Işe dikeltmek üçin haýsy edaralara ýüz tutulyp bilner?

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 381-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, kazyýetlerde gös-göni işgäriň - zähmet şertnamasynyň bes edilmeginiň nämä esaslanýandygyna garamazdan işe dikeltmek hakyndaky arzalary boýunça zähmet jedellerine garalýar.

Agzalan Kodeksiň 382-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, kazyýete ýüz tutmagyň möhleti işe dikeltmek hakyndaky jedeller boýunça - işgäre onuň bilen zähmet şertnamasynyň bes edilýänligi hakyndaky buýrugyň nusgasynyň işgäre gowşurylan gününden beýläk - bir aý bellenilýär.

 Görkezilen maddanyň ikinji böleginde, agzalan maddada bellenilen möhletleriň esasly sebäplere görä berjaý edilmedik halatynda olar işgäriň ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekiliniň arzasy esasynda kazyýet tarapyndan dikeldilip bilner.

Kanundan giňişleýin okamak