Nika şertnamasyny nähili tertipde baglaşmaly?

Nika şertnamasy nika baglaşmak isleýän adamlar ýa-da är-aýal tarapyndan meýletin baglaşylýan, nikada we (ýa-da) ol bozulan halatynda olaryň emläk hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän ylalaşyk bolup durýar.

Nika şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we notarial tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.

Nika şertnamasy nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ýa-da nikada durulýan döwrüň içinde islendik wagtda baglaşylyp bilner.

Nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli baglaşylan nika şertnamasy nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden başlap güýje girýär.

Bellenilen görnüşde baglaşylmadyk nika şertnamasy hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

Är-aýal nika şertnamasynyň esasynda är-aýalyň umumy bilelikdäki eýeçiliginiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen düzgünini üýtgetmäge, nikaly döwründe edinilen bilelikdäki emläk ýa-da onuň aýry-aýry görnüşleri, ýa-da är-aýalyň her biriniň emlägi üçin bilelikdäki paýly ýa-da aýratyn eýeçilik düzgünini bellemäge haklydyrlar.

Nika şertnamasy är-aýalyň bar bolan emlägi babatda hem, olaryň geljekde edinjek emlägi babatda hem baglaşylyp bilner.


Kanundan giňişleýin okamak