Haýsy ýagdaýlarda adwokatyň işe gatnaşmagy hökmany bolup durýar?

Anyklaýyş, deslapky derňew geçirilende we kazyýet seljerişinde şu aşakdaky işler boýunça adwokatyň gatnaşmagy hökmanydyr:

1) güman edilýän, aýyplanýan ýa-da kazyýetde işi seredilýän bu barada haýyş eden mahalynda;

2) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça;

3) lallaryň, kerleriň, körleriň we beden ýa-da akyl taýdan ýetmezçilikleri zerarly özlerini goramak hukugyny özbaşdak amala aşyryp bilmeýän adamlaryň işleri boýunça;

4) aýyplanýany ýatymlaýyn psihiatriýa bilermenler seljermesine ugratmak hakyndaky meselä seredilen mahalynda;

5) kazyýet önümçiliginiň ýöredilýän dilini bilmeýänleriň we sowatsyzlaryň işleri boýunça;

6) goralýan bähbitleri biri-birine çapraz gelýän adamlaryň işleri boýunça, eger olaryň haýsydyr biriniň adwokaty bar bolsa;

7) anyklaýjy, sülçi, prokuror, kazyýet ýa-da kazy, jenaýat eden mahaly kämillik ýaşyna ýetmedik, ýöne anyklaýşyň, deslapky derňewiň ýa-da kazyýet seljerişiniň dowamynda kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň işleri boýunça we özlerini goramak hukugyny özbaşdak amala aşyryp bilmeýän ýa-da amala aşyrmakda kynçylyk çekýän adamlaryň işleri boýunça adwokatyň işe gatnaşmagyny zerur hasap edende;

8) aýratyn agyr jenaýatlary etmekde güman edilýän, aýyplanýan  ýa-da kazyýetde işi seredilýän adamlaryň işleri boýunça;

9) aýyplanýan barada ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag etmek ulanylan mahalynda;

10) lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak hakyndaky işler boýunça;

11) işiň kazyýetde seljerilmegine döwlet aýyplaýjysy gatnaşanda.