Ösümlikleri goramak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Ösümlikleri goramak hakynda

 

Şu Kanun ösümlikleri zyýankeşlerden, ösümlikleriň kesellerinden, şeýle hem haşal otlardan goramak babatda işi amala aşyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de hasyly gorap saklamaga gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ösümlikleri goramak – ösümliklere zeper ýetirilmeginiň ýa-da ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga, ösümlikleriň we (ýa-da) ösümlik önüminiň zyýankeşleriniň, ösümlikleriň kesellerini döredijileriň we haşal otlaryň täsiri netijesinde ösümlik önümleriniň ýitgisini azaltmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy;

2) zyýanly organizmler – topraga, ösümlige we oba hojalyk önümlerine ýaramaz täsir edýän ösümlikleriň zyýankeşleri we (ýa-da) ösümlik önüminiň, ösümlikleriň kesellerini döredijiler we haşal otlar;

3) ösümlikleriň we (ýa-da) ösümlik önüminiň zyýankeşleri – ösümliklere we (ýa-da) ösümlik önümine ýaramaz täsirini ýetirýän gemrijiler, mör-möjekler, sakyrtgalar, mollýuskalar, gurçuklar we beýleki haýwanlar;

4) ösümlik keseli – daşky gurşawyň ýaramaz şertleriniň we dürli kesel dörediji organizmleriň täsiri astynda öýjükleriň, ösümlikleriň synalarynyň kadaly madda çalşygynyň bozulmagy;

5) haşal otlar – ösümlikleriň hasyllylygyny pese düşürýän we ösümlik önüminiň hilini ýaramazlaşdyrýan, medeni ösümlikleriň arasynda biologiýa we ekologiýa taýdan ösmäge uýgunlaşan ýabany ösýän ýa-da ýarym medeni  ösümlikler;

6) ösümlikleri goramagyň serişdeleri – zyýanly organizmleriň  aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, ýok etmek ýa-da olaryň sanyny azaltmak hem-de olaryň ösümliklere we (ýa-da) ösümlik önümlerine zyýanly täsirini peseltmek üçin peýdalanylýan himiki, biologiki, mehaniki we beýleki serişdeler;

7) ösümlikleri goramagyň himiki usullary – himiki serişdeleriň kömegi bilen ösümlikleri we (ýa-da) ösümlik önümini zyýanly organizmlerden we ösümlikleriň kesellerinden goramak boýunça çäreleriň ulgamy;

8) ösümlikleri goramagyň biologik serişdeleri – zyýankeşler, ösümlikleriň keselleri we haşal otlar bilen göreşmek üçin ulanylýan, tebigy organizmlere meňzeş biologik maddalar, şeýle hem ösdürilip ýetişdirilen önümler, genetiki taýdan döredilen ösümlikler ýa-da başga organizmler;

9) ösümlikleri goramagyň mehaniki usullary – ösümlikleri we (ýa-da) ösümlik önümini zyýanly organizmlerden we ösümlikleriň kesellerinden mehaniki ýol bilen goramak boýunça çäreleriň ulgamy;

10) ösümlikleri goramagyň serişdelerini zyýansyzlandyrmak – ösümlikleri goramagyň serişdelerini işläp bejermek, gömmek, howply düzümlerini peseltmek, ilatyň saglygyna we daşky gurşawa olaryň zyýanly täsirini azaltmaga ýa-da öňüni almaga getirýän, olary peýdalanmazdan ýörite obýektlerde we (ýa-da) ýörite gurluşlarda ýok etmek;

11) ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak – ösümlikleri goramagyň serişdelerini öwrenmek, synag etmek, täzelerini işläp taýýarlamak, bar bolanlaryny kämilleşdirmek, öndürmek, ýerlemek, saklamak, daşamak, ulanmak, zyýansyzlandyrmak, getirmek, äkitmek, gaplamak bilen baglanyşykly işler;

12) fitosanitar gözegçilik – zyýanly organizmleriň we olaryň tebigy antagonistleriniň ýaýramak derejesini, şeýle hem olaryň ösüşini we zyýan ýetirijilik depginliligini gözegçilikde saklamak we anyklamak;

13) fitosanitar çäreleri – zyýanly organizmleriň ýok edilmegini ýa sanynyň azalmagyny ýa-da olaryň ösümliklere we (ýa-da) ösümlik önümine zyýanly täsirini peseltmegi üpjün edýän çäreler;  

14) fitosanitar ýagdaý – zyýanly organizmleriň düzümi we ösüş derejesi boýunça kesgitli çäkde görkezilen anyk wagtda ekoulgamyň, olaryň düzüm bölekleriniň, önümiň ýa-da ösümlikden alynýan önümiň tapgyrynyň ýagdaýy;

15) ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawy – şu Kanunda bellenilen talaplara laýyklykda we Türkmenistanyň çäginde ulanmaga rugsat berlen, döwlet  bellige alnyşyndan geçen, ösümlikleri goramagyň serişdeleri barada maglumaty öz içine alýan resminama;

16) pestisidler (awuly himikatlar) – zyýanly we aýratyn howply zyýanly organizmlere garşy ulanylýan himiki maddalar, şeýle hem gerbisidler, defoliantlar, desikantlar we ösümlikleriň ösüşini sazlaýjylar;

17) ýörite zat saklanylýan jaýlar (mazarlyklar) – ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň, şeýle hem olaryň boşan gaplarynyň sandan çykanlaryny ýa-da ulanylmagy gadagan edilenlerini soňra gaýtadan ulanylmagy ýa-da ýok edilmegi üçin howpsuz saklamaga niýetlenilen desgalar.

 

2-nji madda. Ösümlikleri goramak hakynda

                      Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk  namalaryndan ybaratdyr.

2. Tokaý gaznasynyň çäklerinde ösüp ýetişýän tokaý ösümliklerini zyýankeşlerden we ösümlikleriň kesellerinden goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kanun we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

3. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ösüp ýetişýän ösümlikleri goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kanun we aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Ösümlikleri goramak  babatda wezipeler

Ösümlikleri goramak babatda wezipeler şu aşakdakylardan ybarat:

1) ösümlikler üçin zyýanly organizmleriň köpçülikleýin köpelmegini we ýaýramagyny öz wagtynda çaklamak, anyklamak we öňüni almak maksady bilen çäreleri amala aşyrmak;

2) oba hojalyk ekinleriniň fitosanitar ýagdaýynyň gowulanmagyny üpjün etmek, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümini almak, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde fitosanitar çäreleri amala aşyrylan mahalynda, ilatyň saglygyna we daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüni almak.

 

4-nji madda. Ösümlikleri goramagyň esasy ýörelgeleri

Ösümlikleri goramagyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardan ybarat:

1) ösümlikleri goramak boýunça çäreler amala aşyrylan mahalynda ilatyň saglygyny goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek;

2) ösümlikleri goramak boýunça çäreleriň geçirilmeginiň ylmy, ekologiýa we ykdysady taýdan esaslandyrylanlygy;

3) ösümlikleri goramagyň biologik serişdeleriniň ulanylmagynyň ileri tutulmagy;

4) ösümlikleri goramagyň meseleleri boýunça döwlet  edaralarynyň, beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň işinde aýanlyk we ilaty doly, anyk hem-de öz wagtynda maglumatlar bilen üpjün etmek;

5) ösümlikleri goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.

 

5-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda hukuk

                       gatnaşyklarynyň obýektleri

Ösümlikleri goramak babatda hukuk gatnaşyklarynyň obýektlerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) ösümlikler;

2) zyýanly organizmler we ösümlikleriň keselleri;

3) karantinasty obýektler;

4) ösümlikleri goramagyň serişdeleri.

 

6-njy madda. Ösümlikleri goramak babatda hukuk

                        gatnaşyklarynyň subýektleri

Ösümlikleri goramak babatda işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar ösümlikleri goramak babatda hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar.

 

 

II BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA

DÖWLET DOLANDYRYŞY

 

7-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda döwlet

                       dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar

Ösümlikleri goramak babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň  Ösümlikleri goramak gullugy (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) hem-de ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

8-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda Türkmenistanyň

                       Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ösümlikleri goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) ösümlikleri goramak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) ösümlikleri goramak babatda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan degişli edaralaryň we kärhanalaryň işini düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;

4) ösümlikleri goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

5) ösümlikleri goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlikleri goramak babatda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

9-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) ösümlikleri goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) ösümlikleri goramak babatda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün edýär we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

3) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ösümlikleri goramak babatda  kadalaşdyryjy  hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine hödürleýär;

4) aýratyn howply zyýankeşleriň, ösümlikleriň keselleriniň we haşal otlaryň görnüşlerini kesgitleýär;

5) saglygy goraýyş we derman senagaty babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, döwlet belligine alynmaga degişli ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirmegiň tertibini belleýär;

6) ösümlikleri goramak babatda çäreleri geçirmekde ýuridik we fiziki şahslara usuly kömegini berýär;

7) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça, ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet belligine almak barada şahadatnamanyň nusgasyny tassyklaýar;

8) ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyny ýöredýär;

9) ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet belligine almagyň tertibini belleýär we döwlet belligine alynmaga degişli ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirýän ýuridik şahslara hünär synagyny geçirýär;

10) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça,  Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde ylmy barlaglary we önümçilik synaglaryny geçirmek üçin ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilmedik ösümlikleri goramagyň serişdelerini Türkmenistanyň çägine getirmäge rugsat berýär;

11) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ätiýaçlyk goruny emele getirmegiň, üstüni ýetirmegiň we peýdalanmagyň tertibini belleýär;

12) ösümlikleri goramagyň bar bolan serişdeleriniň hasaba alnyşyny ýöretmegiň, olar bilen howpsuz iş salyşmagyň, olary goramak boýunça çäreleri geçirmegiň tertibini belleýär;

13) ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

14) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlikleri goramak babatda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

10-njy madda. Ösümlikleri goramak babatda ýerine ýetiriji

                          ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş

                          edaralarynyň ygtyýarlygy

Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) özleriniň garamagyndaky çäklerde ösümlikleri goramak babatda çäreleriň geçirilmegine ýardam berýärler;

2) daşky gurşawy goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, ösümlikleri goramagyň ulanyşa ýaramsyz himiki serişdelerini zyýansyzlandyrmak işine ýardam berýärler;

3) ösümlikleri goramak meselesi boýunça ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmekligi guramaga ýardam berýärler;

4) ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleri üçin niýetlenen ýörite zat saklanylýan jaýlaryň (mazarlyklaryň) gurluşygyna we talaba laýyk saklanylmagyna ýardam edýärler;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlikleri goramak babatda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

III BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAGYŇ SERIŞDELERI WE OLAR BILEN HOWPSUZ IŞ SALYŞMAK

 

 

 

 

11-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini bellige

                         almak boýunça Döwlet topary

1. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini bellige almak boýunça Döwlet topary – ösümlikleri goramagyň himiki we biologiki serişdeleriniň hem-de pestisidleriň (awuly himikatlaryň) Türkmenistanyň çägine getirilmegini tertibe salmak we oba hojalyk önümçiliginde netijeli peýdalanmak maksady bilen ösümlikleri goramagyň serişdelerini bellige almagy amala aşyrýan topardyr.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini bellige almak boýunça Döwlet topary ösümlikleri goramagyň himiki we biologiki serişdelerini, gerbisidleri, ösümlikleriň ösüşini sazlaýjylary we defoliantlary bellige almagy we gaýtadan bellige almagy amala aşyrýar, şeýle hem ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyny düzýär.

3. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini bellige almak boýunça Döwlet toparynyň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Ygtyýarlandyrylan edara ösümlikleri goramagyň serişdelerini bellige almak boýunça Döwlet toparynyň ýerine ýetiriji edarasy bolup durýar.

 

12-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet

  belligine almak

1. Türkmenistanda öndürilýän ýa-da başga döwletlerden Türkmenistana getirilýän ösümlikleri goramagyň serişdeleri döwlet belligine alynmaga degişlidir.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet belligine alynmagy ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň synaglarynyň oňyn netijeleriniň esasynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan geçirilýär.

3. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet belligine almak bäş ýyl möhlet bilen geçirilýär.

4. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň synagy ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň howpsuzlygyň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň hem-de daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyklygyna, şeýle hem olaryň netijeliligine baha bermek maksady bilen, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde ýuridik şahslar tarapyndan geçirilýär.

5. Synagdan geçen ösümlikleri goramagyň serişdeleri, olaryň häsiýetnamalary we olar baradaky maglumat ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilýär.

6. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet belligine alynmagyna arza beren we arzada görkezilen ösümlikleri goramagyň  serişdeleriniň synagy bilen baglanyşykly çykdajylary tölän ýuridik we fiziki şahslara ösümlikleri goramagyň serişdesiniň döwlet belligine alnandygy barada şahadatnama berilýär.

7. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet belligine alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olara sanitariýa-gigiýena  taýdan baha berlenden soň amala aşyrylýar.

 

 

 

 

13-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini

                        gaýtadan bellige almak

1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň gaýtadan bellige alynmagy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda, degişli arza esasynda amala aşyrylýar.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini gaýtadan bellige almak üç ýyl möhlet bilen geçirilýär.

 

14-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini

  döretmek we öndürmek

1. Ösümlikleri goramagyň täze serişdeleri döredilen mahalynda bu serişdeleriň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsiriniň howplaryna baha berilmelidir hem-de olar bilen iş salyşmagyň howpsuz usullary işlenip taýýarlanylmalydyr.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini öndürmek sanitariýa düzgünleriň we ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak babatynda beýleki tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

3. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini öndüriji:

1) ösümlikleri goramagyň serişdelerininiň ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak babatynda tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öndürilmegini üpjün edýär;

2) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň hiline anyk baha bermek üçin  standart nusgalaryň öndürilmegini üpjün edýär;

3) ösümlikleri goramagyň serişdelerini howpsuzlygyň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň hem-de daşky gurşawy goramagyň howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda öndürýär we ýerleýär;

4) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň, şeýle hem olaryň boşan gaplaryny zyýansyzlandyrmagyň tehnologiýasyny we kadalaryny berjaý edýär;

5) görkezilen serişdäniň gaplarynyň daşynda ösümlikleri goramagyň himiki serişdesi barada maglumatlary we ony ulanmak boýunça gollanmalary görkezýär.

 

15-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini daşamagyň,

                         saklamagyň we Türkmenistanyň çägine

                         getirmegiň şertlerine bildirilýän talaplar

1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleri daşalan we saklanan mahalynda howpsuzlygy we ilatyň saglygyny gorap saklamagy hem-de daşky gurşawy goramagy üpjün edýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany berjaý edilmelidir.

2. Ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine ýol berilýär.

3. Ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilmedik, ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine  diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça ýol berilýär.

 

16-njy madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini ýerlemäge

                          bildirilýän talaplar

1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň lomaý we bölekleýin söwdasyny amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar diňe ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen ösümlikleri goramagyň serişdeleri barada geleşikleri amala aşyryp bilerler.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň  gabynyň daşynda we oňa goşulýan gollanmalarda, bu ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet belliginden geçendigi hem-de olar bilen iş salyşmagyň howpsuz usullary barada maglumatlar görkezilmedik bolsa, şeýle hem ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň  Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklyklygyna baha berlendigi hakynda degişli resminamalary bolmasa, ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň satylmagy gadagan edilýär.

 

17-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini ulanmaga

                         bildirilýän talaplar

1. Şu maddanyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, döwlet belliginden geçen we ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ulanylmagyna ýol berilýär.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ulanylmagy sanitariýa kadalarynyň we ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak babatynda beýleki tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplaryna laýyklykda ýuridik şahslar, şeýle hem ýörite hünär taýýarlygy bolan fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

3. Ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilmedik, ösümlikleri goramagyň serişdeleri ylmy barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça diňe ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsat bermegi esasynda ulanylyp bilner.

 

18-nji madda. Ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanmak üçin

                         gadagan edilen ösümlikleri goramagyň

                         serişdelerini zyýansyzlandyrmak

1. Ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanmak üçin gadagan edilen ösümlikleri goramagyň serişdeleri  zyýansyzlandyrylmaga degişlidir.

2. Ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanmak üçin gadagan edilen ösümlikleri goramagyň serişdelerini, şeýle hem olaryň boşan gaplaryny zyýansyzlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň

                         ätiýaçlyk gory

1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ätiýaçlyk gory ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen we ösümlikleriň zyýankeşlerini we keselleriniň köpçülikleýin ýaýramagyny ýok etmek üçin niýetlenilen hem-de ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagynda durýan, ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň yzygiderli täzelenilip durulýan kesgitli göwrümi bolup durýar.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ätiýaçlyk goruny emele getirmegiň, üstüni ýetirmegiň we peýdalanmagyň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan  bellenilýär.

 

20-nji madda. Ösümlikleriň karantini

Ösümlikleriň karantini, ösümlikleri howply zyýankeşlerden, ösümlikleriň kesellerinden we haşal otlardan goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar ösümlikleriň karantini hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

IV BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA

DÖWLET GÖZEGÇILIGI, HASABA ALYŞ WE HASABATLYLYK, MAGLUMATLAR. ÖSÜMLIKLERI GORAMAGY YLMY TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK

 

21-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda döwlet

                         gözegçiligini amala aşyrmak

1. Türkmenistanda ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligi ygtyýarlandyrylan edara hem-de ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde  amala aşyrylýar.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salşylmagyna döwlet gözegçiligi şu aşakdakylara gözegçiligi öz içine alýar:

1) ösümlikleri goramak boýunça çäreleriň geçirilişine;

2) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň hiline;

3) ösümliklerden alynýan iýmit önümlerinde bar bolan pestisidleriň (awuly himikatlaryň) galyndy mukdaryna;

4) ösümlikleriň tohumlaryny we oturdylan ekinleri ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen zyýansyzlandyrmagyň netijeliligine;

5) ösümlikleri goramagyň serişdelerine synaglaryň geçirilişine;

6) ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanylmagy gadagan edilen ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň, şeýle hem olaryň boşan gaplarynyň  zyýansyzlandyrylmagynyň amala aşyrylyşyna.

 

22-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda hasaba alyş we

                         hasabatlylyk

1. Ösümlikleri goramak babatda işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde ösümlikleri goramagyň bar bolan serişdeleriniň we olar bilen iş salşylyşynyň, ösümlikleri goramak boýunça çäreleriň geçirilişiniň  hasabyny ýöredýärler.

2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen iş salyşmak babatda döwlet statistiki hasabatlylyk Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan bellenilen tertipde berilýär.

 

23-nji madda. Ösümlikleri goramak boýunça maglumatlar

                         gory. Ösümlikleri goramak babatda

                         maglumatlar

1. Ösümlikleri goramak boýunça maglumatlaryň gory ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligi amala aşyrylan mahalynda fitosanitar gözegçiliginiň netijesinde alnan maglumatlary, hasaba alyş we ösümlikleri goramak babatda döwlet statistiki hasabatlylygynyň maglumatlaryny, aýratyn howply zyýankeşler, ösümlikleriň keselleri we haşal otlar hakyndaky maglumatlary, şeýle hem ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyny, ösümlikleri goramak babatda iş geçirilen mahalynda alnan beýleki maglumatlary öz içine alýar.

2. Ygtyýarlandyrylan edara ösümlikleri goramak boýunça maglumatlar gorunyň emele getirilmegini we ulanylmagyny amala aşyrýar.

3. Ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan edara we wezipeli adamlar  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen we beýleki elýeterli usullar arkaly Türkmenistan boýunça tutuşlygyna we onuň aýry-aýry dolandyryş-çäk birliklerinde fitosanitar ýagdaý, ony gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler, fitosanitar çärelerini geçirmegiň amatly möhletleri, serişdeleri we usullary, ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmagyň talaplary barada ilaty öz wagtynda habarly etmäge borçludyrlar.

 

24-nji madda. Ösümlikleri goramagy ylmy taýdan

            üpjün etmek

Türkmenistanda ösümlikleri goramagy ylmy taýdan üpjün etmek    bu ugurda ylmy barlaglary alyp barýan ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri  tarapyndan  amala aşyrylýar.

 

25-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda hünärmenleri

                         taýýarlamak

Türkmenistanda ösümlikleri goramak babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär we ýokary hünär bilim berýän edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş edaralarynda amala aşyrylýar.

 

V BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA IŞI MALIÝELEŞDIRMEK

 

26-njy madda. Ösümlikleri goramak boýunça çäreleri

                          maliýeleşdirmek

Ösümlikleri goramak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek oba we suw hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň öz serişdeleriniň we maksatlaýyn ýörite hasabynyň, şeýle hem ösümlikleri goramagyň serişdelerini bellige almak boýunça Döwlet toparynyň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

27-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň bellige

                         alynmagy we gaýtadan bellige alynmagy

                         hem-de mahabatlandyrylmagy üçin tölegler

Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň bellige alynmagy, gaýtadan bellige alynmagy we mahabatlandyrylmagy üçin tölegiň möçberi ykdysadyýet we ösüş babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

VI BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA

HALKARA HYZMATDAŞLYGY. ÖSÜMLIKLERI

GORAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN

JOGAPKÄRÇILIK

 

28-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda halkara

  hyzmatdaşlygy

Ösümlikleri goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

29-njy madda. Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň

                          kanunçylygynyň bozulandygy üçin

                          jogapkärçilik

Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

30-njy madda. Ösümlikleri goramak babatda jedelleri çözmek

Ösümlikleri goramak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

31-nji madda. Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň

                         kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen

                         zyýanyň öwezini dolmak

Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy sebäpli, daşky gurşawa, döwlete, raýatlaryň saglygyna ýa-da emlägine zyýan ýetiren ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

 

 

32-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun  resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                           Gurbanguly

     Prezidenti                                            Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.

№ 413-V.