Türkmenistanyň Suw kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda


TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň Suw kodeksini

tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

1-nji madda.Türkmenistanyň Suw kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Suw kodeksini 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3-nji madda. Şulary 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan «Suw hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 34-nji madda);

2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Suw hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary,  2014 ý., № 1, 51-nji madda).

4-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalary Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

              Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry.

№ 456-V.