Kinematografiýa hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Kinematografiýa hakynda

 

Şu Kanun kinematografiýa babatda işiň hukuk‚ guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär‚ filmleri öndürmek‚ köpçülige görkezmek‚ ýaýratmak we saklamak işinde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär‚ kinematografiýany aýap saklamak we ösdürmek boýunça döwletiň işiniň esasy ugurlaryny we kinematografiýanyň döwlet goldawyny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) kinematografiýa ‒ filmleri öndürmäge, köpçülige görkezmäge, ýaýratmaga we saklamaga gönükdirilen, döredijilik, önümçilik, ylmy, tehniki, bilim‚ maglumat, aň-bilim proseslerini öz içine alýan medeniýetiň pudagy;

2) kino sungaty ‒ kinematografiýanyň tehnologiýasy esasynda emele gelen çeper döredijiligiň görnüşi;  

3) kino ýylýazgysy – geçmişiň we häzirki döwrüň iň möhüm wakalaryny‚ ýerlerini‚ ýagdaýlaryny şöhlelendirýän hem-de geljekde filmi öndürmek ýa-da saklamak üçin niýetlenen hakyky wakalary suratlandyrýan görnüşler;

4) kinotaslama – olaryň esasynda filmiň önümçiligi amala aşyrylýan resminamalaryň toplumy;

5) film ‒ kinoplýonkada ýa-da göterijileriň beýleki görnüşlerinde bellige alnyp we ses bilen utgaşdyrylyp ýa-da utgaşdyrylman, tematik taýdan bütewi şekillere (kadrlara) birikdirilen we ýörite tehniki enjamlaryň kömegi bilen kabul etmek üçin niýetlenen‚ döredijilik hyýalyň esasynda çeperçilik‚ hronikal-dokumental‚ ylmy-populýar‚ bilim‚ animasion‚ telewizion ýa-da başga görnüşde döredilen audiowizual eser. Dowamlylygy 52 minutdan az bolmadyk filmler dolymetražly filmlere, 52 minutdan az bolan filmler – gysgametražly filmlere degişlidir;

6) filmiň awtory ‒ özüniň döredijilikli zähmeti bilen tutuş filmi, şeýle hem  onuň aýry-aýry düzüm böleklerini döreden fiziki şahs. Filmi goýujy režissýor‚ ssenariniň awtory‚ film üçin ýörite döredilen sözli ýa-da sözsüz saz eseriniň awtory − filmiň awtorlaryna degişlidir;

7) filmiň deslapky materiallary ‒ kinoplýonkada ýa-da göterijileriň beýleki görnüşlerinde bellige alnan şekiliň negatiwi, filmiň kontratipi, optiki fonogrammasy, gözegçilik nusgasy, gaýtadan ýazylan magnit ýazgysynyň asyl nusgasy, sazyň we sesleriň utgaşdyrylan fonogrammasy, asyl-wideofonogramma, kompakt-disk we filmi köpeltmek üçin gerek bolan beýleki maddy göterijiler;

8) kinematografiýa çäreleri ‒ raýatlaryň estetiki‚ ruhy‚ ahlak we watançylyk terbiýesine‚ kino sungatyny ýaýratmaga‚ şeýle hem kinematografiýa babatda beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen kinofestiwallar, kinolektoriler, kinoklublar, kino günleri we kinematografiýa babatda beýleki çäreler;

9) kinematografiýa guramasy ‒ işiň esasy görnüşi hökmünde kinematografiýa işini amala aşyrýan ýuridik şahs;

10) kinematografiýa işi ‒ filmleri öndürmek, köpçülige görkezmek, ýaýratmak we saklamak bilen baglanyşykly medeniýet babatda işiň ugry;

11) filmiň köpçülige görkezilmegi ‒ kinozallarda ýa-da beýleki ýörite enjamlaşdyrylan jaýlarda (ýerlerde)‚ şeýle hem ýaýlym‚ kabel‚ hemra telewideniýesi boýunça ýa-da gaýry tehniki usullar arkaly     filmiň görkezilmegini (köpçülikde ýerine ýetirilmegini) amala aşyrmak;

12) filmi öndüriji (prodýuser) ‒ filmiň öndürilmegini‚ maliýeleşdirilmegini we ýaýradylmagyny guramak boýunça başlangyjy we jogapkärçiligi öz üstüne alan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

13) filmiň öndürilmegi ‒ filmiň awtorlarynyň döredijilik hyýalynyň  kinematografiýanyň tehnologiýasy esasynda beýan edilmegi arkaly filmiň döredilmegi;

14) filmi ýaýratmak ‒ filmiň nusgalaryny taýýarlamak (köpeltmek)‚ satmak we olary ýuridik we fiziki şahslara prokata bermek;

15) kinematografiýanyň işgärleri ‒ kinematografiýa babatda işi amala aşyrýan döredijilik işgärleri, administratiw we önümçilik-tehniki işgärler;

16) surata düşüriji topar ‒ filmi öndürmek maksady bilen filmi öndüriji (prodýuser) tarapyndan döredilýän, kinematografiýa işgärlerinden düzülen wagtlaýyn topar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň kinematografiýa hakynda

                       kanunçylygy

1. Türkmenistanyň kinematografiýa hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan we kinematografiýa babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalara garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Kinematografiýanyň esasy ýörelgeleri

Şu aşakdakylar medeniýet ulgamy hökmünde kinematografiýanyň esasy ýörelgeleridir:

1) kinematografiýanyň eserlerinde ynsanperwerlik taglymlaryny, umumadamzat, milli-medeni we ruhy gymmatlyklary berkitmek;

2) milli düşünjeliligiň, watançylyk duýgularynyň, şeýle hem raýatlarda estetiki we ekologik terbiýäniň ösdürilmegine ýardam etmek;

3) kinematografiýanyň döredijilik işgärleriniň döredijilik erkinligini, awtorlyk we gatyşyk hukuklarynyň, moral we maddy bähbitleriniň goragyny kepillendirmek;

4) kinoindustriýany we milli kinematografiýanyň gymmatlyklaryny ösdürmek;

5) milli we dünýä kinematografiýa mirasyny abat saklamak;

6) filmleri öndürmekde, köpçülige görkezmekde we ýaýratmakda kinematografiýa guramalarynyň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deňligini üpjün etmek;

7) kinematografiýa babatda haýyr-sahawat işiniň höweslendirilmegi;

8) kinematografiýa guramalarynyň daşary ýurt kinematografiýa guramalary bilen hyzmatdaşlygyna ýardam edilmegi.

 

4-nji madda. Kinematografiýa babatda döwlet syýasatynyň

                      esasy ýörelgeleri we ileri tutulýan ugurlary

1. Kinematografiýa babatda döwlet syýasaty aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) kinematografiýanyň döredijilik‚ önümçilik‚ tehniki‚ bilim‚ ylmy we maglumat binýadynyň döwlet tarapyndan goldawy onuň hereket etmeginiň şerti bolmak bilen, ony medeniýetiň pudagy hökmünde ykrar etmek;

2) milli filmi türkmen halkynyň medeniýetiniň gazanany diýip ykrar etmek;

3) kino sungatynyň abat saklanylmagy we ösüşi üçin döwletiň jogapkärçiligi;

4) ilata kinematografiýanyň eserlerine bolan elýeterlilik üçin   şertleri döretmek.

2. Şu aşakdakylar kinematografiýa babatda döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr:

1) milli filmleri öndürmek (çeper‚ hronikal-dokumental we animasion) we olary ýaýratmak;

2) çagalar we ýaşlar üçin filmleri öndürmek;

3) möhüm durmuş-medeni ähmiýeti bolan dünýä kino sungatynyň iň gowy nusgalaryny ýaýratmak.

 

5-nji madda. Kinematografiýa babatda raýatlaryň

                       hukuklary we döredijilik erkinligi

1. Türkmenistanyň raýatlary şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kinematografiýa işini hem professional‚ hem professional däl (höwesjeňlik) esasda amala aşyrmak hukugyna eýedirler.

2. Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik kinematografiýa babatda aň-bilim‚ terbiýeçilik‚ haýyr-sahawat we başga işi amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jemgyýetçilik birleşiklerini döredip bilerler.

3. Kinematografiýa babatda döredijilik erkinligi kinematografiýa babatda döredijilik işiniň ugurlaryny‚ tärlerini we usullaryny‚ döredijilik meýillerini ornaşdyrmagyň görnüşlerini we usullaryny erkin saýlamak‚ şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmelerden başga‚ öndürilýän filmleriň tematikasyny we žanrlaryny kesgitlemek bilen üpjün edilýär.

4. Erkin döredijiligiň hyýanatçylyklaryna ýol bermezlik maksady bilen filme aşakdaky sahnalaryň goşulmagyna ýol berilmeýär:

1) Türkmenistanyň hereket edýän konstitusion gurluşyny‚ özbaşdaklygyny we çäk bütewiligi zorlukly üýtgetmäge çagyrýan;

2) urşy‚ zorlugy we ýowuzlygy wagyz edýän;

3) milli‚ etniki‚ teniniň reňki boýunça‚ sosial‚ dini duşmançylygy tutaşdyrmaga gönükdirilen;

4) milli ýa-da topar  aýratynlygy‚ çydamsyzlygy wagyz edýän;

5) pornografik mazmunly.

 

6-njy madda. Milli film

1. Film milli bolup durýar, eger:

1) filmiň mazmuny, onuň tematikasy Türkmenistanyň taryhy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüşiniň möhüm ugurlaryny‚ şeýle hem türkmen halkynyň häsiýetini‚ däp-dessurlaryny we milli aýratynlyklaryny görkezýän bolsa;

2) filmi öndüriji (prodýuser) Türkmenistanyň raýaty ýa-da Türkmenistanyň çäginde bellenilen tertipde bellige alnan ýuridik şahs bolsa;

3) filmiň awtorlarynyň köpüsi Türkmenistanyň raýatlary bolsa;

4) filmi surata düşüriji toparyň düzümine girýän Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň mukdary 30 göterimden köp bolmasa;

5) eger daşary ýurt diliniň ulanylmagy çeper hyýalyň aýrylmaz bölegi bolan halatlardan başga, film Türkmenistanyň döwlet dilinde surata düşürilse;

6) filmi öndürmek‚ filmi köpçülige görkezmek we ýaýratmak boýunça işleriň umumy möçberiniň 50 göteriminden az bolmadyk bölegi Türkmenistanyň çäginde bellenilen tertipde bellige alnan kinematografiýa guramalary tarapyndan amala aşyrylsa;

7) filmi öndürmekde daşary ýurt maýa goýumlary filmiň çykdajy sanawyndaky gymmatynyň 50 göteriminden ýokary geçmese.

2. Önümçiligi Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurtly filmi öndürijiler (prodýuserler) bilen bilelikde amala aşyrylýan filme hem milli film hökmünde garalýar.

3. Milli filmi öndürmek hakyndaky karar milli film hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kabul edilýär.

 

II BAP. KINEMATOGRAFIÝA IŞI

 

7-nji madda. Kinematografiýa işiniň maksatlary we esasy

                       görnüşleri

1. Kinematografiýa işiniň maksatlary milli kinoindustriýany ösdürmek‚ ilatyň kino sungatyna bolan ruhy isleglerini kemala getirmek we kanagatlandyrmak bolup durýar.

2. Kinematografiýa işiniň esasy görnüşlerine şular degişlidir:

1) filmi öndürmek;

2) kino ýylýazgysyny öndürmek;

3) filmiň ýaýradylmagy;

4) filmiň köpçülige görkezilmegi;

5) filmiň dikeldilmegi;

6) kinozalyň tehniki hyzmaty;

7) kinomateriallaryň taýýarlanylmagy;

8) kinoenjamlarynyň taýýarlanylmagy;

9) filmi, kino ýyl ýazgysyny öndürmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi (kinoenjamlarynyň prokaty, pawilonlaryň we kinotoplumlaryň kärendesi, geýimleri tikmek, dekorasiýalary gurmak we taýýarlamak, grimi, pastižer önümlerini, rekwiziti, oýun tehnikasyny we ýörite serişdeleri taýýarlamak, plýonkany işläp geçmek, filmiň ses bezegi we işleriň we hyzmatlaryň başga görnüşleri);

10) kinematografiýa babatda bilim, ylmy, barlag, neşir, mahabat-wagyz işi;

11) filmiň saklanylmagy;

12) kino ýyl ýazgysynyň deslapky materiallaryny saklamak.

 

8-nji madda. Kinematografiýa babatda gatnaşyklaryň

                       subýektleri

Kinematografiýa babatda gatnaşyklaryň subýektleri aşakdakylar boýunça toparlara bölünýärler:

1) filmleri öndürmek – awtorlar we rollary ýerine ýetirijiler, prodýuserler, şeýle hem kinostudiýalar, wideostudiýalar we kinematografiýanyň beýleki guramalary;

2) filmleri ýaýratmak – filmleri öndürijiler, prokatçylar, şeýle hem  kino köpeldiş kärhanalary, filmleriň gaznalary, kino, foto resminamalaryň arhiwleri we kinematografiýanyň beýleki guramalary;

3) filmleri köpçülige görkezmek – kinoteatrlar, kino enjamlary, wideo enjamlary, telewizion alyp eşitdirişiň ýaýlymlary (ýaýlym, kabel,  hemra);

4) professional işgärleri taýýarlamak – olaryň eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kinematografiýa babatda işgärleri taýýarlamagy amala aşyrýan bilim edaralary;  

5) tehnologiýa enjamyny işläp bejermek we taýýarlamak – ylmy-barlag, konstruktorçylyk edaralary, serwis merkezleri, önümçilik kärhanalary we olaryň eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan                  beýleki ýuridik şahslar.

 

9-njy madda. Filmiň öndürilişi

1. Filmleri öndürmek filmleri öndürmegiň tehniki standartlaryna, ölçeglerine we kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar, olaryň berjaý edilmegi kinematografiýanyň ähli guramalary üçin hökmany bolup durýar.

Filmleri öndürmegiň tehniki standartlary, ölçegleri we kadalary kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Filmi öndürmek surata düşüriji topar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

 

 

10-njy madda. Filmiň deslapky maglumatlary (titrleri)

1. Filmiň başynda ýa-da ahyrynda filmiň deslapky materiallarynda deslapky maglumatlar (titrler) ýerleşdirilýär, olarda erkin yzygiderlilikde filmiň ady, surata düşüriji topara gatnaşyjylaryň düzümi, awtorlyk hukugynyň gorag nyşany, onuň döredilen ýyly görkezilýär. Filme bolan aýratyn hukuga eýe bolan hukuk eýelik ediji bilen ylalaşylyp filmiň deslapky maglumatlaryna (titrlerine) surata düşüriji topara gatnaşyjylar hakynda goşmaça maglumatlar girizilip bilner.

2. Filmiň deslapky maglumatlary (titrleri) ähli film nusgalarynda hökmany gaýtadan döredilmäge degişlidir. Şekil ýa-da ses hatarynyň birinji kadry onuň titr, şekiller ýa-da fonogramma bolandygyna garamazdan filmiň başy diýlip hasap edilýär. Şekil ýa-da ses hatarynyň soňky kadry, titrleri we awtorlyk hukugynyň gorag nyşany bilen bilelikde filmiň ahyry diýlip hasap edilýär.

 

11-nji madda. Filmleriň köpçülige görkezilmegi we

                         ýaýradylmagy

1. Türkmenistanda filmleri köpçülige görkezmek we ýaýratmak diňe kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýän filmleri köpçülige görkezmäge we ýaýratmaga hukuk berýän döwlet prokat şahadatnamasy bolan mahalynda amala aşyrylýar.

2. Kinematografiýa çärelerini geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda filmleri köpçülige görkezmek we ýaýratmak kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň rugsady bolan ýagdaýynda filmleri köpçülige görkezmäge we ýaýratmaga hukuk berýän döwlet prokat şahadatnamasy bolmazdan amala aşyrylyp bilner.

3. Filmleri köpçülige görkezmäge we ýaýratmaga hukuk berýän döwlet prokat şahadatnamasy hakynda, bu şahadatnamany bermegiň, bermekden ýüz döndermegiň we yzyna almagyň şertlerini belleýän düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.  

4. Türkmenistanyň çäginde filmleri köpçülige görkezmek we ýaýratmak olaryň hukuk eýeleri tarapyndan, şol sanda şertnama boýunça filmleri köpçülige görkezmek we ýaýratmak hukugy berlenler tarapyndan şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Filmleri köpçülige görkezmäge we ýaýratmaga hukuk berýän döwlet prokat şahadatnamalary berlen filmler baradaky maglumatlar filmleriň Döwlet sanawyna girizilýär.

6. Audiowizual eserlere, filmleriň ýaýradylyşynyň içerki bazarynyň ýagdaýy hakynda dogry we derhal maglumaty döretmäge aýratyn hukuklaryň goragyny üpjün etmek maksady bilen kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Ýeke-täk döwlet awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy döredilýär, onuň çäklerinde Türkmenistanyň çäginde filmleriň köpçülige görkezilmeleri hakynda maglumatlary ýygnamak amala aşyrylýar, onuň işlemeginiň tertibi kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

 

12-nji madda. Awtoryň filme bolan emläk hukuklary, filmiň

                         we film nusgasynyň deslapky materiallaryna

                         bolan eýeçilik hukuklary

1. Awtoryň filme bolan emläk hukuklary, filmiň we film nusgasynyň deslapky materiallaryna bolan eýeçilik hukuklary döwlete, ýuridik we fiziki şahslara degişli bolup biler.

2. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna film öndürilende, filmiň we film nusgasynyň deslapky materiallary taýýarlanan mahalynda döwlet awtor bilen baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda awtoryň filme bolan emläk hukuklarynyň, filmiň we film nusgasynyň deslapky materiallaryna bolan eýeçilik hukuklarynyň subýekti bolup çykyş edýär.

 

13-nji madda. Filmiň deslapky materiallarynyň saklanylyşy

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna doly ýa-da kem-käsleýin öndürilen filmiň deslapky materiallary, şeýle hem Türkmenistanda ýuridik şahslaryň ýa-da fiziki şahslaryň serişdeleriniň hasabyna öndürilen filmleriň deslapky materiallary Türkmenistanyň kinofotoresminamalarynyň arhiwini dolandyrýan ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan döredilýän filmleriň döwlet gaznasynda saklanylýar.

Filmleriň döwlet gaznasy hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

14-nji madda. Awtorlyk hukugynyň obýekti hökmünde filmi

                        öndürmegiň we peýdalanmagyň barşynda ýüze

                        çykýan gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi

Awtorlyk hukugynyň obýekti hökmünde filmi öndürmegiň we peýdalanmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kanun, «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

15-nji madda. Kinematografiýa işiniň aýratyn

                         görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak

Kinematografiýa işiniň aýratyn görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Kinematografiýa işi amala aşyrylanda  

                          howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegi,     

                          raýatlaryň saglygynyň goragy

1. Döwlet kinematografiýa binalarynyň (desgalaryň, jaýlaryň) ýagdaýlaryna we olarda ulanylýan enjama bolan talaplary gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini, sanitariýa kadalaryny, hem kinematografiýanyň işgärleriniň, hem-de filmleriň köpçülige görkezilýän wagty tomaşaçylaryň saglygyny goramak we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda kadalaşdyrmalaryny berjaý etmek böleginde belleýär.

2. Filmleri köpçülige görkezmek üçin niýetlenen kinematografiýa binalarynyň (desgalaryň, jaýlaryň) eýeleri ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen edaralar raýatlaryň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny, emläginiň aýawly saklanylmagyny we daşky gurşawyň goragyny üpjün etmek maksady bilen bu binalaryň (desgalaryň, jaýlaryň) we olarda ulanylýan enjamlaryň göwnejaý ýagdaýyny üpjün etmäge borçludyrlar.

3. Kinematografiýa binalarynyň (desgalaryň, binalaryň) we olarda ulanylýan, bellenilen talaplara jogap bermeýän, kinematografiýanyň işgärleriniň, şeýle hem filmleriň köpçülige görkezilýän wagty tomaşaçylaryň saglygyny goramagy we howpsuzlygyny kepillendirýän enjamlaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

 

III BAP. KINEMATOGRAFIÝANYŇ GURAMALARY. KINEMATOGRAFIÝANYŇ DÖREDIJILIK IŞGÄRLERI

 

17-nji madda. Kinematografiýa guramalarynyň döredilmegi

1. Türkmenistanyň çäginde kinematografiýa işiniň görnüşleri, eýeçiligiň, ilatyň dürli gatlaklaryna bolan ugrunyň görnüşi we beýleki alamatlar boýunça tapawutlanýan kinematografiýa guramalary döredilip bilner we hereket edip biler.

2. Kinematografiýa guramasyny döretmek hakynda karary ony esaslandyryjylar kabul edýärler.

Döwlet edaralary, ýuridik ýa-da fiziki şahslar kinematografiýa guramalarynyň esaslandyryjylary bolup bilerler.

3. Adamyň, jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady we medeni-çeper islegleri, şeýle hem esaslandyryjylaryň degişli işgärler we maddy-enjamlaýyn mümkinçilikleriniň bolmagy kinematografiýa guramasyny döretmek üçin esas bolup durýar.

4. Kinematografiýa guramalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dürli guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde we eýeçilik görnüşinde döredilip we hereket edip bilerler.

5. Kinematografiýa guramalary beýleki ýuridik şahslaryň düzüminde döredilýänlerden we hereket edýänlerden başga ýuridik şahslar bolup durýarlar.

6. Kinematografiýa guramalaryny döwlet belligine almak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Kinematografiýa guramalary öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, öz esaslandyryjy resminamalaryna we öz tertipnamasyna (düzgünnamasyna) laýyklykda amala aşyrýarlar.

 

18-nji madda. Kinematografiýa guramasynyň öz nyşanyna

                         bolan hukugy

1. Kinematografiýa guramasy öz nyşanyny (resmi adyny, emblemasyny, haryt nyşanyny, beýleki şekili)  edinmäge haklydyr.

2. Nyşany Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alnan kinematografiýa guramasy ony peýdalanmak üçin aýratyn hukuga eýedir.

3. Kinematografiýa guramasynyň bellige alnan nyşanynyň beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ulanylmagyna diňe bu kinematografiýa guramasy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda ýol berilýär.

4. Kinematografiýa guramasynyň nyşanyny bikanun ulanýan ýuridik we fiziki şahslar kinematografiýa guramasynyň talap etmegi boýunça onuň ulanylmagyny bes etmäge we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

 

19-njy madda. Kinematografiýa guramasynyň üýtgedilip

                          guralmagy we ýatyrylmagy

1. Kinematografiýa guramasynyň üýtgedilip guralmagy (goşulmagy, birikmegi, bölünmegi, bölünip aýrylmagy, özgerdilmegi) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Kinematografiýa guramasynyň ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Kinematografiýa guramasy ýatyrylan mahalynda kreditorlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň galýan emläk, gozgalmaýan emläk bilen bilelikde, kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasyna berilýär we ol tarapyndan mundan beýläk diňe kinematografiýa işini amala aşyrmak maksatlary üçin peýdalanylyp bilner.

 

20-nji madda. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleri

1. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleriniň sanawyna döredijilik hünärli şu aşakdaky adamlar degişlidir:

1) kinematografiýa guramasy bilen zähmet gatnaşyklarynda durýanlar: filmi goýujy režissýor, filmi goýujy operator, filmi goýujy nakgaş, nakgaş-animator, geýimler boýunça nakgaş, grimçi nakgaş, filmiň ses režissýory, montažçysy, redaktory, filmiň saz redaktory, filmiň direktory;

2) kinematografiýa guramasy bilen zähmet gatnaşyklarynda durmaýanlar: ssenariniň awtory, kompozitor, aktýor, aktrisa, baş rollary ýerine ýetirijiler.

2. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleri kinematografiýa işini hem professional, hem professional däl (höwesjeň) esasda amala aşyryp bilerler.

3. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleriniň işi zähmet şertnamalarynyň we (ýa-da) raýat hukuk häsiýetli şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar, olaryň kinematografiýa guramalary bilen baglaşylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

21-nji madda. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleriniň

                         hukuklary we borçlary

1. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleri şu hukuklara eýedirler:

1) zähmet işini olaryň eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kinematografiýa guramalarynda öz kärine we hünärine laýyklykda amala aşyrmak;

2) döredijilik işiniň netijelerini kinematografiýa babatda kabul edilen usullar we serişdeler bilen durmuşa geçirmek we giň tomaşaçylar auditoriýasynyň dykgatyna ýetirmek;

3) döredijilik taglymyny degişli serişdeler bilen durmuşa geçirmek;

4) kinematografiýa babatda täze we özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek;

5) milli we dünýä kinematografiýasynyň gazananlaryny peýdalanmak;

6) hünär bilimini almak we öz hünär derejesini ýokarlandyrmak;

7) hünär derejesini almak maksady bilen hünär synagyndan geçmek;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş goragy;

9) filmi goýujy režissýoryň ýolbaşçylygynda kinematografiýa babatda döredijilik wezipelerini çözmek üçin eger zerur bolan mahalynda döredijilik işgärleriniň bilelikdäki tagallalary talap edilýän professional döredijilik birleşmelerini döretmek.

2. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleri şu aşakdaky borçlara eýedirler:

1) kinematografiýa hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek;

2) milli kinematografiýany goramak we ösdürmek, kino sungatynyň mirasyny gorap saklamak;

3) kinematografiýa guramasynyň geljekki we häzirki iş meýilnamalaryna laýyklykda döredijilik ukyplarynyň, hünär aýratynlygynyň ösüş derejesine, olary mundan beýläk peýdalanmagyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin hünär synagyny geçmek.

 

22-nji madda. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleriniň

                         hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we

                         hünärini ýokarlandyrmagy

1. Kinematografiýanyň döredijilik işgärleriniň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünärini ýokarlandyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kinematografiýa babatda işgärleri taýýarlaýan bilim edaralarynda amala aşyrylýar.

2. Kinematografiýa guramalary kinematografiýanyň döredijilik işgärlerini gaýtadan taýýarlamak, hünärini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döredýärler.

3. Türkmenistanyň kinematografiýa babatda işgärleri taýýarlamagy amala aşyrýan, şonuň bilen birlikde kinematografiýa işgärlerine hünärini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýän bilim edaralary, olaryň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça kinematografiýa guramalarynyň islegleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler. Kinematografiýanyň döwlete dahylsyz guramalarynyň döredijilik işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak tölegli esasda amala aşyrylýar.

 

IV BAP. KINEMATOGRAFIÝANYŇ DÖWLET

GOLDAWY WE MALIÝELEŞDIRILMEGI

 

23-nji madda. Kinematografiýanyň döwlet goldawy

1. Kinematografiýanyň döwlet goldawy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde amala aşyrylýar.

2. Raýatlar üçin kino sungatynyň elýeterliligini we olaryň estetiki, ruhy, ahlak taýdan terbiýesini, aň-bilimini we bilimini üpjün etmek maksady bilen kinematografiýanyň döwlet goldawy aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň kinematografiýa babatda kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek;

2) kinematografiýany aýap saklamagyň, ösdürmegiň we goldamagyň meseleleri boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde maliýe goldawyny bermek;

3) filmleri öndürmek, köpçülige görkezmek we ýaýratmak üçin gerek bolan şertleri döretmekde kinematografiýanyň guramalaryna ýardam etmek;

4) kinematografiýa işgärlerini taýýarlamak, hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baýraklary bermek, pul haklaryny bellemek, grantlary bölüp bermek görnüşinde we döredijilikli zähmeti durmuş taýdan goldamagyň beýleki görnüşlerinde kinematografiýanyň işgärlerini, şol sanda dörediji ýaşlary hem goldamak;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kinematografiýa babatynda haýyr-sahawat we hemaýatkärlik işini amala aşyrýan kinematografiýanyň täjirçilik däl guramalaryna, ýuridik we fiziki şahslara ýeňillikleri bermek;

7) kinematografiýanyň döwlet goldawynyň beýleki görnüşlerini bellemek.

3. Kinematografiýanyň döwlet goldawynyň esasy çäreleri aşakdakylara gönükdirilendir:

1) milli filmleri döretmäge;

2) çagalar we ýetginjekler üçin filmleri we milli filmleri – debýutlary döretmäge;

3) kinematografiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny aýap saklamaga we ösdürmäge;

4) milli filmleri öndürmek, köpçülige görkezmek we ýaýratmak üçin şertleri döretmäge;

5) kinematografiýa babatda bilim we ylmy-tehniki maksatnamalary durmuşa geçirmäge;

6) kinofestiwallary we beýleki kinematografiýa çärelerini geçirmäge;

7) halkara kinofestiwallaryna we beýleki halkara kinematografiýa çärelerine gatnaşmaga.

 

24-nji madda. Kinematografiýanyň maliýeleşdirilişi

1. Kinematografiýany maliýeleşdirmek aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) banklar we beýleki maliýe-karz edaralary tarapyndan berilýän karzlaryň;

3) kinematografiýa guramalarynyň telekeçilik işleriniň netijesinde alan girdejisiniň;

4) ýuridik we fiziki şahslardan gelip gowuşýan hemaýatkärlik serişdeleriniň we beýleki haýyr-sahawat kömekleriň;  

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň.

2. Filmi öndüriji (prodýuser) filmleri öndürmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna doly ýa-da kem-käsleýin maliýeleşdirilýän halatlaryndan başga, maliýeleşdirmegiň çeşmelerini özbaşdak kesgitlemäge, film öndürilende tehnologiýa binýadyny we tehniki serişdeleri saýlamaga haklydyr.

3. Kinematografiýa guramalarynyň işi kinematografiýa guramalaryny döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň ölçeglerine laýyklykda maliýeleşdirilýär. Beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan serişdeler kinematografiýa guramalaryny Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmegiň ölçeglerini we absolýut möçberlerini azaltmaýarlar.

Kinematografiýa guramalaryny döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň ölçegleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

4. Türkmenistanyň Döwlet býujetinden döwlet kinematografiýa guramalaryna ilatyň ähli gatlaklary üçin kinematografiýanyň eserlerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly ýitgileri ýapmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde subsidiýalar bölünip berlip bilner.

5. Kinematografiýa babatda işiň maliýe, şol sanda salgyt, gümrük we walýuta düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen amala aşyrylýar.

 

V BAP. KINEMATOGRAFIÝA BABATDA DÖWLET

DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

25-nji madda. Kinematografiýa babatda döwlet

                         düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

Kinematografiýa babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti‚ kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy‚ ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

26-njy madda. Kinematografiýa babatda Türkmenistanyň

                         Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) kinematografiýa babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kinematografiýany aýap saklamagyň‚ ösdürmegiň we goldamagyň meseleleri boýunça döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) kinematografiýa babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

4) nobatdaky ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti düzülende kinematografiýany maliýeleşdirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegini göz öňünde tutýar;

5) filmleri köpçülige görkezmek üçin niýetlenilen kinozallaryň, beýleki ýörite enjamlaşdyrylan jaýlaryň (ýerleriň) we olarda ýerleşdirilen kino ýa-da wideoproýeksiýa enjamlarynyň işe girizilmegi üçin rugsatnama bermegiň tertibini belleýär;

6) kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi amala aşyrýar;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kinematografiýa babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

27-nji madda. Kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet

            edarasynyň ygtyýarlyklary

Kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy:

1) kinematografiýa babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) kinematografiýany aýap saklamagyň‚ ösdürmegiň we goldamagyň meseleleri boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

3) kinematografiýa babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

4) milli filmiň  öndürilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

5) olary öndürmäge Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna doly ýa-da kem-käsleýin maliýeleşdirilen filmleriň deslapky materiallarynyň abat saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;

6) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna doly ýa-da kem-käsleýin maliýeleşdirilýän kino taslamalaryny taýýarlamak we ýerlemek boýunça işi utgaşdyrýar;

7) filmleriň Döwlet sanawyny ýöredýär;

8) filmleri köpçülige görkezmäge we ýaýratmaga  hukuk berýän döwlet prokat şahadatnamasyny berýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kinematografiýanyň döwlet guramalaryny döredýär we olaryň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

10) kinematografiýa babatda jemgyýetçilik geňeşlerini döredýär we olaryň işini utgaşdyrýar;

11) kinematografiýanyň döwlet guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ösdürilmegini  üpjün edýär;

12) kinematografiýanyň işgärlerini maddy we moral taýdan höweslendirmegiň çärelerini amala aşyrýar;

13) kinematografiýanyň guramalaryna usulyýet kömeginiň berilmegini üpjün edýär;

14) kinematografiýa işgärleriniň taýýarlanylmagyny‚ hünäriniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny guraýar;

15) kinematografiýa babatda pornografiýanyň‚ zorlugyň we ýowuzlygyň wagyz edilmeginiň öňüni almak boýunça çäreler görýär;

16) kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün edýär;

17) döwlet we halkara derejeli kinematografiýa çärelerini guraýar we geçirýär;

18) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk  namalaryna laýyklykda kinematografiýa babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

28-nji madda. Kinematografiýa babatda ýerine ýetiriji ýerli

                         häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklary

Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary öz tabynlygyndaky çäkde:

1) kinematografiýany aýap saklamagyň‚ ösdürmegiň we goldamagyň meseleleri boýunça sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar‚ olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;

2) kinematografiýany aýap saklamagyň‚ ösdürmegiň we goldamagyň meseleleri boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

3) kinematografiýany aýap saklamak we ösdürmek boýunça maddy-enjamlaýyn şertleriň üpjün edilmegine we guramaçylyk çäreleriniň geçirilmegine ýardam edýärler;

4) ýerli kinematografiýa çäreleriniň geçirilmegini guraýarlar‚ şeýle hem döwlet we halkara derejeli kinematografiýa çäreleriniň geçirilmegine gatnaşýarlar;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kinematografiýa babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

29-njy madda. Kinematografiýanyň meseleleri boýunça  

                          jemgyýetçilik geňeşleri

1. Kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ýanynda kinematografiýanyň meseleleri boýunça jemgyýetçilik geňeşleri, şeýle hem  medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, hünärmenlerden we beýleki gyzyklanýan adamlardan ybarat bolan bilermen geňeşi döredilip bilner.

Kinematografiýanyň meseleleri boýunça jemgyýetçilik geňeşleri Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna öndürmek üçin hödürlenilýän kino taslamalaryny öwrenýärler, kinematografiýanyň beýleki meselelerine garaýarlar we olar boýunça maslahat beriji netijenamalary taýýarlaýarlar.

2. Kinematografiýanyň meseleleri boýunça jemgyýetçilik geňeşleri hakyndaky düzgünnama kinematografiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

 

VI BAP. KINEMATOGRAFIÝA BABATDA HALKARA IŞI

 

30-njy madda. Kinematografiýa babatda halkara

             hyzmatdaşlygy

1. Kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we   halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy milli we dünýäniň kinosungatynyň iň gowy nusgalarynyň özara alşylmagyny,  şeýle hem kinematografiýa babatda tehnologik işläp taýýarlamalaryň özara alşylmagyny, filmleriň, şol sanda milli filmleriň bilelikde öndürilmegini, milli filmleriň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda köpçülige görkezilmegini we ýaýradylmagyny, kinematografiýa çäreleriniň geçirilmegini we kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygynyň beýleki görnüşleriniň amala aşyrylmagyny nazarda tutýar.  

 

 

31-nji madda. Daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslaryň

                         Türkmenistanyň çäginde kinematografiýa

                         babatda işi

1. Daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kinematografiýasyny ösdürmäge, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda oňa maýa serişdesini goýmak arkaly gatnaşyp bilerler.

2. Döwlet Türkmenistanyň kinematografiýasyny ösdürmäge we oňa maýa serişdesini goýmaga gatnaşýan daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň işiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri kepillendirýär.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

32-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

33-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje girmegine çenli kabul edilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary olaryň şu Kanuna ters gelmeýändigine görä ulanylýar.

3. 1990-njy ýylyň 24-nji maýyndaky «Wideozallaryň, wideosalonlaryň, wideobarlaryň we wideotekalaryň işini tertipleşdirmek hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli (TSSR-iň Ýokary Sowetiniň wedomostlary, 1990 ý., № 10,         114-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                            Gurbanguly

     Prezidenti                                              Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.

№ 412-V.