Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamany almak üçin haýsy döwlet notarial edarasyna ýüz tutmaly?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mirasdaryň mirasyň kabul edilmegi, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi barada arzalaryny kabul edýär.

Ýokarda agzalan Kanuna laýyklykda, mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, mirasdarlaryň ýazmaça arzasy boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär.


Kanundan giňişleýin okamak