Wesýetnama tassyklananda (düzülende) şaýatlar gatnaşdyrylyp bilnermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1116-njy maddasyna laýyklykda, wesýetnama wesýet ediji tarapyndan ýazylyp we gol çekilip, döwlet notariusy ýa-da ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan tassyklanmalydyr. Ýagny, wesýetnama wesýet ediji tarapyndan ýazylanda şaýadyň  gatnaşmagynyň zerurlygy ýokdyr. “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wesýetnama tassyklananda wesýet edijiniň islegi boýunça şaýatlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1120-nji maddasyna laýyklykda, eger wesýetnama wesýet edijiniň dilinden döwlet notariusy tarapyndan ýazylan ýagdaýynda, ýa-da wesýet ediji ker-lal ýa-da ol ker-lal we sowatsyz bolan ýagdaýynda iki sany şaýadyň gatnaşmagy, wesýet ediji kör ýa-da sowatsyz bolanda üç sany şaýadyň gatnaşmagy zerurdyr.


Kanundan giňişleýin okamak