Raýat ýagdaýynyň namalary we olaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny düşündirseňiz?

Raýat ýagdaýynyň namalary ‒ raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem olaryň hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän, döwlet belligine alynmaga degişli bolan raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň namalarynda görkezilýän raýatlaryň hereketleri ýa-da wakalar we faktlar.

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy raýatlaryň şahsy emläk däl we emläk hukuklaryny goramak maksady bilen, şeýle hem döwletiň bähbitleri üçin bellenilýär.

Dogluş, nikanyň baglaşylmagy, nikanyň bozulmagy, perzentlige alynmagy, atalygyň anyklanylmagy, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegi, ölüm döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.


Kanundan giňişleýin okamak