Mahabat hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Mahabat hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1,  59-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 49-VI Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we mahabaty öndürmegiň we ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) mahabat – mahabatlandyrmagyň obýektine bolan gyzyklanmany döretmäge ýa-da goldamaga hem-de onuň bazarda öňe ilerlemegine ýardam etmäge çagyrylan, oňa bolan ünsi çekmäge gönükdirilen, şahslaryň kesgitsiz toparyna degişli islendik usul bilen, islendik görnüşde we islendik serişdeleri peýdalanmak bilen mahabat işiniň subýektleri tarapyndan ýaýradylýan mahabatlandyrmagyň obýekti hakynda maglumat;

2) mahabatlandyrmagyň obýekti – haryt, iş ýa-da hyzmat, harydy (işi, hyzmaty) öndüriji ýa-da satyjy, gurama (ýa-da raýat), intellektual işiň netijeleri, ýuridik şahsy, harydy (işi, hyzmaty) aýrybaşgalaşdyrmagyň serişdeleri, durmuş häsiýetli çäreler, bäsleşikler, lotereýalar, oýunlar we beýleki çäreler;

3) mahabat işi – mahabatlandyrmagyň obýektini we mahabatyň mazmunyny kesgitlemek, mahabaty öndürmek, mahabaty ýaýratmak boýunça hyzmatlary etmek babatda işleri ýerine ýetirmek boýunça mahabat işiniň subýektleriniň işi;  

4) mahabat işiniň subýektleri – mahabaty beriji, mahabaty öndüriji, mahabaty ýaýradyjy;

5) mahabaty beriji – mahabatyň buýrujysy bolup durýan, mahabatlandyrmagyň obýektini we mahabatyň mazmunyny kesgitlän ýuridik ýa-da fiziki şahs. Mahabaty beriji mahabaty öndürijiniň we mahabaty ýaýradyjynyň wezipelerini ýerine ýetirip biler;

6) mahabaty öndüriji – mahabaty ýaýratmak üçin ony taýýar görnüşe çenli doly ýa-da kem-käsleýin ýetirmek arkaly mahabaty öndürmek boýunça hyzmatlary edýän ýuridik ýa-da fiziki şahs. Mahabaty öndüriji mahabaty ýaýradyjynyň wezipelerini ýerine ýetirip biler;

7) mahabaty ýaýradyjy – mahabatyň Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik usul bilen, islendik görnüşde we islendik serişdeleri peýdalanmak bilen ýaýradylmagyny amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

8) mahabaty sarp edijiler – ünsüni  mahabatlandyrmagyň obýektine çekmek üçin, mahabata gönükdirilen fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar;  

9) göwnejaý bolmadyk mahabat – öndürilende we (ýa-da) ýaýradylanda onuň mazmunyna, öndürilişine, şeýle hem ýaýratmagyň wagtyna, ýerine we usulyna bolan şu Kanunyň talaplarynyň bozulmalaryna ýol berlen ynsapsyz, ygtybarsyz, etiki däl we gizlin mahabat;

10) garşylyklaýyn mahabat – göwnejaý bolmadyk mahabatyň netijesinde mahabaty sarp edijide mahabatlandyrmagyň obýekti barada emele gelen ýalňyş düşünjeleri düzetmek, onuň döreden ýa-da döredip biljek netijelerini göwnejaý bolmadyk mahabaty ýalana çykarmak we hakyky subutnamalary dikeltmek arkaly düzetmek maksady bilen mahabat işiniň subýektleri tarapyndan amala aşyrylýan mahabatyň görnüşi;

11) durmuş mahabaty – täjirçilik däl häsiýetli haýyr-sahawat we beýleki jemgyýetçilik peýdaly maksatlary gazanmaga, şeýle hem döwletiň bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilen we şahslaryň kesgitsiz toparyna gönükdirilen mahabat;

 12) daşarky mahabat – jaýlaryň (desgalaryň) daşarky taraplarynda ýa-da olaryň daşynda, ýerasty pyýadalar geçelgelerinde, mahabat gurnawlarynda, gozgalýan obýektlerde we açyk giňişlikde görüp kabul etmäge elýeterli bolan ilatly nokatlarda we awtomobil hem-de demir ýollarynyň sowgut zolagynda ýerleşdirilen mahabat;

13) mahabat gurnawlary – olarda mahabat häsiýetli şekili we (ýa-da) ýazgy maglumatyny girizmek, ýerleşdirmek ýa-da şekillendirmek üçin niýetlenen daşarky mahabatyň dürli göwrümli we tekizlik görnüşindäki obýektleri (germewler, diwarlyklar, gurluşyk torlary, çekilmeler, elektron hem-de wideoşekillerini görkezmek üçin ekranlar we elektron tablo, proýeksiýa we mahabaty islendik üstlerde proeksiýa etmek üçin niýetlenen beýleki enjam, howa şarlary, aerostatlar we durnukly çäk ýerleşdirmeleriň beýleki tehniki serişdeleri). Mahabat gurnawlary diňe mahabaty ýaýratmak maksady bilen peýdalanylmalydyr;

14) mahabat gurnawynyň eýesi – mahabat gurnawynyň eýesi bolup durýan fiziki ýa-da ýuridik şahs ýa-da mahabat gurnawyna bolan zat hukugyna ýa-da onuň eýesi bilen şertnamanyň esasynda mahabat gurnawyna eýelik etmek we peýdalanmak hukugy bolan başga şahs;

15) hemaýatkärlik mahabaty – onda hemaýatkär hökmünde kesgitlenen şahs barada hökmany bellenilip geçilmegi şertinde ýaýradylýan mahabat;

16) hemaýatkär – bir fiziki we ýuridik şahs (hemaýatkärlik edilýän) tarapyndan sport, medeni we islendik beýleki çäreleri guramak we (ýa-da) geçirmek, tele- ýa-da radioönümleri taýýarlamak we (ýa-da) ýaýlyma bermek üçin ýa-da döredijilik işiniň beýleki netijeleri gazanylanda we (ýa-da) ulanylanda olaryň işine goşant (pul serişdeleri, emläk, intellektual işiň netijeleri, hyzmatlary etmek, şeýle hem işleri ýerine ýetirmek hökmünde) goşýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

17)

multimediýa mahabaty – tele- we radioýaýlymlarda ýaýradylýan mahabatdan başga mahabat maglumatyny ses we (ýa-da) tomaşa görnüşinde (ýazgy, grafika, surat, wideo, multiplikasiýa (animasiýa), ses hereketleri we beýleki görnüşler) amala aşyrýan, programma-tehniki serişdeleriniň kömegi bilen ýaýradylýan mahabat;


18) mahabatyň meýdany – mahabaty ýerleşdirmek üçin ýörite niýetlenen we (ýa-da) peýdalanylýan üstüň meýdany;

19) hereketli ýazgy – telewizorlaryň ekranlarynda, şeýle hem mahabaty stasionar ýerleşdirmegiň obýektleri bolan − aýratyn monitorlarda, kesgitli maglumaty jemläp düzýän harplaryň, sanlaryň we belgileriň utgaşmalaryny yzygiderli gezekleşdirmek (ondan-oňa hereket etmek) bilen häsiýetlendirilýän, teleýaýlymlar, kino- we wideo hyzmaty boýunça berilýän mahabaty ýaýratmagyň usuly;

20) at ýazgy – jaýa girelgeleriň sanyna görä oňa girilýän ýerlerde we (ýa-da) eýeleýän çäginiň aýmançasynyň girelgesinde, şeýle hem harytlaryň ýerlenilýän, işleriň ýerine ýetirilýän we hyzmatlaryň edilýän ýerlerindäki  fiziki we ýuridik şahslaryň hususy (kärendesine alynýan) jaýlarynyň üçeklerinde we jaýyň öňlerinde, olara birikdirilen goşmaça gurluşyklarda we wagtlaýyn desgalaryň çäklerinde ýerleşdirilýän, olary aýrybaşgalaşdyrmagyň serişdelerini goşmak bilen fiziki we ýuridik şahslaryň  işiniň häsiýeti hakynda maglumat;

21) görkeziji – ýerde ýa-da aragatnaşyk torunyň we yşyklandyryjynyň direglerinde ýerleşdirilip, guramanyň, söwda ýa-da beýleki obýektiň ýerleşýän ýerini görkezýän we onuň gös-göni golaýynda ýerleşen, onuň atlandyrylyşy, ony aýrybaşgalaşdyrmagyň serişdeleri we nawigasiýa hakynda maglumaty özünde saklaýan, takyk iki inedördül metre çenli ölçegli desga.

 

2-nji madda. Mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we mahabat we mahabat işi çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi fiziki we ýuridik şahslaryň, şol sanda Türkmenistanyň çäginde mahabat işini amala aşyrýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň mahabaty öndürmek we ýaýratmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklaryna degişlidir.

2. Şu Kanunyň hereketi aşakdakylara degişli däldir:

1) syýasy mahabata, şol sanda saýlawyň öň ýanyndaky wagyz işlerine we sala salşygyň meseleleri boýunça wagyz işlerine;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, açylmagy ýa-da ýaýradylmagy ýa-da sarp edijä ýetirilmegi hökmany bolup durýan maglumata;

3) maglumat-habar beriş we seljeriş materiallaryna, esasy maksady bazarda harydy öňe ilerletmek hökmünde bolmadyk we durmuş mahabaty bolup durmaýan ylmy barlaglaryň we synaglaryň netijelerine;

4) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň habarlaryna, eger şeýle habarlar mahabat häsiýetli maglumatlary özünde saklamasa we durmuş mahabaty bolup durmasa;

5) mahabat häsiýetli maglumatlary özünde saklamaýan at ýazgylaryna we görkezijilerine;

6) fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň telekeçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly bolmadyk bildirişlerine;

7) harytda ýa-da onuň gabynda ýerleşdirilen haryt, ony öndüriji hakynda, harydy import ýa-da eksport ediji hakynda maglumata;

8) harytda ýa-da onuň gabynda ýerleşdirilen we başga haryda degişli bolmadyk harydyň daşky görnüşiniň islendik böleklerine;

9) ylmyň, edebiýatyň ýa-da sungatyň eserlerine aýrylmaz goşulyşan we özleri mahabat häsiýetli maglumatlar bolup durmaýan haryt, ony aýrybaşgalaşdyrmagyň serişdeleri hakyndaky, harydyň taýýarlaýjysy ýa-da onuň satyjysy hakyndaky belliklere.  

 

4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary

 

Şu Kanunyň maksatlary aşakdakylar hasaplanylýar:

1) harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň bazaryny ösdürmek;

2) ynsaply we ygtybarly mahabaty almak üçin sarp edijileriň hukugyny durmuşa geçirmek;

3) mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin zerur şertleri döretmek;

4) durmuş mahabatyny öndürmek we ýaýratmak üçin amatly şertleri döretmek;

5) mahabat işiniň subýektleriniň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek;  

6) mahabat çygrynda ynsapsyz bäsdeşlikden goramak;

7) göwnejaý bolmadyk mahabatyň öňüni almak we soňuna çykmak.

 

II BAP. MAHABATA WE MAHABAT IŞINE BOLAN

TALAPLAR

 

5-nji madda. Mahabata bolan umumy talaplar

 

1. Mahabata bolan umumy talaplar kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabaty sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmeýän görnüşleriň we serişdeleriň peýdalanylmagy bolup durýar.

Mahabata diňe etiki, ynsanperwerlik, ahlak, edep-ekram kadalaryny we edeplilik kadalaryny bozmaýan habarlary ýa-da daşyndan görülýän şekilleri bermäge rugsat berilýär.

2. Mahabata ony ýaýratmagyň görnüşlerine ýa-da ulanylýan serişdelerine garamazdan ýörite bilimler bolmazdan ýa-da ýörite (tehniki) serişdeleri ulanmazdan onuň berlen pursadynda gös-göni düşünilýän bolmalydyr.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabat çap, audiowizual ýa-da jemlenen serişdeleriň ýa-da düşündirmeleriň kömegi bilen beýleki gepleşikler toplumyndan we materiallardan aýdyň saýlanmalydyr we kada bolşy ýaly mahabat üçin aýratyn böleklerde ýerleşdirilmelidir.

3. Harytlaryň we mahabatlandyrmagyň beýleki obýektleriniň mahabatynda olaryň nyrh görkezijileri Türkmenistanyň milli pulunda aňladylmalydyr, zerur bolan ýagdaýynda nyrhlar goşmaça daşary ýurt pulunda görkezilip bilner.

4. Olar babatda bellenilen tertipde peýdalanyş, saklanyş ýa-da daşamak kadalary ýa-da ulanmak dessurlary tassyklanan harytlaryň mahabatynda şeýle kadalara we dessurlara degişli bolmadyk maglumatlar bolmaly däldir.

5. Mahabat Türkmenistanyň çäginde döwlet dilinde ýaýradylýar.

Şu aşakdakylar kadadan çykma hasaplanýar:

1) köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, olarda mahabat köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tertipnamalaýyn ýa-da hasaba alyş resminamalarynda berkidilen dilinde ýaýradylýar;

2) mahabat berijiniň islegine görä daşary ýurt dillerinde ýaýradylýan mahabat, ol mahabatyň daşary ýurtly sarp edijisi üçin niýetlenendir ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykdadyr;

3) asyl nusgadaky ýazylyşy ulanylyşa giren we (ýa-da) döwlet dilinde meňzeşligi bolmadyk umumy kabul edilen daşary ýurt adalgalaryny we belgilenmeleri özünde saklaýan mahabat;

4) harytlaryň daşary ýurt dilinde ýerine ýetirilen atlandyrylyşyny, döredijilik lakamlaryny, döredijilik kollektiwleriniň we edebi eserleriniň asyl nusgadaky atlaryny, saýtlaryň domen atlaryny, şeýle hem daşary ýurt dillerini erkin bilýän şahslary işe ýa-da okuwa çagyryşlary özünde saklaýan mahabat;

5) bellenilen tertipde hasaba alnan haryt nyşanlaryny (hyzmat ediş nyşanlaryny), çaphana ýygymyndaky bogunlaýyn literleri (logotipleri) özünde saklaýan mahabat, olar asyl nusganyň diline geçirilip bilner.

Mahabatda daşary ýurt dilindäki ýazgynyň mazmuny we tehniki taýdan resmileşdirilişi döwlet dilindäki ýazga meňzeş bolan şertinde döwlet dili bilen bir hatarda daşary ýurt diliniň ulanylmagyna ýol berilýär.

Mahabatyň mazmunynyň bir dilden beýleki dile terjimesi onuň esasy manysyny ýoýmaly däldir.

6. Türkmenistanyň ýuridiki şahsy hakyndaky maglumaty özünde saklaýan mahabata, diňe bu ýuridik şahsda onuň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakynda şahadatnamasy we Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilendigi hakynda göçürmesi bolanda ýol berilýär.

Daşary ýurt ýa-da halkara ýuridik şahs hakynda maglumaty özünde saklaýan mahabata diňe bu ýuridik şahsda onuň bellige alnandygyny tassyklaýan resminamasy ýa-da onuň esaslandyrylan ýurdunyň kanunçylygyna laýyklykda onuň ýuridik derejesiniň şuňa deň bolan beýleki subutnamasy bolanda ýol berilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hususy telekeçi hökmünde onuň işiniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy talap edilýän fiziki şahs hakynda maglumaty özünde saklaýan mahabata, diňe bu fiziki şahsda onuň hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamasy bolanda ýol berilýär.

 7. Mahabata gatnaşmagyň şerti belli bir harydy ýa-da hyzmatlary edinmek bolup, bäsleşigi, oýunlary ýa-da beýleki şuňa meňzeş çäreleri geçirmek hakynda maglumaty özünde saklaýan mahabatda aşakdakylar görkezilmelidir:

1) degişli çäräniň geçirilýän möhletleri;

2) degişli çäräniň guramaçysy hakynda, ony geçirmegiň kadalary, bu çäräniň netijeleri boýunça baýraklaryň ýa-da utuşlaryň sany, möhletleri, ýeri we olary almagyň tertibi hakynda maglumatyň çeşmesi.

8. Mahabat:

1) Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmegi, onuň çäk bitewiligini bozmaklygy, döwletiň howpsuzlygyny opurmaklygy wagyz etmek ýa-da wagyz işleri maksady bilen peýdalanylmaly däldir;

2) adamyň milletiniň, teniniň reňkiniň, jynsynyň, gelip çykyşynyň, emläk we wezipe ýagdaýynyň, ýaşaýan ýeriniň, diliniň, dine garaýşynyň, syýasy ynam-ygtykadynyň ýa-da gaýry ýagdaýlarynyň alamaty boýunça onuň hukuklarynyň kemsidilmegini aňlatmaly däldir;

3) mahabatlandyrylýan harytlardan (işlerden, hyzmatlardan) peýdalanmaýan fiziki şahslarda ýaramaz garaýşy döretmeli däldir ýa-da şeýle şahslary ýazgarmaly däldir;

4) özünde döwlet we kanun bilen goralýan ýa-da beýleki syrlary saklaýan maglumatlary ýaýratmak üçin ulanylmaly däldir;

5) zorluk we rehimsizlik ynançlaryny höweslendirmeli, wagyz etmeli däldir ýa-da raýatlaryň saglygyna, döwletiň, guramalaryň we raýatlaryň emlägine zyýan ýetirmäge ukyply zorluga, rehimsizlige, howply hereketlere ýa-da olaryň howpsuzlygyna wehim salýan zyýanyň ýetirilmegine we Türkmenistanyň kanunçylygyny bozýan beýleki hereketlere gönükdirilmeli däldir;  

6) jemgyýetde dowulyň döremegine ýardam etmeli däldir, fiziki şahslary duşmançylyga, şeýle hem beýleki hukuga garşy herekete (hereketsizlik) oýarmaly däldir;

7) mahabaty sarp edijileri bulaşyklyga getirmeli däldir we olaryň bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir, özünde ýalan maglumaty saklamaly däldir;

8) mahabatlandyrylýan işiň görnüşiniň geljekki netijeliliginiň (girdejililiginiň) wadasyny ýa-da kepilini özünde saklamaly däldir.

Mahabatda mahabatlandyrylýan işiň görnüşiniň geçen döwürdäki netijeliligi (girdejililigi) hakynda maglumatlaryň ulanylmagyna mahabat berijide statistika hasabatlylygy ýa-da dogrulygy auditor guramasy tarapyndan tassyklanan maliýe hasabaty bolanda ýol berilýär;

9) ýol nyşanlary bilen meňzeş bolmaly däldir ýa-da awtomobil, demir ýol, suw we howa ulagynyň hereketiniň howpsuzlygyna başga hili wehim salmaly däldir;

10) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň we lukmançylyk tehnikasynyň, lukmançylyk kömegini bermegiň usullarynyň, lukmançylyk işini düzýän işleriň we (ýa-da) hyzmatlaryň mahabatyndan başga mahabatlandyrmagyň obýektiniň bejeriş häsiýetine görkezmäni özünde saklamaly däldir.

9. Mahabatda şu aşakdakylara  ýol berilmeýär:

1) eger şu Kanunda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýatlarynyň razylygy ýa-da olaryň kanuny wekilleriniň razylygy bolmazdan olaryň familiýalarynyň, atlarynyň we atasynyň atlarynyň, lakamlarynyň, keşpleriniň we aýdan pikirleriniň ulanylmagyna;

2) mahabatlandyrylýan obýektiň döwlet edaralary ýa-da olaryň wezipeli adamlary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan makullanandygynyň görkezilmegine;

3) saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärleriň, şeýle hem saglygy goraýyş çygrynda işi amala aşyrýan täjirçilik däl guramalaryň keşpleriniň ýa-da aýdan pikirleriniň ulanylmagyna; durmuş mahabaty, mahabat berijiniň lukmançylyk işiniň mahabaty, şeýle hem sarp edijileri diňe saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler bolup durýan we lukmançylyk ýa-da farmasewtik sergileriniň, seminarlarynyň, maslahatlarynyň we beýleki şuňa meňzeş çäreleriň geçirilýän ýerlerinde ýa-da saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde ýerleşdirilýän mahabat muňa girmeýär;

4) mahabatlandyrylýan harydyň adam embrionynyň dokumalaryny ulanyp öndürilendiginiň görkezilmegine;

5) çilim çekmek we alkogol önümini sarp etmek ýagdaýlarynyň görkezilmegine;

6) temmäki, temmäki önümleri we alkogolly içgiler hakynda maglumatlaryň, şeýle hem söwda obýektleriniň jaýlarynyň öňünde, girelgesinde (girilýän ýerinde), binalaryň tekjelerinde, aýratyn duran serişdelerinde we gaýry ýerlerinde olaryň şekilleriniň, atlarynyň ýerleşdirilmegine;

7) adamyň milletiniň, teniniň reňkiniň, jynsynyň, gelip çykyşynyň, emläk we wezipe ýagdaýynyň, ýaşaýan ýeriniň, diliniň, dine garaýşynyň, syýasy ynam-ygtykadynyň ýa-da gaýry ýagdaýlarynyň alamaty boýunça ol babatda paýyş sözleriň, gödek we kemsidiji keşpleriň, deňeşdirmeleriň we aňlatmalaryň ulanylmagyna;

8) döwlet nyşanlarynyň, guramalaryň atlarynyň, haryt nyşanlarynyň we (ýa-da) hyzmat ediş nyşanlarynyň, emblemalaryň we gaýry nyşanlaryň, şeýle peýdalanmak üçin hukugy bolmadyk şahslar tarapyndan guramalaryň ýa-da raýatlaryň emläginiň şekillendirmeleriniň ulanylmagyna;

9) eger Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda kanunçylygynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, beýleki mahabat berijiniň öz razylygy bolmazdan ýazgynyň, şygaryň, synlaýyş keşbiň, sesiň we mahabatyň beýleki ýörite serişdeleriniň ulanylmagyna;

10) maglumatyň manysynyň ýoýulmagyna getirip biljek daşary ýurt sözleriniň we aňlatmalarynyň ulanylmagyna;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda mahabatda ulanylmagyna ýol berilmeýän başga maglumatyň ýerleşdirilmegine.

10. Harydy aýrybaşgalaşdyrmagyň serişdeleriniň (firma atlarynyň, haryt nyşanlarynyň we hyzmat ediş nyşanlarynyň, geografik görkezmeleriniň) mahabatyna bu harydyň mahabaty babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen ähli çäklendirmeler we gadaganlyklar degişlidir. Bu talap eger ol mahabatlandyrmak üçin çäklendirilmedik we gadagan edilmedik başga harydy bellemek üçin hem ulanylsa we mahabatda şeýle haryt ýa-da ýuridik şahs üçin görkezme bolsa, onda harydy ýa-da ýuridik şahsy aýrybaşgalaşdyrmagyň serişdeleriniň mahabatyna degişli däldir. Şunda bu görkezme harydy aýrybaşgalaşdyrmagyň serişdelerini ýazmak üçin ulanylýan şriftiň möçberinden kiçi bolmadyk ölçegdäki şrift bilen ýerine ýetirilýär we teleýaýlymda ýaýradylýan mahabatda we multimedia mahabatynda ol mahabatyň bütin wagtynyň dowamynda ýerleşdirilmelidir, radioda ýaýradylýan mahabatda bolsa  ‒ seslendirilmelidir.

11. Duýduryjy ýazgylar we mahabatda ýerleşdirmek üçin beýleki hökmany maglumatlar açyk-aýdyň harplar we maglumat ýerleşdirilýän mahabat meýdanynyň esasyny düzýän reňkden tapawutlanýan reňk bilen ýerine ýetirilmelidir.

Mahabatdaky bar bolan maglumaty takyklaşdyrýan, mahabatda görkezilen çykgytlar, telefonlaryň belgileri, saýtyň domen ady, mahabatlandyrmagyň obýekti hakyndaky maglumaty saklaýan köpçülikleýin habar berişiň çap serişdesiniň çykarylan senesi we belgisi, mahabatda ulanylýan şriftiň has uly ölçeginiň ýarysyndan kiçi  bolmadyk ölçegdäki şrift bilen açyk-aýdyň harplar arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle maglumat teleýaýlymda ýaýradylýan mahabatda we multimedia mahabatynda bäş sekuntdan az bolmadyk wagty eýelemelidir, görkezilen mahabatyň bäş sekuntdan az dowamlylygynda – mahabatyň bütin wagtynyň dowamynda ýerleşdirilmelidir, radioýaýlymda ýaýradylýan mahabatda bolsa – seslendirilmelidir.

12. Döwlet edaralarynyň ýerleşýän jaýlarynda mahabatyň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär, durmuş mahabaty, döwlet guramalarynyň mahabatlary we telewideniýe, radio ýa-da çap neşirleri arkaly şeýle jaýlarda ýerleşdirilýän mahabat muňa degişli däldir.

13. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyny bozmak bilen, şol sanda gümrük töleglerini tölemezden Türkmenistanyň çägine getirilen mahabat materiallarynyň ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

14. Bäsdeşini ýa-da bäsdeş tarapyndan teklip edilýän şol bir görnüşdäki önümi göni ýa-da gytaklaýyn kybaplaşdyrýan deňeşdirme mahabatyna, eger onda önümiň maddy, düýpli, ygtybarly häsiýetleri adalatly we ynsaply deňeşdirilýän bolsa, eger şunda mahabat bulaşyklyga getirmese we getirip bilmese, mahabat berijiniň we bäsdeşiň şahsyýetiniň ýa-da mahabat berijiniň we bäsdeşiň haryt nyşanlarynyň (hyzmat ediş nyşanlarynyň), firma adynyň, önüminiň garjaşdyrylmagyna getirmese we bäsdeşiň ýa-da onuň haryt nyşanynyň (hyzmat ediş nyşanynyň) firma adynyň, önüminiň ýa-da işiniň işewür abraýyna zyýan ýetirmese, kemsitmese ýol berilýär.

 

6-njy madda. Mahabatyna ýol berilmeýän harytlar we hyzmatlar

 

Şularyň mahabatyna ýol berilmeýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öndürmäge we ýerlemäge gadagan edilen harytlara we (ýa-da) hyzmatlara;

2) öndürmek we (ýa-da) ýerlemek üçin ygtyýarnamalaryň ýa-da beýleki ýörite rugsatlaryň alynmagy talap edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň, şeýle rugsatlar bolmadyk mahalynda;

3) döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli bolan harytlaryň, eger-de şeýle  bellige alynmagy bolmadyk mahalynda;

4) Türkmenistanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli bolan harytlaryň we hyzmatlaryň, eger-de şeýle laýyklyk sertifikaty bolmadyk mahalynda;

5) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň prekursorlarynyň; neşe ýa-da psihotrop maddalary saklaýan ösümlikleriň we onuň bölekleriniň;

6) temmäkiniň, temmäki önümleriniň we çilim üçin esbaplaryň, şol sanda müşdekleriň, suw çilimleriň, çilim kagyzynyň, çakmaklaryň;

7) alkogol içgileriniň, piwonyň we çakyr önümleriniň;

8) alkogol önümlerine, temmäkä we temmäki önümlerine islegiň we gyzyklanmanyň höweslendirilmegine gönükdirilen baýrakly oýunlaryň, lotereýalaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň;

9) göni ýa-da gytaklaýyn alkogol önümini, temmäkini ýa-da temmäki önümini mahabatlandyrýan, alkogol önümleriniň, temmäkiniň ýa-da temmäki önüminiň ady hökmünde belli bolan haryt nyşanlaryny ýa-da adynyň böleklerini peýdalanmak bilen harytlaryň we hyzmatlaryň;  

10) temmäkiniň, temmäki önümleriniň ýa-da alkogolly içgileriň ady, haryt nyşany ýa-da şekili peýdalanylýan çäreleriň hemaýatkärlik edilmeginiň;

11) temmäkiniň, temmäki önümleriniň ýa-da alkogolly içgileriň adyny, haryt nyşanyny peýdalanmak bilen harytlaryň (futbolkalaryň, baş gaplaryň  we başga harytlaryň);

12) adamyň synalaryna we (ýa-da) dokumalaryna  bolan islegiň we (ýa-da) teklipleriň;

13) göwreliligi emeli ýol bilen aýyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň;

14) pornografik materiallaryň, çap önümleriniň, şekilleriň we gaýry pornografik häsiýetli serişdeleriň;

15) adam söwdasyna, jemgyýete garşy özüňi alyp barmaklyga mümkin bolan pidalaryň çekilmegine gönükdirilen;

16) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ene süýdüni çalşyjylaryň (çagalar üçin süýt garyndylarynyň), saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde şeýle mahabatyň ýerleşdirilmegi muňa degişli däldir;

17) biologiki işjeň goşundylaryň;

18) energiýa beriji içgileriň;

19) gipnotizýorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň, palçylaryň, spiritleriň, astrologlaryň, jadygöýleriň, prorisatelleriň (gurrandazlaryň) we özlerini wakalary öňünden aýtmaga ukyply diýip mälim edýän ýa-da ukyply hasap edýän we tebigatdan daşary ukyplary we güýçleri peýdalanmak arkaly adamlara, olaryň ruhy dünýäsine we emlägine, daşky gurşawa täsir edýän beýleki adamlaryň hyzmatlarynyň (işleriniň), şeýle hem görkezilen işi öwretmek boýunça hyzmatlaryň;

20) jynsy häsiýetli, şol sanda psihologik kömek, gatnaşyk etmek, relaksasiýa, owkalamak, ýakymly wagt geçirmek ýaly hyzmatlaryň, beýleki kanuny işiň görnüşleriniň;

21) hak tölemek esasda raýatlaryň pul serişdelerini, elektron pul serişdelerini we gaýry emlägini çekmek boýunça Türkmenistanyň ýuridik şahslary ýa-da hususy telekeçiler hökmünde hasaba alynmadyk şahslaryň işleriniň;

22) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaba alynmadyk dini guramalaryň we dini okuw mekdepleriniň;

23) adaty kazinonyň, elektron kazinonyň we internet-kazinonyň;

24) pirotehnik önümleriň, partlaýjy maddalaryň we materiallaryň;

25) harby maksatly ýaragyň we önümleriň;

26) adamyň aňyna täsir edýän hereketleriň.

 

7-nji madda. Mahabat işinde intellektual eýeçilik

 

1. Mahabat doly ýa-da kem-käsleýin awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň, oýlap tapyşyň, haryt nyşanynyň, hyzmat ediş nyşanynyň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň obýekti bolup biler, olar intellektual eýeçilik babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda goralmaga degişlidir.

2. Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar, oýlap tapyşa bolan patentler, senagat nusgalaryna bolan patentler, şeýle hem haryt nyşanlaryna, hyzmat ediş nyşanyna ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň adyna bolan şahadatnamalar bilen goralýan obýektleriň mahabat materialy hökmünde ulanylmagyna diňe şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen  intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuga eýelik ediji bilen mahabaty öndürijiniň (mahabaty ýaýradyjynyň) arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda ýol berilýär.

 

8-nji madda. Mahabat öndürilende we ýaýradylanda kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak

 

1. Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin niýetlenen ýa-da olara täsir etmäge ukyply bolan mahabat olara ahlak ýa-da psihiki şikes getirip biljek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini wehim astyna goýup biljek beýannamalary ýa-da şekilleri özünde saklamaly däldir.

2. Mahabat gadagandyr, haçanda onda:

1) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň tebigy ynanjaňlygy we tejribesizligi ulanylsa;

2) olara ahlak ýa-da fiziki taýdan zyýan ýetirip biljek ýa-da doly bahaly bolmadyk duýgyny oýaryp biljek ýazgy, synlaýyş ýa-da ses maglumaty ýerleşdirilse;

3) kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan ata-eneleriň (olaryň ornuny tutýan adamlaryň) we mugallymlaryň abraýyna, olara bolan ynama zyýan ýetirilse;

4) kämillik ýaşyna ýetmedikleri mahabatlandyrylýan harytlary edinmäge ýa-da mahabatlandyrylýan hyzmatlardan peýdalanmaga ata-eneleri ýa-da beýleki adamlary ynandyrmagy oýarsa;

5) kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan degişli harytlara eýelik etmek we degişli hyzmatlary peýdalanmak, olara beýleki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň öňünde haýsydyr bir fiziki, durmuş ýa-da psihologik artykmaçlygy berýär we  olaryň bolmazlygy gapma-garşy netijäni oýarýar diýip ynandyrylsa;

6) mahabatlandyrylýan haryt ýa-da hyzmat islendik maşgala býujeti üçin elýeter diýlip göni ýa-da gytaklaýyn görkezme döretmek ýoly bilen, kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin mahabatlandyrylýan harydyň ýa-da hyzmatlaryň gymmaty hakynda kämillik ýaşyna ýetmediklerde ýoýlan düşünje döredilse;  

7) mahabatlandyrylýan haryda eýelik etmeýän ýa-da özleriniň daşky sypaty bilen özüni aldyryp bilmeýändikleri bilen baglanyşykly kämillik ýaşyna ýetmediklerde kemterlik duýgusy emele gelýän bolsa;

8) harytdan ýa-da hyzmatdan peýdalanmak üçin kämillik ýaşyna ýetmediklere zerur bolan endikleriň derejesi azaldylsa, şeýle hem bu harydyň ýa-da hyzmatyň niýetlenen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ýaş topary hakynda nädogry düşünje döredilse;

9) gödek fiziki güýjüň, tarhanlygyň, zorlugyň we zyna azgynlygynyň ynançlary wagyz edilse;

10) olaryň ýaşaýşyna we (ýa-da) saglygyna howp döredýän, şol sanda öz saglygyna zyýan ýetirip biljek hereketleri amala aşyrmagy oýarýan ýagdaýlary goşmak bilen, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň howply ýagdaýda bolmaklaryny görkezmek ulanylsa;

11) hakyky ýa-da oýnawaç ýaragyň şekili ulanylsa.

3.Ýol berilmeýär:

1) çagalary umumybilim maksatnamalar boýunça okatmak üçin niýetlenen okuw kitaplarynda, okuw gollanmalarynda, beýleki okuw edebiýatynda, mekdep gündeliklerinde we depderlerinde mahabatyň ýerleşdirilmegine;

2) çagalar üçin niýetlenen bilim edaralarynda, çagalaryň saglyk, şypahana, bedenterbiýe-sport edaralarynda, medeniýet edaralarynda, çagalaryň sagaldyş we dynç alyş edaralarynda ýa-da agzalan edaralaryň çäginiň serhedinden ýüz metrden az bolan aralykda ýaýradylmagy gadagan edilen maglumatlary saklaýan mahabatyň ýaýradylmagyna.

4. Eger ol kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin göz öňünde tutulan mahabatlandyrmagyň obýektlerine degişli bolmasa, mahabatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň keşpleriniň audiowizual ulanylmagy ýa-da başga görnüşde ulanylmagy gadagandyr.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň çap we audiowizual mahabata gös-göni gatnaşmagyna diňe olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň razylygy bilen rugsat edilýär.

 

9-njy madda. Mahabat öndürilende we ýaýradylanda mahabat işiniň subýektlerine bolan talaplar

 

1. Mahabat beriji:

1) mahabatyň mazmuny üçin jogapkärçilik çekýär;

2) şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda mahabaty öndürýär we ýaýradýar ýa-da mahabatyň öndürilmegini we ýaýradylmagyny buýurýar.

2. Mahabaty öndüriji mahabat öndürilende, eger munuň özi şu Kanunyň düzgünlerine we olar bilen mahabaty berijiniň arasynda baglaşylan şertnama laýyk gelse, öz döredijilik pikirlerini islendik görnüşde aňladyp biler.

3. Mahabaty ýaýradyjy:

1) eger munuň özi şu Kanunyň düzgünlerine we olar bilen mahabat berijiniň arasynda baglaşylan şertnama laýyk gelse, mahabaty islendik görnüşde ýaýradýar;

2) mahabaty maglumatyň beýleki görnüşinden bölüp aýyrmaga borçludyr;

3) ýaýradylmagy gadagan edilendigi hakynda özüne mälim bolan ýa-da mälim edilmeli mahabaty ýaýradyp bilmez;

4) mahabaty rejeläp we onuň mazmunyna täsir edip bilmez;

5) intellektual eýeçiligiň obýektlerini peýdalanmaga bolan hukugyň mahabaty berijä ýa-da mahabaty öndürijä degişlidigini tassyklaýan resminamalaryň asyl nusgalarynyň görkezilmegini, göçürme nusgalarynyň bolsa berilmegini talap etmäge haklydyr, mahabat beriji we mahabat öndüriji bolsa bermäge borçludyr.

4. Mahabaty öndüriji we mahabaty ýaýradyjy mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin özlerine şu aşakdakylary talap etmäge haklydyr, mahabaty beriji bolsa bermäge borçludyr:

1) haryt (iş, hyzmat) hakynda mahabat maglumatynyň dogrulygyny resminama taýdan tassyklaýan resminamalaryň asyl nusgalaryny ýa-da olaryň kepillendiriş edarasy tarapyndan  tassyklanan göçürme nusgalaryny, şeýle hem harydyň (işiň, hyzmatyň) sertifikatlaşdyrylandygy we onuň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda maglumatlary;

2) eger mahabat berijiniň işi ygtyýarlandyrylmaga degişli bolsa, degişli ygtyýarnamany ýa-da bellenilen tertipde onuň tassyklanan göçürme nusgasyny;

3) eger mahabatda bu ýuridik şahs hakynda maglumat bar bolsa, ýuridik şahsyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň ýa-da degişli resminamanyň asyl nusgasyny ýa-da onuň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasyny görkezmek bilen, döwlet bellige alnyşynyň geçirilendigine şaýatlyk edýän möhürçeli tertipnamanyň göçürme nusgasyny;   

4) eger mahabatda hususy telekeçi hökmünde işi amala aşyrýan fiziki şahs hakynda maglumat bar bolsa, hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasyny görkezmek bilen ol şahadatnamanyň   göçürme nusgasyny;  

 5) eger mahabatda daşary ýurt ýa-da halkara ýuridik şahs hakynda maglumat bar bolsa, esaslandyrylan ýurdunda daşary ýurt ýa-da halkara ýuridik şahsyň bellige alnandygyny tassyklaýan ýa-da esaslandyrylan ýurdunyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt ýa-da halkara ýuridik şahsyň ýuridik derejesiniň beýleki şuňa deň bolan subutnamasyny tassyklaýan resminamanyň göçürme nusgasyny.

Şu bölegiň 2-5 bentlerinde görkezilen talaplar internet torunda ýaýradylýan we mahabat berijiniň ady we ýerleşýän ýeri hakynda maglumaty özünde saklaýan mahabata ýa-da şeýle maglumatyň ýerleşýän saýtyna salgylanma degişli däldir.

5. Eger mahabat beriji olar tarapyndan berlen duýduryşa garamazdan mahabatdaky öz talabyny üýtgetmese ýa-da öz mahabat maglumatynyň dogrulygynyň resmi taýdan tassyknamasyny bermese  ýa-da mahabaty göwnejaý edip bilmejek ýa-da şu Kanunyň bozulmagyna getirip biljek beýleki ýagdaýlary düzetmese mahabaty öndüriji we mahabaty ýaýradyjy şertnamany bellenilen tertipde ýatyrmaga we eger şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, mahabat berijiden ýitgileriň doly öweziniň dolunmagyny talap etmäge haklydyr.  

6. Mahabat işiniň subýektleri şu Kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmedik mahalynda mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan  ygtyýarlandyrylan degişli döwlet edarasynyň talap etmegi boýunça bellenilen möhletde ygtybarly resminamalary, dilden ýa-da ýazmaça görnüşde düşündirişleri, wideo we ses ýazgylaryny, şeýle hem bu edara tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklary amala aşyrmak üçin gerek bolan beýleki maglumaty bermäge borçludyrlar.  

Eger talap edilen maglumatlar bellenilen möhletde berilmese ýa-da olar ýeterlik bolmasa, onda mahabatda berlen habar (tassyknama) nätakyk ýa-da nädogry hasaplanylýar.

 

10-njy madda. Mahabatda hemaýatkärlik

 

1. Hemaýatkärlik mahabaty hemaýatkär bilen hemaýat edilýäniň arasynda baglaşylan  hemaýatkärlik hakynda şertnamanyň şertlerinde ýaýradylýar.

2. Hemaýatkärlik goşandy mahabat üçin töleg diýlip ykrar edilýär, hemaýatkär we hemaýat edilýän bolsa – degişlilikde mahabat beriji we mahabaty ýaýradyjy diýlip ykrar edilýär.

3. Hemaýatkäriň öz hemaýat edýän mahabaty ýaýradyjynyň redaktorlyk özbaşdaklygyna degişli bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki çap materiallarynyň ýa-da tele-, radioönümleriniň mazmunyna we goýberiljek wagtyna täsiri gadagandyr.   

4. Hemaýat edilýän çap materiallary ýa-da tele-, radioönümleri hemaýatkäriň ýa-da üçünji şahsyň harytlarynyň satuwyna ýa-da hödürlenen hyzmatlaryna (satyn alynmagyna) ýardam etmeli däldir.

5. Şu Kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda mahabatyna ýol berilmeýän harytlary taýýarlamak ýa-da satmak ýa-da hyzmatlary etmek olaryň işiniň esasy mazmuny bolup durýan fiziki ýa-da ýuridik şahslar çap materiallarynyň ýa-da tele-, radioönümleriniň hemaýatkärleri bolup bilmezler.

6. Syýasy we täzelikler temalaryna bolan çap materiallarynyň ýa-da tele-, radioönümleriň hemaýatkärlik edilmegi gadagandyr.

 

11-nji madda. Mahabat işine salgyt salmak

 

Mahabat işiniň subýektlerine salgyt salmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

12-nji madda. Mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin şertnama

 

Mahabaty öndürmek we ýaýratmak amala aşyrylanda mahabat işiniň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna we (ýa-da) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda olaryň arasynda baglaşylýan şertnamalar bilen kesgitlenilýär.

Mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin şertnamalar hem muzdsyz, hem-de muzdly hyzmat etmek esasynda baglaşylyp bilner, olaryň nyrhlaryny kesgitlemek Türkmenistanyň kanunçylygyna we (ýa-da) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda bellenilýär.

 

13-nji madda. Oferta diýlip ykrar edilen mahabatyň hereket ediş möhleti

 

Eger Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda mahabat oferta  diýlip ykrar edilse, şeýle oferta, eger-de onda başga möhlet görkezilmedik ýagdaýlarynda, mahabat ýaýradylan gününden başlap, bir aýyň dowamynda hereket edýär.

 

14-nji madda. Mahabat materiallaryny saklamak

 

Mahabat materiallaryny ýa-da olaryň göçürme nusgalaryny, olara girizilen üýtgetmeler, mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin şertnamalar bilen bilelikde, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda talap edilen resminamalaryň göçürme nusgalaryny mahabaty beriji we mahabaty ýaýradyjy mahabatyň soňky ýaýradylan gününden başlap, mahabaty öndüriji bolsa – mahabaty öndürmek boýunça işleri ýerine ýetirmek hakynda olar tarapyndan baglaşylan şertnamanyň ýerine ýetirilen gününden başlap, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen möhlet içinde saklamaga borçludyrlar.  

 

III BAP. MAHABATY ÝAÝRATMAGYŇ AÝRY-AÝRY USULLARYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

15-nji madda. Teleýaýlymda ýaýradylýan mahabat

 

1. Teleýaýlymlar üçin niýetlenen mahabatyň ýaýradylmagyna bölünip berilýän wagtyň umumy dowamlylygy gije-gündiziň dowamyndaky ýaýlym wagtynyň umumy möçberiniň ýigrimi göteriminden geçip bilmez.

2. Dowamlylygy ýigrimi minuda çenli teleönümlerde mahabat arakesmesi bir gezekden köp bolup bilmez.

Teleönümiň dowamynda mahabat her ýigrimi minutdan ýygy bolman görkezilip bilner we ýaýlym wagtynyň her bir sagady üçin hasaplananda on minutdan köp dowam edip bilmez.

3. Aşakdaky teleönümleriň hemaýatkärlik mahabatyndan başga mahabat bilen arasynyň bölünmegine we mahabatyň «hereketli ýazgy» usuly bilen utgaşdyrylmagyna ýol berilmeýär:

1) dini teleönümler, şeýle hem dini ybadatlar alnyp görkezilýän döwründe;

2) dowamlylygy on bäş minutdan az bolan teleönümler;

3) şu maddanyň 7-nji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga çagalar teleönümleri;

4) hukuk eýeleriniň razylygy bolmazdan berilýän teleönümler, şol sanda teleoýunlar.

4. Şu maddanyň 3-nji böleginde görkezilen teleönümleriň gös-göni başynda we şeýle teleönümleriň tamamlanmagyndan gös-göni öň hemaýatkärlik mahabatynyň ýerleşdirilmegine ýol berilýär, şunda şeýle mahabatyň umumy dowamlylygy otuz sekuntdan ýokary geçmeli däldir.

 5. Alnyp görkezilýän teleönümleriň toplumynda «hereketli ýazgy» usulynda ýa-da beýleki usul bilen amala aşyrylýan kadr  üstündäki mahabat ulanylanda, mahabat:

1) kadryň meýdanynyň ýedi göteriminden köpüsini eýelemeli däldir;

2) teleönümleriň toplumlarynda ýazgy ýa-da maglumat materialyny bozmaly däldir.

6. Aşakdakylaryň alnyp görkezilişinde olaryň mahabat, şol sanda hemaýatkärlik mahabaty bilen arasynyň bölünmegine we mahabatyň «hereketli ýazgy» usuly bilen utgaşdyrylmagyna ýol berilmeýär:   

1) döwlet çäreleriniň, resmi habarlaryň we beýleki resmi dabaralaryň;

2) saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda teleýaýlymlarda ýaýradylýan wagyz işleriniň materiallarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentligine, deputatlyga, şeýle hem wekilçilikli edaralaryň agzalygyna dalaşgärleriň çykyşlarynyň;

3) Türkmenistanda yglan edilen ýas günlerinde dabaralaryň.

7. Çagalar we bilim beriji teleönümlerde teleönümiň gös-göni başynda we teleönüm tamamlanmagyndan gös-göni öň şu aşakdaky dowamlylykdaky mahabatyň ýerleşdirilmegine ýol berilýär:

1) eger teleönümiň dowamlylygy on bäş minutdan az bolmasa, bir minut;   

2) eger teleönümiň dowamlylygy ýigrimi minutdan az bolmasa, bir ýarym minut;

3) eger teleönümiň dowamlylygy kyrk minutdan az bolmasa, iki ýarym minut;

4) eger teleönümiň dowamlylygy bir sagat we şondan köp bolsa, üç minut.

Mahabatlandyrmagyň obýekti we şeýle mahabatyň mazmuny çagalaryň we ýetginjekleriň tomaşa auditoriýasynyň aýratynlyklaryna laýyk gelmelidir.

8. Göni ýaýlymda ýa-da ýazgyda alnyp görkezilýän sport ýaryşlarynyň arasy mahabat, şol sanda hemaýatkärlik mahabaty bilen  diňe sport ýaryşlarynyň dowamyndaky arakesmelerde ýa-da olaryň togtadylan wagtynda  bölünip bilner.

9. Arakesmeler ýa-da togtadylýan wagt göz öňünde tutulmadyk göni ýaýlymda  ýa-da ýazgyda alnyp görkezilýän sport ýaryşlarynyň arasy mahabat  bilen, alnyp görkezilýän sport ýaryşy hakyndaky düýpli maglumatyň belli bir böleginiň ýitirilmegine getirmez ýaly tertipde bölünip bilner. Şunda, şeýle mahabatyň umumy dowamlylygy alnyp görkezilýän sport ýaryşynyň hakyky wagtynyň ýigrimi göteriminden ýokary geçip bilmez.

10. Dowamlylygy kyrk bäş minutdan köp bolan konsert-tomaşa we sport gepleşikleriniň toplumynyň, kino we telefilmleriň alnyp görkezilmeginiň arasy mahabat üçin wagtyň doly kyrk bäş minut wagt aralygynda bir gezekden köp bölünip bilinmez. Şeýle hem, mahabat bu gepleşikler başlanmazyndan öň we (ýa-da) tamamlanandan soň ýerleşdirilip bilner. Görkezilen gepleşikleriň arasynyň mundan beýläk bölünmegine, eger gepleşikler toplumynyň iki ýa-da ondan köp doly kyrk bäş minut döwrüň arasyndaky  dowamlylygy ýigrimi minutdan ýokary geçse ýol berilýär.

11. Mahabat maksady bilen şu maddanyň 10-njy böleginde görkezilen gepleşikler toplumynyň başgalarynyň arasyny bölmek üçin her bir indiki mahabat arakesmesinden soň azyndan ýigrimi minudyň geçmegi hökmandyr.

12. Dowamlylygy otuz minutdan az bolan telewizion žurnallaryň, täzelikler gepleşikleriniň toplumynyň we dokumental filmleriň mahabat üçin arasy bölünip bilinmez. Eger bu gepleşikleriň dowamlylygy otuz minut we ondan köp wagty eýelese, şu maddanyň 11-nji böleginiň düzgünleri ulanylýar.

13. Teleýaýlymlarda alnyp görkezilýän durmuş häsiýetli mahabat gepleşikleriniň yzygiderliligi çäklendirilmeýär. Şunlukda her bir şeýle aýry-aýry mahabat gepleşiginiň dowamlylygy ýaýlym wagtynyň bir sagadynyň dowamynda bäş minutdan köp bolmaly däldir.

14. Şol bir harydyň (işiň, hyzmatyň) mahabaty, şeýle hem mahabat berijiniň özi hakyndaky mahabat teleýaýlymyň ýaýlym wagtynyň bir sagadynyň dowamynda iki gezekden köp bolmaly däldir we umumy dowamlylygy iki minutdan köp bolmadyk ýagdaýda ýaýradylyp bilner.  

15. Teleönümleriň toplumynyň arasy mahabat bilen bölünende indiki alnyp görkezilmeli mahabat hakynda öňünden habar berilmelidir, hemaýatkärlik mahabaty bilen arasynyň bölünmegi muňa degişli däldir.

16. Mahabat alnyp görkezilende onuň sesiniň batlylyk derejesi, şeýle hem mahabatyň indiki alnyp görkezilmegi hakynda habaryň sesiniň batlylyk derejesi arasy mahabat bilen bölünýän teleönümleriň toplumynyň sesiniň batlylyk derejesine deň gelmelidir.

Mahabatyň sesiniň derejesini we mahabat bilen arasy bölünýän, alnyp görkezilýän teleönümleriň toplumynyň sesiniň derejesini ölçemek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

17. Teleönümleriň toplumlarynda harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň mahabaty babatda şu Kanunda bellenen çäklendirmeler oýunlaryň alnyp görkezilmegi üçin ýörite döredilenlerden başga göni ýaýlymda ýa-da ýazgyda alnyp görkezilýän wakanyň bolan ýerinde ýerleşdirilen mahabatlara degişli däldir.

18. Elýeterliligi diňe tölegli esasda bolan we (ýa-da) dekodirleýji tehniki enjamlary ulanmak bilen amala aşyrylýan teleönümleriň toplumlaryndaky teleýaýlymlarda mahabatyň ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

19. Şu maddanyň talaplary aşakdakylara degişli däldir:

1) degişli teleýaýlym boýunça alnyp görkezilýän telegepleşikler hakynda teleönümleriň toplumlarynda ýerleşdirilýän maglumata;

2) teleönümleriň toplumynyň logotipine we şol telegepleşikleriň toplumy hakynda maglumata;  

3) mahabat häsiýetli habarlara we materiallara ýöriteleşýän, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hökmünde hasaba alnan teleönümleriň toplumlaryna, şunda şeýle teleönümleriň toplumynda mahabatyň dowamlylygy gije-gündiziň dowamynda hakyky ýaýradylýan maglumatyň wagtynyň segsen we ondan köp göterimini düzýär;  

4) teleýaýradyşyň ýöriteleşdirilen mahabat ýaýlymlaryna;

5) diňe mahabat häsiýetine eýe bolan teleönümlere.

20. Alyp baryjylar, diktorlar we teleönüme beýleki gatnaşyjylar mahabat üçin bölünip berlen wagtyň çäklerinden daşarda harydy göni hem-de bir zadyň üsti bilen ýörite görkezmek ýa-da onuň sarp edijilik hilini häsiýetlendirmek hukugyna eýe däldirler.

Teleýaýlymlaryň işgärlerine maglumat görnüşi astynda mahabat bilen meşgullanmak, hususan-da harydy (işi, hyzmaty) öndürijiniň maglumatlaryny, onuň salgysyny we gatnaşyk telefon belgisini, harydyň (işiň, hyzmatyň) täjirçilik alamatlaryny görkezmek gadagandyr.

 

16-njy madda. Radioýaýlymda ýaýradylýan mahabat

 

1. Radioýaýlymlar üçin niýetlenen mahabatyň ýaýradylmagyna bölünip berilýän wagtyň umumy dowamlylygy gije-gündiziň dowamynda ýaýradylýan maglumatyň umumy möçberiniň ýigrimi göteriminden geçip bilmez.

2. Radioönümleriň toplumlarynda hemaýatkärlik mahabatyndan başga mahabat bilen şu aşakdaky radioönümleriň arasynyň bölünmegine ýol berilmeýär:

1) dini radioönümler, şeýle hem dini ybadatlar alnyp ýaýradylýan döwründe;

2) dowamlylygy on bäş minutdan az bolan radioönümler;

3) şu maddanyň 5-nji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga çagalar radioönümleri;

4) hukuk eýeleriniň razylygy bolmazdan radioönümler, şol sanda radiooýunlar.

3. Şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen radioönümleriň  gös-göni başynda we şeýle radioönümleriň tamamlanmagyndan gös-göni öň hemaýatkärlik mahabatynyň ýerleşdirilmegine ýol berilýär, şunda şeýle mahabatyň umumy dowamlylygy otuz sekuntdan ýokary geçmeli däldir.

4. Aşakdakylaryň alnyp ýaýradylyşynda olaryň mahabat, şol sanda hemaýatkärlik mahabaty bilen arasynyň bölünmegine ýol berilmeýär:

1) döwlet çäreleriniň, resmi habarlaryň we beýleki resmi dabaralaryň;

2) saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda radioýaýlymlarda ýaýradylýan wagyz işleriniň materiallarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentligine, deputatlyga, şeýle hem wekilçilikli edaralaryň agzalygyna dalaşgärleriň çykyşlarynyň;

3) Türkmenistanda yglan edilen ýas günlerindäki dabaralaryň.

5. Çagalar we bilim beriji radioönümlerinde radioönümiň gös-göni başynda we olaryň tamamlanmagyndan gös-göni öň şu aşakdaky dowamlylykdaky mahabatyň ýerleşdirilmegine ýol berilýär:

1) eger radioönümiň dowamlylygy on bäş minutdan az bolmasa, bir minut;

2) eger radioönümiň dowamlylygy ýigrimi minutdan az bolmasa, bir ýarym minut;

3) eger radioönümiň dowamlylygy kyrk minutdan az bolmasa, iki ýarym minut;

4) eger radioönümiň dowamlylygy bir sagat we ondan köp bolsa, üç minut.

Mahabatlandyrmagyň obýekti we şeýle mahabatyň mazmuny çagalar we ýetginjekleriň tomaşa auditoriýasynyň aýratynlyklaryna laýyk gelmelidir.

6. Radioda göni ýaýlymda ýa-da ýazgyda sport ýaryşynyň alnyp ýaýradylyşynyň arasy mahabat, şol sanda hemaýatkärlik mahabaty bilen diňe sport ýaryşlarynyň dowamyndaky arakesmelerde ýa-da olaryň togtadylan wagtynda bölünip bilner.

7. Arakesmeler ýa-da togtadylýan wagt göz öňünde tutulmadyk radioda göni ýaýlymda ýa-da ýazgyda alnyp ýaýradylýan sport ýaryşlarynyň arasy mahabat bilen, radioda alnyp ýaýradylýan sport ýaryşy hakyndaky düýpli maglumatyň bir böleginiň ýitirilmegine getirmez ýaly tertipde bölünip bilner. Şunda şeýle mahabatyň umumy dowamlylygy radioda alnyp eşitdirilýän sport ýaryşynyň wagtynyň ýigrimi göteriminden ýokary geçip bilmez.    

8. Beýleki radioönümler, eger-de bu radioönümler on bäş minutlyk döwürleriň näçesini öz içine alýan bolsa, şonça-da mahabat bilen bölünip bilerler, şeýle hem goşmaça hemaýatkärlik mahabaty bilen radioönümiň gös-göni başynda we tamamlanmagyndan gös-göni öň bölünip bilner, şunda şeýle hemaýatkärlik mahabatynyň umumy dowamlylygy otuz sekuntdan ýokary geçmeýär.

9. Radioönümleriň toplumynyň arasy mahabat bilen bölünende indiki alnyp ýaýradylmaly mahabat hakynda öňünden habar berilmelidir, hemaýatkärlik mahabaty bilen arasynyň bölünmegi muňa degişli däldir.

10. Mahabat radioda alnyp ýaýradylanda onuň sesiniň batlylyk derejesi, şeýle hem mahabatyň indiki alnyp ýaýradylmagy hakynda habaryň sesiniň batlylyk derejesi, arasy mahabat bilen bölünýän radioönümleriň toplumynyň sesiniň batlylyk derejesine deň gelmelidir.

Mahabatyň sesiniň derejesini we mahabat bilen arasy bölünýän, alnyp ýaýradylýan radioönümleriň toplumynyň sesiniň derejesini ölçemek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

11. Elýeterliligi diňe tölegli esasda amala aşyrylýan radioönümleriň toplumlaryndaky radioýaýlymlarda mahabatyň ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

12. Şu maddanyň talaplary aşakdakylara degişli däldir:

1) degişli radioýaýlym boýunça alnyp ýaýradylýan radioönümler hakynda radioönümleriň toplumlarynda ýerleşdirilýän habara;

2) radioönümleriň toplumynyň ady we onuň ýaýradylyşynyň ýygylygy, şeýle hem bu radioönümleriň toplumy barada beýleki maglumat hakynda habara;   

3) mahabat häsiýetli habarlara we materiallara ýöriteleşýän, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hökmünde hasaba alnan radioönümleriň toplumlaryna, şunda şeýle radioönümleriň toplumlarynda mahabatyň dowamlylygy gije-gündiziň dowamynda hakyky ýaýradylýan maglumatyň wagtynyň segsen we ondan köp göterimini düzýär;

4) radioönümýaýradyşyň ýöriteleşdirilen mahabat ýaýlymlaryna;

5) diňe mahabat häsiýetine eýe bolan radioönümlere.

13. Alyp baryjylar, diktorlar we radioönüme beýleki gatnaşyjylar mahabat üçin bölünip berlen wagtyň çäklerinden daşarda harydy, onuň sarp edijilik hilini göni hem-de bir zadyň üsti bilen ýörite häsiýetlendirmek hukugyna eýe däldirler.

Radioýaýlymlaryň işgärlerine maglumat görnüşi astynda mahabat bilen meşgullanmak, hususan-da harydy (işi, hyzmaty) öndürijiniň maglumatlaryny, onuň salgysyny we gatnaşyk telefonynyň belgisini, harydyň (işiň, hyzmatyň) täjirçilik alamatlaryny görkezmek gadagandyr.

 

17-nji madda. Çap neşirlerindäki mahabat

 

1. Çap neşirlerinde mahabatyň möçberi we tematikasy degişli redaksiýanyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenilýär.

Ýazylyşyk boýunça ýaýradylýan çap neşirleriniň ýazylyşygynyň şertlerinde neşiriň umumy möçberinde mahabatyň mukdary hökman görkezilýär.  

2. Çap neşirlerinde mahabatyň ýazgysyny ýerleşdirmek «mahabat» belligi ýa-da «mahabat hukuklarynda» diýen bellik bilen utgaşdyrylmalydyr.

3. Çap neşirlerinde mahabat aşakdakylardan ýokary geçmeli däldir:

1) döwlet çap neşirleriniň bir sanynyň möçberiniň ýigrimi bäş göteriminden;

2) beýleki çap neşirleriniň bir sanynyň möçberiniň otuz göteriminden.

Galan mahabat mugt goşundy görnüşinde berilmelidir.

4. Çap neşirlerinde mahabat üçin göz öňünde tutulan, mahabaty ýaýratmak üçin niýetlenen meýdanyň birligine bolan bahalar çap edilýär, olar mahabat materialynyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen kesgitlenýär.

Mahabaty ýerleşdirmek üçin niýetlenen meýdany hasaplamak ölçegleriň metrik ulgamynyň birlikleri ýa-da çaphana nyşany bilen ýerine ýetirilýär.

5. Şu maddanyň düzgünleri mahabat häsiýetli habarlara we materiallara ýöriteleşýän hökmünde hasaba alnan hem-de daşky sahypasynda we çykyş maglumatlarynda şeýle ýöriteleşme hakynda maglumaty özünde saklaýan çap neşirlerine degişli däldir.

 

18-nji madda. Elektroaragatnaşygyň ulgamlary boýunça ýaýradylýan mahabat

 

1. Mahabatlary elektroaragatnaşyk ulgamlary boýunça, şol sanda telefon, teleks, faksimil aragatnaşygy, öýjükli hereket edýän elektroaragatnaşyk, elektron poçta boýunça ýaýratmaklyga mahabaty almak üçin abonentiň ýa-da adresatyň deslapky ylalaşygy bolan şertlerinde rugsat edilýär.

2. Eger mahabaty ýaýradyjy şeýle ylalaşygyň alnandygyny subut edip bilmese, mahabat abonentiň ýa-da adresatyň deslapky razylygy bolmazdan ýaýradylan diýlip ykrar edilýär. Mahabaty ýaýradyjy şeýle talap bilen özüne ýüz tutan adamyň salgysyna mahabaty ýaýratmagy şol bada bes etmäge borçludyr.  

3. Eger mahabaty almaklyga abonentiň ýa-da adresatyň ylalaşygy telefon, teleks, faksimil aragatnaşygy, öýjükli hereket edýän elektroaragatnaşyk, elektron poçta hyzmatlaryny etmeklige degişli abonent ýa-da adresat bilen ýazmaça görnüşinde baglaşylan şertnama goşulsa, abonent ýa-da adresat öz salgysyna mahabatyň ýaýradylmagyny gaýragoýmazdan bes etmekligi mahabaty ýaýradyjydan talap etmek  hukugyna eýedigi barada habarly edilmelidir, bu barada şertnamada abonentiň ýa-da adresatyň goly bilen tassyklanan degişli bellik bolmalydyr.  

4. Kabul edijiniň ýörite talaby bolmadyk ýagdaýynda  teleks we faksimil aragatnaşygynyň kömegi arkaly mahabata bir salgy boýunça bir sahypadan köp bolmadyk göwrümde bir gezeklik iberilýän görnüşde rugsat edilýär.

5. Adam gatnaşmazdan (awtomatiki jaň edip ýaýratmak, awtomatiki ibermek) abonent belgisini saýlap almak we (ýa-da) ýygnamak serişdelerini ulanmak arkaly mahabaty ýaýratmak üçin elektroaragatnaşyk torlaryny peýdalanmaklyga ýol berilmeýär.

6. Maglumat beriji telefon hyzmatlarynda (tölegli we tölegsiz görnüşde), şol sanda öýjükli hereket edýän elektroaragatnaşygyň üsti bilen amala aşyrylýan mahabat abonentiň soraýan maglumaty habar berlenden soňra berlip bilner.

7. Tölegiň wagt hasabyndan tölenýän ulgamynyň şertlerinde telefon birikdirmeleri amala aşyrylýan döwründe mahabatyň ýaýradylýan wagty telefon aragatnaşygynyň şeýle hyzmatlarynyň bahasy kesgitlenende hasaba alynmaly däldir.

8. Polisiýanyň, tiz lukmançylyk kömeginiň, ýangyndan goragyň, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça birikmeleriň we beýleki şuňa meňzeş gulluklaryň mugt hyzmat edilýän telefon belgilerini mahabatlary ýaýratmak üçin peýdalanmak gadagan edilýär.

9. Ýerli, şäherara ýa-da halkara telefon aragatnaşygyny peýdalanmak arkaly berilýän hyzmatlaryň mahabaty şular barada anyk maglumatlary öz içine almalydyr:

1) hyzmatlaryň tölegli ýa-da muzdsuz häsiýeti we olaryň bahasy;

2) teklip edilýän hyzmatlaryň mazmuny;

3) sarp edijileriň kesgitlenmedik topary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýaşy bilen bagly we beýleki çäklendirmeler;

4) telefon aragatnaşygynyň ýaýlymyny tölegli peýdalanmak we degişli sebitde hyzmatlary almak üçin ony peýdalanmagyň bir minudynyň bahasy.

Maglumat mahabat hyzmatlaryny etmek üçin peýdalanylýan telefon belgisi ýygnalandaky şriftiň ölçeginiň ýarysyndan kiçi bolmadyk ölçegdäki şrift bilen çap edilmelidir.

 

19-njy madda. Kino- we wideo hyzmatlarynda ýaýradylýan mahabat

 

Kino- we wideo hyzmatlarynda bölümleriň aralaryndaky arakesmelerden başga görkezilýän filmiň arasyny mahabat bilen bölmeklige, şeýle hem mahabaty görkezilýän filmiň kadrynyň üstünde ýerleşdirmek usuly bilen, ýa-da «hereketli ýazgy» usuly ýa-da başga usul bilen görkezilýän film bilen utgaşdyrmaklyga ýol berilmeýär.

 

20-nji madda. Daşarky mahabat

 

1. Mahabat gurnawlarynda daşarky mahabaty ýerleşdirmek şu maddanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly mahabaty ýaýradyjy hasaplanýan mahabat gurnawlarynyň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýer meýdançalarynda, şeýle hem döwlet eýeçiliginde duran binalarda ýa-da beýleki gozgalmaýan emläklerde mahabat gurnawlaryny ýerleşdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar.

Mahabat gurnawlaryny ýerleşdirmegiň çyzgysy mahabat gurnawlarynyň ýerleşýän ýerini, mahabat gurnawlarynyň kysymlaryny we görnüşlerini kesgitleýän resminama hasaplanýar, olary şol ýerlerde oturtmaklyga ýol berilýär.

Mahabat gurnawlaryny ýerleşdirmegiň çyzgysy çäk meýilnamasyna degişli resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir we emele gelen gurluşygyň daşky binagärlik keşbiniň, şähergurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň, howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmelidir we mahabat gurnawlarynyň kysymlaryny we görnüşlerini, mahabatyň meýdanyny we mahabat gurnawlarynyň tehniki häsiýetnamalaryny görkezmek bilen mahabat gurnawlaryny ýerleşdirmegiň kartalaryny öz içine almalydyr.

Mahabat gurnawlaryny ýerleşdirmegiň çyzgysy we oňa girizilýän üýtgeşmeler ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi taýdan çap edilmegi (halka ýetirilmegi) üçin bellenilen tertipde çap edilmäge (halka ýetirilmäge) we olaryň Internet torundaky resmi saýtlarynda ýerleşdirilmäge degişlidir.

3. Mahabat gurnawlaryny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga çäginde mahabat gurnawyny oturtmak we peýdalanmak göz öňünde tutulýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň berýän ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda rugsat edilýär, ol:

1) daşky mahabaty ýerleşdirmeklige degişli obýektiň (ýer meýdançasynyň, binanyň ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň) eýesiniň görkezilen obýekte mahabat gurnawyny birikdirmeklige ýazmaça görnüşindäki ylalaşygynyň tassyklanylmagy bilen mahabat gurnawynyň eýesiniň;

2) bu obýekte mahabat gurnawyny birikdirmeklige mahabat gurnawynyň eýesiniň ýazmaça görnüşindäki ylalaşygyny tassyklaýan daşky mahabaty ýerleşdirmäge degişli obýektiň (ýer meýdançasynyň, binanyň ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň) eýesiniň arzasy esasynda amala aşyrylýar.

4. Mahabat gurnawyny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga rugsatnama ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan her bir mahabat gurnawy üçin mahabat gurnawyny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga  degişli  şertnamanyň hereket edýän möhleti boýunça berilýär.

Bu rugsatnamada mahabat gurnawynyň eýesi, mahabat gurnawy birikdirilen daşky mahabat ýerleşdirilýän obýektiň (ýer meýdançasynyň, binanyň ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň) eýesi, mahabat gurnawynyň kysymy, onuň mahabatynyň meýdany, mahabat gurnawynyň oturdylýan ýeri, rugsatnamanyň hereket edýän möhleti, rugsatnamany beren edara, onuň berlen senesi we belgisi görkezilýär.

Rugsatnama onda görkezilen hereket ediş möhleti dolýança ýa-da ol güýjüni ýitirýänçä hereket edýär.

5. Mahabat gurnawyny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga rugsatnama bermek ýa-da ony bermekden boýun gaçyrmak barada ýazmaça görnüşindäki çözgüt arza berijiden zerur resminamalar kabul edilen gününden başlap, iki aýyň dowamynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan oňa ugradylmalydyr.

6. Mahabat gurnawyny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga rugsatnama bermekden boýun gaçyrmak baradaky çözgüt esaslandyrylmalydyr we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan diňe:

1) mahabat gurnawynyň taslamasynyň we onuň çäk taýdan ýerleşdirilmeginiň tehniki dessuryň talaplaryna laýyk gelmezligi;

2) habar berlen ýerdäki mahabat gurnawynyň gurluşynyň mahabat gurnawlaryny ýerleşdirmegiň çyzgysyna laýyk gelmezligi;

3) ulag serişdeleriniň hereketiniň howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplarynyň bozulmagy;

4) ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ýerli edarasynyň pudak tabynlygyndaky çäkde ýa-da onuň belli bir bölegindäki gurluşyk desgasynyň daşky binagärlik keşbiniň bozulmagy;

5) milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy bilen bagly esaslar boýunça kabul edilmelidir.

7. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy mahabat gurnawyny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga rugsatnama bermekden boýun gaçyran ýagdaýynda arza beriji görkezilen rugsatnamany bermekden boýun gaçyrylandygy hakynda çözgüdi alan gününden başlap, üç aýyň dowamynda arza bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

8. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan mahabat gurnawlaryny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga rugsatnamany ýatyrmak hakynda çözgüt şu ýagdaýlarda kabul edýär:

1) mahabat gurnawynyň eýesiniň rugsatnamany mundan beýläk peýdalanmakdan boýun gaçyrýandygy barada ýazmaça görnüşindäki habarnamany oňa ugradan gününden başlap, bir aýyň dowamynda;

2) mahabat gurnawy birikdirilen daşky mahabatyň ýerleşdirilen obýektiniň (ýer meýdançasynyň, binanyň ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň) eýesiniň mahabat gurnawynyň eýesi bilen öz arasynda baglaşylan şertnamany bes edýändigini tassyklaýan resminamany oňa ugradan pursatyndan başlap, bir aýyň dowamynda;

3) eger mahabat gurnawy rugsatnama berlen gününden soňra bir ýylyň dowamynda oturdylmadyk ýagdaýynda ýa-da rugsatnamanyň hereket edýän döwründe onuň eýesi tarapyndan mahabat gurnawy sökülen gününden;

4) eger mahabat gurnawy mahabaty ýaýratmak maksady bilen peýdalanylmadyk ýagdaýynda;

5) eger rugsatnama berlen adam şu Kanunda bellenilen talaplary bozmak arkaly mahabat gurnawyny oturtmaklyga we peýdalanmaklyga şertnama baglaşan ýagdaýynda.

9. Mahabat gurnawyny oturtmaga we peýdalanmaga rugsatnamany ýatyrmak baradaky çözgüt ol alnan gününden başlap, üç aýyň dowamynda kazyýete şikaýat edilip biliner.

10. Mahabat gurnawynyň eýesi mahabat gurnawyny sökmek barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tabşyryk beren gününden bir aýyň dowamynda mahabat gurnawyny sökmegi amala aşyrmaga, şeýle hem şeýle mahabat gurnawynda ýerleşdirilen maglumaty görkezilen tabşyryk berlen gününden başlap, üç günüň dowamynda aýyrmaga borçludyr.

11. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ýerli edarasy tarapyndan mahabat gurnawyny oturtmaga we peýdalanmaga berlen rugsatnama bolan ýagdaýynda mahabat gurnawyny oturtmak we peýdalanmak onuň eýesi tarapyndan mahabat gurnawy birikdirilen daşarky mahabatyň ýerleşdirilen obýektiniň (ýer meýdançasy, bina ýa-da beýleki gozgalmaýan emläk) eýesi bilen şertnama boýunça amala aşyrylýar.

Mahabat gurnawyny oturtmaga we peýdalanmaga şertnama baglaşmak şu Kanunyň we Türkmenistanyň raýat kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Mahabat gurnawyny oturtmaga we peýdalanmaga şertnamanyň hereket edýän möhletiniň tamamlanmagy bilen şertnama boýunça taraplaryň borçlary bes edilýär.

12. Daşarky mahabaty ýerleşdirmegiň obýektinde mahabat gurnawyny oturtmaga we peýdalanmaga şertnamanyň anyk möhletleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ýerli edarasy tarapyndan mahabat gurnawynyň kysymyna we görnüşine, degişli çäkli möhletlerde mahabaty görkezmegiň ulanylýan tehnologiýalaryna baglylykda bellenilýär.

13. Mahabat gurnawyny oturtmaga we peýdalanmaga şertnamanyň hereket edýän döwründe mahabat gurnawynyň eýesi mahabat gurnawy birleşdirilen daşarky mahabat ýerleşdirilen obýekte (ýer meýdançasy, bina ýa-da beýleki gozgalmaýan emläk) onuň ulanylyşy, tehniki hyzmaty ýa-da sökülmegi boýunça mahabat gurnawynyň eýesiniň hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen päsgelçiliksiz barmaga haklydyr.

14. Ýol hereketiniň nyşanynda, onuň sütüninde ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmek üçin göz öňünde tutulan islendik bir gurluşynda  daşarky mahabaty ýerleşdirmeklige ýol berilmeýär.

Daşarky  mahabat ýol nyşanlarynyň we görkezijileriniň görnüşinde we ölçeglerinde bolmaly däldir, olaryň görünmegini ýa-da kabul ediliş netijeliligini ýaramazlaşdyrmaly däldir.

Köçäni yşyklandyrýan sütünlerde we köçeleriň we ýollaryň geçelge böleginiň üstünde daşarky mahabaty ýerleşdirmek tehniki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilmegi we ýol nyşanlarynyň, ýol yşyklarynyň, çatryklaryň, pyýada geçelgeleriň, umumy peýdalanylýan ulag serişdeleriniň duralgalarynyň görünmeginiň üpjün edilmegi bilen ýerine ýetirilýär.

Daşarky mahabat ýollaryň ulag-peýdalanyş hilini peseltmeli däldir, ulag serişdeleriniň hereketiniň howpsuzlyk talaplaryny bozmaly däldir, ýoldan peýdalanyjylaryň gözüni gamaşdyrmaly däldir.

15. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet sanawyna girizilen milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň goralýan zolaklarynyň, olara degişli bolan çäklerinde, şeýle hem muzeýlerde daşarky mahabaty ýaýratmaklyga ýol berilmeýär.  

16. Tebigaty goramak maksatly obýektleriň çäklerinde daşarky mahabaty ýerleşdirmeklige ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralary bilen ylalaşyk boýunça olaryň ygtyýarlygynyň çäklerinde rugsat edilýär.

Aýratyn goralýan tebigy çäklerde, şeýle hem ýaşyl baglary ýok etmek ýoly bilen we degişli çäkleriň abadanlaşdyryş düzüm böleklerini bozmak arkaly daşarky mahabaty ýerleşdirmek gadagan edilýär.

17. Daşarky mahabat awtomobil ýollarynyň sowgut zolagynyň serhetlerinde ýerleşdirilende rugsatnama içeri işler edarasy we awtomobil ýollary we ýol işleri çygryndaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşyk boýunça berilýär.

Daşarky mahabat demir ýoluň sowgut zolagynda ýerleşdirilende rugsatnama demir ýol ulaglary babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşyk boýunça berilýär.  

Daşarky mahabat howa ulaglarynyň obýektlerinde ýerleşdirilende rugsatnama raýat awiasiýasy babatda ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşyk boýunça berilýär.

18. Söwda, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlary çygryndaky kärhanalar tarapyndan ýerleşdirilýän:

1) at ýazgy;

2) iş tertibi barada maglumat;

3) haryt önümleriniň, hususy aýrybaşgalaşdyrylan serişdeleriň, gözellik we baýramçylyk bezegleriniň nusgalaryna daşyndan görüp düşünmek üçin niýetlenen tekjelerdäki we penjirelerdäki daşarky we içerki bezegler daşarky mahabata degişli däldir.

19. Mahabat gurnawyny oturtmaga we peýdalanmaga rugsatnama almak babatda şu madda bilen bellenen talaplar:

1) tekjelere, kiosklara, lotoklara, hereket edýän söwda nokatlaryna, köçedäki saýawanlara, bu obýektlerde (diňe mahabaty ýerleşdirmek üçin niýetlenen gurnawlary we ýörite esbaplary peýdalanmazdan) gönüden-göni mahabat ýerleşdirilen ýagdaýynda;

2) binanyň öň tarapynda, binanyň girelgesiniň ýanynda ýerleşdirilen şahs baradaky ýa-da bu şahsyň eýeleýän otagynyň binasynyň tekjesindäki onuň önümleri (hyzmat) baradaky maglumata (at ýazga) degişli däldir.

 

21-nji madda. Ulag serişdelerindäki mahabat

 

1. Ulag serişdelerinde mahabaty ýerleşdirmek mahabat beriji bilen ulag serişdesiniň eýesiniň ýa-da onuň ygtyýarly şahsynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

2. Ulag serişdelerinde ýerleşdirilýän mahabat hereketiň howpsuzlygyna howp döretmeli däldir, şol sanda ulag serişdelerini dolandyrýan adamlaryň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň gözýetimini çäklendirmeli däldir we gaýry tehniki dessurlaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ulag serişdelerinde käbir mahabatlary ýerleşdirmeklige çäklendirme girizip biler.

3. Ulag serişdesinde mahabaty ýerleşdirmeklige bu ulag serişdesi hasaba alnan çäkdäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen, şeýle hem degişli içeri işler edarasy bilen mahabatyň mazmuny ylalaşylandan soňra ýol berilýär.  

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýolagçylary we (ýa-da) ýükleri daşamagy bu ulag serişdesinde amala aşyrýan edara ýa-da hususy telekeçi hakynda ýa-da bu ulag serişdesiniň eýesi barada, edaranyň we (ýa-da) hususy telekeçiniň harytlaryny aňlatmak üçin ulanylýan haryt nyşanlaryny we (ýa-da) hyzmat ediş nyşanlaryny, görkezilen şahslaryň harytlarynyň şekillerini, şeýle hem bu ulag serişdesiniň satylýandygy baradaky maglumatlary özünde saklaýan mahabatlary ulag serişdelerinde ýerleşdirmeklige şu maddanyň 3-nji böleginde görkezilen edaralar bilen ylalaşmazdan ýol berilýär.

Ulag serişdelerinde onuň haýsydyr bir şahsa degişlidigini görkezýän tapawutlandyryjy nyşanlaryň ýerleşdirilmegi mahabat hasaplanylmaýar.

5. Ulag serişdelerinde ses bilen ugrukdyrylýan mahabaty ýerleşdirmeklige, şeýle mahabatyň ulag serişdeleriniň salonlarynyň içinde ýerleşdirilmeginden  başgasyna ýol berilmeýär.

Umumy peýdalanylýan ulag serişdelerinde, demir ýol menzillerinde, gämi duralgalarynda we howa menzillerinde ýolagçylara habar bermegiň sesli ulgamynyň üsti bilen durmuş mahabatlaryndan gaýry mahabatlary ýaýratmaklyk  gadagandyr.

6. Ulag serişdelerini aýratyn ýagdaýlarda ýa-da diňe hereket edýän mahabat gurnawy hökmünde peýdalanmaklyga, şol sanda mahabaty ýaýratmak üçin ulag serişdesiniň gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, şonuň netijesinde ulag serişdesi öz hakyky göz öňünde tutulan maksatlaryny ýerine ýetirmegi üçin doly ýa-da bölekleýin ähmiýetini ýitirende, ulag serişdeleriniň gabaralaryna haýsydyr bir kesgitli harydyň görnüşini bermek bilen enjamlaşdyrmak gadagan edilýär.

7. Mahabaty şu ulag serişdelerinde ýerleşdirmek gadagan:

1) belli bir öwüşginli grafiki reňkli tehniki dessuryň talaplarynda göz öňünde tutulan ýörite we dessin gulluklarynyň;

2) ýörite yşyk we ses duýduryjylaryny bermek üçin gurluşly enjamly;

3) poçta aragatnaşygynyň;

4) howply ýükleri daşamak üçin niýetlenen.

 

22-nji madda. Durmuş mahabaty

 

1. Durmuş mahabaty sagdyn durmuş ýörelgäniň, saglygy we daşky gurşawy goramagyň, energiýa serişdelerini gorap saklamagyň, durmuş goraglylygynyň we ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ruhy baýlygyň we bilim bermegiň wagyz meseleleri boýunça jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerini goraýar,  bu mahabat täjirçilik häsiýete eýe däldir we haýyr-sahawat maksatlarynyň amala aşyrylmagyna we durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

2. Durmuş mahabatynyň mahabat berijileri bolup, fiziki we ýuridik şahslar, döwlet häkimiýet edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary çykyş edip biler.

Fiziki we ýuridik şahslar durmuş mahabatlaryny öndürmek we (ýa-da) ýaýratmak barada başlangyçlary bilen döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna ýüz tutmaga haklydyr.

3. Durmuş mahabatlaryny ýaýratmak boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň işi, şeýle hem durmuş mahabatlaryny ýerleşdirmek üçin beýleki edaralara ýa-da raýatlara öz emlägini bermek tölegsiz esasda amala aşyrylýar.


4. Tölegsiz esasda durmuş mahabatlaryny öndürmek we ýaýratmak boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň işi, durmuş mahabatlaryny öndürmek we ýaýratmak üçin öz emlägini (şol sanda pul serişdelerini) beýleki şahslara bermegi haýyr-sahawat diýlip ykrar edilýär. Şeýle şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňilliklerden peýdalanýarlar.


5. Durmuş mahabatlarynda şu maddanyň 6-njy böleginde görkezilen şahslardan başga, harytlaryň anyk markalary (modelleri, artikullary), haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary barada we harytlary aýrybaşgalaşdyrmagyň beýleki serişdeleri barada, fiziki we ýuridik şahslar barada ýatlanmagyna ýol berilmeýär.

6. Şu maddanyň 5-nji böleginde  bellenilen çäklendirmeler döwlet edaralary barada, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hakynda, hemaýatkärler hakynda, şeýle hem olara haýyr-sahawat kömeklerini bermek maksatlarynda agyr durmuş ýagdaýlaryna sezewar bolan fiziki şahslara ýa-da bejergä mätäçlere degişli däldir.  

Durmuş mahabatynda haýyr-sahawat ýa-da beýleki jemgyýetçilik bähbitli maksatlary amala aşyrmaklyga gönükdirilen täjirçilik däl edaralaryň işi barada habarlar bilen gönüden-göni baglanyşykly mahabatyň mazmuny bolan ýagdaýynda durmuş taýdan gönükdirilen täjirçilik däl guramalar barada ýatlamaga rugsat edilýär.

7. Durmuş mahabatynda hemaýatkärler barada, şeýle hem bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport çygrynda durmuşa gönükdirilen çäreleriň mahabatyny geçirmeklige muzdsyz kömekleri berýän edaralar we (ýa-da) hususy telekeçiler barada ýatlamagyň dowamlylygy:

1) görkezilen mahabat radioýaýlymlarda ýaýradylanda – her biri barada üç sekuntdan ýokary geçmeli däldir;

2) görkezilen mahabat teleýaýlymlarda ýaýradylanda, kino we wideo hyzmatlarda – kadryň meýdanynyň ýedi göteriminden köp bolmadyk möçberi şeýle ýatlama bölünip berlip bilner we her biri üç sekuntdan ybarat bolmalydyr;   

3)  görkezilen mahabat beýleki usullarda ýaýradylanda – mahabat meýdanynyň (giňişliginiň) bäş göteriminden köp bolmaly däldir.

Görkezilen bellik teleýaýlymlarda alnyp görkezilýän teleönümler toplumynda kadr üsti usulynda, «hereketli ýazgy» usulynda ýa-da başga usulda ýerine ýetirilmelidir we özünde diňe hemaýatkäriň atlandyrylyşy ýa-da ady bolmalydyr.   

Ýokarda agzalan çäklendirmeler olara haýyr-sahawat kömeklerini bermek maksady bilen agyr durmuş ýagdaýlaryna sezewar bolan ýa-da bejergä mätäçlik çekýän fiziki şahslar barada durmuş mahabatynda ýatlanylmagyna degişli däldir.

8.  Durmuş mahabatyny ýaýratmaklyga şertnama baglaşmak onuň ýaýradýan mahabatynyň (şol sanda tele- we radioýaýlymlarda ýaýradylýan mahabatyň umumy wagtyndan, çap neşiriniň umumy mahabat meýdanyndan, mahabat gurnawlarynyň umumy mahabat meýdanyndan) ýyllyk göwrüminiň bäş göteriminiň çäklerinde mahabat ýaýradyjy üçin hökmany hasaplanýar. Şeýle şertnamany baglaşmak Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenen tertipde amala aşyrylýar.

9. Durmuş mahabatyny öndürmek we ýerleşdirmek üçin çykdajylar mahabat berijiniň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. Şunda, işleri Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyndan doly ýa-da bölekleýin maliýeleşdirilýän mahabat ýaýradyjylar durmuş mahabatyny tölegsiz ýerleşdirýärler.   

 

IV BAP. HARYTLARYŇ, IŞLERIŇ WE HYZMATLARYŇ

AÝRATYN GÖRNÜŞLERINIŇ MAHABATLARYNYŇ

AÝRATYNLYKLARY

 

23-nji madda. Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň we lukmançylyk tehnikalarynyň, lukmançylyk hyzmatlarynyň, öňüni alyş, dikeldiş, halk lukmançylygynyň usullarynyň mahabaty

 

1. Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň mahabaty «Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň mahabatyna olaryň saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärleri üçin niýetlenen  ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde ýerleşdirilmeginden başga köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýol berilmeýär. Derman serişdeleri barada, lukmançylyk maksatly önümler barada mahabat maglumatlaryny şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki usullarda ýaýratmaga diňe mahabat berijide saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ýa-da derman üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsatnamasy bolanda rugsat edilýär.

2. Lukmançylyk tehniki önümleriniň, lukmançylyk kömegini bermegiň usullarynyň, lukmançylyk işini düzýän işleriň we (ýa-da) hyzmatlaryň  mahabaty özünde bu maglumatyň mahabat häsiýetlidigi barada görkezmäni saklamalydyr.

3. Lukmançylyk tehniki önümleriniň mahabatynyň mazmunynda:

1) lukmançylyk tehniki önümleriniň ady;

2) mahabatlandyrylýan obýektiň lukmançylyk tehniki önümi hasaplanýandygy barada maglumat;

3) lukmançylyk tehniki önümini taýýarlaýjynyň (öndürijiniň) ady;

4) lukmançylyk tehniki önüminiň peýdalanylyşy ýa-da ulanylyşy hakynda maglumat, şeýle hem lukmançylykda ulanylyşy boýunça gözükdiriji bilen tanyşmagyň zerurlygy we (ýa-da) lukmanyň   maslahatyny almak barada hödürnama bolmalydyr.  

Bu talap sarp edijileri diňe saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler hasaplanýan we lukmançylyk ýa-da farmasewtik sergileriniň, seminarlaryň, maslahatlaryň we beýleki şuňa meňzeş çäreleriň geçirilýän ýerlerinde ýa-da saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärleri üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde ýerleşdirilýän mahabata degişli däldir.


4. Lukmançylyk tehniki önümleriniň mahabatynda:


1) kämillik ýaşyna ýetmediklere ýüzlenilen;

2) özünde mahabatlandyrylýan obýektiň ulanylmagy netijesinde adamyň saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy, keselleri bejerendigi baradaky anyk ýagdaýlara salgylanma;

3) özünde mahabatlandyrylýan obýektiň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly fiziki şahslara minnetdarlygyň beýany;

4) mahabatlandyrylýan obýektiň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy üçin hökmany bolan barlaglaryň geçirilendiginiň subutnamasyna salgylanmak ýoly bilen mahabatlandyrylýan obýektiň artykmaçlyklary barada garaýyşlary dörediji;

 5) özünde mahabaty sarp edijilerde ol ýa-da beýleki keselleriň ýa-da saglygynda ynjalyksyzlygyň bardygy hakynda tassyklamanyň ýa-da çaklamanyň beýany;

6) sagdyn adamda mahabatlandyrylýan obýektiň ulanylmagynyň zerurlygy barada duýgulary döretmeklige täsir ediji;   

7) lukmana ýüz tutmagyň zerurlygynyň ýokdugy barada duýgyny dörediji;

8) mahabatlandyrylýan obýektiň oňyn täsirini, onuň howpsuzlygyny, netijeliligini we ýaramaz täsiriniň ýokdugyny kepillendiriji;

9) özünde mahabatlandyrylýan obýekt alnan ýagdaýynda islendik görnüşdäki maddy höweslendirmeden peýdalanmaga mümkinçiligini görkezýän mazmun bolmaly däldir.

5. Lukmançylyk hyzmatlarynyň mahabatynda, şol sanda öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we lukmançylyk taýdan dikeldiş usullarynyň mahabatynda:

1) özünde mahabatlandyrylýan obýektiň ulanylmagy netijesinde adamyň saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy, keselleri bejerendigi baradaky anyk ýagdaýlara salgylanma;

2) özünde mahabatlandyrylýan obýektiň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly fiziki şahslara minnetdarlygyň beýany;

3) mahabatlandyrylýan obýektiň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy üçin hökmany bolan barlaglaryň geçirilendiginiň subutnamasyna salgylanmak ýoly bilen mahabatlandyrylýan obýektiň artykmaçlyklary barada garaýyşlary dörediji;

4) özünde mahabaty sarp edijilerde ol ýa-da beýleki keselleriň ýa-da saglygynda ynjalyksyzlygyň bardygy hakynda tassyklamanyň ýa-da çaklamanyň beýany;  

5) özünde mahabatlandyrylýan obýekt alnan ýagdaýynda islendik görnüşdäki maddy höweslendirmeden peýdalanmaga mümkinçiligini görkezýän mazmuny bolmaly däldir.

6. Halk lukmançylygy usullarynyň mahabatynda:

1) özünde mahabatlandyrylýan obýektiň ulanylmagy netijesinde adamyň saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy, keselleri bejerendigi baradaky anyk ýagdaýlara salgylanma;

2) özünde mahabatlandyrylýan obýektiň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly fiziki şahslara minnetdarlygyň beýany;

3) mahabatlandyrylýan obýektiň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy üçin hökmany bolan barlaglaryň geçirilendiginiň subutnamasyna salgylanmak ýoly bilen mahabatlandyrylýan obýektiň artykmaçlyklary barada garaýyşlary dörediji;

4) özünde mahabaty sarp edijilerde ol ýa-da beýleki keselleriň ýa-da saglygynda ynjalyksyzlygyň bardygy hakynda tassyklamanyň ýa-da çaklamanyň beýany;

5) lukmana ýüz tutmagyň zerurlygynyň ýokdugy barada duýgyny dörediji bolmaly däldir.

7. Lukmançylyk ýa-da farmasewtik sergileriň, seminarlaryň, maslahatlaryň we beýleki şuňa meňzeş çäreleriň geçirilýän ýerlerinde, şeýle hem saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde ýaýradylýan mahabat we sarp edijileri diňe saglygy goraýyş we farmasewtik işgärler hasaplanýan beýleki mahabat özünde mahabatlandyrylýan obýektiň ulanylmagy netijesinde adamyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, keselleriniň bejerilmegine degişli anyk ýagdaýlara salgylanmalar, şeýle hem mahabatlandyrylýan obýektiň peýdalanylmagy bilen baglylykda fiziki şahslaryň minnetdarlygynyň beýanyny saklap biler.  

8. Lukmançylyk hyzmatlarynyň, şol sanda öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we lukmançylyk taýdan dikeldiş usullarynyň mahabaty olaryň ulanylmagy we peýdalanylmagy babatda garşy gelýän ýagdaýlarynyň bardygy hakynda, ulanmak boýunça gözükdiriji bilen tanyşmagyň ýa-da hünärmeniň maslahatyny almagyň zerurdygy barada duýduryjy bilen utgaşykly bolmalydyr.

Bu bölegiň talaplary lukmançylyk ýa-da farmasewtik sergileriň, seminarlaryň, maslahatlaryň we beýleki şuňa meňzeş çäreleriň geçirilýän ýerlerinde, şeýle hem saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde ýaýradylýan mahabata we sarp edijileri diňe saglygy goraýyş we farmasewtik işgärler hasaplanýan başga mahabata degişli däldir.

9. Peýdalanylmagy üçin ýörite taýýarlyk talap edilýän öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we lukmançylyk taýdan dikeldiş usullarynyň mahabatyna lukmançylyk ýa-da farmasewtik sergileriň, seminarlaryň, maslahatlaryň we beýleki şuňa meňzeş çäreleriň geçirilýän ýerlerinden, şeýle hem saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinden başga ýerlerde ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

10. Şu aşakdakylaryň mahabaty gadagandyr:

1) Türkmenistanda ulanmaga rugsat edilmeýän, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanda bellige alynmadyk lukmançylyk tehniki önümleriniň; olary soňra döwlet tarapyndan bellige almak maksady bilen geçirilýän bu önümleriň kliniki synaglarynyň çäklerinde amala aşyrylýan ýagdaýlar muňa degişli däldir;

2) saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan ulanmaga rugsat edilmedik lukmançylyk kömeklerini bermegiň usullarynyň;

3) lukmançylyk işini düzýän iş we hyzmat hasaplanmaýan saglygy goraýyş babatdaky işleriň we hyzmatlaryň.

11. Lukmançylyk tehniki önümleriniň, lukmançylyk kömeklerini, lukmançylyk işini düzýän işleri we (ýa-da) hyzmatlary etmegiň usullarynyň mahabatyna diňe mahabat berijiniň saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan rugsatnamasy bolanda, görkezilen ugurda oýlap tapyşlara we senagat nusgalaryna patentleri alan bolsa intellektual eýeçilik babatynda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşan ýagdaýynda ýol berilýär.

Bu talap şu aşakdakylaryň mahabatlaryna degişli däldir:

1) sarp edijileri diňe saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler bolan we lukmançylyk ýa-da farmasewtik sergileriniň, seminarlarynyň, maslahatlarynyň we beýleki şuňa meňzeş çäreleriň geçirilýän ýerlerinde ýaýradylýan;

2) saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärleri üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap  neşirlerinde ýaýradylmagy amala aşyrylýan lukmançylyk kömegini bermegiň, lukmançylyk işini düzýän işleriň we (ýa-da) hyzmatlaryň usullarynyň, lukmançylyk tehniki önümleriniň;

3) lukmançylyk işini amala aşyrmaga bolan ygtyýarnamada görkezilen özünde aýratyn maglumatlar we aragatnaşyk maglumatlary bolan  lukmançylyk işini düzýän işleriň we (ýa-da) hyzmatlaryň.

12. Saglygy goraýyş edaralary we saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen lukmançylyk tehniki önümleriniň mahabatynyň tertibi saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

24-nji madda. Çaga iýmiti önümleriniň mahabaty

 

1. Çaga iýmiti önümleriniň mahabaty  ene süýdüniň öwezini dolup bilýändigi hökmünde aňladylmaly däldir we özünde çagalary emeli iýmitlendirmegiň artykmaçlyklary barada tassyknamany saklamaly däldir.

2. Caganyň bir ýaşynyň dowamyndaky iýmitine goşulýan önümleriň mahabaty özünde şeýle önümleri ulanmagyň ýaş taýdan çäklendirmeleri barada maglumatlary we hünärmenleriň maslahatlaryny almagyň zerurlygy barada duýduryşlary saklamalydyr.

 

25-nji madda. Fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini peýdalanmak hem-de gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň mahabaty

 

1. Fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini peýdalanmak hem-de gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň mahabaty mahabat berijiniň işiň degişli görnüşini amala aşyrmaga hukugyny tassyklaýan ygtyýarnamany beren edara, onuň belgisi we berlen senesi görkezilen ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda mümkindir.

Fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini peýdalanmak hem-de gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň mahabatynda bu hyzmatlary edýän şahsyň atlandyrylyşy ýa-da ady bolmalydyr.

2. Fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini peýdalanmak hem-de gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň mahabatynda aşakdakylara ýol berilmeýär:

1) özünde mahabatlandyrylýan hyzmatlar ýa-da gymmatly kagyzlar bilen gönüden-göni gatnaşygy bolmadyk maglumatlaryň saklanmagyna;

2) özünde girdejini almaga kepillendirmäni we ýönekeý paýnamalar boýunça diwidentleriň möçberi baradaky maglumatyň saklanmagyna;   

3) gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny bellige almazdan, şeýle hem togtadylan mahalynda ýa-da gymmatly kagyzlaryň emissiýalary bolup geçmedik diýlip ykrar edilende mahabatlandyrylmagyna;   

4) özünde berilýän hyzmatlaryň geljekki netijeliliginiň (girdejililiginiň), şol sanda gymmatly kagyzlaryň hümmetiniň bahasynyň artmagyny yglan etmek ýoly bilen islendik kepillendirmeleriň saklanmagyna;

5) eger-de mahabatda şeýle şertleriň iň bolmanda biri barada maglumat berilýän bolsa, onda hyzmatlardan peýdalanan şahslaryň alýan girdejisiniň jemine ýa-da hyzmatlardan peýdalanan şahslaryň çekýän çykdajylarynyň jemine täsir edýän degişli hyzmatlary etmegiň beýleki şertleri barada aýtmazlyga;  

6) eger-de mahabat karz alyjy üçin  karzyň  doly bahasyny kesgitleýän we oňa täsir edýän şertleriň iň bolmanda birini öz içine alýan bolsa, karzy bermek, ondan peýdalanmak we karzy üzmek bilen baglanyşykly hyzmatlary etmegiň beýleki şertleri barada aýtmazlyga;

7) ol ýa-da beýleki kärhananyň işine ýa-da onuň harytlaryny satyn almaklyga beýleki fiziki şahslary çekmegiň hasabyna öz girdejisini ýa-da peýdasyny almaga fiziki şahslaryň çagyrylmagyna;

8) ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin fiziki şahslaryň pul serişdeleriniň çekilmegine; paýly gurluşyga gatnaşmak şertnamasy esasynda pul serişdeleriniň çekilmegi bilen baglanyşykly mahabat muňa degişli däldir.

 

26-njy madda. Medeni-köpçülikleýin çäreleriniň mahabaty

 

1. Medeni-köpçülikleýin çäreleriniň guramaçysynyň we beýleki şahslaryň medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşmazdan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede we radioda medeni-köpçülikleýin çäreleriniň maksatnamasyny habar bermäge we onuň geçirilýändigi boýunça mahabat maglumatlaryny ýaýratmaga hukugy ýokdur.

2. Medeni-köpçülikleýin çäresiniň mahabatynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) medeni-köpçülikleýin çäresiniň guramaçysy hakynda (Türkmenistandaky ýuridik şahsyň, daşary ýurt we halkara guramalarynyň ady we ýerleşýän ýeri, Türkmenistanda hasaba alnan hususy telekeçiniň, daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady) maglumatlar we onuň aragatnaşyk telefon belgileri;

2) radioýaýlymynda ýaýradylýan mahabatdan we daşarky mahabatdan başga, Türkmenistanyň çäginde medeni-köpçülikleýin çärelerini guramaga we geçirmäge hukuk berýän rugsatnamany almak (rugsatnamanyň bellige alyş belgisi,  rugsatnama bermek barada kabul edilen çözgüdiň senesi, rugsatnamany beren edaranyň ady) bilen baglanyşykly umumy maglumatlar;    

3) medeni-köpçülikleýin çäresiniň özboluşlulygy barada, şol sanda ses ýazgysynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada maglumat;

4) şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki maglumatlar.  

 

V BAP. GÖWNEJAÝ BOLMADYK MAHABAT

 

27-nji madda. Ynsapsyz mahabat

 

1. Şu mahabatlar ynsapsyz mahabat diýlip ykrar edilýär:

1) özünde mahabatlandyrylýan harytlaryň beýleki fiziki we ýuridik şahslaryň harytlaryna (işleri, hyzmatlary) garanda (işleriň, hyzmatlaryň) gödek deňeşdirmesini, şeýle hem olaryň mertebesine, abraýyna we işewür abraýyna zyýan ýetirýän görnüşdäki beýanlary, keşpleri   jemleýän;  

2) şu Kanunda gadagan edilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) mahabatyny hödürleýän, eger-de şeýle mahabat haryt nyşany ýa-da hyzmat ediş nyşany onuň mahabatyna degişli talaplar we çäklendirmeler bellenilen harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) haryt nyşany ýa-da hyzmat ediş nyşany bilen garjaşmak derejesine çenli barabar ýa-da meňzeş bolan beýleki harydyň (işiň, hyzmatlaryň) mahabatynyň görnüşi astynda, şeýle hem şeýle harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) öndürijisiniň ýa-da satyjysynyň mahabatynyň görnüşi astynda amala aşyrylýan bolsa;  

3) firma adyny, haryt nyşanyny, firma gabyny, daşky bezegini, formulalary, şekilleri we beýleki harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) mahabatlarynda ulanylýan beýleki täjirçilik alamatlary göçürmek arkaly harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) mahabatlandyrylmagy babatda sarp edijilerde ýalňyşlygy emele getirýän;

4) özünde telekeçilik işi amala aşyrylanda  olaryň peýdalanylmagy onuň häsiýeti, düzümi, öndüriliş  ýa-da taýýarlanyş usuly we möhletleri, bellenilen maksatlary, sarp ediliş özboluşlulygy, ulanylyş şertleri, laýyklyk sertifikatynyň bolmagy, mukdary we gelip çykan ýeri we harydyň (işiň, hyzmatyň) beýleki häsiýetnamalary babatda bulaşyklyga getirip biljek görkezmeleri ýa-da tassyknamalary saklaýan;  

5) mahabatlandyrylýan harytlardan (işlerden, hyzmatlardan) peýdalanmaýan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň mertebesini peseldýän, kemsidýän ýa-da üstünden gülýän;

6) mahabat maglumatynyň mazmunynda bu şahsyň tassyknamasy barada garaýşy emele getirip biljek usulda, deslapky ylalaşygyny almazdan oňa salgylanmak ýa-da onuň eýeçiligini beýan etmek arkaly haýsydyr bir şahsyň şekillendirilmegini saklaýan bolsa;

7) artyklyk derejesindäki sözleriň ýa-da eger ulanylmagynyň kanunylygyny resminama bilen tassyklap bolmaýan bolsa, harydyň (işiň, hyzmatyň) beýleki harytlara (işlere, hyzmatlara) garanyňda artykmaçdygy baradaky pikiri döredýän başga sözleriň ulanylmagyna ýol berýän;

8) önümçilige we (ýa-da) ýerlemeklige, şeýle hem harytlaryň (hyzmatlaryň) kepillendirilen hyzmatynyň aýratyn hukugyny görkezýän.

2. Mahabat diňe bir mazmuny boýunça däl, eýsem onuň ýaýradylýan ýeri, wagty we serişdeleri boýunça hem ynsapsyz diýlip hasaplanylyp bilner.

3. Ynsapsyz mahabat gadagan edilýär.

 

28-nji madda. Ygtybarsyz mahabat

 

1. Özünde hakykata degişli bolmadyk maglumatlary saklaýan mahabat ygtybarsyz diýlip ykrar edilýär:

1) beýleki fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan öndürilen we (ýa-da) ýerlenilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) öňünde mahabatlandyrylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) artykmaçlyklary barada;

2) sarp ediji üçin harydyň zerur häsiýetnamalary hakynda, şol sanda onuň tebigaty, düzümi, taýýarlanyş usuly we senesi, mukdary, bellenilen maksady, sarp edijilik özboluşlulygy, ulanmagyň şertleri we ideg etmek boýunça maslahatlar, onuň gelip çykan ýeri (ýurt) barada, laýyklyk sertifikatynyň bolmagy we milli standartlara laýyklyk nyşanlary, harydyň saklanylmaly wagty, ýaramlylyk möhleti barada;

3) bazarlarda harytlaryň bolmagy, harytlaryň görnüşleri we toplumlary barada, şeýle hem kesgitli ýerlerde we kesgitli möhletiň dowamynda olary almagyň mümkinçiligi barada;

4) harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy ýa-da nyrhy barada, onuň töleg tertibi, arzanladyş mukdary, nyrhlary we mahabat ýaýradylan pursadyndaky beýleki şertleri barada;

5) harydyň iberiliş, çalyşmak, abatlamak we kepillendirilen hyzmat etmek şertleri barada;

6) harydy (hyzmaty) öndürijiniň kepillendirilen borçlary barada;

7) intellektual işleriň netijeliligine aýratyn hukuklar barada we fiziki we ýuridik şahslaryň, şeýle hem harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) olara deň bolan aýrybaşgalaşdyrylan serişdeleri hakynda;

8) döwlet nyşanlaryny (baýdak, tugra, sena), şeýle hem halkara guramalaryň nyşanlaryny peýdalanmaga hukuklary barada;

9) mahabatlandyrylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) medallary, baýraklary, diplomlary ýa-da beýleki sylaglary alandygy barada resmi ýa-da jemgyýetçilik ykrarnamasy hakynda;

10) mahabatlandyrylýan obýekt barada fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hödürnamalary barada ýa-da fiziki, ýuridik şahslaryň ony makullaýandygy barada, şeýle hem möhleti geçen ýa-da uzak möhletli hödürnamalary ýa-da makullamalary peýdalanmagy barada;

11) barlaglaryň we synaglaryň netijeleri barada, tehniki, ylmy we beýleki neşirlerden salgylanmalar, ylmy adalgalar ýa-da möhleti geçen hödürnamalara salgylanmalary barada;

12) mahabatlandyrylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sarp edijilerine goşmaça hukuklaryň ýa-da artykmaçlyklaryň berilýändigi barada;

13) mahabatlandyrylýan haryda (işlere, hyzmatlara) islegleriň hakyky möçberi barada;

14) mahabatlandyrylýan harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) öndürilişiniň ýa-da satuwynyň göwrümi barada;

15) bäsleşikleri, oýunlary ýa-da şuňa meňzeş çäreleri geçirmegiň düzgünleri we möhletleri barada, şol sanda oňa gatnaşmaga sargytlaryň kabul edilýän möhletleriniň tamamlanyşy barada, olaryň netijeleri boýunça sylaglaryň ýa-da utuşlaryň möçberi, olary almagyň möhleti, ýeri we tertibi barada, şeýle hem şeýle çäreler baradaky maglumatlaryň çeşmesi barada;

16) harydyň aluw-satuw şertnamasy, işleriň (hyzmat etmegiň) ýerine ýetirilişi barada şertnama baglaşmazyndan öň, gyzyklanýan şahslaryň mahabatlandyrylýan harytlar (işler, hyzmatlar) barada özlerine hödürlenmeli bolan maglumatlar bilen tanyşmaga bolan  ýeri barada;

17) mahabatlandyrylýan obýekti hödürleýän ýuridik (fiziki) şahsyň atlandyrylyşy (ady) we ýerleşýän ýeri barada;

18) harydy (işi, hyzmaty) häsiýetlendirýän statistiki maglumatlar barada.

2. Ygtybarsyz mahabat gadagan edilýär.

 


29-njy madda. Etiki däl mahabat


 

1. Şu aşakdakylar etiki däl mahabat hasaplanýar:

1) özünde ahlaklylygyň umumy kabul edilen kadalaryny bozýan ýazgyly, görülýän we (ýa-da) eşidilýän maglumaty, şol sanda milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk we wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ynam-ygtykady ýa-da gaýry ýagdaýlar babatda kemsidiji sözleri, deňeşdirmeleri, keşpleri saklaýan;

2) taryhy-medeni gymmatlyklar hasaplanýan obýektlere zyýan ýetirýän;

3) Döwlet nyşanlaryna (baýdaga, tugra, sena), Türkmenistanyň milli puluna ýa-da daşary ýurt puluna, dini nyşanlara göni ýa-da gytaklaýyn zyýan ýetirýän ýa-da olara hormat goýmazlygy aňladýan;

4) mahabatlandyrylýan harytlardan peýdalanmaýan ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň, şeýle hem olaryň önümçilik, täjirçilik ýa-da beýleki işleriniň mertebesini peseldýän;

5) mahabatlandyrylýan obýekte ýaramaz baha berýän;

6) mahabaty sarp edijileri ýalňyşdyrýan, şol sanda beýleki mahabat berijiniň mahabatynda peýdalanylýan umumy kompozisiýany, tekstini, şekilini, sazyny we (ýa-da) ses taýdan täsir edijiligini gaýtalamak (nusgalamak) arkaly peýdalanýan;

7) eger şeýle hyzmatlary etmek (şeýle işleri ýerine ýetirmek) tölegi göz öňünde tutýan bolsa, hyzmatlary etmegiň (işleri ýerine ýetirmegiň) muzdsuz esasdadygyny aňladýan garaýyşlary emele getirýän «sowgat», «mugt» we beýleki sözleri özünde saklaýan.  

2. Etiki däl mahabat gadagan edilýär.

 

30-njy madda. Gizlin mahabat

 

1. Gizlin mahabat, ol sarp edijiniň aňynyň kabul etmegine radio-, tele-, wideo-, audio- we kino önümleri, şeýle hem beýleki önümler arkaly, şol sanda ýörite wideo şekilleri, goşa ses ýazgylary we beýleki usullary peýdalanmak bilen gizlin täsir edýän mahabat hasaplanýar.

Mahabatyň gizlindigini ykrar etmek hakynda çözgüdi telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy kabul edýär.

2. Gizlin mahabat gadagan edilýär.

 

31-nji madda. Garşylyklaýyn mahabat

 

1. Mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan  ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan göwnejaý bolmadyk mahabatyň ýaýradylmagynyň subutnamasy ýüze çykarylan ýagdaýynda we şu Kanunyň 27-30-njy maddalarynyň düzgünlerini bozan mahabat berijä degişli tabşyryk berlende bu edara mahabat berijiniň hasabyna göwnejaý bolmadyk mahabaty jemagat öňünde ýalana çykarmak (garşylyklaýyn mahabat) barada talap bilen kazyýete  bellenen tertipde ýüz tutmaga haklydyr. Şunlukda, kazyýet şeýle ýalana çykarýan mahabaty ýerleşdirmegiň görnüşini, ýerini we möhletini kesgitleýär. Şeýle hem, garşylyklaýyn mahabat mahabat beriji tarapyndan meýletin tertipde amala aşyrylyp bilner.

2. Garşylyklaýyn mahabat hem ýalana çykarylýan mahabatyň ýerleşdirilişi ýaly, şol bir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, dowamlylygyň şol bir häsiýetnamalaryny, giňişligi, ýeri we tertibi peýdalanmak bilen amala aşyrylýar. Aýratyn ýagdaýlarda garşylyklaýyn mahabat amala aşyrylanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, dowamlylygy, ýeri we tertibi çalşylyp bilner.  

3. Garşylyklaýyn mahabaty amala

aşyrmak boýunça ähli çykdajylary düzgüni bozujy çekýär.


4. Eger garşylyklaýyn mahabat düzgüni bozujy tarapyndan mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň kesgitlän möhletinde amala aşyrylmasa, onda bu edara bu düzgün bozujynyň garşylyklaýyn mahabaty amala aşyrmagynyň tamamlanýan gününe çenli onuň mahabatyny dolulygyna ýa-da bölekleýin saklamak barada çözgüt kabul etmäge we bu barada bu düzgün bozujy bilen şertnama baglaşan taraplara habar bermäge borçludyr.

 

VI BAP. MAHABAT ÇYGRYNDA DÖWLET

DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

32-nji madda. Mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirilişi düşünjesi

 

1. Mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirilişi diýlip şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýän mahabatyň önümçiligine we ýaýradylmagyna gözegçilige düşünilýär.

2. Mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirilişiniň esasy maksatlary şular hasaplanýar:

1) döwletiň bähbitlerini goramak;

2) göwnejaý bolmadyk mahabatlaryň, şeýle hem jemgyýetçilik gymmatlyklaryna we ahlak we edep-ekramyň umumy kabul edilen kadalaryna zyýan ýetirýän mahabatlaryň öňüni almak we gadagan etmek;

3) ynsapsyz bäsdeşlikden goramak.

3. Mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirilişi degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan olaryň şu Kanunda bellenilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

 

33-nji madda. Mahabat çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) mahabat çygrynda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanda mahabat işini ösdürmek boýunça maksatnamalary we çäreleri işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy guraýar;

3) mahabat boýunça pudagara Geňeşi döredýär;

4) mahabat we mahabat işi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalary tassyklaýar;

5) mahabat çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

6) şu Kanun hem-de mahabat we mahabat işi çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

 

34-nji madda. Mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirilişini amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary

 

Mahabat çygrynda döwlet düzgünleşdirilişini amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) şular degişlidir:  

1) söwda babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;  

2) saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

3) içeri işler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;  

4) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşir işlerini düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

5) telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;  

6) Internet-hyzmatlarynyň ösüşi we ondan peýdalanmak çygryny düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

7) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary.

 

35-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

1. Ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy öz işiniň çygrynda:

1) mahabat çygrynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýar;

2) Türkmenistanda mahabat işini ösdürmek boýunça maksatnamalary we çäreleri işläp taýýarlaýar we durmuşa ornaşdyrýar;

3) mahabat we mahabat işi çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

4) mahabat işi çygrynda gözegçiligi amala aşyrýar;

5) mahabatyň  serişdesine mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklygynyň bilermenler seljermesini geçirýär;

6) mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy baradaky ýuridik we fiziki şahslaryň ýüz tutmalaryna we beýleki materiallara garaýar;  

7) mahabat işiniň subýektleri tarapyndan ýol berlen göwnejaý bolmadyk mahabatlary anyklaýar;

8) mahabat işiniň subýektleriniň mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmeklerine, şol sanda mahabatlandyrmagyň anyk obýektiniň mahabatdaky bellenilip geçilen maglumatlara laýyklygyna barlaglary guraýar we geçirýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mahabat işiniň subýektlerine jogapkärçilik çärelerini ulanýar;

10) mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynyň bes edilmegi barada we garşylyklaýyn mahabatlary amala aşyrmak hakynda mahabat işiniň subýektlerine görkezmeleri ýollaýar;

11) mahabat işi çygrynda degişli işleri gozgamak hakynda meseleleri çözmek üçin prokuratura edaralaryna we beýleki hukuk goraýjy edaralara materiallary iberýär;

12) mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň mahabat işiniň subýektleri tarapyndan bozulmagy bilen baglanyşyklykda mahabaty sarp edijileriň kesgitlenmedik toparynyň bähbitlerini gorap, şeýle hem göwnejaý bolmadyk mahabat bilen baglanyşykly geleşikleri hakyky däl diýip ykrar etmek barada kazyýete talaplary berýär;

13) şu Kanunyň 31-nji maddasynyň 1-nji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýda göwnejaý bolmadyk (garşylyklaýyn mahabat) mahabaty jemagat öňünde ýalana çykarmak hakynda kazyýete talap bilen ýüz tutýar;

14) şu Kanuna we mahabat we mahabat işi çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Şu Kanunyň we mahabat çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulýan subutnamalary takyklananda ygtyýarlandyrylan edara şu aşakdakylar barada çözgüt kabul edýär, onda:

1) mahabatda şahslaryň ýa-da telekeçileriň kanuny hukuklaryny goramak nukdaýnazaryndan düýpli hasaplanýan harytlaryň nyşanyny ýa-da gaýry görnüşde goşmaça habarlary bermegi mahabat berijä tabşyrýar;

2) mahabatdan aýratyn bölekleri (habarlary, synlama şekillerini, ses ýa-da beýleki ýörite hereketleri) aýyrmagy talap edýär;

3) mahabaty ýaýratmagy gadagan edýär;

4) mahabaty yzyna almagy talap edýär;

5) mahabaty ýaýratmak bilen baglanyşykly çäklendirmeleri girizýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde administratiw temmileri ulanmagy kesgitleýär.

3. Ygtyýarlandyrylan edaranyň wezipeli adamlary öz üstlerine ýüklenen ygtyýarlyklara laýyklykda gulluk şahsyýetnamasyny we bu edaranyň ýolbaşçysynyň (ýolbaşçysynyň orunbasarynyň) barlag geçirmek hakyndaky buýrugynyň (tabşyrygynyň) göçürmesini görkezmek bilen gözegçilik, resminamalary barlamak boýunça çäreleri geçirmek, görkezilen barlagy geçirmegiň barşynda zerur bolan maglumatlary almak maksady bilen, mahabat çygrynda işi amala aşyrýan degişli ýuridik we fiziki şahslaryň mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin peýdalanýan binalaryna we otaglaryna päsgelçiliksiz barmaga hukuklydyrlar.

 

36-njy madda. Mahabat babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) pudak tabynlygyndaky çäklerde mahabat çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi amala aşyrýarlar;

2) pudak tabynlygyndaky çäklerde mahabat işlerini ösdürmek boýunça meýilnamalary we çäreleri işläp taýýarlaýarlar we durmuşa ornaşdyrýarlar;

3) mahabat we mahabat işi çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar;

4) mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça tekliplerini hödürleýärler;

5) pudak tabynlygyndaky çäklerde daşarky mahabatlary ýerleşdirmeklige rugsatnama berýärler;

6) pudak tabynlygyndaky çäklerde mahabat gurnawlaryny oturtmaga we peýdalanmaga rugsatnama berýärler;

7) pudak tabynlygyndaky çäklerde bellige alnan awtomobillerde, awtobuslarda, tekerli traktorlarda, awtootlularda mahabatlary ýaýratmaklyga rugsatnama berýärler;

8) mahabat işleriniň meseleleri boýunça fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslaryň ýüz tutmalaryna garaýarlar;

9) pudak tabynlygyndaky çäklerde mahabat işi çygrynda gözegçiligi amala aşyrýarlar;

10) mahabat işiniň subýektleri tarapyndan ýol berlen göwnejaý bolmadyk mahabaty anyklaýarlar;

11) şu Kanunda bellenilen ýagdaýlarda daşky mahabat serişdelerini sökmek ýa-da beýleki usullar arkaly göwnejaý bolmadyk mahabatyň ýaýradylmagyny bes etmek barada mahabat ýaýradyjylara tabşyryklary bermek arkaly olaryň ýaýradylmagyny ýatyrýarlar;

12) mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy barada materiallary prokuratura edaralaryna we beýleki hukuk goraýjy edaralaryna  iberýärler;

13) şu Kanuna we mahabat we mahabat işi çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.  

 

37-nji madda. Mahabat boýunça pudagara Geňeş

 

1. Mahabat boýunça pudagara Geňeş Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanda mahabat bazaryny durnukly ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň meseleleri boýunça mahabat işiniň subýektleriniň özara gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, jemgyýeti göwnejaý bolmadyk mahabatdan goramak, şeýle hem mahabat we mahabat işleri çygrynda döwlet syýasatyny alyp barmak boýunça hödürnamalary işläp taýýarlamak üçin döredilýär.

2. Mahabat boýunça pudagara Geňeş hakynda düzgünnama, onuň ygtyýarlylygy we düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

38-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Mahabat beriji şu Kanunyň bozulandygy üçin, eger görkezilen düzgün bozma mahabaty öndürijiniň ýa-da mahabaty ýaýradyjynyň günäsi boýunça ýüze çykandygy subut edilmedik bolsa, mahabatyň öndürilmegi üçin berlen maglumatyň mazmunynyň çäginde jogapkärçilik çekýär.


2. Mahabaty öndüriji mahabaty öndürmegiň çäklerinde şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekýär.


3. Mahabaty ýaýradyjy mahabaty ýaýratmagyň wagty, ýeri we serişdeleri bilen bagly çäklerde şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekýär.


4. Mahabat işiniň subýektleri tarapyndan şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

39-njy madda.  Jedelleri çözmek

 

Mahabaty öndürmek we ýaýratmak işinde ýüze çykan jedeller, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde çözülýär.


 


40-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy marty.

№ 374-V.