Notarial taýdan tassyklanan wesýetnama üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilinermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1157-nji maddasyna laýyklykda, wesýet ediji ozalky wesýetnamany ýa-da onuň täze wesýetnama ters gelýän bölegini gös-göni ýatyrýan täze wesýetnamanyň düzülmegi bilen ýa-da döwlet notarial edarasyna arza hödürlemek bilen hemişe üýtgedip ýa-da ýatyryp biler.

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wesýetnamany üýtgetmek ýa-da ýatyrmak barada arzadaky gol notarial taýdan şaýatlyk edilen bolmalydyr.

Kanundan giňişleýin okamak