Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 137-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 80-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun adam söwdasyna garşy hereket etmegiň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, adam söwdasyndan ejir çekenleri goramagyň, olaryň hukuklarynyň dikeldilmeginiň we olara kömek bermegiň, şeýle hem adam söwdasy bilen meşgullanýan adamlary yzarlamagyň toplumlaýyn çärelerini kesgitleýär we adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) adam söwdasyndan ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan ejir çekmegi mümkin bolan fiziki şahs (çak edilýän pida) – olar babatda adam söwdasynyň pidalaryna barabar etmek amala aşyrylýan Türkmenistanyň raýaty, daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam.

2) adam söwdasy – adamy satyn almak-satmak ýa-da oňa eýeçiligiň obýekti hökmünde garalýan gaýry bikanun geleşikleri etmek, şeýle-de pidanyň razylygyna garamazdan, ony ezmek (ekspluatirlemek) maksadynda amala aşyrylan yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da güýç ulanmak arkaly haýbat atmak, mejbur etmek, aldaw, wezipe ygtyýarlygyndan peýdalanmak, adam söwdasynyň pidasynyň ynamyndan ýa-da gowşaklyk ýagdaýyndan peýdalanyp ýa-da onuň garaşly adamsyna berim bermek bilen adamy satyn almak. Şu tesimde bellenen haýsy-da bir täsir ediş serişdeleriň peýdalanmagy bilen bagly bolmasa-da, kämillik ýaşyna ýetmedigi ezmek maksady bilen yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da almak adam söwdasy hasaplanýar;

3) adam söwdasy bilen meşgullanýan – adam söwdasyny amala aşyrýan fıziki ýa-da ýuridik şahs, şeýle hem öz hereketleri (hereketsizligi) bilen adam söwdasyna ýardam edýän, şonuň ýaly-da öz gulluk ygtyýarlyklaryna laýyklykda şony etmäge borçly bolsa-da onuň öňüni almaýan we garşy durmaýan wezipeli adam;

4) adam söwdasynyň pidasy – adam söwdasy bilen baglylykda daşalmagyna, geçirilmegine, satylmagyna ýa-da gaýry hereketlere razylygynyň bardygyna garamazdan, adam söwdasynа sezewar edilen we ondan ejir çeken fıziki şahs;

5) adam söwdasynyň pidalaryna barabar etmek – fıziki şahs babatynda adam söwdasy ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýat edilendigi ýa-da etmäge niýet edilýändigi hakynda maglumatlary almak maksady bilen amala aşyrylýan hereketleriň toplumy;

6) yrmak – haýsydyr bir iş üçin kireýine almak, hakyna tutmak, haýsydyr bir işe çekmek, şol sanda kanuna ters gelýän, haýsydyr bir guramanyň, şol sanda işi kanun tarapyndan gadagan edilen guramanyň düzümine gatnaşdyrmak;

7) mejbury zähmet – temmi ulanmak haýbaty bilen ýa-da mejbur etmegiň beýleki görnüşlerini ulanmak ýoly bilen talap edilýän islendik iş ýa-da hyzmat, eger şunda ol adam öz hyzmatlaryny meýletin teklip etmedik bolsa;

8) ezmek– mejbury zähmet ýa-da hyzmat, gulçulyk ýa-da gulçulyga kybapdaş dereje (ýagdaý), gulçulyga kybapdaş elgarama ýagdaý ýa-da adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy, jynsy häsiýetli hereketleri etmek maksady bilen adamy ezmegiň gaýry görnüşleri;

9) gulçulyk – ol babatda eýeçilik hukugyna mahsus bolan käbir ýa-da ähli ygtyýarlyklar  amala aşyrylýan adamyň ýagdaýy ýa-da onuň haly;

10) gulçulyk bilen kybapdaş dereje (ýagdaý) – elgarama ýagdaýynda, şol sanda bergi bendiliginde ýa-da talabanlykda duran adamyň derejesi (ýagdaýy);

11) bergi bendiligi – ýerine ýetirilýän işiň gymmaty bergini üzmäge hasaba alynmadyk ýa-da işiň dowamlylygy haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirilmedik ýa-da işiň häsiýeti we onuň zähmetine hak tölemegiň möçberi kesgitlenilmedik halatynda, bergidaryň öz şahsy zähmetini ýa-da oňa garaşly bolan adamyň zähmetini girewine goýmagy netijesinde döreýän ýagdaý ýa-da hal;

12) surrogat ene – başga maşgala üçin emeli taýdan tohumlandyrmagyň lukmançylyk usulynyň ulanylmagynyň netijesinde çaga dogran ýa-da götermek maksady bilen ýatgysyna çaga     düwünçegi oturdylan aýal;

13) adam söwdasyna garşy hereket etmek – adam söwdasyny we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlary duýdurmak, ýüze çykarmak, öňüni almak, adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmek, olara zerur bolan kömegi bermek, adam söwdasynyň pidalaryny, şeýle hem adam söwdasyndan we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan ejir çekmegi mümkin bolan adamlary goramak we hukuklaryny dikeltmek boýunça döwlet edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, beýleki edaralaryň, şol sanda halkara guramalarynyň işi;

14) adam söwdasy bilen baglanyşykly jenaýatlar – jelepçilik etmek ýa-da jelepçilik etmeklige çekmek, ýa jelepçiligi dowam etmekligi mejbur etmek, gulçulyk zähmetinden peýdalanmak, adamy ogurlamak, raýatlary daşary ýurtda işe ýerleşdirmäge gönükdirilen bikanun hereketleri etmek, pornografik materiallary ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedikler şekillendirilen pornografik zatlary taýýarlamak we ýaýratmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan jenaýatlar.

 

2-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinden we adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanun adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň beýleki institutlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we raýatlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

2. Şu Kanunyň täsiri:

1) Türkmenistanyň çäginde ýa-da onuň çäginden daşarda adam söwdasyna sezewar bolan Türkmenistanyň raýatlaryna;

2) Türkmenistanyň çäginde adam söwdasyna sezewar bolan we adam söwdasynyň pidasy hökmünde barabar edilen pursadynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.

 

4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Şu Kanun:

1) şahsyýeti we jemgyýeti adam söwdasyndan we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan goramaga;

2) adam söwdasyny we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlary duýdurmaga, ýüze çykarmaga, öňüni almaga;

3) adam söwdasynyň pidalaryny goramaga we hukuklaryny dikeltmäge;

4) pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, adam söwdasyna garşy hereket etmegi utgaşdyrmaga, şeýle hem şu çygyrda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

2. Şu Kanunyň wezipeleri:

1) hukuk goraýjy we gaýry edaralaryň adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda netijeli işlemegini üpjün etmek;

2) adam söwdasynyň pidalaryna zerur möçberlerde kömegi, şol sanda psihologik, hukuk, durmuş, lukmançylyk we kömegiň gaýry görnüşlerini bermek;

3) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini dikeltmek;

4) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklarynyň dikeldilmegini üpjün etmek we olary durmuşa uýgunlaşdyrmak;

5) adam söwdasynyň pidalaryna ahlak we maddy taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bolup durýar.

 

5-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasaty

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça netijeli mehanizmi emele getirmek;

2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek;

3) hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak we adam söwdasynyň öňüni almakda, adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmekde we olara kömek bermekde, adam söwdasy bilen meşgullanýanlary yzarlamakda başarjaňlyklaryny ösdürmek;

4) adam söwdasynyň ýagdaýy barada, bu hadysanyň üýtgemeginiň ugurlary boýunça maglumaty umumylaşdyrmak we seljermek hem-de adam söwdasyna garşy hereket etmegi kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizmek;

5) ilatyň habarlylygyny, öňüni alyş işleri geçirmekligiň derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň gowşaklyk derejesini peseltmek;

6) adam söwdasynyň pidalary bolan adamlary beden, psihologik we durmuş taýdan dikeltmek üçin amatly şertleri döretmek;

7) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek;

8) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bolup durýar.

2. Döwlet adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, şulary üpjün edýär:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklygyny;

2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda, şol sanda durmuş, migrasiýa, maglumat, bilim we ygtyýarlylandyrmak syýasatynda işleri utgaşdyrmagy;

3) adam söwdasyny duýdurmak we öňüni almak boýunça, onuň pidalarynyň durmuş hukuklaryny dikeltmek we olara ähli taraplaýyn döwlet kömeginiň we hemaýatynyň berilmegi boýunça maksatlaýyn döwlet  maksatnamalaryny ýerine ýetirmegi;

4) hukuk goraýjy edaralaryň, iş bilen üpjünçilik we durmuş taýdan goramak gulluklarynyň, saglygy goraýyş edaralaryň, bilim we beýleki edaralaryň adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça ylalaşykly işleri alyp barmagynyň mehanizmlerini kämilleşdirmegi;

5) döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, gaýry edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, raýat jemgyýetiniň beýleki institutlarynyň, ilatyň giň gerimli gatlaklarynyň adam söwdasyny duýdurmak we öňüni almak boýunça hereketlerini utgaşdyrmagy.

 

6-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri

 

Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri:

1) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek;

2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda kanunylygy berjaý etmek;

3) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;

4) kemsitmezlik, adam söwdasyndan ejir çekenlere hormat goýmak we tarapgöýsiz garamak, adam söwdasynyň pidalaryna howpsuz we adalatly çemeleşmegi hem-de olaryň adyl kazyýetlilige elýeterligini üpjün etmek;

5) çaganyň hukuklaryny goramak we onuň iň ýokary bähbitlerini berjaý etmek;

6) adam söwdasyny ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlary eden adamlaryň jogapkärçiliginiň gutulgysyzdygy;

7) hukuk, syýasy, durmuş-ykdysady, lukmançylyk, öňüni alyş we habar beriş çäreleriniň peýdalanylmagynyň jemi;

8) başga döwletleriň ygtyýarly edaralary bilen bilelikde hereket etmek;

9) jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bolup durýar.

 

II BAP. ADAM SÖWDASYNYŇ PIDALARYNA TÄSIR ETMEGIŇ USULLARY WE OLARY EZMEGIŇ GÖRNÜŞLERI

 

7-nji madda. Adam söwdasynyň pidalaryna täsir etmegiň usullary

 

Adam söwdasynyň pidalaryny ezmek:

1) zorluk ulanmak ýa-da (we) neşe serişdelerini we psihotrop maddalaryny, alkogolly we güýçli täsir edýän serişdeleri ulanmak arkaly fiziki taýdan mejbur etmek;

2) bergi bendiligi ýa-da başga maddy taýdan baglylykda, şol sanda gulçulykda ýa-da gulçulyga kybapdaş derejede (ýagdaýda) bolmak görnüşinde ykdysady taýdan mejbur etmek;

3) ýalan haýbat atmak, aldaw ýoly bilen, ýalňyşlyga salmak ýa-da zorluk ulanmak howpy bilen psihologik taýdan mejbur etmek;

4) ogullyga (gyzlyga), hossarlyga almak arkaly hukuk taýdan bagly etmek usullary ulanyp amala aşyrylyp bilner.

 

8-nji madda. Adam söwdasynyň pidalaryny ezmegiň görnüşleri

 

1. Adam söwdasynyň pidalary babatda işiň mazmuny boýunça ezmek şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrlyp bilner:

1) adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa etmek we biolukmançylyk gözlegleri geçirmek maksatlar üçin ezmek;

2) aýaly surrogat enelik häsiýetinde önelge maksatlar üçin ezmek;

3) adam zähmetini (mejbury zähmet) durmuş çygrynda, önümçilikde, oba hojalyk işlerinde, şeýle hem jenaýatçylykly işewürlik çygrynda (bikanun önümi öndürmekde) başga jenaýatçylyk ýa-da kanuna garşy hereketler üçin ezmek;

4) jynsy gatnaşyklar arkaly ezmek;

5) adamy ýaragly çaknyşyklarda ýa-da harby hereketlerde ýa-da ýaragly birikmelerde ezmek.

2. Eger, pida babatynda adam söwdasyna gönükdirilen islendik täsir ediş serişdeleri ulanylan bolsa, bu hereket adam söwdasyna degişli edilende ezilişiň görnüşleri barasynda adam söwdasynyň pidasynyň razylygy üns berilmäge degişli däldir.

 

III BAP. ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET

ETMEGIŇ GURAMAÇYLYK ESASLARY

 

9-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp düzmegi, meýilnamalaşdyrmagy,  maliýeleşdirmegi we amala aşyrmagy üpjün edýär;

3) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri guramagyň we amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýär;

4) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça maksatlaýyn döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

5) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça milli meýilnamany tassyklaýar we onuň durmuşa  geçirilmegini üpjün edýär;

6) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işler bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň işine ýolbaşçylyk etmegi amala aşyrýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

10-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralary adam söwdasy bilen meşgullanýan adamlary yzarlamak we jogapkärçilige çekmek, adam söwdasyny we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlara getirýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, şeýle hem adam söwdasynyň pidalaryny goramak we hukuklaryny dikeltmek boýunça çäreleri görýärler.

2. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan hukuk goraýjy we gaýry edaralar şular bolup durýarlar:

1) Türkmenistanyň Baş prokuraturasy;

2) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi;

3) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi;

4) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy;

5) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

3. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek  hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

2) ýüze çykarylan ýagdaýynda adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyny aradan aýyrmak boýunça çäreleri görýär;

3) adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreleri görýär we adam söwdasyny ýa-da şonuň bilen bagly jenaýatlary eden adamlara garşy jenaýat yzarlaýşy amala aşyrýar;

4) şu maddanyň ikinji böleginde bellenen döwlet edaralarynyň adam söwdasyna garşy hereket etmek işini utgaşdyrýar.

4. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi adam söwdasyna garşy hereket etmegi adam söwdasy çygrynda jenaýatlary duýdurmak, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak, şeýle jenaýatlaryň hasaba alyş maglumatlaryny ýöretmek, adam söwdasy bilen meşgullanýan we Türkmenistanyň çäginde hereket edýän adamlaryň we guramaçylykly jenaýatçylyk toparlarynyň aragatnaşygyny ýüze çykarmak we olaryň soňuna çykmak arkaly amala aşyrýar.

5. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam söwdasyna garşy hereket etmegi adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň halkara terrorçylyk guramalary we guramaçylykly jenaýatçylyk toparlary bilen aragatnaşyklaryny ýüze çykarmak arkaly amala aşyrýar.

6. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy adam söwdasyna garşy hereket etmegi adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçmäge eden synanyşyklarynyň, şeýle hem adam söwdasynyň pidalarynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedini kesip geçmeginiň öňüni almak, ony ýüze çykarmak we onuň soňuna çykmak arkaly amala aşyrýar.

7. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam söwdasyna we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlara garşy hereket etmegi Türkmenistanyň Döwlet serhedinde adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň we adam söwdasy bilen bagly jenaýatlaryň pidalarynyň migrasiýa gözegçiligi nokadyny kesip geçmäge eden synanyşyklaryny ýüze çykarmak we öňüni almak, adam söwdasynyň pidasy bolan beýleki döwletleriň raýatlaryny ýurduň çäginden daşyna ugratmak, adam söwdasynyň pidasy bolanlara kömek bermäge gönükdirilen çäreleri görmek arkaly alyp barýar.

8. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryny dikeltmekde kömek berýän edaralar bilen bilelikde, şeýle pida sezewar bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça işleri amala aşyrýarlar, olaryň ýurduna dolanyp gelmegine ýardam berýärler;

2) adam söwdasynyň pidasy bolan Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmek üçin resminamalary gaýragoýmazdan resmileşdirmegi üpjün edýärler;

3) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda, şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

9. Türkmenistanyň Bilim ministrligi adam söwdasynyň öňüni almagyň meseleleri we oňa garşy hereketiň usullary barada bilim edaralarynda okatmaga niýetlenen okuw maksatnamalaryny taýýarlaýar we tassyklaýar.

10. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi adam söwdasynyň pidalaryna lukmançylyk we psihologik kömek bermegiň tertibini, şol sanda tölegsiz, şeýle hem ýöriteleşdirilen edaralary derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün etmegiň tertibini kesgitleýär.

11. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi adam söwdasynyň pidalaryny işe ýerleşdirmek, hünär taýýarlygy babatda kömek bermek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar, şeýle hem olara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan durmuş taýdan goldamak boýunça mümkinçilikleri döredýär.

 

11-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýarlyklary

 

Adam söwdasynyň we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak, adam söwdasynyň pidalaryny goramak we kömek bermek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda şulara hukuklydyr:

1) şu Kanunyň 10-njy maddasynda görkezilen döwlet edaralary bilen özara hereket etmäge;

2) adam söwdasyna garşy hereket etmek meseleleri boýunça, şol sanda adam söwdasynyň pidalarynyň sezewar edilip bilinjek töwekgelçilikler barada habarlar toplumyny guramaga;

3) adam söwdasynyň pidalaryny goramak we olara kömek bermek boýunça merkezleri döretmäge;

4) şu Kanunda, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we olaryň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan beýleki işleri amala aşyrmaga.

 

12-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda halkara guramalarynyň işi

 

Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan halkara guramalar adam söwdasynyň we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlary duýdurmak, adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmek, olary goramak we kömek bermek maksady bilen, şu aşakdakylara hukuklydyrlar:

1) şu Kanunyň 10-njy we 11-nji maddalarynda görkezilen döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hereket etmäge;

2) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, adam söwdasyna garşy hereket etmäge gönükdirilen halkara tehniki kömekleriň taslamalaryny, şol sanda adam söwdasynyň pidalaryny goramak we olara kömek bermek boýunça merkezleri döretmek arkaly durmuşa geçirmäge.

 

13-nji madda. Adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan ugrukdyrylmagynyň mehanizmi

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek işini amala aşyrýan döwlet edaralary bilen jemgyýetçilik  guramalaryň, döwlete degişli bolmadyk edaralaryň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan ugrukdyrylmagynyň mehanizminiň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan ugrukdyrylmagynyň  mehanizminiň çäklerinde toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylyş tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

14-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini utgaşdyrmak

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket edýän döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini utgaşdyrmak Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Pudagara topar (mundan beýläk – Pudagara topar) tarapyndan amala aşyrylýar. Pudagara toparyň düzülişiniň we işiniň tertibi, onuň düzümini we ol barada Düzgünnamany tassyklaýan, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Pudagara toparyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) adam söwdasyna ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen çäreleri üpjün etmek;

2) adam söwdasynyň ýagdaýy we gönükdirilen meýiller barada maglumatlary umumylaşdyrmak we seljermek;

3) adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

4) adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermek we olary goramak bilen bagly işleri gowulandyrmak  boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

5) adam söwdasyna garşy hereket etmek meseleleri barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek;

6) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak;

7) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleriň netijeleri hakynda ýyllyk hasabaty bermek;

8) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan gaýry wezipeleri amala aşyrmak we beýleki çäreleri ýerine ýetirmek.

 

15-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam bermek

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, wezipeli adamlar we raýatlar döwlet edaralaryna olaryň adam söwdasyna garşy hereketlerinde ýardam etmäge borçludyrlar.

2. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan jemgyýetçilik we halkara guramalar aň-bilim beriş işlerini geçirmekde, raýatlara amatsyz durmuş ýagdaýlarynda sezewar bolup biljek töwekgelçilikler hakynda habarly etmekde ýardam berýärler, adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermek boýunça ýöriteleşdirilen edaralaryň işini guramaga gatnaşýarlar we olaryň durmuşa uýgunlaşmagy we durmuş hukuklarynyň dikeldilmegi boýunça çäreleri  amala aşyrýarlar.

 

16-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri meýilleşdirmek

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň, şeýle hem onuň pidalarynyň goralmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bu ugurda hereketleriň milli meýilnamasyny işläp taýýarlaýarlar.

2. Hereketleriň milli meýilnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitli bir möhlete tassyklanylýar we adam söwdasyna garşy hereket etmäge, şeýle hem adam söwdasynyň pidalaryny goramaga we kömek bermäge, şol sanda jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

 

17-nji madda. Adam söwdasy çygrynda jenaýatlar hakyndaky maglumatlary ulgamlaşdyrmak

 

1. Adam söwdasyna garşy netijeli hereket etmegi, adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň jenaýatçylykly hereketlerini ýüze çykarmagy we öňüni almagy, adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmegi we degişli maglumatlary ulgamlaşdyrmagy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan adam söwdasy çygrynda jenaýatlar hakyndaky maglumatlaryň hasaby ýöredilýär.

2. Hasaba alyş maglumatlaryna adam söwdasy çygrynda jenaýatlar hakynda, adam söwdasyna dahylly adamlar barada (aýallar we çagalar baradaky maglumatlary bölmek arkaly) şu aşakdaky maglumatlar girizilýär:

1) adam söwdasy bilen meşgullanýanlar we olaryň şärikleri hakynda;

2) adam söwdasynyň pidalary hakynda;

3) adam söwdasynyň pidalary – çagalar hakynda.

3. Hasaba alyş maglumatlaryna şular girizilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çagalaryň söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlar hakynda hukuk goraýjy edaralara habar bermäge borçly bilim, saglygy goraýyş, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralaryndan, çagalar bilen işleýän beýleki edaralardan olaryň işgärlerine hünär ýa-da gulluk işini amala aşyrmak bilen baglylykda mälim bolan we gelip gowuşýan maglumat;

2) dessin-agtaryş we adam söwdasy çygrynda jenaýatlary ýüze çykarmak, öňüni almak, derňemek we üstüni açmak bilen bagly beýleki çäreleriň geçirilmeginiň netijesinde alnan maglumat, şol sanda Jenaýat polisiýasynyň halkara guramasyndan (Interpol) we beýleki halkara guramalaryndan gelip gowuşýan maglumat;

3) «gyzgyn torlardan», ynanç telefonlary arkaly alnan maglumat.

4. Hasaba alyş maglumatlaryna girizilen maglumat ýaşyryn hasaplanylýar, ony saklamagyň we oňa rugsat edilmeginiň, şeýle hem ony bermegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

5. Hasaba alyş maglumatlarynda bar bolan maglumaty bikanun aýan etmek, ýaýratmak ýa-da peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

IV BAP. ADAM SÖWDASYNYŇ WE ONUŇ BILEN BAGLY

JENAÝATLARYŇ ÖŇÜNI ALMAK

 

18-nji madda. Adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işi amala aşyrýan döwlet edaralary onuň öňüni almak boýunça çäreleri görýärler.

2. Adam söwdasynyň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreleriň ulgamy şulary öz içine alýar:

1) jenaýatyň şu görnüşini etmäge sebäp bolan şertleri we sebäpleri öz wagtynda ýüze çykarmak maksady bilen, adam söwdasy boýunça ýagdaýlara seljeriş geçirmek;

2) adam söwdasynyň öňüni almaga gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we amala aşyrmak, şol sanda adam söwdasynyň öňüni alyş çärelerine, adam söwdasynyň pidasy bolup biljek adamlar üçin töwekgelçiligiň peseldilmegine gönükdirilen okuw maksatnamalaryny işläp düzmek we amala aşyrmak;

3) adam söwdasynyň pidalygyna sezewar bolup biljekleriň howply ýagdaýlary barada, döwlet we ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan berilýän gorag hakynda, döwlet tarapyndan kabul edilýän adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça jenaýat yzarlaýyş we administratiw temmi çäreleri barada jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak;

4) adam söwdasynyň we (ýa-da) olary ezmek üçin şertleriň ýüze çykmagyna getirip biljek işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak;

5) syýahatçylyk işlerini amala aşyrýan agentlikleriň we  şahslaryň işlerine talaplary bellemek;

6) raýatlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň olar tarapyndan adam söwdasynyň ýüze çykarylan faktlary hakynda hukuk goraýjy edaralara dessin habar bermegi, şol sanda gizlin görnüşde habar bermegi üçin «gyzgyn torlary» we ynanç telefonlar ulgamlaryny döretmek;

7) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň ýörite hünärliligini, hünär taýýarlygyny guramak;

8) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan jemgyýetçilik guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreler.

 

19-njy madda. Maglumatlar çygrynda adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler

 

1. Adam söwdasynyň we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak maksady bilen, şol jenaýatlary wagyz etmek, şeýle hem adam söwdasy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň mahabaty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gadagan edilýär.

2. Edaralara, bilim edaralaryna, dynç alyş edaralaryna, şol sanda internet-kafelere, kompýuter klublaryna personal kompýuter enjamlaryna çagalary adam söwdasy çygryna çekmeklige täsir edýän maglumatlardan goraýan tehniki-tehnologik we enjam-programma serişdeleri enjamlaşdyrylan şertlerinde çagalara Internet torunyň hyzmatlarynyň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

3. Şu Kanunyň 10-njy maddasynda görkezilen döwlet edaralary we adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan beýleki  edaralar, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ilaty adam söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň töwekgelçiligi, howpy we getirýän netijeleri, olaryň görnüşleri, adam söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almagyň serişdeleri hakynda habarly edýärler.

 

20-nji madda. Bilim çygrynda adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler

 

Adam söwdasynyň öňüni almak çygrynda bilim syýasaty şu çäreleri göz öňünde tutýar:

1) bilim edaralarynyň terbiýeçilik işleriniň meýilnamasyna adam söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak  boýunça çäreleriň girizilmegini;

2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralaryň we beýleki guramalaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrylmagyny guramagy.

 

V BAP. ADAM SÖWDASYNYŇ PIDALARYNY BARABAR ETMEK. ADAM SÖWDASYNYŇ PIDASY DIÝIP YKRAR ETMEGIŇ WE ADAM SÖWDASYNYŇ PIDASY STATUSYNY BERMEGIŇ TERTIBI

 

21-nji madda. Adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmek

 

1. Adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmek, olara zerur kömegi we goragy bermek, şeýle hem olaryň gaýtadan adam söwdasy bilen bagly ýagdaýlara çekilmeginiň öňüni almak maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmek şu Kanunyň 10-njy maddasynyň ikinji böleginde bellenen döwlet edaralary tarapyndan geçirilýär.

3. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan jemgyýetçilik we halkara guramalar adam söwdasynyň pidalarynyň barabar edilmegine gatnaşyp bilerler.

4. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça edaralarynyň, şeýle hem adam söwdasynyň pidalaryny goldamak we kömek bermek boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň başlangyjy esasynda adam söwdasynyň pidalary barabar edilip bilner.

5. Adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmegiň tertibi, şol sanda   adam söwdasyndan ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan ejir çekmegi mümkin bolan adamyň (mundan beýläk – çak edilýän pidanyň) şahsy maglumatlar kagyzynyň görnüşi we ony doldurmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

6. Adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmek şu ýagdaýda wagtyndan öň bes edilýär:

1) çak edilýän pida adam söwdasynyň pidasy diýip ykrar edilende;

2) çak edilýän pida babatynda görkezilen jenaýatçylykly hereketleriň edilmändigi barada maglumatlar alnanda.

7. Çak edilýän pida barabar edilip başlanan wagtyndan, Kanunyň şu babynda göz öňünde tutulan tertipde, özi babatynda adam söwdasynyň pidasyny goramak we hukuklaryny dikeltmek boýunça çäreleriň ulanylmagy hukugyna eýedir.

8. Adam söwdasynyň pidasynyň barabar edilmegi geçirilenden we şahsy maglumatlar kagyzy doldurylandan soň, çak edilýän pida adam söwdasyndan ejir çekeniň statusy berilýär we oňa nusgasy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tassyklanýan, degişli görnüşdäki güwänama gowşurylýar.

 

22-nji madda. Çak edilýän pidanyň hukuklary

 

1. Çak edilýän pida hukuklary bilen tanyşdyrylmalydyr we onuň razylygy bilen barabar etmegi geçiren edara tarapyndan zerur kömekleriň we goragyň berilmegi üçin ýöriteleşdirilen edaralara we (ýa-da) şu Kanunyň 10-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen degişli döwlet edaralaryna eger, şu adam jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmaga we olar bilen hyzmatdaşlyga razylaşanda gaýtadan iberilmelidir.

2. Çak edilýän pida, durmuş kömeginiň iň az mukdardaky bukjasynyň, şol sanda wagtlaýyn jaýyň we gije ýatalganyň, iýmitiň, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň, psihologik, hukuk we maddy kömekleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen möçberde muzdsuz özüne berilmegi barada ýöriteleşdirilen edaralara ýüz tutmaga hukuklydyr.

Çak edilýän pida daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bolsa, onda olar ýokarda göz öňünde tutulan hukuklardan başga-da:

1) terjimeçiniň hyzmatlaryndan tölegsiz peýdalanmaga;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýurtda wagtlaýyn bolmaga hukuklydyr.

3. Ýöriteleşdirilen döwlet edarasy ýüz tutan pursadyndan 24 sagadyň dowamynda adam söwdasynyň çak edilýän pidasyna muzdsuz esasda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen möçberde durmuş hyzmatlarynyň iň az möçberdäki bukjasyny bermelidir.

 

23-nji madda. Adam söwdasynyň pidasynyň statusy

 

1. Adama adam söwdasynyň pidasy statusyny bermek şu Kanunyň 24-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

2. Çak edilýän pidany adam söwdasynyň pidasy diýip ykrar etmeklik şulara bagly däldir:

1) raýatlygynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna;

2) adam söwdasyna çekilen wagtyndan öň ýanynda bu adamyň jenaýatçylykly ýa-da jemgyýete garşy hereketlerine, şeýle hem gelejekde onda özüni alyp barşyny üýtgetmek barada niýetiniň bardygyna ýa-da ýokdugyna;

3) adam söwdasy bilen baglanyşykly yrmak, gatnatmak, geçirmek, satmak, ezmek ýa-da beýleki hereketlere bu adama zorluk ulanmak, aldamak, onuň ynamdarlygyndan ýa-da öz gulluk wezipesinden peýdalanmak arkaly, şonuň ýaly-da onuň gözgyny halyndan ýa-da gowşak ýagdaýyndan peýdalanmak arkaly adam söwdasy bilen meşgullanýanlar tarapyndan alnan razylygynyň bardygyna;

4) adam söwdasy çygrynda jenaýaty (jenaýatlary) etmek bilen bagly gozgalan jenaýat işler boýunça iş ýöredişinde onda jebir çekeniň  statusynyň bardygyna;

5) iş boýunça derňew geçirilende we kazyýetde iş seredilende hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bilen hyzmatdaşlyga çak edilýän pidanyň taýýarlygyna.

3. Şu Kanunyň 24-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde adama adam söwdasynyň pidasy statusynyň berilmegi, oňa doly durmuş taýdan uýgunlaşýança we hukuklary dikeldilýänçä, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen möçberde durmuş kömeginiň standart bukjasyny almaga hukuk berýär.  

 

24-nji madda. Adam söwdasynyň pidasy statusyny bermegiň tertibi

 

1. Adama adam söwdasynyň pidasy statusynyň berilmegi şu Kanunyň 10-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Adam söwdasynyň pidasy diýip ykrar etmek hakynda arza çak edilýän pidanyň özi ýa-da onuň wekili tarapyndan şu Kanunyň 10-njy maddasynda görkezilen döwlet edaralaryna ýa-da adam söwdasynyň pidalaryna goldaw we kömek bermek boýunça ýöriteleşdirilen edarasyna ugradylýar.

3. Adam söwdasynyň çak edilýän pidasyna zerur bolan ýagdaýlar standart dessurlaryna laýyklykda aýdyňlaşdyrylandan we anyklaşdyrylandan soňra, ýöne görkezilen derejäni bermek boýunça ýüz tutanyndan soň iki hepdeden gijikdirmän, oňa adam söwdasynyň pidasy hukuk derejesi berilýär.

4. Adam söwdasynyň çak edilýän pidasyna adam söwdasynyň pidasy statusy berlenden soň, nusgasy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tassyklanan degişli resminama berilýär.

 

25-nji madda. Adam söwdasy çygryndaky jenaýat boýunça jenaýat önümçiligine jebir çeken ýa-da şaýat hökmünde gatnaşýan adam söwdasynyň pidasynyň hukuklary

 

1. Adam söwdasynyň pidasynyň adam söwdasy çygryndaky jenaýat boýunça jenaýat önümçiligine jebir çeken ýa-da şaýat hökmünde gatnaşmagy, şeýle adama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howpsuzlygyny we durmuş taýdan goldawy üpjün etmek çärelerini öz içine alýan goşmaça döwlet goragyna hukugy berýär.

2. Anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror we kazyýet adam söwdasynda güman edilýän adamlary ýüze çykarmak maksady bilen derňew we anyklaýyş edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge özüniň islegi hakynda mälim eden adam söwdasynyň pidasy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk çärelerini görýärler.

3. Howpsuzlyk çäreleri şu esaslarda bes edilip bilner:

1) eger adam söwdasynyň pidasy özleri babatda dessin-agtaryş çäreleri, anyklaýyş, deslapky derňew ýa-da kazyýet seljermesi geçirilýän adamlar bilen, olar tarapyndan mejbur edilmezden, gatnaşyklary gaýtadan ýola goýanda;

2) eger adam söwdasynyň pidasynyň dessin-agtaryş işlerini, anyklaýyşy, deslapky derňewi amala aşyrýan edaralar we kazyýet bilen hyzmatdaşlyk etmek meýli ýalandygy ýa-da mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrmagyň usuly bolup durýandygy anyk ýüze çykarylanda.

4. Adam söwdasynyň pidasy onuň adam söwdasynyň pidasy bolmagy bilen şertlendirilen kanuna garşy hereketleri edendigi üçin, ol administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýär.

5. Adam söwdasynyň pidalary babatda adam söwdasy çygryndaky jenaýat işler boýunça jebir çeken ýa-da şaýat bolup gatnaşanlar baradaky maglumatlary ýaýratmazlyk, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howpsuzlyk çäresi hökmünde hem ulanylyp bilner.

6. Adam söwdasyndan jebir çeken diýlip ykrar edilen daşary ýurt  raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam olar babatda adam söwdasy çygrynda edilen jenaýatlar boýunça önümçiligiň tutuş dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýaşamak üçin ygtyýarnama almak üçin degişli döwlet edaralaryna ýüz tutmaga haklydyr.

 

26-njy madda. Adam söwdasynyň pidalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Adam söwdasy çygrynda jenaýatçylykly hereketleriň ýa-da gaýry hukuk bozulmalaryň netijesinde adam söwdasynyň pidalary fiziki, ahlak we maddy taýdan ýetirlen zyýanyň öweziniň dolunmagyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde talap etmäge hukuklydyrlar.

2. Kazyýetiň çözgüdi esasynda adam söwdasy çygrynda jenaýatçylykly hereketleri we beýleki hukuk bozulmalary etmekde günäli diýilip ykrar edilen adamlar tarapyndan adam söwdasynyň pidalaryna ýetirilen zyýanyň öwezi dolunýar.

3. Adam söwdasynyň pidalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakynda işlere kazyýetiň karary esasynda ýapyk kazyýet mejlisinde seredilip bilner.

 

27-nji madda. Adam söwdasynyň pidasy barada maglumatlaryň ýaşyrynlygy

 

1. Adam söwdasynyň pidalary ýa-da olar babatda edilen jenaýatlar barada, ýaýratmagy adam söwdasynyň pidasynyň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň janyna ýa-da saglygyna howp salýan, şeýle hem onuň üçin amala aşyrylýan howpsuzlyk çäreleri barada maglumatlar ýaýradylmaga degişli däldir. Şeýle maglumatlaryň bikanun ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.  

2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň adam söwdasynyň pidasynyň razylygy bolmasa, gönüden-göni ýa-da baglanyşyklylykda şahsyýetini görkezýän, çaga babatda bolsa – adam söwdasynyň pidasy bolan çaganyň özüniň, onuň kanuny wekiliniň, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edaralaryň razylygy bolmasa ýaýradylýan habarlarda we materiallarda maglumatlary ýaýratmaga hukugy ýokdyr.

 

VI BAP. ADAM SÖWDASYNYŇ PIDALARYNY GOLDAMAK WE OLARA KÖMEK BERMEK BOÝUNÇA ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALAR. ADAM SÖWDASYNYŇPIDASY BOLAN ADAMLARYŇ ÝURDUNA DOLANMAKLARYNY ÜPJÜN ETMEK

 

28-nji madda. Adam söwdasynyň pidalaryny goldamak we olara kömek bermek boýunça ýöriteleşdirilen edaralaryň döredilmegi

 

1. Adam söwdasynyň pidalaryny goramak, goldamak we kömek bermek maksady bilen, ýöriteleşdirilen döwlet edaralary we döwlete degişli bolmadyk edaralar döredilýär.

Ýöriteleşdirilen döwlet edaralary we döwlete degişli bolmadyk edaralar adam söwdasynyň pidalarynyň wagtlaýyn ýaşamagy üçin gaçybatalga ýa-da adam söwdasynyň pidalaryny goramak we olara kömek bermek boýunça merkezler görnüşinde döredilýär.

2. Ýöriteleşdirilen döwlet edaralaryny döretmegiň, maliýeleşdirmegiň we işini guramagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Jemgyýetçilik guramalar, şeýle hem halkara we beýleki guramalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hususy we (ýa-da) çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýän döwlete degişli bolmadyk ýöriteleşdirilen edaralary döretmäge hukuklydyrlar.

 

29-njy madda. Ýöriteleşdirilen edaralaryň esasy wezipeleri

 

1. Ýöriteleşdirilen edaralar adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermek boýunça şu  wezipeleri ýerine ýetirýärler:

1) wagtlaýyn ýaşamak üçin tölegsiz gaçybatalga bermek;

2) mugt iýmit, ýorgan-düşek toplumy we sanitariýa-gigiýena serişdeleri, şeýle hem zerur bolan ýagdaýynda – egin-eşikler bilen üpjün etmek;

3) adam söwdasyndan ejir çeken adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan usullary hakynda elýeterli görnüşde maglumat bermek;

4) tölegsiz ýokary derejeli lukmançylyk, psihologik we hukuk kömegini bermek;

5) durmuş taýdan hukuklarynyň dikelmegine ýardam etmek, şol sanda garyndaşlaryny gözlemegi guramakda kömek bermek.

2. Adam söwdasynyň pidasyna onuň şahsy haýyşy esasynda otuz güne çenli möhlet bilen ýöriteleşdirilen edaralarda wagtlaýyn ýaşamak üçin gaçybatalga berilýär.

3. Gaçybatalga bermegiň şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen möhleti derňew edaralarynyň, prokuroryň ýa-da kazyýetiň teklibi bilen iş boýunça önümçiligi alyp barmagyň ähli döwrüne çenli, adam söwdasynyň pidasynyň razylygy bolan ýagdaýynda ýa-da adam söwdasyndan ejir çekeniň delillendirilen haýyşnamasy boýunça uzaldylyp bilner.

 

30-njy madda. Adam söwdasyndan ejir çeken daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýurduna dolanmaklaryny üpjün etmek

 

1. Eger, daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam adam söwdasyndan ejir çeken adam diýlip ykrar edilse, oňa administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, ol babatda edilen jenaýat işi boýunça jenaýat önümçiliginiň tutuş dowamynda ulanylmaýar.

2. Eger, adam söwdasyndan ejir çeken Türkmenistanyň çäginden çykyp gitmegi isleýän bolsa, adam söwdasynyň pidalarynyň ýurduna dolanmaklaryny üpjün etmek hakyndaky tertibe laýyklykda, oňa zerur resminamalar bilen üpjün etmekde, ulag we beýleki zerur bolan çykdajylary tölemekde ýardam edilýär, kabul ediji ýurtda adam söwdasynyň pidasy bolmak howpunyň azalmagy boýunça maslahatlar berilýär.

3. Adam söwdasynyň pidasy bolanlaryň doglan ýeri bolan döwletine ýa-da olaryň hemişelik ýaşaýan döwletine dolanmaklygy halkara hukuk namalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Adam söwdasynyň pidasy bolanlaryň ýurduna dolanmaklarynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

VII BAP. ADAM SÖWDASYNYŇ PIDALARYNYŇ

DURMUŞ TAÝDAN HUKUKLARYNY DIKELTMEK,

OLARY GORAMAK WE OLARA KÖMEK BERMEK

 

31-nji madda. Adam söwdasynyň pidalarynyň durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmek

 

1. Adam söwdasynyň pidalarynyň durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmek olary kadaly durmuş ýaşaýşyna gaýtaryp getirmek maksady bilen geçirilýär we bu işler şol adamlara hukuk kömegini, saglyk, psihologik, hünär taýdan dikeldilmegini we işe ýerleşdirilmegini öz içine alýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen, şeýle-de adam söwdasynyň pidasyny beýleki adamlardan aýratynlykda ýerleşdirmek şertinden başga ýagdaýlarda, şu Kanunda kesgitlenen tertipde adam söwdasynyň pidasy diýlip ykrar edilen adamy tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ýerlerinde, düzediş edaralarynda, şeýle hem jeza çärelerini ýerine ýetirýän beýleki edaralarda saklamaga ýol berilmeýär.

3. Adam söwdasynyň pidalaryny durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

4. Adam söwdasynyň pidalarynyň durmuş taýdan hukuklarynyň dikeldilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

32-nji madda. Adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermek we olary goramak boýunça çäreler

 

1. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň, anyklaýjynyň, sülçiniň, prokuroryň, kazyýetiň karary boýunça, adam söwdasynyň pidalaryna şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik guramalary, ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan kömek berilmelidir.

2. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň, anyklaýjynyň, sülçiniň, prokuroryň, kazyýetiň karary esasynda adam söwdasynyň pidasynyň şahsyýeti baradaky maglumatlaryň elýeterliligi habarlar-maglumat gulluklarynda ýapylmaga degişidir.

3. Adam söwdasynyň pidalary hakynda ýa-da adam söwdasynyň ýagdaýlary barada, adam söwdasynyň pidasynyň janyna, saglygyna ýa-da onuň ýakyn garyndaşlaryna howp döredip biljek, şeýle hem adam söwdasyna garşy hereket etmäge ýardam berýän adamlar hakyndaky maglumatlaryň ýaýradylmagy gadagandyr.

4. Eger, adam söwdasynyň pidasynyň janyna we saglygyna hakyky howp abanýan bolsa, onda ol adamyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgetmäge hukugy bardyr.

5. Howpsuzlyk çäreleri we adam söwdasynyň pidalary hakyndaky ýaşyryn maglumatlary, şonuň ýaly hem deslapky derňew maglumatlaryny we jenaýat iş ýöredişine gatnaşýanlar barasynda ulanylýan howpsuzlyk çäreleri hakyndaky maglumatlary aýan etmek gadagandyr.

6. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wezipeli adamlary, şeýle hem adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işi amala aşyrýan jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri adam söwdasynyň pidalary hakyndaky ýaşyryn maglumaty aýan edendikleri we şeýle adamlara kömek bermändikleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

33-nji madda. Adam söwdasynyň pidasy bolan çagalara kömek bermegiň aýratynlyklary

 

1. Adam söwdasynyň pidasy bolan çagalara berilýän kömek çaganyň kanuny wekilleriniň ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralaryň wekilleriniň razylygy bilen hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň degişli halkara şertnamalarynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

2. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işi amala aşyrýan döwlet edaralarynda adam söwdasyndan ejir çeken çaga hakynda maglumat ýüze çykan halatynda, olar çaganyň hukuklaryny goramak maksady bilen, bu barada hossarlyk we howandarlyk meseleleri bilen meşgullanýan edaralara haýal etmän habar bermelidirler we ony adam söwdasynyň pidalaryny goldamak we kömek bermek boýunça ýöriteleşdirilen edara ibermelidirler.

Eger, adam söwdasyndan ejir çekeniň ýaşy anyk mälim bolmasa, emma, onuň on sekiz ýaşynyň dolmandygy barada hakyky deliller bolan ýagdaýynda, bu adamyň hakyky ýaşy doly anyklanýança adam söwdasynyň pidasyna – çagalara kömek bermek boýunça şu Kanunda göz öňünde tutulan aýratyn hukuk kepillendirmeler degişlidir.

3. Adam söwdasyndan ejir çeken çagalara, adam söwdasynyň pidasy hukuk derejesi olaryň kanuny wekilleriniň ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň ýa-da degişli ýöriteleşdirilen edaranyň wekilleriniň ýüz tutmagy esasynda, çaganyň razylygyna garamazdan berilýär, on alty ýaşy dolanlar barada bolsa – çaganyň özüniň ýa-da çaganyň meýletin razylygy bilen ýokarda sanalyp geçilen şahslaryň ýüz tutmagy esasynda berilýär.  

4. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işi amala aşyrýan döwlet edaralary adam söwdasynyň pidasyna – çaga, ol adam söwdasynyň pidasy hökmünde barabar edilen pursadyndan başlap we çaganyň durmuş taýdan hukuklary doly dikeldilýänçä goragy we kömek bermegi üpjün etmelidirler.

5. Adam söwdasynyň pidasy bolan çagalara ýöriteleşdirilen edaralarda gaçybatalga berlen halatynda, olar ululardan aýratynlykda bolmalydyrlar.

6. Adam söwdasynyň pidasy bolan çagalara ýöriteleşdirilen edaralarda gaçybatalga berlende, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, olara döwletiň bilim edaralaryna gatnamagyna, poçta aragatnaşygy, telefonda gepleşmek we duşuşmak arkaly maşgalasy bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem bellenilen möçberler boýunça iýmit, egin-eşik, aýakgap we beýleki zatlary almaga mümkinçilik üpjün edilýär.

7. Eger, adam söwdasynyň pidasy ‒ çaga özüniň ene-atasyndan aýrylyp hossarsyz galsa ýa-da öz maşgalasynyň ýerleşen ýeri hakynda habarly bolmasa, onda çaganyň maşgalasyny gözlemek ýa-da oňa hossarlyk ýa-da howandarlyk bellemek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäreler görülýär.

 

34-nji madda. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermegi

 

1. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary özleriniň bolýan ýurdunda adam söwdasynyň pidalary bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy amala aşyrýarlar we olaryň Türkmenistana dolanyp gelmeklerine ýardam berýärler.

2. Adam söwdasynyň pidalary bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary ýitirilen bolsa ýa-da adam söwdasy bilen meşgullanýanlardan yzyna alyp bolmaýan ýagdaýynda, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary şeýle raýatlara Türkmenistana gaýdyp gelmäge hukuk berýän namalary resmileşdirýärler we berýärler.

3. Türkmenistanyň kanunçylygyna we bolunýan döwletiň kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary özleriniň bolýan döwletiniň degişli edaralaryna adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy hakynda maglumatlary bermelidirler, şeýle hem degişli adamlaryň arasynda adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklary hakynda habarlary ýaýratmalydyrlar.

 

VIII BAP. ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK ÇYGRYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

35-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy

 

Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistan baglaşylan halkara şertnamalaryna we milli kanunçylygyna laýyklykda, şeýle hem adam söwdasynyň transmilli häsiýetini göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletleri we olaryň ygtyýarly edaralary, şeýle-de adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

 

36-njy madda. Adam söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýat işleri boýunça halkara hukuk kömegi

 

1. Adam söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýat işleri boýunça halkara hukuk kömegini bermek Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna ýa-da Türkmenistanyň jenaýat-iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Adam söwdasyny we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlary eden adamlary jenaýat yzarlaýşy amala aşyrmak we (ýa-da) jeza çäresini çekmek üçin daşary ýurt döwletine bermek Türkmenistanyň halkara şertnamalary ýa-da Türkmenistanyň jenaýat-iş ýörediş kanunçylygy esasynda geçirilýär.

 

IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

37-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işiň maliýeleşdirilmegi

 

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek, şeýle-de adam söwdasyndan ejir çeken adamlary goramak we olara kömek bermek boýunça işiň maliýeleşdirilmegi býujet serişdeleriniň hem-de gaýry serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işi maliýeleşdirmegiň çeşmeleri şular bolup durýar:

1) Türkmenistanyň döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) halkara guramalaryň serişdeleri;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry çeşmeler.

 

38-nji madda. Adam söwdasy üçin jogapkärçilik

 

1. Adam söwdasyna we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlara dahylly fıziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Türkmenistanda bellige alnan ýuridik şahsyň üsti bilen adam söwdasynyň edilendigi barada fakty kazyýet tarapyndan anyklanylan ýagdaýynda, görnetin adam söwdasyny ýaşyrmaklyga hyzmat eden şol ýuridik şahs kazyýetiň karary bilen ýatyrylmaga degişlidir.

3. Daşary ýurt döwletiniň ýuridik şahsynyň (onuň wekilhanasynyň, şahamçasynyň) adam söwdasyna görnetin dahyllydygy kazyýet tarapyndan ykrar edilen halatynda, kazyýetiň karary bilen onuň işi Türkmenistanyň çäginde gadagan edilýär we onuň Türkmenistandaky wekilhanasy ýa-da şahamçasy ýatyrylýar.

4. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen ýuridik şahsyň (onuň wekilhanasynyň, şahamçasynyň) kanun tarapyndan gadagan edilen usul bilen edinen emlägi kazyýetiň karary bilen muzdsuz alynýar we döwletiň haýryna geçirilýär.

 

39-njy madda. Adam söwdasy hakynda işler boýunça önümçiligiň kazyýetler tarapyndan alnyp barylmagynyň aýratynlyklary

 

Adam söwdasy bilen baglanyşykly jenaýatlar baradaky işler Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde kazyýetleriň ýapyk mejlislerinde seredilip bilner.

 

40-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanun güýje giren pursadyndan alty aýyň dowamynda zerur bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaly we kabul etmeli.

3. 2007-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen «Adam söwdasyna garşy göreş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 79-njy madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry.

№ 454-V.