Adwokatdan ýüz dönderilip bilnermi?

Güman edilýän, aýyplanýan, kazyýetde işi seredilýän iş boýunça önümçiligiň islendik pursadynda adwokatdan ýüz döndermäge haklydyr. Şunuň ýaly ýüz döndermäge güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň diňe öz başlangyjy boýunça ýol berilýär we munuň özi döwlet aýyplaýjysynyň, şonuň ýaly-da beýleki güman edilýänleriň, aýyplanýanlaryň, kazyýetde işi seredilýänleriň adwokatlarynyň işe gatnaşmagyny dowam etmegi üçin päsgelçilik bolup bilmez.

Adwokatdan ýüz dönderilen halatynda anyklaýjy, sülçi we prokuror bu barada teswirnama düzýär, kazy karar, kazyýet bolsa kesgitnama çykarýar.

Güman edilýäniň, aýyplanýanyň ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň maddy ýagdaýy sebäpli adwokatdan ýüz döndermegi kabul edilmeýär. Ozal bildirilen adwokatdan ýüz döndermek güman edilýäni, aýyplanýany, kazyýetde işi seredilýäni mundan beýläk adwokatyň gatnaşmagynda özüni aklamak hukugyndan mahrum etmeýär.