Aliment tölemek hakynda şertnama haýsy tertipde baglaşylýar?

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adam bilen ony alýan adamyň arasyndaky meýletin ylalaşyk boýunça, aliment tölemäge borçly adamyň ýa-da aliment alýanyň kämillik ukyby ýok bolan mahalynda - ol adamlaryň kanuny wekilleriniň arasynda baglaşylyp bilner. Kämillik ukyby çäklendirilen adamlar aliment tölemek hakynda şertnamany öz howandarlarynyň razylygy bilen baglaşýarlar.

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adamyň, aliment alýanyň we ekläp-saklamak üçin aliment tutulyp alynýan çaganyň maglumatlaryny, alimentiň möçberini, ony tölemegiň şertlerini we tertibini görkezmek bilen ýazmaça görnüşde baglaşylýar we notarial tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.

Aliment tölemek hakynda notarial tertibinde tassyklanylan şertnamanyň ýerine ýetiriş namasy ýaly güýji bardyr.

Aliment tölemek hakynda şertnama taraplaryň özara ylalaşygy boýunça islendik wagtda üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Aliment tölemek hakynda şertnamanyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy hökman aliment tölemek hakynda şertnama baglaşylandaky ýaly görnüşde we tertipde geçirilmelidir.

Aliment tölemek hakynda şertnamany ýerine ýetirmekden bir taraplaýyn ýüz dönderilmegine ýa-da onuň şertleriniň bir taraplaýyn üýtgedilmegine ýol berilmeýär.

Taraplaryň maddy ýa-da maşgala ýagdaýy düýpli üýtgän halatynda, şeýle hem aliment tölemek hakynda şertnamany üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda jedel ýüze çykan halatynda gyzyklanýan tarap kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmaga haklydyr.

Aliment tölemek hakynda şertnama boýunça tölenilýän alimentiň möçberi taraplar tarapyndan kesgitlenilýär.

Kanundan giňişleýin okamak