Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary

hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini tassyklamaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. 1984-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodeksini(Türkmenistan SSR Ýоkary Sowetiniň Wedomostlary, 1984-nji ýyl, № 35, 153-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini we böleklerini 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti administratiw jerimäniň möçberini kesgitlemegiň binýatlyk mukdaryny, şeýle hem administratiw tertipde salynýan jerimelerden gelýän serişdeleriň hasabyna döwlet edaralaryny maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny üç aý möhletde şu Kodekse laýyk getirmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                                      Gurbanguly

           Prezidenti                                                                       Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 29-njy awgusty.

№ 422-IV.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY HAKYNDA KODEKSI

 

I BÖLÜM. UMUMY BÖLEK

 

1-nji bap. TÜRKMENISTANYŇ ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY HAKYNDA KANUNÇYLYGY, ONUŇ WEZIPELERI WE ÝÖRELGELERI

 

1-nji madda. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy

1. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we onuň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň administratiw jogapkärçiligi belleýän we administratiw hukuk bozulma üçin temmi bermegi göz öňünde tutýan kadalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şu Kodekse girizileninden soň ulanylmaga degişlidir.

3. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy haýsy hereketiň (hereketsizligiň) administratiw hukuk bozulma bolýandygyny, administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligiň (mundan beýläk – administratiw önümçilik) tertibini, administratiw jogapkärçiligiň esaslaryny we şertlerini kesgitleýär, administratiw hukuk bozulmany eden, günäli diýlip bilnen we şu Kodekse laýyklykda administratiw jogapkärçilige degişli bolan fiziki we ýuridik şahslar babatda ulanylyp bilinjek administratiw temmisiniň görnüşlerini belleýär.

4. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň wezipeleri

1. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň wezipeleri administratiwhukuk bozulmalaryndan şahsyýeti goramak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, raýatlaryň saglygyny, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny, jemgyýetçilik ahlagyny goramak, daşky gurşawy, döwlet häkimiýetini amala aşyrmagyň bellenilen tertibini, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny, eýeçiligi gorap saklamak, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň kanuny bähbitlerini goramak bolup durýar.

2. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy kanunylygy berkitmäge we hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, raýatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny takyk hem-de gyşarnyksyz berjaý etmek, beýleki raýatlaryň hukuklaryny, namysyny we mertebesini hormatlamak, öz borçlaryny päk ýürekli ýerine ýetirmek, jemgyýetiň öňünde jogapkärçiligini duýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň ýörelgeleriniň ähmiýeti 

Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy şu Kodeksde görkezilen ýörelgelere esaslanýar, olaryň bozulmagy iş boýunça önümçiligiň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine, şeýle önümçiligiň barşynda çykarylan kararlaryň ýatyrylmagyna, şeýle hem toplanan materiallaryň subutnama güýji ýok diýlip bilinmegine eltýär.

 

4-nji madda. Kanunylyk ýörelgesi

1. Administratiw hukuk bozulma we onuň edilendigi üçin berilýän administratiw temmisi diňe şu Kodeks arkaly kesgitlenilýär. Şu Kodeksde bellenilen esaslardan we tertipden başgaça hiç kim administratiw temmisine ýa-da administratiw önümçiligi üpjün etmek çärelerine sezewar edilip bilinmez.

2. Administratiw temmi çäreleriniň ulanylmagy döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we şu Kodekse laýyklykda geçirilýär. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň kadalarynyň meňzeşlik boýunça ulanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Kazyýetler, administratiw hukuk bozulmalary barada işe seredýän döwlet häkimiýet edaralary we Geňeşler (mundan beýläk – işe seretmäge ygtyýarly edara) hem-de olaryň wezipeli adamlary administratiw önümçilik geçirilende kanunlaryň berjaý edilmegini üpjün edýärler.

4. Administratiw hukuk bozulmalary üçin temmi çäreleri ulanylanda şu Kodeksiň talaplarynyň berjaý edilmegi ýokarda durýan edaralaryň we wezipeli adamlaryň yzygiderli gözegçiligi, prokuror gözegçiligi, şikaýat etmäge bolan hukuk we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki usullar bilen üpjün edilýär.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

5-nji madda. Kanunyň öňündäki deňlik ýörelgesi 

1. Administratiw hukuk bozulmalaryny eden şahslar kanunyň öňünde deňdir. Fiziki şahs haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan administratiw jogapkärçiligine çekilýär. Ýuridik şahs eýeçiliginiň görnüşine, ýerleşýän ýerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine, tabynlygyna, şeýle hem beýleki ýagdaýlara garamazdan administratiw jogapkärçiligine degişlidir.

2. Aýry-aýry döwlet wezipeli adamlar (deputatlar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry adamlar) babatda administratiw önümçiligi üpjün etmek çärelerini ulanmak we olary administratiw jogapkärçiligine çekmek şertleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kodeks, Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

 

6-njy madda. Bigünälik prezumpsiýa ýörelgesi

1. Şu Kodeksde bellenilen tertipde işe seretmäge ygtyýarly edaranyň wezipeli adamynyň (mundan beýläk – ygtyýarly wezipeli adam) kanuny güýje giren karary bilen günälidigi subut edilýänçä we anyklanylýança administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan şahs (mundan beýläk – özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahs) bigünä hasap edilýär.

2. Administratiw jogapkärçilige çekilýän şahs özüniň bigünädigini subut etmäge borçly däldir. Bu düzgün şu Kodeksiň 321-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryna degişli edilmeýär.

3. Şu Kodeksiň kadalary ulanylanda administratiw jogapkärçilige çekilýän şahsyň günäkärdigi hakynda mesele boýunça ýüze çykan islendik şübhe onuň peýdasyna çözülýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, ___-nji madda).

 

7-nji madda. Adalatlylyk ýörelgesi 

1. Administratiw hukuk bozulmany eden şahs babatda ulanylýan temmi adalatly bolmalydyr, ýagny administratiw hukuk bozulmanyň häsiýetine, onuň edilen ýagdaýlaryna laýyk gelmelidir, kanuny we esasly bolmalydyr.

2. Şol bir administratiw hukuk bozulma üçin hiç bir şahs iki gezek administratiw jogapkärçilige çekilip bilinmez.

 

8-nji madda. Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak ýörelgesi

1. Administratiw önümçiligiň barşynda adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketler we kararlar gadagan edilýär, adamyň şahsy durmuşy hakynda maglumatlaryň, şonuň ýaly-da şu Kodeksde göz öňünde tutulmadyk maksatlar üçin we adamyň özüniň gizlin saklanylmagy zerur diýip hasaplaýan şahsy häsiýetli maglumatlarynyň ýygnalmagyna, ulanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

2. Administratiw önümçiligiň barşynda döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň bikanun hereketleriniň netijesinde ýetirilen maddy we ahlak zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga, bozulan hukuklar bolsa dikeldilmäge degişlidir.

 

9-njy madda. Şahsyýetiň eldegrilmesizligi ýörelgesi 

1. Şu Kodeksde bellenenlerden başga esaslarda we tertipde hiç kim administratiw taýdan tutup saklanylmaga, getirilmäge, içeri işler edaralaryna ýa-da beýleki döwlet edaralaryna eltilmäge, şahsy gözden geçirilmäge we onuň ýanyndaky goşlar gözden geçirilmäge sezewar edilip bilinmez.

2. Her bir tutup saklanylan, getirilmäge sezewar edilen, eltilen adam bu hereketleriň esaslary we sebäpleri barada habarly edilmelidir. Bu barada prokurora ýazmaça habar berilýär.

3. Prokuror, içeri işler edaralarynyň ýa-da şu Kodeksde ygtyýarly edilen beýleki döwlet edaralarynyň wezipeli adamlary bikanun tutup saklanylan, getirilmäge sezewar edilen, eltilen ýa-da tussaglykda saklanylýan adamy haýal etmän boşatmaga borçludyr.

4. Administratiw önümçiligiň barşynda hiç kim gynamalara, zorluga we çemeleşmegiň ýa-da temmi bermegiň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän görnüşlerine sezewar edilip bilinmez. Adamyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň erkiniň garşysyna olaryň hukuklaryny çäklendirýän hereketleriň edilmegine diňe şu Kodeksde gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ýol berilýär.

5. Administratiw temmi çäresi hökmünde özi babatda administratiw taýdan tussag etmek saýlanyp alnan, administratiw taýdan tutup saklanylmaga we getirilmäge sezewar edilen, şeýle hem eltilen adamy saklamak onuň janynyň we saglygynyň howp astynda goýulmagyny aradan aýyrýan şertlerde amala aşyrylmalydyr.

 

10-njy madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi ýörelgesi

Administratiw önümçiligiň barşynda şahsy durmuşyň, şahsy we maşgala syrlarynyň goralmagy üpjün edilýär. Her bir adamyň şahsy goýumlarynyň we pul toplamalarynyň, hat alyşmalarynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf, Internet we gaýry habarlarynyň gizlinligine hukugy bardyr. Administratiw önümçiligiň barşynda bu hukuklaryň çäklendirilmegine, eger bu Türkmenistanyň kanunçylygynda gös-göni bellenmedik bolsa, ýol berilmeýär.

 

11-nji madda. Eýeçiligiň eldegrilmesizligi ýörelgesi 

1. Döwlet eýeçiligiň goraglylygyny kepillendirýär. Kanunda bellenenlerden başga esaslarda we tertipde hiç kim öz emläginden mahrum edilip bilinmez.

2. Emlägi we resminamalary almak, ulag serişdesini tutup saklamak we eýeçiligiň eldegrilmesizligine täsir edýän administratiw önümçiligi üpjün etmegiň beýleki çäreleri diňe şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ulanylyp bilner.

 

12-nji madda. Administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmak ýörelgesi

1. Döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, zähmetkeşler köpçülikleri administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, olaryň edilmegine ýardam berýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga hem-de aradan aýyrmaga, raýatlary ýokary düşünjelilik we düzgün-nyzamlylyk, kanunlary berk berjaý etmek ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen çäreleri işläp düzýärler we amala aşyrýarlar.

2. Häkimler kanunlaryň berjaý edilmegini, döwlet we jemgyýetçilik tertibiniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek bilen welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň çäklerinde ähli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmak boýunça işini utgaşdyrýarlar, administratiw toparlaryň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlaryň we administratiw hukuk bozulmalaryna garşy göreş alyp barýan hem-de özlerine hasabat berýän beýleki edaralaryň işine ýolbaşçylyk edýärler.

 

13-nji madda. Önümçiligiň dili

 

Administratiw önümçilik döwlet dilinde alnyp barylýar. Zerur halatynda, iş boýunça önümçilige gatnaşýan we iş boýunça önümçilik alnyp barylýan dili bilmeýän adamlara ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde arz etmäge, düşündiriş bermäge, haýyşnama bildirmäge, şikaýat getirmäge, işiň materiallary bilen tanyşmaga, oňa seredilende çykyş etmäge, terjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuklary düşündirilýär we üpjün edilýär.

 

14-nji madda. Şaýatlyk düşündirişlerini bermek borjundan boşadylmagy

 

1. Hiç kim öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna (ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar) garşy düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň düşündiriş bermekden ýüz döndermäge haky bardyr we bu olary haýsydyr bir jogapkärçilige eltmeýär.

 

15-nji madda. Professional ýuridik kömege bolan hukugyň üpjün edilmegi

 

1. Administratiw önümçiligiň barşynda her bir şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda professionalýuridik kömegi almaga hukugy bardyr.

2. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda professional ýuridik kömek tölegsiz berilýär.

 

16-njy madda. Administratiw önümçiligiň aýanlygy

 

1. Işe seretmäge ygtyýarly edaralar administratiw önümçiligi açyk amala aşyrýarlar.

2. Döwlet syrlaryny öz içine alýan maglumatlary bolan işler babatda, şeýle hem şahsy, maşgala, täjirçilik ýa-da kanun arkaly goralyp saklanylýan beýleki syrlary, adamyň şahsy durmuşynyň syrly taraplary barada maglumatlary saklamagyň zerurlygyna ýa-da açyk seljerişe päsgel berýän beýleki ýagdaýlara salgylanýan iş boýunça önümçilige gatnaşýan adamyň degişli haýyşnamasy işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan kanagatlandyrylanda administratiw önümçilik ýapyk tertipde amala aşyrylýar.

3. Adamyň şahsy hat alyşmalary we şahsy telegraf habarlary açyk önümçilikde diňe aralarynda bu hat alyşmalar bolup geçen we telegraf habarlary alşylan adamlaryň razylygy bilen yglan edilip bilner. Başga halatlarda bu adamlaryň şahsy hat alyşmalary we şahsy telegraf habarlary ýapyk önümçilikde yglan edilýär we barlanylýar. Görkezilen düzgünler adamyň şahsy durmuşy barada maglumatlary bolan foto-kinoresminamalar, audio-wideoýazgylar barlanylanda hem ulanylýar.

4. Iş boýunça önümçilige gatnaşýan, şeýle hem açyk önümçilikde bolýan adamlaryň önümçiligiň barşynyýazmaça belläp almaga hukuklary bardyr. Önümçiligiň barşynda audio-wideoýazgynyň edilmegine, kino-fotosurata düşürilmegine, göni tele-radiogepleşikleriň alnyp barylmagyna iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň razylygy bilen ygtyýarly wezipeli adamyň rugsat bermegi boýunça ýol berilýär. Bu hereketler önümçiligiň kadaly barşyna päsgel bermeli däldir we wagt boýunça çäklendirilip bilner.

 

17-nji madda. Şahsyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagy

 

1. Hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagyna her bir şahsyň hukugy bardyr. Bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklarynyň, azatlyklarynyň ýa-da kanun arkaly goralýan bähbitleriniň goralmagy üçin gyzyklanýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

2. Prokuror üstüne ýüklenilen borçlary amala aşyrmak maksady bilen fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

3. Administratiw hukuk bozulma barada işleriň kanunda göz öňünde tutulan kazyýete degişliligi hiç bir şahs babatda onuň öz razylygy bolmazdan üýtgedilip bilinmez.

 

18-nji madda. Önümçiligiň barşynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi

 

Administratiw önümçilik işe seredýän edaranyň kadaly işlemegini we iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän şertlerde alnyp barylýar. Howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen ygtyýarly wezipeli adam administratiw önümçiligi alyp baranda oňa gatnaşmaga isleg bildirýän adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny barlamak barada buýruk berip biler.

 

19-njy madda. Iş ýörediş hereketlerine we kararlaryna şikaýat etmek erkinligi

 

1. Ygtyýarly wezipeli adamyň administratiw hukuk bozulma barada işe seretmek boýunça hereketlerine we kararlaryna şu Kodeksde bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

2. Iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň şu Kodeksde bellenilen tertipde administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara täzeden seredilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

 

2-nji bap. TÜRKMENISTANYŇ ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY HAKYNDA KODEKSINIŇ WAGT WE GIŇIŞLIK BOÝUNÇA HEREKETI

 

20-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň wagt boýunça hereketi

 

1. Administratiw hukuk bozulmany eden şahslar hukuk bozulmanyň edilen wagtynda hereket edýän Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy esasynda jogapkärçilige degişlidir.

2. Şu Kodeksiň administratiw hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýa-da ýatyrýan kadalarynyň yzyna täsir ediş güýji bardyr, ýagny ol onuň kanuny güýje girizilmeginden öň edilen hukuk bozulmalara hem degişlidir.

3. Şu Kodeksiň administratiw hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi belleýän ýa-da güýçlendirýän kadalarynyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur.

4. Administratiw hukuk bozulmanyň edilen wagty diýlip, onuň netijeleriniň bolan wagty, şu Kodeksde göz öňünde tutulan hereketiň (hereketsizligiň) edilen ýagdaýy üçin jogapkärçilik bellenen halatynda bolsa – şol hereketiň (hereketsizligiň) edilen wagty hasap edilýär.

 

21-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň giňişlik boýunça hereketi

 

1Türkmenistanyň çäginde, şol sanda onuň howa giňişliginde, içerki suwlarynda, çäk deňzinde, aýratyn ykdysady zolagynda we kontinental şelfinde administratiw hukuk bozulmalaryny eden şahslar şu Kodeksde bellenilen jogapkärçilige degişlidir.

2. Türkmenistanyň portuna ýazylan, Türkmenistanyň çäginden daşyndaky suw ýa-da howa giňişliginde bolan gämide administratiw hukuk bozulmalaryny eden şahs, eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kodeks boýunça jogapkärçilik çekýär.

 

3-nji bap. ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMA WE

ADMINISTRATIW JOGAPKÄRÇILIK

 

22-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada düşünje

 

1. Administratiw hukuk bozulma – bu fiziki ýa-da ýuridik şahsyň kanuna garşy gelýän, günäli (bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk bilen edilen) we onuň üçin administratiw jogapkärçiligi şu Kodeksde göz öňünde tutulan hereketidir (hereketsizligidir).

2. Eger ýuridik şahsyň şu Kodeksde administratiw jogapkärçilik göz öňünde tutulan düzgünleri we kadalary berjaý etmegi üçin mümkinçiliginiň bolandygy, ýöne onuň olary berjaý etmek boýunça özüne bagly ähli çäreleri görmändigi anyklanylan bolsa, onda ol ýuridik şahs administratiw hukuk bozulmany etmekde günäkär hasap edilýär.

3. Ýuridik şahsa administratiw temmisiniň berilmegi bu hukuk bozulma üçin günäli fiziki şahsy administratiw jogapkärçilikden boşatmaýar, şonuň ýaly-da fiziki şahsyň administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi bu hukuk bozulma üçin ýuridik şahsy administratiw jogapkärçilikden boşatmaýar.

4. Eger şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulma özüniň häsiýeti boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine eltmeýän bolsa, onuň üçin administratiw jogapkärçilik ýüze çykýar.

 

23-nji madda. Administratiw hukuk bozulmanyň bilkastlaýyn edilmegi

 

Eger administratiw hukuk bozulmany eden adam öz hereketiniň (hereketsizliginiň) kanuna garşy gelýändigine akyl ýetirse, onuň zyýanly netijelerini öňünden görse we olaryň bolmagyny islese ýa-da şol netijeleriň bolmagyna düşünjeli ýol berse ýa-da olara parhsyz garasa, onda administratiw hukuk bozulma bilkastlaýyn edilen diýlip hasap edilýär.

 

24-nji madda. Administratiw hukuk bozulmanyň seresapsyzlykdan edilmegi

 

Eger administratiw hukuk bozulmany eden adam öz hereketiniň (hereketsizliginiň) zyýanly netijelere eltmek mümkinçiligini öňünden görse, ýöne ýeterlik esas bolmazdan şol netijeleriň öňüni alaryn diýip ýeňilkellelik bilen hasap etse, ýa-da şeýle netijeleri öňünden görmeli we görmegi mümkin bolan ýagdaýynda hem harsallyk bilen ol netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden görüp bilmese, onda administratiw hukuk bozulma seresapsyzlykdan edilen diýlip hasap edilýär.

 

25-nji madda. Administratiw jogapkärçilik üçin esaslar  

 

Şu Kodeksde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmanyň düzüminiň ähli alamatlaryny özünde saklaýan etmişiň (hereket ýa-da hereketsizlik) edilmegi administratiw jogapkärçiliginiň esasy bolup durýar.

 

26-njy madda. Administratiw jogapkärçiligiň düşýän ýaşy

 

Administratiw hukuk bozulmany eden pursadynda on alty ýaşyna ýeten adamlar administratiw jogapkärçilige degişlidir.

 

27-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň administratiw jogapkärçiligi

 

1. Administratiw hukuk bozulmany eden on alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar şu Kodekse laýyklykda administratiw jogapkärçilige çekilýär. Şunda her bir kämillik ýaşyna ýetmedik adam ynsanperwer çemeleşilmeginden we ýaşyny hasaba almak bilen onuň şahsyýetiniň mertebesiniň hormat goýulmagyndan peýdalanmalydyr.

2. Administratiw hukuk bozulmany eden on alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynyň sanksiýasynda göz öňünde tutulandygyna ýa-da tutulmandygyna garamazdan, oňa duýduryş görnüşinde administratiw temmisi berlip bilner.

3. Administratiw hukuk bozulmany on alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli eden kämillik ýaşyna ýetmedik adam edilen hukuk bozulmanyň anyk ýagdaýlary, hukuk bozujynyň psihiki ösüşi, durmuş we ýaşaýyş şertleri, saglyk ýagdaýy we bilim derejesi hasaba alnyp, etraplaryň ýa-da etrap hukukly şäherleriň häkimliginiň ýanyndaky kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlar (mundan beýläk – kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada topar) we işe seretmäge beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan administratiw jogapkärçiliginden boşadylyp, oňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki täsir ediş çäreleri ulanylyp bilner.

4. On alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik, şu Kodeksiň 79-njy, 92-nji, 210–219-njy, 221–224-nji, 226-njy, 228–232-nji, 317-nji, 345–346-njy, 350-nji we 375–378-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryny eden adamlar administratiw jogapkärçilige umumy esaslarda degişlidir. Administratiw hukuk bozulmanyň häsiýetini we hukuk bozujynyň şahsyýetini hasaba almak bilen görkezilen adamlar (şu Kodeksiň 378-nji maddasynda göz öňünde tutulan hukuk bozulmany eden adamlar muňa girmeýär) babatdaky işler kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlara seretmäge berlip bilner, şu Kodeksiň 92-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işler bolsa, kada bolşy ýaly, şol toparlaryň seretmegine berilmäge degişlidir.

 

28-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň administratiw jogapkärçiligi

 

1. Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmasa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin ol administratiw jogapkärçilige çekilmäge degişli däldir.

2. Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmasa, Adalatçy we onuň orunbasary tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin olar kazyýet tertibinde administratiw jogapkärçilige çekilmäge degişli däldir.

3. Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň razylygy bolmasa, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin olar kazyýet tertibinde administratiw jogapkärçilige çekilmäge degişli däldir.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

29-njy madda. Düzgün-nyzam tertipnamalarynyň hereketi degişli edilen harby gullukçylaryň we beýleki adamlaryň administratiw jogapkärçiligi

 

1. Harby gullukçylar we harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar, şeýle hem içeri işler edaralarynyň hatarçylary, seržantlar we ofiserler düzümlerine degişli adamlar administratiw hukuk bozulmalaryny edendikleri üçin gös-göni düzgün-nyzam tertipnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda düzgün-nyzam jogapkärçiligini çekýärler, beýleki halatlarda bolsa, umumy esaslarda administratiw jogapkärçilige degişlidirler. Görkezilen adamlara administratiw taýdan tussag etmek, çagyryş boýunça harby gullukçylara bolsa, administratiw jerime bermek hem ulanylyp bilinmez.

2. Düzgün-nyzam tertipnamalarynyň ýa-da düzgün-nyzam hakynda ýörite düzgünnamalaryň hereketi özlerine degişli edilen, şu maddanyň birinji böleginde görkezilenlerden beýleki adamlar administratiw hukuk bozulmalaryny edendikleri üçin Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda düzgün-nyzam jogapkärçiligini çekýärler, beýleki halatlarda bolsa, administratiw jogapkärçiligine umumy esaslarda degişlidirler.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen adamlar Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüni, serhet düzgüni we gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüni, Türkmenistanyň salgyt, sanitariýa we weterinariýa işi, ýangyn howpsuzlygy, ýol hereketiniň howpsuzlygy, aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda kanunçylygy bilen baglanyşykly administratiw hukuk bozulmalary üçin administratiw jogapkärçilige umumy esaslarda degişlidirler.

4. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen adamlar babatda administratiw temmi çärelerini ulanmazdan ygtyýarly wezipeli adamlar günäkäri düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek meselesini çözmek üçin, administratiw hukuk bozulma barada materialy degişli edaralara iberýär.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

30-njy madda. Wezipeli adamlaryň administratiw jogapkärçiligi

 

1. Wezipeli adamlar öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmändigi bilen baglanyşykly eden administratiw hukuk bozulmalary üçin administratiw jogapkärçilige degişlidirler.

2. Ýuridik şahsa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen maliýe jerimeleri we ulanylan beýleki temmi çäreleri şol ýuridik şahsyň wezipeli adamlarynyň administratiw jogapkärçiligi üçin, eger bu şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan bolsa, esas bolup biler.

Bellik

Häkimiýet wekilleriniň wezipelerini hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlylyk boýunça amala aşyrýan, şonuň ýaly-da döwlet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby düzümlerinde guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklary ýerine ýetirýän adamlar, şeýle hem ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyranlarynda görkezilen wezipeleri ýerine ýetirýän adamlar wezipeli adamlar diýlip hasap edilýär.

 

31-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň we daşary ýurt ýuridik şahslarynyň administratiw jogapkärçiligi

 

1. Türkmenistanyň çäginde administratiw hukuk bozulmalaryny eden daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we daşary ýurt ýuridik şahslary şu Kodeksde görkezilen umumy esaslarda administratiwjogapkärçiligine çekilmäge degişlidir.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda ýörite goraglylyk hukugyndan peýdalanýan we Türkmenistanyň çäginde administratiw hukuk bozulmany eden daşary ýurt raýatynyňadministratiw jogapkärçilik meselesi halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda çözülýär.

 

32-nji madda. Ýuridik şahslaryň administratiw jogapkärçiligi

 

1. Ýuridik şahslar administratiw hukuk bozulmany edendigi üçin şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan halatlarda administratiw jogapkärçilige degişlidir.

2. Şu Kodeksiň I, III we IV bölümleriniň maddalarynda bellenilen kadalaryň diňe fiziki şahsa ýa-da diňe ýuridik şahsa ulanylýandygy görkezilmedik bolsa, ol kadalar hem fiziki şahs, hem ýuridik şahs babatda deň derejede hereket edýär, ýöne ol kadalaryň manysy boýunça diňe fiziki şahs babatda degişli edilen we diňe şol babatda ulanylyp bilinjek halatlary muňa girmeýär.

3. Birnäçe ýuridik şahs goşulanda administratiw hukuk bozulmany edendigi üçin administratiw jogapkärçilige täzeden dörän ýuridik şahs çekilýär.

4. Ýuridik şahs beýleki ýuridik şahsa birleşende administratiw hukuk bozulmany edendigi üçin administratiwjogapkärçilige birleşdirýän ýuridik şahs çekilýär.

5. Ýuridik şahs bölünende ýa-da ýuridik şahsyň düzüminden bir   ýa-da birnäçe ýuridik şahs aýrylandaadministratiw hukuk bozulmanyň edilendigi üçin administratiw jogapkärçilige bölüşmek balansyna laýyklykda baglaşylan geleşikler ýa-da emläkler boýunça hukuklar we borçlar haýsy ýuridik şahsa geçen, eger bu administratiw hukuk bozulma şol geleşikler ýa-da emläkler bilen baglanyşykly edilen bolsa, şol ýuridik şahs administratiw jogapkärçiligine çekilýär.

6. Ýuridik şahs bir guramaçylyk-hukuk görnüşinden başgasyna gaýtadan üýtgedilende administratiw hukuk bozulmany edendigi üçin administratiw jogapkärçilige täzeden dörän ýuridik şahs çekilýär.

7. Şu maddanyň üçünji–altynjy böleklerinde görkezilen halatlarda administratiw hukuk bozulmany edendigi üçin administratiw jogapkärçiligi oňa çekilýän ýuridik şahsa administratiw hukuk bozulma wakasy barada üýtgedip guramak tamamlanýança belli bolandygyna garamazdan düşýär.

8. Ýuridik şahsy üýtgedip guramak tamamlanýança administratiw hukuk bozulmany edendigi üçin ýuridik şahsa şu Kodekse laýyklykda berilýän administratiw temmisi şu maddanyň üçünji–altynjy bölekleriniň düzgünlerini hasaba almak bilen ulanylýar.

 

321-nji madda. Ulag serişdeleriniň eýeleriniň (eýelik edijileriniň) administratiw jogapkärçiligi

 

1. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin bellenilen administratiw jogapkärçilige ulag serişdeleriniň eýeleri (eýelik edijileri) çekilýär.

2. Eger ulag serişdesiniň eýesi (eýelik edijisi), onuň karara eden şikaýatyna seredilende, administratiw hukuk bozulma ýüze çykarylan pursatda ulag serişdesini başga bir şahsyň dolandyrandygyny ýa-da başga bir şahslaryň hukuga garşy gelýän hereketleriniň netijesinde ulag serişdesiniň onuň eýelik etmeginden gidendigini subut etse, oladministratiw jogapkärçilikden boşadylýar.

Bellik

Şu Kodeksde awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeler diýlip metrologik synaglardan geçen, hukuk bozulmanyň edilen wagtyny, ulag serişdesiniň görnüşini, kysymyny, döwlet bellige alnyş nyşanyny, şeýle hem tizligini we ugruny kesgitleýän foto we wideo gurallara düşünilýär.

Kodekse 321 maddasy 2019-njy ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, ___-nji madda.

 

4-nji bap. ADMINISTRATIW JOGAPKÄRÇILIGINI ARADAN AÝYRÝAN ÝAGDAÝLAR

 

33-nji madda. Bialaç zerurlyk

 

1. Bialaç zerurlyk ýagdaýynda şu Kodeks bilen goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, ýagny şol adamyň ýa-da başga adamlaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna we kanuny bähbitlerine, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine gös-göni abanýan howpy aradan aýyrmak üçin, eger bu howp şol ýagdaýlarda gaýry serişdeler bilen aradan aýrylyp bilinmese we şunda zerurlygyň çäklerinden bialaç çykylmagyna ýol berilmedik bolsa, şonuň ýaly hereket administratiw hukuk bozulmasy bolmaýar.

2. Bialaç zerurlygyň çäklerinden çykylmagy diýlip, salynýan howpuň we howpuň aradan aýrylan ýagdaýyna, onuň häsiýetine we derejesine açyk laýyk gelmeýän zyýan ýetirilmegi, haçanda öňi alynýana garanda, şu Kodeks bilen goralýan bähbitlere has köp zyýan ýetirilende hasap edilýär. Şeýle çäkden çykylmagy diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatynda jogapkärçilige eltýär.

 

34-nji madda. Zerur goranyş

 

1. Şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan hereketleri eden hem bolsa, ýöne olar zerur goranyş ýagdaýynda hereket eden adam tarapyndan, ýagny döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini, adamlaryň janyny, saglygyny, hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, eýeçiligi, dolandyryş tertibini kanuna garşy gelýän kast etmeden goramak üçin kast edýäne zyýan ýetirmek arkaly edilen bolsa, şunda zerur goranyşyň çäklerinden çykylmagyna ýol berilmedik bolsa, onda ol administratiw jogapkärçilige degişli däldir.

2. Zerur goranyşyň çäklerinden çykylmagy diýlip, kast edilmegiň häsiýetine we howplulyk derejesine goranmagyň açyk laýyk gelmezligi, onuň netijesinde kast edýäne ýagdaýyň talap etmeýän çendenaşa aç-açan zyýanyň ýetirilmegi hasap edilýär. Şeýle çäkden çykmak diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatynda administratiwjogapkärçilige eltýär.

 

35-nji madda. Akyly düzüw dällik

 

Kanuna garşy gelýän hereketi ýa-da hereketsizligi edýän wagtynda akyly düzüw däl ýagdaýda bolan, ýagny öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine, olaryň jemgyýetçilik taýdan howpludygyna akyl ýetirip bilmedik ýa-da psihiki taýdan kesellemegi, psihiki bozulmagyň wagtlaýyn keselliligi, akyly kemligi ýa-da başga hili kesellilik ýagdaýy netijesinde şolara erk edip bilmedik adam administratiw jogapkärçilige degişli däldir.

 

36-njy madda. Esaslandyrylan töwekgelçilik

 

1. Jemgyýetçilik peýdaly maksada ýetmek üçin esaslandyrylan töwekgelçilikde şu Kodeks bilen goralyp saklanylýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi administratiw hukuk bozulmasy bolmaýar.

2. Eger goýlan maksada töwekgelçilik bilen baglanyşyksyz hereketler bilen ýetilip bolmasa we töwekgelçilige ýol beren adam şu Kodeks bilen goralyp saklanylýan bähbitlere ýetirilen zyýanyň öňüni almak üçin ýeterlik zerur çäreleri gören bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilýär.

3. Eger töwekgelçilik adamlaryň janyna ýa-da saglygyna howp  salmak, ekologik heläkçiligi ýa-da jemgyýetçilik betbagtçylygy ýa-da başga agyr netijeler bilen görnetin utgaşdyrylan bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilmeýär.

 

37-nji madda. Fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek

 

1. Fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde, eger adam şeýle mejbur etmegiň netijesinde öz hereketine (hereketsizligine) erk edip bilmese, şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan hereketiň (hereketsizligiň) edilmegi administratiw hukuk bozulmasy bolmaýar.

2. Başga halatlarda fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde şu Kodeks bilen goralyp saklanylýan bähbitlere zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçilik baradaky mesele şu Kodeksiň düzgünlerini hasaba almak bilen çözülýär.

 

38-nji madda. Buýrugy ýerine ýetirmek

 

1. Bellenilen tertipde we degişli görnüşi berjaý etmek bilen berlen hem-de özi üçin hökmany bolan buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirip, şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan hereketi (hereketsizligi) amala aşyran adam tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi şeýle buýrugy ýa-da görkezmäni beren adam çekýär.

2. Görnetin bikanun buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmek bilen bilkastlaýyn administratiw hukuk bozulmany eden adam umumy esaslarda administratiw jogapkärçiligine degişlidir. Görnetin bikanun buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmezlik administratiw jogapkärçiligini aradan aýyrýar.

 

39-njy madda. Onçakly uly bolmadyk administratiw hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisini ulanmak ýa-da administratiw jogapkärçiliginden boşatmak

 

Işe seretmäge ygtyýarly edara onçakly uly bolmadyk administratiw hukuk bozulmany eden şahs babatda şu Kodeksde göz öňünde tutulan administratiw temmisini ol temminiň has ýeňil görnüşi bilen çalşyryp ýa-da bu şahsy administratiw jogapkärçiliginden boşadyp we dilden duýduryş bermek bilen çäklenip biler.

Bellik

Şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmanyň alamatlary bolan, ýöne häsiýeti, ýetirilen zyýanyň möçberi we netijesiniň agyrlyk derejesi boýunça kanun tarapyndan goralýan bähbitlere düýpli täsir ýetirmeýän hereket (hereketsizlik) «onçakly uly bolmadyk administratiw hukuk bozulma» diýlip hasap edilýär.

 

5-nji bap. ADMINISTRATIW TEMMISI

 

40-njy madda. Administratiw temmisiniň maksatlary

 

1. Administratiw temmisi jogapkärçilik çäresi bolup, ol administratiw hukuk bozulmany eden şahsy kanunlary berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, şeýle hem hukuk bozujynyň hem özi, hem beýleki şahslar tarapyndan täze hukuk bozulmalarynyň edilmeginiň öňüni almak maksady bilen ulanylýar.

2. Administratiw hukuk bozulmany eden fiziki şahsa ulanylýan administratiw temmisi fiziki ejir çekdirmegi ýa-da onuň adam mertebesini kemsitmegi, şeýle hem ýuridik şahsyň iş abraýyna şikes ýetirmegi maksat edinip bilmez.

 

41-nji madda. Administratiw temmisiniň görnüşleri

 

1. Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin administratiw temmisiniň şu görnüşleri berlip bilner:

1) duýduryş;

2) administratiw jerime;

3) jemgyýetçilik işleri;

4) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri tölegli almak;

5) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz almak;

6) fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek;

7) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek;

8) administratiw taýdan tussag etmek;

9) administratiw taýdan işi togtatmak.

2. Ýuridik şahs babatda administratiw temmisiniň şu maddanyň birinji böleginiň 1–2-nji, 4-5-nji we 9-njy bentlerinde göz öňünde tutulan görnüşleri ulanylyp bilner.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

42-nji madda. Administratiw temmisiniň esasy we goşmaça görnüşleri

 

1. Duýduryş, administratiw jerime, jemgyýetçilik işleri, administratiw taýdan tussag etmek we administratiw taýdan işi togtatmak administratiw temmisiniň diňe esasy görnüşleri hökmünde ulanylýar.

2. Administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri tölegli almak, administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz almak, fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek, daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek administratiw temmisiniň hem esasy, hem goşmaça görnüşleri hökmünde ulanylyp bilner.

3. Bir administratiw hukuk bozulma üçin administratiw temmisiniň esasy ýa-da esasy we goşmaça görnüşleriulanylyp bilner.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

43-nji madda. Duýduryş

 

Duýduryş administratiw temmisiniň görnüşi hökmünde fiziki ýa-da ýuridik şahslara bikanun hereketleriň ýol berilmesizligini resmi taýdan ýatlatmak çäresi bolup durýar. Duýduryş ýazmaça görnüşde berilýär, edilen administratiw hukuk bozulma onçakly uly bolmasa, şeýle hem şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda ol dilden hem berlip bilner.

 

44-nji madda. Administratiw jerime

 

1. Administratiw jerime (mundan beýläk – jerime) şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan berilýän we günäkär fiziki ýa-da ýuridik şahsa Türkmenistanyň Döwlet býujetiniňhaýryna mejbury tertipde töletdirilýän pul görnüşindäki administratiw temmisidir.

2. Jerimäniň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Jerimäniň iň pes möçberi şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen binýatlyk mukdaryň 0,02 böleginden azbolup bilmez.

4. Jerimäniň aňryçäk ýokary möçberi administratiw hukuk bozulmalarynyň aýry-aýry görnüşleri üçin şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan möçberden köp bolup bilmez.

5. Jerimäni tölemekden boýun gaçyrmagyň alamatlary bolmazdan ony tutup almak mümkin bolmadyk halatynda kazyýet jerimäni tutup almak hakynda karary ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen edaranyň teklipnamasy boýunça jerimäni şu Kodeksiň 441-nji maddasyna laýyklykda jemgyýetçilik işleri bilen çalşyrýar.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

441-nji madda. Jemgyýetçilik işleri

 

1. Jemgyýetçilik işleri bu Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen görnüşi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kesgitlenýän mugt zähmeti jemgyýetiň peýdasyna administratiw temmisiniň bu görnüşine sezewar edilen adamyň ýerine ýetirmeginden ybaratdyr.

2. Jemgyýetçilik işleri administratiw temmisi hökmünde kazyýet tarapyndan berilýär.

3. Jemgyýetçilik işleri on iki sagatdan ýetmiş iki sagada çenli möhlete bellenýär. Eger administratiw hukuk bozulmasyny eden adam okaýan ýa-da işleýän bolsa, onda jemgyýetçilik işleri onuň okuwdan we işden boş wagtlary günde dört sagatdan köp bolmadyk möhlete ýerine ýetirilýär. Okamaýan we işlemeýän adamlaryň razylygy bilen olar tarapyndan jemgyýetçilik işleri günde dört sagatdan köp, ýöne sekiz sagatdan artyk bolmadyk möhlete ýerine ýetirilip bilner.

4. Jemgyýetçilik işleri şulara bellenip bilinmez:

1) kämillik ýaşyna ýetmediklere;

2) göwreli aýallara;

3) çaga seretmek boýunça rugsatda bolan adamlara;

4) I we II topar maýyplygy bolan adamlara;

5) pensionerlere;

6) harby gullukçylara;

7) daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara (muňa Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar girmeýär).

5. Jemgyýetçilik işleri ýerine ýetirilýän döwürde şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykan halatynda kazyýet jemgyýetçilik işleri görnüşinde administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen edaranyň teklipnamasy boýunça adamy bu temmini mundan beýläk ýerine ýetirmekden boşadýar.

Kodekse 441 maddasy 2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda.

 

45-nji madda. Administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri tölegli almak

 

1. Administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleriň tölegli alynmagy (mundan beýläk – tölegli almak) görkezilen närseleri mejbury almakdan we soňra ony ýerlemek boýunça çykdajylary aýryp, alnan pullary öňki eýesine bermek bilen görkezilen närseleri ýerlemekden ybaratdyr.

2. Tölegli almak administratiw temmisi hökmünde kazyýet tarapyndan berilýär.

3. Aw tüpeňiniň, onuň ok-därileriniň, rugsat edilýän aw we balyk tutujy gurallaryň hem-de gaýry närseleriň tölegli alynmagy awçylyk we balyk tutmak ýaşaýşynyň ýeke-täk kanuny çeşmesi bolan adamlar babatda ulanylyp bilinmez.

4. Tölegli almagy ulanmak tertibi we tölegli alynmaga degişli närseleriň sanawy şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

46-njy madda. Administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz almak

 

1. Administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan we administratiw hukuk bozulmany eden şahsyň kanun tarapyndan gadagan edilen usul bilen edinen hem-de onuň eýeçiliginde duran närseleriň muzdsuz alynmagy (mundan beýläk – muzdsuz almak) bu närseleri şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan halatlarda mejbury, öwezini dolmazdan döwletiň eýeçiligine geçirmekden ybaratdyr.

2. Muzdsuz almak administratiw temmisi hökmünde kazyýet tarapyndan berilýär.

3. Aw tüpeňiniň, onuň ok-därileriniň, rugsat edilýän aw we balyk tutujy gurallaryň hem-de gaýry närseleriň muzdsuz alynmagy awçylyk we balyk tutmak ýaşaýşynyň ýeke-täk kanuny çeşmesi bolan adamlar babatda ulanylyp bilinmez.

4. Muzdsuz almagy ulanmak tertibi şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

47-nji madda. Fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek

 

1. Fiziki şahsa berlen ýörite hukugyň çäklendirilmegi bir aýdan iki ýyla çenli bolan möhlete bu hukukdan peýdalanmak tertibiniň şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan gödek ýa-da yzygiderli bozulandygy üçin ulanylýar.

2. Fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek administratiw temmisi hökmünde kazyýet tarapyndan berilýär.

3. Ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugy çäklendirmek bu serişdelerden maýyplygy bilen baglanyşykly peýdalanýan adamlara ulanylyp bilinmez, ýöne ulagy serhoş ýagdaýda dolandyrmak halatlary muňa girmeýär.

Fiziki şahsa berlen ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukuk ulag serişdesini serhoş ýagdaýda dolandyrmak bilen bagly çäklendirilen halatynda nazaryýet synagyndan gaýtadan geçmek bellenilýär.

4. Awçylyga we balyk tutmaga berlen hukuklaryň çäklendirilmegi olar ýaşaýşynyň ýeke-täk çeşmesi bolan adamlar babatda ulanylyp bilinmez.

5. Fiziki şahsa berlen ýörite hukugyň çäklendirilmegi jemgyýetçilik işlerine goşmaça temmi hökmünde bellenip bilinmez.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

48-nji madda. Administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek

 

1. Daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek administratiw temmi çäresi hökmünde şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan halatlarda berilýär we şunda olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek möhleti bäş ýyldan artyk bolup bilmez.

2. Administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmagyň, şeýle hem Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek möhletleri iş boýunça önümçiligiň tamamlanan ýa-da Türkmenistanda bolmagyň kesgitlenilen möhletiniň gysgaldylan pursadyndan hasaplanylýar.

3. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan olaryň Türkmenistanda bolmagynyň kesgitlenen möhletini gysgaltmak we beýleki çäreler ulanylyp bilner.

Bellik

Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bähbitleriniň goralmagy bilen baglanyşykly halatlardan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolan raýatlygy bolmadyk adam babatda administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak görnüşindäki administratiw temmisi ulanylyp bilinmez.

 

49-njy madda. Administratiw taýdan tussag etmek

 

1. Administratiw taýdan tussag etmek aýratyn halatlarda administratiw hukuk bozulmalarynyň aýry-aýry görnüşleri üçin diňe işiň ýagdaýlary we hukuk bozujynyň şahsyýeti hasaba alnyp, administratiw temmisiniň beýleki görnüşleriniň ulanylmagy ýeterlik däl diýlip bilnen halatynda on bäş gije-gündize çenli möhlete, adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde bolsa – otuz gije-gündize çenli möhlete ulanylyp bilner.

2. Administratiw taýdan tussag etmek şu Kodeksde bellenilen halatlarda we tertipde kazyýet, adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde bolsa – adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty ýa-da içeri işler edarasynyň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan berilýär.

3. Administratiw taýdan tussag etmek göwreli aýallar, on dört ýaşa çenli çagasy (on sekiz ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagasy) bolan aýallar, on dört ýaşa çenli çagasyny (on sekiz ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagasyny) terbiýeleýän ýalňyz erkek adamlar, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar, I ýa-da II topar maýyplygy bolan adamlar, şeýle hem ýaşy boýunça pensiýa ýa-da durmuş kömek puluna hukugy bolan adamlar babatda ulanylyp bilinmez.

4. Administratiw taýdan tutup saklanylan möhlet administratiw taýdan tussag etmek möhletine goşulýar.

 

50-nji madda. Administratiw taýdan işi togtatmak

 

1. Administratiw taýdan işi togtatmak ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň, olaryň şahamçalarynyň, wekillikleriniň, düzüm bölümleriniň, önümçilik bölümleriniň hereket etmegini, şeýle hem enjamlarynyň, obýektleriniň, binalarynyň ýa-da desgalarynyň ulanylmagyny, işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagyny, hyzmatlaryň edilmegini alty aýdan köp bolmadyk möhlete bes etmekden ybaratdyr.

2. Administratiw taýdan işi togtatmak adamlaryň janyna we saglygyna howp salnan, epidemiýalar, epizootiýalar dörän, karantin astyndaky obýektlere karantin zyýan berijileri ýokuşan, radiasiýa, himiýa heläkçiligi ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaýlar bolan, daşky gurşawyň ýagdaýyna ýa-da hiline düýpli zyýan ýetirilen halatlarynda, şeýle hem administratiw hukuk bozulmasy neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň dolanyşygy, jemgyýetçilik tertibi we howpsuzlygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriňkanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket edilmegi çygyrlarynda edilen halatlarynda, şonuň ýaly-da bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygy birnäçe gezek ýa-da gödek bozulyp, işler amala aşyrylanda ulanylýar.

3. Administratiw taýdan işi togtatmak diňe şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan halatlarda, eger administratiw temmisiniň onçakly berk bolmadyk görnüşi onuň maksadyny üpjün edip bilmejek bolsa,  kazyýet tarapyndan berilýär.

4. Administratiw taýdan işi togtatmak üçin esas bolan hukuk bozulmalar düzedilende işi dikeltmek ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň ýa-da ýuridik şahsyň haýyşnamasy esasynda kazyýet tarapyndan möhletinden öň amala aşyrylyp bilner.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014ý., № 1, 45–nji madda).

 

6-njy bap. ADMINISTRATIW TEMMISINI BERMEK

 

51-nji madda. Administratiw temmisini bermegiň umumy düzgünleri

 

1. Administratiw hukuk bozulma üçin administratiw temmisi şu Kodekse laýyklykda berilýär.

2. Fiziki şahsa administratiw temmisi berlende edilen hukuk bozulmanyň häsiýeti, hukuk bozujynyň şahsyýeti, onuň günäsiniň derejesi, emläk ýagdaýy, şeýle hem jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlar hasaba alynýar.

3. Ýuridik şahsa administratiw temmisi berlende edilen hukuk bozulmanyň häsiýeti, ýuridik şahsyň emläk we maliýe ýagdaýy, şeýle hem jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlar hasaba alynýar.

4. Eger administratiw hukuk bozulma umumy we ýörite kadada göz öňünde tutulan bolsa, administratiw jogapkärçiligi ýörite kada boýunça düşýär.

5. Administratiw jogapkärçilige çekilmegi ýüze çykarylan hukuk bozulmany düzetmek we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borçlaryndan boşatmaýar.

 

52-nji madda. Administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar

 

1. Şular administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar diýlip hasap edilýär:

1) administratiw hukuk bozulmany eden adamyň ak ýürekden ökünmegi;

2) administratiw hukuk bozulmany eden şahs tarapyndan hukuk bozulmanyň zyýanly netijeleriniň öňüniň alynmagy, zyýanyň öweziniň meýletin dolunmagy ýa-da ýetirilen zeleliň düzedilmegi;

3) hukuk bozulmanyň güýçli ruhy taýdan tolgunmagyň täsiri astynda ýa-da agyr şahsy ýa-da maşgala ýagdaýlarynyň gabat gelmeginde edilmegi;

4) hukuk bozulmanyň kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da maýyplygy bolan adam tarapyndan edilmegi;

5) hukuk bozulmanyň göwreli aýal ýa-da üç ýaşa ýetmedik çagasy (on alty ýaşa çenli maýyplygy bolan çagasy) bolan aýal tarapyndan edilmegi.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik başga ýagdaýlar hem jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar diýlip hasap edilip bilner.

 

53-nji madda. Administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar

 

Şular administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýlip hasap edilýär:

1) bes etmek hakynda edilýän talaba garamazdan kanuna garşy gelýän hereketleriň dowam etdirilmegi;

2) administratiw temmisi ozal berlen şahsyň şol administratiw hukuk bozulmany bir ýylyň dowamynda gaýtadan etmegi;

3) bilkastlaýyn edilen jenaýat üçin iş kesilenlik aýyby aýrylmadyk ýa-da öz-özünden aýrylmadyk adam tarapyndan administratiw hukuk bozulmanyň bilkastlaýyn edilmegi;

4) administratiw hukuk bozulmanyň edilmegine kämillik ýaşyna ýetmedik, psihiki taýdan bozulma keseli bolan adamlaryň çekilmegi;

5) administratiw hukuk bozulmanyň adamlaryň topary tarapyndan edilmegi;

6) administratiw hukuk bozulmanyň tebigy betbagtçylyk şertlerinde ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde edilmegi;

7) administratiw hukuk bozulmanyň alkogolly, neşe ýa-da seri dumanladyjy beýleki maddalary ulanmak netijesinde dörän serhoş ýagdaýda edilmegi;

8) administratiw hukuk bozulmanyň milli, jynsy ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylyk bahanasy, beýleki adamlaryň kanuny hereketleri üçin ar almak sebäpleri boýunça, şeýle hem başga bir hukuk bozulmany ýaşyrmak ýa-da onuň edilmegini ýeňilleşdirmek maksady bilen edilmegi;   

9) administratiw hukuk bozulmanyň adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşyklylykda şol adam ýa-da onuň ýakyn garyndaşlary babatynda edilmegi;

10) administratiw hukuk bozulmanyň göwrelidigi günäkäre görnetin mälim bolan aýal babatynda, şeýle hem ýedi ýaşa çenli çaga, başga goragsyz ýa-da biçäre ýagdaýda galan adamlar ýa-da günäkäre garaşly bolan adam babatynda edilmegi.

 

54-nji madda. Birnäçe administratiw hukuk bozulmalary edilende administratiw temmisini bermek

 

1. Administratiw hukuk bozulmalarynyň ikisi ýa-da şondan hem köpüsi bir şahs tarapyndan edilende administratiw temmisi her bir hukuk bozulma üçin aýratynlykda berilýär.

2. Eger şahs administratiw hukuk bozulmalarynyň birnäçesini eden bolsa we ol administratiw hukuk bozulmalary barada işlere bir wagtda şol bir ygtyýarly edara tarapyndan seredilýän bolsa, administratiw temmisi has düýpli bozulma üçin bellenilen sanksiýanyň çäklerinde berilýär. Şeýle halatda administratiw temmisiniň esasy görnüşine edilen hukuk bozulmalarynyň islendigi üçin jogapkärçilik hakynda maddalarda göz öňünde tutulan administratiw temmisiniň goşmaça görnüşleriniň biri goşulyp bilner.

 

55-nji madda. Administratiw temmisiniň möhletini hasaplamak

 

Administratiw taýdan tussag etmek möhleti gije-gündizde, Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek, ýörite hukugy çäklendirmek we administratiw taýdan işi togtatmak – ýyllarda, aýlarda we günlerde, jemgyýetçilik işleri bolsa sagatlarda hasaplanylýar.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

56-njy madda. Administratiw jogapkärçilige çekmek möhletleri

 

1. Administratiw temmisi administratiw hukuk bozulmanyň edilen gününden iki aýdan gijä galman berlip bilner.

2. Dowam edýän administratiw hukuk bozulma üçin administratiw temmisi onuň ýüze çykarylan gününden iki aýdan gijä galman berlip bilner.

3. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda administratiw derňew hereketleri geçirilende, şonuň ýaly-da jenaýat işini gozgamakdan ýüz dönderilen ýa-da jenaýat işi boýunça önümçilik bes edilen halatynda, ýöne hukuk bozujynyň hereketinde administratiw hukuk bozulmanyň alamatlary bar bolsa, administratiw temmisi administratiw derňew hereketleri tamamlanandan soň administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülen ýa-da jenaýat işini gozgamakdan ýüz döndermek ýa-da ol boýunça önümçiligi bes etmek hakynda karar kabul edilen gününden bir aýdan gijä galman berlip bilner.

 

57-nji madda. Şahsy administratiw jogapkärçilige çekilmedik diýlip hasap etmek möhleti

 

Administratiw temmisi berilmegine sezewar edilen şahs onuň ýerine ýetirilmeginiň tamamlanýan gününden soň bir ýylyň dowamynda administratiw hukuk bozulmany täzeden etmedik bolsa, onda ol şahs administratiw jogapkärçilige çekilmedik hasap edilýär.

 

58-nji madda. Ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Administratiw hukuk bozulmanyň edilmegi netijesinde ýetirilen maddy we ahlak zyýanyň öwezini dolmak şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

II BÖLÜM

 AÝRATYN BÖLEK

 

7-nji bap. RAÝATLARYŇ SYÝASY HUKUKLARYNA KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

59-njy madda. Raýatlaryň deň hukuklylygynyň bozulmagy

 

Milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi bilen baglylykda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň göni ýa-da gytaklaýyn bozulmagy ýa-da çäklendirilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.  

 

60-njy madda. Raýatlaryň ynam-ygtykatyna erkin eýermäge we olary erkin beýan etmäge bolan hukuklarynyň bozulmagy

 

1. Raýatlaryň ynam-ygtykatyna erkin eýermäge we olary erkin beýan etmäge, maglumatlary almaga bolan hukuklarynyň bozulmagy  ýa-da olaryň amala aşyrylmagyna päsgel berilmegi, şeýle hem şunuň bilen baglylykda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirilmegi ýa-da olara haýsydyr bir ýeňillikleriň we artykmaçlyklaryň berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Raýatlaryň syýasy partiýalara we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerine birleşmegine, olaryň işine erkin gatnaşmagyna päsgel berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek tertibiniň bozulmagy ýa-da olaryň işine bikanun gatyşylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

61-nji madda. Raýatlaryň ýa-da wezipeli adamlaryň öz kanuny hukuklaryny we borçlaryny amala aşyrmagyna bilkastlaýyn päsgel berilmegi

 

1. Raýatlaryň ýa-da wezipeli adamlaryň öz kanuny hukuklaryny we borçlaryny amala aşyrmagyna bilkastlaýyn päsgel berilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde edilmegi -

binýatlyk mukdaryň sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da otuz gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

62-nji madda. Raýatlaryň deňhukuklylygyna kast edilmegi

 

Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň göni ýa-da gytaklaýyn bozulmagy ýa-da çäklendirilmegi, şonuň ýaly-da konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýän, özleriniň alyp barýan işinde zorlugy ulanmaga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňki boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlak sypatlaryna kast edýän syýasy partiýalary we beýleki jemgyýetçilik birleşiklerini, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça syýasy partiýalary döretmek ugrunda hereket edilmegi ýa-da olaryň işine gatnaşylmagy -

binýatlyk mukdaryň ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda).

 

63-nji madda. Ýygnaklary, ýygnanyşyklary we ýörişleri guramak hem-de geçirmek tertibiniňbozulmagy

 

1. Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy, şonuň ýaly-da olaryň guraýjylary we gatnaşyjylary tarapyndan ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramagyň we geçirmegiň bellenilen tertibiniň bozulyp, şeýle çäreleriň guralmagy we geçirilmegi barada açyk çagyryşlaryň edilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisiulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi  ýa-da ol  hukuk bozulmalarynyň emläk taýdan zyýan ýetirilmegine getirmegi -

binýatlyk mukdaryň sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde ýa-da töleg üçin edilmegi ýa-da olara gatnaşylandygy üçin töleg bilen utgaşdyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde guralan ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmäge päsgel berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

64-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde iş taşlaýyşlaryň, ýygnaklaryň, ýygnanyşyklaryň, ýörişleriň we beýleki köpçülikleýin çäreleriň bikanun geçirilmegi

 

Gadagan diýlip bellenilendigine garamazdan, adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde iş taşlaýyşlaryň, ýygnaklaryň, ýygnanyşyklaryň we ýörişleriň, şeýle hem tomaşa, sport çäreleriniň we beýleki köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

65-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiginiň işini guramak tertibiniň bozulmagy

 

1. Jemgyýetçilik birleşigini döwlet belligine aldyrmakdan boýun gaçyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylan jemgyýetçilik birleşiginiň, şonuň ýaly-da işi bes edilen ýa-da işlemegi gadagan edilen jemgyýetçilik birleşiginiň işine ýolbaşçylyk edilmegi ýa-da onuň işine gatnaşylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylan jemgyýetçilik  birleşikleri, şonuň ýaly-da işi bes edilen ýa-da işlemegi gadagan edilen jemgyýetçilik birleşikleri barada bulara salgylanmazdan maglumatlary ýaýratmak tertibiniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Döwlet belligine alynmadyk jemgyýetçilik birleşiginiň, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylan ýa-da işi bes edilen ýa-da işlemegi gadagan edilen jemgyýetçilik birleşiginiň maliýeleşdirilmegi -

maliýe serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Jemgyýetçilik birleşigi, şol sanda döwlet belligine alynmadyk jemgyýetçilik birleşigi ýa-da olaryň agzalary ýa-da gatnaşyjylary tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslaryndan maliýe, maddy we beýleki kömegi bellige almagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulyp, şeýle kömegiň alynmagy -

maliýe, maddy we beýleki serişdeleri muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda göz öňünde tutulmadyk işleriň amala aşyrylmagy, şonuň ýaly-da gadagan edilen hereketleriň edilmegi ýa-da gadagan edilen jemgyýetçilik birleşiginiň hereket etmegi ýa-da onuň adyndan haýsydyr bir hereketiň amala aşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň bäşisine, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň alty aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

66-njy madda. Saýlaw hukugynyň amala aşyrylmagyna päsgel berilmegi

 

1. Raýatlaryň saýlawçylaryň sanawlary bilen tanyşmaga bolan hukugynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň raýatynyň saýlamak we saýlanmak hukugynyň erkin amala aşyrylmagyna päsgel berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň wezipe ýa-da gulluk ýagdaýynyň artykmaçlygyndan peýdalanylyp edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Bellik

Raýatlaryň saýlaw hukugy bilen baglanyşykly şu Kodeksde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalarynyň kadalary raýatlaryň sala salşyklara gatnaşmak hukuklarynyň bozulmalaryna hem degişli edilýär.

 

67-nji madda. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek kadalarynyň we möhletleriniň bozulmagy

 

1. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalarynyň we möhletleriniň bozulmagy, şol sanda saýlawlar güni wagyz işiniň alnyp barylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanylyp edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

68-nji madda. Wagyz metbugat materiallarynyň bilkastlaýyn ýok edilmegi, zyýan ýetirilmegi ýa-da dalaşgäriň saýlawçylar bilen duşuşmagyna päsgel berilmegi

 

Binalarda, desgalarda we beýleki obýektlerde olaryň eýesiniň ýa-da eýelik edýäniň razyçylygy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda asylyp goýlan ündewsuratlaryň we beýleki wagyz metbugat materiallarynyň bilkastlaýyn ýok edilmegi, zaýalanmagy ýa-da olara zyýan ýetirilmegi, şonuň ýaly-da dalaşgäriň saýlawçylar bilen duşuşmagyna päsgel berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

69-njy madda. Dalaşgär hakynda ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagy

 

Dalaşgär hakynda görnetin ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagy ýa-da dalaşgäriň, onuň ýakyn garyndaşlarynyň we ynanylan adamlarynyň at-abraýyna we mertebesine şek ýetirýän beýleki hereketleriň amala aşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

70-nji madda. Saýlawçylaryň, dalaşgärleriň, olaryň ynanylan adamlarynyň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hukuklarynyň bozulmagy

 

Saýlawçylaryň, dalaşgärleriň, olaryň ynanylan adamlarynyň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hukuklarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

71-nji madda. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulmagy

 

1. Saýlaw toparynyň agzasy ýa-da başga adam tarapyndan raýatlara başga adamlaryň ýerine ses bermäge mümkinçilik bermek maksady bilen saýlaw býulletenleriniň berilmegi ýa-da doldurylan saýlaw býulleteniniň berilmegi ýa-da olara birden artyk saýlaw býulletenini almaga mümkinçilik döredilmegi ýa-da saýlaw uçastoklarynda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň amala aşyrylmagyna başga päsgel berilmegi, şonuň ýaly-da saýlaw býulletenleriniň ses berilýän jaýdan bikanun çykarylmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Saýlaw uçastoklaryna saýlaw býulletenleriniň Türkmenistanyň saýlaw hakynda kanunçylygynda bellenilen sanyndan artyk getirilmegi ýa-da saklanylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

72-nji madda. Saýlawlary maliýeleşdirmek we maliýe hasabatyny bermek tertibiniň bozulmagy

 

1. Saýlawlary maliýeleşdirmegiň, şol sanda saýlaw toparlaryna serişdeleri geçirmegiň, şeýle hem maliýe hasabatyny bermegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Dalaşgärler, syýasy partiýalar tarapyndan saýlawlara gatnaşmak bilen baglanyşykly gelen girdejiler we edilen çykdajylar barada maglumatlaryň berilmezligi ýa-da çap edilmezligi, şonuň ýaly-da ol maglumatlaryň maliýe hasabatynda ýaşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

73-nji madda. Saýlaw toparlarynyň işine päsgel berilmegi ýa-da bikanun gatyşylmagy

 

1. Öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly saýlaw toparlarynyň işine päsgel berilmegi, şonuň ýaly-da olaryň işine bikanun gatyşylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda).

 

74-nji madda. Ses bermegiň jemleri we saýlawlaryň netijeleri barada maglumatlaryň berilmezligi ýa-da çap edilmezligi

 

1. Ses bermegiň jemleri we saýlawlaryň netijeleri barada maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ses bermegiň jemleri we saýlawlaryň netijeleri barada maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde çap edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

8-nji bap. DINLERIŇ WE DINE UÝMAGYŇ ERKINLIGINE KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

75-nji madda. Dine uýmagyň we dini guramalara birleşmegiň erkinligine bolan hukuklaryň bozulmagy

 

1. Raýatlaryň islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini adatlary, däp-dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaga we dini guramalara birleşmäge bolan hukuklarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da dini duýgularyň kemsidilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Maddy gyzyklandyrmalar, psihiki täsir etmeler, aldaw ýollary we beýleki bikanun usullar arkaly raýatlaryň dini guramalara, şonuň ýaly-da akymlara we toparlanyşyklara we olaryň işine çekilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Raýatlaryň erk-isleginiň garşysyna olaryň wyždan we dine ynanmak azatlyklaryna bolan hukuklaryny amala aşyrmagyna päsgel berilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

76-njy madda. Türkmenistanyň dine uýmagyň erkinligi we dini guramalar hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Dini adatlary we däp-dessurlary geçirmegiň, haýyr-sahawat we beýleki işleri amala aşyrmagyň, şeýle hem dini mazmunly edebiýaty we beýleki materiallary, dini maksatly närseleri taýýarlamagyň, getirmegiň, alyp gitmegiň we ýaýratmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Dini delillendirmeler esasynda urşy wagyz edýän, dini, milli we milletara, jyns taýdan we teniniň reňki boýunça gapma-garşylygy tutaşdyrmaga ýardam edýän dini edebiýatlaryň, maglumatlaryň, şol sanda Internet ulgamyndan alnan maglumatlaryň ýa-da dini maksatly närseleriň taýýarlanylmagy, getirilmegi, alnyp gidilmegi, ýaýradylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Dini ekstremizm, separatizm we fundamentalizm taglymlaryndan ybarat bolan metbugat önümleriniň, kino, foto, audio-wideo ýazgyly ýa-da elektron göteriji önümleriň ýa-da maglumatlaryň taýýarlanylmagy, saklanylmagy we ýaýradylmagy -

metbugat önümlerini, kino-, foto-, audio-, wideo ýazgyly önümleri, elektron göterijilerini we maglumatlaryhem-de olary taýýarlamagyň we ýaýratmagyň serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Dini gapma-garşy durmaga, gatnaşyklary ýitileşdirmäge, duşmançylygy öjükdirmäge gönükdirilen hereketleriň edilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Dini guramalaryň tertipnamasynda göz öňünde tutulmadyk işleri amala aşyrmagy, şonuň ýaly-da çagalary dini taglymaty okatmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

6. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň dini gurama kabul edilmegi, şeýle hem olaryň erk-isleginiň, ata-eneleriniň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň erk-isleginiň garşysyna olaryň dini tarapdan okadylmagy, şol sanda dini taglymatyň hususy tertipde okadylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

7. Şu maddanyň birinji–altynjy böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna, ýuridik şahslaryň alty aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

8. Dini guramalaryň syýasy iş bilen meşgullanmagy, şol sanda syýasy wagyz işini alyp barmagy ýa-da syýasy işe gatnaşmagy ýa-da oňa maliýe goldawynyň berilmegi, döwlet edaralarynda dini guramalaryň gurluş düzümleriniň döredilmegi, dini guramalaryň agzalary tarapyndan döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň işine gatyşylmagy ýa-da olaryň ygtyýarlyklarynyň eýelenilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň alty aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

77-nji madda. Dini guramanyň işini guramak tertibiniň bozulmagy

 

1. Dini guramany bellige aldyrmakdan boýun gaçyrylmagy, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylan dini guramanyň, şonuň ýaly-da işi bes edilen ýa-da işlemegi gadagan edilen dini guramanyň işine ýolbaşçylyk edilmegi ýa-da onuň işine gatnaşylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylan dini gurama, şonuň ýaly-da işini bes eden ýa-da işlemegi gadagan edilen dini gurama barada bulara salgylanmazdan maglumatlary ýaýratmak tertibiniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Döwlet belligine alynmadyk dini guramanyň, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylan dini guramanyň ýa-da işi bes edilen ýa-da işlemegi gadagan edilen dini guramanyň maliýeleşdirilmegi -

maliýe serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Dini gurama, şol sanda döwlet belligine alynmadyk dini gurama ýa-da onuň agzalary, ýa-da gatnaşyjylary tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslaryndan maliýe, maddy we beýleki kömegi bellige almagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulyp, şeýle kömegiň alynmagy -

maliýe, maddy we beýleki serişdeleri muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

9-njy bap. ILATYŇ SAGLYGYNY GORAMAK ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

78-nji madda. Türkmenistanyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmekhakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň, şol sanda sanitariýa-gigiýena kadalarynyň we düzgünleriniň bozulmagy, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) we sanitariýa-gigiýena çäreleriniň ýerine ýetirilmezligi, eger bu sanitariýa hukuk bozulmasyna getiren bolsa -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Atmosfera howasyny goramak barada talaplary hem goşmak bilen, şu maddanyň birinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň, birikmeleriniň, harby bölümleriniň, harby şäherjikleriniň, harby okuw mekdepleriniň we harby okuw-türgenleşik meýdanlarynyň çäklerinde, olarda ýerleşýän, şonuň ýaly-da olaryň garamagynda bolan beýleki obýektlerde edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde bellenilen karantin kadalarynyň, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) we beýleki hökmany sanitariýa çäreleriniň talaplarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

79-njy madda. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi baradaky talaplaryň bozulmagy

 

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi baradaky talaplaryň bozulmagy, ýagny:

1) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, harby bölümlerde we birikmelerde, söwda binalarynda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, durmuş hyzmatlary edaralarynda, myhmanhanalarda;

2) medeniýet we bilim edaralarynyň jaýlarynda we çäklerinde, bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş we şypahana toplumlarynyň binalarynda;

3) demir ýol menzilleriniň, awtomenzilleriň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň jaýlarynda, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlary etmek üçin niýetlenen demir ýol menzilleriniň, awtomenzilleriň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň jaýlarynyň girelgelerinden azyndan on bäş metr aralykda açyk howada, otlularda, gämilerde, howa gämilerinde we jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, ýolagçy platformalarynda, awtomobillere ýangyç guýýan beketlerde;

4) seýilgählerde we seýil baglarynda, ýerasty geçelgelerde, plýažlaryň bolan çäkleriniň serhetlerinde we raýatlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde;

5) köp öýli jaýlaryň liftlerinde we umumy peýdalanylýan jaýlarynda, çagalar meýdançalarynda temmäki önümleriniň çekilmegi -

temmäki önümlerini, olary çekmek üçin niýetlenen gurallary muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 12-nji madda).

 

80-nji madda. Nasyň taýýarlanmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi, satylmagy ýa-da ulanylmagy

 

1. Nasyň ulanmak maksady bilen taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da ulanylmagy -

nasy, çig maly hem-de önümçilik gurallaryny muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Nasyň satmak maksady bilen uly bolmadyk möçberde taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da satylmagy -

nasy, çig maly hem-de önümçilik gurallaryny muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

nasy, çig maly hem-de önümçilik gurallaryny muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Bellik

1. Nasyň şu maddada görkezilen uly bolmadyk möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

2. Özünde bar bolan nasy meýletin tabşyran adam şu maddada göz öňünde tutulan administratiw jogapkärçilikden boşadylýar.

 

81-nji madda. Ulaglarda Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Demir ýol, deňiz we derýa ulaglarynda bellenilen sanitariýa-gigiýena kadalarynyň, düzgünleriniň bozulmagy ýa-da epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) we sanitariýa-gigiýena çäreleriniň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň howa ulaglarynda, aeroportlarda, aerodromlarda we olara ýanaşyk ýerleşýän obýektlerde we beýleki ýerlerde edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

82-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň ýa-da düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň bikanun dolanyşygy

 

1. Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň satmazlyk maksady bilen ujypsyz möçberde bikanun edinilmegi, saklanylmagy, şonuň ýaly-da ulanylmagy -

neşe serişdelerini we psihotrop maddalary muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Lukmanyň dermannama haty esasynda goýberilmäge degişli düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň satmazlyk maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da ulanylmagy –

düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan derman serişdeleriniň uly bolmadyk möçberde satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da satylmagy –

düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden altysyna, wezipeli adamlara - altysyndan on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara - binýatlyk mukdaryň on ikisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

1. Şu maddada görkezilen neşe serişdesiniň ýa-da psihotrop maddanyň ujypsyz möçberi, şeýle hem düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň sanawy we uly bolmadyk möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

2. Özünde bar bolan neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalaryny, şonuň ýaly-da düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdelerini meýletin tabşyran adam şu maddada göz öňünde tutulan hereketler üçin administratiw jogapkärçilikden boşadylýar.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 2015-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 45–nji madda, 2015 ý., № 1, 10-njy madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

83-nji madda. Weneriki kesel bilen kesellän ýa-da AIW-ýokançly diýlip güman edilýän adamlaryň lukmançylyk barlagyndan boýun gaçyrmagy

 

1. Weneriki kesel bilen kesellän ýa-da AIW-ýokançly diýlip güman etmäge ýeterlik maglumatlar bar bolan adamlaryň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan duýdurylandan soň hem lukmançylyk barlagyndan boýun gaçyrmagyny dowam etdirmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Saglygy goraýyş edarasy tarapyndan edilen duýduryşdan soň şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan keselleri bejertmekden zandyýamanlykly boýun gaçyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.  

 

84-nji madda. Weneriki kesele ýa-da AIW-ýokanjyna ýoluganlar bilen gatnaşykda bolan adamlaryň öňüni alyş bejerişden boýun gaçyrmagy

 

Weneriki kesele ýa-da AIW-ýokanjyna ýoluganlar bilen gatnaşykda bolan adamyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan duýdurylandan soň öňüni alyş bejerişden boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

85-nji madda. Weneriki keseliň, AIW-ýokanjynyň ýokaşan çeşmesiniň hem-de olary ýokaşdyrmak howpuny döredýän onuň bilen gatnaşykda bolan adamlaryň ýaşyrylmagy

 

Weneriki keseli, AIW-ýokanjy bilen kesellän adam tarapyndan ýokaşan çeşmesiniň, şeýle hem onuň bilen gatnaşykda bolan bu keselleri ýokaşdyrmak howpuny döredýän adamlaryň ýaşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

86-njy madda. Bikanun lukmançylyk we melhemçilik işi

 

1. Işiň degişli görnüşine ygtyýarnamasy, ýokary ýa-da orta lukmançylyk we melhemçilik bilimi bolmadyk şahs tarapyndan bikanun lukmançylyk, melhemçilik ýa-da raýatlaryň saglygyny goramak çygryndaky işleriň beýleki görnüşleri (şol sanda hususy saglygy goraýyş tejribesi we hususy melhemçilik işi) bilen meşgullanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Saglygy goraýyş edaralarynda döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberiň çäklerinde ilata edilýän lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň we mugtlugynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da lukmançylyk kömegi berlende raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan aýry-aýry derejelerine ýeňillikleriň berilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da adamlaryň topary tarapyndan edilmegi, şonuň ýaly-da olaryň saglyga zyýan ýetirilmegine getirmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden sekizisine, wezipeli adamlara – sekizisinden on ikisine, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Derman serişdelerini bellemäge rugsat edilen lukmançylyk işgärleriniň derman serişdelerini mahabatlandyrmaga gatnaşmagy, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda lukmançylyk işgärleriniň derman serişdelerini iş orunlarynda ýerlemegi, şeýle hem töleg almak üçin kesgitli dermanhanalara ýa-da beýleki guramalara ibermegi we olar bilen hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşleriniň edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň sekizisine, wezipeli adamlara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 


87-nji madda. Melhemçilik işiniň düzgünleriniň bozulmagy  


 

1. Derman serişdelerini we saglygy goraýyş maksatly önümleri öndürmek, bellige almak we gaýtadan bellige almak, hiline gözegçilik etmek, synagdan geçirmek (barlamak), satyn almak, daşamak, saklamak, belgilemek, ýerlemek, ulanmak, üpjün etmek, ýok etmek we mahabatlandyrmak düzgünleriniň bozulmagy, eger bu adamyň saglygyna zyýan ýetirilmegine getirmedik bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden dördüsine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Bellige alynmadyk, galplaşdyrylan, ulanylmaga goýberilmedik derman serişdeleriniň we saglygy goraýyş maksatly önümleriň öndürilmegi, satyn alynmagy, daşalmagy, saklanylmagy, ýerlenilmegi, mahabatlandyrylmagy, şeýle hem ulanmak möhleti geçen derman serişdeleriniň we saglygy goraýyş maksatly önümleriň ýerlenilmegi, eger bu adamyň saglygyna zyýan ýetirilmegine getirmedik bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleriň adamyň saglygyna zyýan ýetirilmegine getirmegi -

derman serişdelerini we saglygy goraýyş maksatly önümleri muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – sekizisinden on ikisine, ýuridik şahslara – on bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

10-njy bap. EÝEÇILIGE KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

88-nji madda. Ýerasty baýlyklaryna döwlet eýeçiligi hukugynyň bozulmagy

 

Ýerasty baýlyklaryndan rugsatsyz peýdalanylmagy, şeýle hem ýerasty baýlyklaryna döwlet eýeçiligi hukugyny gös-göni ýa-da ýaşyryn görnüşde bozýan geleşikleriň edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

89-njy madda. Suwa döwlet eýeçiligi hukugynyň bozulmagy

 

1. Suw obýektleriniň baş-başdak eýelenilmegi, suwdan rugsatsyz peýdalanylmagy, suwdan peýdalanmak hukugynyň üçünji şahsa rugsatsyz geçirilip berilmegi, şeýle hem suwa döwlet eýeçilik hukugyny gös-göni ýa-da ýaşyryn görnüşde bozýan beýleki geleşikleriň edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan on bäşisine  çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

90-njy madda. Tokaýa döwlet eýeçiligi hukugynyň bozulmagy

 

Tokaýdan peýdalanmak hukugynyň üçünji şahsa rugsatsyz geçirilip berilmegi, şonuň ýaly-da tokaýa döwlet eýeçilik hukugyny gös-göni ýa-da ýaşyryn görnüşde bozýan beýleki geleşikleriň edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

91-nji madda. Haýwanat dünýäsine döwlet eýeçiligi hukugynyň bozulmagy

 

Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak hukugynyň üçünji şahsa rugsatsyz geçirilip berilmegi ýa-da haýwanat dünýäsine döwlet eýeçilik hukugyny gös-göni ýa-da ýaşyryn görnüşde bozýan beýleki geleşikleriň edilmegi, şonuň ýaly-da haýwanat dünýäsiniň peýdalanmaga rugsat talap edilýän obýektlerinden baş-başdak peýdalanylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

92-nji madda. Emlägiň az möçberde ogurlanmagy

 

Ogurlyk, eýelemek, harç etmek ýa-da kezzapçylyk arkaly kesekiniň emläginiň az möçberde ogurlanmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Bellik

Eger ogurlanan emlägiň gymmaty Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberinden geçmese, onda emläk az möçberde ogurlanan diýlip hasap edilýär.

 

921-nji madda. Aldamak ýa-da ynamdan hyýanatly peýdalanmak arkaly maddy zyýan ýetirilmegi

 

Aldamak ýa-da ynamdan hyýanatly peýdalanmak arkaly zadyň eýesine ýa-da oňa eýelik edýän başga şahsa maddy zyýan ýetirilse, eger bu hereketlerde emlägi ogurlamagyň alamaty bolmasa –

binýatlyk mukdaryň birisinden on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kodekse 921 maddasy 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda.

 

93-nji madda. Jenaýat edilmegi netijesinde kärhanalara, edaralara, guramalara emläk taýdan ýetirilen zyýany tölemekden boýun gaçyrylmagy

 

Jenaýat edilmegi netijesinde kärhanalara, edaralara, guramalara emläk taýdan zyýan ýetiren, kazyýetiň hökümi ýa-da çözgüdi boýunça hem şol zyýanyň öwezini dolmaga borçly bolan adamyň ony dolmakdan boýun gaçyrmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

94-nji madda. Kesekiniň emläginiň bilkastlaýyn ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagy

 

Kesekiniň emläginiň bilkastlaýyn ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagy, eger şunda ep-esli möçberde zyýan ýetirilmedik bolsa, -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Eger ýetirilen zyýanyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden geçmese, onda ep-esli möçberde zyýan ýetirilmedik diýlip hasap edilýär.

 

95-nji madda. Emlägiň ýa-da emläk häsiýetli peýdanyň bikanun alynmagy

 

1. Döwlet edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan raýatlaryň emläginiň esassyz ýa-da bikanun muzdsuz ýa-da başgaça alynmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan wezipe ygtyýarlyklarynyň ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleriniň özi ýa-da üçünji şahs üçin pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak üçin peýdalanylmagy, şonuň ýaly-da görkezilen adamlara şeýle peýdanyň beýleki fiziki şahslar tarapyndan bikanun berilmegi arkaly olara bermit berilmegi, şeýle hem ýokarda görkezilen hereketleriň ýuridik şahslaryň adyndan ýa-da olaryň bähbitlerine edilmegi -

binýatlyk mukdaryň üçüsinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

1. Şu Kodeksde döwlet gullukçysy diýlip döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan adam hasap edilýär. Döwlet edaralarynda işläp we şol edaralara tehniki taýdan hyzmat edýän ýa-da kömekçi wezipeleri ýerine ýetirýän adamlar döwlet gullukçylarynyň hataryna girmeýär.

2. Şu Kodeksde döwlet gullukçysyna deňleşdirilen adam diýlip Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna, Geňeşlere saýlanan, saýlawly döwlet wezipelerine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlar, şeýle hem esaslyk maýasynda döwletiň paýy ýigrimi bäş göterimden az bolmadyk kärhanalarda we guramalarda guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adamlar hasap edilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 79-njy madda).

 

96-njy madda. Görnetin jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan emlägiň saklanylmagy, satyn alynmagy ýa-da satylmagy

 

Görnetin jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan emlägiň öňünden boýun bolmazdan saklanylmagy, satyn alynmagy ýa-da satylmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

97-nji madda. Daşary ýurt kömegini bermek we almak tertibiniň bozulmagy

 

1. Daşary ýurt fiziki ýa-da ýuridik şahslary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen işleri amala aşyrmak üçin daşary ýurt kömeginiň berilmegi -

daşary ýurt kömegini muzdsuz alyp ýa-da alman, bäş ýyla çenli möhlete Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek bilen administratiw tertipde Türkmenistanyň çäginden çykarylmagyna eltýär.

2. Ekstremistik işi ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen beýleki hereketleri amala aşyrmak üçin daşary ýurt kömeginiň alynmagy, şonuň ýaly-da saklanylmagy we geçirilmegi ýa-da syýasy partiýalaryň, saýlawlaryň, sala salşyklaryň taýýarlanylmagynyň we geçirilmeginiň, deputatlaryň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagynyň, ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramagyň ýa-da geçirmegiň, wagyz-nesihat materiallaryny taýýarlamagyň we ýaýratmagyň, ilatyň arasynda syýasy we köpçülikleýin wagyz-nesihat işiň beýleki görnüşlerini geçirmegiň maliýeleşdirilmegi üçin daşary ýurt kömeginiň peýdalanylmagy -

daşary ýurt kömegini muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik we beýleki kömegi almagyň we peýdalanmagyň  Türkmenistanyň  kanunçylygynda  bellenilen tertibiniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

11-nji bap. TEBIGATY WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

98-nji madda. Türkmenistanyň ýerden rejeli peýdalanmaga we ony gorap saklamaga gönükdirilen kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy

 

Ýer bölekleriniň maksatly niýetlenilişine we berliş şertlerine laýyklykda rejeli, eýeçilik gözi bilen peýdalanylmazlygy, ýerleri goramak boýunça bellenilen çäreleriň amala aşyrylmazlygy, şonuň ýaly-da topragyň mes gatlagyny aýyrmak we saklamak, ýerleri öňki kaddyna getirmek şertleriniň berjaý edilmezligi, topragy ýel, suw eroziýasyndan hem-de onuň ýagdaýynyň başga görnüşde ýaramazlaşmagyndan goramak barada hökmany çäreleriň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine, ýuridik şahslara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

99-njy madda. Ýerleriň garaşly kärendä berilmegi

 

Ýerleriň garaşly kärendä berilmegi, ýagny kärendesine ýer alan adam tarapyndan ýeriň peýdalanmak üçin başga birine bikanun berilmegi we onuň başga adam  tarapyndan bikanun peýdalanylmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

100-nji madda. Ýerleriň zaýalanmagy

 

1. Topragyň mes gatlagynyň niýetlenilýän maksady üçin peýdalanyp bolmajak derejede zaýalanmagy ýa-da onuň ýok edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara –üçüsine, ýuridik şahslara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýer bölekleriniň himiki we radioaktiw jisimler, bakterial-kesel ýaýradyjy (parazit) ýa-da karantin ösümlik we haýwanat organizmleri, önümçilik hem-de durmuş galyndylary, hapa suw, nebit önümleri we beýlekiler bilen hapalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna, ýuridik şahslara – on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara –onusyna, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

101-nji madda. Ýerden peýdalanmagyň tebigaty goraýyş düzgüniniň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi, wagtlaýyn eýelenen ýerleri gaýtaryp bermek şertleriniň bozulmagy

 

Ýerden peýdalanmagyň tebigaty goraýyş düzgüniniň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi, wagtlaýyn eýelenen ýerleri gaýtaryp bermek şertleriniň bozulmagy ýa-da şol ýerleri maksatly niýetlenilişine laýyklykda peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmek barada borçlaryň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

102-nji madda. Ýerleriň ýagdaýyna ýaramsyz täsir edýän desgalaryň ulanmaga girizilmegi

 

Ýerleriň ýagdaýyna ýaramsyz täsir edýän desgalaryň ulanmaga girizilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

103-nji madda. Hojalygara we içerki hojalyk ýer gurluşyk taslamalaryndan baş-başdak çykylmagy

 

Bellenilen tertipde tassyklanan hojalygara we içerki hojalyk ýer gurluşyk taslamalaryndan degişli rugsat almazdan çykylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

104-nji madda. Ýerleriň döwlet belligine ýa-da hasaba alynmagy hem-de olara baha berilmegi barada maglumatlaryň ýoýulmagy

 

Ýerleriň döwlet belligine ýa-da hasaba alynmagy hem-de olara baha berilmegi barada hasabat we beýleki resmi maglumatlaryň ýoýulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

105-nji madda. Çäk belgileriniň ýok edilmegi

 

Ýere eýelik etmegiň we ýerden peýdalanmagyň araçäklerindäki çäk belgileriniň ýok edilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

106-njy madda. Ýerasty baýlyklary goramak barada talaplaryň bozulmagy

 

1. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň tebigaty goramak we döwlet magdan we geologiýa gözegçiligi edaralary bilen ylalaşylman işläp çykarylmagy, peýdaly magdanlaryň ýerleşýän meýdanlarynda baş-başdak jaý gurulmagy, ýerasty baýlyklaryny goramak kadalarynyň hem-de töwerekdäki tebigy gurşawy, jaýlary we desgalary ýerasty baýlyklaryny peýdalanmak bilen baglanyşykly geçirilýän işleriň zyýanly täsirinden goramak barada talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi, ýerasty suwlar üçin bellenen gözegçilik düzgünli guýularyň, şonuň ýaly-da markşeýder we geodeziýa belgileriniň ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Magdana baý ýataklaryň bölekleýin işlenilmeginiň gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň balansly gorlarynyň esassyz ýitgilerine getirmegi, peýdaly magdanlar gazylyp alnanda olaryň kadadan artyk ýitgisine we kadadan artyk kemelmegine ýol berilmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň çykýan ýerleriniň zaýalanmagy hem-de olaryň gorlaryny netijeli peýdalanmak talaplarynyň gaýry bozulmalary -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Markşeýder resminamalarynyň ýitirilmegi, ýapylýan ýa-da wagtlaýyn beklenýän magdan çykarylýan ýerleri we burawlaýyş guýularyny ilatyň howpsuzlygyny üpjün edýän ýagdaýa getirmek barada talaplaryň, şeýle hem magdan känleriniň, magdan çykarylýan ýerleriň we burawlaýyş guýularynyň wagtlaýyn beklenýän döwründe olary abat saklamak barada talaplaryň ýerine ýetirilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleriň maddy we beýleki zyýan ýetirilmegine getirmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

107-nji madda. Peýdaly magdanlar gazylyp alnanda bellenilen düzgünleriň bozulmagy

 

Känler peýdalanylanda bellenilen düzgünleriň berjaý edilmezligi, şol sanda bellenilen tertipde ygtyýarlylandyrylmazdan oňa degişli işleriň geçirilmegi, peýdaly magdanlaryň baş-başdak gazylyp alynmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

108-nji madda. Ýerasty baýlyklaryny geologiýa taýdan öwrenmek barada işleri geçirmek kadalarynyň we talaplarynyň bozulmagy

 

Ýerasty baýlyklaryny geologiýa taýdan öwrenmek barada işleri geçirmek kadalarynyň we talaplarynyň bozulyp, munuň gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň gözlenip tapylan gorlaryna ýa-da peýdaly magdanlary gazyp alyjy kärhanalary, şonuň ýaly-da peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalary gurmak hem-de ulanmak şertlerine nädogry baha berilmegine getirip biljekdigi ýa-da getirmegi, geologiýa resminamasynyň, ýerasty baýlyklar geologiýa taýdan şondan beýläk-de öwrenilende we magdan känleri işlenilende zerur bolan peýdaly magdanlaryň nusgalarynyň we alnan jyns nusgalarynyň öwezlikleriniň ýitirilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

109-njy madda. Suw serişdelerini goramak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ýaplaryň, zeýkeş ulgamlarynyň we beýleki suwlaryň durmuş we beýleki galyndylary we taşlandylary bilen hapalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Suwuň hapalanmagy we çöp-çalama basdyrylmagy, suw ýygnaýan ýerlerde suwy goraýyş düzgüniniň bozulmagy, eger bu olaryň hapalamagyna, topragyň suw eroziýasyna we beýleki zyýanly hadysalara getirýän bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Suwlaryň hapalanmagynyň we çöp-çalama basdyrylmagynyň ýa-da olaryň zyýanly täsiriniň öňüni alýan desgalary hem-de enjamlary bolmadyk kärhanalaryň, jemagat obýektleriniň we beýleki obýektleriň ulanmaga girizilmegi, olardan çykýan hapa suwlaryň arassalanman zeý suw akarlaryna akdyrylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Ýerasty suw ýatagynyň azalmagyna ýa-da hapalanmagyna getiren ýa-da getirip biljek hereketleriň edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Dik guýularyň ulanylyş kadalarynyň bozulmagy –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

6. Şu maddanyň birinji, ikinji, üçünji, dördünji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden ýedisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

110-njy madda. Hapa suwlary arassalamak üçin niýetlenilen desgalaryň we enjamlaryň peýdalanylmazlygy ýa-da olary peýdalanmak düzgünleriniň bozulmagy

 

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar, daşary ýurt hem-de beýleki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan önümçilikde peýdalanylan, hapa suwlary arassalamak üçin niýetlenilen enjamlaryň we desgalaryň peýdalanylmazlygy ýa-da olary peýdalanmak düzgünleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

111-nji madda. Suwdan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Suwuň suwdan peýdalanmak barada meýilnamalaryň bozulyp alynmagy, gidrotehniki işleriň baş-başdak geçirilmegi, suwuň (suw obýektlerinden alnan ýa-da gol edilip çekilen suwuň) eýeçilik gözi bilen peýdalanylmazlygy, suw obýektlerinden akdyrylyp alynýan we olara akdyrylýan suwlaryň mukdarynyň ilkinji hasabyny ýöretmegiň hem-de akdyrylýan suwlaryň hilini kesgitlemek kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Geologiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasyndan rugsatnama almazdan ýerasty suwlary çykaryp almak üçin ulanyş guýularynyň burawlaýyş işiniň amala aşyrylmagy (muňa hojalyk we durmuş hajatlary üçin guýularyň el bilen gazylmagy girmeýär) –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

112-nji madda. Suw hojalyk desgalaryna we enjamlaryna zyýan ýetirilmegi, olary ulanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Suw hojalyk desgalaryna we enjamlaryna zyýan ýetirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Suw hojalyk desgalaryny we enjamlaryny ulanmak kadalarynyň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

113-nji madda. Suwuň biologik serişdeleriniň ýagdaýyna täsir edýän hojalyk we beýleki desgalar ýerleşdirilende, gurlanda, durky täzelenilende we ulanmaga girizilende suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Hojalyk we beýleki desgalar ýerleşdirilende, gurlanda, durky täzelenilende we ulanmaga girizilende suwuň biologik serişdelerini we olaryň ýaşaýan gurşawyny gorap saklamak kadalarynyň berjaý edilmezligi ýa-da şol işleriň suwuň biologik serişdelerini goramak boýunça ygtyýarly döwlet edarasyndan rugsatsyz amala aşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

114-nji madda. Zyýanly maddalar we garyndylar bilen geçirilýän amallary gämi resminamalarynda bellige almak kadalarynyň bozulmagy

 

Gäminiň ýa-da beýleki ýüzüş serişdesiniň kapitany ýa-da serkerdeler düzümine girýän beýleki adamlar tarapyndan adamlaryň saglygy ýa-da deňziň janly serişdeleri üçin howply bolan maddalar bilen ýa-da öz düzüminde şol maddalar bellenilen kadadan köp bolan garyndylar bilen edilýän amallary gämi resminamalarynda bellige almak barada Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilmezligi, geçirilen şol amallarbarada gämi resminamalaryna nädogry ýazgylaryň girizilmegi ýa-da şeýle resminamalary degişli wezipeli adamlara görkezmekden bikanun ýüz dönderilmegi -

binýatlyk mukdaryň on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

115-nji madda. Deňiz gämileriniň we beýleki ýüzüş serişdeleriniň ildirgiç armaturalaryna möhürleriň basylmazlygy ýa-da möhür basmak düzgünleriniň bozulmagy

 

Ýolbaşçy düzüminiň işgäri tarapyndan deňiz gämileriniň we beýleki ýüzüş serişdeleriniň ildirgiç armaturalaryna möhürleriň basylmazlygy ýa-da möhür basmak düzgünleriniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

116-njy madda. Döwlet tokaý gaznasynyň ýerlerinden bikanun peýdalanylmagy

 

Döwlet tokaý gaznasynyň ýer böleklerini peýdalanmaga degişli rugsat almazdan olaryň agaçlarynyň töňňesi bilen goparylmagy, jaý gurulmagy, çapylan agaçlaryň gaýtadan işlenilmegi, taýýarlanan agaçlaryň basylyp goýulmagy we başga niýetlenilmedik maksatlar üçin peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

117-nji madda. Çapylmaga degişli tokaý goruny peýdalanmak, agaç taýýarlamak we alyp gitmek hem-de şepbik taýýarlamak tertibiniň bozulmagy

 

Çapylmaga degişli tokaý goruny peýdalanmak, agaç taýýarlamak we alyp gitmek hem-de şepbik taýýarlamak tertibiniň bozulmagy, eger bu olaryň tebigy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna ýa-da olara zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

118-nji madda. Uly we gyrymsy agaçlaryň bikanun çapylmagy hem-de olara zyýan ýetirilmegi, tokaý ösümlikleriniň we ýaş agaçlarynyň ýok edilmegi hem-de olara zyýan ýetirilmegi

 

1. Uly we gyrymsy agaçlaryň bikanun çapylmagy hem-de olara zyýan ýetirilmegi, tokaý nahalhanalarynda we meýdanlarynda tokaý ösümlikleriniň, ekilen ýa-da oturdylan nahallaryň, şeýle hem tokaýy öňki kaddyna getirmek üçin niýetlenen meýdanlarda kökden gögerip çykan we tohumlardan tebigy gögeren ösüntgileriň ýok edilmegi ýa-da olara zyýan ýetirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Tokaýlarda ýaş agaçlaryň ýok edilmegi ýa-da olara zyýan ýetirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

119-njy madda. Agaçlara ideg etmek kadalarynyň bozulmagy

 

Tokaý seýilgählerinde, emeli tokaýlarda agaçlaryň guramagyna getiren olara ideg etmek kadalarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da ol agaçlaryň bikanun çapylmagy ýa-da olara zyýan ýetirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

120-nji madda. Seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy abanýan ýabany ösümliklere bilkastlaýyn zyýan ýetirilmegi, olaryň rugsatsyz taýýarlanylmagy (ýygnalmagy)

 

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerine (kiçi görnüşlerine, populýasiýalaryna) degişli bolan ýabany ösümliklere bilkastlaýyn zyýan ýetirilmegi, olaryň düzüm bölekleriniň, miweleriniň, tohumlarynyň ýa-da önümleriniň degişli rugsatsyz taýýarlanylmagy (ýygnalmagy) -

ýabany ösümlikleri, olaryň düzüm böleklerini, miwelerini, tohumlaryny we önümlerini muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

121-nji madda. Tokaýdan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Bellenilen tertipde degişli rugsat almazdan tokaýda agaç çapylmagy ýa-da tokaý peteginde göz öňünde tutulan maksatlar ýa-da talaplar berjaý edilmän tokaýdan peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

122-nji madda. Tokaýlary dikeltmek we gowulandyrmak, ýetişen agaçlary peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

Tokaýlary dikeltmek, olaryň ýagdaýyny we tohum düzümini gowulandyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýetişen agaçlary peýdalanmak barada kadalaryň hem-de gözükdirijileriň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

123-nji madda. Döwlet tokaý gaznasynyň ýerlerindäki ot ýatyrylýan ýerleriň we öri meýdanlaryň zaýalanylmagy

 

Döwlet tokaý gaznasynyň ýerlerindäki ot ýatyrylýan ýerleriň we öri meýdanlarynyň zaýalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

124-nji madda. Tebigy öri meýdanlaryň zaýalanylmagy

 

1. Mal bakmak kadalarynyň bozulmagy, eger bu daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerindäki, şeýle hem ätiýaçlyk ýerlerindäki tebigy öri meýdanlaryň zaýalanmagyna getiren bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Öri meýdanlaryndaky otjumak we gyrymsy ösümlikleriň awtomobillere, traktorlara hem-de beýleki mehanizmlere basdyrylyp zaýalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Öri meýdanlaryň ýangyn ýa-da ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň bozulmagy netijesinde ýok edilmegi ýa-da düýpli zaýalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

125-nji madda. Tokaýlarda ot ýatyrmak we mal bakmak, ýabany miweleri, hozlary, kömelekleri we ir-iýmişleri ýygmak kadalarynyň bozulmagy

 

Bellenilen tertipde rugsat almazdan tokaýlarda we döwlet tokaý gaznasynyň tokaýsyz ýerlerinde ot ýatyrylmagy we mal bakylmagy, şonuň ýaly-da gadagan edilen ýa-da diňe tokaý petekleri boýunça rugsat berilýän ýer böleklerinde ýabany miweleri, hozlary, kömelekleri, ir-iýmişleri we beýleki tokaý önümlerini ýygnamak kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

126-njy madda. Tokaýlara ýetirilýän zyýanly täsiriň öňüni alýan enjamlar bilen üpjün edilmedik önümçilik obýektleriniň ulanmaga girizilmegi

 

Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilmegine ýetýän zyýanly täsiriň öňüni alýan enjamlar bilen üpjün edilmedik täze we durky täzelenen kärhanalaryň, önümhanalaryň, gurallaryň, ulag ýollarynyň, jemagat we beýleki obýektleriň ulanmaga girizilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

127-nji madda. Tokaýlara hapa suwlar, himiki maddalar, zyýanly zyňyndylar we galyndylar bilen zyýan ýetirilmegi

 

Tokaýlara hapa suwlar, himiki maddalar, senagat hem-de jemagat-durmuş zyňyndylary we galyndylary bilen zyýan ýetirilmegi, eger bu tokaýyň guramagyna ýa-da kesellemegine getirýän bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

128-nji madda. Tokaýlaryň durmuş zyňyndylary we galyndylary bilen hapalanylmagy

 

Tokaýlaryň durmuş zyňyndylary we galyndylary bilen hapalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

129-njy madda. Döwlet tokaý gaznasynyň ýerlerindäki tokaýyň artyk suwuny çekdiriji ganawlaryň, zeýkeş ulgamlarynyň we ýollaryň ýumrulmagy ýa-da zaýalanmagy

 

Döwlet tokaý gaznasynyň ýerlerindäki tokaýyň artyk suwuny çekdiriji ganawlaryň, zeýkeş ulgamlarynyň we ýollaryň ýumrulmagy ýa-da zaýalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

130-njy madda. Tokaýlarda we aýratyn goralýan tebigy ýerlerde çäk görkeziji hem-de duýduryjy bellikleriň ýok edilmegi we zaýalanylmagy

 

Tokaýlarda we aýratyn goralýan tebigy ýerlerde çäk görkeziji hem-de duýduryjy bellikleriň ýok edilmegi we zaýalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

131-nji madda. Tokaý üçin peýdaly janly-jandarlaryň ýok edilmegi  

 

Tokaý üçin peýdaly janly-jandarlaryň ýok edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

132-nji madda. Tokaýlarda, daglarda, dag eteklerinde, sähralarda we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk talaplarynyň bozulmagy

 

1. Tokaýlarda, şol sanda medeni tokaý zolaklarynda, seýilgählerde, emeli tokaýlarda, daglarda, dag eteklerinde, sähralarda we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk talaplarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Otlamagyň ýa-da oda harsallyk bilen çemeleşmegiň netijesinde tokaýyň, şol sanda medeni tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň, emeli tokaýlaryň ýok edilmegi ýa-da olara şikes ýetirilmegi, şonuň ýaly-da görkezilen ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň beýleki talaplarynyň bozulmagy, eger bu ýangynyň döremegine ýa-da şol ýangynyň ep-esli meýdana ýaýramagyna getiren bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

133-nji madda. Medeni tokaý zolaklaryna, seýilgählere, emeli tokaýlara ideg etmek kadalarynyň bozulmagy

 

Medeni tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň, emeli tokaýlaryň haşal otlara basdyrylmagy, sürüm zolaklarynyň doly derejede geçirilmezligi, galyndylaryň üýşürilip goýulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

134-nji madda. Atmosfera hapalaýjy maddalaryň kadadan artyk ýa-da rugsat alynman goýberilmegi we ozon gatlagyny gorap saklamak kadalarynyň bozulmagy

 

Atmosfera hapalaýjy maddalary goýbermegiň ýa-da wagtlaýyn ylalaşylan ýagdaýda goýbermegiň, şol sanda atmosfera howasyna ýetýän zyýanly fiziki täsirleriň ýol berilýän çäkleriniň kadalarynyň we ozon gatlagyny gorap saklamak barada talaplaryň bozulmagy, şeýle hem ýörite ygtyýarly edilen döwlet edaralaryndan rugsat almazdan atmosfera hapalaýjy maddalaryň goýberilmegi ýa-da atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsiriň ýetirilmegine ýörite ygtyýarly edilen döwlet edaralaryndan rugsat almagy belleýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

135-nji madda. Atmosfera howasyny goramak barada talaplary berjaý etmezden kärhanalaryň ulanmaga girizilmegi

 

Atmosfera howasyny goramak barada talaplara laýyk gelmeýän täze ýa-da durky täzelenen kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň ulanmaga girizilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

136-njy madda. Atmosfera goýberilýän hapalaýjy maddalary arassalamak üçin oturdylan desgalary we enjamlary ulanmak kadalarynyň bozulmagy

 

Atmosfera goýberilýän hapalaýjy maddalary arassalamak we oňa gözegçilik etmek üçin oturdylan desgalaryň, enjamlaryň, gurallaryň peýdalanylmazlygy ýa-da olary ulanmak kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

137-nji madda. Goýberýän hapalaýjy maddalary kadalardan artyk bolan ulaglaryň we beýleki ýöreýän serişdeleriň ulanmaga goýberilmegi

 

Goýberýän hapalaýjy maddalary, şonuň ýaly-da işlände döredilýän zenzeläniň derejesi bellenilen kadalardan artyk bolan awtoulaglaryň, uçarlaryň, gämileriň we beýleki ýöreýän serişdeleriň hem-de enjamlaryň ulanmaga goýberilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

138-nji madda. Goýberýän hapalaýjy maddalary kadalardan artyk bolan awtomotoulaglaryň we beýleki ýöreýän serişdeleriň ulanylmagy

 

Goýberýän hapalaýjy maddalary, şonuň ýaly-da işlände döredilýän zenzeläniň derejesi bellenilen kadalardan artyk bolan awtomotoulaglaryň we beýleki ýöreýän serişdeleriň hem-de enjamlaryň ulanylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

139-njy madda. Senagat we durmuş galyndylary saklananda hem-de ýakylanda atmosfera howasyny goramak barada talaplaryň berjaý edilmezligi

 

Senagat we beýleki önümçilik hem-de durmuş galyndylary saklananda, ulagda daşalanda, ulanylanda, zyýansyzlandyrylanda ýa-da gömülende bellenilen kadalaryň bozulmagy, şonuň ýaly-da görkezilen galyndylar ýakylanda atmosfera howasyny goramak barada talaplaryň berjaý edilmezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

140-njy madda. Ösümlikleri goraýjy serişdeleri we atmosfera howasyny hapalaýan ýa-da hapalamagy mümkin bolan beýleki preparatlary ulagda daşamak, saklamak we ulanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ösümlikleri goraýjy we olaryň ösüşini höweslendiriji serişdeleri, mineral dökünlerini hem-de atmosfera howasyny hapalaýan ýa-da hapalamagy mümkin bolan beýleki preparatlary ulagda daşamak, saklamak we ulanmak kadalarynyň bozulmagy-

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketler seresapsyzlykdan haýwanat dünýäsine zyýan ýetirilmegine getiren  bolsa -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

141-nji madda. Bellenilmedik ýeriň zibilhana öwrülmegi

 

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilmedik we rugsat berilmedik ýere önümçilik, durmuş we beýleki galyndylarynyň dökülmegi ýa-da gömülmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

142-nji madda. Ekologik howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmezligi

 

Kärhanalar, desgalar we beýleki obýektler meýilleşdirilende, ýerleşdirilende, olaryň taslama we gurluşyk işleri alnyp barlanda, şeýle hem olar tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylanda, giňeldilende, durky täzelenende, ulanmaga tabşyrylanda, ulanylanda we ýapylanda ekologik howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmezligi, şol sanda gurluşyk we beýleki galyndylaryň ýanaşyk ýerlere bikanun gömülmegi, şonuň ýaly-da çäkleriň bellenilen ekologik göwrüminiň bozulmagy üçin ekologik taýdan howply önümiň daşary ýurt döwletine alnyp gidilmegi we ondan getirilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

143-nji madda. Daşky gurşawy goramak boýunça ekologik talaplaryň bozulmagy

 

1. Daşky gurşawy goramak boýunça kadalaryň we ekologik talaplaryň bozulmagy, oňa biologik, fiziki we başga görnüşde zyýanly täsir edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Daşky gurşawyň ýagdaýy, onuň obýektlerinden peýdalanylmagy, şeýle hem hapalanmagyň çeşmeleri barada öz wagtynda, doly we dogry maglumatlary bermekden ýüz dönderilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Daşky gurşawy goramak boýunça bellenilen ekologik talaplary ýokarlandyrmak ýa-da peseltmek barada görkezmeleriň ýa-da rugsatlaryň berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň birinji–üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň daşky gurşawyň ýagdaýyna ýa-da hiline düýpli zyýan ýetirilmegine getirmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – sekizisinden on bäşisine, ýuridik şahslara – on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň bir aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

144-nji madda. Ekologik hapalanmagyň netijeleriniň ýok edilmegi boýunça çäreleri geçirmekden boýun gaçyrylmagy

 

Ekologik hapalanma sezewar bolan ýerlerde daşky gurşawy dikeldiş we tebigy serişdeleri täzeden köpeldiş çärelerini geçirmek borjy üstlerine ýüklenen adamlar tarapyndan bu çäreleri geçirmekden boýun gaçyrylmagy ýa-da olaryň göwnejaý geçirilmezligi, eger bu hereketler adam ýa-da daşky gurşaw üçin agyr netijelere getirmedik bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

145-nji madda. Döwlet ekologik bilermenler seljermesiniň geçirilmegi barada kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi

 

Döwlet ekologik bilermenler seljermesi geçirilmäge degişli obýektler boýunça döwlet ekologik bilermenler seljermesini geçirmek barada talaplaryň ýerine ýetirilmezligi, şonuň ýaly-da döwlet ekologik bilermenler seljermesinden geçmedik ýa-da oňyn çözgütleri bolmadyk taslamalaryň we maksatnamalaryň maliýeleşdirilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

146-njy madda. Döwlet ekologik bilermenler seljermesi babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy

 

1. Döwlet ekologik bilermenler seljermesini geçirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Döwlet ekologik bilermenler seljermesiniň obýektiniň işiniň ekologik netijeleri barada görnetin nädogry maglumatlaryň berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Döwlet ekologik bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmazdan daşky gurşawyň ýagdaýyna we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biljek ýagdaýda tebigatdan ýörite peýdalanmaga, maliýeleşdirmäge hem-de taslamalary we maksatnamalary ýa-da işi durmuşa geçirmäge rugsat berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Hojalyk işi amala aşyrylanda döwlet ekologik bilermenler seljermesiniň çykaran netijenamasyna laýyklykda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden peýdalanmak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek barada talaplaryň berjaý edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Döwlet ekologik bilermenler seljermesiniň geçirilmegine bikanun gatyşylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

6. Döwlet ekologik bilermenler edaralarynyň döwlet ekologik bilermenler seljermesini geçirmek üçin zerur bolan maglumatlaryň we materiallaryň berilmegi barada kanuny talaplaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da olary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

7. Obýektiň daşky gurşawa täsiri barada döwlet ekologik bilermenler seljermesi tarapyndan görnetin ýalan netijenamanyň ýa-da görnetin ýalan bahanyň berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

147-nji madda. Daşky gurşawyň we ýerasty suwlaryň hapalanmagy hakynda maglumatlaryň ýaşyrylmagy ýa-da ýoýulmagy

 

Zyýanly ekologik netijelere getiren heläkçilikler, daşky gurşawyň we ýerasty suwlaryň hapalanma derejesi, olaryň ilatyň saglygyna ýa-da daşky gurşawa zyýan ýetirip biljekdigi ýa-da zyýan ýetirendigi, şonuň ýaly-da hapalanan daşky gurşawyň we ýerasty suwlaryň zyýanly täsirine düşen ilatyň saglyk ýagdaýy hakynda maglumatlaryň ýaşyrylmagy ýa-da ýoýulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

148-nji madda. Ekologik pasportyny, ekologik bilermenler seljermesiniň netijenamasyny we beýleki tebigaty goraýyş rugsatnamalary peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar, daşary ýurt hem-de beýleki ýuridik şahslartarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde almaga degişli ekologik pasporty, ekologik bilermenler seljermesiniň netijenamasyny, şonuň ýaly-da suwdan ýörite peýdalanmak barada rugsatnamany peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, eger bu kanun arkaly goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

149-njy madda. Daşky gurşawa taşlanan we zyňylan hapalaýjy maddalar üçin hökmany we beýleki tölegler boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi

 

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar, daşary ýurt hem-de beýleki ýuridik şahslartarapyndan daşky gurşawa, atmosfera howasyna taşlanýan ýa-da zyňylýan hapalaýjy maddalar üçin hasabat döwrüne kesgitlenen hökmany tölegler boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da olardan ýüz dönderilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

150-nji madda. Haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerini goramak, zoologik kolleksiýalary döretmek we olar bilen söwda etmek kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem haýwanlaryň rugsatsyz göçürilmegi, başga ýerlere uýgunlaşdyrylmagy we çaknyşdyrylmagy

 

1. Haýwanlaryň ýaşaýan tebigy ýerlerini we göçýän ýollaryny goramagyň, zoologik kolleksiýalary döretmegiň, saklamagyň, peýdalanmagyň, olaryň üstüni doldurmagyň, hasabynyň we olaryň söwdasyny etmegiň, şeýle hem haýwanat dünýäsiniň obýektlerini we zoologik kolleksiýalary daşary ýurda ibermegiň we alyp gitmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da ygtyýarly döwlet edaralaryndan rugsatsyz haýwanlaryň bolýan tebigy ýerlerinden aýyrylmagy, göçürilmegi, başga ýerlere uýgunlaşdyrylmagy we çaknyşdyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Hojalyk işi amala aşyrylanda we ulag serişdeleri peýdalanylanda haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň heläk bolmagynyň öňüni almak barada talaplaryň berjaý edilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

151-nji madda. Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak we ondan peýdalanmak, şeýle hem haýwanlaryň ýa-da ösümlikleriň aýry-aýry görnüşlerini getirmek tertibiniň bozulmagy  

 

1. Aýratyn goralýan beýleki tebigy ýerlerde ösümlik we haýwanat dünýäsini goramagyň we ondan peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň görnüşleriniň saklanyp galmagyna zyýan ýetirýän diýlip hasaplanan haýwanlaryň we ösümlikleriň ygtyýarly döwlet edaralaryndan rugsat almazdan Türkmenistana getirilmegi, ondan üstaşyr geçirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyna, wezipeli adamlara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Haýwanat dünýäsinden peýdalanyjylar üçin, şonuň ýaly-da haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak we rejeli peýdalanmak üçin ygtyýarly edaralar tarapyndan oturdylan ýörite görkezijileriň we beýleki belgileriň ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Haýwanat dünýäsinden peýdalanmak üçin degişli ygtyýarnamalary we haýwanat dünýäsiniň obýektlerini olaryň bolýan gurşawlaryndan aýyrmak üçin rugsatnamalary bermegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy, şonuň ýaly-da haýwanat dünýäsini goramak we netijeli peýdalanmak, aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek boýunça ygtyýarly döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň kanuny talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň ýagdaýy we sany, olardan peýdalanylyşy, olaryň üznüksiz köpelişi we olaryň ýaşaýan gurşawynyň hili hakynda maglumatlaryň ýaşyrylmagy ýa-da ýoýulmagy, eger bu ilatyň we öý haýwanlarynyň howpsuzlygynyň bozulmagyna getiren bolsa, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

152-nji madda. Seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlary gorap saklamak kadalarynyň bozulmagy

 

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň görnüşlerine degişli bolan seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlaryň, şeýle hem olaryň köpelýän we ýaşaýan ýerleriniň, ýumurtgalarynyň, höwürtgeleriniň we beýleki obýektleriniň ýok edilmegi, şol haýwanlaryň heläk bolmagyna, sanynyň kemelmegine ýa-da ýaşaýan ýerleriniň gurşawynyň bozulmagyna getirip biljek beýleki hereketleriň edilmegi, şonuň ýaly-da olary ele salmaga bellenilen tertipde berlen rugsatnamanyň şertleri berjaý edilmän şol haýwanlaryň ele salynmagy -

seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlary muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyna, wezipeli adamlara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

153-nji madda. Seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy abanýan balyklaryň we suwuň janly-jandarlarynyň görnüşlerini gorap saklamak kadalarynyň bozulmagy  

 

1. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýa-da tutmaga gadagan edilen balygyň, deňiz wagşy haýwanynyň we suwuň beýleki janly-jandarlarynyň bikanun alynmagy -

balygy, deňiz wagşy haýwanyny we suwuň beýleki janly-jandarlaryny muzdsuz alyp, balyk tutmak ýa-da aw awlamak üçin niýetlenilen gaýry närseleri bolsa muzdsuz ýa-da tölegli alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

balygy, deňiz wagşy haýwanyny we suwuň beýleki janly-jandarlaryny muzdsuz alyp, balyk tutmak ýa-da aw awlamak üçin niýetlenilen gaýry närseleri bolsa muzdsuz ýa-da tölegli alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara – ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da balygy, deňiz wagşy haýwanyny we suwuň beýleki janly-jandarlaryny muzdsuz alyp, balyk tutmak ýa-da aw awlamak üçin niýetlenilen gaýry närseleri bolsa muzdsuz ýa-da tölegli alyp ýa-da alman, aw awlamak ýa-da balyk tutmak hukugynyň iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

154-nji madda. Buýan köküni goparyp almak we satmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Bellenilen tertipde degişli rugsat almazdan buýan köküniň goparylyp alynmagy, saklanylmagy we satylmagy -

buýan köküni muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara –onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

buýan köküni muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

155-nji madda. Aw awlamak, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, şeýle hem haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň başga görnüşlerini amala aşyrmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Aw awlamak, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň başga görnüşlerini amala aşyrmak, döwletiň aw gaznasyndan we aw önümlerinden peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy -

aw tüpeňini hem-de beýleki haýwanlary awlaýjy we balyk tutujy gurallary hem gaýry närseleri muzdsuz ýa-da tölegli alyp ýa-da alman, fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi ýa-da aw awlamak we balyk tutmak kadalarynyň gödek, ýagny degişli rugsat almazdan, ýa-da gadagan edilen ýerlerde ýa-da gadagan edilen möhletlerde, gadagan edilen gurallar ýa-da usullar bilen haýwanlaryň we guşlaryň awlanylmagy, balygyň, deňiz haýwanynyň we suwuň beýleki haýwanlarynyň ýa-da senetçilik deňiz ösümlikleriniň alynmagy ýa-da olaryň yzygiderli bozulmagy -

aw tüpeňini hem-de beýleki haýwanlary awlaýjy we balyk tutujy gurallary hem gaýry närseleri muzdsuz ýa-da tölegli alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da aw tüpeňini hem-de beýleki haýwanlary awlaýjy we balyk tutujy gurallary hem gaýry närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, aw awlamak ýa-da balyk tutmak hukugynyň iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

156-njy madda. Haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini tutmak, saklamak, köpeltmek, peýdalanmak hem-de olaryň ýaşaýjylyk ukyby bolan önümlerini getirmek we alyp gitmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Haýwanlary, şol sanda süýrenijileri we mör-möjekleri tutmak, erkin däl ýagdaýda saklamak, peýdalanmak, satmak, edinmek, olary, şol sanda hem erkin däl ýagdaýda köpeldilenlerini hem-de olaryň ýaşaýjylyk ukyby bolan önümlerini Türkmenistana getirmek, ondan alyp gitmek we üstaşyr geçirmek, şonuň ýaly-da olary tebigata goýbermek kadalarynyň bozulmagy -

haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini we olaryň ýaşaýjylyk ukyby bolan önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň sekizisine, wezipeli adamlara – sekizisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ahal-teke atlaryny we türkmen itleriniň ýerli tohumlaryny köpeltmek, saklamak, satmak we edinmek kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň sekizisine, wezipeli adamlara – sekizisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

157-nji madda. Et iýiji sütükli haýwanlary saklamak kadalarynyň bozulmagy

 

Tilkileri, pesesleri, norkalary we beýleki et iýiji sütükli haýwanlary saklamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem şol haýwanlaryň derisiniň bikanun satylmagy, satyn alynmagy ýa-da çalşylmagy -

et iýiji sütükli haýwanlary we olaryň derilerini tölegli alyp, binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

158-nji madda. Aw awlamak arkaly gola salnan sütükli haýwanlaryň gymmatly görnüşleriniň derilerini döwlete tabşyrmak borjundan boýun gaçyrylmagy, olaryň derileriniň bikanun satylmagy, satyn alynmagy we gaýtadan işlenilmegi

 

Aw awlamak arkaly gola salnan sütükli haýwanlaryň gymmatly görnüşleriniň derilerini döwlete tabşyrmak borjundan boýun gaçyrylmagy, şeýle hem eýlenen ýa-da eýlenmedik, ýöne döwlet tagmasy (ştampy) bolmadyk şol derileriň ilkinji gezek bikanun satylmagy, satyn alynmagy, çalşylmagy we gaýtadan işlenilmegi -

derileri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

159-njy madda. Bikanun aw awlamakdan alnan önümleriň kabul edilmegi we satyn alynmagy

 

Taýýarlaýyş guramalaryň wezipeli adamlary, fiziki şahslar tarapyndan görnetin bikanun aw awlamakdan alnan önümleriň kabul edilmegi we satyn alynmagy -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

160-njy madda. Suwuň biologik serişdeleriniň ýaşaýan gurşawyny gorap saklamak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Balyk hojalyk ähmiýetli suw howdanlarynda, derýalarda, akabalarda we kanallarda suwuň biologik serişdeleriniň ýaşaýan gurşawynyň tebigy ýagdaýynyň bozulmagyna getirýän böwetleriň, germewleriň gurnalmagy, mallaryň suwa düşürilmegi, öý guşlarynyň gezdirilmegi ýa-da suwuň biologik serişdelerine we olaryň üznüksiz köpelmegine ýaramaz täsir edýän beýleki işleriň geçirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Deňziň, derýalaryň we suw howdanlarynyň suwuň biologik serişdeleri üçin zyýanly maddalar, nebit we nebit önümleri, önümçilik we durmuş galyndylary we beýleki taşlandylar bilen hapalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine, ýuridik şahslara – ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

161-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy obýektleri we ýerleri peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde olaryň maksatlaýyn niýetlenilişine garşy gelýän işleriň geçirilmegi, olaryň düzgüniniň bozulmagy, şeýle hem döwletiň aýratyn goragyna alnan şol ýerleriň tebigy serişdeleriniň ekologik deňagramlylygynyň, baýlygynyň we köpdürlüliginiň hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetleriniňbilkastlaýyn ýok edilmegi, zaýalanmagy ýa-da olara düýpli şikes ýetirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Rugsat beriji resminama almazdan döwlet tebigy goraghanasynyň ýerinde bolunmagy, eger bu bellenilen goraghana düzgünleriniň we gadaganlyklarynyň bozulmagyna getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

162-nji madda. Ýylan zäherini almak, edinmek, ýerlemek we ýurduň çäginden çykarmak kadalarynyň bozulmagy

 

Ýylan zäherini almagyň, ýylanyň zäherini edinmegiň, ýerlemegiň hem-de ýurduň çäginden çykarmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalarynyň bozulmagy -

ýylan zäherini muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

12-nji bap. OBA HOJALYGY WE WETERINARIÝA ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

163-nji madda. Daýhan birleşikleriniň we beýleki hojalyklaryň ekinleriniň mallara, guşlara iýdirilmegi, oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň zaýalanmagy ýa-da ýok edilmegi, olaryň agaçlaryna şikes ýetirilmegi

 

1. Ekinleriň mallara, guşlara iýdirilmegi, ýygnalyp, meýdanda duran oba hojalyk ekinleriniň hasylyny mallaryň we guşlaryň zaýalamagy ýa-da ýok etmegi, şeýle hem daýhan hojalyklarynyň, daýhan birleşikleriniň we oba hojalygy bilen meşgullanýan beýleki fiziki we ýuridik şahslaryň agaçlaryna we beýleki ekinlerine mallar ýa-da guşlar bilen şikes ýetirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Ekinleriň ýa-da agaçlaryň awtoulag, traktor, kombaýn ýa-da beýleki ulag serişdeleri bilen basdyrylyp geçilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Ekinleriň ýa-da agaçlaryň mala goşulýan ulag serişdeleri bilen basdyrylyp geçilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

164-nji madda. Mallary bakmak we suw çeşmelerinden peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

Öri meýdanlarynda, daýhan hojalyklary, daýhan birleşikleri we oba hojalygy bilen meşgullanýan beýleki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan peýdalanylýan ekinlerden boşan ýa-da boş duran ýerlerde, şeýle hem döwlet ätiýaçlygynyň ýerlerinde mallaryň rugsatsyz bakylmagy ýa-da mallara ideg etmegiň beýleki düzgünleriniň bozulmagy, şonuň ýaly-da öri meýdanlaryndaky suw çeşmelerinden rugsatsyz peýdalanylmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

165-nji madda. Mallaryň döwlet hasabyndan ýaşyrylmagy

 

Öri meýdanlaryndan peýdalanmagy düzgünleşdirmek we beýleki maksatlar bilen ýöredilýän döwlet hasabyndan mallaryň bilkastlaýyn ýaşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

166-njy madda. Türkmenistanyň ösümlikleriň karantini hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Ösümlikleriň karantinini (fitosanitar goragy) üpjün edýän düzgünler we kadalar bozulyp, karantin zyýan berijiler ýokuşan we beýleki karantin astyndaky önümleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegi, şonuň ýaly-da karantin zyýan berijiler ýokuşan karantin astyndaky ýerleriň ýa-da desgalaryň peýdalanylmagy (ösümlikleriň karantinini üpjün etmek kadalarynda we düzgünnamalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär) -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň 1,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Karantin astyndaky önümler öndürilende, taýýarlananda, Türkmenistanyň çägine getirilende, Türkmenistanyň çäginden çykarylanda, daşalanda, saklananda, gaýtadan işlenende, peýdalanylanda we satylanda ösümlikleriň karantinini (fitosanitar goragy) üpjün edýän düzgünleriň we kadalaryň bozulmagy, şonuň ýaly-da ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýazmaça rugsady bolmazdan Türkmenistanyň çägine gelen karantin astyndaky önümli ulag serişdeleriniň, konteýnerleriň we beýleki gaplaryň açylmagy -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň 1,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Türkmenistanyň çäklerinde karantin zyýan berijileri, ösümlikleriň kesellerini we haşal otlary öz wagtynda ýüze çykarmak, olary çäklendirmek we ýok etmek, şonuň ýaly-da olaryň ýaýramagynyň öňüni almak kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň 1,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

167-nji madda. Karantin astyndaky önümler we karantin zyýan berijileri barada maglumatlary bermek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Karantin astyndaky önümleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we satmak bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna karantin astyndaky önümler we karantin zyýan berijiler barada maglumatlaryň berilmezligi, şonuň ýaly-da karantin zyýan berijileriň ýüze çykarylan halatlarynyň wagtynda habar berilmezligi ýa-da gizlenilmegi -  

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň 1,5 bölegine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Karantin astyndaky önümleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we satmak bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ösümlikleriň karantini barada düzgünleri we degişli çäreleri geçirmek barada talaplaryň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň 1,5 bölegine çenli, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

168-nji madda. Tohumlaryň döwlet standartlaşdyrylmagynyň we olary öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, satmak, daşamak we peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Tohumlaryň döwlet standartlaşdyrylmagynyň, şeýle hem tohumlary öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, satmak, daşamak we peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da barlaghanada barlagdan geçirilmedik tohumlaryň Türkmenistana getirilmegi, ondan alnyp gidilmegi -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2.  Tohumlaryň hili barada hasabat  we kada-tehniki resminamasynyň ýoýulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

169-njy madda. Ygtyýarnamasy bolmazdan tohumçylyk işi bilen meşgullanylmagy

 

Tohumçylyk babatda işi amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolmazdan tohumçylyk işi bilen meşgullanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

170-nji madda. Ulanmaga goýberilen seleksiýanyň gazananlarynyň döwlet sanawyna girizilmedik ösümlikleriň sortlarynyň rugsatsyz ulanylmagy

 

Türkmenistanda seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

171-nji madda. Haşal otlara garşy göreş alyp barmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ýerden peýdalanyjylar tarapyndan haşal otlara (karantin haşal otlaryndan başga) garşy göreş alyp barmak barada Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleriň görülmezligi -

duýduryş berilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň gaýtadan dowam edilmegi ýa-da ol çäreleri görmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine, wezipeli adamlara – 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

172-nji madda. Düzüminde neşe serişdeleri bolan ekinleriň goralmagyny üpjün etmek barada kadalaryň bozulmagy

 

Göknary, kenebi ýa-da düzümi neşe serişdeli beýleki ekinleri, bu ekinleriň hasylynyň saklanýan we gaýtadan işlenilýän ýerlerini goramak barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryň berjaý edilmezligi, şeýle hem düzüminde neşe serişdeleri bolan ekinleriň ekin meýdanynda galan galyndylaryny (eňňeresini) hem-de önümçilik taşlandylaryny ýok etmek üçin çäreleriň görülmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň bir aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

173-nji madda. Göknary, kenebi ýa-da düzümi neşe serişdeli beýleki ösümlikleri ekmek ýa-da ösdürip ýetişdirmek kadalarynyň bozulmagy

 

Göknaryň, kenebiň ýa-da düzümi neşe serişdeli ösdürilip ýetişdirilmegi gadagan edilen beýleki ösümlikleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalar bozulyp ekilmegi ýa-da ösdürilip ýetişdirilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň bir aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

1731-nji madda. Düzüminde nikotin ýa-da adamyň saglygy üçin zyýanly beýleki maddalar bar bolan ösümlikleri ekmek ýa-da ösdürip ýetişdirmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Düzüminde nikotin ýa-da adamyň saglygy üçin zyýanly beýleki maddalar bar bolan bir we köpýyllyk ösümlikleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryň bozulyp ekilmegi ýa-da ösdürilip ýetişdirilmegi, eger bu temmäki önümleriniň öndürilmegi üçin çig mal (temmäki çig malyny) almak maksady bilen edilen bolsa, -

görkezilen ösümlikleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, -

görkezilen ösümlikleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kodekse 1731 maddasy 2016-njy ýylyň 29-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., №  1, 29-njy madda.

 

174-nji madda. Oba hojalyk maşynlaryny tehniki taýdan ulanmak we tehniki howpsuzlyk kadalarynyň mehanizatorlar tarapyndan bozulmagy

 

Traktorlary, kombaýnlary, beýleki özi ýöreýän oba hojalyk maşynlaryny tehniki taýdan ulanmak kadalarynyň we tehniki howpsuzlyk kadalarynyň mehanizatorlar tarapyndan bozulmagy, eger bu kanun arkaly goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegine ýa-da oňa şertleriň döredilmegine getiren bolsa, -

şol maşynlary dolandyrmak hukugynyň bir aýdan iki aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

175-nji madda. Haýwanlaryň karantini barada kadalaryň we beýleki weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň bozulmagy

 

1. Haýwanlaryň ýokanç keselleriniň karantini barada kadalaryň, şol sanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň epizootiýalara garşy göreş alyp barmak hakynda kararlarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara –birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň we talaplarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleriň adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde amala aşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Weterinariýa derman serişdelerini taýýarlamak işi bilen bikanun meşgul bolunmagy, şonuň ýaly-da Türkmenistanda döwlet tarapyndan bellige alynmadyk, hil güwänamasy bolmadyk, ýaramsyz, ýaramlylyk möhleti geçen derman serişdeleriniň ýa-da döwlet tarapyndan bellige alnan derman serişdeleriniň bikanun öndürilen ýa-da olaryň galp nusgalarynyň ýerlenilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama almazdan weterinariýa işi bilen meşgul bolunmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

176-njy madda. Maldan alynýan iýmit önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy barada weterinariýa-sanitariýa talaplaryň bozulmagy

 

Weterinariýa gullugynyň netijenamasy bolmazdan mal önümleriniň bazarlara we beýleki sarp edilýän ýerlere getirilmegi, şonuň ýaly-da weterinariýa-sanitariýa talaplary bozulyp maldan alynýan iýmit önümleriniň öndürilmegi, taýýarlanylmagy, iberilmegi, gaýtadan işlenilmegi, saklanylmagy, daşalmagy we paýlanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

177-nji madda. Mallary, guşlary hem-de maldarçylyk önümlerini daşamak weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň bozulmagy

 

Mallaryň, guşlaryň, şeýle hem weterinariýa gullugynyň gözegçiligine degişli maldarçylyk önümleriniň, ot-iýmleriň we beýleki ýükleriň rugsatsyz daşalmagy (sürülmegi), Türkmenistana getirilmegi, ondan alnyp gidilmegi we üstaşyr geçirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara –birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

178-nji madda. Haýwanlara rehimsiz garalmagy

 

Haýwanlara rehimsiz garalmagy, eger bu haýwanlaryň ölmegine, mejbury soýulmagyna ýa-da agyr şikes almagyna getirse, şonuň ýaly-da haýwanlaryň horlanylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

179-njy madda. Mallary, guşlary, ýyrtyjy we beýleki haýwanlary saklamak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde mallary, guşlary, ýyrtyjy we beýleki haýwanlary saklamak kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketler raýatlaryň saglygyna ýa-da emlägine zyýan ýetirmegine getiren bolsa -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

13-nji bap. SENAGAT, GURLUŞYK WE ENERGETIKA ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

180-nji madda. Işleri howpsuz alyp barmak kadalarynyň bozulmagy

 

Senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işleri howpsuz alyp barmak barada kadalaryň, düzgünnamalaryň, gözükdirijileriň we beýleki namalaryň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

1801-nji madda. Binalar we desgalar gurlanda, durky täzelenende, düýpli abatlananda hem-de bu işleriň taslama-çenlik resminamalary düzülende gurluşyk kadalarynyň bozulmagy

 

1. Gurluşyk pudagynda döwlet standartlaryna laýyk gelmeýän gurluşyk materiallarynyň, önümleriniň we gurnawlarynyň ulanylmagy, tehniki şertler, inžener gözlegleri, taslama işleri, gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilende gurluşykda tassyklanan taslamalaryň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň düzgünleriniň bozulmagy bilen, binalaryň we desgalaryň berklik, durnuklylyk, çydamlylyk görkezijileriniň peselmegi, gurluşygyň hiline, daşky keşbine bildirilýän talaplaryň bozulmagy ‒

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara – ýigrimisinden otuzysyna, ýuridik şahslara – otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Binalaryň we desgalaryň hem-de gurluşyk işleriniň kabul edilmeginde bellenilen kadalaryň we tertibiň bozulmagy ‒

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Binalary we desgalary gurmak, durkuny täzelemek we gurluşyk- gurnama işlerini rugsatsyz alyp barmak, şeýle hem gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmek baradaky resminamalary resmileşdirmezden olaryň ulanylmagy ýa-da işe girizilmegi ‒

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara – ýigrimisinden otuzysyna, ýuridik şahslara – otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Binagärlik-meýilleşdiriş tabşyryklaryň talaplarynyň bozulmagy ‒

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara – ýigrimisinden otuzysyna, ýuridik şahslara – otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Şu maddanyň birinji, ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi ‒

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden otuzysyna, wezipeli adamlara – otuzysyndan ellisine, ýuridik şahslara ‒ ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 1801 maddasy 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 140-njy madda.

 

1802-nji madda. Paýly gurluşygyň rugsatsyz alnyp barylmagy

 

1. Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygynyň ygtyýarly edaranyň ýazmaça rugsady bolmazdan alnyp barylmagy ‒

ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi ‒

ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 1802 maddasy 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 140-njy madda.

 

181-nji madda. Ulag serişdeleriniň garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalaryny öndürmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tehniki şertleri we standartlary berjaý etmezden ulag serişdeleriniň garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalarynyň öndürilmegi, taýýarlanylmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

182-nji madda. Partlaýjy maddalary we radioaktiw materiallary saklamak, peýdalanmak hem-de hasaba almak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Hojalyk hem-de önümçilik işleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen partlaýjy maddalary we radioaktiw materiallary edinmek, saklamak, peýdalanmak, hasaba almak we daşamak kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

183-nji madda. Ýylylyk we elektrik energiýasynyň bisarpa harçlanmagy

 

Ýylylyk we elektrik energiýasynyň bisarpa harçlanmagy, ýagny yzygiderli, önümçilik zerurlygy bolmazdan ýylylyk energiýasynyň peýdalanylmagy ýa-da elektrik energiýasynda işleýän hereketlendirijileriň, peçleriň we beýleki enjamlaryň ýüki ýetiksiz işledilmegi ýa-da boş işledilip ulanylmagy, şonuň ýaly-da turbageçirijileriniň we beýlekileriň ýylylyk izolýasiýasynyň, peçleriň we ýylylygy ulanýan enjamlaryň näsazlygy bilen baglanyşykda buguň, gyzgyn we gysylan howanyň, suwuň we ýylylygyň yzygiderli gös-göni ýitirilmegi ýa-da energiýa üpjünçiligi boýunça ygtyýarly edaralardan rugsat almazdan gulluk jaýlaryny we beýleki öýleri ýylatmak ýa-da göz öňünde tutulmadyk önümçilik maksatlary üçin elektrik energiýasynyň peýdalanylmagy ýa-da onuň yşyklandyrmak üçin eýeçiliksiz  ulanylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, ýuridik şahslara – onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 6-njy madda).

 

184-nji madda. Elektrik ulgamlarynyň zaýalanylmagy

 

1. Elektrik ulgamlarynyň (howa, ýerasty we suwasty elektrik geçirijileriniň, giriziji hem-de paýlaýjy enjamlaryň) zaýalanylmagy, eger bu sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde bökdençlik döremegine we hojalyk, önümçilik işlerine zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň döwletiň ýa-da sarp edijileriň bähbitlerine düýpli zyýan ýetirilmegine getirmegi, şonuň ýaly-da administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara – on bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 6-njy madda).

 

185-nji madda. Elektrik ulgamlaryny goramak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Elektrik ulgamlaryny goramak kadalarynyň bozulmagy, eger bu sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde bökdençlik döremegine getiren ýa-da getirmegi mümkin bolan, elektrik geçirijileriniň zaýalanmagyna ýa-da hojalyk hem-de önümçilik işlerine başga zyýan ýetirilmegine getiren ýa-da getirmegi mümkin bolan bolsa, -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň döwletiň ýa-da sarp edijileriň bähbitlerine düýpli zyýan ýetirilmegine getirmegi, şonuň ýaly-da administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara – on bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 6-njy madda).

 

186-njy madda. Gazdan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Döwlet gaz gözegçiligi edaralaryndan rugsatsyz gaz bilen işledilýän enjamlara gaz goýberilmegi, gazyň şertnamada görkezilen göwrüminiň baş-başdak artdyrylmagy, gazy ulanmagyň bellenilen düzgüniniň berjaý edilmezligi, harçlamagyň tassyklanan aňrybaş kadalary bolmazdan gaz bilen işledilýän enjamlarda gazyň ulanylmagy ýa-da şol kadalaryň artdyrylmagy -

wezipeli adamlara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

187-nji madda. Gazy harçlamagyň hasabyny ýöretmezden gaz bilen işledilýän enjamlaryň ulanylmagy

 

1. Gazy harç etmegiň ýa-da gaz ulanmak bilen işlenip çykarylýan ýylylyk energiýasynyň we önümleriň hasabyny ýöretmezden gaz bilen işledilýän enjamlaryň ulanylmagy, taslamalarynda göz öňünde tutulan serişdeleriň, ýagny gazyň ýanyşyny awtomatiki sazlaýjy serişdeleriň ýa-da ýylylyk-tehniki gözegçilik abzallarynyň ýa-da gazy ýerlikli we netijeli peýdalanmagy üpjün edýän ýylylyk toplaýjy enjamlaryň ulanylmazlygy ýa-da olaryň näsaz ýagdaýda ulanylmagy -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine, wezipeli adamlara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryňbäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

188-nji madda. Ätiýaçlykdaky ýangyç hojalygynyň taýýarlygyny üpjün etmek üçin çäreleriň görülmezligi

 

Gazy sarp ediji kärhana, edara, gurama we birleşik üçin göz öňünde tutulan ätiýaçlykdaky ýangyç hojalygynyň işe taýýar edilmezligi ýa-da gaz bilen işledilýän enjamlaryň ýangyjyň bellenilen ätiýaçlygynyň görnüşlerinde işledilmäge taýýarlygyny üpjün etmek üçin çäreleriň görülmezligi -

wezipeli adamlara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

189-njy madda. Durmuş maksatlary üçin energiýadan ýa-da gazdan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

Energiýa ýa-da gaz üpjünçiliginiň ulgamlaryna baş-başdak birikdirilmegi, şeýle hem elektrik, ýylylyk energiýasyndan ýa-da gazdan ölçeýji-hasaplaýjy enjamlary bolmazdan, betnebisçilikli maksatlar bilen baş-başdak peýdalanylmagy, ölçeýji-hasaplaýjy enjamlaryna bilkastlaýyn zyýan ýetirilmegi, durmuş maksatlary üçin elektrik we ýylylyk energiýasyndan ýa-da gazdan peýdalanmak kadalarynyň beýleki görnüşde bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

190-njy madda. Işler geçirilende gaz geçirijileriniň zaýalanylmagy

 

1. Işler geçirilende gaz geçirijileriniň (magistral gaz geçirijilerden başgalary) we olaryň enjamlarynyň zaýalanmagy ýa-da gaz geçirijilere gurluş taýdan üýtgetmeleriň rugsatsyz girizilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň magistral gaz geçirijiler babatda edilmegi, şonuň ýaly-da magistral gaz geçirijileriň gorag zolaklarynda ýer-gazuw we beýleki işler geçirilende bellenilen kadalaryň bozulmagy, ol ýerlerde gurnalan enjamlara we desgalara zyýan ýetirilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara – ýigrimisinden ellisine, ýuridik şahslara – ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda).

 

191-nji madda. Tebigy gazyň bisarpa harçlanmagy

 

1. Tebigy gazyň bisarpa harçlanmagy, ýagny önümçilik zerurlygy bolmazdan gazda işleýän peçleriň we beýleki enjamyň yzygiderli ýüki ýetiksiz işledilmegi ýa-da boş işledilip peýdalanylmagy, şonuň ýaly-da gaz geçirijileriň örtüginiň, peçleriň we beýleki enjamlaryň näsazlygy sebäpli tebigy gazyň yzygiderli gös-göni ýitirilmegi, tebigy gaz bilen üpjün edýän edaralardan rugsatsyz gazyň gulluk jaýlaryny we beýleki öýleri ýylatmak ýa-da göz öňünde tutulmadyk önümçilik maksatlary üçin peýdalanylmagy ýa-da onuň yşyklandyrmak üçin eýeçiliksiz ulanylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

14-nji bap. ULAGLARDA, ÝOL HOJALYGY WE ARAGATNAŞYK ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

192-nji madda. Demir ýol ulagynda hereket howpsuzlygy kadalarynyň bozulmagy

 

1. Demir ýoluň, onuň gorag tokaý ösümlikleriniň, gorag germewleriniň we beýleki ýol obýektleriniň, duýduryjy hem-de aragatnaşyk desgalarynyň we enjamlarynyň zaýalanmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine, wezipeli adamlara – 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Demir ýoluň üstünden mala tirkelýän ulagly geçmek hem-de mal sürüp geçmek, demir ýoluň golaýynda mal bakmak kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Ýük ýüklenende we düşürilende bellenilen gabaralaryň berjaý edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Demir ýoluna otlularyň hereketini bozup biljek närseleriň goýulmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Demir ýoluň bellenilmedik ýerinden geçilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

193-nji madda. Demir ýol ulagy serişdelerinden peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ýük otlularynda baş-başdak gidilmegi, otly gidip barýarka münülmegi, düşülmegi, wagonlaryň basgançagynda we depesinde gidilmegi, otlynyň biderek ýere baş-başdak duruzylmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Otlularyň wagonlarynyň penjirelerinden we gapylaryndan zir-zibilleriň hem-de gaýry närseleriň zyňylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

194-nji madda. Ýolagçy wagonlarynyň içerki enjamlaryna, demir ýol ulagynyň lokomotiwleriniň hem-de wagonlarynyň aýnalaryna zeper ýetirilmegi

 

Ýolagçy wagonlarynyň içerki enjamlaryna, demir ýol ulagynyň lokomotiwleriniň hem-de wagonlarynyň aýnalaryna ýolda barýarka, duralgalarda we saklanýan ýerlerinde zeper ýetirilmegi -

binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

195-nji madda. Uçuş howpsuzlygy kadalarynyň bozulmagy

 

1. Aerodromlary tanamak üçin kabul edilen, belgileme nyşanlaryna we enjamlaryna meňzeş haýsydyr bir belgileriň hem-de enjamlaryň aerodromyň ýerleşýän sebitinde oturdylmagy ýa-da aeroportyň, aerodromyň administrasiýasyndan rugsatsyz pirotehniki önümleriň ýakylmagy, ýa-da howa gämileriniň uçuşy üçin howp döredýän derejede guşlaryň köpçülikleýin toplanmagyna ýardam edýän obýektleriň gurulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň birisine, wezipeli adamlara – birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Jaýlarda we desgalarda gijeki hem-de gündizki belgileme nyşanlaryny ýa-da enjamlaryny ýerleşdirmek kadalarynyň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine, wezipeli adamlara – 0,2 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Aerodrom enjamlarynyň, aerodrom belgileriniň, howa gämileriniň we olaryň enjamlarynyň zaýalanmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Aeroportlaryň (aerowokzallardan başga), aerodromlaryň uçuşlary radio we ýagtylyk bilen üpjün ediş obýektleriniň çäginden degişli rugsat alman pyýada ýa-da ulagly geçilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

1951-nji madda. Howa gämisi dolandyrylýan wagty lazer şöhlesini gönükdirmek ýoly bilen päsgelçilik döretmek

 

Howa gämisi dolandyrylýan wagty howa gämisine lazer şöhlesini gönükdirmek ýoly bilen päsgelçilik döretmek –

hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan emlägi muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 1951 maddasy 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, ___-nji madda.

 

196-njy madda. Howply maddalary we närseleri howa ulagy arkaly daşamak kadalarynyň bozulmagy

 

Howply maddalary ýa-da närseleri howa ulagy arkaly daşamak kadalarynyň bozulmagy -

görkezilen howply maddalary we närseleri tölegli alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryňbirisinden ikisine, wezipeli adamlara – birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Howa ulagy arkaly daşamak kadalarynyň bozulmagy üçin şu maddada administratiw jogapkärçilik bellenen howply maddalaryň we närseleriň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

197-nji madda. Howa gämisinde özüňi alyp barmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Howa gämisindäki adamlaryň gäminiň serkerdesiniň kanuny görkezmelerini berjaý etmezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Howa gämisiniň bortundan surata almak, kinosurata düşürmek, radio we öýjükli telefon aragatnaşygy serişdelerinden peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy -

maglumatlary göterijileri tölegli alyp, duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

1971-nji madda. Daşaýjy we ulanyjynyň gulluklary tarapyndan raýat howa gämileriniň uçuşlaryny guramagyň we ýerine ýetirmegiň kadalarynyň bozulmagy

 

Daşaýjy we ulanyjynyň gulluklary tarapyndan raýat howa gämileriniň uçuşlaryny guramagyň we ýerine ýetirmegiň kadalarynyň bozulmagy–

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara – on bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 1971 maddasy 2019-njy ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, ___-nji madda.

 

198-nji madda. Halkara uçuşlary barada kadalaryň bozulmagy

 

Halkara uçuşlary barada kadalaryň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

199-njy madda. Deňiz ulagynda hereket howpsuzlygy we deňiz ulagy serişdelerinden peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Deňiz ulagynda gämini (kiçi göwrümli gämiden başga) dolandyrýan gämi sürüji ýa-da gaýry şahs tarapyndan ýüzüş we gämilerde portlarda we port suwlarynda durmak, gämilerde porta girmek we olarda portdan çykmak, ses we yşyk duýduryjylaryny bermek, gämi yşyklaryny we belgilerini götermek kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine, wezipeli adamlara - 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Port suwlarynda degişli rugsat almazdan suwasty işleriň geçirilmegi, şol işler geçirilende duýdurmak kadalarynyň berjaý edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Deňiz ulagynyň gämilerine (kiçi göwrümli gämiden başga) hyzmat edýän desgalaryň, aragatnaşyk we duýduryjy gurluşlaryň, nawigasion enjamlaryň ýüzýän we kenardaky serişdeleriniň ýa-da gämi gatnaw we nawigasion ýagdaýyň tehniki serişdeleriniň we belgileriniň ýok edilmegi ýa-da olaryň zaýalanylmagy, şeýle hem port we gidrotehniki desgalaryna zeper ýetirilmegi, nawigasion belgileri we duýduryjylary tanamakda päsgelçilikleri döredýän belgileriň, desgalaryň, ses we yşyk duýduryjylaryň çeşmeleriniň degişli rugsady bolmazdan goparylmagy ýa-da oturdylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine, wezipeli adamlara – 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Gidrotehniki desgalarda nawigasion germew serişdelerini we nawigasion enjamlaryny saklamak kadalarynyň we olary ulanmagyň bellenilen düzgünleriniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Deňiz ulagy serişdeleriniň içerki enjamlarynyň zaýalanmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

200-nji madda. Kiçi göwrümli gämilerde ýüzüş kadalarynyň bozulmagy

 

Kiçi göwrümli gämini dolandyrýan gämi sürüji ýa-da gaýry şahs tarapyndan bellenilen tizligiň artdyrylmagy, nawigasion belgileriň talaplarynyň berjaý edilmezligi, gäminiň gadagan edilen ýerlerde bilkastlaýyn saklanylmagy ýa-da duruzylmagy ýa-da manewr etmek, ses duýduryjylaryny bermek, bort yşyklaryny we belgilerini götermek kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da kiçi göwrümli gämini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Bellik

Şu Kodeksde «kiçi göwrümli gämi» diýlip, esasy hereketlendirijisiniň kuwwaty 75 kilowatdan (100 at güýjünden) az bolan özi ýöreýän gämä, şeýle hem sygymy 80 tonnadan az bolan özi ýöremeýän ýa-da kuwwatyna garamazdan asma motorly gämä, şonuň ýaly-da esasy hereketlendirijisiniň kuwwatyna hem-de sygymyna garamazdan sport we gezelenç gämisine, suw motosikline (gidrosikline) düşünilýär.

 

201-nji madda. Gämini bellige almak we ulanmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem gäminiň ony dolandyrmaga hukugy bolmadyk adam tarapyndan dolandyrylmagy

 

1. Bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da tehniki taýdan gözden geçirilmedik ýa-da bort belgilerini ýa-da beýleki alamatlaryny götermeýän ýa-da rugsatsyz enjamlaşdyrylan, şeýle hem ulanylmagy gadagan edilýän näsazlyklary bar bolan ýa-da ýolagçy sygymlylygyň, ýüzüş sebiti we şertleri boýunça çäklendirmeleriň kadalaryny bozmak bilen gäminiň (şol sanda kiçi göwrümli gäminiň) dolandyrylmagy-

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Gäminiň hökmany bellige alynmagyndan boýun gaçyrylmagy, şeýle hem onuň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertip bozulyp bellige alynmagy ýa-da gämileriň sanawlaryna girizilmeli maglumatlaryň üýtgändigi barada habar berilmezligi -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Gäminiň (şol sanda kiçi göwrümli gäminiň) ony dolandyrmaga hukugy bolmadyk adam tarapyndan dolandyrylmagy ýa-da dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama gäminiň dolandyrmak üçin geçirilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

202-nji madda. Gämini ýüzüşe çykarmak kadalarynyň bozulmagy we gäminiň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy

 

1. Gäminiň ulanylmagyna jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan onuň degişliligini, ýüzüşe ýaramlydygyny tassyklaýan resminamasyz ýa-da toplanylmadyk ekipažly ýa-da bar bolan resminamalaryna tehniki ýagdaýy laýyk gelmeýän ýa-da bellenilen ýük ýükleýiş, ýolagçy sygymlylygy kadalarynyň, ýüzüş sebiti we şertleri boýunça çäklendirmeleriň bozulmagy bilen, şeýle hem gämini dolandyrmaga ýa-da onuň mehanizmlerine we enjamlaryna hyzmat etmäge degişli resminamasy bolmadyk ýa-da serhoş ýagdaýda bolan adamlary goýbermek bilen gäminiň ýüzüşe çykarylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.  

2. Bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da tehniki taýdan gözden geçirilmedik ýa-da ulanylmagy gadagan edilýän näsazlyklary bar bolan ýa-da bellenilen tertipde degişli enjamlar bilen üpjün edilmedik ýa-da rugsatsyz enjamlaşdyrylan gäminiň ýüzüşe çykarylmagy, şeýle hem gämini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da serhoş ýagdaýdaky adamyň gämini dolandyrmaga goýberilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Gäminiň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy ýa-da onuň serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da gämini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

4. Serhoşlygy barada güman etmäge ýeterlik esas bolan halatynda gämini dolandyrýan adamyň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan meýletin geçmekden boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da gämini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

203-nji madda. Ýüzüş kadalarynyň bozulmagy

 

1. Gämileriň hökmany losman tarapyndan geçirilýän sebitlerde gäminiň kapitanynyň ýüzüşi losmansyz amala aşyrmagy, ýöne gäminiň hökmany losman geçirilişinden boşadylan gämileriň hataryna degişli bolan ýa-da gäminiň kapitanyna deňiz portunyň kapitany tarapyndan bellenilen tertipde ýüzüşi losmansyz amala aşyrmak hukugynyň berlen halatlary muňa girmeýär -  

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.  

2. Gäminiň suwa batyşy, gäminiň uzynlygy, giňligi, bortunyň beýikligi we sygymlylygy barada maglumatlaryň, şeýle hem gäminiň losman geçirişiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan gämi barada gaýry maglumatlaryň gäminiň kapitany tarapyndan losmana yglan edilmezligi ýa-da nädogry yglan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

204-nji madda. Deňiz we derýa ulag gämilerinde, şeýle hem kiçi göwrümli gämilerde ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek kadalarynyň bozulmagy

 

Deňiz we derýa ulag gämilerinde, şeýle hem kiçi göwrümli gämilerde gämä mündirilende, ýolda barýarka we gämiden düşürilende ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine, wezipeli adamlara – birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

205-nji madda. Deňiz we derýa ulagynda özüňi alyp barmak düzgünleriniň bozulmagy

 

1. Zir-zibiliň ýa-da gaýry närseleriň gäminiň (şol sanda kiçi göwrümli gäminiň) bortundan daşyna zyňylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Gämidäki adamlar tarapyndan gäminiň kapitanynyň kanuny görkezmeleriniň ýerine ýetirilmezligi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

206-njy madda. Derýa ulagynda hereket howpsuzlygy we derýa ulagy serişdelerinden peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Derýa ulagynda gämileriň hereket etmegi hem-de durmagy, düzümleri tirkege almak barada bellenilen kadalaryň, gämilere ýük ýüklemek, düşürmek we üýşürip goýmak kadalarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da port we gidrotehniki desgalaryň, gurluşlaryň, enjamlaryň zaýalanmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Degişli rugsat almazdan suwasty işleriň geçirilmegi, şonuň ýaly-da şol işler geçirilende duýdurmak kadalarynyň berjaý edilmezligi, ýol işgärlerinden rugsat almazdan ýüzüş we kenardaky ugur alyş hem-de görkeziş belgileriniň ýok edilmegi, zaýalanmagy we goparylmagy, şeýle hem ýeriniň üýtgedilmegi, ýoluň tehniki bölümleri bilen ylalaşylmazdan balyk tutmak üçin gazyklaryň we beýleki tilsimleriň şol maksat üçin niýetlenilmedik ýerde oturdylmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Derýa gämileriniň içerki enjamlarynyň zaýalanmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

207-nji madda. Gämilere ýük ýüklemek we düşürmek kadalarynyň bozulmagy

 

Gämilere, şol sanda kiçi göwrümli gämilere ýük ýüklemek we olardan ýük düşürmek kadalarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

208-nji madda. Demir ýol, deňiz, derýa we howa ulagynda ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň bozulmagy

 

1. Demir ýol, deňiz we derýa ulagynda ýangyn howpsuzlygy barada bellenilen kadalaryň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden birisine, wezipeli adamlara – birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Howa ulagynda ýangyn howpsuzlygy barada bellenilen kadalaryň bozulmagy-

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine, wezipeli adamlara – üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

209-njy madda. Kiçi göwrümli gämileri bellige almak, hasaba almak we olardan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Kiçi göwrümli gämileri bellige almagyň, hasaba almagyň, şeýle hem şol gämilerden we olaryň duralgalaryndan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Kiçi göwrümli gämileriň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy ýa-da olaryň serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi, şeýle hem ýüzüş kadalarynyň we kiçi göwrümli gämileri dolandyrmak hukugynyň beýleki gödek ýa-da yzygiderli bozulmagy, eger bu kanun arkaly goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegine şertleriň döredilmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da kiçi göwrümli gämileri dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

kiçi göwrümli gämileri dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

4. Serhoşlygy barada güman etmäge ýeterlik esas bolan halatynda kiçi göwrümli gämini dolandyrýan adamyň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan geçmekden boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da kiçi göwrümli gämileri dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

210-njy madda. Ulag serişdelerini ulanmak kadalarynyň sürüjiler tarapyndan bozulmagy

 

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan, ýagny durzuş ulgamy, rul dolandyryşy we dartyjy-birleşdiriji enjamlary näsaz bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Şu Kodeksiň 181-nji, 210–217-nji, 219-njy, 221–224-nji, 226–231-nji, 233–235-nji we 240-njy maddalaryndaulag serişdeleri diýlende ýollarda adamlary gatnatmak, ýükleri ýa-da üstünde oturdylan enjamlary daşamak üçin niýetlenilen awtomobilleriň we traktorlaryň ähli görnüşlerine, trolleýbuslara, motosikllere, özi ýöreýän maşynlara we gaýry serişdelere düşünmeli.

 

211-nji madda. Abzallary, enjamlary we gurluşlaryň beýleki bölekleri enjamlaşdyrylmadyk ýa-da talaba laýyk oturdylmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

 

1. Ýol hereketiniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän, ýagny aýnalary ýa-da yzy görüş aýnalary, lukmançylyk derman gutujyklary, ot söndürijisi, ýol-ulag hadysasy sebäpli duruş nyşany, eňňide tarap süýşmez ýaly diregleri, şonuň ýaly-da motoulaglaryň gurluşlarynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk egmegi bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýol hereketine gatnaşýan sürüjiler tarapyndan motoşlýomlary  ýa-da howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalarynyň bozulmagy ýa-da ulag serişdesiniň ýolagçylarynyň bu kadalary berjaý etmegine gözegçilik edilmezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler (şekil görnüşde hasaba alyş enjamdan başga), ýagny ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan abzallar we tilsimler (prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hem bellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulan dürli örtükler (muňa ulag serişdelerinde iki tarapynda yzy görüş daşky aýnalary bolan we sürüjiniň oturan ýerinden töweregi görüşini çäklendirmeýän halatlary girmeýär) we ş.m.) bilen enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulanylmagy ýa-da ýokarda görkezilen talaplara laýyk gelmeýän dürli närseleriň ulag serişdelerinde goýulmagy –

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

5. Ulag serişdeleriniň daşky yşyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem hapalanan (aýnalaryndan daşyny, döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da kysymyny, reňkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulag serişdeleriniň, şol sanda daşky yşyk abzallary we yşyk gaýtaryjylary işlemeýän ýa-da hapalanan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy –

binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

212-nji madda. Hasaba we bellige alyş kadalarynyň bozulmagy

 

1. Bellenilen tertipde bellige alynmadyk, döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik, bellenilen nusga laýyk gelmeýän döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da ýük awtoulaglaryň, tirkegleriň, awtobuslaryň nowasynyň yz tarapynda gaýtalanýan döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny okamak mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da degişli rugsat almazdan başga reňke reňklenen ýa-da awtoulagyň başga bir görnüşine ýa-da kysymyna üýtgedilip gurlan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk mahabat we mahabat görnüşli maglumat beriji ýazgylary bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy-

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Galp döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlary görnetin aýrylan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

4. Ulag serişdesiniň bellige alyş we beýleki resminamalary ýanynda bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

213-nji madda. Ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan hereketiň edilmegi

 

Hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy (telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) ýa-da ulag serişdesiniň onuň daşyna beden synalarynyň görnetin çykarylyp dolandyrylmagy hereketleriň edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madd).

 

214-nji madda. Ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan hereket tizliginiň artdyrylmagy

 

1. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy ‒

duýduryş berilmegine eltýär.

2. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy ‒

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy ‒

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy ‒

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aý möhlete çäklendirilmegine eltýär.

5. Şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi degişlilikde –

a) binýatlyk mukdaryň üçüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine;

b) binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Bellik

Gaýragoýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň gök-gyzyl reňkli ýylpyldaýan yşyjygy ýakylan ulaglarynyň sürüjileri, şeýle hem döwlet we resmi wekilýetleriň ulaglarynyň guramaçylykly kerwenleriniň düzüminde hereket edýän sürüjiler hereket howpsuzlygyny berjaý etmek şerti bilen Ýol hereketiniň kadalarynyň bellenilen talaplarynyň çäginden çykyp bilerler.

(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 140-njy madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

2141-nji madda. Ýol belgileriniň talaplarynyň berjaý edilmezligi, durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ýol belgileriniň (hereketde artykmaçlygy görkezýän, gadagan ediji, buýruk beriji belgileriň) ýa-da ýollaryň ýörelýän bölegindäki bellikleriň, hereketde artykmaçlyk bermek talaplarynyň berjaý edilmezligi, ozup geçmek, pyýada geçelgelerinden geçmek ýa-da jemgyýetçilik ulagyny duruzmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem garaňkyda ýa-da ýol oňat görünmeýän wagtynda yşyklandyryjy abzallary peýdalanmak kadalarynyň berjaý edilmezligi ‒

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýol yşygyň gadagan ediji duýdurmasyna ýa-da hereketi düzgünleşdirijiniň eli, ala taýagy bilen edýän gadagan ediji üm-hereketine garaman geçilmegi ‒

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Ulag serişdeleriniň durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy ‒

Binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi ‒

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

5. Ulag serişdeleriň pyýada ýodalarynda sürülmegi, säginmegi ýa-da goýulyp gidilmegi, şonuň ýaly-da ulag serişdeleri bilen ýaşaýyş jaýlaryna, binalara, desgalara we gurluşlara barylýan geçelgeleriň, ýollaryň, girelgeleriň ugurlarynyň beklenilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 2141 maddasy 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 140 -njy madda.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

215-nji madda. Heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren düzgün bozulmalaryň edilmegi

 

Şu Kodeksiň 214-nji, 2141-nji maddalarynda göz öňünde tutulan we heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren, ýagny herekete beýleki gatnaşýanlaryň tizligi, hereketiň ugruny üzül-kesil üýtgetmäge mejbur bolmagyna ýa-da olaryň öz howpsuzlygyny ýa-da ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaýry çäreleri görmegine getiren hukuk bozulmalaryň edilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

216-njy madda. Ulag serişdelerinde ýolagçylary gatnatmak kadalarynyň bozulmagy

 

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýolagçylary gatnatmak kadalarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

217-nji madda. Ulag serişdeleriniň ýol hereketine päsgelçilik döremegine ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň emele gelmegine getirýän toparlaýyn hereket edilmegi

 

1. Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýollarda, şeýle hem şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde toparlaýyn (iki we şondan köp) hereket edilmegine gatnaşyp, onuň ýol hereketine päsgelçiligiň ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getirmegi -

binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

218-nji madda. Ulag geçirijileriniň gabalmagy

 

Ulag geçirijileriniň gabalmagynyň guralmagy, şonuň ýaly-da olaryň gabalmagyna işjeň gatnaşylmagy, eger bu ýol hereketiniň kesilmegine ýa-da ulagyň işiniň başga bozulmalaryna getirmedik bolsa -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

219-njy madda. Ulag serişdelerinde ýükleri daşamak hem-de olary tirkege almak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ulag serişdelerinde tirkege almak kadalarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýüküň ulag serişdesini taýýarlaýjy tarapyndan kesgitlenen möçberinden artyk ýüklenip daşalmagy ýa-da ulag serişdelerinde ýükleri daşamak kadalarynyň gaýry bozulmalary -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, şonuň ýaly-da bu hukuk bozulmalaryna wezipeli adamlar tarapyndan ýol berilmegi -

fiziki şahslara ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny bir ýyla çenli möhlete çäklendirilip ýa-da çäklendirmän, binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

220-nji madda. Mallary sürüp alyp gitmek kadalarynyň bozulmagy

 

Mallary ýoldan sürüp alyp gitmek we onuň üstünden geçirmek kadalarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da mallaryň ýollarda gözegçiliksiz galdyrylmagy, eger bu ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salynmagyna getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 105-nji madda).

 

221-nji madda. Demir ýol geçelgelerinden ulagly geçmek kadalarynyň bozulmagy

 

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan demir ýol geçelgelerinden geçmek kadalarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

222-nji madda. Serhoş ýagdaýda ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy ýa-da olary serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga rugsat edilmegi

 

1. Sürüjileriň ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmagy -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi çäresini ýerine ýetiren adam tarapyndan olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny iki ýyla çenli möhlete çäklendirip, on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

3. Ulag serişdeleriniň görnetin serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi -

binýatlyk mukdaryň dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň sekizisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

6. Ulag serişdeleriniň ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan sürüjä ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmaga goýberilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda).

 

223-nji madda. Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, onuň maddy zyýan çekilmegine getirmegi

 

1. Şu Kodeksiň 210-njy, 214-nji, 2141-nji, 221-nji we 231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýol hereketi kadalarynyň ýol hereketine gatnaşýanlar tarapyndan bozulmagy, eger bu zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyna çenli möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, şonuň ýaly-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama ulag serişdesiniň dolandyrmaga berilmegi we onuň şeýle netijelere eltmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksde göz öňünde tutulan gaýry bozulmalary, eger olar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

4. Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 233-nji maddasynda göz öňünde tutulan bozulmalarynyň ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi üçin gös-göni jogapkär wezipeli adamlar tarapyndan edilmegi, şeýle hem olar tarapyndan dolandyrmak hukugy bolmadyk adama ulag serişdelerini dolandyrmaga berilmegi, eger bu şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

224-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek barada talaplaryň bozulmagy

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek hakynda bellenilen talaplaryň bozulmagy, olaryň gözden geçirilmegine päsgelçilik döredilmegi -

binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

225-nji madda. Ýoluň gatnawly böleginiň daraldylmagy ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin wehim döredilmegi

 

Ýola närseleri we materiallary taşlamak, olary üýşürip goýmak ýa-da galdyrmak ýoly bilen ýoluň gatnawly böleginiň emeli daraldylmagy ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salynmagy ýa-da onda beýleki päsgelçilikleriň döredilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

226-njy madda. Ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerwenini guramak, oňa gatnaşmak we goşulmak tertibiniň bozulmagy

 

Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerweniniň guralmagy, oňa gatnaşylmagy ýa-da onuň düzümine goşulyşylmagy, eger bu ýol boýunça hereketiň howpsuzlygyna wehim döredilmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

227-nji madda. Ýoluň gatnawly böleginde päsgelçilikleriň döredilmegi

 

Ýoluň gatnawly böleginde, şol sanda toý we beýleki dabaralar geçirilende, ulag serişdeleriniň hereketiniň rugsat edilen tizligini çäklendirmäge getirýän ýa-da olaryň erkin geçmegini bökdeýän päsgelçilikleriň döredilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

228-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy, sürüjilik şahadatnamasy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy çäklendirilen adamlaryň şolary dolandyrmagy

 

1. Ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugyny tassyklaýan sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem olary dolandyrmaga hukuk berýän ynanç haty ýanynda bolmadyk adamlaryň şol serişdeleri dolandyrmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,1 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adamlaryň ulag serişdelerini dolandyrmagy, şeýle hem ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi –

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlaryň ulag serişdelerini dolandyrmagy, şeýle hem ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi –

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

229-njy madda. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ygtyýarly işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerini taşlap gitmegi we gözden geçirişden geçmekden boýun gaçyrmagy

 

1. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak, ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirmek hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, şeýle hem ýol-ulag hadysasyna gatnaşanlaryň bellenilen kadalary bozup, hadysanyň bolan ýerini taşlap gitmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Serhoşlygy barada güman etmäge ýeterlik esas bolan halatynda ulag serişdesini dolandyrýan adamyň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan geçmekden boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

 

230-njy madda. Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, onuň heläkçilik çekeniň synasyna şikes ýa-da maddy taýdan düýpli zyýan ýetirmegine getirmegi

 

1. Ulag serişdelerini dolandyrýan adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu jebir çekeniň synasyna ýeňil şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar jebir çekeniň synasyna ortaça agyrlykda şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

231-nji madda. Pyýadalaryň we ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň hereketiň kadalaryny bozmagy

 

1. Pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünleşdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serişdelerini dolandyrýan adamlaryň, arabakeşleriň hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 böleginden 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu hereketler seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna ýeňil ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetirilmegine getiren bolsa -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 79-njy madda).

 

232-nji madda. Ýol hereketiniň kadalarynyň gaýry bozulmalary

 

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 210–231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryndan gaýry bozulmalary -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

233-nji madda. Tehniki näsazlygy bolan ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi we ulag serişdelerini ulanmak kadalarynyň gaýry bozulmalary

 

Ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serişdeleriniň, şonuň ýaly-da tehniki näsazlyklary sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýa-da degişli rugsat almazdan üýtgedilip enjamlaşdyrylan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

234-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy bolmadyk we şol hukugy çäklendirilen adamlara ulag serişdesini dolandyrmaga rugsat berilmegi

 

1. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

235-nji madda. Ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň saklanyş we peýdalanyş kadalarynyň bozulmagy

 

1. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ulag serişdeleriniň saklamak maksady bilen ýörite bölünip berlen goragly duralgalaryndan başga ýerlerde ýa-da sürüjileriň ýaşaýan ýerinde saklanylmagy, eger bu şol ulag serişdeleriň şahsy maksatlar üçin peýdalanylmagyna şert döredýän bolsa, -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine, wezipeli adamlara – 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Kärhanalara, edaralara, guramalara degişli ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň betnebisli maksatlar üçin baş-başdak peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna, ulag serişdelerini dolandyrýan adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

236-njy madda. Awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işlerini ygtyýarlylandyrmak tertibiniň bozulmagy

 

1. Awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işlerini ygtyýarlylandyrmak tertibiniň berjaý edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işleriniň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy ýa-daişleriň ygtyýarnamada göz öňünde tutulan şertleriniň bilkastlaýyn bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

2361-njy madda. Ulag serişdeleriniň sürüjileriniň howply ýükler daşalanda ýoluň kesgitlenen ugrundan rugsatsyz çykmagy

 

1. Ulag serişdeleriniň sürüjileriniň howply ýükler daşalanda ýoluň kesgitlenen ugrundan rugsatsyz çykmagy –

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 2361 maddasy 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 107-nji madda.

 

237-nji madda. Demir ýol, deňiz, derýa we awtomobil ulagynda hem-de elektroulagda howply maddalary we närseleri, uly göwrümli we aýratyn agyr ýükleri daşamak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Demir ýol ulagynda howply maddalary ýa-da närseleri daşamak kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Deňiz we derýa ulagynda howply maddalary ýa-da närseleri, uly göwrümli we aýratyn agyr ýükleri daşamak kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine, wezipeli adamlara – 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Partlaýjy, aňsat ot alýan, zäherleýji, awuly maddalaryň we närseleriň trolleýbusda, awtobusda, marşrut taksisinde alnyp gidilmegi, şeýle hem bagaža ýa-da goş saklanylýan kamera tabşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Awtomobil ulagynda howply ýükleri daşamagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Howply maddalaryň ýa-da närseleriň sanawy, ýagny daşamak kadalarynyň bozulandygy üçin şu maddada administratiw jogapkärçilik bellenen şol maddalaryň we närseleriň sanawy daşamagyň ulagyň degişli görnüşlerinde ulanylýan kadalar bilen kesgitlenilýär.

 

238-nji madda. El goşunyň bellenilen kadalardan artyk tölegsiz alnyp gidilmegi

 

1. Demir ýol, deňiz we derýa ulagynda el goşunyň bellenilen kadalardan artyk tölegsiz alnyp gidilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şäherara gatnawyny edýän awtobusda tölegi tölenmedik ýüküň alnyp gidilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Jerime tölenmegi ýolagçyny artyk el goşuny alyp gitmegiň hakyny tölemekden boşatmaýar.

 

239-njy madda. Ulaglarda gatnamak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ýolagçynyň peteksiz gatnamagy, şonuň ýaly-da on ýaşdan on alty ýaşa çenli bolan çaganyň ýanyň bilen peteksiz alnyp gidilmegi:

1) şäherýaka gatnawyny edýän otlularda -

binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

2) ýerli we uzak aralyga gatnaýan otlularda -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

3) şäherýaka ugurlarynda gatnaýan deňiz ulagy gämilerinde -

binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

4) ýerli we uzak aralyga gatnaýan deňiz hem-de derýa ulagy gämilerinde -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

5) beýleki kenara aşylýan derýa ulagy gämilerinde -

binýatlyk mukdaryň 0,02 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Demir ýol, deňiz we derýa ulagynda bäş ýaşdan on ýaşa çenli bolan çaganyň ýanyň bilen peteksiz alnyp gidilmegi:

1) şäherýaka gatnawyny edýän otlularda -

binýatlyk mukdaryň 0,03 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

2) ýerli we uzak aralyga gatnaýan otlularda -

binýatlyk mukdaryň 0,05 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

3) şäherýaka ugurlarynda gatnaýan deňiz ulagy gämilerinde -

binýatlyk mukdaryň 0,03 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

4) ýerli we uzak aralyga gatnaýan deňiz hem-de derýa ulagy gämilerinde -

binýatlyk mukdaryň 0,05 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär;

5) beýleki kenara aşylýan derýa ulagy gämilerinde -

binýatlyk mukdaryň 0,02 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

3. Ýolagçylaryň peteksiz uçmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Ýolagçylaryň şäher we şäherýaka gatnawyny edýän trolleýbusda, awtobusda, şeýle hem marşrut taksisinde peteksiz gitmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,05 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

5. Şäherara gatnawyny edýän awtobusda peteksiz gidilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,1 böleginden 0,5 bölegine çenli  möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Jerime tölenmegi ýolagçyny ýol hakyny tölemekden boşatmaýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

240-njy madda. Ýolagçy awtomobil ulagyndan we elektroulagdan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Trolleýbusyň, awtobusyň, marşrut taksisiniň duýduryjylarynyň, saklaýyş gurallarynyň we beýleki düzümleriniň biderek ýere herekete girizilmegi, olaryň içerki enjamlarynyň hem-de aýnalarynyň zaýalanmagy, şeýle hem gidip barýarka olara münülmegi ýa-da olardan düşülmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Trolleýbusyň, awtobusyň, marşrut taksisiniň penjirelerinden we gapylaryndan zir-zibilleriň hem-de gaýry närseleriň zyňylmagy, olaryň hapalanmagy, şeýle hem olarda kiri ýokuşýan egin-eşikde gidilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

241-nji madda. Demir ýol, deňiz, derýa we awtomobil ulagynda ýükleriň abat saklanylyşyny üpjün etmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ýük daşamak üçin niýetlenilen hereket edýän düzümiň, konteýnerleriň, ýüzýän serişdeleriň we beýleki ulag serişdeleriniň, şeýle hem ýük daşaýyş enjamlarynyň we ýükleýiş-düşüriş mehanizmleriniň zaýalanylmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýük wagonlarynyň, awtomobilleriniň, awtomobil tirkegleriniň, konteýnerleriň, trýumlaryň we ýüzýän serişdeleriň beýleki ýük otaglarynyň plombalarynyň we beklenýän abzallarynyň zaýalanylmagy, şolardaky plombalaryň goparylmagy, ýükleriň aýry-aýry ýerleriniň we olaryň gaplarynyň, paketleriň, ýük daşamak bilen baglanyşykly amallary ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan ýük howlularynyň, demir ýol stansiýalarynyň, ýük awtomobil menzilleriniň, konteýner beketleriniň (meýdançalarynyň), portlaryň (pristanlaryň) we ammarlaryň germewleriniň zaýalanmagy, şeýle hem ýük howlularynyň, konteýner beketleriniň (meýdançalarynyň), portlaryň (pristanlaryň) ýük ýükleýiş-düşüriş ýerleriniň (bölekleriniň), şlýuzlaryň we ýokarda görkezilen ammarlaryň çäklerinde degişli rugsat almazdan bolunmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

242-nji madda. Howa ulagynda ýükleriň abat saklanylyşyny üpjün etmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Howa ulagynda ýük daşamak bilen baglanyşykly amallaryň ýerine ýetirilmegi üçin peýdalanylýan konteýnerleriň plombalarynyň we beklenýän abzallarynyň zaýalanmagy, şolardaky plombalaryň goparylmagy, ýükleriň aýry-aýry ýerleriniň we olaryň gaplarynyň, paketleriň, şeýle hem ammarlaryň germewleriniň zaýalanmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Howa ulagynda ýük daşamak üçin niýetlenilen konteýnerleriň we ulag serişdeleriniň zaýalanmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

243-nji madda. Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň we beýleki ýol desgalarynyň zaýalanmagy

 

1. Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy –

binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýol örtügini hapalamak, şol sanda hapalamak arkaly ýol hereketi üçin päsgelçilik döredilmegi –

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy ýa-da ulag serişdesiniň gödek dolandyrylmagy –

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 (2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

2431-nji madda. Agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginiň kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ygtyýarly döwlet edarasyndan ýörite rugsatnama almazdan umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden ýokary bolan ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginiň kadalarynyň bozulmagy –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine, ýuridik şahslara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara –bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 2431-nji maddasy 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda.

 

244-nji madda. Awtomobil ýollarynyň gyrasyndaky zolagy goramak barada kadalaryň bozulmagy

 

Awtomobil ýollarynyň gyrasyndaky zolagyň ýer bölekleriniň ýol edaralary bilen ylalaşylman sürülmegi, şol ýerlerde ot ýatyrylmagy, agaçlaryň çapylmagy we olara şikes ýetirilmegi, topragyň bajagynyň goparylmagy we çukur gazylmagy, suw akdyryjy desgalara hem-de ätiýaçlyklara lagym, senagat, melioratiw we hapa suwlaryň akdyrylmagy, şeýle hem ýoluň gyrasyndaky zolakda we agaç köprülerden 100 metrden golaý aralykda ot ýakylmagy, agaç köprülerde hem-de üstüne agaç düşelen köprülerde çilim çekilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

245-nji madda. Awtomobil ýollaryny we ýol desgalaryny goramak barada kadalaryň ýerden peýdalanyjylar tarapyndan bozulmagy

 

Awtomobil ýollarynyň gyrasyndaky zolaga galtaşýan ýerlerde, umumy döwlet we ýerli ähmiýeti bolan ýollaryň ugrundaky ilatly ýerleriň çäklerinde özlerine berkidilen ýer bölekleriniň araçäklerindäki pyýada ýodajyklaryny we geçelge köprüjiklerini gurmak, abatlamak hem-de wagtly-wagtynda arassalap durmak borçlarynyň, şeýle hem berkidilen ýer böleklerinden ýa-da baralga ýollaryndan umumy peýdalanylýan awtomobil ýollaryna çykylýan ýollary, şol sanda geçelge köprüjiklerini hem tehniki taýdan gurat we arassa ýagdaýda saklamak barada borçlaryň ýerden peýdalanyjylar tarapyndan bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

246-njy madda. Demir ýollary, demir ýol geçelgelerini we beýleki ýol desgalaryny abat saklamak kadalarynyň bozulmagy

 

Demir ýollary, demir ýol geçelgelerini we beýleki demir ýol desgalaryny hereket etmek üçin howpsuz ýagdaýda abat saklamak kadalarynyň bozulmagy ýa-da demir ýoluň aýry-aýry bölekleriniň peýdalanylmagy hereketiň howpsuzlygyna wehim salan halatynda şolarda hereketi öz wagtynda gadagan etmek ýa-da çäklendirmek üçin çäreleriň görülmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

247-nji madda. Magistral turbageçirijilerini goramak kadalarynyň bozulmagy

 

Magistral turbageçirijilerini goramak kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Magistral turbageçirijilerini goramak kadalarynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde dolunýar.

 

248-nji madda. Döwlet belligine alynmazdan ýa-da degişli rugsat almazdan radio alyp eşitdiriş uzelleriniň guralmagy we ulanylmagy

 

1. Ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellige alynmazdan ýa-da degişli rugsat alynmazdan (şeýle rugsat talap edilýän halatlarynda) kuwwatynyň nähilidigine garamazdan, radio alyp eşitdiriş uzelleriniň guralmagy we ulanylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ýedisine, ýuridik şahslara – on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ygtyýarly döwlet edarasynda bellige aldyrmazdan ýa-da degişli  rugsat almazdan (şeýle rugsat talap edilýän halatlarynda) özüniň alnyp çekilen radio alyp eşitdiriş uzeliniň degişlidigine garamazdan radio alyp eşitdiriş nokadynyň guralmagy we ulanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

249-njy madda. Radiogepleşiklerini beriji enjamlaryň rugsat alynmazdan taýýarlanylmagy we peýdalanylmagy

 

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly döwlet edaralaryndan rugsat almazdan, radiogepleşiklerini beriji enjamlaryň taýýarlanylmagy we peýdalanylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

250-nji madda. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary girizmek, edinmek, oturtmak, gurmak we ulanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary girizmek, edinmek, oturtmak, gurmak we ulanmak kadalarynyň, radioşöhlelenmegiň hem-de tele we radioseslerini kabul etmekde industrial päsgelçilikleriň ýol berilýän ölçegleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden ýedisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, şonuň ýaly-da bu hereketleriň tele we radio seslerini kabul etmekde we beýleki radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary peýdalanyjylara päsgelçiligiň döremegine getirmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýedisine, wezipeli adamlara – ýedisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

251-nji madda. Aragatnaşykdan peýdalanmagyň aýratyn kadalarynyň, şeýle hem radioelektron tehnikasyny peýdalanmak barada talaplaryň bozulmagy

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde aragatnaşykdan peýdalanmagyň aýratyn kadalarynyň, şeýle hem radio we telewizion gepleşikleri berýän apparaturany, audio we wideo ýazgylaryny ýazýan hem-de sesi güýçlendirýän tehniki serişdeleri peýdalanmagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek barada talaplaryň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

252-nji madda. Aragatnaşyk liniýalaryny we desgalaryny goramak kadalarynyň bozulmagy

 

Aragatnaşyk liniýalaryny we desgalaryny goramak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem aragatnaşygyň liniýa we kabel desgalaryna zeper ýetirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

253-nji madda. Telefon-awtomatlaryň zaýalanmagy

 

Telefon-awtomatlaryň zaýalanmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

2531-nji madda. Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehniki ölçegleriniň talaplarynyň bozulmagy

 

1. Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tehniki ölçeglerini üýtgetmek -

duýduryş berilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

uçarmansyz uçýan enjamlary muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 2531 maddasy 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4 ,140-njy madda.

 

15-nji bap. MAGLUMATLARY PEÝDALANMAK, ÝAÝRATMAK WE GORAMAK KADALARYNA KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

254-nji madda. Maglumatlar serişdelerinden peýdalanmak düzgünleriniň bozulmagy

 

Maglumatlar serişdelerinden peýdalanmak düzgünleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

255-nji madda. Maglumatlary goramak düzgünleriniň bozulmagy

 

1. Maglumatlary goramagyň çygryndaky işi amala aşyrmak barada göz öňünde tutulan şertleriň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertip berjaý edilmezden güwälendirilmedik maglumatlar ulgamyndan we maglumatlary goramagyň serişdelerinden peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara –onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

256-njy madda. Kompýuterler we elektron hasaplaýyş maşynlar üçin algoritmleri, programmalary, maglumatlar binýadyny we integral mikroshemalaryň topologiýalaryny hukuk taýdan goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy

 

Kompýuterler we elektron hasaplaýyş maşynlar üçin algoritmleriň, programmalaryň, maglumatlar binýadynyň we integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň, olaryň döredilmeginde ýüze çykýan hukuklaryň bikanun peýdalanylmagy, şonuň ýaly-da kompýuterler (elektron hasaplaýyş maşynlar) üçin kesekiniň algoritmleriniň, programmalarynyň, maglumatlar binýadynyň we integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň öz ady bilen çykarylmagy ýa-da şeýle eserleriň bikanun täzeden işläp çykarylmagy ýa-da ýaýradylmagy –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara – ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

257-nji madda. Kompýuter maglumatyna bikanun aralaşylmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan goralýan kompýuter maglumatlaryna, ýagny elektron göterijilerde, elektron hasaplaýyş maşynlarynda, olaryň ulgamynda ýa-da torlarynda toplanylan maglumatlara bikanun aralaşylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar maglumatlaryň ýok edilmegine, gabalmagyna, nusgasynyň alynmagyna ýa-da başga bir görnüşde maglumatlara täsir edilmegine ýa-da elektron göterijileriň, elektron hasaplaýyş maşynlarynyň, olaryň ulgamynyň ýa-da torlarynyň işiniň ýa-da olaryňgeçirijileriniň bozulmagyna getiren bolsa -

binýatlyk mukdaryň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

258-nji madda. Maglumatlaryň gizlinlik derejesini kesgitlemek we bellemek düzgünleriniň bozulmagy

 

1. Maglumatlaryň gizlinlik derejesini kesgitlemek we bellemek düzgünleriniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyny ýaşyrmak maksady bilen amala aşyrylan bolsa, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

259-njy madda. Gizlinlik düzgünini üpjün etmek boýunça bellenilen talaplaryň bozulmagy

 

1. Ygtyýarly döwlet edarasyndan ygtyýar almazdan döwlet syrlary bilen iş salyşmaga goýberilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Gizlin maglumatlar we olaryň göterijileri bilen iş salşylanda gizlinlik düzgünini üpjün etmek boýunça bellenilen talaplaryň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň amala aşyrylmagy, eger ol döwlet syry bolmadyk gizlin maglumatlaryň aýan edilmegine ýa-da gizlin maglumatlaryň we olaryň göterijileriniň ýitirilmegine getiren bolsa, -

alty aýdan iki ýyla çenli möhlete gizlin maglumatlar bilen işlemek barada ýörite hukugy çäklendirilip, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

260-njy madda. Ýörite rugsat almazdan maglumatlary goramak serişdeleriniň taýýarlanylmagy

 

Ygtyýarly döwlet edarasyndan ýörite rugsat almazdan maglumatlary goramak serişdeleriniň taýýarlanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

261-nji madda. Döwlet syrlary bilen iş salyşmaga goýberilen adam tarapyndan Türkmenistanyň çäginden gitmek tertibiniň bozulmagy

 

Ygtyýarly döwlet edarasyndan bellenilen tertipde rugsat almazdan döwlet syrlary bilen iş salyşmaga goýberilen adamyň Türkmenistanyň çäginden daşary ýurt döwletlerine gitmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

262-nji madda. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümleriniň ýaýradylmagyna päsgel berilmegi

 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümleriniň ýaýradylmagyna päsgel berilmegi ýa-da çap edilen döwürleýin neşiriň tiražynyň bölek satuwyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk çäklendirmeleriň girizilmegi -  

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

263-nji madda. Žurnalistleriň hukuklarynyň bozulmagy

 

1. Žurnalist sowalyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde jogap berilmezligi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Žurnaliste maglumatlaryň berilmegine çäklendirmeleriň girizilmegi ýa-da oňa maglumat bermekden ýüz dönderilmegi, ýöne Türkmenistanyň kanunçylygynda goralýan maglumatlar muňa  girmeýär, -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Žurnalistleriň kanuny işine päsgel berilmegi ýa-da olaryň maglumatlary ýaýratmaga ýa-da olary ýaýratmakdan ýüz döndermäge mejbur edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

264-nji madda. Teleradiogepleşiklerden peýdalanmak düzgünleriniň bozulmagy

 

1. Teleradiogepleşikleriň kabul edilmegine emeli päsgelçiligiň döredilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Teleradiogepleşikler edarasynyň rugsady bolmazdan teleradiogepleşiklerden peýdalanylmagy, şonuň ýaly-da eýesiniň rugsady bolmazdan gepleşikleriň nusgalarynyň alynmagy, köpeldilmegi we ýerlenilmegi ýa-da açyk görkezilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

265-nji madda. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hemaýatkärlik kömeginiň berilmegi

 

Mahabatlandyrylmagy gadagan edilen önümleri öndürijiler we şeýle önümleri ýerlemek bilen meşgullanýan şahslar tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hemaýatkärlik kömeginiň berilmegi -

binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

266-njy madda. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinliginden we žurnalistiň hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanylmagy

 

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary ýa-da žurnalisti tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinliginden we žurnalistiň hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanylmagy, ýagny:

1) aýan edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen maglumatlaryň aýan edilmegi;

2) metbugat neşirinde çap edilýän materiallaryň taýýarlanylyşyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gözegçiligiň amala aşyrylmazlygy;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilenlerden başga halatlarda çeşmesi görkezilmedik maglumatlaryň ýaýradylmagy;  

4) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümleriniň salgylanma maglumatlary görkezilmezden öndürilmegi we ýaýradylmagy ýa-da salgylanma maglumatlarynyň bilkastlaýyn nädogry görkezilmegi;

5) söz azatlygyndan hyýanatçylykly peýdalanylmagy, raýatyň ýa-da guramanyň abraýyny we metrebesini masgaralaýan, hakykata laýyk gelmeýän maglumatlaryň ýaýradylmagy, şonuň ýaly-da žurnalistler tarapyndan kazyýetiň işine täsir edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Adamlaryň aňyna täsir edýän ýa-da olaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän tele-, wideo-, kinogepleşikleriň, resminamalar esasynda we çeper filmleriniň, şeýle hem ýörite köpçülikleýin habar beriş serişdelerine degişli gizlin goşundylary bolan maglumatlar beýanyny işlemegiň maglumatlarynyň kompýuter faýllarynyň we maksatnamalarynyň taýýarlanylmagy we ýaýradylmagy -

taýýarlanylan we gaýry närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da gaýtadan bellige alynmadyk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýa-da ýatyrylan, şonuň ýaly-da işini bes eden ýa-da işlemegi gadagan edilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümleriniň taýýarlanylmagy ýa-da ýaýradylmagy -

taýýarlanylan we gaýry närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

267-nji madda. Arhiw resminamalaryny we resminamalaryň kolleksiýalaryny saklamak, bellige almak ýa-da olardan peýdalanmak düzgünleriniň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine girýän resminamalaryň ogurlanmagy, zaýalanmagy, gizlenilmegi ýa-da bikanun ýok edilmegi, şeýle hem olaryň ogurlanmagy, zaýalanmagy, gizlenilmegi, bikanun ýok edilmegi üçin şert döredilmegi, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny saklamagyň hem-de olardan peýdalanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Arhiw resminamalaryny we resminamalaryň kolleksiýalaryny saklamak, hasaba almak ýa-da olardan peýdalanmak düzgünleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

16-njy bap. ÝAŞAÝYŞ JAÝ HUKUKLARY, ÝAŞAÝYŞ JAÝ, JEMAGAT HOJALYGY WE ABADANLAŞDYRYŞ ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

268-nji madda. Ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç bolan raýatlaryň hasabyny alyp barmak tertibiniň bozulmagy

 

Ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan raýatlary hasaba goýmak, hasapdan çykarmak we raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny bermek tertibiniň wezipeli adamlar tarapyndan bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

269-njy madda. Jaýa göçürmek möhletiniň berjaý edilmezligi

 

Ýaşaýyş jaýlaryna we olardaky öýlere ýaşamaga göçürmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletleriniň wezipeli adamlar tarapyndan berjaý edilmezligi -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

270-nji madda. Ýaşaýyş jaýlaryndan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

Ýaşaýyş jaýlaryndan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, basgançak meýdançalarynyň, liftleriň, girelgeleriň, ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýer bölekleriniň we beýleki umumy peýdalanylýan ýerleriň hapalanmagy, ýaşaýyş jaýlarynyň we olardaky öýleriň, şeýle hem suw, gaz we elektrik üpjünçiligi enjamlarynyň, ýyladyş-sowadyş, lagym we beýleki inženerçilik enjamlaryň niýetlenilen maksatlary üçin peýdalanylmazlygy, olary ulanmak we saklamak kadalarynyň berjaý edilmezligi, ýaşaýyş jaýlarynyň we olardaky öýleriň baş-başdak gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýa-da üýtgedilip gurulmagy, olaryň enjamlarynyň we abadanlaşdyryş obýektleriniň zaýalanmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine, wezipeli adamlara – birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

271-nji madda. Suw geçiriş we lagym ulgamlaryna baş-başdak birikdirilmegi

 

1. Ýaşaýyş jaýlarynyň, ýaşaýyş we kömekçi jaýlaryň we ýer parçalarynyň suw geçiriji we lagym ulgamlaryna raýatlaryň degişli rugsat almazdan birikdirmegi, şeýle hem suw geçiriji hem-de lagym ulgamlarynyň kadaly işlemegine päsgel berýän hereketleriň edilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da olaryň magistral turbageçirijiler babatda edilmegi -

oturdylan enjamlary tölegli alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

272-nji madda. Ýaşaýyş, hojalyk we durmuş maksatly jaýlary gurmak we olary ulanmaga kabul etmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryň bozulyp, ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy ýa-da onuň gapdalyndan jaý gurulmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Hojalyk we durmuş maksatly jaýlaryň we desgalaryň degişli rugsat almazdan gurulmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ygtyýarly döwlet häkimiýeti edaralary tarapyndan ulanmaga kabul edilmezligi ýa-da olaryň resmileşdirilmegine päsgelçilik döredilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

273-nji madda. Tomusky bag öýjagazlaryny gurmak, şeýle hem köpçülikleýin bagçylygy guramak we ýöretmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Raýatlaryň tomusky bag öýjagazlarynyň degişli tertipde ylalaşylmadyk taslama bilen ýa-da şol gurluşyk başlanda hereket eden Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalardan çykylyp gurulmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Bagçylyk şereketine agzalyga kabul etmek kadalarynyň bozulmagy, köpçülikleýin bag üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň onuň çäklerini gurnamagyň we gurmagyň taslamasy bolmazdan ýa-da şol taslamanyň bozulmagyna ýol berip özleşdirilmegi, tomusky bag öýjagazlarynyň degişli tertipde ylalaşylmadyk taslama bilen ýa-da olary şol gurluşyk başlanda hereket eden Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalardan çykyp gurmaga, şeýle öýjagazlary ulanmaga kabul etmäge rugsat berilmegi, köpçülikleýin bagyň çäginde degişli tertipde ylalaşylmadyk taslama bilen ýa-da ondan çykylyp umumylykda peýdalanylýan jaýlaryň we desgalaryň gurulmagy, bagçylyk birleşmesiniň obýektlerini gurmaga ýöriteleşdirilmedik gurluşyk guramalarynyň çekilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

274-nji madda. Gurluşygyň we ýerleri gurnamagyň taslamalaryndan baş-başdak çykylmagy

 

Ygtyýarly döwlet edaralaryndan rugsat almazdan binalary, desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň we ýerleri gurnamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylan taslamalaryndan çykylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

275-nji madda. Gurluşyk we abatlaýyş işleri geçirilende çäkleriň zaýalanmagy

 

Degişli rugsat almazdan howlularda, köçelerde we meýdançalarda gazuw işleriniň geçirilmegi, olaryň gurluşyk materiallary bilen başly-barat doldurylmagy, gazuw işleri geçirilen ýerleri, şeýle hem gurluşyk we abatlaýyş işleri tamamlanandan soň gurluşyk meýdançalaryny tertibe salmak üçin çäre görülmezligi -

wezipeli adamlara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

276-njy madda. Şäherleri we beýleki ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak kadalarynyň bozulmagy

 

Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň çäklerini abadanlaşdyrmak, şeýle hem olarda arassaçylygy hem-de tertibi üpjün etmek kadalarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

277-nji madda. Şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde gök agaçlaryň baş-başdak çapylmagy ýa-da olara şikes ýetirilmegi

 

Şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde gök agaçlara şikes ýetirilmegi, şonuň ýaly-da gurluşyk işleri geçirilýän pursadynda, gök agaçlary bolan aýratyn ýer böleklerinde dürli gurluşyk işleri geçirilende şol agaçlaryň şäheriň, etrabyň häkiminden rugsat almazdan çapylmagy ýa-da başga ýerlere göçürilmegi, şeýle hem raýatlar we wezipeli adamlar tarapyndan garamagyndaky gök agaçlary goramak üçin çäreleriň görülmezligi, şol agaçlara harsal garalmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

17-nji bap. YKDYSADY IŞ ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW

HUKUK BOZULMALARY

 

278-nji madda. Ygtyýarnama almazdan bank işiniň we daşary ýurt puluny satyn almak we satmak geleşikleriniň amala aşyrylmagy

 

1. Ygtyýarnama almazdan bank işiniň, şonuň ýaly-da daşary ýurt puluny satyn almak we satmak geleşikleriniň amala aşyrylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna, ýuridik şahslara – ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

279-njy madda. Daşary ýurt puluny satyn almak we (ýa-da) satmak geleşikleriniň bikanun amala aşyrylmagy

 

1. Daşary ýurt puluny satyn almak we (ýa-da) satmak geleşikleriniň bikanun amala aşyrylmagy -

administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň on bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 143-nji madda).

 

280-nji madda. Ýörite ygtyýar almazdan önümçilik, önüm çykarmak, ýerlemek, ýerlemezden ulanmak, şonuň ýaly-da işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek işiniň alnyp barylmagy

 

1. Ýörite ygtyýar (güwänama we beýleki resminamalar) alynmagyny talap edýän önümçilik, önüm çykarmak, ýerlemek, ýerlemezden ulanmak, şonuň ýaly-da işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek işiniň şeýle ygtyýar almazdan alnyp barylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine, ýuridik şahslara – ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

281-nji madda. Türkmenistanyň işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Ygtyýarnamany bermekden esassyz ýüz dönderilmegi ýa-da ygtyýarnamalarynyň hukuklarynyň gaýry bozulmalary -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Işiň ygtyýarlylandyrylmaga degişli görnüşiniň fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy ýa-da işiň ygtyýarnamada bellenilen şertleriniň bilkastlaýyn bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

282-nji madda. Gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary ýa-da düzüminde şol metallar ýa-da daşlar bolan önümleri almak, harçlamak, hasaba almak, saklamak we ýerlemek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary ýa-da düzüminde şol metallar ýa-da daşlar bolan önümleri işläp bejerýän, ulanýan we peýdalanýan fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan olary almak, harçlamak, hasaba almak, saklamak, şeýle hem olaryň döwüklerini we galyndylaryny toplamak hem-de degişli döwlet edarasyna tabşyrmak kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Düzüminde gymmat bahaly metallar bolan mäheklenmedik we tagmalanmadyk önümleriň ýerlenilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 (2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 4, 143-nji madda).

 

283-nji madda. Bikanun telekeçilik işi

 

1. Bellige alynmazdan we ýörite rugsadynyň (ygtyýarnamanyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarlylandyrmak şertleriniň bozulmagy bilen telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy -

taýýarlanan önümleri, önümçilik gurallaryny we çig maly muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.  

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

taýýarlanan önümleri, önümçilik gurallaryny we çig maly muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine, wezipeli adamlara – onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara – ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň edilmegi, eger ol uly möçberde zyýan ýetirilmegine ýa-da uly möçberde girdeji alynmagyna getiren bolsa -

taýýarlanan önümleri, önümçilik gurallaryny we çig maly muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan on bäşisine, wezipeli adamlara – on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara taýýarlanan önümleri, önümçilik gurallaryny we çig maly muzdsuz alyp ýa-da alman binýatlyk mukdaryň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

taýýarlanan önümleri, önümçilik gurallaryny we çig maly muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň on bäşisinden ýigrimisine, wezipeli adamlara – otuzysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara – taýýarlanan önümleri, önümçilik gurallaryny we çig maly muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ýetmiş bäşisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

1. Şu Kodeksiň maksatlary üçin «telekeçilik işi» diýlip, fiziki ýa-da ýuridik şahsyň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hem-de töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp, öz başlangyjy bilen amala aşyrýan, özbaşdak işine düşünilýär.

2. Şu maddada «uly möçberli zyýan» ýa-da «uly möçberli girdeji» diýlip, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden artyk gelýän, ýöne bäş ýüzüsinden geçmeýän möçberdäki bir ýylyň dowamynda ýetirilen zyýan ýa-da alnan girdeji hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

284-nji madda. Telekeçilik işine bikanun gatyşylmagy

 

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga esaslar boýunça telekeçilik işine gatyşylmagy, telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan goralmagynyň we goldanylmagynyň üpjün edilmezligi, şonuň ýaly-da telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahslaryň bazara çykmagyna ýa-da bazara goýberilmegine päsgel berýän ýa-da päsgel berip biljek hereketleriň açyk ýa-da ýaşyryn görnüşde amala  aşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – dördüsine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Şu Kodeksiň maksatlary üçin «telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahslar» diýlip, telekeçilik işini alyp barmaga bolan hukuga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet belligine alynmagy esasynda eýe bolan fiziki we ýuridik şahslara düşünilýär.

 

285-nji madda. Monopolistik hereketler we bäsdeşligi çäklendirmek

 

Monopoliýa taýdan ýokary we monopoliýa taýdan pes nyrhlaryň bellenmegi we saklanmagy, şonuň ýaly-da bazary paýlaşmaga, bazara barylmagyny çäklendirmäge, ondan ykdysady işiň beýleki subýektlerini aýyrmaga, ýeke-täk nyrhlary bellemäge ýa-da saklamaga gönükdirilen dilleşmek ýa-da ylalaşylan hereketler arkaly bäsdeşligiň çäklendirilmegi -

binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda).

 

286-njy madda. Hojalyk, telekeçilik işi barada maglumaty bermek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Telekeçilik işi bilen meşgullanmagyň döwlet belligine alynmagy we salgyt hasabyna goýulmagy üçin zerur maglumatlaryň we resminamalaryň fiziki şahslar tarapyndan nädogry berilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýuridik şahsyň ýolbaşçysy tarapyndan hojalyk işi hakynda maglumatlaryň we gözegçilik resminamalarynyň öz wagtynda berilmezligi ýa-da salgyt hasabyna goýulmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň nädogry berilmegi -

wezipeli adama binýatlyk mukdaryň ikisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

287-nji madda. Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we salgytlar hakynda kanunçylygynyň hem-de pulhana amallaryny alyp barmak tertibiniň bozulmagy

 

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşyň we salgyt salynýan binýatlary hasaba almagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki bozulmalary (şu Kodeksiň 292-nji maddasynda göz öňünde tutulanlar muňa girmeýär), eger bu salgytlaryň ýa-da býujete we beýleki hökmany tölegleriň möhletiniň bozulmagyna ýa-da doly tölenilmezligine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Pulhana amallaryny alyp barmak tertibiniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň on ikisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda; 2017 ý., № 2, 74-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

288-nji madda. Salgytlary we beýleki hökmany tölegleri hasaplap çykarmak hem-de tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi

 

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki salgyt töleýjiler tarapyndan salgytlary we beýleki hökmany tölegleri hasaplap çykarmak hem-de öz wagtynda tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

289-njy madda. Türkmenistanyň statistika hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Döwlet statistika edaralarynyň işine, şol sanda statistik usulyýetiň döredilmegine bikanun gatyşylmagy, döwlet statistik hasabatlaryny, pudak edaralarynyň statistikasy tarapyndan emele getirilýän we administratiw binýatlardan alynýan degişli maglumatlary, şeýle hem statistik gözegçiligi geçirmek ýa-da degişli döwlet statistik sanawlaryny alyp barmak üçin zerur maglumatlary bermek möhletleriniň bozulmagy, şonuň ýaly-da hasabatlylygyňnädogry ýa-da ýoýulan maglumatlarynyň döwlet statistika edaralaryna berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

290-njy madda. Ilkinji statistik maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň berjaý edilmezligi

 

1. Ilkinji statistik maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň berjaý edilmezligi, ýagny fiziki ýa-da ýuridiki şahslaryň razylygy bolmazdan olar barada maglumatlaryň bu maglumatlardan peýdalanmaga hukugy bolmadyk döwlet edaralaryna, kärhanalara, guramalara ýa-da fiziki şahslara berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ilkinji statistik maglumatlaryň metbugatda çap etmek ýoly bilen aýan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

291-nji madda. Salgytlary we beýleki hökmany tölegleri tölemek möhletiniň bozulmagy

 

1. Ýuridik şahslar tarapyndan salgytlary we beýleki hökmany tölegleri üç senenama aýynyň dowamynda tölemek möhletiniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň üç senenama aýynyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

292-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmek, maliýe hasabatlylygyny bermek we özara algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmek tertibiniň bozulmagy hem-de anyklanylmadyk maglumatyň maliýe edaralaryna berilmegi

 

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygyny bermegiň we özara algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy, şonuň ýaly-da anyklanylmadyk maglumatlaryň maliýe edaralaryna berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

293-nji madda. Döwlet emlägini aýrybaşgalamak tertibiniň bozulmagy

 

Döwlet kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň döwlet emlägini aýrybaşgalamagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

 

2931-nji madda. Döwlet emlägini kärendä bermek hakynda kanunçylygyň bozulmagy

 

1. Döwlet emlägini kärendä bermegiň tertibiniň berjaý edilmezligi, şeýle hem döwlet emläginiň tirkeşikli kärendesine berilmegi, kärendä alnan döwlet emläginiň maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça peýdalanylmazlygy we onuň saklanylmagynyň düzgünleriniň bozulmagy –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – dördüsinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 2931 maddasy 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 105-nji madda.

 

294-nji madda. Daşary ýurtlardan serişdeleriň gaýtarylyp getirilmezligi we Türkmenistanyň bank hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dahylsyzlar bilen daşary söwda geleşikleri boýunça dahyllylara geçirilmeli milli we daşary ýurt pullarynyň bellenilen möhletinde dahyllylaryň Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryna geçirilmezligi ýa-da gaýtarylmazlygy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Karz edaralary tarapyndan tabşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hökmany maglumatlaryň berilmezligi, tabşyrmak möhletiniň yzygiderli (bir ýylyň dowamynda iki we şondan köp) bozulmagy ýa-da ýoýulan maglumatlaryň berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Karz edaralary tarapyndan garaşsyz auditor barlagynyň geçirilmegi we olaryň netijeleriniň çap edilmegi bilen bagly işleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

 

295-nji madda. Durmuş we hukuk goragyna mätäç adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagy

 

1. Durmuş we hukuk goragyna mätäç adamlaryň (aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler, maýyplygy bolan adamlar we başgalar) durmuş üpjünçiligi babatda kemsidilmegi, şonuň ýaly-da olaryň Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygy bilen kepillendirilen hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniňbozulmagy -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Adamyň ýeterlik kanuny esas bolmazdan maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilmegi, oňa maýyplyk derejesiniň we toparynyň bellenmegi, şonuň ýaly-da şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar adama ýigrenç duýgusy ýa-da başga duşmançylykly niýetler bilen edilen bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

296-njy madda. Durmuş hyzmaty edilýän raýatyň janyna we saglygyna howp salan netijelere getiren hereketleriň edilmegi

 

Durmuş hyzmaty ulgamynda işleýän adamlar, eger olaryň hereketi (hereketsizligi) durmuş hyzmaty edilýän raýatyň janyna we saglygyna howp salan netijelere ýa-da olaryň hukuklarynyň gaýry bozulmalaryna getiren bolsa, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

297-nji madda. Türkmenistanyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň subýektleri tarapyndan döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatdaky borçlaryň ýerine ýetirilmezligi, eger bu döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň meseleleri boýunça hukuklaryň we kanuny bähbitleriň bozulmagyna getiren bolsa, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ätiýaçlandyrýana ýa-da pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň beýleki subýektlerine maliýe jerimeleriniň bikanun ulanylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

298-nji madda. Ätiýaçlandyrýanlary hasaba almak, pensiýa gatançlaryny hasaplamak we tölemek tertibiniň bozulmagy, pensiýa gatançlaryny hasaplamagyň we tölemegiň beýannamasyny we hasabatlary bermek möhletiniň berjaý edilmezligi

 

1. Pensiýa gatançlaryny töleýjileri – ätiýaçlandyrylýanlary hasaba almagyň we hasapdan  aýyrmagyň, olaryň döwlet sanawyny ýöretmegiň, şonuň ýaly-da pensiýa gatançlaryny hasaplamagyň we tölemegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy, pensiýa gatançlaryny hasaplamagyň we tölemegiň beýannamalaryny we hasabatlary bermek möhletiniň berjaý edilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan bellenilen tertipde tutulyp alnan pensiýa gatançlarynyň üç senenama aýyň dowamynda birnäçe gezek tölenilmezligi ýa-da doly däl möçberde tölenilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Türkmenistanyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edaralaryna zerur resminamalaryň we başga maglumatlaryň bellenilen möhletlerde berilmezligi, şeýle hem şol maglumatlaryň ýoýlan görnüşde berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine, wezipeli adamlara – üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

299-njy madda. Pensiýa gatançlarynyň öz wagtynda hasaba alynmazlygy, maýa goýum girdejileriniň hasaplanylyp ýazylmazlygy

 

1. Ätiýaçlandyrylan adamlaryň atly pensiýa hasaplaryna pensiýa gatançlarynyň öz wagtynda (üç senenama aýynyň dowamynda iki we şondan köp gezek) geçirilmezligi, pensiýa maýasy barada maglumatlary ýöretmek tertibiniň bozulmagy, pensiýa maýasynyň indeksirlenilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Pensiýa toplamalarynyň maýa goýum girdejisiniň hasaplanyp ýazylmazlygy ýa-da onuň möçberleriniň peseldilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

300-nji madda. Salgyt beýannamasyny we hasabatlary bermek möhletleriniň bozulmagy

 

Нasapda duran ýeri boýunça salgyt gullugy edaralaryna salgyt beýannamasyny we hasabatlary bermegiň Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen möhletleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).

 

301-nji madda. Salgyt gözegçiligini amala aşyrmak üçin zerur maglumatlaryň  berilmezligi

 

Salgyt gözegçiligini amala aşyrmak üçin zerur resminamalaryň we başga maglumatlaryň Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen möhletlerde salgyt edaralaryna berilmezligi, şonuň ýaly-da şeýle maglumatlaryň doly däl we ýoýlan görnüşde berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine, wezipeli adamlara – üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).

 

302-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalaryň maglumat berýän taraplar ýa-da degişli ygtyýarlandyryjy edaralar tarapyndan bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – dördüsine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň alty aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

303-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

Türkmenistanyň Döwlet býujetini düzmek we ony tabşyrmak möhletleriniň, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişinde çykdajylar boýunça hasabatlylygyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden dördüsine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

 

304-nji madda. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Zähmet şertnamasyny baglaşmakdan esassyz ýüz dönderilmegi, zähmet şertnamasynyň bikanun bes edilmegi (ýatyrylmagy), mejbury ýa-da hökmany zähmetiň, aýal-gyzlaryň ýa-da on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagynyň gadaganlyklarynyň, esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça işiň çäklendirmeleriniň, işgärleriň we iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmek düzgünleriniň berjaý edilmändigi,maýyplygy bolan adamlaryň kemsidilmegi, işgäre düşýän iş hakynyň tölenilmezligi (doly däl görnüşde tölenilmegi) ýa-da bellenilen tertipde iş hakynyň ýa-da zähmet depderçesiniň berilmeginiň gijikdirilmegi, zähmet depderçesiniň bellenilmedik nusgasynyň resmileşdirilmegi, şonuň ýaly-da işgärleriň zähmet şertnamasynda bellenilen beýleki kepillikleriniň, hukuklarynyň ýa-da kanuny bähbitleriniň iş berijiler tarapyndan bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

2. Aýalyň göwreliligi bahana edilip, ony işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrylmagy, şonuň ýaly-da şol bahanalar bilen aýalyň işden esassyz çykarylmagy,

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

305-nji madda. Türkmenistanyň zähmeti goramak hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Iş beriji tarapyndan zähmeti goramagyň döwlet kadalaşdyrmalarynyň talaplarynyň, zähmeti goramak babatda işgärleriň hukuklaryny goramagyň döwlet kepillikleriniň, zähmeti goramagy üpjün etmek boýunça borçlarynyň berjaý edilmezligi, işgärleriň zähmetde şikes almagy netijesinde zähmete ukyplylygyny ýitirmeginiň öweziniň bellenilen kadalara laýyklykda dolunmagy, deslapky we döwürleýin lukmançylyk gözegçiligi, mugt hususy gorag we arassaçylyk serişdeleri, azyk we beýleki önümleri bilen üpjün edilmezligi, işgärleriň iş orunlarynda sagdyn we howpsuz zähmeti goramak şertleriniň üpjün edilmeginiň gaýry bozulmalary ýa-da köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara - onusyna, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Iş berijiler tarapyndan zähmeti goramak gullugynyň işgärlerine olara mahsus bolmadyk wezipeleriňýüklenilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Tehniki howpsuzlyk kadalaryny ýa-da zähmeti goramagyň başga kadalaryny berjaý etmek boýunça borçlar ýüklenen adam tarapyndan bu kadalaryň bozulmagy, eger munuň özi adamyň saglygyna ýeňil ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetirilmegine getiren bolsa ýa-da adamlar bilen betbagtçylykly ýagdaýlara getirip biljek bolsa,

binýatlyk mukdaryň bäşisinden on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň on bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Dag-magdan, gurluşyk ýa-da başga işler geçirilýän mahalynda howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy, eger munuň özi seresapsyzlyk zerarly adamlaryň saglygyna ortaça agyrlykda zyýan ýetirilmegine elten bolsa,

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda, 2014 ý., № 2, 79-njy madda).

 

306-njy madda. Köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) baglaşmak we ony ýerine ýetirmek tertibiniň bozulmagy

 

Köpçülikleýin şertnamany (ylalaşygy) baglaşmak, üýtgetmek ýa-da üstüni ýetirmek boýunça köpçülikleýin gepleşiklere gatnaşmakdan esassyz boýun gaçyrylmagy ýa-da ylalaşylan köpçülikleýin şertnama (ylalaşyga) gol çekmekden hukuga garşy ýüz öwrülmegi, köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) boýunça borçnamalaryň bozulmagy we ýerine ýetirilmezligi, köpçülikleýin gepleşikleri alyp barmak we köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin maglumatyň berilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

307-nji madda. Türkmenistanyň ilaty iş bilen üpjün etmek hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Iş bilen üpjün ediş gullugy ýa-da iş berijiler tarapyndan iş bilen üpjünçilik hakynda statistik maglumatlaryň ýaşyrylmagy we ýoýulyp görkezilmegi ýa-da ilaty iş bilen üpjün etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň gaýry bozulmalary, eger bu raýatlaryň zähmet çekmäge ýa-da durmuş taýdan goraglylyga bolan hukuklarynyň bozulmagyna getiren bolsa ýa-da ilaty iş bilen üpjün etmek işiniň kadaly alnyp barylmagyna päsgelçilik döreden bolsa, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, şonuň ýaly-da iş bilen üpjün ediş ygtyýarly edaranyň ýollamasy boýunça raýatlaryň iş berijiler tarapyndan esassyz sebäpler boýunça işe kabul edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär..

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

308-nji madda. Betnebislik bilen eden jenaýaty üçin iş kesilenlik aýyby aýrylmadyk adamyň maddy jogapkärçilik bilen baglanyşykly işe (gulluga) kabul edilmegi

 

Betnebislik bilen eden jenaýaty üçin iş kesilenlik aýyby aýrylmadyk adamyň döwlet kärhanalaryna, edaralaryna ýa-da guramalaryna maddy jogapkärçilik bilen baglanyşykly işe (gulluga) kabul edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

309-njy madda. Standartlaşdyrmak we önümleriň hili, ölçeg serişdelerini ulanmaga çykarmak hem-de saklamak we olardan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Standartlaşdyrmak we önümleriň hili, ölçeg serişdelerini ulanmaga çykarmak hem-de saklamak we olardan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy:

1) hili, düzümi we gaplanylyşy boýunça standartlaryň, tehniki şertleriň we nusgalaryň (etalonlaryň) talaplaryna laýyk gelmeýän önümleriň çykarylmagy (şol sanda abatlamakdan çykarylmagy) ýa-da iberilmegi (ýerlenilmegi);

2) standartlaryň talaplaryna laýyk gelmeýän konstruktorçylyk, tehnologik we taslama resminamasynyň buýruja ýa-da önümçilige berilmegi;

3) önüm daşalanda, saklananda we sarp edilende (peýdalanylanda) standartlaryň hem-de tehniki şertleriň berjaý edilmezligi, eger bu önümiň hiliniň peselmegine, zaýalanmagyna ýa-da kadadan artyk ýitgisine getirse;

4) döwlet sanawyna girizilmedik, döwlet synaglaryndan ýa-da metrologiýa hünär synagyndan geçmedik, şeýle hem barlanmadyk ýa-da barlagyň netijeleri boýunça gurat däl we nädogry ölçeg serişdeleriniň we standart nusgalarynyň dolanyşyga goýberilmegi we peýdalanylmagy;

5) ölçeg serişdelerini peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy;

6) harytlaryň dürli görnüşleri gaplananda we satylanda gaplara salnan harytlaryň mukdarynyň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmezligi;

7) söwda amallary geçirilende, maddy gymmatlyklar we energetik serişdeler hasaba alnanda önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiline täsir edýän esasy tehnologik tapgyrlaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynda bellenilen tertipde ölçeg serişdeleri bilen üpjün edilmezligi -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisine çenli, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama almazdan ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek, şeýle hem senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatdaky işleriň amala aşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

310-njy madda. Ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek tertibiniň bozulmagy

 

1. Ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş goragynyň üpjün edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

311-nji madda. Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama almazdan ätiýaçlandyrmak babatdaky işiň amala aşyrylmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine, ýuridik şahslara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ätiýaçlandyrmak babatdaky işi görnetin ygtyýarlylandyrylmadyk gurama bilen ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagy ýa-da ätiýaçlandyryş işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki talaplarynyň berjaý edilmezligi, eger bu fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna getiren bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine, ýuridik şahslara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

312-nji madda. Söwda we hyzmat etmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Söwdanyň we hyzmat etmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara – altysyndan on ikisine, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Harytlaryň, önümleriň, çig malyň, materiallaryň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti we ilata hyzmat etmek bilen meşgullanýan döwlet kärhanalarynyň ammarlaryndan, bazalaryndan, kömekçi jaýlaryndan ýa-da olaryň saklanylýan gaýry ýerlerinden ýerlenilmegi ýa-da olar öndürijiden saklanylýan, ýerlenilýän ýerine getirilýärkä ýerlenilmegi ýa-da harytlaryň, önümleriň, çig malyň, materiallaryň olaryň işgärleri tarapyndan sarp edijilerden gizlenilip saklanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Eger ýerlenilen ýa-da gizlenilip saklanylan harytlaryň, önümleriň, çig malyň, materiallaryň möçberi azyk önümleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden geçmeýän, beýleki harytlar, önümler, çig mal, materiallar boýunça bolsa görkezilen zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden geçmeýän halatynda şu maddanyň ikinji bölegi ulanylýar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda).

 

313-nji madda. Sarp edijileriň aldanylmagy

 

1. Harytlaryň ýerlenilmegini, işleriň ýerine ýetirilmegini we hyzmatlaryň edilmegini amala aşyrýan şahslar tarapyndan kem ölçenilmegi, kem çekilmegi, artyk hasaplanylmagy, harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp ediş alamatlaryna, hiline degişlilikde ýalňyşdyrylmagy ýa-da sarp edijileriň başga görnüşde aldanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden on ikisine, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Söwdanyň subýektleri tarapyndan durmuş taýdan ähmiýetli harytlara ýol berilýän aňryçäk bölek nyrhlaryň möçberiniň ýokarlandyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden sekizisine, ýuridik şahslara –sekizisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsinden sekizisine, wezipeli adamlara – sekizisinden on altysyna, ýuridik şahslara – ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Şu madda sarp edijileriň aldanylmagynyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on ikisine çenli bolan halatynda ulanylýar.

 

314-nji madda. Nagt pul amallaryny geçirmek tertibiniň bozulmagy

 

1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan söwda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleri, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanýanlar tarapyndan elektron gözegçilik-pulhana abzallaryny ulanmazdan nagt pul amallarynyň geçirilmegi ýa-da müşderä töleg resminamasyny bermekden ýüz dönderilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen işgärler we şahslar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň töleg serişdesi hökmünde peýdalanylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine, ýuridik şahslara – ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 6-njy madda).

 

315-nji madda. Alkogolly we temmäki önümleriniň söwdasynyň kadalarynyň bozulmagy

 

1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işgärleri ýa-da telekeçilik işi bilen meşgullanýanlar tarapyndan alkogolly içgiler, piwo, çakyr materiallarynyň we temmäki önümleriniň söwdasynyň kadalarynyň bozulmagy -

alkogolly içgileri, piwo, çakyr materiallaryny we temmäki önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň altysyna, wezipeli adamlara – ýigrimisine, ýuridik şahslara – ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Alkogolly içgileriň, piwo, çakyr materiallarynyň ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara we temmäki önümleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara satylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsinden on ikisine, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine, ýuridik şahslara – ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Alkogolly içgileriň, temmäki önümleriniň sarp ediş gabyny Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenen belgiler bilen belgilemezden ýa-da degişli maglumatlary ýerleşdirmezden, şol sanda aksiz belgileri bolmazdan olaryň ýerlenilmegi, şeýle hem ýerlemek maksady bilen bu harytlaryň saklanylmagy, daşalmagy ýa-da satyn alynmagy -

alkogolly içgileri we temmäki önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara - bäşisinden ýigrimisine, ýuridik şahslara - onusyndan kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Sarp ediş gaby aksiz belgiler bilen dogry belgilenmedik alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň ýerlenilmegi, şeýle hem ýerlemek maksady bilen bu harytlaryň saklanylmagy, daşalmagy ýa-da satyn alynmagy -

alkogolly içgileri we temmäki önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara - ýedisinden on bäşisine, ýuridik şahslara - on bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 10-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 107-nji madda).

 

3151-nji madda. Alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň sarp ediş gabyny belgilemegiň we maglumatlary ýerleşdirmegiň tertibiniň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alkogolly içgileriň, temmäki önümleriniň sarp ediş gabyny belgilemezden we oňa degişli maglumatlary ýerleşdirmezden öndürilmegi, üpjün edilmegi, şol sanda aksiz belgilerini ýerleşdirmegiň tertibiniň bozulmagy -

alkogolly içgileri we temmäki önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, ýuridik şahslara - ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Aksiz belgileri bilen belgilenmäge degişli bolan belgilenmedik alkogolly içgileri we temmäki önümlerini ýerlemek maksady bilen getirilmegi, satyn alynmagy, saklanylmagy ýa-da daşalmagy -

alkogolly içgileri we temmäki önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara - onusyndan ýigrimi bäşisine, ýuridik şahslara - ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 3151 maddasy 2015-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 10-njy madda.

 

3152-nji madda. Alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň sarp ediş gabyna ýerleşdirmek üçin aksiz belgilerini peýdalanmagyň tertibiniň bozulmagy

 

1. Alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň sarp ediş gabyna ýerleşdirmek üçin galp aksiz belgileriniň öndürilmegi ýa-da ýerlenilmegi -

administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyna, wezipeli adamlara - onusyndan ýigrimi bäşisine, ýuridik şahslara - ýigrimisinden ellisine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň sarp ediş gabyna ýerleşdirmek üçin görnetin galp aksiz belgileriniň ulanylmagy -

alkogolly içgileri we temmäki önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara - bäşisinden ýigrimisine, ýuridik şahslara - onusyndan kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Görnetin galp aksiz belgili alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň ýerlemek maksady bilen getirilmegi, saklanylmagy we daşalmagy -

administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyna, wezipeli adamlara - onusyndan ýigrimi bäşisine, ýuridik şahslara - ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 3152 maddasy 2015-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 10-njy madda.

 

316-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde alkogolly we düzüminde spirt bolan önümleriň söwdasyny etmegi çäklendirmek ýa-da gadagan etmek talaplarynyň bozulmagy

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde alkogolly we düzüminde spirt bolan önümleriň söwdasyny etmegi çäklendirmek ýa-da gadagan etmek barada talaplaryň söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işgärleri tarapyndan bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň on bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

317-nji madda. Türkmenistanyň ýaragyň dolanyşygy hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Ýaragyň, onuň düzüm bölekleriniň we komponentleriniň, şeýle hem onuň üçin ok-därileriň dolanyşygynyetmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

318-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde ýarag, güýçli täsir edýän himiki, zäherli maddalaryň söwdasyny etmegi çäklendirmek ýa-da gadagan etmek talaplarynyň bozulmagy

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde ýarag, güýçli täsir edýän himiki we zäherli maddalaryň söwdasyny etmegi çäklendirmek ýa-da gadagan etmek talaplarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

319-njy madda. Sarp edijilere kadalaşdyryjy resminamalary bolmadyk ýa-da olardan çykylyp taýýarlanylan önümleriň ýerlenilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi ýa-da hyzmatlaryň edilmegi

 

1. Hili we howpsuzlygy, üpjünçiligi, gaplanylyşy we belgilenilişi boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň we nusgalaryň (etalonlaryň) talaplaryna laýyk gelmeýän önümleriň söwda obýektlerine iberilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň sekizisinden ýigrimisine, ýuridik şahslara – ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Önümleriň hili we howpsuzlygy, üpjünçiligi, gaplanylyşy we belgilenilişi boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryndan çykylyp öndürilen harytlaryň satuwa göýberilmegi ýa-da ýerlenilmegi, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän pes hilli işleriň ýerine ýetirilmegi ýa-da hyzmatlaryň edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň altysyna, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimi sekizisine, ýuridik şahslara – ýigrimi sekizisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi ýa-da görkezilen hukuk bozulmalary bes etmek hakynda edilýän resmi talaba garamazdan olaryň dowam etdirilmegi ýa-da şeýle hukuk bozulmalaryň adamyň janyna, saglygyna, daşky gurşawa we emläge zyýan ýetirmegi ýa-da şeýle zyýanyň ýetirilmegine howp döretmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimi bäşisine, wezipeli adamlara – ýigrimi bäşisinden ellisine, ýuridik şahslara – ellisinden bir ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

320-nji madda. Bazarlarda söwda etmek kadalarynyň bozulmagy

 

1. Bazarlarda söwda etmek kadalarynyň bozulmagy, şol sanda harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek tertibiniň berjaý edilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisinden sekizisine, ýuridik şahslara – sekizisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Bazarlarda ýerleşdirmegiň çyzgysy bilen göz öňünde tutulmadyk söwda orunlarynyň gurnalmagy we berilmegi ýa-da ýerleşdirmegiň şeýle çyzgysynyň ýoklugy, şeýle hem söwda orunlaryny bermek barada şertnama baglaşmazdan, şonuň ýaly-da söwda kadalary bilen bellenilen möhletden uzak möhlete söwda ornunyň berilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Bazarlarda söwda orunlaryny bermegiň bellenilen tertibiniň bozulyp, söwda ornuny bermekden ýüz dönderilmegi ýa-da onuň berilmeginden bikanun ýüz dönderilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsine, ýuridik şahslara –onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Satyjylaryň ýa-da söwda orunlaryny bermek barada şertnamalaryň hasabyny ýöretmekden boýun gaçyrylmagy, şonuň ýaly-da satyjylaryň ýa-da söwda orunlaryny bermek barada şertnamalaryň hasabyna ýazgylaryň nädogry girizilmegi ýa-da wagtynda girizilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden üçüsine, ýuridik şahslara – bäşisinden ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

321-nji madda. Töleg kartlaryny kabul etmek tertibiniň bozulmagy

 

1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan söwda, jemgyýetçilik iýmiti we gaýry hyzmatlary edýän kärhanalaryň işgärleri, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar tarapyndan bank töleg kartlaryny kabul etmekden ýüz dönderilmegi, şonuň ýaly-da şeýle bank töleg kartlary ýa-da beýleki elektron töleg serişdeleri arkaly tölegiň amala aşyrylmagy üçin degişli enjamlaryň ornaşdyrylmazlygy –

fiziki şahslara – binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – altysyna, ýuridik şahslara altysyndan on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara – binýatlyk mukdaryň altysyna, wezipeli adamlara – on ikisine, ýuridik şahslara on ikisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

322-nji madda. Bellenilmedik ýerlerde elden alma söwdasynyň edilmegi ýa-da hyzmatlaryň hödürlenilmegi

 

1. Köçelerde, meýdanlarda, howlularda, jaýlarynyň girelgelerinde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilmedik beýleki ýerlerde elden alma söwdasynyň edilmegi ýa-da hyzmatlaryň hödürlenmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň senagat harytlary bilen edilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 10-njy madda).

 

323-nji madda. Önümleriň, çig malyň, materiallaryň bikanun alnyp gidilmegi ýa-da mallaryň çykarylmagy we sürülmegi

 

1. Türkmenistanyň çäginden daşary önümleriň, çig malyň we materiallaryň bikanun alnyp gidilmegi, şonuň ýaly-da mallaryň çykarylmagy ýa-da sürlüp alnyp gidilmegi -

bikanun  alnyp gidilýän harytlary, gaýry gymmatlyklary ýa-da sürülýän mallary tölegli alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da adamlaryň topary tarapyndan edilmegi -

bikanun  alnyp gidilýän harytlary, gaýry gymmatlyklary ýa-da sürülýän mallary tölegli alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

324-nji madda. Dükanlardan mala ýa-da guşa bermek üçin çörek hem-de beýleki azyk önümleriniň satylmagy ýa-da satyn alynmagy

 

Dükanlardan mala ýa-da guşa bermek üçin çöregiň, unuň, ýarmanyň hem-de beýleki azyk önümleriniň satylmagy ýa-da satyn alynmagy, şonuň ýaly-da dükanlardan satyn alnan bu önümleriň mala ýa-da guşa berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň birisine, wezipeli adamlara – birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

325-nji madda. Benziniň ýa-da beýleki ýangyç-çalgy materiallarynyň bikanun goýberilmegi ýa-da edinilmegi

 

Döwlet ýa-da jemgyýetçilik kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna degişli bolan benziniň ýa-da beýleki ýangyç-çalgy materiallarynyň bikanun goýberilmegi ýa-da edinilmegi -

binýatlyk mukdarynyň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

326-njy madda. Haryt nyşanynyň bikanun peýdalanylmagy

 

1. Kesekiniň haryt nyşanynyň, hyzmat ediş nyşanynyň, bellige alnan adynyň, şeýle hem harydyň ilkibaşda gelip çykan ýeriniň adynyň bikanun peýdalanylmagy ýa-da bu hukuklara eýe bolan şahsyň talap etmegi boýunça olary peýdalanmagyň bes edilmezligi, şonuň ýaly-da ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan ýüz dönderilmegi -

harytlary we gaýry närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

harytlary we gaýry närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň bäşisi, wezipeli adamlara – onusy möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

 

327-nji madda. Söwda geleşiklerini geçirmek tertibiniň bozulmagy

 

Söwda geleşikleriniň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hökmany hasaba alynmagynyň we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki tertibiniň olara gatnaşyjylar tarapyndan bozulyp geçirilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdarynyň bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

328-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň wagyz edilmegi we bikanun mahabatlandyrylmagy

 

1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň wagyz edilmegi, şonuň ýaly-da olaryň bikanun mahabatlandyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanda gözegçilige degişli bolan neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň lukmançylyk we melhemçilik işgärleri üçin niýetlenilen ýöriteleşdirilmedik çap önümlerinde mahabatlandyrylmagy, şonuň ýaly-da mahabatlandyrmak maksatlary bilen düzüminde neşe serişdeleri we psihotrop maddalary bolan dermanlaryň nusgalarynyň ýaýradylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň bäşisi, wezipeli adamlara – onusy möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 12-nji madda).

 

3281-nji madda. Temmäki önümleriniň mahabatlandyrylmagy, sarp edilmeginiň höweslendirilmegi we olara hemaýatkärlik edilmegi

 

1. Temmäki önümleriniň sarp edilmegini azaltmak maksady bilen edilýän talaplaryň bozulmagy, ýagny:

1) temmäki önümleriniň islendik görnüşde we islendik keşpde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şeýle hem söwda ýerlerinde mahabatlandyrylmagy;

2) temmäki önümleriniň ilatyň arasynda mugtuna, şol sanda sowgatlar görnüşinde ýaýradylmagy;

3) temmäki önümleriniň bahasyna islendik usullarda indirimleriň ulanylmagy;

4) temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin, şeýle harytlar öndürilende temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň beýleki görnüşleri üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň peýdalanylmagy, şeýle hem temmäki önümleri bolup durmaýan, ýöne olarda temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň ulanylan harytlarynyň lomaý we bölek söwdasy;

5) harytlaryň lomaý we bölek söwdasynda temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň başga görnüşleri öndürilende temmäki önüminiň peýdalanylmagy we oňa meňzedilmegi;

6) gatnaşylmagynyň şerti temmäki önümleriniň edinilmegi bolup durýan ýa-da olarda temmäki önümleri baýrak hökmünde bellenilýän çäreleriň (şol sanda lotereýalaryň, bäsleşikleriň, oýunlaryň) guralmagy we geçirilmegi;

7) haýyr-sahawat işi amala aşyrylanda temmäki senagatyna (gurama) degişli firma atlarynyň, haryt nyşanlarynyň we hyzmat ediş nyşanlarynyň, şeýle hem täjirçilik belgileriniň ulanylmagy;

8) temmäki önümleri babatda hemaýatkärlik edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 3281 maddasy 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 12-nji madda.

 

329-njy madda. Sarp edijileriň hukuklarynyň bozulmagy

 

1. Taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satyjy) tarapyndan harydyň kemçiliklerini aradan aýyrmak, hyzmatlary we işleri ýerine ýetirmek möhletleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara – sekizisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Sarp edijileriň ýerlenilýän harytlar (işler, hyzmatlar), olaryň hili, görnüşi, olary taýýarlaýjy, ýerine ýetiriji we satyjy barada zerur hem-de anyk maglumatlary almaga bolan hukuklarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da alyjynyň satyn alan harydynyň hilini, üpjünçiligini, agramyny we nyrhyny barlamaga bolan hukuklarynyň çäklendirilmegi, söwda işgärleriniň olary howpsuz we dogry ulanmak kadalaryny düşündirmekden boýun gaçyrmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – dördüsine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Hili talaba laýyk gelmeýän, ýetmezçilikli harydyň (işiň, hyzmatyň) ýerlenilmegi bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan, kemçilikleri düzetmekden boýun gaçyrylmagy, şonuň ýaly-da olary çalyşmak we yzyna gaýtarmak tertibiniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – sekizisine, ýuridik şahslara – on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Harytlary satyjylar, hyzmatlary ýerine ýetirijiler tarapyndan harytlaryň (hyzmatlaryň) kepilliklerini üpjün etmek düzgünleriniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Satylan çylşyrymly-tehniki topardaky harydyň degişli tehniki pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň berilmezligi, olaryň nädogry resmileşdirilmegi ýa-da doly resmileşdirilmezligi, harydy taýýarlaýjynyň (işleri we hyzmatlary ýerine ýetirijiniň) kepillendirilen borçlaryna düzedişleriň girizilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

6. Sarp edijileriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki hukuklarynyň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.  

7. Sertifikasiýalaşdyryş edaralary, synag barlaghanalary (merkezleri) tarapyndan harytlary (hyzmatlary) sertifikasiýalaşdyrmak düzgünleriniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

18-nji bap. TARYHY WE MEDENI ÝADYGÄRLIKLERI GORAP SAKLAMAK, MEDENIÝET WE NEŞIRÝAT IŞI BILEN MEŞGULLANMAK ÇYGRYNDA ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

330-njy madda. Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak hem-de peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy

 

Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak hem-de peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, eger bu olaryň tebigy ýagdaýynyň üýtgemegine ýa-da olara zyýanly täsiriň ýetirilmegine getiren bolsa, -

fiziki şahslara duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden bäşisine, wezipeli adamlara – ikisinden sekizisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

331-nji madda. Türkmenistanyň gozgalýan medeni gymmatlyklaryny goramak, Türkmenistana getirmek ýa-da ondan alyp gitmek hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalar bozulyp, gozgalýan medeni gymmatlyklaryň Türkmenistana getirilmegi ýa-da ondan alnyp gidilmegi -

medeni gymmatlyklary muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Gozgalýan medeni gymmatlyklara eýeçilik hukugynyň bikanun berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Wagtlaýyn alnyp gidilen gozgalýan medeni gymmatlyklary gaýtaryp getirmek barada şertnamada bellenilen möhletde gozgalýan medeni gymmatlyklaryň gaýtarylyp getirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Bilermen iş toparlarynyň agzalary tarapyndan görnetin ýalan bilermen netijenamasynyň berilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

332-nji madda. Audio, wideo- we kino önümlerini, sazly, sesli we beýleki eserleri taýýarlamak, medeniýet we sungat çygryndaky iş bilen meşgullanmak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Audio, wideo- we kino önümlerini, sazly, sesli we beýleki eserleri taýýarlamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

audio, wideo- we kino önümlerini, sazly, sesli we beýleki eserleri, olary köpeltmegiň we ýaýratmagyň serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman ýa-da olary taýýarlamagyň serişdelerini tölegli alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden sekizisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Medeniýet we sungat çygryndaky, şeýle hem audio, wideo- we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly işi amala aşyrmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

audio, wideo- we kino önümlerini muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden sekizisine, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji–ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan işler amala aşyrylanda hyzmatlary we işleri ýerine ýetirmegiň hiline bildirilýän talaplaryň berjaý edilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – dördüsine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň birinji–üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, şonuň ýaly-da adamlaryň topary ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik adamlary çekmek bilen amala aşyrylmagy -

hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan emlägi muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

333-nji madda. Çaphana we neşirýat işleri bilen meşgul bolmak, çap ediji we köpeldiji enjamlary edinmek, ýerlemek, peýdalanmak, hasaba almak we saklamak tertibiniň bozulmagy

 

1. Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan çaphana we neşirýat işleri bilen meşgul bolmagyň, şonuň ýaly-da çap ediji we köpeldiji enjamlaryny edinmegiň, ýerlemegiň, peýdalanmagyň, hasaba almagyň we saklamagyňTürkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

taýýar önümleri, önümçilik enjamlaryny we çig mallary tölegli alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden dördüsine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde köpeldiji enjamy peýdalanmagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek barada talaplaryň bozulmagy -

köpeldiji tehnikany muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

19-njy bap. ŞAHSYÝETIŇ SAGLYGYNA, NAMYSYNA, MERTEBESINE HEM-DE KONSTITUSION HUKUKLARYNA WE AZATLYKLARYNA KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

334-nji madda. Urmak

 

Adamy urmak ýa-da başga hili zorlukly hereketler edip, onuň synasyna fiziki taýdan agyry ýetirmek, eger bu syna bilkastlaýyn şikes ýa-da saglyga başga zyýan ýetirilmegine, saglyga gysga wagtlaýyn zyýan ýetirilmegine ýa-da umumy işe ýarawlylyk wagtynyň birneme ýitirilmegine getirmedik bolsa -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

335-nji madda. Saglyga seresapsyzlyk bilen ortaça agyr şikes ýetirmek

 

Saglyga seresapsyzlyk bilen ortaça agyr şikesiň ýetirilmegi -

binýatlyk mukdaryň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

336-njy madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň janyny we saglygyny goramak boýunça borçlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi

 

Gulluk boýunça borçlar ýüklenen çagalar ýa-da ýetginjekler edarasynyň işgäri tarapyndan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň janyny we saglygyny goramak boýunça professional borçlaryň olara äsgermezlik edilmegi ýa-da päk ýürek bilen garalmazlygy netijesinde ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi, eger bu kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saglygyna ortaça agyrlykda şikes ýetirilmegine getiren bolsa -

ýörite hukugy iki ýyla çenli möhlete çäklendirip ýa-da çäklendirmän, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

337-nji madda. Töhmet

 

Töhmet atylmagy, ýagny başga adamyň namysyny we mertebesini kemsidýän ýa-da abraýyny gaçyrýan görnetin ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagy, eger bu zyýan ýetirilmegine getirmedik bolsa -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.  

 

338-nji madda. Masgaralamak

 

1. Adamy masgaralamak, ýagny başga adamyň namysyny we mertebesini uslypsyz görnüşde bilkastlaýynkemsitmek arkaly onuň ynjydylmagy, eger bu zyýan ýetirilmegine getirmedik bolsa -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.  

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar zyýan ýetirilmegine getirenýa-da köpçülikleýin çykyşda, köpçülige çykarylan eserde ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde amala aşyrylan bolsa -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.  

 

339-njy madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy

 

Başga adamyň şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän şahsy durmuşy barada maglumatlaryň onuň razylygy bolmazdan bikanun ýygnalmagy, saklanylmagy ýa-da ýaýradylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.  

 

340-njy madda. Hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlaryň syrynyň bozulmagy

 

Raýatlaryň hat alyşmagynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf, şeýle hem Internet üsti bilen berilýän beýleki habarlaryň syrynyň bilkastlaýyn bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.  

 

341-nji madda. Ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy

 

Ýaşaýyş jaýyna bikanun girilmegi ýa-da onda ýaşaýan adamyň erkiniň garşysyna edilen, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizliginiň başga hili bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.  

 

342-nji madda. Awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň, patent eýeleriniň hukuklarynyň bozulmagy

 

Awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň, şonuň ýaly-da awtorlygyň eýelenmegi, patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň, seleksiýanyň gazananlarynyň bikanun peýdalanylmagy, eger bu uly möçberde ýitgi çekilmegine getiren bolsa -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

343-nji madda. Perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi

 

Çaganyň perzentlige alynmagy barada habarly bolan adamlar tarapyndan çagany perzentlige alanlaryň erkiniň garşysyna çaganyň perzentlige alynmagynyň syrynyň aýan edilmegi ýa-da ýaýradylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

344-nji madda. Türkmenistanyň raýat ýagdaýy namalaryň ýazgylary hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

Nika baglaşmaga päsgel berýän ýagdaýlaryň gizlenilmegi ýa-da raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralaryna ýalan maglumatlaryň berilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

3441-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy

 

Adam söwdasynyň pidalarynyň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň janyna ýa-da saglygyna howp salyp biljek maglumatlaryň, ýagny adam söwdasynyň pidalary, olar babatda edilen jenaýatlar, amala aşyrylýan howpsuzlyk çäreleri barada maglumatlaryň bikanun ýaýradylmagy, ýaşyryn maglumatlaryň aýan edilmegi hem-de adam söwdasynyň pidalaryna kömek berilmezligi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Adam söwdasynyň pidasy onuň adam söwdasynyň pidasy bolmagy bilen şertlendirilen kanuna garşy hereketleri edendigi üçin, ol administratiw jogapkärçiliginden boşadylýar.

Kodekse 3441 maddasy 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 162-nji madda.

 

20-nji bap. JEMGYÝETÇILIK TERTIBINE KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

345-nji madda. Ownuk bozgakçylyk

 

Ownuk bozgakçylyk, ýagny jemgyýetçilik ýerlerinde hapa, paýyş sözleriň aýdylmagy, raýatlara göwnedegijilikli azar berilmegi we jemgyýetçilik tertibini hem-de raýatlaryň rahatlygyny bozýan beýleki hereketleriň edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

346-njy madda. Derbi-dagynlyga we raýatlary zorluk bilen göçürmäge, şeýle hem jemgyýetçilik tertibine hem-de adamlaryň howpsuzlygyna wehim salýan, ekstremizmi we terrorçylygy wagyz edýän ýa-da ilat arasynda dowul döretmäge, myş-myşlaryň we ýalan toslamalaryň ýaýradylmagyna gönükdirilen çagyryşlar bolan materiallaryň taýýarlanmagy, saklanmagy, ýaýradylmagy, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň bir wagtda köpçülikleýin bolmak ýa-da hereket etmek tertibiniň bozulmagy

 

1. Derbi-dagynlyga we raýatlary zorluk bilen göçürmäge, şeýle hem jemgyýetçilik tertibine ýa-da adamlaryň howpsuzlygyna wehim salýan, ekstremizmiň we terrorçylygyň ýüze çykmagyny wagyz edýän ýa-da ilat arasynda dowul döretmäge gönükdirilen çagyryşlar bolan materiallaryň dilden, golýazma, çap edilen, audio-wideoýazgylar görnüşlerinde ýaýratmak maksady bilen taýýarlanylmagy ýa-da saklanylmagy, şeýle hem ýaýradylmagy -

görkezilen materiallary we beýleki närseleri muzdsuz alyp, şeýle hem olary taýýarlamagyň we ýaýratmagyň serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisinden ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maksatlar üçin myş-myşlaryň we ýalan toslamalaryň ýaýradylmagy -

binýatlyk mukdaryň ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da adamlaryň topary tarapyndan edilmegi, şonuň ýaly-da bu hukuk bozulmalaryna kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň çekilmegi -

görkezilen materiallary we beýleki närseleri muzdsuz alyp, şeýle hem olary taýýarlamagyň we ýaýratmagyň serişdelerini muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ýedisinden on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

4. Jemgyýetçilik ýerlerinde köpçülikleýin çäreleri geçirmek tertibi berjaý edilmezden ol ýerlerde adamlaryň bir wagtda köpçülikleýin bolmagynyň ýa-da hereket etmeginiň özakymlaýyn guralmagy, olara gatnaşylmagy ýa-da şeýle çäreleriň guralmagy we geçirilmegi barada açyk çagyryşlaryň edilmegi, eger bu jemgyýetçilik ýerlerinde tertipsizligiň döredilmegine (şol sanda sesi güýçli çykýan gurallaryň peýdalanylmagy bilen), aragatnaşyk we beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň kadaly işlemegi, olara barylmagy, pyýadalaryň ýa-da ulag serişdeleriniň kadaly hereket etmegi üçin päsgelçilikleriň döredilmegine ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň beýleki bozulmalaryna getiren bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden dördüsine, ýuridik şahslara – onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, şonuň ýaly-da olaryň adamyň saglygyna ýa-da maddy taýdan zyýan ýetirilmegine getirmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara – dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da bir aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

347-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagy

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň rahatlygyny bozýan ýa-da hukuk tertibini bozmaga öjükdirýän hereketleriň edilmegi, şonuň ýaly-da öjükdiriji myş-myşlaryň ýaýradylmagy -

binýatlyk mukdaryň dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da otuz gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

348-nji madda. Terrorçylyga garşy ýa-da beýleki ýörite operasiýanyň hukuk düzgüniniň bozulmagy

 

1. Içeri işler edaralarynyň, beýleki hukuk goraýjy we harby edaralaryň işgärleriniň ýa-da harby gullukçylarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda terrorçylyga garşy ýa-da beýleki ýörite operasiýanyň hukuk düzgüni girizilen ýerlerde ýa-da obýektlerde bellenilen çäreleriň we wagtlaýyn çäklendirmeleriň berjaý edilmegi barada edýän kanuny talabyna tabyn bolunmazlygy -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Çäklerinde terrorçylyga garşy ýa-da beýleki ýörite operasiýanyň hukuk düzgüni girizilen ýerlere ýa-da obýektlere rugsatsyz barylmagy ýa-da barmaga synanyşylmagy, şonuň ýaly-da terrorçylyga garşy ýa-da beýleki ýörite operasiýanyň geçirilmegine päsgel berilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

3. Tele-, radio gepleşikleri, Internet habarlaryny we aragatnaşygyny amala aşyrýan ýa-da çap edilýän neşirleri goýberýän ýa-da ýaýradýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan terrorçylyga garşy ýa-da beýleki ýöriteoperasiýany beýan etmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen şertleriniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

 

3481-nji madda. Terrorçylygy aklamak

 

Terrorçylygyň we gaýry terrorçylykly işiň açyk aklanylmagy, şonuň ýaly-da milletçilik taglymynyň wagyz edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýedi gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kodekse 3481 maddasy 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan -Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda.

 

349-njy madda. Partlaýjy, radioaktiw we beýleki ekologiýa taýdan howply maddalar bilen iş alyp barmak düzgünleriniň bozulmagy

 

Partlaýjy, pirotehniki, radioaktiw, bakteriologik, himiýa we beýleki ekologiýa taýdan howply maddalary we galyndylary öndürmek, saklamak, gömmek, ýok etmek, peýdalanmak, ulagda daşamak ýa-da  olar bilen beýleki işleri alyp barmak düzgünleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden sekizisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmaga ýa-da ýuridik şahslaryň üç aýa çenli möhlete administratiw taýdan işiniň togtadylmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 29-njy madda).

 

350-nji madda. Ok atýan ýaragdan atmagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy

 

Ok atýan ýaragdan atmagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy, ýagny raýat we beýleki ýaragdan ilatly ýerlerde, şonuň ýaly-da ok atmak üçin ýörite bölünip berilmedik ýerlerde ýa-da ok atmak üçin ýörite bölünip berlen ýerlerde bellenilen tertibiň berjaý edilmezden ok atylmagy -

ýaragy we onuň üçin ok-därileri tölegli alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

351-nji madda. Asudalygyň bozulmagy

 

1. Gije (sagat 23-den ertir 7-ä çenli) asudalygyň bozulmagy, ýagny dürli dabaralar we baýramçylyklar geçirilende, şeýle hem öýlerde, jaýlaryň girelgelerinde we ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda, köçelerde, dynç alyş ýerlerinde hem-de beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde gaty sesli aýdym aýdylmagy, saz gurallarynyň çalynmagy, sesli duýduryjylaryň berilmegi, telewizoryň, radionyň, magnitofonlaryň we goh-galmagal döredýän, sesi güýçli çykýan beýleki gurallaryň peýdalanylmagy, ýaşaýyş jaýlarynda we olaryň daşynda gaýragoýulmasyz zerurlygy bolmazdan goh-galmagally işleriň geçirilmegi, şeýle hem adamlaryň kadaly dynç almagyny hem-de rahatlygyny bozýan şuňa meňzeş gaýry hereketleriň edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň on dört ýaşdan on alty ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilmegi-

ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

352-nji madda. Öýde taýýarlanylýan güýçli spirtli içgileriň edinilmegi

 

Samogonyň, üzüm we tudana aragynyň, braganyň hem-de öýde taýýarlanylýan beýleki güýçli spirtli içgileriň edinilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 bölerinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

353-nji madda. Öýde taýýarlanylýan güýçli spirtli içgileriň satmak maksady bolmazdan taýýarlanylmagy ýa-da saklanylmagy

 

Satmak maksady bolmazdan samogonyň, üzüm we tudana aragynyň, braganyň ýa-da öýde ýasalýan beýleki güýçli spirtli içgileriň, şonuň ýaly-da olary ýasamak üçin ulanylýan gurallaryň taýýarlanylmagy ýa-da saklanylmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

354-nji madda. Önümçilikde spirtli içgileriň içilmegi

 

1. Önümçilikde (iş orunlarynda, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň otaglarynda we çäginde) spirtli içgileriň içilmegi ýa-da işde serhoş ýagdaýda bolunmagy -

binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ussalaryň, bölüm, çalşyk, önümhana başlyklarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň özlerine tabyn bolan işgärler bilen önümçilikde spirtli içgileri içmäge gatnaşmagy ýa-da serhoş ýagdaýdaky işgärleri işden çetleşdirmek üçin olaryň çäre görmezligi, ýa-da özlerine tabyn işgärleriň işde spirtli içgileri içýän ýa-da işde serhoş ýagdaýda bolýan halatlaryny ýaşyrmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

355-nji madda. Jemgyýetçilik ýerlerinde spirtli içgileriň içilmegi ýa-da jemgyýetçilik ýerlerinde serhoş ýagdaýda peýda bolunmagy

 

1. Köçelerde, stadionlarda, seýilgählerde, seýil baglarynda, jemgyýetçilik ulagynyň ähli görnüşlerinde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde (bellenilen tertipde spirtli içgileri guýup satmaga rugsat berlen söwda hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary muňa girmeýär) spirtli içgileriň içilmegi ýa-da jemgyýetçilik ýerlerinde adam mertebesini we jemgyýetçilik ahlagyny masgaralaýan görnüşde – serhoş ýagdaýda peýda bolunmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Jemgyýetçilik ýerlerinde spirtli içgileriň içilendigi ýa-da jemgyýetçilik ýerlerinde serhoş ýagdaýda peýda bolunandygy üçin bir ýylyň dowamynda iki gezek administratiw temmisi berlen adam tarapyndan şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

4. On alty ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň jemgyýetçilik ýerlerinde serhoş ýagdaýda peýda bolmagy, şeýle hem olaryň şeýle ýerlerde spirtli içgileri içmegi -

ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

3551-nji madda. Mesgenleriň guralmagy ýa-da saklanylmagy

 

Spirtli içgileri içmek üçin mesgenleriň guralmagy ýa-da saklanylmagy, şonuň ýaly-da şu maksatlar üçin jaýlaryň yzygiderli berlip gelinmegi,

binýatlyk mukdaryň onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kodekse 3551 maddasy 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda.

 

3552-nji madda. Jemgyýetçilik ýerlerinde sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanylmagy

 

1. Jemgyýetçilik ýerlerinde sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanylmagy –

duýduryş berilmegine ýa-da ýigrimi dört sagatdan otuz alty sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi ‒

on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kodekse 3552 maddasy 2015-nji ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 140-njy madda.

 

356-njy madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň jemgyýete garşy hereketler etmäge çekilmegi

 

1. On sekiz ýaşyna ýeten adam tarapyndan kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň spirtli içgileri yzygiderli içmäge, seri dumanladyjy maddalary bikanun ulanmaga, sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanmaga çekilmegi,

binýatlyk mukdaryň onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň serhoş ýagdaýa ýetirilmegi -  

binýatlyk mukdaryň onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda)

 

357-nji madda. Humarly oýunlary oýnamak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Pul, zat we gaýry gymmatlyklary goýlup oýnalýan humarly oýunlara (kart, «oýmak» oýnamak we beýlekiler) gatnaşylmagy, şonuň ýaly-da sport ýaryşlarynda ýa-da beýleki ýaryşlarda hususy adamlaryň goýulýan puly kabul etmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da oýun esbaplaryny, şeýle hem oýunda goýlan puly, emlägi we gaýry gymmatlyklary muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryň bozulyp, humarly oýunlaryň guralmagy -

oýun esbaplaryny, şeýle hem oýunda goýlan puly, emlägi we gaýry gymmatlyklary muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisinden ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

358-nji madda. Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemek we okatmak barada borçlaryny ýerine ýetirmezligi

 

1. Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryny terbiýelemek we okatmak barada borçlaryny zandyýamanlyk bilen ýerine ýetirmezligi, şeýle hem şu Kodeksiň 351-nji maddasynyň ikinji böleginde, 355-nji maddasynyň dördünji böleginde, 368-nji maddasynyň üçünji böleginde we şu maddanyň ikinji we üçünji böleginde göz öňünde tutulanlardan başga hukuk bozulmalarynyň kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar tarapyndan edilmegi, şonuň ýaly-da olar tarapyndan esassyz sebäplere görä kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparyň çakylygy boýunça ol toparyň mejlisine barmakdan ýüz dönderilmegi -

ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. On alty ýaşa ýetmedik ýetginjekler tarapyndan lukman bellemezden neşe serişdeleriniň ulanylmagy -

ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. On dört ýaşdan on alty ýaş aralygyndaky ýetginjekler tarapyndan ownuk bozgakçylyk ýa-da bozgakçylyk edilmegi -

ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

359-njy madda. Ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutan adamlara kömek bermekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylmagy

 

Kömege ýa-da seredilmegine mätäç bolan ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutan adamlara kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukyply çagalar ýa-da perzentlige alnanlar tarapyndan kömek bermekden ýa-da olara seretmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

360-njy madda. Jelepçilik bilen meşgullanylmagy

 

Jelepçilik bilen meşgullanylmagy -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da otuz alty sagatdan altmyş sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

361-nji madda. Jelepçilik bilen meşgullanýan şahs bilen jyns gatnaşygynyň edilmegi  

 

Jelepçilik bilen meşgullanýan şahs bilen peşgeş töläp, jyns gatnaşygynyň edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýigrimi dört sagatdan otuz alty sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

21-nji bap. DOLANDYRYŞ TERTIBINE KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

362-nji madda. Türkmenistanyň döwlet sylaglary babatda bikanun hereketleriň edilmegi

 

Türkmenistanyň ordeni, medaly, hormatly adynyň döşe dakylýan we beýleki nyşanlary babatda bikanun hereketleriň edilmegi, ýagny hukugy bolmadyk adam tarapyndan olaryň dakynylmagy, bikanun saklanylmagy, şeýle hem daşky görnüşi boýunça olara meňzeşligi bolan döşe dakylýan we beýleki nyşanlaryň döredilmegi we taýýarlanylmagy, olar bilen raýat-hukuk geleşiginiň (sowgat etmek we beýlekiler) baglaşylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

3621-nji madda. Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny ulanmagyň tertibiniň bozulmagy

 

Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny – Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny ýa-da Türkmenistanyň Döwlet senasyny ulanmagyň tertibiniň bozulmagy ‒

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 3621 maddasy 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan -Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda.

 

363-nji madda. Türkmenistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen blanklary, möhürleri we beýleki göterijileri taýýarlamak, peýdalanmak, saklamak we ýok etmek tertibiniň bozulmagy

 

Türkmenistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen blanklary, möhürleri we beýleki göterijileri taýýarlamagyň, peýdalanmagyň, saklamagyň we ýok etmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

364-nji madda. Döwlet we gaýry edaralaryň we olaryň wezipeli adamlarynyň kanuny işine päsgel berilmegi

 

1. Döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýa-da gaýry guramalaryň kanuny işine päsgel berilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen edilmegi -

binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

3. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwlet wezipeli adamlarynyň ýa-da döwlet gullukçylarynyň mertebesiniň kemsidilmegi, ýagny olaryň hormatynyň görnetin peseldilmegi ýa-da abraýynyň gaçyrylmagy ýa-da şahsyýetine şek ýetirýän beýleki hereketleriň bilkastlaýyn amala aşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Döwlet wezipesini eýeleýän adamyň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe ekstremizm bilen bagly we jenaýat bolup durýan etmişleri edenligi barada görnetin ýalan günäkärlenilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda).

 

365-nji madda. Döwlet gözegçiligi ýa-da barlag-derňew hereketleri geçirilende kanuny işe päsgel berilmegi ýa-da olaryň işine bikanun gatyşylmagy

 

1. Gözegçilik ýa-da barlag-derňew hereketlerini amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edaralarynyň wezipeli adamlaryna ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgelçilik döredilmegi, ýagny işi hakynda zerur resminamalary, materiallary we maglumatlary bermekden, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan derňew, barlag, tükelleýiş we beýleki hereketleri geçirmäge goýbermekden ýüz döndirilmegi ýa-da olaryň amala aşyrylmagyna başga görnüşde päsgelçilik döredilmegi ýa-da nädogry maglumatlaryň berilmegi, şeýle hem olaryň işine bikanun gatyşylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden üçüsine, wezipeli adamlara –ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Döwlet gözegçilik ýa-da barlag-derňew işlerini amala aşyrýan edaralaryň we olaryň degişli wezipeli adamlarynyň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykda olaryň kanuny talaplarynyň, görkezmeleriniň, netijeleriniň we kararlarynyň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň garşylyk görkezmek bilen utgaşdyrylmagy, şonuň ýaly-da hukuk bozulmalaryny ýaşyrmak ýa-da beýleki bikanun maksatlar bilen edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

366-njy madda. Bilim işini alyp barmagyň we guramagyň talaplarynyň bozulmagy

 

1. Bilim çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen bilim işini alyp barmak talaplarynyň, şol sanda tölegli bilim hyzmatlaryny etmek düzgünleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Okuw meýilnamalaryna we dersleriň okuw maksatnamalaryna laýyklykda bilim maksatnamasynyň doly möçberde durmuşa geçirilmezligi ýa-da bilim ýa-da hünär derejesi barada döwlet nusgasyndaky resminamany bermekden bikanun ýüz dönderilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Bilim çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen bilim edaralaryna kabul etmek tertibiniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

367-nji madda. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň tapawutlandyryş belgileri we nyşanlary bolan geýim lybaslarynyň degişli hukugy bolmadyk adam tarapyndan geýilmegi

 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň tapawutlandyryş belgileri we nyşanlary bolan geýim lybaslarynyň degişli hukugy bolmadyk adam tarapyndan geýilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

368-nji madda. Ýörite gulluklaryň görnetin ýalandan çagyrylmagy

 

1. Içeri işler edaralarynyň ýangyndan goranmak, polisiýa, tiz kömek we beýleki ýörite gulluklaryň görnetin ýalandan çagyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da heläkçilikleriň, ýangynlaryň, tebigy betbagtçylyklaryň netijeleriniň ýok edilýän döwründe edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleriň on dört ýaşdan on alty ýaş aralygyndaky ýetginjekler tarapyndan edilmegi -

ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

369-njy madda. Ilaty pasportlaşdyrmak we pasport düzgüni kadalarynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek we bermek kadalarynyň, şonuň ýaly-da ýazga goýmagyň we ýazgydan çykarmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şahsyýeti ýa-da raýatlygy tassyklaýan Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny ýa-da beýleki resminamalary almak üçin görnetin ýalan maglumatlaryň berilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýaşa ýeten we pasport almaga hukugy bolan Türkmenistanyň raýatynyň pasportsyz ýa-da güýji hakyky bolmadyk pasport bilen, şonuň ýaly-da ýazgysyz ýa-da bellige aldyrmazdan ýaşamagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň birinji–üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

370-nji madda. Pasportyň bilkastlaýyn zaýalanylmagy ýa-da onuň harsallyk bilen ýitirilmegi

 

Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň bilkastlaýyn zaýalanylmagy, şeýle hem pasportyň harsal saklanyp, onuň ýitmegine getirmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

371-nji madda. Pasportsyz, şonuň ýaly-da pasportyna ýazgy edilmedik ýa-da hasaba alynmadyk adamlaryň ýaşamagyna bikanun rugsat berilmegi

 

1. Garamagynda ýa-da eýeçiliginde ýaşaýyş jaýlary ýa-da öýleri bolan ýuridik hem-de fiziki şahslar tarapyndan pasportsyz, şonuň ýaly-da pasportyna ýazgy edilmedik ýa-da hasaba alynmadyk adamlaryň ýaşamagyna rugsat berilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

372-nji madda. Pasportyň bikanun alynmagy ýa-da onuň bilen bikanun geleşikleriň amala aşyrylmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslar bolmazdan Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň raýatlaryň elinden alynmagy ýa-da onuň bilen bikanun raýat-hukuk geleşikleriniň (girewine goýmak we beýlekiler) amala aşyrylmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň jogapkär ýa-da wezipeli adamlar tarapyndan edilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

373-nji madda. Ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň bozulmagy ýa-da berjaý edilmezligi

 

1. Kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, daýhan birleşiklerinde we jemgyýetçilik birleşiklerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde, ammar jaýlarynda, umumy ýaşaýyş jaýlarynda, ýaşaýyş öýlerinde ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň bozulmagy ýa-da berjaý edilmezligi, şol sanda binalara, desgalara we gurluşlara barylýan geçelgeleriň, ýollaryň, girelgeleriň beklenilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Obýektler taslanylanda we gurlanda, şeýle hem durky täzelenende we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylanda taslama ýa-da taslaýyş kadalary arkaly göz öňünde tutulan ýangyna garşy göreş talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi, ýangyna garşy göreş abzallaryny, enjamlaryny, ýangynlary ýüze çykarmagyň we söndürmegiň awtomatiki serişdelerini peýdalanmak hem-de saklamak kadalarynyň bozulmagy, gurluşygy tamamlanan obýektleriň gutarylmadyk ýangyna garşy göreş çäreleri bilen ulanmaga girizilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara – ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Belli bir düzgünli häsiýetdäki ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň (ýangyn howply ýerlerde çilim çekilmegi we ot ýakylmagy, hünärmentçilik usulynda taýýarlanan elektrik we gaz enjamlarynyň ulanylmagy, elektrik we gaz enjamlarynyň ulanyş düzgünleriniň bozulmagy, halas ediş çykalgalarynyň düýpli ýa-da berk beklenilmegi, içki ýangyna garşy suw üpjünçiliginiň harsal ýagdaýda saklanylmagy, ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen doly üpjün edilmezligi, degişli rugsatlar bolmazdan ot bilen baglanyşykly işleriň geçirilmegi we başgalar) bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň birinji–üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy, eger bu emlägiň zaýalanmagyna ýa-da ýok edilmegine, şonuň ýaly-da adamyň saglygyna şikes ýetirilmegine getiren bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

374-nji madda. Hökmany döwlet goragyna degişli desgalaryň goragynyň üpjün edilmezligi

 

1. Hökmany döwlet goragyna degişlidigi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan desgalaryň, şol sanda edara binalarynyň we beýlekileriň goragynyň kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan üpjün edilmezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

375-nji madda. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-däreleri edinmek, saklamak we götermek tertibiniň bozulmagy

 

1. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri edinmek, saklamak we götermek tertibiniň bozulmagy, ýagny ygtyýarly döwlet edarasynyň rugsatnamasy bolmazdan olaryň satyn alynmagy, saklanylmagy we göterilmegi ýa-da raýat ýaragyny bellige aldyrmak (gaýtadan bellige aldyrmak) möhletleriniň ýa-da ýaşaýyş ýeri üýtgän halatynda ony hasaba goýdurmak kadalarynyň berjaý edilmezligi, şonuň ýaly-da raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň bikanun daşalmagy, kolleksionirlenmegi, görkezilmegi, başga adama berilmegi, satylmagy ýa-da başga görnüşde aýrybaşgalanmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri tölegli alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri tölegli alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

376-njy madda. Raýat ýaragy we onuň üçin ok-därileri saklamak ýa-da daşamak kadalarynyň bozulmagy

 

1. Ygtyýarly döwlet edarasynyň rugsatnamasy bolan fiziki şahslar tarapyndan raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri saklamak ýa-da daşamak kadalarynyň bozulmagy -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň tölegli alynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri tölegli alyp, binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýat we gulluk ýaraglaryny götermek, saklamak we peýdalanmak rugsat berlen döwlet edaralarynyň olary hem-de olaryň ok-därilerini abat saklamaga jogapkär wezipeli adamlary we beýleki ýuridik şahslaryň işgärleri tarapyndan şolary saklamak ýa-da daşamak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem olar tarapyndan ýaraglaryň we olar üçin ok-därileriň niýetlenen ugrundan başga maksatlar üçin peýdalanylmagy -

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

377-nji madda. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri ýerlemekden boýun gaçyrylmagy

 

Raýat ýaragyny edinmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarynyň ýitirilmegi bilen baglanyşykda ygtyýarly döwlet edarasynyň ýatyrylan rugsatnamasy boýunça raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri ýerlemekden ýa-da başga görnüşde aýrybaşgalamakdan boýun gaçyrylmagy -

raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri tölegli alyp, binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

378-nji madda. Gulluk we jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän içeri işler edaralarynyň işgäriniň, harby gullukçynyň ýa-da beýleki adamlaryň kanuny görkezmesine ýa-da talabyna bilkastlaýyn boýun bolunmazlygy

 

1. Gulluk borjuny ýerine ýetirýän içeri işler edaralarynyň işgäriniň, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik tertibini goramak hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça gulluk we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýän harby gullukçynyň we beýleki adamlaryň kanuny görkezmesine ýa-da talabyna bilkastlaýyn boýun bolunmazlygy, şeýle hem olaryň kanuny hereketine bilkastlaýyn päsgel berilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on iki sagatdan ýigrimi dört sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde amala aşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

379-njy madda. Administratiw gözegçilik kadalarynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen administratiw gözegçilik kadalarynyň bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde amala aşyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

380-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde gelmek, gitmek we ýaşamak barada aýratyn kadalaryň bozulmagy

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde gelmek we gitmek barada aýratyn kadalaryň bozulmagy, şonuň ýaly-da belli bir ýeri ýa-da ýaşaýan jaýyny (öýüni) taşlap gitmek gadagan edilen adamlar tarapyndan bu hereketleriň edilmegi, şeýle hem komendant sagady döwründe ýörite berlen rugsat haty ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasy bolmazdan raýatlaryň köçelerde, beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde ýa-da ýaşaýan jaýyndan daşarda bolmagy -

binýatlyk mukdaryň sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

3801-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi baradaky kadalaryň we düzgünleriň ýerine ýetirilmezligi

 

1. Türkmenistanyň ilatyny we çägini adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan borçlaryň ýerine ýetirilmezligi, şonuň ýaly-da zerur önümçilik obýektlerini, durmuş ýaşaýyş ulgamyny ýok etmelerden, heläkçiliklerden we weýrançylyklardan goramak baradaky kadalaryň we düzgünleriň ýerine ýetirilmezligi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – üçüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly netijelerini ýok etmek üçin niýetlenen güýçleriň we serişdeleriň taýýarlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleriň görülmezligi, şonuň ýaly-da niýetlenen güýçleriň we serişdeleriň adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilen çägine wagtynda iberilmezligi –

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara – altysyndan on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan ýigrimisine, ýuridik şahslara – on ikisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 3801 maddasy 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda.

 

381-nji madda. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň, Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamanyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň, bosgun şahsyýetnamasynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasynyň, bosgunyň ýol resminamasynyň bilkastlaýyn zaýalanmagy ýa-da olaryň harsallyk bilen ýitirilmegi

 

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň, Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamanyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň, bosgun şahsyýetnamasynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasynyň, bosgunyň ýol resminamasynyň bilkastlaýyn zaýalanmagy ýa-da olaryň harsallyk bilen ýitirilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

382-nji madda. Türkmenistanyň migrasiýa hakynda kanunçylygynyň bozulmagy

 

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan Türkmenistanyň migrasiýa hakynda kanunçylygynyň bozulmagy, ýagny milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ýa-da jemgyýetçilik hukuk tertibini goramagyň bähbitlerine ters gelýän hereketleriň edilmegi, şeýle hem eger ol ilatyň saglygyny we ahlaklylygyny, raýatlaryň we beýleki adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolan halatlarynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyny gödek ýa-da birnäçe gezek bozan bolsa, -

bäş ýyla çenli möhlete Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek bilen administratiw tertipde Türkmenistanyň çäginden çykarylmagyna eltýär.

Bellik

Şu Kodeksiň 78-nji, 82-86-njy, 337-338-nji, 346-349-njy, 351, 353-356-njy we 360-361-nji maddalarynda görkezilen etmişleriň (hereketiň ýa-da hereketsizligiň) edilmegi şu maddada göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryna getiren halatlarynda, şu maddanyň sanksiýasynda göz öňünde tutulan administratiw temmisionuň goşmaça görnüşi hökmünde ulanylyp bilner.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

383-nji madda. Türkmenistana gelmek, onda bolmak we ondan gitmek, şeýle hem Türkmenistanyňçäginden üstaşyr geçmek tertibiniň bozulmagy

 

1. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan Türkmenistanda bolmak tertibiniň bozulmagy, ýagny:

1) Türkmenistanda ýaşamaga hukuk berýän resminamasy ýa-da wizasy bolmazdan (wizanyň, ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti tamamlanandan soň, wizanyň, ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilenden soň, olaryň ýurduň çäginde bolmak möhleti gysgaldylandan soň we berlen wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama ýatyrylandan soň) ýaşamagy, şeýle hem hakyky däl resminamalar boýunça ýaşamagy;

2) wizanyň ýa-da ýaşamaga ygtyýarnamanyň möhletiniň  tamamlanmagyndan öň ony uzaltmak barada bellenilen tertipde ýüz tutmazlygy;

3) bikanun zähmet işiniň amala aşyrylmagy;

4) hereket etmegiň, ýaşalýan ýa-da bolunýan ýerini saýlap almagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilmezligi;

5) Türkmenistanda bolmaga hukuk berýän esaslar bilen kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy boýunça ýurtdan çykmakdan boýun gaçyrylmagy;

6) hasaba almagyň, hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy;

7) işleýän, ýaşaýan (bolýan) ýeriniň salgysy, familiýasy, ady, maşgala ýagdaýy, maşgala düzüminiň üýtgändigi, şahsyýetini tassyklaýan resminamalary çalşyrandygy,  şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň başga döwletiňraýatlygyna kabul edilendigi barada habar berilmezligi;

8) Türkmenistanda bolýan döwründe amala aşyrýan işleriniň Türkmenistana gelmegiň maksadyna gabat gelmezligi -

binýatlyk mukdaryň sekizisinden on altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da bäş ýyla çenli möhlete Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek bilen administratiw tertipde Türkmenistanyň çägindençykarylmagyna eltýär.

2. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan Türkmenistana gelmek, ondan gitmek we üstaşyr geçmek tertibiniň berjaý edilmezligi -

binýatlyk mukdaryň sekizisinden on altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da bäş ýyla çenli möhlete Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek bilen administratiw tertipde Türkmenistanyň çägindençykarylmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň on altysyndan otuz ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da bäş ýyla çenli möhlete Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek bilen administratiw tertipde Türkmenistanyň çägindençykarylmagyna eltýär.

 

384-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmek, onda bolmak we ondan gitmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek tertibiniňTürkmenistanda kabul edýän kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan adamlar tarapyndan bozulmagy

 

1. Daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanda kabul edýän ýa-da olara hyzmat etmegi üpjün edýän kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan adamlar tarapyndan Türkmenistanyň migrasiýa hakynda kanunçylygynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da şolar tarapyndan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmek, onda bolmak we ondan gitmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek tertibiniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly borçlaryň ýerine ýetirilmezligi, ýagny:

1) wizasy, ýaşamaga ygtyýarnamasy, işlemäge rugsatnamasy we beýleki resminamalary resmileşdirmegiňhem-de olary uzaltmagyň, hasaba almagyň, hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmagyň, olara hereket etmäge, ýaşaýan (bolýan), işleýän ýerini üýtgetmäge hukuk berýän resminamalary resmileşdirmegiň bellenilentertibiniň berjaý edilmezligi;

2) olaryň işleýän ýa-da ýaşaýan (bolýan) ýeriniň salgysynyň üýtgändigi barada habar bermezligi ýa-da öz wagtynda habar bermezligi;

3) Türkmenistanda bolmaga hukuk berýän resminamalarda kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen hasapdan çykarylmagynyň bellenilen tertibini bozmagy;

4) Türkmenistanyň çäginden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleriň görülmezligi -

5) iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygynyň berjaý edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň sekizisinden on altysyna, ýuridik şahslara – on altysyndan otuz ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň on altysyndan otuz ikisine, ýuridik şahslara – otuz ikisinden altmyş dördüsine çenli  möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryň talap etmegi boýunça daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar babatynda resminamalaryň we maglumatlaryň berilmezligi ýa-da wagtynda berilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň sekizisinden on altysyna, ýuridik şahslara – on altysyndan otuz ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 104-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

385-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmek, onda bolmak we ondan gitmek tertibiniň hususy işler boýunça olary Türkmenistanda kabul edýän fiziki şahslar tarapyndan bozulmagy

 

1. Daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hususy işler boýunça Türkmenistanda kabul edýän fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň migrasiýa hakynda kanunçylygynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmek, onda bolmak we ondan gitmek tertibiniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly borçlaryň ýerine ýetirilmezligi, ýagny:

1) wagtynda hasaba alynmagy, wizanyň möhletiniň we hasaba almagyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy, işlemäge rugsatnamalaryň resmileşdirilmegi, şeýle hem Türkmenistanda bolmaga hukuk berýän esaslar bilen kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen olaryň Türkmenistandan gitmeginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriňgörülmezligi;

2) ýaşaýyş jaýynyň, ulag serişdeleriniň berilmeginiň ýa-da olara beýleki hyzmatlaryň edilmeginiň bellenilen düzgünleriniň bozulmagy;

3) ýaşaýan (bolýan) ýeriniň salgysynyň üýtgändigi barada habar berilmezligi ýa-da wagtynda habar berilmezligi -

binýatlyk mukdaryň dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň sekizisinden on altysyna çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

386-njy madda. Daşary ýurt gämisiniň kapitany tarapyndan gämi ekipažynyň adamlarynyň kenara düşmegi üçin berilýän rugsatlaryň gaýtarylyp berilmezligi

 

Türkmenistanyň portunda duranda gämi ekipažynyň adamlarynyň kenara düşmegine we portuň hem-de port şäheriniň çäginde bolmagyna hukuk berýän rugsatlaryň daşary ýurt gämisiniň kapitany tarapyndan gözegçilik-geçiriş nokadyna gaýtarylyp berilmezligi -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

387-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçirmek düzgünleriniň gatnadyjylar tarapyndan bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň çägine gelmegiň bellenilen tertibiniň bozulyp, Türkmenistana gelmäge hukuk berýän degişli rugsatnamasy bolmazdan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çägine getirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň sekizisinden on altysyna, wezipeli adamlara – on altysyndan otuz ikisine, ýuridik şahslara – otuz ikisinden altmyş dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Halkara gatnawyny amala aşyrýan ulag ýa-da beýleki kärhana tarapyndan adamlaryň ulag serişdelerine bikanun girmeginiň ýa-da olar tarapyndan ulag serişdeleriniň bikanun Türkmenistana gelmek ýa-da ondan gitmek üçin peýdalanylmagynyň öňüni almak boýunça borçlaryna girýän çäreleriň görülmezligi, eger bu bir ýa-da birnäçe düzgün bozujylaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçirilmegine ýa-da oňa synanyşyk edilmegine getiren bolsa, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň on altysyndan otuz ikisine, ýuridik şahslara – otuz ikisinden altmyş dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Halkara gatnawyny amala aşyrýan fiziki şahslar tarapyndan adamlaryň ulag serişdelerine bikanun girmeginiň ýa-da olar tarapyndan ulag serişdeleriniň bikanun Türkmenistana gelmek ýa-da ondan gitmek üçin peýdalanylmagynyň öňüni almak boýunça borçlaryna girýän çäreleriň görülmezligi, eger bu bir ýa-da birnäçe düzgün bozujylaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçirilmegine ýa-da oňa synanyşyk edilmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň otuz ikisinden altmyş dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

388-nji madda. Serhet sebitine gelmegiň we onda bolmagyň kadalarynyň bozulmagy

 

Serhet sebitine gelmegiň we onda bolmagyň kadalarynyň bozulmagy –

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

(2017-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

3881-nji madda. Türkmenistanyň serhet gözegçiligi zolagynda, çäk deňzinde we içerki suwlarynda serhet düzgüniniň kadalarynyň bozulmagy

 

Türkmenistanyň serhet gözegçiligi zolagynda, çäk deňzinde we içerki suwlarynda, serhet derýalarynda, köllerinde we başga suw howdanlarynda serhet düzgüniniň kadalarynyň bozulmagy –  

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 3881 maddasy 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda.

 

389-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň bozulmagy

 

Adamlaryň, ulag serişdeleriniň Döwlet serhedinden geçmeginiň hem-de ýükleriň we zatlaryň serhediň üstünden geçirilmeginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhedinde hojalyk we beýleki işi alyp barmagyň kadalarynyň bozulmagy –

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

3891-nji madda. Gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň  bozulmagy

 

Gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň bozulmagy –

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 3891 maddasy 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda.

 

390-njy madda. Harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden bikanun geçirilmegi

 

1. Harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinden ýa-da başgabellenilen geliş ýerlerinden ýa-da gümrük gözegçiliginden sowa ýa-da gümrük edaralarynyň işleýän wagtyndan başga wagtda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi, şonuň ýaly-da görkezilen hukuk bozulmalaryny etmek arkaly ýa-da gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän halatynda olaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden hakykatdan geçirilmegine gös-göni gönükdirilen hereketleriň amala aşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende gizlin ýerleriň ýa-da harytlaryň ýüze çykarylmagyny kynlaşdyrýan başga usullaryň peýdalanylmagy ýa-da bir harytlara olaryň başga görnüşiniň berilmegi arkaly harytlaryň gümrük gözegçiliginden gizlenilmegi -

harytlary muzdsuz alyp ýa-da alman, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – on bäşisine, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Harytlar ýa-da ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine gelende ýa-da Türkmenistanyň gümrük çäginden gidende ýa-da içerki gümrük üstaşyryna rugsat alynmagy ýa-da onuň tamamlanmagy üçin, şeýle hem harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilende hakyky däl resminamalaryň berilmegi bilen ýük orunlarynyň sany, olaryň belgilenişi, harytlaryň atlary, agramy ýa-da göwrümi hakynda nädogry maglumatlaryň gümrük edarasyna habar berilmegi, şeýle hem bu maksatlar üçin galp kybaplaýyş serişdesiniň ýa-da başga harytlaraýa-da ulag serişdelerine degişli bolan hakyky kybaplaýyş serişdesiniň peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara – onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara –

on bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Şu Kodeksiň 390–391-nji, 394-nji we 405-nji maddalarynyň ulanylyş maksatlary üçin «hakyky däl resminamalar» diýlip, galp resminamalara, bikanun ýol bilen alnan resminamalara, nädogry maglumatlary saklaýan resminamalara, başga harytlara ýa-da ulag serişdelerine degişli bolan resminamalara we ýuridik güýji bolmadyk gaýry resminamalara düşünilýär.

(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, ___-nji madda).

 

391-nji madda. Harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň deklarirlenilmezligi ýa-da nädogry deklarirlenilmegi

 

1. Deklarirlenilmäge degişli harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň bellenilen görnüşde (dilden, ýazmaça ýa-da elektron) deklarirlenilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisindenonusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Harytlar ýa-da ulag serişdeleri deklarirlenilýän halatynda deklarant ýa-da gümrük dellaly (wekili) tarapyndan harytlar ýa-da ulag serişdeleri hakynda nädogry maglumatlaryň mälim edilmegi, eger şeýle maglumatlar gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylmagy ýa-da olaryň möçberiniň peseldilmegi üçin esas bolan bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – sekizisine, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Harytlar ýa-da ulag serişdeleri deklarirlenilýän halatynda deklarant ýa-da gümrük dellaly (wekili) tarapyndan harytlar ýa-da ulag serişdeleri hakynda nädogry maglumatlaryň mälim edilmegi, şeýle hem hakyky däl resminamalaryň berilmegi, eger bu Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň ýa-da çäklendirmeleriň ulanylmazlygy üçin esas bolup biljek bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna çenli, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

392-nji madda. Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegine gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmezligi

 

1. Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmezligi, ýöne şu Kodeksiň 391-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – sekizisine, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ýedisine, wezipeli adamlara – ýedisinden onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, ___-nji madda).

 

393-nji madda. Heläkçiligiň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri wagtynda çäreleriň görülmezligi

 

1. Heläkçiligiň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da harytlaryň eltilmegine, bellenilen ýerlerde durmagyna ýa-da gonmagyna päsgelçilik döredýän başga ýagdaýlar netijesinde harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedini hakyky kesip geçýän ýerinden gelýän ýerine çenli getirilmegi togtaýan, şeýle hem deňiz (derýa), howa gämisi Türkmenistanyň gümrük çäginde mejbury durýan ýa-da gonýan ýagdaýlarynda daşaýjy tarapyndan harytlaryň we ulag serişdeleriniň abatlygyny üpjün etmek üçin çäreleriň görülmezligi, şeýle hem bu ýagdaýlar, harytlaryň ýerleşýän ýeri hakynda ýakyndaky gümrük edarasyna haýal etmän habar berilmezligi, ýa-da gümrük edarasynyň talaby boýunça harytlary ýakyndaky gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerine ýa-da gümrük edarasy tarapyndan görkezilen başga ýere geçirilmezligi ýa-da olaryň daşalmagynyň üpjün edilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ýedisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – binýatlyk mukdaryň ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň, heläkçiligiň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da başga ýagdaýlar bolan halatynda içerki gümrük üstaşyryna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine laýyklykda harytlaryň daşalmagy babatda amala aşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

394-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirilende hakyky däl resminamalaryň berilmegi

 

Harytlar ýa-da ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilende gümrük edarasyna berilmegi üçin resminamalaryň deklarant ýa-da başga şahs tarapyndan gümrük dellalyna (wekiline) ýa-da başga şahsa berilmegi, eger bu gümrük dellaly (wekili) ýa-da başga şahs tarapyndan ol harytlar ýa-da ulag serişdeleri hakynda hakyky däl resminamalaryň ýa-da nädogry maglumatlaryň gümrük edarasyna habar berilmegine getiren bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

395-nji madda. Gümrük gözegçiligi astynda durýan gämä ýa-da başga ýüzüji serişdelerinegapdallanylmagy, şeýle hem gümrük gözegçiligi zolagynyň düzgüniniň bozulmagy

 

1. Gümrük gözegçiligi astynda durýan gämä ýa-da başga ýüzüji serişdelere gapdallanylmagy, ýöne şeýle gapdallamaga ýol berilýän halatlary muňa girmeýär, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – ýedisine, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Eger gümrük edarasynyň rugsady hökmany bolsa, şeýle rugsat bolmazdan harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň ýa-da şahslaryň, şol sanda döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň (gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary muňa girmeýär), gümrük gözegçiligi zolagynyň serhedinden ýa-da onuň çäklerinde geçirilmegi ýa-da önümçilik ýa-da başga täjirçilik işiniň amala aşyrylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – üçüsine, ýuridik şahslara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

396-njy madda. Harytlaryň ýa-da olaryň resminamalarynyň eltilmezligi, gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan berilmegi (geçirilmegi) ýa-da ýitirilmegi

 

1. Içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalýan ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň eltilmeli ýerine eltilmezligi, şeýle hem wagtlaýyn saklanylýan, gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen ýa-da gümrük ammarynda ýa-da erkin ammarda saklanylýan harytlaryň hukuk ýagdaýy bolan harytlaryň gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan berilmegi (geçirilmegi) ýa-da  ýitirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň sekizisine, wezipeli adamlara –ýigrimisine, ýuridik şahslara – kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalýan ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlara degişli bolan resminamalaryň niýetlenilen ýerine eltilmezligi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

397-nji madda. Içerki gümrük üstaşyrynyň ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgüniniň tertibiniň berjaý edilmezligi

 

Daşaýjy tarapyndan içerki gümrük üstaşyrynyň ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgüniniň gümrük edarasy tarapyndan bellenilen möhletiniň ýa-da harytlary daşamagyň gümrük edarasy tarapyndan kesgitlenilen ugrunyň berjaý edilmezligi, şeýle hem harytlaryň eltilmeli ýer hökmünde gümrük edarasynyň kesgitläninden başga gümrük gözegçiligi zolagyna eltilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

398-nji madda. Kybaplaýyş serişdelerini ulanmak tertibiniň bozulmagy

 

Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan kybaplaýyş serişdeleriniň gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan ýok edilmegi, zaýalanmagy, aýrylmagy, üýtgedilmegi, çalşyrylmagy ýa-da ýitirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

399-njy madda. Gümrük deklarasiýasynyň ýa-da resminamalaryň we maglumatlaryň berliş möhletleriniň berjaý edilmezligi

 

1. Döwürleýin wagtlaýyn deklarirlenilende doly gümrük deklarasiýasyny bermegiň bellenilen möhletleriniň berjaý edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyna, ýuridik şahslara - ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Deklarirlemegiň harytlar hakykatda alnyp gidilenden soň amala aşyrylýan halatlarynda gümrük deklarasiýasyny bermegiň bellenilen möhletleriniň bozulmagy -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Gümrük deklarasiýasynda mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalaryň, eger şeýle resminamalar gümrük deklarasiýasy bilen bir wagtda berilmedik bolsa, ýa-da doly däl gümrük deklarasiýasy berlen halatlarda ýetmeýän maglumatlaryň ýa-da gümrük deklarasiýasynda we başga gümrük resminamalarynda mälim edilen maglumatlaryň dogrudygyny barlamak maksady bilen gümrük gözegçiligi geçirilende gümrük edarasy tarapyndan soralan resminamalaryň bellenilen möhletde berilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ýedisine, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

400-nji madda. Gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan ýük we beýleki operasiýalaryň geçirilmegi

 

1. Gümrük edarasynyň rugsady hökmany bolan halatlarda gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň şeýle rugsat bolmazdan düşürilmegi, ýüklenilmegi, düşürip ýüklenilmegi we gaýry ýük operasiýalarynyň geçirilmegi, daşamak üçin kabul edilmegi, şeýle harytlardan nusgalaryň we nusgalyklaryň alynmagy ýa-da görkezilen harytlaryň ýerleşip biljek jaýlarynyň ýa-da başga ýerleriň açylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistana getirilmegi gadagan edilen harytlaryň düşürilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň düşürip ýüklenilmegi hakynda gümrük edarasyna habar berilmezligi, eger şeýle habary bermek hökmany bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – ýedisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

401-nji madda. Harytlary saklamaga ýerleşdirmek, olary saklamak ýa-da olar bilen operasiýalary geçirmek tertibiniň bozulmagy

 

Harytlary gümrük ammaryna, wagtlaýyn saklanylýan ammara, erkin ammara ýa-da alyjynyň ammaryna ýerleşdirmegiň bellenilen talaplarynyň we şertleriniň ýa-da olaryň saklanylyş şertleriniň bozulmagy, şeýle hem gümrük edarasynyň rugsady hökmany bolmaly halatlarda şeýle rugsat bolmazdan olar bilen ýa-da wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň hukuk ýagdaýy bolan harytlar bilen şeýle harytlaryň ýagdaýynyň üýtgemegine ýa-da olaryň gaplanyşynyň bozulmagyna ýa-da goýlan kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgemegine eltýän operasiýalaryň geçirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

402-nji madda. Gümrük edarasyna hasabatlylygyň berilmezligi

 

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, bellenilen möhletde gümrük edarasyna hasabatlylygyň berilmezligi, şeýle hem nädogry maglumatlary saklaýan hasabatlylygyň berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

403-nji madda. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylyş möhletleriniň bozulmagy

 

Harytlaryň wagtlaýyn saklanylyş möhletleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

404-nji madda. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň alnyp gidilmezligi ýa-da yzyna getirilmezligi

 

Fiziki şahslar tarapyndan wagtlaýyn getirilen harytlaryň we ulag serişdeleriniň bellenilen möhletlerde Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmezligi, şonuň ýaly-da wagtlaýyn alnyp gidilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany yzyna getirmäge degişli harytlaryň wagtynda Türkmenistanyň gümrük çägine yzyna getirilmezligi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

405-nji madda. Gümrük düzgüniniň şertleriniň we talaplarynyň berjaý edilmezligi

 

1. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly ýa-da kem-käsleýin boşatmagy ýa-da tölenen pul möçberlerini yzyna gaýtaryp bermegi ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary ýa-da çäklendirmeleri ulanmazlygy göz öňünde tutýan gümrük düzgünine harytlary ýa-da ulag serişdelerini ýerleşdirmek şertleriniň harytlar ýa-da ulag serişdeleri hakynda nädogry maglumatlaryň, şeýle hem hakyky däl resminamalaryň olar deklarirlenilende berilmegi arkaly berjaý edilmezligi, eger şeýle maglumatlar we resminamalar harytlary ýa-da ulag serişdelerini görke-zilen gümrük düzgünine ýerleşdirmek üçin esas bolup biljek bolsa, -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýerleşdirilen gümrük düzgünini bozmak bilen harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň peýdalanylmagy ýa-daolara ygtyýarlyk edilmegi, şol sanda harytlar ýa-da ulag serişdeleri babatda eýelik etmek, peýdalanmak ýa-da olara ygtyýarlyk etmek hukugyny başga şahsa geçirmek arkaly, eger muňa gümrük düzgünine laýyklykda ýol berilýän bolsa, gümrük düzgünini ulanmak hukugynyň gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan ýa-da gümrük edarasyna ýazmaça habar bermezden geçirilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Tamamlanmagy babatda talap bellenen gümrük düzgüniniň bellenilen möhletlerde tamamlanmazlygy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine, ýuridik şahslara – onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

406-njy madda. Şertli goýberilen harytlaryň bikanun peýdalanylmagy ýa-da olara bikanun ygtyýarlyk edilmegi ýa-da gozgamasyz edilen harytlaryň bikanun peýdalanylmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça ýeňillikler berlen şertli goýberilen harytlaryň ýa-da bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilişini tassyklaýan maglumatlar we resminamalar berilmezden goýberilen harytlaryň bellenilen gadaganlyklar ýa-da çäklendirmeler bozulyp, peýdalanylmagy, peýdalanylmaga ýa-da eýelik edilmegine geçirilmegi ýa-da olara başga usullar bilen ygtyýarlyk edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň sekizisine, wezipeli adamlara – on bäşisine, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Gümrük gözegçiligi geçirilende gozgamasyz edilen harytlaryň gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyna, wezipeli adamlara – on bäşisine, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

407-nji madda. Gümrük töleglerini tölemek möhletleriniň bozulmagy

 

Harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen bagly tölenilmäge degişli gümrük töleglerini tölemek möhletleriniň bozulmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

408-nji madda. Möhre (plomba) bilkastlaýyn zeper ýetirilmegi ýa-da onuň goparylmagy

 

Ygtyýarly edilen wezipeli adam tarapyndan goýlan möhre (plomba) bilkastlaýyn zeper ýetirilmegi ýa-da onuň goparylmagy (şu Kodeksiň 241-nji maddasynyň ikinji böleginde, 242-nji maddasynyň birinji böleginde we 398-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär) -

binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

409-njy madda. Harby wekilligiň çagyryşyna gelmezligi

 

Harby wekilligiň çagyryşy boýunça raýatlaryň çagyryş nokadyna ýazylmak üçin esassyz sebäplere görä gelmezligi -

duýduryş berilmegine eltýär.

 

410-njy madda. Çagyryş nokadyna ýazylmaga degişli ýetginjekleriň sanawlarynyň harby wekilliklere ýazylyp berilmezligi

 

1. Geňeşleriň, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmak işini amala aşyrýan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýa-da harby hasap işine jogapkär bolan beýleki wezipeli adamlarynyň hem-de öý eýeleriniň çagyryş nokadyna ýazylmaga degişli ýetginjekleriň sanawlaryny harby wekilliklere bellenilen möhletde ýazyp bermezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

411-nji madda. Harby hasapda durmaýan çagyryşa degişli raýatlaryň we harby borçlularyň hem-de harby gulluga çagyrylýanlaryň işe kabul edilmegi

 

1. Ýaşaýan ýeri boýunça harby hasapda durmaýan çagyryşa degişli raýatlary we harby borçlulary hem-de harby gulluga çagyrylýanlary kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýa-da beýleki wezipeli adamlarynyň işe (okuwa) kabul etmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

412-nji madda. Harby borçlulary we harby gulluga çagyrylýanlary harby wekilliklere çagyrylýandygy barada habarly etmegi üpjün etmezligi

 

1. Harby wekillikleriň talap etmegine görä kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýa-da harby hasap işi üçin jogapkär bolan beýleki wezipeli adamlarynyň harby borçlularyň we harby gulluga çagyrylýanlaryň olaryň harby wekilliklere çagyrylýandygy barada habarly etmegi üpjün etmezligi ýa-da raýatlaryň ýygnanyşyk nokatlaryna ýa-da çagyryş nokatlaryna öz wagtynda gelmegine päsgel bermegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

413-nji madda. Harby borçlularyň we harby gulluga çagyrylýanlaryň ilkinji hasabyny ýöretmek üçin zerur bolan resminamalary öz wagtynda ýazyp bermezligi, şeýle hem olaryň harby wekilliklereçagyrylýandygy barada habar berilmezligi

 

1. Ýaşaýyş jaýlaryny ulanmak işini amala aşyrýan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýa-da harby hasap işine jogapkär bolan beýleki wezipeli adamlaryň, öý eýeleriniň harby wekilliklere hem-de ilkinji hasaby ýöretmek işi üstüne ýüklenen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna harby borçly we harby gulluga çagyryşa degişli raýatlary harby hasaba goýmagy ýa-da hasapdan çykarmagy resmileşdirmek we olary öý kitaplaryna, ýazylyş kartoçkasyna we harby hasap resminamalaryna (harby biletine, harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyna) girizmek üçin degişli maglumatlary we resminamalary öz wagtynda ýazyp bermezligi, şeýle hem olara harby wekilliklere çagyrylýandygy barada habar bermezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

414-nji madda. Harby borçlular we harby gulluga çagyrylýanlar barada maglumatlaryň habar berilmezligi

 

1. Maýyplygy ykrar edilen ýa-da aýrylan (maýyplygyň haýsy toparyna degişlidine garamazdan) harby hasapda durýan ýa-da onda durmaga borçly raýatlar barada maglumatlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparlarynyň wezipeli adamlarynyň şeýle maglumatlary etrap, etrap hukukly şäher harby wekilliklerine bermezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Raýat  ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary edaralaryň wezipeli adamlarynyň etrap, etrap hukukly şäher harby wekilliklerine harby borçlularyň we harby gulluga çagyrylýanlaryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgedenligi barada, raýat  ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna olaryň doglan güni hem-de ýeri hakynda üýtgetme girizilendigi barada, şeýle hem harby borçlularyň ýa-da harby gulluga çagyrylýanlaryň ölüminiň resmileşdirilen halatlary barada maglumatlaryň habar bermezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,3 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

415-nji madda. Harby hasap kadalarynyň bozulmagy

 

1. Türkmenistanyň ählumumy harby borçlulyk hakynda kanunçylygynda bellenilen harby hasap kadalarynyň harby borçlular we harby gulluga çagyrylýanlar tarapyndan bozulmagy, şeýle hem olaryň harby wekilligiň çagyrmagy ýa-da harby wekiliň çagyryş haty boýunça esasly sebäbi bolmazdan gelmezligi ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysynyň, maşgala ýagdaýynyň, biliminiň, işleýän ýeriniň we wezipesiniň üýtgänligi barada özleriniň harby hasapda durýan degişli hasap edarasyna öz wagtynda habar bermezligi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

416-njy madda. Harby biletiniň, harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamanyň bilkastlaýyn zaýalanmagy ýa-da olaryň harsallyk bilen ýitirilmegi

 

1. Harby hasabat resminamalaryň (harby biletleriň, harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamalaryň) bilkastlaýyn zaýalanmagy ýa-da harsal saklanyp, olaryň ýitmegine getirmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

417-nji madda. Gidrometeorologik gözegçilikleri amala aşyrmak kadalarynyň we talaplarynyň bozulmagy

 

Gidrometerologik gözegçilikleri we olar bilen baglanyşyklylykda gidrometeorologik maglumatlary toplamak, işläp takyklamak, seljermek, saklamak we sarp edijilere bermek işlerini amala aşyrmak kadalarynyň we talaplarynyň bozulmagy, şeýle hem gyssagly maglumatlaryň ýoýulmagy, eglenilmegi we berilmeginiň üpjün edilmezligi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

418-nji madda. Sportuň göreş görnüşlerini we söweş usullaryny öwretmek kadalarynyň bozulmagy

 

Sportuň göreş görnüşlerini we söweş usullaryny öwredýän seksiýalaryny açmak ýa-da olara raýatlary kabul etmek barada bellenilen kadalaryň bozulmagy ýa-da seksiýalarda sport kadalary tarapyndan gadagan edilen tärleriň öwredilmegi, şeýle hem sportuň göreş görnüşleriniň we söweş usullarynyň degişli edaralardan rugsat almazdan baş-başdak öwredilmegi -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

22-nji bap. ADYL KAZYÝETLIGE KAST EDÝÄN ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY

 

419-njy madda. Kazyýete hormat goýulmazlygy

 

Şaýadyň, jebir çekeniň, hak isleýjiniň, jogap berijiniň ýa-da olaryň wekilleriniň kazyýete gelmekden boýun gaçyrmak ýa-da bu görkezilen adamlaryň we beýleki raýatlaryň kazyýet mejlisinde başlyklyk edijiniň buýrugyna boýun egmezlik görnüşinde kazyýete hormat goýmazlygy ýa-da kazyýet mejlisiniň tertibiniň bozulmagy, şonuň ýaly-da kazyny ýa-da kazyýetde bellenilen kadalary göz-görtele äsgermezlik edýändigine şaýatlyk edýän hereketleriň edilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

420-nji madda. Şaýadyň ýa-da jebir çekeniň deslapky derňew ýa-da anyklaýyş edaralaryna gelmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrmagy  

 

Şaýadyň ýa-da jebir çekeniň deslapky derňew ýa-da anyklaýyş edaralaryna gelmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

421-nji madda. Kazyýet oturdaşynyň kazyýete gelmegine päsgel berilmegi  

 

Kazyýet oturdaşynyň öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi üçin kazyýete gelmegine wezipeli adam tarapyndan haýsydyr bir görnüşde päsgel berilmegi -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

422-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy seretmäge bermek görnüşinde ätiýaçsyzlandyryşçäresi boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi

 

Kämillik ýaşyna ýetmedik güman edilýän, aýyplanýan ýa-da işi kazyýetde seredilýän adam babatda ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde kämillik ýaşyna ýetmedik adamy seretmäge bermek ulanylanda öz üstüne ýazmaça görnüşde borçnama alan ata-ene ýa-da olaryň ornuny tutýan adam ýa-da howandarlar, çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan  ol borçlaryň ýerine ýetirilmezligi -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

423-nji madda. Kazyýetiň hususy kesgitnamasy (karary) ýa-da kazynyň, anyklaýyş edarasynyň, sülçiniň, prokuroryň teklipnamasy boýunça çäre görülmezligi

 

Kazyýetiň hususy kesgitnamasynyň (kararynyň) ýa-da kazynyň, anyklaýyş edarasynyň, sülçiniň, prokuroryň teklipnamasynyň wezipeli adam tarapyndan garalman goýulmagy ýa-da olarda görkezilen kanunyň bozulmalaryny düzetmek barada çäre görülmezligi -

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

424-nji madda. Kazyýetiň bergidary belli bir hereketleri etmäge borçly edýän çözgüdiniň ýerine ýetirilmezligi

 

1. Kazyýetiň bergidary emlägi ýa-da belli bir möçberli puly bermek bilen baglanyşykly bolmadyk hereketleri etmäge borçly edýän çözgüdiniň ýerine ýetirilmezligi -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Kazyýetiň bergidary emlägi ýa-da belli bir möçberli puly bermek bilen baglanyşykly bolmadyk hereketleri etmäge borçly edýän çözgüdiniň ýerine ýetirilmegi üçin bellenilen möhletiň iki we şondan köp gezek bozulmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

4241-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň kanuny  talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi

 

1. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykdaky kanuny talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da olaryň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik döredilmegi –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Gulluk işi bilen baglanyşykly kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň masgaralanylmagy, fiziki garşylyk görkezilmegi ýa-da janyna, saglygyna, emlägine kast etmek barada haýbat atylmagy, kazyýet ýerine ýetirijisiniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel berýän beýleki hereketler, –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 4241 maddasy 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 124-nji madda.

 

4242-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň emläk tölegi bilen bagly bolmadyk kararynyň ýerine ýetirilmezligi

 

1. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň emläk tölegi ýa-da pul möçberleri bilen bagly bolmadyk kararynyň bellenen möhletinde ýerine ýetirilmezligi, –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan kararyň ýerine ýetirilmezligi üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, bir ýylyň dowamynda onuň gaýtadan ýerine ýetirilmezligi, –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara –  bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 4242 maddasy 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 124-nji madda.

 

4243-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan berlen emlägiň saklanmagyny üpjün etmek çäreleriniň görülmezligi

 

Kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan saklamaga berlen, gozgamasyz edilen emlägiň abat saklanylmagyny üpjün etmek borjunyň emlägi saklaýjy tarapyndan berjaý edilmezligi onuň harçlanmagyna, aýrybaşgalanmagyna ýa-da ýaşyrylmagyna getiren bolsa, –

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsine, wezipeli adamlara – bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 4243 maddasy 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 124-nji madda.

 

4244-nji madda. Ýerine ýetiriş resminamasynyň ýitirilmegi

 

Özüne gowşurylan ýerine ýetiriş resminamasynyň wezipeli adam tarapyndan ýitirilmegi, –

binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Kodekse 4244 maddasy 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 29-njy madda.

 

4245-nji madda. Çagalary ýa-da işe ýarawsyz ata-eneleri ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemekden boýun gaçyrmak

 

1. Ata-eneleriň kämillik ýaşyna ýetmedik, şonuň ýaly-da kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz çagalaryny, şeýle-de kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukyply çagalaryň zähmete ukypsyz ata-enelerini ekläp-saklamak üçin kazyýetiň çözgüdi ýa-da aliment tölemek hakynda notarial tertipde tassyklanan şertnama boýunça serişde tölemeklikden esasly sebäpler bolmazdan iki aý we şondan köp möhlet bilen boýun gaçyrmagy –

binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –

binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kodekse 4245-nji maddasy 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 30-njy madda.

 

425-nji madda. Hukuk tertibini we kanunylygy goramak boýunça borçlary ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň gullukçysynyň kanuny işine päsgel berilmegi

 

1. Kazyýet, prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk edaralarynyň, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň işgäriniň, şeýle hem harby gullukçylaryň kanunylygy we hukuk tertibini goramak boýunça gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel berilmegi, gulluk işini ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly olara haýbat atylmagy, garşylyk görkezilmegi, zorluk ulanylmagy ýa-da olaryň janyna, saglygyna we emlägine kast edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Kazynyň, prokuroryň, deslapky derňew we anyklaýyş işlerini alyp barýan wezipeli adamlaryň kanuny işine zerur resminamalary, materiallary, maglumatlary hem-de hünärmenleri bermekden, barlag ýa-da derňew geçirmekden, çakylyk boýunça gelmekden we kanunyň bozulmagy barada düşündiriş bermekden ýüz döndermek görnüşinde päsgel berilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalaryň kazy, prokuror, deslapky derňew we anyklaýyş işlerini alyp barýan wezipeli adamlar babatda edilmegi -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda)

 

426-njy madda. Administratiw we jenaýat işleri boýunça önümçiligi alyp barýan wezipeli adamyň kanuny işine päsgelçilik döredilmegi

 

Administratiwönümçiligi alyp barýan wezipeli adamyň kanuny işine päsgelçilik döredilmegi, ýagny iş boýunça önümçilige gatnaşýan şaýadyň, hünärmeniň görnetin ýalan düşündiriş, bilermeniň görnetin ýalan netijenamabermegi ýa-da terjimeçiniň görnetin nädogry terjimäni ýerine ýetirmegi, şonuň ýaly-da administratiw ýa-da jenaýat işleri boýunça önümçiliginde terjimeçiniň, bilermeniň ýa-da hünärmeniň borçlaryny ýerine ýetirmekden ýa-da çakylyk boýunça gelmekden bilkastlaýyn ýüz döndermegi ýa-da boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

427-nji madda. Eden-etdilik edilmegi

 

Eden-etdilik edilmegi, ýagny özüniň hakyky we çak edilýän hukugynyň baş-başdak, onuň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulyp amala aşyrylmagy, şunda fiziki ýa-da ýuridik şahslara düýpli zyýan ýetirilmese, -

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine, wezipeli adamlara –birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

4271-nji madda. Jemgyýetçilik işleri görnüşinde administratiw temmisinden bilkastlaýyn boýun gaçyrmagy

 

Jemgyýetçilik işleri görnüşinde administratiw temmisine çekilen adamyň olary ýerine ýetirmekdenbilkastlaýyn boýun gaçyrmagy –

on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kodekse 4271 maddasy 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda.

 

428-nji madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jenaýat jezasyny çekmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylmagy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jenaýat jezasy berlen adam tarapyndan ony çekmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

429-njy madda. Azatlykdan mahrum ediş, kesel bejeriş ýa-da dikeldiş edaralarynda saklanýan adamlara peýdalanmak gadagan edilen maddalaryň, önümleriň we närseleriň bikanun berilmegi ýa-da rugsatsyz alynmagy

 

1. Düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda ýa-da beýleki azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde, kesel bejeriş we dikeldiş edaralarynda saklanýan adamlara neşe serişdeleriniň, spirtli içgileriň, bu edaralarda peýdalanmak gadagan edilen beýleki dermanlyk preparatlaryň, maddalaryň, önümleriň we närseleriň berilmegi, şonuň ýaly-da olaryň gözden geçirişden gizlenilmegi ýa-da her hili usul bilen bermäge synanyşylmagy -

maddalary, önümleri we närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Düzediş edaralarynyň, derňew gabawhanalarynyň ýa-da beýleki azatlykdan mahrum ediş ýerleriniň, kesel bejeriş we dikeldiş edaralarynyň administrasiýasyndan rugsatsyz şol görkezilen edaralarda saklanýan adamlardan bu edaralarda peýdalanmak gadagan edilen maddalaryň, önümleriň we närseleriň alynmagy -

maddalary, önümleri we närseleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

430-njy madda. Kesel bejeriş ýa-da dikeldiş edaralarynyň rugsatsyz taşlanyp gidilmegi  

 

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesel bejeriş ýa-da dikeldiş edaralaryna iberilen adamlar tarapyndan ol edaralaryň rugsatsyz taşlanyp gidilmegi, şeýle hem kesel bejeriş ýa-da dikeldiş edaralaryna wagtynda barylmazlygy, şol sanda wagtlaýyn goýberilişden ýa-da rugsatdan wagtynda dolanylyp gelinmezligi -

binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

III BÖLÜM

ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIK

 

23-nji bap. ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIGI ALYP BARMAGYŇ ESASY DÜZGÜNLERI

 

431-nji madda. Administratiw önümçiligiň wezipeleri

 

Administratiw önümçiligiň wezipeleri: adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, her bir işiň ýagdaýlaryny wagtynda we doly anyklamakdan, ony Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözmekden, administratiw hukuk bozulmany eden şahsy ýüze çykarmakdan we ony administratiw jogapkärçiligine çekmekden, çykarylan kararyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekden, administratiw hukuk bozulmalaryny etmäge ýardam beren sebäpleri hem-de şertleri ýüze çykarmakdan, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakdan, şeýle hem raýatlary kanunlary berjaý etmek ruhunda terbiýelemekden we kanunylygy berkitmekden ybaratdyr.

 

432-nji madda. Administratiw önümçiligiň tertibi

 

Administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge hukuk berlen edaralarda administratiw önümçiligiň tertibi şu Kodeks we onuň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

 

433-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça maglumatlaryň aýan edilmeginiň ýol berilmezligi

 

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça maglumatlar administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň, şeýle maglumatyň jebir çekeniň şahsy bähbitlerine degýän halatlarynda bolsa, jebir çekeniň hem rugsat bermegi bilen we olaryň aýan edilmegi mümkin hasaplaýan möçberinde aýan edilip bilner.

 

434-nji madda. Haýyşnamalar

 

1. Administratiw önümçilige gatnaşýanlar bu iş önümçiliginde bolan edara haýyşnama bildirmäge haklydyrlar, oňa seredilmegi hökmandyr.

2. Haýyşnama ýazmaça görnüşde bildirilýär we haýal etmän seredilmäge degişlidir. Haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen halatynda degişli karar kabul edilýär.

 

435-nji madda. Administratiw önümçiligi aradan aýyrýan ýagdaýlar

 

Şu ýagdaýlar bar bolanda administratiw önümçilik başlanyp bilinmez, başlanan önümçilik bolsa bes edilmäge degişlidir:

1) administratiw hukuk bozulmanyň wakasynyň bolmazlygy;

2) administratiw hukuk bozulmanyň düzüminiň bolmazlygy;

3) adamyň bialaç zerurlyk ýagdaýynda hereket etmegi;

4) adamyň zerur goranyş ýagdaýynda hereket etmegi;

5) administratiw hukuk bozulmany eden pursadynda adamyň on alty ýaşyna ýetmändigi;

6) administratiw jogapkärçiligi göz öňünde tutulan kanuna garşy gelýän hereketi edýän wagtynda adamyň akyly düzüw däldigi;

7) administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýän pursadynda şu Kodeksiň 56-njy maddasynda göz öňünde tutulan möhletleriň geçmegi;

8) administratiw jogapkärçiligine çekilýän şahs babatda şol bir waka boýunça administratiw temmisini bermek hakynda kararyň ýa-da administratiw önümçiligi bes etmek hakynda ýatyrylmadyk kararyň bar bolmagy, şeýle hem şol waka boýunça jenaýat işiniň bar bolmagy;

9) özi babatda administratiw önümçilik başlanan adamyň aradan çykmagy.

 

436-njy madda. Administratiw önümçilikde kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiligi

 

1. Prokuror ygtyýarlyklarynyň çäklerinde administratiw önümçilikde kanun bozulmalary aradan aýyrmak boýunça öz wagtynda çäreler görýär we Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

2. Prokuroryň şulara hukugy bardyr:

1) administratiw önümçiligi gozgamaga;

2) administratiw hukuk bozulma barada işe seredilende gatnaşmaga;

3) işiň materiallary bilen tanyşmaga;

4) iş boýunça önümçilikde edaralaryň (wezipeli adamlaryň) hereketiniň kanunylygyny barlamaga;

5) işe seredilen wagtynda ýüze çykýan meseleler boýunça netije bermäge we haýyşnama bildirmäge;

6) administratiw hukuk bozulmalary üçin degişli edaralaryň (wezipeli adamlaryň) administratiw temmi çärelerini ulanyşynyň dogrulygyny barlamaga;

7) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara garşylyknama getirmäge, kararyň ýerine ýetirilmegini togtatmaga;

8) kanunda göz öňünde tutulan beýleki hereketleri etmäge.

3. Prokuroryň administratiw önümçiligi gozgamak hakynda şu Kodeksiň 533-nji maddasynda bellenilen möhletlerde karar kabul edilýär. Kararda şu Kodeksiň 531-nji maddasynda göz öňünde tutulan maglumatlar görkezilýär.

4. Kämillik ýaşyna ýetmedikler, göwreli aýallar, sekiz ýaşa çenli çagalary bolan aýallar, ýaşy boýunça pensiýa ýa-da durmuş kömek puluna hukugy bolan adamlar, I we II topar maýyplygy bolan adamlar babatda seredilýän administratiw hukuk bozulma barada işleriň, şeýle hem prokuroryň başlangyjy bilen gozgalan administratiw hukuk bozulma barada işleriň wagty we ýeri hakynda prokurora habar berilmelidir.

 

437-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça harajatlar

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça harajatlara şular girýär:

1) şaýatlara, güwälere, bilermenlere, hünärmenlere we terjimeçilere tölenen pullar;

2) maddy subutnamalary saklamaga, ibermäge, daşamaga we barlamaga harç edilen pullar.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça harajatlaryň öwezini dolmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça harajatlaryň mukdary çekilen harajatlary tassyklaýan we işe goşulýan resminamalar esasynda kesgitlenilýär.

 

438-nji madda. Jebir çekene, şaýada, güwälere, bilermene, hünärmene we terjimeçä tölenmäge degişli pullar

 

1. Jebir çekeniň, şaýadyň, bilermeniň, hünärmeniň, terjimeçiniň we güwäleriň administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edara gelmegi bilen baglanyşykda eden çykdajylary bellenilen tertipde tölenilýär.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edara çagyrylmagy we oňa gelmegi bilen baglanyşykda işde bolmadyk wagtlary üçin zähmet haky jebir çekeniň, şaýadyň, bilermeniň, hünärmeniň, terjimeçiniň we güwäleriň iş ýeri boýunça bellenilen tertipde tölenilýär.

 

24-nji bap. ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY BARADA IŞLERE SERETMÄGE YGTYÝARLY EDARALAR

 

439-njy madda. Administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge ygtyýarly edaralar

 

1. Şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere şu aşakdaky edaralar seredýärler:

1) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri;

2) administratiw toparlar;

3) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlar;

4) şu Kodeks tarapyndan hukuk berlen içeri işler edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýet we beýleki edaralar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge şu Kodeks bilen hukuk berlen edaralar administratiw hukuk bozulmalary barada işlere şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde seredýärler.

 

440-njy madda. Administratiw hukuk bozulmalary barada işlere kazyýetleriň seretmegi

 

1. Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler, kazyýet tejribesini öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmegini guraýarlar, kanunçylygy wagyz etmek we düşündirmek bilen meşgullanýarlar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlarynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň kazyýetleri administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri tarapyndan çykarylan karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama şu Kodeksde bellenilen tertipde seredýärler.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça çykarylan kararlara getirilen garşylyknama şu Kodeksde bellenilen tertipde seredýär.

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda başga tertip bellenmedik bolsa, kazyýetlerde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere kazynyň bir özi seredýär.

 

441-nji madda. Administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge ygtyýarly kollegial edaralary döretmek tertibi

 

1. Administratiw toparlary etraplarda, etrap hukukly şäherlerde häkimiň, etrapdaky şäherlerde, şäherçelerde we geňeşliklerde bolsa – Geňeşiň karary bilen başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, jogapkär kätipden we toparyň agzalaryndan ybarat düzümde döredilýär. Etrabyň, etrap hukukly şäheriň administratiw toparynda başga işlerden boşadylan toparyň jogapkär kätibi wezipesi döredilýär.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlar etraplarda, etrap hukukly şäherlerde häkimiň karary bilen toparyň başlygyndan, başlygynyň orunbasaryndan, başga işlerden boşadylan jogapkär kätibinden we agzalaryndan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolanda toparyň düzümine çagalar bilen işlemek boýunça hünärmeniň wezipesi döredilip bilner.

3. Şu Kodeks bilen administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge ygtyýarly beýleki kollegial edaralary döretmek tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

442-nji madda. Kollegial edaralaryň ygtyýarlylygy

 

Administratiw toparyň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparyň we beýleki kollegial edaralaryň agzalarynyň azyndan ýarysy maslahata gatnaşan halatynda olaryň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge hukugy bardyr.

 

443-nji madda. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýet we beýleki edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň içeri işler edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýet we beýleki edaralar şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmegi döwlet dolandyryşynyň ugurlary boýunça amala aşyrýarlar.

 

444-nji madda. Wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklary

 

1. Şu Kodeksiň 439-njy maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen edaralaryň adyndan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýän wezipeli adamlaryň sanawy şu Kodeks tarapyndan bellenýär we olaryň administratiw hukuk bozulma barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary bolsa şu Kodeks hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen wezipeli adamlaryň berlen ygtyýarlyklaryň çäginde şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan administratiw temmi çärelerini ulanmaga hukugy bardyr.

3. Düzgün-nyzam tertipnamalaryň hereketi özlerine degişli edilen harby gullukçylar we beýleki adamlarbabatdaky administratiw hukuk bozulmalary barada işler degişli edaralaryň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan seredilýär.

 

25-nji bap. ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY BARADA IŞLERIŇ PUDAKLAÝYN DEGIŞLILIGI

 

445-nji madda. Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleriniň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere olaryň pudaklaýyn degişliligine garamazdan seretmäge haklydyrlar.

2. Administratiw taýdan tussag etmek, muzdsuz almak, tölegli almak, fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek, administratiw taýdan işi togtatmak, şeýle hem şu Kodeksiň 59-njy, 60-njy maddalarynda, 61-nji maddasynyň birinji böleginde, 62-nji, 63-nji we 65–77-nji maddalarynda, 78-nji maddasynyň üçünji böleginde, 93-nji, 95–97-nji,174-nji maddalarynda, 184-nji maddasynyň ikinji böleginde, 185-nji maddasynyň ikinji böleginde,222-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 256-njy, 257-nji, 262-nji, 263-nji, 265-nji, 266-njy, 279-njy, 308-nji, 326-njy we 334–3441-nji maddalarynda, 348-nji maddasynyň üçünji böleginde, 3481-nji, 359–361-nji we 364-nji maddalarynda, 365-nji maddasynyň birinji we üçünji böleklerinde, 378-nji, 382-nji we 419–430-njy maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri tarapyndan seredilýär.

3. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň arzasy boýunça ýa-da onuň administratiw hukuk bozulma wakasy bilen bagly ylalaşmaýan ähli halatlarynda şu Kodeksiň 439-njy maddasynyň birinji böleginiň 2–4 bentlerinde görkezilen ygtyýarly edaralar administratiw hukuk bozulma barada işi kazyýetiň seretmegine berýärler.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 21-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky we 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda;2015 ý., № 3, 104-nji madda; № 4, 124-nji madda; 2016 ý., № 1, 62-nji madda; № 4, 162-nji madda).

 

446-njy madda. Administratiw toparlaryň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň administratiw toparlary şu Kodeksiň 83–87-nji, 92-nji, 921-nji, 94-nji, 99-njy, 108-nji maddasy (gazylyp alynýan peýdaly magdanlar işlenilip çykarylmaýan halatynda edilen administratiw hukuk bozulmalar üçin), 141-nji, 154-nji, 159-njy, 161–167-nji, 179-njy, 181-nji, 186–188-nji, 189-njy (gazdan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy), 190–191-nji maddalarynda, 195-nji maddasynyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde (raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara garaşly bolmadyk aerodromlarda ýa-da olaryň sebitinde edilen administratiw hukuk bozulmalary), 225-nji, 227-nji, 235-nji (sürüjiniň ulag serişdesini rugsatsyz peýdalanmagy bilen bagly işler muňa girmeýär), 243-nji (awtomobil ýollarynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin), 244-250-nji, 252–255-nji, 264-nji, 267-nji, 271–272-nji, 274–276-njy, 278–nji, 284–285-nji, 294-nji, 310–311-nji, 317-nji, 323–324-nji, 327-nji, 331-nji, 349–350-nji maddalarynda, 351-nji maddasynyň birinji böleginde, 354-nji, 357-nji, 362–363-nji, 366–368-nji, 408-nji we 418-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň administratiw toparlary şu Kodeksiň 94-nji, 159-njy, 161-nji, 179-njy, 190–191-nji, 227-nji, 235-nji (sürüjiniň ulag serişdesini rugsatsyz peýdalanmagy bilen bagly işler muňa girmeýär), 243-nji (awtomobil ýollarynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin), 245–246-njy, 250-nji, 252–253-nji, 264-nji, 267-nji, 278–nji, 331-nji we 350-nji maddalarynda, 351-nji maddasynyň birinji böleginde, 354-nji, 357-nji, 368-nji, 408-nji we 418-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

Ilatly ýerleriň barmasy kyn we etraplaryň merkezinden ep-esli uzakda ýerleşýän halatlarynda etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň administratiw toparlary kadadan çykma hökmünde, şu Kodeksiň 351-nji maddasynyň birinji böleginde, 354-nji, 357-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler. Şeýle ilatly ýerleriň sanawy welaýat häkiminiň karary bilen bellenýär.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 3-nji maýyndaky, 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky we 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 45–nji madda, № 2, 79-njy madda; 2015 ý., № 4, 143-nji madda; 2016 ý., № 1, 62-nji madda; 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

447-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlaryň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlary şu Kodeksiň 378-nji maddasynda göz öňünde tutulan işlerden başga kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň administratiw hukuk bozulmalary barada işlerine seredýärler. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlar şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary barada işlere diňe şol görkezilen hukuk bozulma barada iş gelip gowşan edara ony şol toparlaryň seretmegine beren halatlarynda seredýärler.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlar kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň ata-eneleri ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar babatda şu Kodeksiň 351-nji maddasynyň ikinji böleginde, 355-nji maddasynyň dördünji böleginde, 356-njy maddasynda we 358-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere hem seredýärler.

 

448-nji madda. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň içeri işler edaralary şu Kodeksiň 61-nji maddasynyň ikinji böleginde, 63-nji maddasynyň üçünji böleginde (eger administratiw hukuk bozulma adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde edilen bolsa), 64-nji maddasynda, 78-nji maddasynyň üçünji böleginde, 79-njy, 80-nji, 82-nji, 172–1731-njimaddalarynda, 175-nji maddasynyň üçünji böleginde, 192-nji maddasynyň birinji, ikinji, dördünji we bäşinji böleklerinde, 193–197-nji maddalarynda, 199-njy maddasynyň üçünji böleginde, 206-njy maddasynyň üçünji böleginde, 207-nji, 208-nji, 210–221-nji maddalarynda, 222-nji maddasynyň  üçünji, dördünji, bäşinji we altynjy böleklerinde, 223-nji, 224-nji, 226-njy, 228–234-nji, 235-nji (sürüjiniň ulag serişdesini rugsatsyz peýdalanandygy üçin) we 237-nji maddalarynda, 239-njy maddasynyň üçünji böleginde, 240–2431-nji, 251-nji, 2531-nji, 278–280-nji, 283–285-nji, 294-nji, 302-nji, 314-316-njy, 318-nji, 322-nji, 323-nji, 325-nji, 328-nji, 3281-nji maddalarynda, 333-njimaddasynyň ikinji böleginde, 345–347-nji maddalarynda, 348-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 352-nji, 353-nji maddalarynda, 355-nji maddasynyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 3551-nji, 3552-nji, 356-njy maddalarynda, 358-nji maddasynyň üçünji böleginde, 369–377-nji, 379-3801-nji we 388-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň içeri işler edaralarynyň başlyklary we olaryň orunbasarlary;

2) içeri işler edaralarynyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri;

3) içeri işler edaralarynyň döwlet ýangyn gözegçiligi gullugynyň edaralarynyň ýangyn gözegçiligi barada döwlet gözegçileri, ýangyn gözegçiligi barada uly döwlet gözegçileri we Türkmenistanyň ýangyn gözegçiligi barada baş döwlet gözegçisi we onuň orunbasarlary;

4) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gorag müdirliginiň başlygy we onuň orunbasarlary, şeýle hem welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki Gorag bölümleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary.

3. Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan, sanawy Türkmenistanyň içeri işler ministri tarapyndan tassyklanýan administratiw hukuk bozulmalary üçin, şeýle hem ýol hereketine gatnaşyjylaryň administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça çykarylan karar bilen ylalaşmadyk ähli halatlarynda administratiw hukuk bozulmalary barada işlere Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň toparlary tarapyndan seredilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndakywe 3-nji iýunyndaky hem-de 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda; 2016 ý., № 1, 62-nji madda, № 4, 140-nji madda;  2017 ý., № 1, 12-nji madda, № 2, 74-nji madda; 2019 ý., № 1, ___-nji madda).

 

449-njy madda. Türkmenistanyň goranmak çygrynda ygtyýarly edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň goranmak çygrynda ygtyýarly edaralary şu Kodeksiň 210–219-njy, 221–226-njy, 228–229-njy, 232–235-nji maddalarynda, 237-nji maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde we 243-nji maddasynda (eger olar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan edilen bolsa), 237-nji maddasynyň birinji, ikinji we dördünji böleklerinde, 241-nji maddasynda, 348-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 409–416-njy maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) garnizonlaryň başlyklary, garnizonlaryň harby komendantlary we olaryň orunbasarlary;

2) degişlilikde uly deňiz başlygy, ulag görnüşleri boýunça harby gatnawlar komendaturasynyň harby komendantlary we olaryň orunbasarlary;

3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň harby wekilleri;

4) Harby awtomobil gözegçiliginiň wezipeli adamlary: başlygy ýa-da onuň orunbasary, Harby awtomobil gözegçiliginiň harby hünär toparynyň başlygy, uly gözegçisi, gözegçisi, şeýle hem Harby awtomobil gözegçiliginiň düzümden daşary gözegçisi wezipesine degişli tertipde bellenen ofiserler we beýleki borçnama boýunça harby gullukçylar.

3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ulag serişdeleriniň sürüjileriniň administratiw hukuk bozulmalary barada materiallar, şeýle administratiw hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi hökmünde diňe jerime göz öňünde tutulan bolsa, Harby awtomobil gözegçiligi tarapyndan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde günäkärleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Düzgün-nyzam tertipnamasyna laýyklykda jogapkärçilige çekmek barada meseläni çözmek üçin degişli serkerdelere (başlyklara) berilýär.

4. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ulag serişdeleriniň sürüjileriniň eden administratiw hukuk bozulmalary üçin ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny çäklendirmek görnüşinde administratiw temmisi göz öňünde tutulan bolsa, onda şol administratiw hukuk bozulmalary barada materiallara Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde içeri işler edaralary tarapyndan seredilýär.

5. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sürüjileri tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalar üçin saklanan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine degişli ulag serişdeleri 24 sagadyň dowamynda Harby awtomobil gözegçiligine berilmäge degişlidir.

 

450-nji madda. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary şu Kodeksiň 258–261-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri we onuň orunbasarlary;

2) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Merkezi edarasynyň düzüm birlikleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary;

3) welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň müdirlikleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary;

4) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň bölümleriniň başlyklary.

 

4501-nji madda - 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda aýyrlan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, ___-nji madda.

 

451-nji madda - 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda.

 

452-nji madda. Türkmenistanyň serhet gullugy edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň serhet gullugy edaralary şu Kodeksiň 388–3891-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler. Türkmenistanyň serhet gullugy edaralarynyň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde görkezilen işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň serhet wekilleri, olaryň orunbasarlary, serhet birikmeleriniň başlyklary we serhet gorag gämileriniň serkerdeleri;

2) serhet gözegçilik edaralary boýunça: aýratyn gözegçilik-geçiriş ýerleriniň başlyklary, olaryň orunbasarlary, gözegçilik-geçiriş ýerleriniň başlyklary.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda)

 

453-nji madda. Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň edaralary şu Kodeksiň 390–407-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu wezipeli adamlaryň – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň, onuň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň gümrükhanalarynyň başlyklarynyň, olaryň orunbasarlarynyň, gümrük postlarynyň başlyklarynyň, olaryň orunbasarlarynyň we gullugyň uly gözegçileriniň hukugy bardyr.

 

454-nji madda. Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň edaralary şu Kodeksiň 381–387-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiwhukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy we onuň orunbasarlary;

2) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň bölümleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary;

3) welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň müdirlikleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary hem-de şol müdirlikleriň bölümleriniň başlyklary;

4) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň bölümleriniň başlyklary;

5) migrasiýa gözegçilik postlarynyň başlyklary;

6) aeroportlaryň migrasiýa gözegçilik postlarynyň ululary;

7) uly gözegçileri.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 79-njy madda;2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

455-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendantynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendantynyň şu Kodeksiň 61-nji maddasynyň ikinji böleginde, 63-nji maddasynyň üçünji böleginde, 64-nji maddasynda, 78-nji maddasynyň üçünji böleginde, 175-nji maddasynyň üçünji böleginde, 224-nji, 251-nji, 316-njy we 318-nji maddalarynda, 333-nji maddasynyň ikinji böleginde, 347-nji maddasynda, 378-nji maddasynyň ikinji böleginde, 379-njy maddasynyň ikinji böleginde, 380-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere ygtyýarlyklarynyň çägindeseretmäge we administratiw temmisini bermäge hukugy bardyr.

 

456-njy madda. Türkmenistanyň demir ýol ulaglary edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň demir ýol ulaglary edaralary şu Kodeksiň 81-nji maddasynyň birinji böleginde (demir ýol ulagynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin), 192-nji maddasynyň üçünji böleginde, 193–194-nji maddalarynda, 208-nji maddasynyň birinji böleginde, 237-nji maddasynyň birinji böleginde, 238-nji maddasynyň birinji böleginde, 239-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 241-nji (demir ýol ulagynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin), 246-njy maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) menziliň başlygy we onuň orunbasary, wokzalyň başlygy we onuň orunbasary, lokomotiw (wagon) deposynyň başlygy, ýolagçy otlynyň başlygy (ýolagçy otlynyň mehanigi – topar ýolbaşçysy);

2) ýolagçy otlynyň gözegçi-derňewçisi, ýolagçy otlynyň derňewçi-gözükdirijisi, girdejilere gözegçilik ediji derňewçi, ýol ussasy, ýol we desgalar edarasynyň başlygy, duýduryjy we aragatnaşyk edarasynyň başlygy;

3) Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Harbylaşdyrylan gorag müdirliginiň bölüminiň başlygy we onuň orunbasary, bölümiň (otrýadyň, toparyň, ýangyn söndüriji otlynyň) başlygy we onuň orunbasary, ýangynyň öňüni almak çärelerini geçirýän uly gözükdiriji we gözükdiriji, demir ýoluň harbylaşdyrylan gorag bölüminiň komandasynyň bölüminiň (garawulynyň), ýangyn söndüriji otlusynyň başlygy;

4) demir ýol ulagynyň baş sanitar lukmany we onuň orunbasary, demir ýoluň baş sanitar lukmany hem-de onuň orunbasary, demir ýoluň bölüminiň baş sanitar lukmany, liniýa uçastogynyň baş sanitar lukmany.

 

457-nji madda. Türkmenistanyň deňiz ulaglary edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň deňiz ulaglary edaralary şu Kodeksiň 199-njy, 201–205-nji, 207-nji maddalarynda, 208-nji maddasynyň birinji böleginde, 237-nji maddasynyň ikinji böleginde, 238-nji maddasynyň birinji böleginde, 239-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 241-nji (deňiz ulagynda edilen administratiw hukuk bozulmalar üçin) maddasynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge deňiz söwda portunyň kapitanynyň, portuň başlygynyň, flotuň başlygynyň we gäminiň kapitanynyň hukugy bardyr.

 

458-nji madda. Türkmenistanyň derýa ulaglary edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň derýa ulaglary edaralary şu Kodeksiň 201–202-nji, 204–207-nji maddalarynda, 208-nji maddasynyň birinji böleginde, 237-nji maddasynyň ikinji böleginde, 238-nji maddasynyň birinji böleginde, 239-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 241-nji (derýa ulagynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin) maddasynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge derýa ulagy kärhanasynyň başlygynyň, gämi inspeksiýasynyň başlygynyň we gäminiň kapitanynyň hukugy bardyr.

 

459-njy madda. Türkmenistanyň howa ulaglary edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň howa ulaglary edaralary şu Kodeksiň 81-nji maddasynyň ikinji böleginde, 195-nji maddasynyň birinji, üçünji we dördünji böleklerinde, 196–198-nji maddalarynda, 208-nji maddasynyň ikinji böleginde, 239-njy maddasynyň üçünji böleginde (howa ulagynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin), 242-nji maddasynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň haky bardyr:

1) «Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygy, onuň orunbasarlary, awiakompaniýalaryň baş direktorlary we olaryň orunbasarlary, uçujylar toparynyň serkerdesi we onuň orunbasary, aeroportuň başlygy we onuň orunbasary, awiakärhanasynyň (aeroportuň) ýolagçy gatnawlaryny, poçta we ýük gatnawyny guraýan gullugynyň başlygy, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça baş inspeksiýasynyň başlygy, howa gämisiniň serkerdesi;

2) «Türkmenhowaýollary» gullugynyň gözegçilik-derňew bölüminiň başlygy we onuň orunbasary, şol bölümiň baş derňewçisi, uly derňewçisi we derňewçisi, täjirçilik derňewçisi;

3) Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň başlygy;

4) awiakärhananyň (aeroportuň) harbylaşdyrylan gorag toparynyň başlygy.

3. Şu Kodeksiň 198-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynynyň başlygy we onuň orunbasarlary tarapyndan seredilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

460-njy madda. Türkmenistanyň awtomobil ulaglary edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň awtomobil ulaglary edaralary şu Kodeksiň 233–234-nji, 235-nji (sürüjiniň ulag serişdesini rugsatsyz peýdalanmagy muňa girmeýär), 236-njy, 2361-njy maddalarynda, 237-nji maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde, 238-nji maddasynyň ikinji böleginde, 239-njy maddasynyň dördünji we bäşinji böleklerinde, 240-njy, 241-nji (awtomobil ulagynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin) maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Türkmenulaggözegçilik» Döwlet kärhanasynyň başlygy, onuň orunbasary, şu kärhananyň awtoulag serişdelerine ýollarda gözegçilik edýän gullugynyň başlygy, onuň orunbasary, şu gullugyň baş gözegçisi, uly gözegçisi we gözegçisi;

2) merkezi barlag-derňew gullugynyň işgärleri, ugur gözegçileri, jemgyýetçilik gözegçisi, awtostansiýanyň başlygy we onuň orunbasary, awtowokzalyň başlygy we onuň orunbasary;

3) şäher, şäher ýakasy we şäherara gatnawy boýunça ýolagçy gatnadýan sürüji-gözegçi.

(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, ___-nji madda).

 

4601-nji madda. Türkmenistanyň awtomobil ýollary we ýol işleri çygryndaky döwlet dolandyryş edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň awtomobil ýollary we ýol işleri çygryndaky döwlet dolandyryş edaralary şu Kodeksiň 243–245-nji, 275-nji maddalarynda hem-de 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz önünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu Kodeksiň 243–245-nji maddalarynda we 275-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäginde seretmäge we administratiw temmisini bermäge «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserniniň Başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de welaýat hukukly şäherleriň awtomobil ýollary ulanyş müdirlikleriniň başlyklarynyň we orunbasarlarynyň hukugy bardyr.

3. Şu Kodeksiň 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işe seretmäge we administratiw temmisini bermäge «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserniniň Başlygynyň, onuň orunbasarlarynyň hem-de ygtyýarlylandyryş we barlag-derňew bölümleriniň başlyklarynyň hukugy bardyr.

Kodekse 4601 maddasy 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 6-njy madda.

 

461-nji madda. Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň edaralary şu Kodeksiň 312–3152-nji, 319–320-nji maddalarynda, 329-njy maddasynyň birinji–üçünji we bäşinji–altynjy böleklerinde we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň, döwlet inspektorlarynyň we welaýat bölümleriniň başlyklarynyň hukugy bardyr.

(2015-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015ý., № 1, 10-njy madda.

 

462-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary şu Kodeksiň 78-nji maddasynyň birinji böleginde, 81-nji, 134–140-njy (atmosfera howasyny goramak barada sanitariýa-gigiýena kadalarynyň bozulmagy), 141-nji (sanitariýa-gigiýena kadalarynyň bozulmagy) maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu wezipeli adamlaryň – Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanynyň we onuň orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň we olaryň orunbasarlarynyň hukugy bardyr.

 

463-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň sanitariýa gözegçiligi gullugy edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň sanitariýa-epidemiologiýa gulluklarynyň edaralary şu Kodeksiň 78-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş sanitar lukmany we onuň orunbasarlary;

2) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sanitariýa-epidemiologiýa edaralarynyň başlyklary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň birikmeleriniň lukmançylyk gulluklarynyň başlyklary;

3) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň lukmançylyk bölüminiň başlygy we onuň orunbasary, şeýle hem welaýatlaryň içeri işler müdirlikleriniň başlyklary;

4) Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň harby-lukmançylyk gullugynyň başlygy we onuň orunbasary;

5) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň sanitariýa-epidemiologiýa birikmesiniň başlygy we onuň orunbasary;

6) Türkmenistanyň kanunlary bilen harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň harby-lukmançylyk we sanitariýa-epidemiologiýa gulluklarynyň başlyklary we olaryň orunbasarlary.

 

464-nji madda. Döwlet weterinariýa gözegçiligi edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Döwlet weterinariýa gözegçiligi edaralary şu Kodeksiň 175-nji maddasynyň birinji, ikinji, dördünji we bäşinji böleklerinde, 176–178-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa inspektory we onuň orunbasarlary;

2) welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň baş döwlet weterinariýa inspektorlary, serhetde we ulaglarda weterinariýa gözegçiliginiň baş döwlet inspektory, demir ýollarynyň we basseýnleriň baş döwlet weterinariýa inspektorlary;

3) serhetdäki gözegçilik weterinariýa beketleriniň başlyklary, dezinfeksion-ýuwuş stansiýalaryndaky we beketlerindäki weterinariýa gözegçiliginiň başlyklary, weterinariýa kesel bejeriş edaralarynyň, weterinariýa bölümleriniň müdirleri, ulag weterinariýa-sanitariýa bölümleriniň başlyklary, weterinariýa-sanitariýa seljermesi barlaghanalarynyň müdirleri.

3. Döwlet weterinariýa gözegçiligi edaralarynyň wezipeli adamlary şu aşakdaky administratiw hukuk bozulmalarynyň edilen ýerinde administratiw temmisini berip  bilerler, ýagny:

1) bazarlarda mallar (şol sanda guşlar we balyk), mal önümleri we onuň çig maly hem-de beýleki azyk önümleri bilen söwda etmegiň weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň bozulmagy üçin;

2) demir ýol, suw we howa ulaglarynda, şosse we gumak ýollarda, mallaryň sürlüp alnyp gidilýän ugurlarynda mallary (şol sanda guşlary, balygy we bal arylaryny), mal önümlerini we onuň çig malyny daşamagyň weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň, şeýle hem mallary sürmek kadalarynyň bozulmagy üçin;

3) Türkmenistanyň Döwlet serhedinde daşary ýurt döwletlerinden mallaryň (şol sanda guşlaryň, balygyň we bal arylarynyň) ýokanç keselleriniň getirilip ýaýradylmagyndan Türkmenistanyň çägini gorap saklamak barada weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň bozulmagy üçin.

 

465-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň weterinariýa gözegçiligi gullugy edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň weterinariýa gözegçiligi gullugy edaralary şu Kodeksiň 175-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 176–178-njy maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere, eger olar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň birikmeleriniň, harby bölümleriniň, harby şäherjikleriniň, harby okuw mekdepleriniň we harby okuw-türgenleşik meýdanlarynyň çäklerinde edilen bolsa, seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň weterinariýa gullugynyň başlygy-Baş weterinar gözegçisi we onuň orunbasary;

2) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň weterinariýa-epizootiýa edaralarynyň başlyklary, weterinar-sanitar gözegçileri;

3) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň garnizonlarynyň weterinariýa gulluklarynyň başlyklary we olaryň orunbasarlary;

4) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterinar-sanitar gözegçileri;

5) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň weterinariýa gulluklarynyň başlygy we onuň orunbasary;

6) Türkmenistanyň kanunlary bilen harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň weterinariýa-sanitariýa gulluklarynyň başlyklary we olaryň orunbasarlary.

 

466-njy madda. Oba hojalyk edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Oba hojalyk edaralary şu Kodeksiň 168–170-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň şu aşakdaky wezipeli adamlarynyň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň tohumlara gözegçilik etmek we sortlary synagdan geçirmek boýunça baş inspektory;

2) Tohumçylyk we sortlary synagdan geçirmek boýunça inspeksiýanyň başlygy.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

467-nji madda. Ýer gözegçiligi we ýerleriň ýagdaýyna syn etmek boýunça döwlet edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Ýer gözegçiligi we ýerleriň ýagdaýyna syn etmek boýunça döwlet edaralary şu Kodeksiň 98–101-nji (ýerden peýdalanmakda tebigaty goramak düzgüniniň talaplarynyň ýerine ýetirilmedik halatlary muňa girmeýär), 102–105-nji, 171-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň şu wezipeli adamlarynyň hukugy bardyr:

1) Döwlet komitetiniň Başlygy we onuň orunbasarlary;

2) Döwlet komitetiniň Ýer serişdeleri müdirliginiň başlygy we onuň orunbasary;

3) Döwlet komitetiniň Ýer gözegçiligi we ýerleriň ýagdaýyna syn etmek bölüminiň başlygy we döwlet gözegçileri;

4) welaýatlaryň ýer serişdeleri müdirlikleriniň başlyklary, olaryň orunbasarlary, ýer gözegçiligi we ýerleriň ýagdaýyna syn etmek boýunça döwlet gözegçileri;

5) etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň ýer serişdeleri bölümleriniň ýolbaşçylary we döwlet gözegçileri.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda; 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

468-nji madda. Döwlet oba hojalyk tehniki gözegçilik edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Döwlet oba hojalyk tehniki gözegçilik edaralary şu Kodeksiň 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge etraplaryň oba hojalyk boýunça önümçilik birleşikleriniň döwlet oba hojalyk tehniki gözegçilik inženerleri-inspektorlarynyň hukugy bardyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

469-njy madda. Suw serişdeleriniň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligi edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Suw serişdeleriniň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligi edaralary şu Kodeksiň 89-njy, 109-njy (ýerasty suwlaryň hapalanan ýa-da suw toplaýjy desgalarda suw goraýyş düzgünleri bozulyp, şol suwlaryň hapalanmagyna ýa-da daşky gurşawyň ekologik howpsuzlygynyň ýaramazlaşmagyna getiren halatlary muňa girmeýär), maddalarynda, 111-nji maddasynyň birinji böleginde, 112-nji maddasynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Suw gözegçilik gullugynyň başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň, welaýat (basseýn) suw gözegçilik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň suw gözegçilik inspektorlarynyň hukugy bardyr.

3. Şu Kodeksiň 89-njy, 106–108-nji, 109-njy maddalarynda (eger bu ýerasty suwlaryň hapalanmagyna ýa-da suw toplaýjy desgalarda suw goraýyş düzgünleri bozulyp, şol suwlaryň hapalanmagyna getiren ýa-da getirip biljekbolsa), 111-nji maddasynyň ikinji böleginde, 147–148-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ulgamynyň edaralary seredýärler.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň we onuň ýerasty suwlaryň goralyşyna gözegçilik etmek meseleleri bilen meşgullanýan orunbasarynyň, şeýle hem korporasiýanyň ýanyndaky Döwlet geologiýa-gözegçilik gullugynyň başlygynyň we onuň orunbasarynyň hukugy bardyr.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda; 2016 ý., № 1, 62-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

470-nji madda. Daşky gurşawy goramak edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Daşky gurşawy goramak edaralary şu Kodeksiň 90–91-nji we 100–102-nji (ýerlerden peýdalanylanda tebigaty goramagyň talaplarynyň bozulmagy), 106-njy (daşky gurşawy goramagyň talaplarynyň bozulmagy), 109-njy (ýerasty suwlaryň hapalanan ýa-da suw toplaýjy desgalarda suw goraýyş düzgünleri bozulyp, şol suwlaryň hapalanmagyna getiren halatlary bilen bagly işler muňa girmeýär), 110-njy, 114–133-nji, 134–140-njy (atmosfera howasyny goramagyň sanitariýa-gigiýena kadalarynyň bozulmagy muňa girmeýär), 141-nji (sanitariýa-gigiýena kadalarynyň bozulmagy muňa girmeýär), 142–152-nji, 154-nji, 155-nji (balyk tutmak kadalarynyň we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamagyň talaplarynyň bozulmagy muňa girmeýär), 156–159-njy, 160-njy (tebigaty goramagyň talaplarynyň bozulmagy), 161–162-nji maddalarynda we 365-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýerserişdeleri baradaky döwlet komitetiniň  şu  wezipeli adamlarynyň hukugy bardyr:

1) Döwlet komitetiniň başlygy we onuň orunbasarlary;

2) Döwlet komitetiniň Daşky gurşawy goramak, Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hem-de Tokaý hojalygy müdirlikleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary;

3) welaýatlaryň daşky gurşawy goramak baradaky müdirlikleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary, döwlet tebigy goraghanalarynyň, döwlet biosfera goraghanalarynyň, milli tebigy seýilgähleriniň direktorlary we olaryň orunbasarlary, tokaý hojalyklarynyň, döwlet tokaý hojalyk kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary;

4) Döwlet komitetiniň ýöriteleşdirilen ekologiýa gözegçiligi gulluklarynyň başlyklary we olaryň orunbasarlary.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 62-nji madda).

 

471-nji madda. Türkmenistanyň döwlet gidrometeorologiýa edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň döwlet gidrometeorologiýa edaralary şu Kodeksiň 417-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa barada Milli komitetiň başlygynyň we onuň orunbasarynyň hukugy bardyr.

 

472-nji madda. Türkmenistanyň döwlet balyk goraýyş edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň döwlet balyk goraýyş edaralary şu Kodeksiň 113-nji, 153-nji, 155-nji (balyk tutmak kadalarynyň we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamagyň talaplarynyň bozulmagy), 160-njy, 200–202-nji, 204–205-nji, 207-nji, 209-njy maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet balyk goraýyş müdirliginiň başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň, görkezilen müdirligiň welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki gulluklarynyň başlyklarynyň we döwlet gözegçileriniň hukugy bardyr.

 

473-nji madda. Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň edaralary şu Kodeksiň 248-250-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyklar toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň we bu gullugyň welaýat bölümleriniň başlyklarynyň hukugy bardyr.

 (2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014ý., № 1, 45-nji madda).

 

474-nji madda. Türkmenistanyň gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň hil belliginiň döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň hil belliginiň döwlet gözegçiliginiamala aşyrýan edaralary şu Kodeksiň 282-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge hil düzümine döwlet gözegçiligi barada döwlet edarasynyň başlygynyň hukugy bardyr.

 

475-nji madda. Türkmenistanyň salgyt edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň salgyt edaralary şu Kodeksiň 281-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde, 283-nji, 285–288-nji, 291-nji, 300–301-nji maddalarynda, 314-nji maddasynyň birinji böleginde, 321-nji maddasynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň, welaýatlar, welaýat hukukly şäherler, etraplar, etrap hukukly şäherler, şäherlerdäki etraplar boýunça salgyt edaralarynyň başlyklarynyň we olaryň orunbasarlarynyň hukugy bardyr.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky TürkmenistanyňKanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 45-nji madda; 2016 ý., № 1, 6-njy madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda)

 

476-njy madda. Türkmenistanyň döwlet statistika edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň döwlet statistika edaralary şu Kodeksiň 289–290-njy maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Statistika barada döwlet komitetiniň başlygynyň, onuň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň statistika barada müdirlikleriniň başlyklarynyň hukugy bardyr.

 

477-nji madda. Türkmenistanyň döwlet maliýe edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň döwlet maliýe edaralary şu Kodeksiň 292-nji, 302–303-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu Kodeksiň 292-nji, 303-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere ygtyýarlyklarynyň çäginde seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň baş maliýe müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki maliýe bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hukugy bardyr.

3. Şu Kodeksiň 302-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işe seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň we onuň orunbasarlarynyň hukugy bardyr.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).

 

478-nji madda. Türkmenistanyň maliýe edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň maliýe edaralary şu Kodeksiň 281-nji maddasynyň birinji böleginde, 285-nji, 293-nji, 2931-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň, onuň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň maliýe müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň maliýe bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hukugy bardyr.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 105-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda).

 

479-njy madda. Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralary şu Kodeksiň 295–296-njy, 304–307-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň, onuň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hukugy bardyr.

 

480-nji madda. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edaralary şu Kodeksiň 297–299-njy maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysynyň, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hukugy bardyr.

 

4801-nji madda. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik edaralary şu Kodeksiň 1801-nji, 1802-nji, 272-nji, 274-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji (gurluşyk kadalarynyň we paýl y gurluşyk hakynda kanunçylygyň bozulmagy) böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik edaralarynyň şu aşakdaky wezipeli adamlarynyň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri we onuň orunbasarlary;

2) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktory, onuň orunbasary we baş inženeri;

3) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Döwlet ygtyýarlylandyryş we hile gözegçilik merkeziniň başlygy we onuň orunbasary;

4) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň başlygy we onuň orunbasarlary.

(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 140-njy madda).

 

481-nji madda. Türkmenistanyň standartizasiýa, metrologiýa, zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy barada döwlet edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň standartizasiýa, metrologiýa, zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy barada döwlet edaralary şu Kodeksiň 88-nji, 106–107-nji, 108-nji (gazylyp alynýan peýdaly magdanlar işlenilip çykarylanda edilen administratiw hukuk bozulmalar üçin), 180-nji, 182-nji maddalarynda, 184-nji maddasynyň birinji böleginde, 185-nji maddasynyň birinji böleginde, 186–191-nji, 196-njy, 207-nji, 237-nji, 247-nji, 280-nji, 304-nji (iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmek düzgünleriniň berjaý edilmändigi üçin), 305-nji, 309-njy we 319-njy maddalarynda, 329-njy maddasynyň dördünji we ýedinji böleklerinde hem-de 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge «Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň, döwlet inspektorlarynyň, welaýat gulluklarynyň başlyklarynyň hukugy bardyr.

(2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 6-njy madda).

 

482-nji madda. Türkmenistanyň energetika edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň energetika edaralary şu Kodeksiň 183-nji maddasynda, 184-nji maddasynyň birinji böleginde, 185-nji maddasynyň birinji böleginde we 189-njy maddasynda (energiýadan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy) göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edaralarynyň şu aşakdaky wezipeli adamlarynyň hukugy bardyr:

1) «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň bölümçeleriniň başlyklary we inspektorlary;

2) «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň direktory, onuň orunbasarlary, baş inženeri we inspektorlary, ýerli bölümleriniň başlyklary, olaryň orunbasarlary, baş inženerleri we inspektorlary;

3) «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň başlygy, onuň orunbasarlary we baş inženeri, şeýle hem korporasiýanyň welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki önümçilik birleşikleriniň baş direktorlary, olaryň orunbasarlary we baş inženerleri.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 76-njy madda; 2016 ý., № 1, 6-njy madda).

 

483-nji madda. Türkmenistanyň jemagat hojalygy edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň jemagat hojalygy edaralary şu Kodeksiň 141-nji, 268–277-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge şu aşakdaky wezipeli adamlaryň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministri we onuň orunbasarlary;

2) Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň jemagat hojalygy edaralarynyň başlyklary we olaryň orunbasarlary.

 

484-nji madda. Türkmenistanyň medeniýet edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň medeniýet edaralary şu Kodeksiň 330-njy, 332-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň, ministrligiň düzüm birlikleriniň başlyklarynyň hem-de welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň medeniýet müdirlikleriň ýolbaşçylarynyň hukugy bardyr.

 

485-nji madda. Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugynyň edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugynyň edaralary şu Kodeksiň 333-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň, şeýle hem welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň çaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň hukugy bardyr.

 

486-njy madda. Çilim we temmäki önümlerini çekmegi gadagan etmek barada administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklary

 

Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby bölümleriniň we birikmeleriniň, bilim edaralarynyň, teatrlaryň we kinoteatrlaryň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we beýleki ýuridik şahslaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary şu Kodeksiň 79-njy maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler we olaryň görkezilen ýuridik şahslaryň adyndan administratiw temmisini bermäge hukugy bardyr.

 

26-njy bap. ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIGE GATNAŞÝAN ADAMLAR, OLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

487-nji madda. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň hukuk ýagdaýy

 

1. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň şulara hukugy bardyr:

1) işiň materiallary bilen tanyşmaga;

2) ynanmazlyk bildirmäge;

3) düşündiriş bermäge;

4) subutnamalary getirmäge;

5) haýyşnama we närazylyk bildirmäge;

6) işe seredilende ýuridik kömekden peýdalanmaga;

7) administratiw önümçiligi üpjün etmek çäreleriniň ulanylmagyna we iş boýunça çykarylan karara şikaýat getirmäge.

2. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahs şu Kodeksde bellenilen beýleki hukuklardan hem peýdalanyp biler.

3. Administratiw hukuk bozulma barada işe administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň gatnaşmagynda seredilýär. Diňe işe seretmegiň wagty we ýeri hakynda bu adamyň öz wagtynda habarly edilendigi barada maglumat bar bolanda we işe seredilmeginiň gaýra goýulmagy hakynda haýyşnama gelip gowuşmadyk ýa-da bildirilen haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen halatlarynda işe olaryň ýoklugynda hem seredilip bilner.

4. Işe seretmäge ygtyýarly edara administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň gatnaşmagyny hökman diýip hasap etmäge haklydyr.

5. Administratiw taýdan tussag etmek, fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek, administratiw taýdan  Türkmenistanyň çäginden çykarmak ýa-da administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmesiniň berilmegi göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredilende administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň gatnaşmagy hökmandyr.

6. Eger administratiw hukuk bozulma barada işiň önümçiliginde işiň ýagdaýlaryna seredilmegi kämillik ýaşyna ýetmedik adama ýaramaz täsir ýetirip biljek bolsa, şeýle adamlar işe seredilende gatnaşmakdan wagtlaýyn çetleşdirilip bilner.

 

488-nji madda. Jebir çeken

 

1. Administratiw hukuk bozulma bilen ahlak, fiziki we emläk taýdan zyýan ýetirilen şahs jebir çeken hasap edilýär.

2. Jebir çekeniň şulara hukugy bardyr:

1) işiň ähli materiallary bilen tanyşmaga;

2) düşündiriş bermäge;

3) subutnamalary getirmäge;

4) haýyşnama we ynanmazlyk bildirmäge;

5) ýuridik kömekden peýdalanmaga;

6) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat getirmäge.

3. Jebir çeken şu Kodeksde bellenilen beýleki hukuklardan hem peýdalanmaga haklydyr.

4. Administratiw hukuk bozulma barada işe jebir çekeniň gatnaşmagynda seredilýär. Diňe işe seretmegiň wagty we ýeri hakynda öz wagtynda onuň habarly edilendigi barada maglumat bar bolanda we ondan işe seredilmeginiň gaýra goýulmagy hakynda haýyşnama gelip gowuşmadyk ýa-da bildirilen haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen halatlarynda işe jebir çekeniň ýoklugynda hem seredilip bilner.

5. Jebir çekenden şu Kodeksiň 493-nji maddasynda bellenilen tertipde şaýat hökmünde düşündiriş alnyp bilner.

 

489-njy madda. Kanuny wekiller

 

1. Kämillik ýaşyna ýetmedik administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň we jebir çekeniň ýa-da özleriniň fiziki ýa-da psihiki ýetmezçilikleri zerarly administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça hukuklaryny özbaşdak amala aşyryp bilmeýän adamlaryň bähbitlerini olaryň kanuny wekilleriniň goramaga haky bardyr.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň kanuny wekilleri diýlip olaryň ata-enesine, olary perzentlige alanlara, hossarlaryna we howandarlaryna düşünilýär.

3. Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň kanuny wekilleri ýok bolsa, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara hossarlyk we howandarlyk edaralaryny bu adamlaryň kanuny wekilleri hasaplaýar.

4. Kanuny wekilleriň kämillik ýaşyna ýetmedik administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam bilen garyndaşlyk derejesi we olaryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen degişli resminamalar bilen tassyklanylýar.

5. Kanuny wekiller özleriniň wekilçilik edýän adamlary babatda şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklara eýedirler we degişli borçlary ýerine ýetirýärler.

6. Işe seretmäge ygtyýarly edara kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar babatda administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredende olaryň kanuny wekilleriniň gatnaşmagyny hökmany hasap etmäge haklydyr.

 

490-njy madda. Ýuridik şahsyň wekili

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça ýuridik şahslaryň hukuklaryny olaryň wekilleri amala aşyrýarlar.

2. Ýuridik şahsyň ýolbaşçysy, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ýuridik şahsa wekilçilik etmek ynanylan beýleki adamlar ýuridik şahsyň wekilleri hasap edilýär.

3. Ýuridik şahs tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulma barada işe ol ýuridik şahsyň wekiliniň gatnaşmagynda seredilýär. Diňe işe seretmegiň wagty we ýeri hakynda bu ýuridik şahsyň görkezilen wekiliniň öz wagtynda habarly edilendigi barada maglumat bar bolanda we ondan işe seredilmeginiň gaýra goýulmagy hakynda haýyşnama gelip gowuşmadyk ýa-da bildirilen haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen halatlarynda işe onuň ýoklugynda hem seredilip bilner.

4. Işe seretmäge ygtyýarly edara administratiw hukuk bozulmalary barada işe seredende ýuridik şahsyň wekiliniň gatnaşmagyny hökmany hasap etmäge haklydyr.

 

491-nji madda. Aklawjy we wekil

 

1. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsa ýuridik kömegi bermek üçin administratiw önümçilige aklawjy, jebir çekene ýuridik kömegi bermek üçin bolsa wekil gatnaşyp biler.

2. Aklawjy we wekil hökmünde administratiw önümçilige gatnaşmaga adwokat ýa-da ýuridik kömegi bermäge hukugy bolan gaýry adam goýberilýär.

3. Aklawjy we wekil administratiw önümçilige gatnaşmaga administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülen pursadyndan goýberilýär.

4. Administratiw önümçilige gatnaşmaga goýberilen aklawjynyň we wekiliň şulara:

1) işiň ähli materiallary bilen tanyşmaga;

2) subutnamalary getirmäge;

3) haýyşnama bilen ýüzlenmäge we närazylyk bildirmäge;

4) işe seredilende gatnaşmaga;

5) administratiw önümçiligi üpjün etmek çäreleriniň ulanylmagyna we iş boýunça çykarylan karara şikaýat getirmäge;

6) şu Kodekse laýyklykda beýleki hukuklardan peýdalanmaga haklydyr.

5. Adwokatyň ygtyýarlylygy adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan hasaba alnyp berlen orderbilen tassyklanylýar. Wekiliň we ýuridik kömegi berýän beýleki adamyň ygtyýarlylygy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda berlen ynanç haty bilen tassyklanylýar.

6. Aklawjy we wekil şu Kodeksiň 499-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarhakynda işe seretmäge ygtyýarly edara habar bermäge borçludyr.

 

492-nji madda. Adwokatyň gatnaşmagynyň hökmanylygy

 

Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar ýa-da özleriniň fiziki ýa-da psihiki ýetmezçilikleri sebäpli administratiw hukuk bozulmalary barada iş boýunça hukuklaryny özbaşdak amala aşyryp bilmeýän adamlar tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredilende, şeýle hem özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň talap etmegi boýunça işe adwokatyň gatnaşmagy hökmandyr.

 

493-nji madda. Şaýat

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça ähmiýeti bar bolan haýsydyr bir ýagdaýdan habarly bolmagy mümkin bolan islendik adamdan şaýat hökmünde düşündiriş bermäge çagyrylyp bilner.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň çakylygy boýunça şaýat görkezilen wagtda gelmäge, iş boýunça özüne mälim bolan ähli zat barada dogry düşündirişler bermäge, öňünde goýlan we teswirnama goşulan soraglar boýunça beren düşündirişlerini öz goly bilen tassyklamaga borçludyr.

3. Şaýat terjimeçiniň hyzmatyndan tölegsiz peýdalanmaga, düşündirişleriniň ýazgysynyň dogrulygy barada teswirnama degişli bellikleri girizmäge, şu Kodeksiň 14-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, düşündiriş bermekden ýüz döndermäge haklydyr.

4. On dört ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik adamlardan mugallymyň ýa-da psihologyň gatnaşmagynda düşündiriş alynýar. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamdan düşündiriş alynmagy diňe onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň gatnaşmagynda geçirilip bilner.

5. Şaýat görnetin ýalan düşündiriş berendigi üçin şu Kodeksiň 426-njy maddasynda göz öňünde tutulan jogapkärçilik hakynda duýdurylýar.

 

494-nji madda. Şaýat hökmünde düşündiriş alnyp bilinmejek adamlar

 

Şaýat hökmünde düşündiriş alnyp bilinmejek adamlar şulardyr:

1) özleriniň fiziki ýa-da psihiki ýetmezçilikleri zerarly administratiw hukuk bozulma barada iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlara düşünip we şeýle ýagdaýlar boýunça dogry düşündiriş berip bilmejek adamlar;

2) administratiw hukuk bozulmany eden adamyň aklawjysy öz borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda ol hukuk bozulmany eden adam tarapyndan özüne habar berlen ýagdaýlar hakynda;

3) kanuny wekil – kanuny wekiliň borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda özüne belli bolan ýagdaýlar hakynda.

 

495-nji madda. Güwäler

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan wezipeli adam kämillik ýaşyna ýeten, işiň ahyrky netijesinde öz bähbidi bolmadyk adamlardan iş boýunça önümçilige gatnaşmagy üçin güwäleri çagyrýar. Güwäleriň sany ikiden az bolup bilmez.

2. Şahsy gözden geçirişde, goşlar, ulag serişdeleri gözden geçirilende, emläkler we resminamalar alnanda, şeýle hem serhoşlyk ýagdaýyna degişli lukmançylyk barlagyndan geçirilende güwäleriň gatnaşmagy hökmandyr. Güwäler özleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş ýörediş hereketlerini, şeýle hereketleriň mazmunyny we netijelerini teswirnamada öz gollary bilen tassyklaýarlar.

3. Güwäleriň administratiw önümçilige gatnaşmagy we olaryň iş ýörediş hereketlerine bellikleri teswirnamada görkezilýär.

4. Zerur bolan halatynda administratiw önümçiligiň barşynda güwälerden şu Kodeksiň 493-nji maddasynda bellenilen tertipde şaýat hatarynda düşündiriş alnyp bilner.

 

496-njy madda. Hünärmen

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça öz bähbidi bolmadyk we subutnamalary anyklamakda, almakda we resmileşdirmekde, şeýle hem tehniki serişdeleri ulanmakda kömek bermegi üçin ýörite bilimleri bolan islendik adam iş boýunça önümçilige gatnaşmagy üçin administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan wezipeli adam tarapyndan hünärmen hökmünde çagyrylyp bilner.

2. Hünärmeniň şulara hukugy bardyr:

1) özüniň gatnaşýan we edýän işine degişli bolan administratiw hukuk bozulma barada işiň materiallary bilen tanyşmaga;

2) administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň rugsat bermegi bilen özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsa, jebir çekene, şaýatlara hünärmeniň alyp barýan işine degişli soraglary bermäge;

3) ýerine ýetiren hereketleri hakynda bellikler we düşündirişler aýtmaga.

3. Hünärmen şulara borçludyr:

1) iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň çakylygy boýunça gelmäge;

2) subutnamalary anyklamaga, almaga we resmileşdirmäge gatnaşmaga;

3) ýerine ýetiren hereketleri barada düşündirişler bermäge;

4) öz goly bilen bu hereketleriň mazmunyny we netijelerini teswirnamada tassyklamaga;

5) şu Kodeksiň 499-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň biri bar bolsa, hünärmeni çagyran işe seretmäge ygtyýarly edara öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek hakynda habar bermäge.

4. Hünärmen görnetin ýalan düşündiriş berendigi, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden ýa-da çakylyk boýunça gelmekden bilkastlaýyn ýüz dönderendigi üçin şu Kodeksiň 426-njy maddasynda göz öňünde tutulan jogapkärçilik hakynda duýdurylýar.

 

497-nji madda. Bilermen

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça öz bähbidi bolmadyk we degişli  meseleleri aýdyňlaşdyrmak maksady bilen ylym, sungat, tehnika we beýleki pudaklar boýunça ýeterlik ýörite bilimleri bolan adam bilermenler seljermesini geçirmek we bilermen netijenamasyny bermek üçin bilermen hökmünde çagyrylýar.

2. Bilermeniň öňünde goýlan soraglar onuň ýörite bilimleriniň çäginden çykýan ýa-da oňa iş boýunça barlaga berlen obýektler we materiallar netijenama bermek üçin ýaramsyz ýa-da ýeterlik däl bolsa, ol netijenama bermekden ýüz döndermäge haklydyr.

3. Bilermeniň şulara hukugy bardyr:

1) işiň bilermenler seljermesine degişli materiallary bilen tanyşmaga;

2) netijenama bermek üçin zerur iş boýunça goşmaça materiallaryň berilmegi hakynda haýyşnama aýtmaga;

3) bilermenler seljermesine degişli maglumatlary anyklaşdyrmak üçin administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň rugsat bermegi bilen özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsa, jebir çekene, şaýatlara soraglary bermäge;

4) özüniň netijenamasynda öňünde goýlan soraglar bilen bir hatarda bilermenler seljermesine degişli we iş üçin düýpli hasap edilýän gaýry ýagdaýlary hem görkezmäge;

5) işe seredilende gatnaşmaga.

4. Bilermen şulara borçludyr:

1) administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň çagyrmagy boýunça gelmäge;

2) iş boýunça özüne berlen obýektleriň we materiallaryň hemmetaraplaýyn barlagyny geçirmäge, özüniň öňünde goýlan soraglar boýunça esaslandyrylan we obýektiw netijenama bermäge;

3) şu Kodeksiň 499-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň biri bar bolsa, bilermenler seljermesini bellän işe seretmäge ygtyýarly edara öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek hakynda habar bermäge.

5. Bilermen görnetin ýalan netijenama berendigi, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden ýa-da çakylyk boýunça gelmekden bilkastlaýyn ýüz dönderendigi üçin şu Kodeksiň 426-njy maddasynda göz öňünde tutulan jogapkärçilik hakynda duýdurylýar.

 

498-nji madda. Terjimeçi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça öz bähbidi bolmadyk, kämillik ýaşyna ýeten we terjime etmek üçin zerur bolan dilleri bilýän islendik adam administratiw önümçilikde terjimeçi bolup biler.

2. Terjimeçi administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan bellenýär.

3. Terjimeçi administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň çagyrmagy boýunça gelmäge, özüne tabşyrylan terjimäni doly we takyk ýerine ýetirmäge we onuň dogrulygyny öz goly bilen tassyklamaga borçludyr.

4. Şu Kodeksiň 499-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň biri bar bolsa, terjimeçi özüni çagyran işe seretmäge ygtyýarly edara öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek hakynda habar bermäge borçludyr.

5. Terjimeçi görnetin nädogry terjimäni ýerine ýetirendigi, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden ýa-da çakylyk boýunça gelmekden bilkastlaýyn ýüz dönderendigi üçin şu Kodeksiň 426-njy maddasynda göz öňünde tutulan jogapkärçilik hakynda duýdurylýar.

 

499-njy madda. Administratiw önümçilige gatnaşdyrmagy aradan aýyrýan ýagdaýlar

 

1. Administratiw hukuk bozulma edilenden soň administratiw hukuk bozulma barada iş gozgamak tertibiniň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edarasynyň işgärleriniň, bu iş boýunça beýleki gatnaşyjylar hökmünde öň çykyş eden adamlaryň administratiw önümçilige aklawjy ýa-da wekil hökmünde gatnaşmaga haklary ýokdur.

2. Hünärmen, bilermen we terjimeçi administratiw önümçilige gatnaşmaga haklary ýokdur, eger olar:

1) administratiw hukuk bozulmany eden adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili ýa-da kanuny wekil, aklawjy, prokuror, işe seredýän toparyň agzasy, kazy ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan wezipeli adam bilen garyndaşlyk gatnaşygynda durýan bolsa;

2) iş boýunça öň beýleki gatnaşyjy hökmünde çykyş eden bolsa;

3) işiň ahyrky netijesi bilen göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýanlygy barada ýeterlik esas bar bolsa.

 

500-nji madda. Administratiw önümçilige gatnaşmagyny aradan aýyrýan ýagdaýlar bolan adamlaraynanmazlyk bildirmek

 

1. Şu Kodeksiň 499-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bar bolsa, aklawjy, wekil, hünärmen, bilermen ýa-da terjimeçi administratiw önümçilige gatnaşmakdan çetleşdirilmäge degişlidir.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň administratiw hukuk bozulmalary barada işe gatnaşmagyna ynanmazlyk bildirmek bu iş boýunça önümçiligiň islendik gatnaşyjysy tarapyndan aýdylyp bilner. Öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek ýa-da ynanmazlyk bildirmek hakynda arza administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara berilýär.

3. Öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek ýa-da ynanmazlyk bildirmek hakynda arza seredende işe seretmäge ygtyýarly edara ony kanagatlandyrmak ýa-da kanagatlandyrmazlyk hakynda karar kabul edýär.

 

27-nji bap. ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIKDE SUBUTNAMALAR. SUBUTNAMALARA BAHA BERMEK

 

501-nji madda. Administratiw önümçilikde subut edilmäge degişli ýagdaýlar

 

Administratiw önümçiligiň netijesinde şular anyklanylmalydyr:

1) administratiw hukuk bozulmanyň wakasy (edilen wagty, ýeri, usuly we beýleki ýagdaýlary) we düzümi;

2) administratiw hukuk bozulmany eden şahs;

3) administratiw hukuk bozulmany etmekde şol şahsyň günälidigi, onuň günäsiniň görnüşi, edilen etmişe itergi beren deliller;

4) administratiw jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän ýa-da agyrlaşdyrýan ýagdaýlar;

5) administratiw hukuk bozulmanyň netijesinde ýetirilen zyýanyň häsiýeti we möçberi;

6) administratiw önümçiligi aradan aýyrýan ýagdaýlar;

7) işiň dogry çözülmegi üçin ähmiýeti bolan gaýry ýagdaýlar, şeýle hem administratiw hukuk bozulmanyň edilmegine ýardam eden sebäpler we şertler.

 

502-nji madda. Subutnamalar

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça hakykat ýüzündäki islendik maglumatlar subutnama bolup durýar, olar esasynda işe seretmäge ygtyýarly edara şu Kodeksde kesgitlenilen tertipde işiň dogry çözülmegi üçin ähmiýeti bolan administratiw hukuk bozulmanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny, onuň edilmeginde şahsyň günälidigini ýa-da günäsizdigini we gaýry ýagdaýlary anyklaýar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlar administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama, administratiw jogapkärçiligine çekilýän şahsyň düşündirişi, jebir çekeniň, şaýatlaryň düşündirişleri, bilermeniň netijenamasy, ýörite tehniki serişdeleriň görkezijileri, maddy subutnamalar, emlägi we resminamalary almak hakynda teswirnama, şeýle hem gaýry resminamalar bilen anyklanylýar.

3. Psihiki ýa-da fiziki zorluk ulanmak, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

 

503-nji madda. Maddy subutnamalar

 

1. Administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseler ýa-da özünde şol hukuk bozulmanyň yzlaryny saklap galan we şonuň üçin hem işiň dogry çözülmegi üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklamaga ýardam berýän närseler administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça maddy subutnamalar bolup durýar.

2. Zerur bolan halatlarynda maddy subutnamalaryň suraty alynýar we administratiw hukuk bozulma barada işe goşulýar. Maddy subutnamalar barada maglumatlar administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada bellik edilýär.

3. Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara iş tamamlanýança maddy subutnamalaryň saklanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleri görmäge we iş boýunça önümçiligiň tamamlanmagy bilen bolsa, maddy subutnamalar hakynda karar kabul etmäge borçludyr.

 

504-nji madda. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň düşündirişi

 

1. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň düşündirişi diýlip, ol tarapyndan dilden ýa-da ýazmaça görnüşde habar berlen işiň özüne mälim bolan ýagdaýlary barada maglumatlar we işde bar bolan subutnamalar barada maglumatlar hasap edilýär.

2. Özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň düşündirişi administratiw önümçiligi üpjün etmegiň çäreleri hakynda teswirnamada we administratiw hukuk bozulma barada işe seretmegiň teswirnamasynda beýan edilýär. Zerur bolan halatlarynda düşündirişler aýratynlykda ýazmaça görnüşde berkidilýär we administratiw hukuk bozulma barada işe goşulýar.

 

505-nji madda. Jebir çekeniň we şaýatlaryň düşündirişleri  

 

1. Jebir çekeniň we şaýatlaryň düşündirişleri diýlip, olar tarapyndan dilden ýa-da ýazmaça görnüşde habar berlen administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça anyklanylmaga degişli ýagdaýlar barada maglumatlar hasap edilýär.

2. Jebir çekeniň we şaýatlaryň düşündirişleri administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada, administratiw önümçiligi üpjün etmegiň çäreleri hakynda teswirnamada we administratiw hukuk bozulma barada işe seretmegiň teswirnamasynda beýan edilýär. Zerur bolan halatlarynda düşündirişler aýratynlykda ýazmaça görnüşde berkidilýär we administratiw hukuk bozulma barada işe goşulýar.

3. Gelip çykyşy belli bolmadyk maglumatlara salgylanylýan şaýadyň düşündirişleri subutnama hasap edilmeýär.

 

506-njy madda. Resminamalar  

 

1. Eger özlerinde saklanýan we kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň wezipeli adamlary ýa-da fiziki şahslar tarapyndan tassyklanan maglumatlaryň administratiw önümçilik üçin ähmiýeti bar bolanda ol maglumatlary özünde saklaýan resminamalar iş boýunça subutnama hasap edilýär.

2. Resminamalar dilden ýa-da ýazmaça görnüşde anyklanylan maglumatlary beýan edip bilerler. Düşürilen suratlar, ýörite tehniki serişdeleriň görkezijileri (şu Kodeksiň  507-nji maddasynda göz öňünde tutulanlardan başga), şekil görnüşinde hasaba alyş enjamlaryň, wideogözegçilik ulgamynyň we beýleki enjamlaryň, ses ýazgylarynyň ýa-da wideo ýazgylaryň materiallary, maglumatlar binýady, maglumatlar gorlary we degişli maglumatlary gaýry göterijiler resminama hasap edilýär.

3. Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara iş tamamlanýança resminamalaryň saklanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleri görmäge, iş boýunça önümçiligiň tamamlanmagy bilen bolsa, olar hakynda karar kabul etmäge borçludyr.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

507-nji madda. Ýörite tehniki serişdeleriň görkezijileri  

 

1. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ölçeýji gural hökmünde tassyklanan we metrologik synaglardan geçen ölçeýji gurallar ýörite tehniki serişdeler bolup durýarlar.

2. Ýörite tehniki serişdeleriň görkezijileri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada beýan edilýär.

 

508-nji madda. Bilermenler seljermesi  

 

1. Administratiw önümçilikde ähmiýeti bar bolan soraglary çözmek üçin ylym, sungat, tehnika we beýleki pudaklar boýunça ýörite bilimleriň bolmagyny talap edýän meseleleri aýdyňlaşdyrmak maksady bilen işe seretmäge ygtyýarly edaranyň karary bilen bilermenler seljermesi bellenip bilner.

2. Kararda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) bilermenler seljermesini bellemek üçin esaslar;

2) bilermeniň familiýasy, ady, atasynyň ady ýa-da bilermenler seljermesiniň geçiriljek edarasynyň ady;

3) bilermeniň netijenama bermäge borçly bolan soraglary;

4) bilermeniň ygtyýaryna berilýän materiallar;

5) bilermeniň hukuklarynyň we borçlarynyň oňa düşündirilendigi we onuň görnetin ýalan netijenama berendigi üçin administratiw jogapkärçilik barada duýdurylandygy hakynda bellikler.

3. Bilermeniň öňünde goýlan soraglar onuň ýörite bilimleriniň çäklerinden çykmaly däldir.

4. Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara bilermenler seljermesini bellemek hakynda karar bilen özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsy, şeýle hem jebir çekeni tanyşdyrmaga, olaryň hukuklaryny düşündirmäge borçludyr.

5. Bilermen öz adyndan netijenama berýär we oňa gol çekýär. Bilermeniň netijenamasynda bilermenler seljermesiniň geçirilen senesi we ýeri, bilermenler seljermesini geçirmek üçin esaslar, bilermeniň öňünde goýlan soraglara esaslandyrylan jogaplar we jemleýji netijeler görkezilýär.

6. Bilermeniň netijenamasy ýeterlik düşnükli ýa-da doly bolmadyk halatynda, şeýle hem öň barlanan ýagdaýlarbarada täze sowallar ýüze çykanda goşmaça seljerme, netijenamanyň esaslandyrylmadyk ýa-da onuň dogrudygyna şübhe dörän halatlarynda ýa-da şol bir obýektleri barlamak we şol bir meseleleri çözmek gerek bolan halatlarynda bolsa gaýtadan seljerme bellenip bilner.

 

509-njy madda. Goşmaça maglumatlary talap etmek

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara işi çözmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary talap etmek hakynda karar çykarmaga haklydyr.

2. Goşmaça maglumatlar olar talap edilenden soň üç günüň dowamynda, administratiw taýdan tussag etmek göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça bolsa haýal etmän olary talap eden edaralara iberilmelidir.

3. Talap edilen maglumatlary bermek mümkin bolmasa, degişli kärhanalar, edaralar, guramalar bu barada üç gün möhletde goşmaça maglumatlary talap etmek hakynda karar çykaran edara ýazmaça habar bermäge borçludyrlar.

 

510-njy madda. Subutnamalara baha bermek

 

1. Kazy, toparyň agzasy, wezipeli adam kanuna, subutnamalaryň degişliligine, ýolbererliklidigine we olaryň işiniň çözülmegi üçin ýeterlikdigine goldanyp, işiň ähli ýagdaýlarynyň we subutnamalaryň jeminiňhemmetaraplaýyn, doly we dogry barlanmagyna esaslanan öz içki ynam-ygtykady boýunça subutnamalara baha berýär

2. Hiç hili subutnama öňünden kesgitlenilen güýje eýe däldir.

 

511-nji madda. Materiallary prokurora, deslapky derňew ýa-da anyklaýyş edaralaryna geçirmek

 

Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilende edilen hukuk bozulmada jenaýatyň alamatlary bar diýlip netijä gelinse, işe seretmäge ygtyýarly edara materiallary prokurora, deslapky derňew ýa-da anyklaýyş edaralaryna geçirýär.

 

28-nji bap. ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIGI ÜPJÜN ETMEK ÇÄRELERINIŇ ULANYLMAGY

 

512-nji madda. Administratiw önümçiligi üpjün etmegiň çäreleri

 

1. Administratiw hukuk bozulmanyň öňüni almak, düzgün bozujynyň şahsyýetini anyklamak, administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde teswirnamany düzmek mümkin bolmasa, administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmek, administratiw hukuk bozulma barada işe öz wagtynda we dogry seredilmegini üpjün etmek we iş boýunça kabul edilen karary ýerine ýetirmek maksatlary bilen degişli wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde administratiw önümçiligi üpjün etmegiň aşakdaky çärelerini ulanmaga hukuklary bardyr:

1) eltmek;

2) administratiw taýdan tutup saklamak;

3) adamy şahsy gözden geçirmek, onuň ýanyndaky goşlaryny gözden geçirmek;

4) ulag serişdelerini gözden geçirmek;

5) ýuridik şahsa, onuň şahamçalaryna, wekilliklerine, düzüm we önümçilik bölümlerine ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa degişli çäkleri, jaýlary, harytlary, beýleki emläkleri we resminamalary gözden geçirmek;

6) emläkleri we resminamalary almak (şahsyýeti tassyklaýan pasport ýa-da beýleki resminama muňa girmeýär);

7) ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirmek;  

8) serhoşlyk ýagdaýyna barlagdan geçirmek;

9) ulag serişdelerini tutup saklamak;

10) ulag serişdeleriniň ulanylmagyny gadagan etmek;

11) getirmek;

12) işi wagtlaýyn gadagan etmek.

2. Administratiw önümçiligi üpjün etmegiň görkezilen çäreleriniň ulanylmagyna şu Kodeksde bellenilen tertipde hem-de beýleki täsir ediş çäreleri gutaran halatynda ýol berilýär we bu barada prokurora habar berilýär.

3. Administratiw önümçiligi üpjün etmegiň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen çäreleriniň bikanun ulanylmagynyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.

 

513-nji madda. Eltmek

 

1. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmek maksady bilen, ony ýerinde düzmek mümkin bolmadyk halatynda, eger teswirnama hem hökman düzülmeli bolsa, onda adam içeri işler edarasynyň işgäri ýa-da şu Kodeksiň 532-nji maddasyna laýyklykda administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adam tarapyndan içeri işler ýa-da beýleki döwlet edarasyna eltilip bilner.

2. Eltmek mümkin boldugyça gysga möhletde geçirilmelidir. Eltilen adamyň içeri işler ýa-da beýleki döwlet edarasynda bolmagy bir sagatdan uzaga çekip bilmez.

3. Eltmek teswirnama düzülip resmileşdirilýär ýa-da administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada ýa-da administratiw taýdan tutup saklamak hakynda teswirnamada degişli ýazgy edilýär we onuň nusgasy eltilen adamyň haýyşy boýunça oňa gowşurylýar.

 

514-nji madda. Administratiw taýdan tutup saklamak

 

1. Administratiw taýdan tutup saklamak, ýagny administratiw hukuk bozulmany eden adamyň gysga möhlete azatlygyny çäklendirmek, aýratyn ýagdaýlarda administratiw hukuk bozulma barada işe dogry we öz wagtynda seredilmegini ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin şeýle çäre zerur diýlip hasaplanylan halatynda ulanylýar.

2. Administratiw taýdan tutup saklamagy amala aşyrmaga şu edaralar haklydyrlar:

1) içeri işler edaralary – şu Kodeks arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça, administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama özleri tarapyndan düzülýän hukuk bozulmalary ýüze çykarylanda, şeýle hem degişli administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adamlaryň olara ýüz tutan halatynda islendik administratiw hukuk bozulmalary ýüze çykarylanda;

2) serhet goşunlary we serhet gözegçiligi edaralary – serhet gözegçiligi zolagynda, serhet sebitinde serhet düzgünini, gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgünini we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgünini üpjün etmek üçin bellenilen kadalaryň bozulmalary ýüze çykarylanda;

3) goralyp saklanýan obýektiň ýerleşýän ýerinde pudaklaýyn ýa-da harbylaşdyrylan gorag gulluklary – olar tarapyndan goralyp saklanýan obýektlere ýa-da emläge zyýan ýetirmek ýa-da şeýle obýekte ýa-da emläge hyýanat etmek, şonuň ýaly-da olar tarapyndan goralyp saklanýan çäklere aralaşmak bilen baglanyşykly administratiw hukuk bozulmalary ýüze çykarylanda;

4) harby awtomobil gözegçiligi gullugy – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ulag serişdelerini dolandyrýan sürüjiler we beýleki adamlar tarapyndan edilen Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalary ýüze çykarylanda;

5) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty – adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň bozulmalary ýüze çykarylanda;

6-njy bendi Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 377-V kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

7) döwlet gümrük gullugynyň edaralary – gümrük kadalarynyň bozulmalary ýüze çykarylanda;

8) migrasiýa gullugynyň edaralary – şu Kodeks arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan, Türkmenistana gelmek, Türkmenistanda bolmak, Türkmenistandan gitmek hem-de Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek tertibiniň bozulan halatlarynda, ilatyň saglygynyň we ahlaklylygynyň, raýatlaryň we beýleki şahslaryň hukuklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň goralmagy zerur bolanda, şeýle hem şu Kodeksde göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

3. Şu maddanyň ikinji bölegine laýyklykda administratiw taýdan tutup saklamagy amala aşyrmaga hukuk berlen wezipeli adamlaryň sanawy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

4. Administratiw hukuk bozulmany edendigi üçin tutup saklanan adam, onuň bolýan ýeri hakynda onuň ýakyn garyndaşlary, onuň öz islegi boýunça işleýän ýa-da okaýan ýeriniň administrasiýasy, şeýle hem aklawjysy habarly edilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň tutup saklanylandygy barada onuň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara habar etmek hökmandyr.

5. Düzgün-nyzam tertipnamalarynyň hereketi özlerine degişli edilen harby gullukçylaryň we beýleki adamlaryň administratiw taýdan tutup saklanylandygy barada tutup saklanylanyň gullugy geçýän edarasy haýal etmezden habarly edilýär.

6. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň administratiw taýdan tutup saklanylandygy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bir gije-gündiziň dowamynda habarly edilýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky we 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 29-njy madda; 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

515-nji madda. Administratiw taýdan tutup saklamak möhletleri

 

1. Administratiw hukuk bozulmany eden adamy administratiw taýdan tutup saklamak möhleti, şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda, üç sagatdan ýokary bolup bilmez.

2. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgünini, serhet düzgünini ýa-da gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgünini bozan adam teswirnama düzmek üçin üç sagada çenli tutup saklanylyp bilner, hukuk bozujynyň şahsyýetini anyklamak we hukuk bozulmanyň ýagdaýlaryny takyklamak zerur bolan halatlarynda bolsa – üç gije-gündize çenli tutup saklanylyp bilner, şunda bu barada onuň tutup saklanylan pursadyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda prokurora ýazmaça habar berilýär ýa-da eger hukuk bozujynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary bolmasa, prokuroryň sanksiýasy bilen ol on gije-gündize çenli tutup saklanylyp bilner.

3. Ownuk bozgakçylyk eden, ýygnaklary, ýygnanyşyklary we ýörişleri guramak we geçirmek, Türkmenistanyň çäginde bolmak tertibini bozan adamlar, şeýle hem özleri babatda jelepçilik bilen meşgullanýandyklary ýa-da jelepçilik bilen meşgul bolýanlar bilen jyns gatnaşygyny edýändikleri barada ýeterlik esas bolan adamlar, işe seredilýänçä, ýöne ýigrimi dört sagatdan köp bolmadyk möhlete, saklanyp bilner.

4. Administratiw taýdan tutup saklamak möhleti hukuk bozujynyň teswirnama düzmek üçin eltilen, serhoş ýagdaýda bolan adam üçin bolsa, onuň huşuna gelen pursadyndan hasaplanýar.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky we 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda; 2017 ý., № 4, 167-nji madda).

 

516-njy madda. Administratiw taýdan tutup saklamak hakynda teswirnama

 

1. Administratiw taýdan tutup saklamak hakynda teswirnama düzülýär, onda şular: düzülen senesi we ýeri, düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady; tutup saklanylanyň şahsyýeti barada maglumatlar, tutup saklanylan wagty we delilleri görkezilýär.

2. Administratiw taýdan tutup saklamak hakynda teswirnama ony düzen wezipeli adam we tutup saklanylan adam gol çekýär. Tutup saklanylan adam teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär.

3. Administratiw tertibinde tutup saklanylan adama onuň hukuklary we borçlary düşündirilýär hem-de bu barada administratiw taýdan tutup saklamak hakynda teswirnamada degişli ýazgy edilýär.

4. Tutup saklanylan adam düşündiriş we teswirnamanyň mazmuny boýunça özüniň belliklerini bermäge, şeýle hem teswirnama gol çekmekden ýüz döndermeginiň sebäplerini görkezmäge haklydyr. Tutup saklanylan adamyň düşündirişi we bellikleri teswirnama goşulýar. Teswirnamanyň nusgasy administratiw taýdan tutup saklamak ulanylan adama onuň haýyşy boýunça gowşurylýar.

 

517-nji madda. Administratiw taýdan tutup saklamak ulanylan adamyň hukuklarynyň üpjün edilmegi

 

1. Administratiw taýdan tutup saklamak ulanylan adamyň şu Kodeksde bellenilen hukuklaryny üpjün etmek üçin şu çäreler görülýär:

1) tutup saklanylan adamy administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama bilen tanyşdyrmak;

2) tutup saklanylana onuň tutup saklanylmagynyň delillerini habar bermek;

3) tutup saklanylan bilen çemeleşilende onuň şahsyýetine we mertebesine hormat goýmak;

4) tutup saklanylana özüniň aklawjysy bilen aragatnaşyk saklamak we onuň bilen duşuşmak üçin mümkinçilikleri döretmek;

5) tutup saklanylanyň aklawjysynyň bolmadyk halatynda ony adwokat bilen üpjün etmek.

2. Administratiw taýdan tutup saklamak ulanylan adamlar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilen ýerlerde saklanylýar.

3. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulma barada işe dogry we öz wagtynda seredilmegini ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek zerurlygyndan gelip çykýan çäklendirmeleri hasaba almak bilen administratiw taýdan tutup saklamak ulanylan adamlara olaryň hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär, olar kanunda bellenilen halatlardan başga ýagdaýlarda, özleriniň raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylyp bilinmez.

 

518-nji madda. Adamyň şahsy gözden geçirilmegi we onuň ýanyndaky goşlaryň gözden geçirilmegi

 

1. Adamy şahsy gözden geçirmek we onuň ýanyndaky goşlary gözden geçirmek administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guralyny ýa-da närselerini ýüze çykarmak maksady bilen şu Kodeksiň 513-nji maddasynyň birinji böleginde we 514-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan geçirilýär.

2. Adamy şahsy gözden geçirmek gözden geçirilýän bilen bir jynsdan bolan adam tarapyndan şol jynsdaky iki sany güwäleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

3. Adamyň ýanyndaky goşlary (el goşuny, ýüküni, aw awlamak we balyk tutmak üçin gurallaryny, ele salnan önümleri we beýleki närseleri) gözden geçirmek ol goşlar eýeçiliginde ýa-da eýelik etmeginde bolan adamyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Gaýra goýup bolmaýan halatlarda güwäleriň ikisiniň gatnaşmagynda eýesiniň (eýelik edýäniň) ýoklugynda hem görkezilen goşlar gözden geçirmäge sezewar edilip bilner. Şeýle ýol bilen alnan deliliň subutnama güýjüniň administratiw jogapkärçiligine çekilýän şahsyň günäkärdigine ýeke-täk esas edilmegine ýol berilmeýär.

4. Adamy şahsy gözden geçirmek we onuň ýanyndaky goşlary gözden geçirmek hakynda teswirnama düzülýär ýa-da administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada ýa-da administratiw taýdan tutup saklamak hakynda teswirnamada degişli ýazgy edilýär.

5. Adamy şahsy gözden geçirmek we onuň ýanyndaky goşlary gözden geçirmek hakynda teswirnamada şular görkezilýär:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) güwäleriň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň salgysy;

4) gözden geçirilýän adam barada maglumatlar;

5) şahsy gözden geçirilende ýüze çykarylan goşlaryň görnüşleri, sany we gaýry aýratynlyk alamatlary barada maglumatlar.

6. Teswirnama ony düzen wezipeli adam, administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da gözden geçirilýän goşlara eýelik edýän adam we güwäler tarapyndan gol çekilýär. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da gözden geçirilýän goşlara eýelik edýän adam teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär. Teswirnamanyň nusgasy administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da gözden geçirilýän goşlara eýelik edýän adama gowşurylýar.

7. Gümrük edaralarynda adamy şahsy gözden geçirmek we onuň ýanyndaky goşlary gözden geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

519-njy madda. Ulag serişdesiniň gözden geçirilmegi

 

1. Ulag serişdesini gözden geçirmek administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guralyny ýa-da närseleriniýüze çykarmak maksady bilen şu Kodeksiň 513-nji maddasynyň birinji böleginde we 514-njy maddasynyň üçünji böleginde görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan ulag serişdesiniň gurluş bütewüligini bozman onuň gözden geçirilmegi bolup durýar.

2. Ulag serişdesini gözden geçirmek ulag serişdesini tutuşlygyna we onuň talap edilýän ýerlerini hut özüniň görkezmäge hukugy bolan ulag serişdesine eýelik edýan adamyň we güwäleriň ikisiniň gatnaşmagynda geçirilýär. Gaýra goýup bolmaýan halatlarda güwäleriň ikisiniň gatnaşmagynda eýelik edýän adamyň ýoklugynda hem ulag serişdesi gözden geçirmäge sezewar edilip bilner. Şeýle ýol bilen alnan deliliň subutnama güýjüniň administratiwjogapkärçiligine çekilýän şahsyň günäkärdigine ýeke-täk esas edilmegine ýol berilmeýär.

3. Zerur halatlarda maddy subutnamalary bellige almak maksady bilen fotosurata düşürmek we görnüşli ýazgy etmek ulanylýar.

4. Ulag serişdesini gözden geçirmek hakynda teswirnama düzülýär, onda şular görkezilýär:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) güwäleriň familiýasy, ady, atasynyň ady ýaşaýan ýeriniň salgysy;

4) ulag serişdesine eýelik edýän adam barada maglumarlar;

5) ulag serişdesini gözden geçirmegi geçirmek üçin esaslar;

6) ulag serişdesiniň görnüşi, kysymy, modeli, döwlet hasaba alyş belgisi we aýratynlyk alamatlary barada maglumatlar;

7) goşlaryň görnüşleri;

8) resminamalaryň görnüşleri we maglumatlary.

5. Gözden geçirişiň barşynda fotosuratlaryň, görnüşli ýazgylaryň peýdalanylan halatynda bu barada ulag serişdesini gözden geçirmek hakynda teswirnamada ýazgylar edilýär. Gözden geçirişiň barşynda fotosuratlaryň, görnüşli ýazgylaryň peýdalanylmagy bilen alnan materiallar degişli teswirnama goşulýar.

6. Ulag serişdesini gözden geçirmek hakynda teswirnama ony düzen wezipeli adam, administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ulag serişdesine eýelik edýän adam we güwäler tarapyndan gol çekilýär. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ulag serişdesine eýelik edýän adam teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär. Teswirnamanyň nusgasy administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da gözden geçirilýän ulag serişdesine eýelik edýän adama gowşurylýar.

 

520-nji madda. Ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa degişli çäkleriň, jaýlaryň, harytlaryň, beýleki emläkleriň we resminamalaryň gözden geçirilmegi

 

1. Ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa  degişli çäkleri, jaýlary, harytlary, beýleki emläkleri we resminamalary gözden geçirmek administratiw hukuk bozulmanyň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri ýüze çykarmak maksady bilen şu Kodeksiň 532-nji maddasynda görkezilen administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adamlar tarapyndan geçirilýär.

2. Ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa degişli çäkleri, jaýlary, harytlary, beýleki emläkleri we resminamalary gözden geçirmek ol ýuridik şahsyň wekiliniň ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň we güwäleriň ikisiniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

3. Zerur halatynda maddy subutnamalary berkitmek maksady bilen fotosurata düşürmek we görnüşli ýazgy etmek ulanylýar.

4. Ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa degişli çäkleri, jaýlary, harytlary, beýleki emläkleri we resminamalary gözden geçirmek hakynda teswirnama düzülýär we onda şular görkezilýär:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) güwäleriň familiýasy, ady, atasynyň ady ýaşaýan ýeriniň salgysy;

4) çäkleri we jaýlary gözden geçirilýän ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs barada maglumatlar;

5) gözden geçirilen çäkler we jaýlar barada maglumatlar;

6) harytlaryň we gaýry emläkleriň görnüşleri, sanlary we beýleki alamatlary;

7) resminamalaryň görnüşleri we maglumatlary.

5. Gözden geçirişiň barşynda fotosuratlaryň, görnüşli ýazgylaryň peýdalanylan halatynda bu barada ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa degişli çäkleri, jaýlary, harytlary, beýleki emläkleri we resminamalary gözden geçirmek hakynda teswirnamada ýazgylar edilýär. Gözden geçirişiň barşynda fotosuratlaryň, görnüşli ýazgylaryň ulanylmagy bilen alnan materiallar degişli teswirnama goşulýar.

6. Ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa degişli çäkleri, jaýlary, harytlary, beýleki emläkleri we resminamalary gözden geçirmek hakynda teswirnama ony düzen wezipeli adam, ol ýuridik şahsyň wekili ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs we güwäler tarapyndan gol çekilýär. Ýuridik şahsyň wekili ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär. Teswirnamanyň nusgasy ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da wekiline we ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa gowşurylýar.

 

521-nji madda. Emläkleri we resminamalary almak

 

1. Administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde ýa-da şahs gözden geçirilende we onuň ýanyndaky goşlary gözden geçirilende, ulag serişdeleri gözden geçirilende ýa-da ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa degişli çäkler, jaýlar, harytlar, beýleki emläkler we resminamalar gözdengeçirilende ýüze çykarylan administratiw hukuk bozulmanyň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan we iş boýunça subutnama hökmünde ähmiýeti bolan emläkler we resminamalar, şeýle hem närseler iki sany güwäleriň gatnaşmagynda şu Kodeksiň 513-nji maddasynyň birinji böleginde we 514-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen, şeýle hem şu Kodeksiň 532-nji maddasyna laýyklykda administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adamlar tarapyndan alynýar.

2. Resminamalar alnan halatynda resminamalaryň olary alýan wezipeli adam tarapyndan tassyk edilýän nusgalary taýýarlanýar we olar resminamalary alynýan şahsa berilýär, bu barada teswirnamada ýazgy edilýär.

3. Sürüjiniň, gämi sürüjisiniň ulag serişdesini dolandyrmak hukugynyň çäklendirilmegi görnüşinde administratiw temmisini bermek göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulma edilende we ýol gözegçiligi gullugynyň işgäriniň çykaran karary bilen ýol hereketine gatnaşyjynyň ylalaşmaýan ähli halatlarynda bu administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça karar çykarýança sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasy, gämi sürüjisiniň gämi sürüjilik şahadatnamasy alynýar, bu barada teswirnamada ýazgy edilýär we görkezilen adamlara ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän wagtlaýyn rugsatnama berilýär. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny çäklendirmek barada karar kabul edilen halatynda sürüjilik şahadatnamasy, gämi sürüjilik şahadatnamasy eýesine gaýtarylyp berilmeýär. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän wagtlaýyn rugsatnamanyň hereket edýän möhleti Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny çäklendirmek hakynda karara şikaýat etmek göz öňünde tutulan möhlet geçýänçä ýa-da şikaýat boýunça karar kabul edilýänçä uzaldylýar.

4. Emläkleri we resminamalary almak hakynda teswirnama düzülýär ýa-da ol administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada ýa-da administratiw taýdan tutup saklamak hakynda teswirnamada bellenýär.

5. Emläkleri we resminamalary almak hakynda teswirnamada şular görkezilýär:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) güwäleriň familiýasy, ady, atasynyň ady ýaşaýan ýeriniň salgysy;

4) emläkleri we resminamalary alnan adam barada maglumarlar;

5) emläkleri we resminamalary almak üçin esaslar;

6) alnan resminamalaryň görnüşleri we maglumatlary;

7) alnan emläkleriň görnüşleri, sany we alamatlary, şol sanda alnan ýaragyň kysymy ýa-da modeli, onuň kalibri, seriýasy we belgisi, alnan ulag serişdesiniň görnüşi, kysymy, modeli, döwlet bellige alnyş nyşany we aýratynlyk alamatlary barada maglumatlar.

6. Emläkleri we resminamalary almagyň barşynda fotosuratlar düşürilen, görnüşli ýazgylar edilen bolsa, bu barada teswirnamada ýazgylar edilýär. Fotosuratlaryň, görnüşli ýazgylaryň peýdalanylmagy, beýleki rugsat edilen serişdeleriň ulanylmagy netijesinde alnan emläkleriň we resminamalaryň alynmagy bilen baglanyşykly materiallar degişli teswirnama goşulýar.

7. Emläkleri we resminamalary almak hakynda teswirnama ony düzen wezipeli adam, emläkleri we resminamalary alnan adam we güwäler tarapyndan gol çekilýär. Emläkleri we resminamalary alnan adam teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär. Teswirnamanyň nusgasy özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsa ýa-da onuň kanuny wekiline gowşurylýar.

8. Zerur bolan halatynda alnan emläkler we resminamalar gös-göni ýerinde gaplanylýar. Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýänçä, alnan emläkler we resminamalar olary alan edaralar tarapyndan kesgitlenilen ýerlerde saklanylýar, işe seredilenden soň bolsa, şonuň netijelerine baglylykda şol emläkler we resminamalar bellenilen tertipde muzdsuz alynýar ýa-da eýesine gaýtarylýar, ýa-da ýok edilýär, emläkler tölegli alnanda bolsa, satylýar we ondan gelen pullar eýesine gaýtarylýar.

9. Türkmenistanyň döwlet sylaglary babatda şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuk bozulma edilende Türkmenistanyň ordeni, medaly, hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany hukuk bozujydan alynýar. Işe seredilenden soň, hukuk bozujydan alnan Türkmenistanyň ordeni, medaly, hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany olara kanuny eýelik edýäne gaýtarylyp berilýär, eger ol belli bolmasa, degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edarasyna iberilýär.

10. Alnan ok atýan ýaraglar, şeýle hem olaryň peşeňleri we beýleki ok-därileri degişli edara tarapyndan bellenilen tertipde saklanylýar.

11. Alnan tiz zaýalanýan harytlar ýerlemek üçin degişli edaralara berilýär, olaryň ýerlenilmegi mümkin bolmasa – ýok edilýär.

12. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen standartlara, sanitariýa kadalaryna we düzgünlerine, gigiýena kadalaryna laýyk gelmeýän, alnan neşe serişdeleri we psihotrop maddalar, etil spirti, düzüminde alkogol we spirt bolan önümler gaýtadan işlemäge iberilýär ýa-da işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde ýok edilýär.

13. Alnan we ýok edilmäge degişli neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň, etil spirtiniň, düzüminde alkogol we spirt bolan önümleriň nusgalary administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kabul edilen karar kanuny güýje girýänçä saklanylýar.

14. Kontrabanda närseleri tutup saklanylanda jerimäni töledip almagy üpjün etmek üçin goşlaryň (gymmatlyklaryň) alynmagyna kontrabanda eden adamyň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýeri ýok bolan halatynda ýol berilýär.

15. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirende administratiw hukuk bozulmany eden adama degişli emläkleri we resminamalary almak, şahsy gözden geçirmek we goşlaryny gözden geçirmek, ulag serişdesini gözden geçirmek diňe gaýra goýmak bolmaýan halatlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanylýar.

 

522-nji madda. Düzüminde adamyň saglygy üçin zyýanly maddalar köp bolan önümleriň alynmagy we ýok edilmegi

 

1. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulma edilende düzüminde adamyň saglygy üçin bellenilen ýol berilýän aňryçäk derejesinden ýokary zyýanly maddalar bolan önümler alynýar, administratiw hukuk bozulma barada işe seredilenden soňra bolsa, olary başga maksatlar üçin paýdalanmak mümkin bolmasa – ýok edilýär.

2. Şu maddanyň birinji bölüminde görkezilen iýmit önümlerini ýok etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

523-nji madda. Alnan emläklere baha kesmek

 

1. Şu halatlarda alnan emläklere baha kesmek geçirilýär:

1) administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleriň tölenmeli bahasynyň möçberiniň kesgitlenilmegi;

2) alnan närseler tiz zaýalanýanlaryň hataryna degişli we olar ýok etmek üçin iberilýän bolsa;

3) etil spirti, düzüminde alkogol we spirt bolan önümler gaýtadan işlemäge ýa-da ýok etmäge iberilýän bolsa.

2. Alnan emläklere baha kesmek üçin, bu emläkleriň bahasy döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bolsa, düzgünleşdirilýän döwlet bahalary ulanylýar. Başga halatlarda alnan emläklere baha kesmek bazar bahasyndan ugur alnyp geçirilýär.

 

524-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirilmegi we serhoşlyk ýagdaýyna barlagdan geçirilmegi

 

1. Ulag serişdesini dolandyrýan adam şu halatlarda ony dolandyrmakdan çetleşdirilýär:

1) tutup saklanylan ulag serişdesini dolandyrýan adamyň ýa-da onuň bilen bile barýan ýolagçylaryň haýsy bolsa-da biriniň sürüjilik şahadatnamasy ýa-da ulag serişdesiniň döwlet belligine alnanlygy hakynda güwänamasy ýa-da ol ulag serişdesini dolandyrmaga hukuk berýän başga esas ýok bolsa, şonuň ýaly-da ol resminamalaryň asyl nusgalygyna şübhe döredýän bolsa;

2) ulag serişdesiniň döwlet bellige alnyş nyşanlary ýa-da ol nyşanlaryň biri bolmasa, olar galp ýa-da standarta laýyk gelmeýän, şonuň ýaly-da ulag serişdesi taýýarlaýjy tarapyndan göz öňünde tutulmadyk we ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan goşmaça närseler bilen enjamlaşdyrylan bolsa;

3) tutup saklanylan ulag serişdesiniň hereketlendirijisiniň, nowasynyň ýa-da şassisiniň belgileri ulag serişdesiniň döwlet belligine alnanlygy hakynda güwänamadaky belgilere laýyk gelmese;

4) tutup saklanylan ulag serişdesi bellenilen tertipde bellige alynmadyk bolsa;

5) tutup saklanylan ulag serişdesini dolandyrýan adam babatda onuň serhoş ýagdaýdadygy barada güman etmäge ýeterlik esaslar bar bolsa, serhoşlyk ýagdaýyna barlagdan geçmekden ýüz dönderýän bolsa, we şunda onuň bilen bile barýan ýolagçylaryň haýsy bolsa-da biriniň sürüjilik şahadatnamasy ýa-da ol ulag serişdesini dolandyrmaga hukuk berýän başga esas ýok ýa-da ulag serişdesi ony dolandyrmak hukugy çäklendirilen adam tarapyndan dolandyrylýan bolsa;

6) ulag serişdesi näsag, ýadaw ýagdaýda dolandyrylanda, eger bu hereketiň howpsuzlygyna howp salyp biljek bolsa.

2. Ulag serişdesini dolandyrýan adam babatda onuň serhoş ýagdaýdadygy barada güman etmäge ýeterlik esaslar bar bolsa, olar ýörite tehniki serişdeleri ulanmak bilen serhoşlyk ýagdaýyna barlagdan geçirmäge ýa-da lukmançylyk barlagyndan geçirmek üçin iberilmäge degişlidir.

3. Ulag serişdesini dolandyrmakdan çetleşdirmek we ýörite tehniki serişdeleri ulanmak bilen serhoşluk ýagdaýyna barlagdan geçirmek ýa-da lukmançylyk barlagyndan geçirmäge ibermek hakynda teswirnama düzülýär, onuň nusgasy özi babatda bu çäre ulanylýan adama gowşurylýar.

4. Ulag serişdesini dolandyrmakdan çetleşdirmek we ýörite tehniki serişdeleri ulanmak bilen serhoşluk ýagdaýyna barlagdan geçirmek ýa-da lukmançylyk barlagyndan geçirmäge ibermek hakynda teswirnamada şular görkezilýär:

1) düzülen ýeri, senesi we wagty;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) ulag serişdesini dolandyrmakdan çetleşdirmek we serhoşluk ýagdaýyna barlagdan geçirmek ýa-da lukmançylyk barlagyndan geçirmäge ibermek üçin esaslar;

4) ulag serişdesini dolandyrýan adam barada maglumatlar;

5) ulag serişdesiniň görnüşi, kysymy, döwlet belgisi we aýratynlyk alamatlary barada maglumatlar.

5. Ulag serişdesini dolandyrmakdan çetleşdirmek we ýörite tehniki serişdeleri ulanmak bilen serhoşluk ýagdaýyna barlagdan geçirmek ýa-da lukmançylyk barlagyndan geçirmäge ibermek hakynda teswirnama ony düzen wezipeli adam we özi babatda ulag serişdesini dolandyrmakdan çetleşdirmek we ýörite tehniki serişdeleri ulanmak bilen serhoşluk ýagdaýyna barlagdan geçirmek ýa-da lukmançylyk barlagyndan geçirmäge ibermek çäreleri ulanylýan sürüji, gämi sürüji tarapyndan gol çekilýär. Sürüji, gämi sürüji teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda, onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär.

6. Serhoşluk ýagdaýyna lukmançylyk barlagyndan geçirmek we barlagdan geçirmegiň netijelerini resmileşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

7. Serhoşluk ýagdaýyna lukmançylyk barlagyndan geçirmek barada nama degişli teswirnama goşulýar.

 

525-nji madda. Ulag serişdeleriniň tutup saklanylmagy

 

1. Şu Kodeksiň 524-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda ulag serişdesini goralýan duralgalarda wagtlaýyn tutup saklamak ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan geçirilýär.

2. Ulag serişdesiniň tutup saklanylmagynyň sebäpleri üç sagadyň dowamynda aradan aýrylyp bilinjek bolsa, bu halatda ulag serişdesi işe seretmäge ygtyýarly edaranyň bu ulag serişdesini ýol hereketine gatnaşmakdan çetleşdiren işgärinde galdyrylýar. Şeýle sebäpleriň aradan aýrylandygy hakynda zerur resminamalar görkezilenden ýa-da jedelli ýagdaýlar çözülenden ýa-da hukuk bozulma üçin administratiw temmisi berlenden soň ulag serişdesi haýal etmän onuň eýesine gaýtarylyp berilýär.  

3. Ulag serişdesini tutup saklamagyň sebäpleri üç sagadyň dowamynda aradan aýrylyp bilinmejek bolsa, bu halatda ulag serişdesi işe seretmäge ygtyýarly edaranyň goralýan duralgasyna getirilýär. Şeýle sebäpleriň aradan aýrylandygy hakynda zerur resminamalar görkezilenden ýa-da jedelli ýagdaýlar çözülenden ýa-da hukuk bozulma üçin administratiw temmisi berlenden soň tutup saklanylan ulag serişdesi haýal etmän onuň eýesine gaýtarylyp berilýär.  

4. Ulag serişdesini tutup saklamak şu Kodeksiň 519-njy maddasyna laýyklykda iki nusgada düzülen nama bilen resmileşdirilýär, birinji nusgasy administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama goşulýar, ikinji nusgasy bolsa, ulag serişdesini dolandyran adama gowşurylýar.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 90-njy madda).

 

526-njy madda. Ulag serişdeleriniň ulanylmagynyň gadagan edilmegi

 

Tormoz ulgamy ýa-da rul dolandyryş mehanizmleri gurat bolmadyk ýa-da daşky yşyklandyryş (gije-gündiziň garaňky wagtynda) ýa-da öňki aýnasynyň aýna arassalaýjy enjamlary (ygally günlerde), tigiri, şinasy we beýleki gurluş bölekleri düzedip bolmajak gurat bolmadyk ulag serişdeleriniň ulanylmagy işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan gadagan edilýär.

 

527-nji madda. Getirmek

 

1. Şu Kodeksiň 542-nji maddasynyň üçünji böleginde we 545-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarynda administratiw önümçilik özleri babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň, administratiw jogapkärçiligine çekilýän kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň kanuny wekiliniň, şeýle hem şaýadyň getirilmegine ýol berilýär.

2. Administratiw önümçiligi üpjün etmegiň çäresi hökmünde getirmegiň kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar we göwreli aýallar babatda ulanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Getirmek ygtyýarly wezipeli adamyň karary esasynda administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça getirilmäge sezewar edilen adamyň ýaşaýan ýa-da bolýan ýeri boýunça içeri işler edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

528-nji madda. Işiň wagtlaýyn gadagan edilmegi

 

1. Işi wagtlaýyn gadagan etmek ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň, ýuridik şahsyň, onuň şahamçalarynyň, wekillikleriniň, düzüm bölümleriniň, önümçilik bölümleriniň hereket etmegini, şeýle hem enjamlarynyň, obýektleriniň, binalarynyň ýa-da desgalarynyň ulanylmagyny, işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagyny, hyzmatlaryň edilmegini administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýänçä bellenilen möhlete bes etmekden ybaratdyr. Işi wagtlaýyn gadagan etmek edilen administratiw hukuk bozulma üçin administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisini bellemek göz öňünde tutulan bolsa, ulanylyp bilner.

2. Işi wagtlaýyn gadagan etmek diňe aýratyn halatlarda, eger ol adamlaryň janyna we saglygyna howp salynmagyna, epidemiýalaryň, epizootiýalaryň döremegine, karantin astyndaky obýektlere karantin zyýan berijileriň ýokuşmagyna, radiasiýa, himiýa heläkçiliginiň ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň bolmagyna, daşky gurşawyň ýagdaýyna ýa-da hiline düýpli zyýanyň ýetirilmegine gös-göni howpuň öňüni almak üçin, daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary amala aşyrylýan zähmet işine çekmek düzgünleriniň ýol beren bozulmalaryny aradan aýyrmak üçin zerur bolanda we eger başga usullar bilen görkezilen ýagdaýlaryň öňüni almak mümkin bolmasa, ulanylyp bilner.

3. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bozulanda işi wagtlaýyn gadagan etmek ulanylmaýar. Şunda bank hasaplary boýunça amallaryň togtadylmagy jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriňkanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

4. Işi wagtlaýyn gadagan etmek administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisi bellenip bilinjek administratiw hukuk bozulma üçin şu Kodeksiň 532-nji maddasyna laýyklykda administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Işi wagtlaýyn gadagan etmek hakynda teswirnama güwäleriň ikisiniň gatnaşmagynda düzülýär we onda şular görkezilýär:

1) administratiw önümçiligi üpjün etmegiň şu çäresini ulanmagyň esasy;

2) düzülen senesi we ýeri;

3) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

4) güwäleriň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň salgysy;

5) özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahs barada maglumatlar;

6) işini wagtlaýyn gadagan etmäge sezewar edilen işiň obýekti;

7) işiň hakyky bes edilen wagty;

8) ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň düşündirişi.

6. Işi wagtlaýyn gadagan etmek hakynda teswirnama ony düzen wezipeli adam, ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs ýa-da ýuridik şahsyň wekili we güwäler tarapyndan gol çekilýär. Ýuridik şahsyň wekili ýa-da ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär.

7. Işi wagtlaýyn gadagan etmek hakynda teswirnamanyň nusgasy ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsa we ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da wekiline gol çekdirilip gowşurylýar.

 

529-njy madda. Işi wagtlaýyn gadagan etmek möhleti

 

1. Işi wagtlaýyn gadagan etmek möhleti üç gije-gündizden geçmeli däldir.

2. Işi wagtlaýyn gadagan etmek möhleti ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň, ýuridik şahsyň, onuň şahamçalarynyň, wekillikleriniň, düzüm bölümleriniň, önümçilik bölümleriniň işiniň, şeýle hem enjamlarynyň, obýektleriniň, binalarynyň ýa-da desgalarynyň ulanylmagynyň, işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagynyň, hyzmatlaryň edilmeginiň hakyky bes edilen wagtyndan hasaplanylýar.

 

29-njy bap. ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIGI GOZGAMAK

 

530-njy madda. Administratiw önümçiligi gozgamak üçin deliller we esaslar

 

1. Şular administratiw önümçiligi gozgamak üçin deliller bolup durýarlar:  

1) administratiw hukuk bozulma wakasynyň bardygyny görkezýän ýeterlik ýagdaýlary işe seretmäge ygtyýarly edaranyň wezipeli adamynyň özüniň gös-göni ýüze çykarmagy;

2) döwlet edaralaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan we jemgyýetçilik birleşiklerinden materiallaryň gelip gowuşmagy;

3) fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan berlen habarlar, olaryň arzalary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýradylan maglumatlar;

4) awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulmanyň ýüze çykarylmagy.

2. Materiallara, habarlara we arzalara seretmek işe seretmäge ygtyýarly edaranyň administratiw önümçiligi gozgamaga hukugy bolan, sanawy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenen wezipeli adam tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Bu materiallarda, habarlarda we arzalarda administratiw hukuk bozulmanyň wakasynyň bardygyny görkezýän alamatlaryň bolmagy we administratiw önümçiligi aradan aýyrýan ýagdaýlaryň ýok bolmagy administratiw önümçiligi gozgamak üçin esas bolup durýar.

4. Ýeterlik esaslar we şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň biri bar bolanda administratiw önümçilik gozgalýar.

5. Administratiw önümçilik şu halatlarda başlanan hasap edilýär:

1) şu Kodeksiň 512-nji maddasynda görkezilen çäreleriň ulanylmagy barada birinji teswirnama düzülende;

2) administratiw hukuk bozulma barada birinji teswirnama düzülende ýa-da administratiw önümçiligi gozgamak hakynda prokuror tarapyndan karar kabul edilende;

3) administratiw derňew hereketlerini geçirmek hakynda karar kabul edilende – administratiw önümçiliginiň tertibinde administratiw derňew hereketlerini geçirmek zerur diýlip hasap edilen halatlarynda.

6. Şu maddanyň birinji böleginiň birinji we üçünji bentlerinde görkezilen deliller esassyz bolan halatynda administratiw önümçiligi gozgamak hakynda karary ýatyrmak hakynda esaslandyrylan karar kabul edilýär.

7. Administratiw önümçiligi gozgamak hakynda karary ýatyrmak hakynda kararyň nusgasy degişli materiallary, habarlary we arzalary iberen şahslara iberilýär.

8. Administratiw hukuk bozulma boýunça önümçiligi gozgamak üçin esaslar ýok bolanda administratiw önümçiligi gozgamakdan ýüz döndermek barada karar kabul edilip bilner.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky we 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 79-njy madda; 2019 ý., № 1, ___-nji madda).

 

531-nji madda. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama

 

1. Şu Kodeksiň 436-njy we 534-nji maddalarynda görkezilenlerden başga ähli halatlarda administratiw hukuk bozulma berk hasabatlylyk resminamalaryna degişli bolan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen tassyklanylan nusgada teswirnama düzülip resmileşdirilýär, onda şular görkezilýär:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) administratiw hukuk bozulmany eden fiziki ýa-da ýuridik şahs barada maglumatlar;

4) administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri, wagty we mazmuny;

5) şu Kodeksiň bu administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy;

6) şaýatlaryň we jebir çekenleriň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary we salgylary;

7) administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň düşündirişi;

8) administratiw önümçilik üçin zerur bolan gaýry maglumatlar.

2. Teswirnama düzülende administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline olaryň şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary düşündirilýär hem-de bu barada teswirnamada ýazgy edilýär.

3. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

4. Teswirnama ony düzen adam we administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili tarapyndan gol çekilýär, şaýatlar we jebir çekenler bar bolsa teswirnama şol adamlar hem gol çekip biler. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili düşündiriş we teswirnamanyň mazmuny boýunça özüniň belliklerini bermäge, şeýle hem teswirnama gol çekmekden ýüz döndermeginiň sebäplerini görkezmäge haklydyr. Onuň düşündirişi we bellikleri teswirnama goşulýar. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline, şeýle hem jebir çekene teswirnamanyň nusgasy gol çekdirilip gowşurylýar.

 

532-nji madda. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adamlar

 

1. Ygtyýarly wezipeli adamlar şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan degişli administratiw hukuk bozulmalary boýunça administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bardyr.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulanlardan başga-da, şu Kodeks, Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üstlerine ýüklenilen wezipelere laýyklykda döwlet edaralarynyň, olaryň düzüm birlikleriniň we ýerli edaralarynyň wezipeli adamlary administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bardyr.

3. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň wezipeli adamlarynyň şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary boýunça administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bardyr.

4. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adamlaryň sanawy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

5. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adamlar şahsyýetini tassyklaýan şahadatnamasyny görkezmek bilen özüni tanyşdyrmaga, raýatlaryň adaty durmuşyny we rahatlygyny bozýan hereketleri etmekden saklanmaga borçludyrlar.

6. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama işe seretmäge ygtyýarly edara haýal edilmän iberilýär.

 

533-nji madda. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmek möhletleri

 

1. Administratiw hukuk bozulmanyň wakasy ýüze çykarylanda haýal etmän administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülýär.

2. Hukuk bozulmanyň ýagdaýlaryny goşmaça barlamak ýa-da administratiw önümçilik özi babatda gozgalýan fiziki ýa-da ýuridik şahs barada maglumatlar zerur bolan halatlarynda administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama administratiw hukuk bozulma ýüze çykarylan pursadyndan soň üç gün möhletde düzülýär, ýöne şu Kodeksiň 515-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

3. Administratiw derňew hereketleri geçirilende administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama ol hereketler tamamlanandan soň şu Kodeksiň 535-nji maddasynyň bäşinji böleginde görkezilen möhletde düzülýär.

 

534-nji madda. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülmeýän halatlary

 

1. Edilen administratiw hukuk bozulma üçin administratiw temmisi hökmünde duýduryş berilýän bolsa, administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülmeýär. Şu halatlarda duýduryşy resmileşdirmek administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri boýunça işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan geçirilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen halatlarda özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahs administratiw hukuk bozulmanyň wakasynyň bardygy ýa-da berilýän administratiw temmisiniň görnüşi bilen ylalaşmaýan bolsa administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülýär.

3. Işe kazyýet mejlisinde seretmegiň barşynda edilen administratiw hukuk bozulma üçin administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülmeýär we hukuk bozulma barada hereketler, olaryň mazmuny we netijeleri kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda beýan edilýär.

4. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülmeýär, administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar bolsa administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň bolmazlygynda çykarylýar we şu Kodeksiň 548-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde resmileşdirilýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, ___-nji madda).

 

535-nji madda. Administratiw derňew hereketleri

 

1. Maliýe serişdeleri, salgytlar, paçlar, gümrük işi, ýol hereketiniň kadalary, ýangyn howpsuzlygy we beýlekiler bilen baglanyşykly administratiw hukuk bozulmalary boýunça, eger olar ýüze çykarylandan soň ýeterlik dowamly wagty talap edýän bilermenler seljermesini we beýleki iş ýörediş hereketlerini geçirmek zerur bolsa, administratiw derňew hereketleri alnyp barylýar.

2. Administratiw önümçiligi gozgamak we administratiw derňew hereketlerini geçirmek hakynda karar administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bolan wezipeli adam tarapyndan çykarylýar. Kararyň nusgasy prokurora iberilýär.

Administratiw önümçiligi gozgamak we administratiw derňew hereketlerini geçirmek hakynda karar kabul etmäge prokuroryň hukugy bardyr.

3. Administratiw önümçiligi gozgamak we administratiw derňew hereketlerini geçirmek hakynda kararda şular görkezilýär:

1) kabul edilen senesi we ýeri;

2) kabul eden adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) administratiw önümçiligi gozgamak üçin deliller we administratiw hukuk bozulmanyň wakasynyň bardygyny belleýän maglumatlar;

4) şu Kodeksiň bu administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy.

Administratiw önümçiligi gozgamak we administratiw derňew hereketlerini geçirmek hakynda kararçykarylanda bu karar özi babatda çykarylan şahsa, şeýle hem administratiw önümçiligiň beýleki gatnaşyjylaryna olaryň şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary düşündirilýär hem-de bu barada kararda ýazgy edilýär. Kararyň nusgasy bir gije-gündiziň dowamynda bu karar özi babatda çykarylan şahsa, şeýle hem jebir çekene gol çekdirilip gowşurylýar ýa-da ugradylýar.

4. Administratiw derňew hereketlerini geçirmek administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri boýunça alnyp barylýar.

5. Administratiw derňew hereketlerini geçirmek administratiw önümçiligiň gozgalan pursadyndan bir aýdan gijä galmazdan tamamlanmalydyr. Aýratyn halatlarda administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň haýyşnamasy boýunça administratiw derňew hereketlerini geçirmek möhleti prokuror tarapyndan iki aýa çenli uzaldylyp bilner.

6. Administratiw derňew hereketleri tamamlanandan soň administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülýär.

 

536-njy madda. Teswirnamanyň (prokuroryň kararynyň) seretmek üçin iberilmegi

 

1. Administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama (prokuroryň karary) haýal edilmezden degişli işe seretmäge ygtyýarly edara iberilýär.

2. Administratiw taýdan tussag etmegi göz öňünde tutýan administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama (prokuroryň karary) düzülenden soň haýal etmän kazyýete iberilýär.

 

537-nji madda. Administratiw önümçiligiň togtadylmagy

 

1. Administratiw önümçilik şu halatlarda togtadylyp bilner:

1) administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam gaçyp gizlenen bolsa ýa-da başga sebäpler boýunça onuň bolýan ýerini anyklamak mümkin bolmasa;

2) administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ruhy ýa-da başga agyr kesel bilen kesellän bolsa;

3) administratiw hukuk bozulmany eden fiziki ýa-da ýuridik şahs anyklanylmadyk bolsa;

4) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça bilermenler seljermesi bellenen bolsa.

2. Administratiw önümçiligiň togtadylmagyna çenli administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň bolmazlygynda geçirip boljak ähli iş ýörediş hereketleri geçirilmelidir we şu maddanyň birinji böleginiň birinji we ikinji bentlerinde göz öňünde tutulan we administratiw önümçiligiň togtadylmagyna sebäp bolan ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ähli çäreler görülmelidir.

3. Administratiw önümçilik işe seretmäge ygtyýarly edaranyň wezipeli adamynyň delillendirilen karary boýunça togtadylýar.

4. Şu maddanyň birinji böleginiň birinji, ikinji we üçünji bentlerinde göz öňünde tutulan ýagdaýlar aradan aýrylandan soň administratiw önümçilik dikeldilýär.

 

538-nji madda. Administratiw önümçiligiň bes edilmegi

 

1. Şu Kodeksiň 435-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw önümçiligi aradan aýyrýan ýagdaýlaryň biri bar bolsa, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan işe seretmäge ygtyýarly edara administratiw önümçiligi bes etmek hakynda karar kabul edýär.

2. Administratiw önümçiligi bes etmek hakynda kararyň nusgasy özi babatda şeýle karar çykarylan şahsa iberilýär.

 

30-njy bap. ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY BARADA IŞLERE SERETMEK

 

539-njy madda. Administratiw hukuk bozulma barada işiň seretmäge taýýarlanmagy

 

Işe seretmäge ygtyýarly edaranyň wezipeli adamy administratiw hukuk bozulma barada işi seretmäge taýýarlanda şu soraglary anyklaýar:

1) şu işe seretmegiň onuň ygtyýaryna girýändigini;

2) kazynyň, kollegial edaranyň agzasynyň, wezipeli adamyň şu işe seretmegini aradan aýyrýan ýagdaýlaryň bardygyny;

3) teswirnamanyň we administratiw hukuk bozulma barada işiň beýleki materiallarynyň şu Kodeksiň talaplaryna laýyklykda düzülendigini;

4) iş boýunça önümçiligi aradan aýyrýan ýagdaýlaryň bardygyny;

5) işe düýp manysy boýunça seretmek üçin ýeterlik subutnamalaryň bardygyny;

6) iş boýunça haýyşnamalaryň we ynanmazlyk bildirmegiň bardygyny.

 

540-njy madda. Işe kazy, kollegial edaranyň agzasy, wezipeli adam tarapyndan seredilmegini aradan aýyrýan ýagdaýlar

 

Administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiligine seretmek üçin berlen kazy, kollegial edaranyň agzasy, wezipeli adam şu halatlarda bu işe seretmäge hakly däldir:

1) kazy, kollegial edaranyň agzasy, wezipeli adam administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň, kanuny wekiliň, ýuridk şahsyň wekiliniň, jebir çekeniň, aklawjynyň ýa-da wekiliň garyndaşy bolsa;

2) kazy, kollegial edaranyň agzasy, wezipeli adam işiň çözülişine göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsa.

 

541-nji madda. Işe seretmäge kazy, kollegial edaranyň agzasy, wezipeli adam tarapyndan öz-özüňe ynanmazlyk bildirilmegi ýa-da ynanmazlyk bildirilmegi

 

1. Şu Kodeksiň 540-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň biri bar bolsa, kazy, kollegial edaranyň agzasy, wezipeli adam özleriniň işe seretmeklerine öz-özüňe ynanmazlyk bildirmäge borçludyr.

2. Şu Kodeksiň 540-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň esasynda kazynyň, kollegial edaranyň agzasynyň, wezipeli adamyň işe seretmegine ynanmazlyk bildirmek administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam, jebir çeken, ýuridik şahsyň wekili, prokuror ýa-da administratiw önümçiligiň islendik gatnaşyjysy tarapyndan aýdylyp bilner.

3. Öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek ýa-da ynanmazlyk bildirmek hakynda arza administratiw hukuk bozulma barada iş seretmek üçin önümçiligine berlen kazy, kollegial edaranyň agzasy, wezipeli adam tarapyndan seredilýär.

4. Öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek ýa-da ynanmazlyk bildirmek hakynda arza seretmegiň netijesi boýunça ony kanagatlandyrmak ýa-da kanagatlandyrman galdyrmak hakynda karar kabul edilýär.

 

542-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş seretmäge taýýarlananda çözülmeli meseleler

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş seretmäge taýýarlananda şu meseleler çözülýär:

1) işe seretmegiň senesini we ýerini kesgitlemek;

2) iş boýunça önümçilige gatnaşýan adamlara onuň serediljek wagty we ýeri hakynda habar bermek;

3) iş boýunça zerur bolan goşmaça materiallary talap etmek;

4) bilermenler seljermesini bellemek;

5) işe seretmegi gaýra goýmak;

6) teswirnama we beýleki materiallar oňa hukugy bolmadyk adam tarapyndan ýa-da nädogry düzülen ýa-da iş boýunça materiallar doly berilmedik we işe seredilende olary goşup bolmajak bolsa, administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamany we beýleki resminamalary olary düzen edara gaýtarmak;

7) meseläniň seredilmegi bu edaranyň hukuklaryna girmeýän ýa-da kaza, kollegial edaranyň agzasyna, wezipeli adama ynanmazlyk bildirmek hakynda karar kabul edilen bolsa, administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamany we beýleki resminamalary degişli edara gaýtarmak.

2. Şu Kodeksiň 435-nji maddasynda we 537-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar bar bolsa, administratiw önümçiligi bes etmek ýa-da togtatmak hakynda karar kabul edilýär.

3. Administratiw önümçilik özleri babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň, administratiw jogapkärçiligine çekilýän kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň kanuny wekiliniň, şeýle hem şaýatlaryň delilli sebäpler bolmazdan işiň seredilmegine gatnaşmak üçin çakylyk boýunça gelmekden bilkastlaýyn ýüz döndermeginiň netijesinde administratiw önümçiligiň gaýra goýulmagy administratiw hukuk bozulma barada işiň ýagdaýlarynyň doly, hemmetaraplaýyn, obýektiw we öz wagtynda anyklaşdyrylmagyna päsgel berýän halatynda, ygtyýarly wezipeli adam görkezilen adamlary getirmek hakynda karar kabul etmäge haklydyr.

 

543-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada işiň seredilýän ýeri

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada işe administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri boýunça seredilýär.

2. Şu Kodeksiň 352-nji we 353-nji maddalarynda hem-de 355-nji maddasynyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere ol administratiw hukuk bozulmalaryň edilen ýeri ýa-da administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýaşaýan ýeri boýunça seredilýär.

3. Şu Kodeksiň 209–219-njy, 221–223-nji, 226-njy, 228-nji we 233–234-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere ulag serişdeleriniň döwlet belligine alnan ýerinde hem seredilip bilner.

4. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalary barada işlere olaryň ýaşaýan ýeri boýunça seredilýär.

5. Administratiw toparlary, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlar, içeri işler edaralarynyň ýol gözegçiligi gullugynyň toparlary administratiw hukuk bozulmalary barada işlere administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýaşaýan ýeri boýunça seredýärler.

 

544-nji madda. Administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek möhletleri

 

1. Işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama (karar) we işiň beýleki materiallary alnan gününden on bäş gün möhletde administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýär.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça goşmaça ýagdaýlary anyklamak zerur bolan halatlarynda işe seretmäge ygtyýarly edaranyň esaslandyrylan karary bilen işe seretmek möhleti bir aýa çenli uzaldylyp bilner.  

3. Administratiw taýdan tussag etmek görnüşinde administratiw temmisi göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulma barada işe administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama gelip gowşan gününde, iş boýunça önümçiligi üpjün etmegiň çäresi hökmünde administratiw taýdan tutup saklanmak ulanylan adam babatdaky işe bolsa – şeýle adam tutup saklanylandan soň 48 sagadyň dowamynda seredilýär.

4. Administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisini bermek göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulma barada işe ýa-da iş boýunça önümçiligi üpjün etmegiň çäresi hökmünde işi wagtlaýyn gadagan etmek ulanylyp bilinjek işe ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň, ýuridik şahsyň, onuň şahamçasynyň, wekilliginiň, düzüm bölüminiň, önümçilik bölüminiň hereketiniň, şeýle hem enjamlary, obýektleri, binalary ýa-da desgalary ulanylmagynyň, işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagynyň, hyzmatlaryň edilmeginiň hakyky bes edilen pursadyndan 72 sagadyň dowamynda seredilmelidir. Işiň wagtlaýyn gadagan edilen möhleti administratiw taýdan işi togtatmak möhletine goşulýar.

 

545-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada işe seretmek tertibi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilende:

1) işe seretmäge ygtyýarly edara, işiň gysgaça mazmuny we özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahs yglan edilýär;

2) işe seredilende administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň, onuň kanuny wekiliniň, ýuridik şahsyň wekiliniň, şeýle hem iş boýunça önümçilige gatnaşan beýleki adamlaryň gatnaşmagy kesgitlenilýär;

3) kanuny wekiliň, aklawjynyň we ýuridik şahsyň wekiliniň ygtyýarlylyklary barlanylýar;

4) iş boýunça önümçilige gatnaşýan adamlaryň gelmezliginiň sebäpleri anyklanýar we işe olaryň gatnaşmazlygynda seretmek ýa-da işe seretmegi başga wagta geçirmek meselesi çözülýär;

5) iş boýunça önümçilige gatnaşýan adamlaryň hukuklary we borçlary düşündirilýär;

6) aýdylan ynanmazlyk bildirmek we berlen haýyşnamalar çözülýär.

2. Işe seretmegi başga wagta geçirmek hakynda karar şu halatlarda kabul edilýär:

1) işe seredýän kazynyň, kollegial edaranyň agzasynyň, wezipeli adamyň öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek ýa-da ynanmazlyk bildirmek hakynda arza gelip gowşanda, eger görkezilen ynanmazlyk bildirmek işe düýp manysy boýunça seretmäge päsgel berýän bolsa;

2) hünärmene, bilermene ýa-da terjimeçä ynanmazlyk bildirilende, eger görkezilen ynanmazlyk bildirmek işe düýp manysy boýunça seretmäge päsgel berýän bolsa;

3) işe gatnaşan adamyň gelmegi zerur bolanda, şeýle hem goşmaça resminamalar ýa-da bilermenler seljermesini bellemek zerur bolanda.

3. Işe seredilende gatnaşmagy hökman bolan adamlary getirmek barada şu Kodeksiň 542-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda karar kabul edilýär.

4. Işi ibermek barada şu Kodeksiň 543-nji maddasyna laýyklykda karar kabul edilýär.

5. Işe seretmek kollegial edaranyň düzümini yglan etmek ýa-da şol işe seredýän wezipeli adamy tanyşdyrmak bilen dowam etdirilýär.

Kollegial edaranyň maslahatynda başlyklyk ediji ýa-da işe seredýän wezipeli adam haýsy işiň seredilmäge degişlidigini, administratiw jogapkärçilige kimiň çekilýändigini yglan edýär, iş boýunça önümçilige gatnaşýanlara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär. Şondan soňra administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama yglan edilýär. Maslahatda iş boýunça önümçilige gatnaşýanlar diňlenýär, subutnamalar barlanylýar we haýyşlar çözülýär. Işiň seredilmegine prokuror gatnaşan halatynda, onuň netijesi diňlenilýär.

 

546-njy madda. Administratiw hukuk bozulma barada işe seretmegiň teswirnamasynyň mazmuny

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada işe kollegial edara tarapyndan seredilende administratiw hukuk bozulma barada işe seretmegiň teswirnamasy ýöredilýär, onda aşakdakylar görkezilýär:

1) işe seretmegiň senesi we ýeri;

2) işe seredýän kollegial edaranyň ady we düzümi;

3) seredilýän işiň gysgaça mazmuny;

4) iş boýunça önümçilige gatnaşýan adamlaryň gelendigi hakynda maglumatlar;

5) garşylyklar, haýyşnamalar we olara seretmegiň netijeleri;

6) iş boýunça önümçilige gatnaşýan adamlaryň düşündirişleri, olaryň haýyşnamalary we netijeleri;

7) işe seredilende barlanylan resminamalar we maddy subutnamalar;

8) kabul edilen kararyň yglan edilmegi hem-de şol karara şikaýat etmek tertibiniň we möhletiniň düşündirilmegi barada maglumatlar.

2. Kollegial edaranyň maslahatynyň teswirnamasyna maslahatda başlyklyk ediji we kätip gol çekýär.

 

547-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilende kabul edilýän karar

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilende şu kararlaryň biri kabul edilýär:

1) administratiw temmisini bermek barada;

2) administratiw önümçiligi bes etmek barada.

2. Administratiw önümçiligi bes etmek hakynda karar şu halatlarda kabul edilýär:

1) şu Kodeksiň 435-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň biri bar bolanda;

2) hukuk bozujyny düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek barada materiallar şu Kodeksiň 29-njy maddasyna laýyklykda degişli döwlet edaralaryna geçirilen bolsa;

3) administratiw hukuk bozulma barada iş seretmek üçin kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada topara geçirilen bolsa.

3. Administratiw hukuk bozulma barada işe seretmegiň netijesi boýunça ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan şu kararlaryň biri kabul edilýär:

1) işe seretmek onuň ygtyýarlaryna girmeýändigi anyklanan bolsa, administratiw hukuk bozulma barada işi başga kaza ýa-da degişli edara geçirmek barada;

2) administratiw hukuk bozulma barada işi administratiw temmisiniň başga görnüşini bermäge ygtyýarly edara geçirmek barada.

 

548-nji madda. Administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça karar

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilende iş boýunça karar çykarylýar, onda şu maglumatlar görkezilmelidir:

1) karar çykaran edaranyň ady, administratiw hukuk bozulma barada işe sereden ygtyýarly wezipeli adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi;

2) işe, şeýle hem iş boýunça arza, haýyşnama, materiallara seredilen senesi we ýeri;

3) arza, haýyşnama beren şahs ýa-da özi babatda işe seredilýän adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili barada maglumatlar;

4) arzanyň, haýyşnamanyň mazmuny;

5) işe, şeýle hem iş boýunça arza, haýyşnama, materiallara seredilende anyklanan ýagdaýlaryň beýany;

6) şu Kodeksiň administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy;

7) şu Kodeksiň iş boýunça önümçiligi bes etmek ýa-da togtatmak üçin esas bolan maddasy;

8) iş boýunça arza, haýyşnama, materiallara seretmegiň netijesi;

9) karara şikaýat etmek möhletleri we tertibi.

2. Administratiw hukuk bozulma üçin administratiw temmisini bermek hakynda mesele çözülende, şol bir wagtda günäkär tarapyndan emläk taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak meselesi hem çözülýär we iş boýunça kararda tutulyp alynmaga degişli zyýanyň möçberi, onuň öweziniň dolunmaly möhleti we tertibi görkezilýär.

Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ýuridik şahslara jerime görnüşinde administratiw temmisiniň berilmegine ýol berilmeýär.

Administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisi bellenende onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär we ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň, ýuridik şahsyň, onuň şahamçasynyň, wekilliginiň, düzüm bölüminiň, önümçilik bölüminiň hereketini, şeýle hem enjamlaryň, obýektleriň, binalaryň ýa-da desgalaryň ulanylmagyny, işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagyny, hyzmatlaryň edilmegini gadagan etmekden ybarat bolan meseleler çözülýär, administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin bellenen halatynda bolsa, bank hasaplary boýunça amallaryň togtadylmagy üçin zerur çäreler barada mesele hem çözülýär.

3. Iş boýunça kararda alnan emläkler we resminamalar barada mesele çözülmelidir. Şunda:

1) dolanyşykdan alynmadyk emläkler we resminamalar olaryň kanuny eýesine gaýtarylyp berilmäge, olaryň kanuny eýesini kesgitlemek mümkin bolmasa – döwlet eýeçiligine geçirilmäge degişlidir;

2) dolanyşykdan alnan resminamalar ýok edilmäge ýa-da degişli kärhanalara ýa-da edaralara geçirilmäge degişlidir;

3) maddy subutnama hasaplanylýan resminamalar bellenilen wagtyň dowamynda administratiw hukuk bozulma barada işde saklanylýar ýa-da gyzyklanýan taraplara berilýär;

4) alnan Türkmenistanyň ordenleri, medallary we döşe dakylýan nyşanlary olara kanuny eýelik edýäne gaýtarylyp berilmäge degişlidir, olara kanuny eýelik edýäni kesgitlemek mümkin bolmasa – degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edarasyna iberilýär.

4. Kollegial edaranyň karary kollegial edaranyň maslahata gatnaşan agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

5. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar ony kabul eden kazy, wezipeli adam, şeýle hem kollegial edaranyň maslahatynda başlyklyk ediji we kätip tarapyndan gol çekilýär.

6. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda, administratiw temmi çäresi barada administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamada degişli ýazgy edilýär ýa-da karar bellenilen başga usul bilen resmileşdirilýär.

7. Şu Kodeksiň 534-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda çykarylan administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar oňa awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen alnan materiallary goşmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron resminama görnüşinde resmileşdirilýär.

8. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň nusgasy oňa awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen alnan materiallary goşmak bilen, elektron resminamany kagyz göterijä geçirmek arkaly taýýarlanylýar.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, ___-nji madda).

 

549-njy madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň yglan edilmegi we kararyň nusgasynyň gowşurylmagy

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar işe seretmegiň tamamlanmagy bilen haýal etmän yglan edilýär.

2. Kararyň nusgasy üç günüň içinde özi babatda şol karar çykarylan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline, şeýle hem jebir çekeniň haýyşy boýunça oňa gowşurylýar ýa-da iberilýär.

3. Eger karar şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahslaryň bilmeýän dilinde beýan edilen bolsa, kararyň olaryň ene diline ýa-da bilýän başga bir diline ýazmaça edilen terjimesi olara gowşurylmalydyr.

4. Kararyň nusgasy dil haty alnyp gowşurylýar. Kararyň nusgasynyň iberilýän halatynda, bu barada işde degişli ýazgy edilýär.

5. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly ok atýan ýarag, şeýle hem ok-däriler ynanylan ýa-da kärhana, edara, gurama tarapyndan özüne wagtlaýyn peýdalanmaga berlen adam babatda şu Kodeksiň 350-nji maddasynda hem-de 375–377-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň nusgasy maglumat üçin degişli kärhana, edara ýa-da gurama hem-de içeri işler edarasyna iberilýär.

6. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar babatda administratiw temmi çäresi hökmünde administratiw taýdan tussag etmek ulanylandygy hakynda kararyň nusgasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we prokurora iberilýär.

 

550-nji madda. Administratiw temmisiniň berilmegi hakynda kararyň jemgyýetçiligiň dykgatyna ýetirilmegi

 

Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilende düzgüni bozuja administratiw temmisiniň berlendigi hakynda karar işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan hukuk bozujynyň işleýän, okaýan ýa-da ýaşaýan ýeriniň administrasiýasynyň ýa-da jemgyýetçilik guramasynyň dykgatyna ýetirilýär.

 

551-nji madda. Administratiw hukuk bozulmanyň edilmegine ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnama

 

1. Işe seretmäge ygtyýarly edara administratiw hukuk bozulmanyň edilmegine ýardam eden sebäpleri we şertleri anyklaýar hem-de degişli kärhanalara, edaralara, guramalara we wezipeli adamlara ol sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmek hakynda teklipnama iberýär.

2. Görkezilen kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle hem wezipeli adamlar teklipnama gelip gowşan gününden bir aýyň dowamynda teklipnamany çykaran edara görlen çäreler barada habar bermäge borçludyr.

 

31-nji bap. ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY BARADA IŞLER BOÝUNÇA KARARLARA GAÝTADAN SERETMEK

 

552-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat etmek ýa-da garşylyknama getirmek hukugy

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara özi hakynda ol karar çykarylan fiziki ýa-da ýuridik şahs, jebir çeken, kanuny wekil, şeýle hem aklawjy tarapyndan şikaýat edilip ýa-da prokuror tarapyndan garşylyknama getirilip bilner.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat şulara edilýär ýa-da garşylyknama getirilýär:

1) kazynyň kararyna – ýokarky basgançakly kazyýete;

2) kollegial edaranyň kararyna – kollegial edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete;

3) işe sereden ygtyýarly edaranyň kararyna – ygtyýarly edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete ýa-da ýokarda durýan ygtyýarly edara.

 

553-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat etmegiň ýa-dagarşylyknama getirmegiň tertibi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat ýa-da garşylyknama bu karary çakaran edara berilýär.

2. Işe seretmäge ygtyýarly edara gelip gowşan şikaýaty ýa-da garşylyknamany iş boýunça ähli materiallar bilen bilelikde üç günüň dowamynda ýokarky basgançakly kazyýete, kollegial edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete ýa-da ýokarda durýan ygtyýarly edara iberýär.

 

554-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat etmegiň ýa-da garşylyknama getirmegiň möhletleri

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat ýa-da garşylyknama kararyň nusgasy gowşurylan ýa-da alnan gününden on günüň dowamynda getirilip bilner.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhlet esasly sebäpler boýunça geçirilen halatynda, ol möhlet özi babatda karar çykarylan fiziki ýa-da ýuridik şahsyň arzasy boýunça kazyýet ýa-da olara seretmäge ygtyýarly beýleki edara tarapyndan dikeldilip bilner.

3. Geçirilen möhleti dikeltmek mümkin bolmasa, degişli haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda karar kabul edilýär.

 

555-nji madda. Şikaýat edilmegi ýa-da garşylyknama getirilmegi bilen baglanyşykda kararyň ýerine ýetirilmeginiň togtadylmagy

 

Bellenilen möhletde şikaýat edilmegi ýa-da prokuroryň garşylyknama getirmegi administratiw temmisini bermek hakynda kararyň ýerine ýetirilmegini ol şikaýata ýa-da garşylyknama seredilýänçä togtadýar, ýöne şu Kodeksiň 43-nji, 48-nji, 49-njy we 50-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw temmi çärelerini ulanmak hakynda kararlar, şeýle hem administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde ýerine ýetirilen jerime bermek hakynda karar muňa girmeýär.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

556-njy madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek möhletleri

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama olaryň gelip gowşan gününden on gün möhletde seredilýär.

2. Administratiw hukuk bozulmany eden şahs babatda administratiw taýdan tussag etmek ýa-da administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisi ulanylan bolsa, bu administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama olaryň berlen gününden üç gün möhletde seredilýär.

 

557-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýatyň ýa-da getirilen garşylyknamanyň seretmäge taýýarlanmagy

 

Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama seretmäge taýýarlananda şu meseleler çözülýär:

1) administratiw hukuk bozulma barada işiň şu edaranyň ygtyýaryna girýändigi;

2) administratiw önümçiligi aradan aýyrýan ýagdaýlaryň bardygy;

3) berlen haýyşnamalara seredilýär, zerur bolanda bilermenler seljermesi bellenýär, goşmaça resminamalar talap edilýär, şikaýata ýa-da garşylyknama seredilende gatnaşmagy zerur bolan adamlar çagyrylýar;

4) şikaýata ýa-da garşylyknama seretmek bu edaranyň ygtyýaryna girmeýän halatynda şikaýat ýa-da garşylyknama iş boýunça ähli materiallar bilen bilelikde degişliligi boýunça iberilýär.

 

558-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seredilmegi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama kazynyň ýa-da wezipeli adamyň bir özi seredýär.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seredilende:

1) şikaýaty beren şahs ýa-da garşylyknamany getiren prokuror we seredilýän şikaýatyň ýa-da garşylyknamanyň mazmuny olara seredýän ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan yglan edilýär;

2) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar özi babatda çykarylan adamyň, ýuridik şahsyň wekiliniň, şeýle hem şikaýata ýa-da garşylyknama seredilende gatnaşmak üçin çagyrylan beýleki adamlaryň işe seredilende gatnaşmagy kesgitlenilýär;

3) kanuny wekiliň ygtyýarlygy, aklawjynyň we ýuridik şahsyň wekiliniň ygtyýarlygy barlanylýar;

4) administratiw önümçilige gatnaşýanlaryň gelmezlikleriniň sebäpleri anyklanylýar we olaryň gatnaşmazlygynda şikaýata ýa-da garşylyknama seretmek ýa-da seretmegi başga wagta geçirmek barada mesele çözülýär, zerur halatynda olara seredilende gatnaşmagy zerur bolan adamlary getirmek hakynda karar kabul edilýär;

5) şikaýata ýa-da garşylyknama seredilende gatnaşýan adamlara olaryň hukuklary we borçlary düşündirilýär;

6) aýdylan ynanmazlyk bildirmek we berlen haýyşnamalar çözülýär;

7) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat ýa-da garşylyknama yglan edilýär;

8) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar özi babatda çykarylan adamyň, kanuny wekiliň, ýuridik şahsyň wekiliniň we aklawjynyň düşündirişleri diňlenilýär, zerur halatynda iş boýunça bar bolan we goşmaça subutnamalara seredilýär we berlen materiallaryň esasynda administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kabul edilen kararyň kanunylygy we esaslydygy barlanylýar;

9) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmäge gatnaşýan prokuroryň netijesi diňlenilýär.

 

559-njy madda. Wezipeli adamynyň işe täzeden seretmek boýunça ygtyýarlygy

 

Administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seredýän edaranyň wezipeli adamynyň işe täzeden seretmek boýunça ygtyýarlygy şu Kodeks tarapyndan bellenýär.

 

560-njy madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilengarşylyknama seretmek hakynda karar

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seredilende şu kararlaryň biri kabul edilýär:

1) karary üýtgetmän galdyrmak, şikaýaty ýa-da garşylyknamany bolsa kanagatlandyrman galdyrmak hakynda;

2) karary üýtgetmek hakynda, şunda özi babatda karar çykarylan şahsyň ýagdaýynyň ýaramazlaşdyrylmagyna we administratiw temmisiniň güýçlendirilmegine ýol berilmeýär;

3) şu Kodeksiň 39-njy we 435-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda – karary ýatyrmak we administratiw önümçiligi bes etmek hakynda;

4) şu Kodeksde bellenilen talaplaryň bozulmagynyň derejesi administratiw hukuk bozulma barada işiň ýagdaýlaryny tiz we doly anyklamaga päsgel beren bolsa – karary ýatyrmak we administratiw hukuk bozulma barada işi täzeden seretmäge ibermek hakynda. Şunda özi babatda karar çykarylan şahsyň ýagdaýynyň ýaramazlaşdyrylmagy we administratiw temmisiniň güýçlendirilmegi bilen bagly sebäpler boýunça kararyň ýatyrylmagy diňe jebir çekeniň şikaýaty boýunça amala aşyrylyp bilner;

5) şikaýata ýa-da garşylyknama seredilende administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar bu işi çözmäge ygtyýary bolmadyk edara tarapyndan çykarylandygy anyklanylan bolsa – karary ýatyrmak we işi degişli edaranyň seretmegine ibermek hakynda.  

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek hakynda kararda şu Kodeksiň 548-nji maddasynda bellenilen maglumatlar görkezilýär.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014ý., № 1, 45-nji madda).

 

561-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek hakynda kararyň yglan edilmegi we onuň nusgasynyň gowşurylmagy

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek hakynda karar ol şikaýata ýa-da garşylyknama seretmegiň tamamlanmagy bilen haýal etmän yglan edilýär.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek hakynda kararyň nusgasy üç günüň içinde özi babatda şol karar çykarylan adama, ýuridik şahsyň wekiline, şeýle hem özüniň soramagy boýunça jebir çekene gowşurylýar ýa-da ugradylýar. Garşylyknama seretmegiň netijeleri barada prokurora ýazmaça habar berilýär.

3. Administratiw taýdan tussag etmek ýa-da administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisini bermek hakynda karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek hakynda karar çykarylan güni onuň nusgasy bu karary ýerine ýetirmäge girizmäge borçly edara hem-de özi babatda administratiw temmisiniňbu görnüşleri ulanylan fiziki ýa-da ýuridik şahsa gowşurylýar.

 

562-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek hakynda karara, şeýle  hem kanuny güýje giren karara garşylyknama  getirilmegi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karara prokuror tarapyndan, kazynyň kararyna bolsa welaýatlaryň ýa-da welaýat hukukly şäherleriň kazyýetleriniň başlyklary, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we onuň orunbasary tarapyndan hem garşylyknama getirilip bilner.

2. Şu maddanyň birinji böleginde bellenilen tertipde garşylyknama administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça karar kabul eden kazyýet ýa-da beýleki edara babatda ýokarda durýan kazyýete ýa-da beýleki edara getirilýär.

3. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kanuny güýje giren karara prokuror tarapyndan, kazynyň kararyna bolsa welaýatlaryň ýa-da welaýat hukukly şäherleriň kazyýetleriniň başlyklary, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we onuň orunbasarlary tarapyndan hem garşylyknama getirilip bilner.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

563-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknama seretmek hakynda karara seredilmegi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara, şeýle hem oňa edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karara şu Kodeksiň 562-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen tertipde getirilen garşylyknama ýokarda durýan işe seretmäge ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary, kazynyň karary babatda bolsa welaýatlaryň ýa-da welaýat hukukly şäherleriň kazyýetleriniň başlyklary ýa-da Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan ol iş boýunça ähli materiallar öwrenilip seredilýär.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kabul edilen kararlara seredilmeginiň netijesi boýunça şu Kodeksiň 560-njy maddasynda bellenilen tertipde karar kabul edilýär.

 

564-nji madda. Işi bes etmek bilen administratiw hukuk bozulma hakynda karary ýatyrmagyň netijeleri

 

1. Işiň bes edilmegi bilen administratiw hukuk bozulma hakynda kararyň ýatyrylmagy tutulyp alnan puluň möçberiniň, tölegli alnan we muzdsuz alnan närseleriň gaýtarylmagyna, şeýle hem öň kabul edilen karar bilen baglanyşykly beýleki çäklendirmeleriň ýatyrylmagyna eltýär. Närseleri gaýtarmak mümkin bolmasa, olaryň bahasynyň öwezi dolunýar.

2. Administratiw taýdan tussag etmek ýa-da administratiw taýdan işi togtatmak görnüşlerinde administratiw temmisiniň bikanun berilmegi bilen ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.

3. Administratiw temmisini bermek barada bikanun karar özi babatda bu karar çykarylan adamyň işleýän, okaýan ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça administrasiýanyň dykgatyna ýetirilen halatynda, şol karary çykaran edara onuň ýatyrylandygy barada olara ýazmaça habar berýär.

4. Administratiw önümçiligi bes etmek bilen administratiw temmisini bermek hakynda karar ýatyrylan halatynda özi babatda bu karar çykarylan adamdan döwletiň adyndan resmi ýagdaýda ýazmaça ötünç soralýar.

 

IV BÖLÜM

 ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY BARADA IŞLER BOÝUNÇA KARARLARY ÝERINE ÝETIRMEK

 

32-nji bap. ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY BARADA IŞLER BOÝUNÇA KARARLARY ÝERINE ÝETIRMEGIŇ ESASY DÜZGÜNLERI

 

565-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň, şeýle hem oňa edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen kararyň kanuny güýje girmegi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar, şeýle hem oňa edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karar şu halatlarda kanuny güýje girýär:

1) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara şikaýat etmek ýa-da garşylyknama getirmekmöhletiniň geçmegi bilen, eger bu karara şikaýat edilmese ýa-da garşylyknama getirilmese;

2) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karar yglan edilen pursadyndan.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýat ýa-da getirilen garşylyknama boýunça kabul edilen karar babatda getirilen garşylyknama seredilmeginiň netijesi boýunça şu Kodeksiň 563-nji maddasynda bellenilen tertipde kabul edilen karar yglan edilen pursadyndan kanuny güýje girýär.

 

566-njy madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karary ýerine ýetirmegiň hökmanylygy

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryşedaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki ýuridik şahslar, wezipeli we beýleki adamlar tarapyndan ýerine ýetirmek üçin hökmandyr.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar kanuny güýje giren pursadyndan haýal edilmezden ýerine ýetirilmäge degişlidir.

 

567-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň ýerine ýetirmäge girizilmegi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karary ýerine ýetirmäge girizmek borjy işe sereden edaranyň üstüne ýüklenilýär.

2. Administratiw temmisini bermek hakynda karara şikaýat edilende ýa-da garşylyknama getirilende karar şol şikaýat ýa-da garşylyknama kanagatlandyrylman galdyrylandan soň ýerine ýetirilmäge degişlidir, ýöne şu Kodeksiň 43-nji, 48-nji we 49-njy maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw temmi çärelerini ulanmak, şeýle hem administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde ýerine ýetirilen jerime bermek hakynda kararlar muňa girmeýär.

3. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara edilen şikaýata ýa-da getirilen garşylyknamaseredilenden soň, şu iş boýunça kabul edilen karar onuň kanuny güýje giren gününden üç günüň dowamynda bukarary ony ýerine ýetirmäge girizmäge hukugy bolan edara iberilýär.

4. Jerime görnüşindäki administratiw temmisini bermek hakynda karar şu Kodeksiň 577-nji maddasynyň birinji böleginde meýletin ýerine ýetirmek üçin bellenilen möhlet geçenden soň, mejbury ýerine ýetirilmäge degişlidir.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

568-nji madda. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Administratiw temmisini bermek hakynda karar işe sereden edaralar tarapyndan şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

2. Administratiw taýdan tussag etmek hakynda karar içeri işler edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

3. Şol bir şahs babatda administratiw temmisini bermek hakynda birnäçe karar çykarylan halatynda kararyň her biri aýratynlykda ýerine ýetirilýär.

4. Administratiw temmisini bermek hakynda kararyň dogry we öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek şol karary çykaran edaranyň üstüne ýüklenýär.

 

569-njy madda. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek tertibi

 

1. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegi yza süýşürmek, togtatmak ýa-da bes etmek barada meselelere seretmek üçin esaslar bolanda bu meselelere şol karary çykaran edara tarapyndan üç günüň dowamynda seredilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen meseleleriň seredilmeginde bähbidi bolan şahslara bu meselelere seretmegiň ýeri we wagty barada habar berilýär.

3. Administratiw temmisini bermek hakynda kararyň ýerine ýetirilmegini yza süýşürmek, togtatmak, bes etmek ýa-da ýatyrmak hakynda karar kabul edilýär. Kararyň nusgasy degişli bellik edilip, ol özi babatda çykarylan şahsa, şeýle hem jebir çekeniň haýyşy boýunça oňa gowşurylýar. Görkezilen şahslar bolmasa, kararyň nusgasy karar kabul edilen gününden üç günüň dowamynda olara iberilýär, administratiw hukuk bozulma barada işde bolsa, degişli bellik edilýär.

 

570-nji madda. Administratiw temmisini bermek hakynda kararyň ýerine ýetirilmeginiň yza süýşürilmegi

 

1. Administratiw taýdan tussag etmek, administratiw hukuk bozulmany eden fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek ýa-da jerime (jerimäni administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde tutup almakdan başga) görnüşindäki administratiw temmisini bermek hakynda kararlaryň bellenilen wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegine mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar bar bolanda, karary çykaran edara kararyň ýerine ýetirilmegini bir aýa çenli möhlete yza süýşürip biler.

2. Administratiw hukuk bozulmany eden şahsyň maddy ýagdaýyny hasaba alyp, jerime bermek hakynda karar çykaran edara kararyň ýerine ýetirilmegini üç aýa çenli möhlete yza süýşürip biler.

 

571-nji madda. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegi togtatmak tertibi

 

1. Administratiw temmisini bermek hakynda kararyň ýerine ýetirilmegi şu Kodeksiň 555-nji maddasyna laýyklykda togtadylýar. Şunda ýerine ýetirmegi togtatmak hakynda karar kabul edilýär we zerur bolanda ol ýerine ýetirmek üçin degişli edara iberilýär.

2. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan duýduryş bermek, administratiw taýdan tussag etmek we administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmi çärelerini ulanmak hakynda kararlaryň, şeýle hem administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde ýerine ýetirilen jerime bermek hakynda kararyň ýerine ýetirilmeginiň togtadylmagyna ýol berilmeýär.

 

572-nji madda. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegiň bes edilmegi

 

1. Administratiw temmisini bermek hakynda karar çykaran edara şu halatlarda karary ýerine ýetirmegi bes edýär:

1) administratiw jogapkärçiligini belleýän administratiw hukuk bozulma hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň düzgünleri güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilen bolsa;

2) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça özi babatda karar çykarylan adam aradan çykan halatynda;

3) administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegiň şu Kodeksiň 573-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen möhleti geçen halatynda.  

2. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegi bes etmek hakynda karar işe sereden edara tarapyndan kabul edilýär.

 

573-nji madda. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegiň wagt möhleti

 

1. Administratiw temmisini bermek hakynda karar çykarylan gününden bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirmäge girişilmedik bolsa, onda ol ýerine ýetirilmäge degişli däldir.

2. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmekden administratiw jogapkärçiligine çekilen adamyň ýüz dönderen halatynda ýerine ýetirmek üçin şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda kesgitlenýän möhlet bellenýär. Şunda ýerine ýetirmek möhleti ol adama resmi duýdurylan gününden başlap hasaplanylýar.

3. Şu Kodeksiň 570–571-nji maddalaryna laýyklykda kararyň ýerine ýetirilmegi yza süýşürilen ýa-da togtadylan halatynda ýerine ýetirmegiň yza süýşürilen ýa-da togtadylan möhleti geçýänçä wagt möhletiniň geçmegi togtadylýar.

 

574-nji madda. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmek boýunça önümçiligiň tamamlanmagy

 

1. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmek boýunça önümçilik doly tamamlanandan soň administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmek boýunça önümçiligi geçiren edara bu kararyň ýerine ýetirilendigi barada bellik bilen ony çykaran edara iberýär.

2. Eger administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmek boýunça önümçilik geçirilmedik ýa-da tamamlanylmadyk bolsa, administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmek boýunça önümçiligi geçirýän edara bu karary şu halatlarda ony çykaran edara iberýär:

1) eger administratiw jogapkärçiligine çekilýän adam bu karary çykaran edara tarapyndan görkezilen salgy boýunça işlemeýän, ýaşamaýan ýa-da okamaýan bolsa, administratiw jogapkärçiligine çekilen ýuridik şahs kararda görkezilen salgyda ýerleşmeýän bolsa we görkezilen salgyda olaryň administratiw temmisini töletmek üçin gönükdirmäge emlägi bolmasa;

2) eger administratiw jogapkärçiligine çekilýän şahsyň administratiw temmisini gönükdirmäge emlägi ýa-da girdejileri bolmasa we onuň emlägini gözläp tapmak boýunça çäreler netijesiz bolsa;

3) administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegiň şu Kodeksiň 573-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen möhletiniň geçen halatynda.  

3. Administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine ýetirmegiň şu Kodeksiň 573-nji maddasynda göz öňünde tutulan möhleti geçen halatynda karar önümçiliginde bolan wezipeli adam tarapyndan nama düzülýär, ony ýokarda durýan wezipeli adam tassyklaýar.

 

575-nji madda. Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan we Türkmenistanyň çäginde emlägi bolmadyk şahs babatda administratiw temmisini bermek hakynda kararyň ýerine ýetirilmegi

 

Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan we Türkmenistanyň çäginde emlägi bolmadyk şahs babatda administratiw temmisini bermek hakynda karar Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

 

33-nji bap. ADMINISTRATIW TEMMISINIŇ GÖRNÜŞLERI BOÝUNÇA KARARLARY ÝERINE ÝETIRMEK TERTIBI

 

576-njy madda. Duýduryş bermek hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Duýduryş görnüşindäki administratiw temmisini bermek hakynda karar işe seredilip tamamlanandan soň şol karary çykaran edara tarapyndan karary yglan etmek arkaly ýerine ýetirilýär.

2. Duýduryş görnüşindäki administratiw temmisini bermek hakynda karar hukuk bozujynyň ýok wagtynda çykarylan halatynda, oňa şu Kodeksiň 561-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde kararyň nusgasy gowşurylýar.

3. Duýduryş görnüşindäki administratiw temmisi şu Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde berlen halatynda, ol işe sereden edara tarapyndan bellenilen usulda resmileşdirilýär.

 

5761-nji madda. Jemgyýetçilik işleri görnüşinde administratiw temmisini bermek hakynda karary ýerine  ýetirmek tertibi

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada işe seredilip, jemgyýetçilik işleri görnüşinde administratiw temmisini bermek hakynda kazyýet tarapyndan çykarylan karar içeri işler edaralary tarapyndan ony administratiw temmisiniň şu görnüşine sezewar edilen adama gowşurmak arkaly ýerine ýetirdilýär.

2. Jemgyýetçilik işleri welaýatlaryň ýa-da welaýat hukukly şäherleriň häkimleri tarapyndan kesgitlenen ýerlerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

5761-nji maddasy 2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda.

 

577-nji madda. Jerime bermek hakynda karary ýerine ýetirmek möhletleri we tertibi

 

1. Jerimäni hukuk bozujy özüne jerime salnandygy hakynda kararyň gowşurylan gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir, şeýle karara şikaýat edilen ýa-da garşylyknama getirilen halatynda bolsa – ol şikaýatyň ýa-da garşylyknamanyň kanagatlandyrylman galdyrylandygy mälim edilen gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir.

2. On alty ýaşdan on sekiz ýaş aralygynda ownuk bozgakçylyk eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň özbaşdak gazanjy bolmadyk halatynda jerime olaryň ata-enesinden ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlardan tutulyp alynýar.

3. Administratiw hukuk bozulmanyň edilendigi üçin salnan jerimäni hukuk bozujy, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bank edarasynda töleýär, ýöne hukuk bozulmasynyň edilen ýerinde alynýan jerime muňa girmeýär.

4. Administratiw hukuk bozulmasynyň edilen ýerinde alynýan jerime şu Kodeksiň 44-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen binýatlyk mukdaryň birisiniň möçberinden ýokary bolup bilmez.

5. Şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletde jerime tölenilmese, onda salnan jerimäniň möçberi möhleti geçirilen her gün üçin 0,5 göterim artdyrylýar.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

 

578-nji madda. Jerime bermek hakynda kararyň mejbury ýerine ýetirdilmegi

 

1. Jerime şu Kodeksiň 577-nji maddasynda bellenilen möhletde tölenilmedik halatynda degişli karar jerimäniň şu Kodekse laýyklykda artdyrylan möçberinde günäkäriň iş hakyndan ýa-da başga girdejisinden, pensiýasyndan ýa-da talyp hakyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda mejbury tertipde tutup almak üçin iberilýär.

2. Eger jerimä sezewar edilen adam işlemeýän bolsa ýa-da başga sebäplere görä jerimäni hukuk bozujynyň iş hakyndan ýa-da başga girdejisinden, pensiýasyndan ýa-da talyp hakyndan tutup almak mümkin bolmasa, jerimäni tutup almak işe sereden edaranyň jerime bermek hakynda karary esasynda kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan hukuk bozujynyň şahsy emlägine, şeýle hem onuň umumy eýeçilikdäki paýyna tutup almagy gönükdirmek ýoly bilen geçirilýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetiriş resminamalary boýunça tutup almak gönükdirilip bilinmejek emläge jerimäni tutup almak gönükdirilip bilinmez.

 

579-njy madda. Administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde tutulyp alynýan jerime bermek hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Jerime administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde alnanda hukuk bozuja berk hasabatlylyk maliýe resminamalaryna degişli bolan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen tassyklanylan nusgada töleg haty berilýär, onda şular görkezilýär:

1) töleg hatynyň ýazylan senesi;

2) administratiw hukuk bozulma barada işe sereden edaranyň ady;

3) jerime beren wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

4) administratiw jogapkärçiligine çekilýän adam barada maglumat;

5) şu Kodeksiň administratiw jogapkärçiligini göz öňünde tutýan degişli maddasy;

6) administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri we wagty;

7) jerimäniň möçberi.

2. Töleg haty iki nusgada düzülýär we jerime salan wezipeli adam, şeýle hem administratiw jogapkärçiligine çekilýän adam tarapyndan gol çekilýär.

3. Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly jerime bermek hakynda karar administratiw hukuk bozulmasynyň edilen ýerinde ýerine ýetirilmedik halatynda bu karar ýerine ýetirilýänçä sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasy wagtlaýyn alnyp bilner, bu barada teswirnamada ýazgy edilýär we görkezilen adama ulag serişdesini dolandyrmaga hukuk berýän wagtlaýyn rugsatnama berilýär.

4. Jerime administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýerinde tölenmedik halatynda iş boýunça önümçilik, soňra bolsa karary ýerine ýetirmek şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda)

 

580-nji madda. Tölegli almak hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Tölegli almak hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

2. Ýerine ýetirmek tamamlanandan soň tölegli almak hakynda karar ýerine ýetirilendigi barada bellik bilen ony çykaran kazyýete gaýtarylýar.

 

581-nji madda. Muzdsuz almak hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Muzdsuz almak hakynda karary ýerine ýetirmegi şu Kodeksde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge hukuk berlen ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.

2. Ýerine ýetirmek tamamlanandan soň muzdsuz almak hakynda karar ýerine ýetirilendigi barada bellik bilen ony çykaran kazyýete gaýtarylýar.

 

582-nji madda. Fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirýän edaralar

 

1. Ulag serişdelerini (kiçi göwrümli gämiler muňa girmeýär) dolandyrmak hukugyny çäklendirmek hakynda karary Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wezipeli adamlary ýerine ýetirýär.

2. Kiçi göwrümli gämileri dolandyrmak, balyk tutmak, aw awlamak ýa-da gizlin maglumatlar bilen işlemek hukugyny çäklendirmek hakynda kararlary şu Kodeksde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisiniň bu görnüşlerini ulanmaga hukuk berlen ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan ýerine ýetirdilýär.

 

583-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Ulag serişdelerini (kiçi göwrümli gämiler muňa girmeýär) dolandyrmak hukugyny çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirmek sürüjilik şahadatnamasyny almak arkaly amala aşyrylýar.

2. Ulag serişdelerini (kiçi göwrümli gämiler muňa girmeýär) dolandyrmak hukugy çäklendirilen sürüji sürüjilik şahadatnamasyny tabşyrmakdan boýun gaçyrýan halatynda, onuň sürüjilik şahadatnamasyny almak bellenilen tertipde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ulag serişdelerini (kiçi göwrümli gämiler muňa girmeýär) dolandyrmak hukugyny berýän şahadatnamalary almak tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

4. Kiçi göwrümli gämileri dolandyrmak hukugyny çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirmek şu Kodeksde bu administratiw temmisini ulanmaga hukuk berlen ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň wezipeli adamlary tarapyndan sürüjilik şahadatnamasyny we onuň talonyny almak arkaly amala aşyrylýar.

 

584-nji madda. Balyk tutmak we aw awlamak hukugyny çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Balyk tutmak we aw awlamak hukugyny çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirmek degişli petegi almak ýoly bilen amala aşyrylýar.

2. Balyk tutmak we aw awlamak hukugy çäklendirilen adam degişli petegini tabşyrmakdan boýun gaçyranda ony almak şu Kodeksde bu administratiw temmisini ulanmaga hukuk berlen ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň wezipeli adamlary tarapyndan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

585-nji madda. Fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek möhletini gysgaltmagyň esaslary we tertibi

 

Ýörite hukugy belli bir möhlete çäklendirilen adamyň zähmete ak ýürek bilen garan we özüni göreldeli alyp baran halatynda bu administratiw temmisini beren kazyýet bellenen şol möhletiň azyndan ýarysy geçenden soň jemgyýetçilik guramasynyň, zähmetkeşler köpçülikleriniň haýyşnamasy esasynda şol görkezilen hukugy çäklendirmek möhletini gysgaldyp biler.

 

586-njy madda. Fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek möhletini hasaplamagyň tertibi

 

1. Ulag serişdelerini, kiçi göwrümli gämileri dolandyrmak, balyk tutmak, aw awlamak ýa-da gizlin maglumatlar bilen işlemek kadalaryny bozan adamlar işe sereden edaranyň şol hukugy çäklendirmek hakynda karary çykarylan gününden ýörite hukuklardan çäklendirilen hasap edilýärler.

2. Ýörite hukugy çäklendirmek möhletiniň geçip gutaran, şeýle hem şol möhletiň şu Kodeksiň 585-nji maddasyna laýyklykda gysgaldylan halatlarynda bu administratiw temmisine sezewar edilen adama onuň elinden alnan resminamalar administratiw hukuk bozulmasyna ýol berilmezligi barada bellenilen tertipde söhbetdeşlik geçirilenden soň gaýtarylyp berilýär.

Fiziki şahsa berlen ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukuk ulag serişdesini serhoş ýagdaýda dolandyrmak bilen bagly çäklendirilen bolsa, onuň sürüjilik şahadatnamasy nazaryýet synagyndan gaýtadan geçeninden soň gaýtarylyp berilýär.

3. Ulag serişdelerini (şol sanda kiçi göwrümli gämini) dolandyrmak hukugy çäklendirilen sürüji sürüjilik şahadatnamasyny tabşyrmakdan boýun gaçyran bolsa, onuň çäklendiriliş möhleti şol şahadatnamasynyň ondan hakyky alnan pursadyndan, ýöne karar kabul eden edaranyň kesgitlän çäklendiriş möhletiniň gutarmagyndan gijä goýulman hasaplanýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 74-nji madda).

 

587-nji madda. Daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak hakynda kararda kesgitlenilen möhletde görkezilen adamlar ýurduň çägini taşlap gitmäge borçludyrlar.

2. Administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirmek hakynda karary ýerine ýetirmek Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň edaralarynyň üstüne ýüklenilýär. Administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak bilen baglanyşykly çykdajylar daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň, şeýle serişdeler bolmadyk halatynda kabul edýän ýuridik, fiziki şahslaryň serişdeleriniň, aýratyn halatlarda, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

3. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek hakynda karara onuň ýerine ýetirilendigi barada ýazgy edilýär.

 

588-nji madda. Administratiw taýdan tussag etmek hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Administratiw taýdan tussag etmek hakynda karar kazy tarapyndan çykarylandan soň ol haýal etmän ýerine ýetirilýär.

2. Administratiw taýdan tussag etmäge sezewar edilen adamlar Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan kesgitlenilýän ýerlerde tussaglykda saklanýarlar. Administratiw taýdan tussag etmek hakynda karar ýerine ýetirilende tussag edilenler şu Kodeksde bellenilen tertipde şahsy gözden geçirmäge sezewar edilýärler.

3. Administratiw taýdan tussag etmek hakynda kararyň daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar babatda ýerine ýetirilendigi barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we prokurora haýal etmezden ýazmaça habar berilýär.

 

589-njy madda. Administratiw taýdan işi togtatmak hakynda karary ýerine ýetirmek tertibi

 

1. Administratiw taýdan işi togtatmak hakynda karar kazy tarapyndan çykarylandan soň ol haýal etmän kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Iş administratiw taýdan togtadylanda plombalary goýmak, jaýlary, harytlaryň we beýleki maddy gymmatlyklaryň saklanylýan ýerleri, pulhanalary möhürlemek geçirilýär, şeýle hem administratiw taýdan işi togtatmak görnüşindäki administratiw temmisini ýerine ýetirmek üçin zerur administratiw taýdan işi togtatmak hakynda kararda görkezilen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça beýleki çäreler ulanylýar.

Iş administratiw taýdan togtadylanda önümçilik işi, şeýle hem üpjünçilik obýektleriniň hereket etmegi we abat çaklanylmagy üçin dikeldip bolmajak netijelere getirip biljek çäreleriň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisini bermek üçin esas bolan ýagdaýlaryň düzedilendigi anyklanylsa, kazyýet ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň ýa-da ýuridik şahsyň haýyşnamasy boýunça administratiw taýdan işi togtatmagy wagtyndan öň bes edýär. Şunda kazyýet administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzen wezipeli adamyň netijesini soraýar. Netije ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs tarapyndan administratiw taýdan işi togtatmak görnüşinde administratiw temmisini bermek üçin esas bolan ýagdaýlaryň düzedilendigine ýa-da düzedilmändigine şaýatlyk edýän deliller görkezilip, ýazmaça görnüşde berilýär. Netije kazyýet üçin hökmany güýje eýe däldir we oňa şu Kodeksiň 510-njy maddasynda bellenilen kadalar boýunça baha berilýär. Kazyýetiň netije bilen ylalaşmazlygy delillendirilen bolmalydyr.

Haýyşnama kazyýet tarapyndan onuň kazyýete gelip gowşan gününden bäş gün möhletiň dowamynda şu Kodeksiň otuzynjy babynda göz öňünde tutulan tertipde şu maddada bellenilen aýratynlyklar hasaba alnyp seredilýär. Şunda ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs ýa-da ýuridik şahsyň wekili kazyýet mejlisine çagyrylýar, olar düşündiriş bermäge we resminamalary getirmäge haklydyrlar.

4. Getirilen resminamalaryň barlanylmagy bilen kazy administratiw taýdan işi togtatmak görnüşindäki administratiw temmisini ýerine ýetirmegi bes etmek ýa-da haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda karar çykarýar.

Administratiw taýdan işi togtatmak görnüşindäki administratiw temmisini ýerine ýetirmegi wagtyndan öň bes etmek hakynda kararda şu Kodeksiň 548-nji maddasynda görkezilen maglumatlar, şeýle hem ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsyň, ýuridik şahsyň, onuň şahamçasynyň, wekilliginiň, düzüm bölüminiň, önümçilik bölüminiň hereketiniň, şeýle hem enjamlary, obýektleri, binalary ýa-da desgalary ulanylmagynyň, işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagynyň, hyzmatlaryň edilmeginiň dikeldilen senesi görkezilýär.

 

590-njy madda. Karary emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak böleginde ýerine ýetirmek tertibi we möhletleri

 

1. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bölegi şu Kodeksde we Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

2. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bölegindeýerine ýetiriş resminamasy bolup durýar.

3. Emläge ýetirilen zyýanyň öwezini hukuk bozujy özüne administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň gowşurylan gününden beýläk otuz günden giç bolmadyk möhletde dolmalydyr, şeýle karara şikaýat edilen ýa-da garşylyknama getirilen halatynda bolsa – ol şikaýatyň ýa-da garşylyknamanyň kanagatlandyrylman galdyrylandygy barada kabul edilen kararyň yglan edilen gününden beýläk otuz günden giç bolmadyk möhletde dolmalydyr.

 

591-nji madda. Kararyň emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak böleginde ýerine ýetirilmezliginiňnetijeleri

 

Kararyň emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak böleginde şu Kodeksiň 590-njy maddasynyň üçünji böleginde bellenilen möhletde ýerine ýetirilmedik halatynda şol karar «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan ýerine ýetiriş önümçiligi tertibinde ýetirilen zyýany tutup almak üçin iberilýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda).