Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň

Merkezi arhiwi hakynda

DÜZGÜNNAMA


1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi (mundan beýläk - RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy, toplamagy, hemişelik saklamagy, peýdalanmagy we elektron binýadyny döretmegi, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralarynyň (mundan beýläk - RÝNÝ-niň edaralarynyň) arhiwleriniň dogry ýöredilmegine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edarasydyr.

2. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi özüne berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde RÝNÝ-niň edaralaryndan gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen işlemek boýunça guramaçylyk-usulyýet we utgaşdyryjy merkez bolup durýar.

3. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, «Türkmenistanyň adalat edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şeýle hem şu Düzgünnamany goldanýar.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi RÝNÝ-niň Merkezi arhiwine guramaçylyk taýdan ýolbaşçylyk edýär we onuň maddy- enjamlaýyn üpjünçiligini amala aşyrýar.

5. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň esasy wezipeleri:

gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ikinji nusgalaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy, toplamagy, hemişelik saklamagy, peýdalanmagy, olaryň elektron binýadyny döretmegi we ýöretmegi üpjün etmek;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň talabalaýyk saklanylyşyna, şeýle hem RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwleriniň dogry ýöredilişine gözegçilik etmek;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny tertipleşdirmek, olaryň ýitirilen, ýetmeýän, zeper ýeten nusgalaryny wagtynda dikeltmegi guramak;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna degişli tertibe üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmek;

kagyz we elektron göterijilerde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň hasabyny ýöretmek, bir ülňä getirmek, ýazgylary degişli tertipde nama kitaplara toplamak, saklamak we peýdalanmak;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary toplanan we peýdalanylan mahaly olary abat saklamagy hem-de olaryň döwlet tarapyndan hasabynyň ýöredilmegini üpjün etmekde RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň we RÝNÝ-niň edaralarynyň işini kämilleşdirmek;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek üçin peýdalanmak;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky maglumatlary bellenen tertipde edara görnüşli we şahsy taraplara bermek;

raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almak meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyny wagyz etmek;

öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda beýleki işleri amala aşyrmak bolup durýar.

6. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda şu işleri amala aşyrýar:

RÝNÝ-niň edaralaryndan gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba alýar, toplaýar, hemişelik saklaýar, peýdalanýar we olaryň elektron binýadyny döredýär hem-de ýöredýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny kitap görnüşinde toplamagy, hemişelik saklamagy we peýdalanmagy üpjün edýär;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde, şeýle hem RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwlerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň kitaplarynyň ýagdaýyna we olaryň talabalaýyk saklanylmagyna gözegçilik edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ýitirilen, ýetmeýän, zeper ýeten nusgalaryny dikeldýär;

gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elipbiý kitaplaryny düzýär we ýöredýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna RÝNÝ-niň edaralarynyň habarnamalary esasynda üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär, şeýle hem kazyýetiň çözgüdi esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny ýatyrýar;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň dogrudygyna gözegçilik edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň electron binýadynda saklanýan maglumatlary kämilleşdirýär we degişli tertipde peýdalanýar;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda gaýtadan şahadatnamalary, güwänamalary berýär;

gaýtadan berlen şahadatnamalar üçin tölenen döwlet pajy we hyzmatlaryň edilendigi üçin alnan tölegler barada hasabat ýöredýär;

Türkmenistanyň Adalat ministrliginden raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklaryny alýar, hasabyny ýöredýär, saklaýar we dogry peýdalanmagy üpjün edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky zaýalanan we beýleki sebäpler bilen bagly ýok edilmäge degişli şahadatnamalary bellenen tertipde ýok edýär;

ýok edilmäge degişli şahadatnamalary RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan döredilýän topar tarapyndan delilnama boýunça ýylda azyndan bir gezek ýakmak arkaly ýa-da tehniki serişdereleri peýdalanmak arkaly geçirilýär;

RÝNÝ-niň edaralarynyň, prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk, kazyýet, adalat edaralarynyň, häkimlikleriň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi ýüztutmalary boýunça raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryndan göçürmeleri ýa-da nusgalary berýär;

halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen resminamalar esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ikinji nusgalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär hem-de bu barada degişli RÝNÝ-niň edaralaryna nama ýazgylarynyň birinji nusgalaryna degişli üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek baradaky habarnamalary ugradýar;

halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen towakganamalaryň esasynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi ýüztutmalary boýunça jogaplary iberýär;

Türkmenistanyň raýatlaryna, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara bellenen tertipde tölegli hyzmatlary edýär;

işgärleri üçin okuw-usulyýet çärelerini guraýar;

ýüz tutýanlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz wagtynda we dogry garalmagyny guraýar hem-de olar boýunça zerur çäreleri görýär;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde we RÝNÝ-niň edaralarynda arhiw işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda beýleki işleri amala aşyrýar.

7. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň şulara hukugy bardyr:

kitaplaryň ýetmeýän ýa-da zeper ýeten nusgalaryny RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwlerinden almaga ýa-da alnan şonuň ýaly kitaplar bilen çalşyrmaga;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň we RÝNÝ-niň edaralarynyň arhiw işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamaga;

öz işini amala aşyrmak üçin zerur maglumatlary ministrliklerden we pudak edaralaryndan, gaýry edara görnüşli we şahsy taraplardan bellenen tertipde almaga;

edara görnüşli we şahsy taraplara bellenen tertipde degişli maglumatlary bermäge.

8. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi Türkmenistanyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ikinji nusgalarynyň 109 ýylyň dowamynda saklanylmagyny üpjün edýär. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň kitaplary 109 ýylyň geçmegi bilen, düşündiriş beriş-agtaryş maglumatlary we elektron maglumatlar binýady saklaýan elektron göterijiler bilen bilelikde hemişelik saklamak üçin, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwine berilýär. Kitaplaryň ýetmeýän ýa-da zeper ýeten nusgalary RÝNÝ-niň edaralarynyň arhiwlerinden alnan şonuň ýaly kitaplar bilen çalşyrylýar.

9. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwine saklamak üçin berlen halatynda, RÝNÝ-niň Merkezi arhiwine şahadatnamalary gaýtadan bermek meselesi boýunça raýatlar ýüz tutan mahalynda RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinden degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň degişli nusgalary soralyp alynýar, alnan nusganyň esasynda şahadatnamalar ýazylýar we ýüz tutan şahslara berilýär.

Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde saklanýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň we (ýa-da) düzedişleriň girizilmegi RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

10. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwine Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

11. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň müdiri:

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işine ýolbaşçylyk edýär, onuň işini guraýar, öz üstüne ýüklenen wezipeleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň talabalaýyk saklanylyşyny üpjün edýär;

arhiw işini öwrenmek we umumylaşdyrmak esasynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň garamagyna berýär, şeýle hem RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işiniň beýleki meseleleri boýunça teklipleri taýýarlaýar;

zähmetiň guralyşyny kämilleşdirmek, ilata hyzmat edilişiniň derejesini, şol sanda awtomatlaşdyrylan ulgamy öz işine ornaşdyrmak arkaly ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

raýatlary kabul edýär, arzalara, şikaýatlara we tekliplere garaýar, olar boýunça zerur çäreleri görýär;

maliýe-wezipe düzgün-nyzamynyň berjaý edilmegini, pul serişdeleriniň hem-de maddy gymmatlyklaryň abat saklanylmagyny üpjün edýär;

Türkmenistanyň Adalat ministri bilen ylalaşyp, hünärmenleri wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işgärlerini seçip almak, taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça iş geçirýär;

tehniki işgärleri işe kabul edýär we işden boşadýar.

12. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň buhgalterlik hasaba alnyşy we hasabatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde alnyp barylýar.

13. Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen yalaşyp, RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan edilýän hyzmatlar üçin nyrhlary tassyklaýar we olary almagyň tertibini belleýär.

Tölegler  RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň zerurlyklaryna gönükdirilýär.

14. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işgär sany hem-de wezipe sanawy Türkmenistanyň Adalat ministrligi hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen bellenen tertipde ylalaşylyp, RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň müdiri tarapyndan tassyklanylýar.

15. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

16. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi edara görnüşli tarap bolup, onuň bank hasaplary, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhüri, blanklary we möhürçeleri bar.

17. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda şu işleri amala aşyrýar:

  1. RÝNÝ-niň edaralaryndan gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba alýar, toplaýar, hemişelik saklaýar, peýdalanýar we olaryň elektron binýadyny döredýär hem-de ýöredýär;
  2. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;
  3. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny kitap görnüşinde toplamagy, hemişelik saklamagy we peýdalanmagy üpjün edýär;
  4. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde, şeýle hem RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwlerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň kitaplarynyň ýagdaýyna we olaryň talabalaýyk saklanylmagyna gözegçilik edýär;
  5. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ýitirilen, ýetmeýän, zeper ýeten nusgalaryny dikeldýär;
  6. gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elipbiý kitaplaryny düzýär we ýöredýär;
  7. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna RÝNÝ-niň edaralarynyň habarnamalary esasynda üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär, şeýle hem kazyýetiň çözgüdi esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny ýatyrýar;
  8. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň dogrudygyna gözegçilik edýär;
  9. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň electron binýadynda saklanýan maglumatlary kämilleşdirýär we degişli tertipde peýdalanýar;
  10. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda gaýtadan şahadatnamalary, güwänamalary berýär;
  11. gaýtadan berlen şahadatnamalar üçin tölenen döwlet pajy we hyzmatlaryň edilendigi üçin alnan tölegler barada hasabat ýöredýär;
  12. Türkmenistanyň Adalat ministrliginden raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklaryny alýar, hasabyny ýöredýär, saklaýar we dogry peýdalanmagy üpjün edýär;
  13. raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky zaýalanan we beýleki sebäpler bilen bagly ýok edilmäge degişli şahadatnamalary bellenen tertipde ýok edýär;
  14. ýok edilmäge degişli şahadatnamalary RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan döredilýän topar tarapyndan delilnama boýunça ýylda azyndan bir gezek ýakmak arkaly ýa-da tehniki serişdereleri peýdalanmak arkaly geçirilýär;
  15. RÝNÝ-niň edaralarynyň, prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk, kazyýet, adalat edaralarynyň, häkimlikleriň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi ýüztutmalary boýunça raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryndan göçürmeleri ýa-da nusgalary berýär;
  16. halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen resminamalar esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ikinji nusgalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär hem-de bu barada degişli RÝNÝ-niň edaralaryna nama ýazgylarynyň birinji nusgalaryna degişli üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek baradaky habarnamalary ugradýar;
  17. halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen towakganamalaryň esasynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi ýüztutmalary boýunça jogaplary iberýär;
  18. Türkmenistanyň raýatlaryna, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara bellenen tertipde tölegli hyzmatlary edýär;
  19. işgärleri üçin okuw-usulyýet çärelerini guraýar;
  20. ýüz tutýanlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz wagtynda we dogry garalmagyny guraýar hem-de olar boýunça zerur çäreleri görýär;
  21. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde we RÝNÝ-niň edaralarynda arhiw işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;
  22. öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda beýleki işleri amala aşyrýar.

Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan

bellige alnandygy hakynda gaýtadan şahadatnamalaryň

we beýleki resminamalaryň berilmegi

 

Şahadatnamalar ýitirilen, zaýalanan, ýazgylary okap bolmaýan, goýlan möhüri görülmeýän we ş.m. halatlarynda gaýtadan berilýär.

Zaýalanan, ýazgylary okap bolmaýan, goýlan möhüri görülmeýän we ş.m. halatlarynda gaýtadan şahadatnamalar berlende, öňki berlen şahadatnamalar RÝNÝ bölümine ýa-da RÝNÝ Merkezi arhiwine tabşyrylýar.

Raýat ýagdaýynyň namalaryny bellige almak hakynda gaýtadan berilýän şahadatnamalar we beýleki resminamalar raýatlaryň arzalary boýunça nama kitaplaryndaky ýazgylaryň esasynda RÝNÝ bölümi, RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan berilýär.

 

Gaýtadan şahadatnama almak üçin şular ýüz tutup bilýär:

Gaýtadan berilýän şahadatnama özleri barada raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy düzülen adamlara berilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň dogluş hakynda gaýtadan berilýän şahadatnamasy ata-enelere, perzentlige alanlara, hossarlara, howandarlara, hossarlyk we howandarlyk hem-de durmuş üpjünçiligi edaralaryna, şeýle hem çagalar terbiýelenmeginde bolýan çagalar edaralarynyň dolandyryş edarasyna berlip bilner.

Gaýtadan ölüm hakynda şahadatnama ölen adamyň garyndaşlaryna, kanun we (ýa-da) wesýetnama boýunça mirasdarlara berilýär.

Raýatlara gaýtadan berilýän şahadatnamalar ynanç haty boýunça berlip bilner.



Gaýtadan şahatdanama almak üçin gerekli resminalar:

1. Arza (gaýtadan şahatdanama bermek hakynda)

2. Pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama)

3. Şahadatnamalary gaýtadan almaga hukugy tassyklaýan resminamalar (ynanç haty)

4. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty

5. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty