Resminamalar haýsy tertipde kanunlaşdyrylýar?

Resminamalar şu tertipde kanunlaşdyrylýar:

 Döwlet notarial edarasynda ynanç hatynyň tassyklanylmagy, nusganyň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi,resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edilmegi;

 Türkmenistanyň Adalat ministrliginde,döwlet notariuslaryň golunyň we tugraly möhrüniň yzynyň hakykylygyna güwä geçilmegi; Welaýat adalat bölümlerinde  -  welaýatyň çägindäki döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan, şaýatlyk edilen resminamalardaky döwlet notariuslaryň golunyň we tugraly möhrüniň yzynyň hakykylygyna güwä geçilmegi;

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, resminamanyň daşary ýurtlarda ulanylmagy üçin  kanunlaşdyryjy ýazgynyň ýazylmagy;

 Terjime merkezlerinde, resminamanyň daşary ýurt diline terjime edilmegi;

 Türkmenistandaky daşary ýurdyň diplomatik wekilhanasynda  ýa-da konsulluk edarasynda resminamanyň kanunlaşdyrylmagy.