektlerinde weterinariýa-sanitariýa kadalaryny, tehniki howpsuzlygy berjaý etmäge we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge;

3) atçylyk babatda weterinariýa kadalaryny berjaý etmäge;

4) atlaryň saklanylyşyna bildirilýän ekologik talaplaryny berjaý etmäge;

5) öz atlarynyň Döwlet tohumçylyk kitabyna ýazylmagy üçin ýüz tutma bermäge;

6) atlar sürülende ýa-da daşalanda olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

7) atlaryň keselleriniň döremeginiň, şikeslenmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge we olaryň bejerilmegini üpjün etmäge;

8) atlary saklamagyň we olary idetmegiň zootehniki düzgünlerini berjaý etmäge;

9) tohum atlaryny belli maksat boýunça peýdalanmaga;

10) atyň mertebesini ýokarlandyrmaga we oňa bolan hormaty terbiýelemäge;

11) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryşedaralary tarapyndan ýörite bölünip berlen ýerlerde ölen atlary jaýlamaga;

12) eýeçiligiň islendik görnüşinde bar bolan tohum atlaryň baş sanynyň hasabyny ýöretmäge we bu barada ygtyýarlandyrylan edara hasabat bermäge;

13) tohum atlaryň tohum arassalygyny aýap saklamaga;

14) atlaryň baş sanyny gorap saklamaga we köpeltmäge;

15) atlaryň ahalteke tohumybilen tohumçylyk işi boýunça Geňeşi tarapyndan tassyklanylan meýilnama laýyklykda atlaryň höwür möwsümini kesgitlemäge;

16) ähli ýaş toparlaryndaky atlaryň sany barada ygtyýarlandyrylan edara hasabat bermäge;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

 

22-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda maglumaty bermegiň we peýdalanmagyň tertibi

 

1. Atçylyk we atly sport babatdagulluk, hünär ýa-da täjirçilik syry saklaýan maglumaty ýaýratmak gadagan edilýär.

2. Seýsiň ýa-da atly sport boýunça tälimçiniň syryny düzýän maglumat, diňe olaryň razylygy bilen üçünji şahsa berlip bilner.

 

IV BAP. ATÇYLYK

 

23-nji madda. Atlaryň tohumlary

 

Atlaryň tohum aýratynlyklary boýunça we gelip çykyşy boýunça atlar şu aşakdaky toparlara bölünýärler:

1) belli bir tohuma degişli we tohum arassalygyny saklaýan arassa ganly atlar;

2) özleriniň ýaş toparlary boýunça, aýlawlarda at çapyşyklaryna gatnaşýan çapuw atlary;

3) atly sportuň ähli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin ýörite seýislenilen we türgenleşdirilen sport atlary;

4) atly gezelençler we atly syýahatçylyk, ippoterapiýada peýdalanmak üçin atlar;

5) tohumara çaknyşdyrma esasynda alnan, gelip çykyşy gatyşyk atlar.

 

24-nji madda. Bedew-atynyň pasporty

 

1. Bedew-atynyň pasportynda atyň ady, şahsy belgisi, umumy nyşanlary, atyň gelip çykyşy, tohumyň arassa ganlylygy we onuň at eýesine degişliligi görkezilýär.

2. Atlaryň bonitirowkasynyň resmi netijesiniň olaryň pasport maglumatlaryna laýyk gelýändiginiň anyklanylmagy atyň aslyny aňladýar.

3 Bedew-atynyň pasportyny resmileşdirmegiň, bermegiň we çalyşmagyň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

 

25-nji madda. Döwlet tohumçylyk kitaby

 

1. Döwlet tohumçylyk kitaby ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we her bäş ýyldan çap edilýär.

2. Döwlet tohumçylyk kitaby atlaryň tohumçylyk kartoçkalary esasynda düzülýär.

3. Döwlet tohumçylyk kitabynda bellige alynmadyk atlar, arassa ganly hasaplanylmaýar.

 

26-njy madda. Atlary goramak we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler

 

1.Atlary goramak atlaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, olary köpeltmek, atçylyk babatda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar.

2. Atlary goramak aşakdaky çäreleri geçirmek arkaly üpjün edilýär:

1) arassa ganly atlaryň genofonduny gorap saklamak;

2) atlary fiziki, mehaniki, himiki we biologiki zeper ýetmelerden goramak;

3)atlar saklanylan, öri meýdanlarda bakylan, peýdalanylan we olara ideg edilen mahalynda olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;

4) atlary peýdalanmak bilen baglanyşykly çäklendirmeleri we gadaganlyklary bellemek;

5) atlary goramak üçin aýratyn ýerleri bölüp bermek;

6) atlaryň arasynda keselleriň öňüni almak, tebigy  heläkçilikleriň netijesinde, atlara ýetirilen zelel üçin jogapkärçilik çekmek;

7) gan gatyşma netijesinde atlaryň tohumlarynyň ýitip gitmek  howpunyň öňüni almak;

8) atlary goramak boýunça çäreleriň esaslandyrylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglary guramak;

9) raýatlary atlara bolan ynsanyýetçilik gatnaşygy ruhunda terbiýelemek;

10) atlary saklamagyň weterinariýa, sanitar-epidemiologik, ekologik talaplaryny berjaý etmek;

11) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde atlary goramak we peýdalanmak taglymatyny (doktrina) wagyz etmek.

 

27-nji madda. Atlary peýdalanmak bilen baglanyşykly çäklendirmeler

 

1. Atlary et önümlerini öndürmek üçin peýdalanmak gadagan edilýär.

2. Atlary saklamak, bakmak üçin ýerlerde, ekologiýa seljermesini geçirmezden, gurluşyk işleriniň geçirmegine ýol berilmeýär.

3. Atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeşiň rugsady bolmazdan, tohum atlary Türkmenistanyň çäginden daşyna satmak bilen baglanyşykly söwdalary geçirmäge ýol berilmeýär.

4. Atlar üçin doping serişdelerini peýdalanmak gadagan edilýär.

5. Atlarda ylmy barlaglar geçirilen mahalynda atlary peýdalanmak bilen gynamalara, fiziki taýdan jebre sezewar etmek gadagan edilýär.

6.Ylmy-barlag, geodeziýa işleri, geologik gözlegler, arheologik gazuwlar geçirilen mahalynda at eýeleriniň rugsady bolmazdan atçylyk obýektlerini peýdalanmak gadagan edilýär.

 

28-nji madda. Atlaryň saklanylyşyna bildirilýän ekologik talaplar

 

1. Athanalara ýanaşyk çäklerde, atçylyk pudagy bilen bagly bolmadyk desgalary gurmak, ýerleşdirmek,ýer işlerini geçirmek we ekologik kadalaryny bozmak gadagan edilýär.

2. Athanalarda tehniki we weterinariýa kadalary berjaý edilmelidir.

 

29-njy madda. Atlaryň Türkmenistanyň çäginden daşary çykarylmagy we olaryň Türkmenistanyň çägine getirilmegi

 

1. Atlaryň Türkmenistanyň çäginden daşary çykarylmagy we olaryň Türkmenistanyň çägine getirilmegi atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeşiň rugsatnamasy esasynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanda tohumlyk gymmatlygy bolmadyk atlary, Türkmenistanyň çäginden daşyna satmak, sowgat etmek, girewine goýmak, çalyşmak, kärendesine bermek bilen baglanyşykly iş, atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeşiň rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Atlary çiplemek

 

1. Atlary çiplemek atçylyk babatda tohumçylyk işiniň esasy bolup durýar.

2. Täze doglan taý çiplenilýär, oňa taýyň şahadatnamasy berilýär we Döwlet tohumçylyk kitabynda bellige alynýar hem-de onuň ömrüniň ähli dowamynda hasapda durýar. Türkmenistanyň hemme tohum atlary Döwlet tohumçylyk kitabynda bellige alynmazyndan ozal çiplenilmäge degişlidir.

 

31-nji madda. Atçylyk babatda ýer gatnaşyklary

 

Atçylyk işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslara, ýer böleklerini bölüp bermek Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 

V BAP. ATÇYLYK BABATDA YLMY ÜPJÜNÇILIK WE

HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

 

32-nji madda. Atçylyk babatda ylmy-barlag işlerini geçirmek

 

1. Atçylyk babatda ylmy-barlag işlerini geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilen tertipde, ygtyýarlandyrylan edara, ylmy-barlag institutlary, ylmy önümçilik merkezleri, barlaghanalar  we degişli bilim edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlandyrylan edara öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde atçylygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär we atçylyk babatda ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga ýardam edýär.

 

33-nji madda. Atçylyk  babatda hünärmenleri taýýarlamak

 

Atçylyk babatda hünärmenleri taýýarlamak orta  hünär we ýokary hünär bilim edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Görkezilen edaralaryň döredilmegi we işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

34-nji madda. Atçylyk babatda hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak

 

1. Atçylyk babatda hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Atçylyk pudagynyň işgärlerine bildirilýän hünär talaplary Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen bilelikde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Atçylyk pudagynyň işgärlerine ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kwalifikasion derejeler berlip bilner.

 

35-nji madda. Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryna awtorlyk hukugy we intellektual eýeçilik hukugy

 

Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryna awtorlyk hukugy we intellektual eýeçilik hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

VI BAP. ATÇYLYK WE ATLY SPORT BABATDA IŞIŇ MALIÝELEŞDIRILIŞI, DÖWLET TARAPYNDAN GOLDANYLMAGY WE HÖWESLENDIRILMEGI

 

36-njy madda. Atçylyk we atly sport babatda işi maliýeleşdirmek

 

Atçylyk we atly sport babatda işi maliýeleşdirmek şu aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) atçylyk we atly sport babatda kärhanalarynyň önümçilik-hojalyk işleriniň netijesinde alynýan girdejileriň;

3) atçylyk we atly sport babatda işi amala aşyrýan jemgyýetçilik guramalarynyň serişdeleriniň;

4) hemaýatkärlik we gaýry kömekleriň serişdeleriniň;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik, maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň.

 

37-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda işiň döwlet tarapyndan goldanylmagy

 

Atçylyk we atly sport babatda işiň döwlet tarapyndan goldanylmagy şu aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:

1) döwlet maýa goýumlaryny bölüp bermek;

2) karz serişdelerini ýeňillikli şertlerde bermek;

3) salgyt ýeňilliklerini bermek;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki ýeňillikleri bermek.

 

38-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda işi höweslendirmek

 

Ýuridik we fiziki şahslar atçylygy we atly sporty ösdürmäge goşan şahsy goşandy, atly sportda gazanan ýokary netijeleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aşakdakylara hödürlenilip bilner:

1) döwlet sylaglary bilen sylaglanmaga;

2) hormatly atlaryň dakylmagyna;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sylaglamagyň beýleki görnüşlerine.

 

VII BAP. ATLY SPORT

 

39-njy madda. Atly sport ýaryşlaryny guramak we geçirmek

 

1. Türkmenistanyň çäginde resmi atly sport ýaryşlaryny geçirmek sportuň görnüşleriniň Döwlet sanawyna girizilen atly sportuň görnüşleri boýunça amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginde sportuň görnüşleriniň Döwlet sanawyna girizilmedik atly sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlar, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça geçirilip bilner.

3. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, atly sportuň Milli federasiýasy hem-de ygtyýarlandyrylan edara bilen bilelikde Türkmenistanda atly sport boýunça umumydöwlet we halkara ýaryşlarynyň geçirilmegini guraýarlar.

4. Atly sport ýaryşlarynyň guramaçylary, atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, atly sportuň Halkara federasiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan we tassyklanylan, atly sport babatda kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilmegini üpjün edýärler.

Atly sport ýaryşlarynyň guramaçylary ýaryşlar geçirilen mahalynda ýaryşlaryň geçýän ýeriniň howpsuzlygyny, ýaryşlary geçirmek üçin meýdançalaryň topragynyň hilini, athanalaryň sanitariýa ýagdaýyny, ýaryşlaryň geçýän ýerine we ýaryşlar tamamlanandan soň bellenilen ýerlere atlary daşamagyň howpsuzlygyny üpjün edýärler.

5. Umumydöwlet atly sport ýaryşlary atly sportuň Milli federasiýasy hem-de ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmagy esasynda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça geçirilýär.

Umumydöwlet atly sport ýaryşlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, atly sportuň Milli federasiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan we tassyklanylan, ýaryşlar baradaky düzgünnamalara laýyklykda geçirilýär.

6. Türkmenistanyň çäginde halkara atly sport ýaryşlary  atly sportuň Halkara federasiýasynyň hem-de bedenterbiýe we sport  babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň çözgüdi esasynda geçirilýär.

Halkara derejesindäki atly sport ýaryşlary atly sportuň Halkara federasiýasy tarapyndan tassyklanylan düzgünnamalara laýyklykda geçirilýär.

7. Umumydöwlet we halkara derejesindäki atly sport ýaryşlary «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda umumydöwlet we halkara sport çäreleriniňÝeke-täk senenama meýilnamasyna girizilýär.

 

40-njy madda. Sport atlaryny we türgen-çapyksuwarlary ýaryşlara taýýarlamak hem-de olara gatnaşmak

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy atly sportuň Milli federasiýasy bilen bilelikde atly sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparynyň halkara ýaryşlaryna taýýarlygyny we olara gatnaşmagyny guraýarlar.

2. Atlaryň atly sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlara we synamak üçin çapyşyklaryna gatnaşmaga rugsat, bedew-atynyň pasportynyň we atyň saglyk ýagdaýy barada weterinar kepilnamanyň bar bolan mahalynda, at eýesiniň ýaryşlara we görkezilen çapyşyklara gatnaşmak üçin ýüztutmasyny bereninden soň, çäräniň guramaçysynyň rugsat bermegi esasynda ygtyýar berilýär.

3. Atlary ýaryşlara taýýarlamagyň ähli tapgyrlarynda atlaryň fiziki ýagdaýyna aýratyn üns berilmelidir.

4. Halkara atly sport ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän döwürde we olara gatnaşylýan wagtda atly sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistandan çykyş edýän atlar Milli olimpiýa komiteti we atly sport boýunça Türkmenistanyň Milli federasiýasy tarapyndan mugt weterinar hyzmatlary bilen üpjün edilýär.

5. Atly sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi, şol sanda sport esbaplary bilen üpjün etmek, ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologik, lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

41-nji madda. Türgenleriň lukmançylyk gözden geçirmesi we atly sport ýaryşlaryna gatnaşýan sport atlaryna weterinariýa gözegçiligi

 

1. Sport ýaryşlarynyň guramaçylary, görkezilen ýaryşlara gatnaşýan türgenlere lukmançylyk kömeginiň we atlara weterinar kömeginiň berilmegini üpjün edýärler.

2. Atly sport bilen meşgullanýan adamlar, deslapky we döwürleýin lukmançylyk gözden geçirmesinden hem-de atly sport ýaryşlary başlanmagyndan ozal jemleýji lukmançylyk gözegçiliginden geçmelidirler.

3. Atly sport ýaryşlaryna, hökmany weterinariýa gözegçiligini we  atly sportuň görnüşi boýunça ýörite taýýarlygy geçen atlar goýberilip bilner.

4. Hökmany lukmançylyk gözden geçirmesini geçmedik türgenler we hökmany weterinariýa gözegçiligini geçmedik atlar, atly sport ýaryşlaryna hem-de okuw-türgenleşik işlerine goýberilmeýärler.

5. Atly sport ýaryşlarynyň guramaçylarynyň, kadalaşdyryjy namalar bilen bellenilen, kesgitlenen möhletlerde weterinariýa gözegçiligini geçmedik we (ýa-da) weterinariýa gözegçiliginiň netijeleri boýunça atly sport ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsady bolmadyk atlary, ýaryşlara goýbermäge hukuklary ýokdur.

 

42-nji madda.Atly sportda doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullaryň peýdalanylmagyna garşy hereket etmek

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylan doping serişdeleriniň we (ýa-da) atly sportda peýdalanylmagy gadagan edilen usullaryň sanawyna laýyklykda, türgen-çapyksuwarlar tarapyndan, şeýle hem atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlar babatda şeýle serişdeleriň we (ýa-da) usullaryň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

2. Atly sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriň we atlaryň bedeninde doping serişdeleriniň barlygy ýüze çykarylan ýagdaýynda ýa-da görkezilen ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň gadagan edilen usullarynyň peýdalanylandygy ýüze çykarylan ýagdaýynda, olar oňa gatnaşmak hukugyndan mahrum edilýär we atly sport ýaryşlarynda gazanylan netijeler güýjüni ýitiren hasap edilýär.

3. Atly sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin gadagan edilen doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň sanawy bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylandöwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlar üçin gadagan edilen doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň sanawy, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy bilen ylalaşylmagy boýunça bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

 

43-nji madda. Atçylyk sport toplumlary

 

1. Atçylyk sport toplumlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda islendik guramaçylyk-hukuk görnüşinde döredilip bilner.

2. Atçylyk sport toplumlary,atlary synamak üçin geçirilýän çapyşyklara, atly sport ýaryşlaryna, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine we okuw-türgenleşik işlerine gatnaşýan türgen-çapyksuwarlar, çapyksuwarlar, tälimçiler we atçylyk we atly sport babatda beýleki hünärmenler üçin, şeýle hem görkezilen çärelere gatnaşdyrylýan atlar üçin, olaryň saglyk goraglylygyny kepillendirýän amatly şertleri üpjün edýärler.

3. Atçylyk sport toplumlarynyň binýadynda atçylyk sport klublary, okuw-usulyýet merkezleri, atly sportuň seksiýalary we  şu Kanunyň düzgünlerine hem-de bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işi amala aşyrýan edaralaryň beýleki görnüşleri döredilip bilner.

4. Atçylyk sport toplumlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.

5. Atçylyk sport toplumlary öz işini öz hususy serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrýarlar.

 

44-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda we atlary synamak üçin geçirilýän çapyşyklarda ýokary netijeler gazanan türgen-çapyksuwarlary, çapyksuwarlary, tälimçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak

 

Atly sportuň görnüşleri boýunça Olimpiýa oýunlarynda, Aziýa oýunlarynda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, umumydöwlet atly sport ýaryşlarynda we at çapyşyklarynda baýrakly orunlara eýe bolan türgen-çapyksuwarlara we çapyksuwarlara, şeýle hem olary taýýarlan tälimçilere, seýislere we beýleki atçylyk we atly sport babatda hünärmenlere mukdary we möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän baýraklar we pul sylaglary bellenilýär.

 

45-nji madda.Atçylyk sport toplumlarynda totalizatory guramak we geçirmek

 

1. Atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän atlary synamak üçin çapyşyklarda we atly sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda totalizatorlar guralyp bilner.

2. Atçylyk sport toplumlarynda totalizatory geçirmegiň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

46-njy madda. Atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistan atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrýar.

2. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, atly sportuň Milli federasiýasy atly sportuň halkara guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, şeýle hem atly sportuň halkara guramalary tarapyndan geçirilýän sport we beýleki çärelerde Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyna eýedirler.

 

47-nji madda. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy

 

1.Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy – esasy maksady ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, daşary ýurtlarda arassa ganly atlaryň hasaba alnyşyna gözegçilik etmek, genofondy gorap saklamak we ahalteke atlarynyň naýbaşylarynyň baş sanyny köpeltmek bolup durýan halkara jemgyýetçilik guramasydyr.

2. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny dolandyrmak assosiasiýanyň prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy atçylyk babatda halkara guramasynyň agzasy bolup biler, şeýle hem ahalteke atçylygynyň dünýä ýüzünde ösdürilmegine ýardam edip, atçylykda tohumçylyk işini we atlaryň ahalteke tohumyny wagyz etmegi alyp baryp biler.

 

48-nji madda. Atçylyk pudagynyň subýektlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, atçylyk pudagynyň subýektlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

 

49-njy madda. Jedelleri çözmek

 

Atçylyk we atly sport babatda ýüze çykýan jedeller,Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

50-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny bozan ýuridik we fiziki şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

51-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                           Gurbanguly

     Prezidenti                                                             Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 21-nji noýabry.

№ 308-V.