Adwokatura raýat jemgyýetiniň hukuk instituty bolup durýan we döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamyna girmeýän, adwokatlaryň adwokatlyk işini amala aşyrmak maksady bilen döredilen we öz-özüňi dolandyrmak ýörelgelerine eýerýän professional birleşigidir.

Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen:

- dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we düşündirýär;

- arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär;

- raýat we arbitraž işlerinde ynanyja wekilçilik edýär;

- dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky we jenaýat işleri boýunça döwlet, anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynda, kazyýetde ynanyjynyň goragyny amala aşyrýar ýa-da oňa wekilçilik edýär;

- döwlet edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki gaýry edaralarda, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde hem-de fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda ynanyja wekilçilik edýär;

- Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän halatlarda şol döwletleriň döwlet, kazyýet, hukuk goraýjy we beýleki edaralarynda, halkara kazyýet we täjirçilik arbitraž edaralarynda ynanyjylara wekilçilik edýär;

- ynanyjynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary, guramalary ýa-da raýatlary bilen bolýan hukuk gatnaşyklarynda kömek berýär;

- bellenilen tertipde eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýuridik şahslara, şeýle-de daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna ýuridik kömegi berýär.


Adwokatyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýuridik kömekleri bermäge hem hukugy bardyr.

Ýuridik kömek üçin ýüzlenen adam adwokat saýlap almakda erkindir. Eger adwokat saýlanyp alynmadyk bolsa ýa-da oňa mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda oňa ýuridik kömegi bermek üçin adwokat bellenilýär.

Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.


Şertnamada şular görkezilmelidir:

  1. Tabşyrygy ýerine ýetirýän adwokat baradaky we ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň şahsyýetine degişli maglumatlar;
  2. Tabşyrygyň mazmuny;
  3. Ýuridik kömek üçin tölegiň şertleri we möçberi;
  4. Adwokatyň tabşyrygy ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly goşmaça tölegler;
  5. adwokatyň şertnamany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly jogapkärçilikleri.


Adwokat öz üstüne alan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini üçünji bir adama berip bilmez.

Adwokatlar tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin, şu maddanyň 5-nji böleginde görkezilenden beýleki ýagdaýlarda, töleg ylalaşyk esasynda tölenilýär.

Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin ylalaşyk bolmadyk ýagdaýynda ýuridik kömek üçin töleg Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan gözükdirme esasynda ýuridik maslahathananyň müdiri tarapyndan bellenilýär.

Ýuridik maslahathanada, adwokatlaryň beýleki birleşiklerinde işleýän, şeýle-de adwokatlyk işi bilen özbaşdak meşgullanýan welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň adwokatlyk işi üçin tölenilýän tölegler degişlilikde ýuridik maslahathananyň, adwokatlaryň beýleki birleşiginiň pulhanasyna ýa-da bankdaky hasabyna geçirilýär.

Adwokatyň Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslarda jenaýat kazyýet önümçiliginde anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror, kazy ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen ýagdaýlarynda ýa-da beýleki ýagdaýlarda adwokatyň işi üçin töleg döwletiň hasabyna tölenilmeli edilen bolsa, onda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenilýär.

Adwokatyň işi üçin töleg adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna tölenilen ýagdaýynda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi şol birleşigiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

1) Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär

1) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça dilden maslahatlar görnüşinde ýuridik kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende;
2) Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplara, pensionerlere, "Ene mähri" diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende;
3) pensiýa ýa-da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende;

4) adam söwdasynyň pidasy statusy berlende;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2) Fiziki şahslaryň ýuridik kömegi tölegsiz almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulandakylardan başga halatlarda adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem özleriniň önümçiliginde işi bolan anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy we kazyýet, fiziki şahsyň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, ony ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden doly ýa-da bölekleýin boşatmaga hukuklydyr.

Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan boşadylanda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy ýa-da kazyýet boşadanynda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi bellenilen tertipde döwletiň hasabyna tölenilmäge degişli edilýär.

   


Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasy


T/b 

Ýuridik salgysy 

Telefon belgisi 

1.

Aşgabat şäheri, 2050 köçe, 17-nji jaýy

  • tel: +993 (12) 36-07-05
  • tel: +993 (12) 36-27-52; +993-65-56-31-90

       Bagtyýarlyk etrap ýuridik maslahathanasy

2.

Aşgabat şäheri, 2050-nji Ç.Baýryýew köçesi, 17-nji jaýy

  • tel:+993 (12) 36-38-32; +993-65-50-41-21

Berkararlyk etrap ýuridik maslahathanasy

3.

Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 25/22 jaýy

  • tel:+993 (12) 94-51-14; +993-65-55-28-52

Köpetdag etrap ýuridik maslahathanasy

4.

Aşgabat şäheri, B.Garryýew köçesi, 62-nji jaýy

  • tel:+993 (12) 93-34-04; +993-65-69-26-20

Ahal welaýat adwokatlar kollegiýasy

5.

Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesi, 5-nji jaýy

  • tel: +993 (137) 3-32-52; 3-58-51;
  • +993 (65) 56-65-83

Ak bugdaý etrap ýuridik maslahathanasy

6.

Ak bugdaý etraby, Ahal köçesi, 5-nji jaýy

  • tel:+993 (137) 3-35-07; 3-35-06; +993-62-24-20-44

Gökdepe etrap ýuridik maslahathanasy

7.

Babarap geňeşligi, Babaarap köçesi, 1-nji jaýy

  • tel:+993 (65) 10-73-12

Bäherden etrap ýuridik maslahathanasy

8.

Bäherden şäheri, M.Atadurdyýew köçesi, 14-nji jaýy

  • tel:+993 (131) 20-8-42; +993-65-62-80-27

Kaka etrap ýuridik maslahathanasy

9.

Kaka şäheri, Garaşsyzlyk köçesi, 13-nji jaýy

  • tel:+993 (133) 3-15-13; +993-63-94-87-32

Sarahs etrap ýuridik maslahathanasy

10.

Sarahs şäheri, A.Nyýazow köçesi, 6-njy jaýy

  • tel:+993 (134) 2-28-67; +993-65-63-51-92

Tejen şäher, etrap ýuridik maslahathanasy

11.

Tejen şäheri, Azatlyk köçesi, 11-nji jaýy

  • tel:+993 (135) 4-87-70; +993-65-91-53-63

Babadaýhan etrap ýuridik maslahathanasy

12.

Babadaýhan şäherçesi, Gülzar köçesi, 1-nji jaýy

  • tel:+993-65-63-51-9


Balkan welaýat adwokatlar kollegiýasy


13.

Balkanabat şäheri, 154-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1-nji jaýy

  • tel: +993(222) 6-07-90; +993-65-92-72-03

Balkanabat şäher ýuridik maslahathanasy

14.

Balkanabat şäheri, 154-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1-nji jaýy

  • tel:+993 (222) 6-07–88; +993-65-29-49-88

Türkmenbaşy şäher ýuridik maslahathanasy

15.

Türkmenbaşy şäheri, Azatlyk köçesi, 29-njy jaýy

  • tel:+993 (243) 2-35-13; 2-21-54; +993-64-16-11-56

Türkmenbaşy etrap ýuridik maslahathanasy

16.

Türkmenbaşy etraby, Magtymguly köçesi, 11-nji jaýy

  • tel:+993 (243) 7-97-39; +993-64-17-01-72

Serdar etrap-şäher ýuridik maslahathanasy

17.

Serdar şäheri, Ý. Geldimämmedow köçesi, 21-nji jaýy

  •  tel: +993 (246) 5-41-61; +993-65-15-42-02


Daşoguz welaýat adwokatlar kollegiýasy


18.

Daşoguz şäheri, Al-Horezmi köçesi, 33/2-nji jaýy

  • tel:+993(322) 9-25-98; tel: +993-65-28-50-09

Daşoguz şäher ýuridik maslahathanasy

19.

Daşoguz şäheri, Al-Horezmi köçesi, 33/2-nji jaýy

  • tel:+993(322) 9-30-74; el: +993-64-27-86-79

Akdepe etrap ýuridik maslahathanasy

20.

Akdepe şäheri, S.Türkmenbaşy köçesi, 21-nji jaýy

  • tel:+993(344) 3-05-17; el: +993-65-91-43-19

Boldumsaz etrap ýuridik maslahathanasy

21.

Boldumsaz şäheri, P.Ýegendurdyýew köçesi, 10-njy jaýy

  • tel:+993(346) 3-17-43; el: +993-65-25-41-41

Görogly etrap ýuridik maslahathanasy

22.

Görogly şäheri, S.Nyýazow köçesi, 23-nji jaýy

  • tel:+993(340) 31-8-49; el: +993-65-25-04-34

Gubadag etrap ýuridik maslahathanasy

23.

Gubadag şäheri, Özbegistan köçesi, 26-njy jaýy

  • tel:+993(345) 3-18-76; el: +993-65-02-08-72

Gurbansoltan eje adyndaky etrap ýuridik maslahathanasy

24.

Gurbansoltan eje adyndaky şäheri, Geňeşlik köçesi, 10-njy jaýy

  • tel:+993(343) 3-07-62; el: +993-62-91-24-44

Köneürgenç etrap ýuridik maslahathanasy

25.

Köneürgenç şäheri, S.Nyýazow şaýoly, 22-nji jaýy

  • tel:+993(347) 3-11-17; el: +993-65-83-52-77
A.Nyýazow etrap ýuridik maslahathanasy

26.

Nyýazow şäheri, S.Türkmenbaşy şayoly, 8-nji jaýy

  • tel:+993(348) 3-16-38; tel: +993-65-28-38-08

S.Türkmenbaşy etrap ýuridik maslahathanasy

27.

S.Türkmenbaşy adyndaky şäheri, R.Hojamow köçesi, 34-nji jaýy

  • tel:+993(349) 3-13-08; tel: +993-65-84-90-65

 

Lebap welaýat adwokatlar kollegiýasy


28.

Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 33-nji jaýy

  • tel:+993(422) 3-36-53

Türkmenabat şäher ýuridik maslahathanasy

29.

Türkmenabat şäheri, S.A. Nyýazow şaýoly, 33-nji jaýy

  • tel: +993 (422) 3-37-38

Çärjew etrap ýuridik maslahathanasy

30.

Türkmenabat şäheri, S.A. Nyýazow şaýoly, 81-nji jaýy

  • tel:+993 (422) 3-99-02

Halaç etrap ýuridik maslahathanasy

31.

Halaç etraby, Halaç şäheri, S.A.Nyýazow köçesi, 18/2 jaýy

  • tel:+993 (65) 23-85-56

Halaç etrabynyň ýuridik maslahathanasynyň Garabekewül şäherçesi

32.

Halaç etraby, Garabekewül şäherçe, Seýdi köçesi, 41-nji jaýy

  • tel:+993 (443) 2-03-56, +993 (65) 45-89-30

Dänew etrap ýuridik maslahathanasy

33.

Dänew etraby, Atamyrat-aga köçesi, 22-nji jaýy

  • tel:+993 (446) 5-59-6

Dänew etrap ýuridik maslahathanasynyň Seýdi şäheri

34.

Halaç etraby, Garabekewül şäherçe,  Seýdi köçesi, 41-nji jaýy

  • tel:+993 (443) 2-03-56, +993 (65) 45-89-30

Dänew etrap ýuridik maslahathanasy

35.

Dänew etraby, Atamyrat-aga köçesi, 22-nji jaýy

  • tel:+993 (446) 5-59-64

Dänew etrap ýuridik maslahathanasynyň Seýdi şäheri

36.

Dänew etraby, Bitaraplyk köçesi, 22-nji jaýy

  • tel:+993 (461) 2-22-65

Dänew etrap ýuridik maslahathanasynyň Garaşsyzlyk şäherçesi

37

Dänew etraby, Garaşsyzlyk şäherçe, Ýeňiş köçesi, 1-nji jaýy

  • tel:+993 (432) 2-00-67

Döwletli etrap ýuridik maslahathanasy

38.

Döwletli etraby, Dostluk şäherçesi, Türkmenistan köçesi, 15-nji jaýy

  • tel:+993 (465) 2-07-27

 Saýat etrap ýuridik maslahathanasynyň Sakar şäherçesi

39.

Saýat etraby, Sakar şäherçe, S.A. Nyýazow köçesi, 12-nji "A" jaýy

  • tel:+993 (449) 2-14-99

Farap etrap ýuridik maslahathanasy

40.

Farap etraby, Farap şäheri, Gurbansoltan eje köçesi, 19-njy jaýy

  • tel:+993 (63) 37-42-78

Köýtendag etrap ýuridik maslahathanasy

41.

Köýtendag etraby, Çaryýew köçesi, 12-nji jaýy

  • tel:+993 (449) 2-09-96

Kerki etrap, şäher ýuridik maslahathanasy

42.

Kerki şäheri, S.A.Nyýazow köçesi, 23-nji jaýy

  • tel:+993 (444) 2-10-70

Darganata etrap ýuridik maslahathanasy

43.

Darganata etraby, Dargnata şäheri, H.Babaýew köçesi, 19-njy jaýy

  • tel:+993 (65) 44- 14-07

 

Mary welaýat adwokatlar kollegiýasy


44.

Mary şäheri, Aga Hanjaýew köçesi, 51 jaýy

  • tel:+993 (522) 4-71-13; +993-65-33-33-50

Mary şäher ýuridik maslahathanasy

45.

Mary şäheri, Aga Hanjaýew köçesi, 51-nji jaýy

  • tel:+993 (522) 4-70-15; +993-62-72-09-70

Baýramaly şäher ýuridik maslahathanasy

46.

Baýramaly şäheri, Soltan Sanjar köçesi, 1-nji jaýy

  • tel: :+993 (564) 6-70-95; +993-65-32-37-40

Mary etrap ýuridik maslahathanasy

47.

Mary şäheri, Magtymguly köçesi, 4-nji jaýy

  • tel: :+993 (522) 6-13-28; +993-65-59-05-38

Murgap etrap ýuridik maslahathanasy

48.

Murgap şäheri, Sähetmyradow köçesi, 16-njy jaýy

  • tel: +993 (565) 4-06-09; +993-61-78-31-78

Wekilbazar etrap ýuridik maslahathanasy

49.

Wekilbazar etraby, Mollanepes şäherçe, Türkmenistan köçesi, 10-njy jaýy

  • tel: +993-64-46-30-17

Garagum etrap ýuridik maslahathanasy

50.

Garagum etraby, Ýagtyýol şäherçe geňeşligi, Atabaýew köçesi, 4-nji jaýy

  • tel: +993-65-46-12-12

Baýramaly etrap ýuridik maslahathanasy

51.

Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5-nji jaýy

  • tel: +993-65-46-30-65

Türkmengala etrap ýuridik maslahathanasy

52.

Türkmengala etraby, Soltanýap köçesi, 9-njy jaýy

  • tel: +993-65-33-25-50

Serhetabat etrap ýuridik maslahathanasy

53.

Serhetabat şäherçe, Garaşsyzlyk köçesi, 24-nji jaýy


Tagtabazar etrap ýuridik maslahathanasy

54.

Tagtabazar şäherçe, Magtymguly köçesi, 23-nji jaýy


Ýolöten etrap ýuridik maslahathanasy

55.

Ýolöten şäheri, Atçapar köçesi, 76-njy jaýy

  • tel: :+993 (560) 6-05-33

Sakarçäge etrap ýuridik maslahathanasy

56.

Sakarçäge şäheri, Daýhan köçesi, 2-nji “a” jaýy

  • tel: :+993 (566) 5-32-12-04; :+993-65-49-46

Oguzhan etrap ýuridik maslahathanasy

57.

Şatlyk şäherçe, Halklaryň Dostlugy köçesi, 18-nji jaýy

  • tel: :+993 (599) 6-52-35; :+993-61-25-77-91