Wesýetnama tassyklananda kimler şaýat bolup bilmezler?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1121-nji maddasyna laýyklykda, kemala gelmedik, kämillik ukyby bolmadyk şahslar, wesýetnama boýunça mirasdarlar we olaryň ata-babalaryna barýan hatar boýunça we şolardan tä soňky nesle çenli boýunça garyndaşlary, uýalary, doganlary, äri-aýaly we wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy  wesýetnamanyň şaýatlary bolup bilmezler.

Şeýle hem “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 61-nji maddasyna laýyklykda, notarial hereketleri özleriniň peýdasyna amala aşyrylýan adamlar şaýatlar bolup bilmezler.

Kanundan giňişleýin okamak