Ýuridik kömegini almak üçin adwakat bilen şertnama baglaşylmagy hökmanymy?

Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

 Şertnamada şular görkezilmelidir:

1) tabşyrygy ýerine ýetirýän adwokat baradaky we ynanyjynyň    ýa-da onuň ynanylan wekiliniň şahsyýetine degişli maglumatlar;

2) tabşyrygyň mazmuny;

3) ýuridik kömek üçin tölegiň şetleri we möçberi;

4) adwokatyň tabşyrygy ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly goşmaça tölegler;

5) adwokatyň şertnamany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly jogapkärçilikleri.