Jenaýat kazyýet önümçiligine adwokatyň gatnaşmagynyň tertibini düşündirseňiz?

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, adamyň güman edilýän hökmünde sorag edilen, jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanylan, aýyp bildirilen pursadyndan ýa-da aýyp bildirilýänçä ol barada tussag etmek görnüşindäki ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan halatynda bolsa, tutulyp saklanylan ýa-da tussag edilen pursadyndan başlap ýigrimi dört sagatdan gijä goýman şol adama tutup saklamagyň teswirnamasynyň ýa-da şol ätiýaçsyzlandyryş çäresiniň ulanylandygy hakyndaky kararyň yglan edilen pursadyndan başlap adwokat işe gatnaşmaga goýberilýär.

Güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň ýa-da jebir çekeniň kanuny bähbitlerini goraýan hökmünde adwokatlar, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri - şu birleşikleriň agzalarynyň işleri boýunça çykyş edip bilerler. Adwokat hökmünde kanuny bähbitleri goralýanyň ýakyn garyndaşlary we beýleki wekilleri hem işe gatnaşdyrylyp bilner.

Adwokat işe gatnaşmak üçin güman edilýän, aýyplanýan ýa-da kazyýetde işi seredilýän tarapyndan, olaryň kanuny wekilleri, şeýle hem güman edilýäniň, aýyplanýanyň ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň tabşyrygy boýunça ýa-da olaryň razylygy bilen başga adamlar tarapyndan çagyrylýar. Güman edilýäniň, aýyplanýanyň ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň haýyşy boýunça adwokatyň işe gatnaşmagy anyklaýjy, sülçi, prokuror ýa-da kazyýet tarapyndan üpjün edilýär.

Kanundan giňişleýin okamak