Konsullyk taýdan kanunlaşdyrma – bu daşary ýurt döwletleriň çäginde ulanylmagy göz öňünde tutulýan resminamalaryň we namalaryň bolunýan döwletiň kanunçylygyna laýykdygyny we şol resminamalardaky we namalardaky ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan goýlan goluň we möhüriň hakykylygyny tassyklamakdan we şaýatlyk etmekden ybaratdyr.


Konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagy:

a) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň (mundan beýläk - Ministrlik) Konsullyk gullugy bölümi (mundan beýläk – Konsullyk gullugy bölümi);

b) Ministrligiň welaýatlardaky wekilhanalary (mundan beýläk – welaýatlardaky wekilhanalar);

ç) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary amala aşyrýarlar.


Konsullyk gullugy bölümi ýa-da welaýatlardaky wekilhanalar fiziki we ýuridik şahslaryň daşary ýurtlaryň çäginde hereketleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen resminamalary we namalary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň çäginde hereketleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen resminamalaryny we namalaryny kanunlaşdyrýarlar.


Türkmenistan tarapyndan resminamalar we namalar kanunlaşdyrmak üçin şu aşakdaky görnüşde kabul edilýär:

asyl nusgada;

döwlet notariusy tarapyndan şaýatlyk edilen nusgada. Şu halatda döwlet notariusynyň golunyň we möhürleriniň hakykydygyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi we onuň ýerlerdäki ygtyýarly edaralary şaýatlyk edýär.


Resminamalar we namalar Konsullyk gullugy bölüminde ýa-da welaýatlardaky wekilhanada kanunlaşdyrylandan soň öz çäginde şol resminamalaryň we namalaryň ulanyljak döwletiň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylýar.


Daşary ýurtlarda ulanmak üçin bellenilen görnüşde tassyklanylan resminamalar asyl nusgada kanunlaşdyrylýar. Olara kanunlaşdyryjy ýazgyny Konsullyk gullugy bölümi ýa-da welaýatlardaky wekilhana ýazýar.


Daşary ýurt döwletlerinde düzülen resminamalar we namalar Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylmazdan Türkmenistana getirilen halatynda, olar ilki bilen şol daşary ýurt döwletiniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynda kanunlaşdyrylýar, soňra Konsullyk gullugy bölüminde ýa-da welaýatlardaky wekilhanalarynda kanunlaşdyrylýar.


Bu kadalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran № 60-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 16-njy dekabrynda 1116-njy bellige alyş san bilen bellige alnan, Konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagyň Tertibi bilen düzgünleşdirilýär.

Döwlet notariusynyň golunyň we döwlet notarial edarasynyň, döwlet notariusynyň möhürleriniň yzynyň hakykydygyna güwä geçmek üçin tabşyrylýan resminamalaryň sanawy

Fiziki şahslar üçin:
* Arza
* Notarial taýdan tassyklanylan resminamalar.
Ýuridik şahslar üçin:
* Arza
* Ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasy;
* Notarial taýdan tassyklanylan resminamalar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleri tarapyndan 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda gol çekilen Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakyndaky Konwensiýanyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Ylalaşýan Taraplaryň biriniň çäklerinde taýýarlanylan ýa-da edara ýa-da muňa ýörite ygtyýarly edilen adam tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we bellenilen görnüşi boýunça güwä geçilen hem-de tugraly möhür bilen berkidilen resminamalar haýsydyr bir ýörite güwä geçilmezden beýleki Ylalaşýan Taraplaryň çäklerinde kabul edilýär. Ylalaşýan Taraplaryň biriniň çäklerinde resminamalar hökmünde garalýan resminamalar beýleki Ylalaşýan Taraplaryň çäklerinde resminamalaryň subut ediş güýjünden peýdalanýar diýlip bellenen.