Nähili esaslarda nikanyň bozulmagy we nikanyň bes edilmegi bellige alynýar?

Nika är-aýalyň (olaryň biriniň) arzasy boýunça, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen äriniň (aýalynyň) hossarynyň arzasy boýunça bozulýar.

 Nika şu halatlarda bes edilýär:

1) är-aýalyň biri ölende ýa-da kazyýet tarapyndan är-aýalyň biri ölen diýlip yglan edilende;

2) nikanyň bozulmagy bellige alnanda;

3) nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende.

Nikanyň bozulmagy RÝNÝ edaralarynda döwlet tarapyndan bellige alnan gününden bes edilýär.