Mirasy kabul etmedik mirasdarlar nähili tertipde mirasy kabul edip bilerler?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1258-nji maddasyna we “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 75-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen möhletde mirasy kabul etmedik mirasdarlar mirasy kabul eden beýleki mirasdarlaryň hemmesiniň razylygy bilen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşulyp bilner. Bu razylyk ýazmaça görnüşde mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýänçä beýan edilmelidir.


Kanundan giňişleýin okamak