Mirasdan ýüz dönderilmegi we onuň möhletleri barada düşündirseňiz?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1193-nji maddasyna laýyklykda, mirasdar miras edinmäge özüniň degişlidigini bilen ýa-da bilmeli wagtyndan başlap, ýagny mirasyň ýüze çykan wagtyndan başlap mirasy kabul etmekden üç aýyň dowamynda ýüz dönderip biler. Agzalan kodeksiň 1206-njy maddasyna laýyklykda, mirasa eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga hakyky girişen mirasdar mirasy kabul etmek üçin bellenen wagtyň içinde, ýagny mirasyň ýüze çykan gününden alty aýyň dowamynda mirasy kabul etmekden ýüz dönderip biler.


Kanundan giňişleýin okamak