Wesýetnamany döwlet notariuslaryndan başga kimler tassyklap bilýärler?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wesýetnama tassyklatmak üçin:

- geňeşleriň wezipeli adamlaryna;

- Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlaryna;

- hassahanalarda, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynda bejerişde bolýan ýa-da gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda ýaşaýan adamlar şol hassahanalaryň, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň baş lukmanlaryna, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlaryna ýa-da nobatçy lukmanlaryna, gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynyň bolsa müdirlerine we baş lukmanlaryna;

- Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän deňiz gämilerinde ýa-da içerki suwlarynda ýüzüşi amala aşyrýan gämilerde ýüzüş wagtynda bolýan adamlar şol gämileriň kapitanlaryna (serkerdelerine);

- gözleg we şolar ýaly beýleki ekspedisiýalarda bolýan adamlar şol ekspedisiýalaryň başlyklaryna;

- harby hassahanalarda we beýleki harby-bejeriş edaralarynda we harby-lukmançylyk bölümlerinde bejerişde bolýan harby gullukçylar we beýleki adamlar şol harby hassahanalaryň we beýleki harby-bejeriş edaralarynyň başlyklaryna we harby-lukmançylyk bölümleriniň serkerdelerine, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlaryna, uly we nobatçy lukmanlaryna;

- döwlet notariuslarynyň we ygtyýarly wezipeli adamlaryň ýok ýerlerindäki harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň we harby okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde harby gullukçylar, şonuň ýaly-da işgärler, olaryň maşgala agzalary we harby gullukçylaryň maşgala agzalary şol harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň serkerdelerine (başlyklaryna) we harby okuw mekdepleriniň rektorlaryna (müdirlerine);

- ýörite dikeldiş merkezinde, wagtlaýyn saklaw gabawhanasynda, derňew gabawhanasynda we düzediş edaralarynda bolýan adamlar şol edaralaryň başlyklaryna yüz tutulyp bilner.


Kanundan giňişleýin okamak