Mirasdary mirasdan mahrum etmegiň tertibi barada düşündirseňiz?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1113-nji maddasyna laýyklykda,  wesýet ediji kanun boýunça mirasdarlaryň birini, birnäçesini ýa-da ählisini wesýetnama boýunça mirasdan mahrum edip biler we şony esaslandyrmaga borçly däldir. Şu halatda döwlet notariusy tarapyndan wesýet edijä Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1130-njy maddasy esasynda, mirasdarlaryň hökmany paýa bolan hukugynyň bardygy düşündirilýär. 

Agzalan kodeksiň 1140-nji maddasyna laýyklykda, hökmany paýa bolan hukukdan mahrum etmek, umuman mirasa bolan hukukdan mahrum etmäge getirýär.

Hökmany paýy almaga bolan hukukdan mahrum etmek miras galdyryjynyň heniz diri mahalynda kazyýete ýüzlenmegi arkaly geçirilip bilner.

Hökmany paýy almak hukugyndan mahrum etmek hakynda kazyýet tarapyndan çykarylan çözgüt miras ýüze çykan pursatyndan hereket edýär. Şonuň ýaly netije miras galdyryjy heniz diri mahalynda kazyýete ýüz tutanda gelip çykýar, emma çözgüt ol aradan çykandan soň kabul edilýär.

Kanundan giňişleýin okamak